21:39 Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy | |
6. Aşgabat gyşky süýji ukusyndady. Ýöne, agyr-agyr, owadandan owadan eşikler geýnen adamlar, oglan-gyzlar ony juda juwan, janly görlezýärdi. Her dürli maşynlar zymdyryluşyp, şäheri obadan ýagşy tapawutlandyrýardy. Iki-üç gatly jaýlar gyşyň gökden inýän akja perlerini sabyrlylyk bilen kabul edýän uzynly-gysgaly sosna agaçlary keýpiňi göterýärdi. – Wah, badamlaryň işi gaýtdy! – diýip, küregenläp ýagýan gara seredip gussa batan Garyp, goşlaryny göterip, Oba hojalyk institutynyň esasy ymaratyna girdi. – Ertir irdenjik geläýiň. – diýip, hat-petek kabul edýän rus gyzy howsalaly aýtdy. Onsuzam, bakja howlugýan. Ýaş çagam bar. Daşarda garam guýup dur... Garyp, bir salym böwrüni diňläp durdy-durdy-da, ylalaşdy. – Bähbit bolsun! Ol esasy ymaratyň içine aýlanyp, ýörşüne, bir ýaş oglandan agranomçylyk kursunda okaýan birinji kurslaryň ýatak jaýyny salgy aldy. – Bibigüli göreýin! Beliki tanyş oglanlar tapylar. Bu gije, belki, şolaryň ýanynda bolaryn. Ol ýanwaryň täzeje garyny depeläp, umumyýaşaýyş jaýyna barýarka, ýene-de Garaböwürde gülläp oturan badam agaçlaryny ýadyna saldy. Garybyň gözlerine ýaş aýlandy. ...Ine, bark urup, ak patrak bolup oturan näzik agaçlar. Olaryň ertire, açylmaga dyzaýan pyntyklary... Emma. Emma bir salymyň içinde tutaşan gar!.. Kim günäkär?! Ýanwaryň maýyl günlerine parlap açylan badam güllerimi? Ýa-da öz hökümini tabyn tebigatmy? Eý, Adam! Bu ýerde kime hemaýat etjek?! Alla saňa badam agajyna görä köpräk akyl-parasat beripdir-ä! Sen, garly bulutlaryň ýoluny kesmelimi? Ýa-da badam agaçlary ýanwar aýynda däl-de, fewral aýynda ýa-da martda güllär ýaly bir tär etmelimi! Garyp boýurganyp, daş-töweregine garanjyklady. – Ine, agranom çözmeli şol wezipäni. Ine, Türkmenistandaky her agranom şolar ýaly, ýekeje meseläni çözsedi, oba hojalygynda kynçylyk galmaz. Diňe, Türkmenistanda näçe, ýokary bilimli agranom bar-a. Şeýle bir derman oýlap tapmaly. Badam agajy ýaly näzik baglaryň düýbüne sepseň, ýa-da, agaja sanjym etseň, olar, howanyň has amatly günlerine çenli güllemez ýaly!.. Näme üçin, näme üçin tapyp bolmasyn şeýle dermany? Adam diňe şol barada oýlansa, agaçlaryň tebigatyny öwrense, bir tilsimjagaz tapar. Garyp apgyrdyndan, ökjesine yzgaryň geçýändigini aňdy. Gururak, takyrrak ýeri saýlap, ýöräp başlady. Häzir onuň bar ünsi, şol dermanly meselä gönügipdi. Gör, institut nähili eken. Men bu pikirleri näme üçin Garaböwürde edäýmedim Bu ýere gelip-gelmänkäm, kelläme alymlaryň pikir ulgamlary. Dökülip başlady. Ine, oba bilen institutyň tapawudam şunda-da. Başga nähili bolsun, diýsene... Işikde oturan ýaşuly aýal Garyby başyndan aýagyna çenli synlady. – Ýagdyýewamy? – Bibigül Ýagdyýewa! – Dokumentiň barmy? – Bar. Garyp pasportyny çykaryp bu ýaşuly aýala berdi. – Obadanmy? – Hawa, okuwa girmäge geldim. – Bolýar, bar. Sekizinji otagdyr. Ýöne kän eglenmek bolanok. Gyzlaryň otgyna goýbermek bolanok, gijäniň içinde. Ýöne, bar, kän eglenme. Garyp sekizinji otagy tapyp, onuň işigini ýuwaşja kakdy. Işik açylman, içerden «Geliber!» diýen ses eşidildi. Ol ýene kakdy. Işik açyldy. Keltejik, ak ýüzli, tokmak ýaly gara, örülen özünden goçak görünýän gyz bu nätanyş oglany gördi-de, içeri ylgady. – Waý, duruň, azajyk duruň. – Ol şol bada-da işige ýüzlendi. – Indi, giriberiň. Garyp çemodanyny göterip otaga girdi. Ol içe bu ýakymly, mylaýym ruhly, ýetişen gyzlaryň janyňa derman ysy gelip duran, otagy obanyň, daşarynyň, ýadawlygyň hem-de jahyllygyň bark urýan, tämiz ysy bilen doldurdy. – Geliň, geçiň. Garyp papagyny eline aldy. – Bibigül ýokmyka! Tokmak saçly gyz gözüňe dürtüläýjek bolýan ösgün kirpiklerini göterdi-de, ullakan gözlerini Garybyň adaty bolmadyk, hor, ebeteýsiz didaryna dikdi. Garyp, tas şol howdan ýaly gözleriň hanasyna gapgarylypdy. Ol: «Ine, oba bilen institutyň tapawudy?!» diýip oýlanýança, ol gyz: «Häzir geler, olar dükana gitdiler!» diýdi. Soňam: – Siz onuň obadaşymy? – diýdi. Hawa, men okuwa girmäge geldim. – Waý, gowudygyny. – diýip, ol gyz bir gapdalda duran demir çäýnegi göterip: – Siz ýekeje minut oturyň, men häzir... Ol eli çäýnekli çykyp gitdi. Garyp student otagyny synlady. Otagda dört krawat bardy. Olaryň üstüne odeal ýapylgydy. Krowatlaryň arasynda dört sany tumboçka goýlupdyr. Her krowadyň gapdalynda bir gyzyň ulaldylan suraty asylgydy. Tumboçkalaryň üstünde aýna, darak ýaly gyz goş-golamjagazlay goýlupdyr. Töre iki sany täzeje keçe düşülipdir. Bir gyrada stol durdy. Onuň gapdalyndan oturgyçlaryň bil tarapy çykyp durdy. Tördäki penjiräniň öňünde üç literlik tomatly banka, syrçaly pitiler agzy gazet bilen ýapylan jam durdy. Garyp oturdy. Işik açylyp, tokmak saçly akja gyz ýelgamak ýaly, ýüwrüp, girdi-de, stoluň üstüne konfetli, kolbasaly, çörekli gaplary goýuşdyrdy. Soň käse bilen pyçak alyp ýörşüne: – Häzir geldiňizmi? – diýip sorady. Awtobusdan düşüp durşum. Gelip, instituta bir girip çykdym. Dokumentleri ertir aljak – diýdiler. Ol gyz boş otugyçda oturdy. – Gara-da galypsyňyz. – Wah, sen sorama, sen sorama. Şu gar näm gerek diýsene. Ol gyz geň galyp ýylgyrdy. – Gyşyň günüdir-dä, goý ýagsyn... Garyp başyny ahmyrly ýaýkady. Gyz hiç zada düşünmän, Garybyň ýüzüne garady. – Näme üçin, tomus girmediňiz? A näme üçin gaýbana girjek bolýaňyz. Garyp bu gyzyň soranjaňlygyny birhili halamady. Ol köp sözlemegi, meseläni garym-garym etmegi halamaýardy. Adam edil howadan peýdalanyşy ýaly, sözdenem gerejigini ulanmalydy. Adam üçin, sözden, suwdan, howadan zerurrak nygmat ýok. Suwy gerekse, gerekmese-de içip ýörmeli däl-ä. – Maşgala ýagdaýy sebäpli. – Siziň adyňyz näm-äý? Garyp gozganjyrady. – Garyp. – Ga-a-ry-yp? Ol gyz bir zat ýadyna düşen ýaly güldi-de, soň pyňkyry, çykyp giti. Bu gyzyň ady Şasenemdi. Bibigül Şaseneme degerdi. – A gyz, meniň bir klasdaşym bar. Şeýle bir betgelşik, betnyşan ýigrenji. Obamyzda bir çaga aglaýsa, onuň ejesi: «Goý, häzir Garyp geler» diýse, çagalar gorkuşyp, aglamalaryny goýýarlar. Ol betbagt pahyr etrap merkezine gidip, çörek dükanynda nobata durupdyr. Şol wagtam üsti durşuna gyzyl bolup duran ýaş, owadan gelin gelip: «Jan dogan bize gideli, senlik bäş minitlik işim bar» – diýip, ony öýüne alyp gidipdir. Barsalar, onuň öýünde bir gyzyl ussasy oturanmyş. – Ine, meniň gülýakama şunuň keşbini çek! – diýipdir. Ol gelin gaty owadan bolansoň, «gözden-dilden gorasyn» diýip, gülýakasyna arwahyň keşbini çekdirjek bolýan eken. – Ady näme gyz, onuň. – Ady – Garyp, oba äkidip, Şasenem jany şonuň bilen tanyşdyrjak... – Bibigül munuň bilenem goýmaýardy. Garyp barada ertekä meňzeş her dürli gürrüňler aýdyp berýärdi. Çyra öçensoň: – Waý ýatyň, Garyp geler – diýip, gyzlary gorkuzýardy. Bu otagyň gyzlary şo-ol gorkuly Garyp barada gaýybana bilýärdiler. Şasenemem Bibigülüň şol gürrüňlerindäki Garyby ýatlap, pyňkyranyny duýman galypdy. Ol gaýnan çäýnegi demläp, getirip Garybyň öňünde goýdy. – Alyň, iýip, içiň, ýoldan ýadap gelensiňiz. – Sag boluň. Şasenem ýylgyrjaklap, stoluň ol çetinde, turup, uçup gitmäge taýýar totuguşa meňzäp otyrdy. – Ejeňiz, ýarawsyz, şeýlemi? Garyp başyny ýaýkady. – Eje eje boljak bolsa, heýem bir ýarawsyz bolarmy? Bagryň göz-göz bolman, ýüregiň düwün düwün bolmanam heý, ene bolunýanmydyr? Ýöne, şol derdi göterip bilýän ene bar, göterip bilmeýän ene bar. Meniň ejem beýle derdi göterip bilmeýär. Dört çynary omurlan, alty balasy ýere duwlan, adamsy gözüniň alynda parçalanan, naçar. Bir galanam ýeke kerri men. Ejem bu dertleri göterip bilmeýär. Onuň ähli derdi şol. Başga derdi ýok onuň. Men şol enäni taşlap, nädip gündizki okuwa gaýdaýyn. Gaýybananyň on bäş gününe nalaç. Garyp özüne çaý guýundy. Tokmak saçly gyz, bu sözleriň zarbyndan gorkdymy, ýa başga bir zat üçinmi. Baryp gapyny açyp goýdy. Hiç kimden ses çykmady. Gyzyň sowaly kesildi. Koridoryň aňry ýüzünden gyzlaryň hümürdisi eşidildi. – Gelýärler öýdýän! Garyp şol bir oturyşyny üýtgetmedi. Ol daş ýaly doňup oturdy. – Ekzamenden gorkaňyzokmy? – Adam edenini adam eder! Koridoryň aňry başynda gülki, gykylyk eşidildi. – Hana, şolar! Kimdir biri gyz ylgaýşyny edip, ylgap gaýtdy. Içeri Bibigül tasanjyrap girdi-de, işikde sakga durdy. Ol saç ýaly bolup oturan Garyby görüp, tisginip gitdi. Ýüzüni başga bir, halamaýan adamyny göreniň ýüzi ýaly, çytdy-da, töre geçdi. – Salam! – Garyp başyny atdy. – Salam, Bibigül! Hemmesi gutly, mübärek bolsun! Içeri dürli iýmitden doly iki gyz girdi. – Salam! Garyp başyny atdy-da, özüne gelişmeýän zady edip, ýylgyrdy. Bibigül torlary goýup, oturgyçlara geçen gyzlara: – Bu oglan – klasdaşym, obadaşym – Garyp! – diýip, şeýtanja güldi. Gyzlar ýylgyryşdylar. – Çaý içiň. Şu gün meniň doglan günüm. Geleniňiz gowy bolupdyr! – diýip, gyzlaryň ekabyrragy hoşamaýlyk bilen, mylakatly äheň bilen aýty. – Sag-aman geldiňizmi, obalaryňyz oňatçylykmy? Sowukdan, aýazdan üşäp gelen şol ekabyrrak gyz stoluň başyna geçip oturdy-da, käselere çaýguýuşdyrdy. – A gyz Bibigül, obadaşyň bilen gowja tanyşam edeňok-la. Bibigül üstünde ulaldylan suraty duran tumboçkanň golaýyndaky krowata geçip, ýüzüni sortduryp oturdy. – Bu oglanyň ad-a Garyp, okuwa girmäge gelipdir. Özem – agrom. – diýip, Şasenem öňürtiledi. – Akgül, meniň adym. Ol uzyn boýly gyzyň ady, Selbi. Bu tokmak saçlyja, akja gyzyň ady – Şasenem. – Ol Bibigüle elini uzatdy: – Ol öz obadaşyňyz – Bibigül! Bibigül agzyny-burnuny towlady. Garyba eşitdirip, eşitdirmän: – Meýit, ýer çeken, ýetimçe, nämä gelýär. – diýip goýberdi. – Eýe ýaly bolup... Akgül diýseň sypaýy gyz bolup çykdy. Ol mylaýymdan mähremdi. Ol Garybyň ýüzüne bakyp, ýylgyrýardy, bir täsinje zatlary gürrüň berýärdi. – Şu gün sag gaşym çekdi durdy. Jigilem gelermikä diýip garaşdym. Ine, görsem, siz geldiňiz. – Ol ýene ýylgyrdy. – Men bir zady yrym edýän. Doglan günüm uzakdan kimdir biri gelse, özümi birhilije bagtly hasap edýän. Ýöntemje welin, kalbyma giripdir-dä. Bu gün siz gelipsiňiz welin, begendim. Ol Garyba çaý guýdy. – Alyň-a, ýene bir käsejik çaý içäýiň. Bibigül agzyny-burnuny gelşiksiz towlap, torsarylyp çykyp gitdi. – Dur, gyz, obadaşyň gelipdir-ä, ýanynda bir salym otursana. – diýip, Akgül oňa gygyrdy. Bibigül uzaga gitmän eken. Ol koridorda duran ýerinden haýkyryp goýberdi. – Gelmän geçsin, jyn ýer çeken. Garyp başyny galdyrdy. Ýöne sesini çykarmady. Otagdaky üç gyz hem birhili boldy. – Men turaýyn! Akgül onuň egninden basdy. – Dur, turmak bolmaz, entek... – Onuň özem Garybyň garşysyna geçip oturdy. Ýöne, Şasenem ony ýanyna çagyryp, elini küregenläp ýagýan garly meýdana salgap, bir zatlar diýdi. Akgül başyny atdy. – Garyp – diýip, ol onuň ýanynda oturyp habar gatdy. – Sen tä ekzamenden geçip, öýňüze gaýdýançaň, biziň myhmanymyz, hem doganymyz!.. Dogryňy aýt, barara bir ýeriň barmy?!. – Taparyn. – Ýok. Indi boldy. Hiç ýere-de gitmersiň. Biz seni myhmanlarys. Göwnüňe hiç zat getirme. Hany, otur, entejik. – Akgül ýerinden turdy. – Baýram barmyka? – Bar, häli geçdi. – Ýöri, göreli. Akgül Şasenemi ýanyna alyp, otagdan çykyp gitdi. Selbi krowatdan turdy-da oturgyja geçip oturdy. – Garyp, obaňyzda-da gar ýagýarmydy? – diýdi. Garyp ynjyly sözledi. – Wah, ýok-la. Badam agaçlary ak patrak bolup gülläp otyrdy. Tutuş ýalançyny gül ysyna gark edip. Bu gar, şol gülleriň barynyň işini görendir. Men diňe şoňa gynanýan Başga zatlaryň bir alajy bolar-la. – Wah-heý, käbir agaç ir gülleýär-dä. Onam, onsoň, aýaz kakýar, hawwamy? – Sen sorama, doganym badam agaçlaram edil käbir ynsan ýaly. Juda ir kämillige ýetişýär. Ony ýaş görüp, oňa düşünjegem bolmaýarlar. Ony weýran edýärler. Agaçlaryň güllemegi, olaryň iň beýik kämilligi ahyryn. Selbi güldi. – Sen okuwyň gündizki bölümine girmeli ekeniň, beýle pikirleň bilen... Garyp başyny atdy. – Garryja, ýarawsyz ejem bar. Şol meni her görende, bagtly bolýar, Alladan razy bolýar. Ejemiň şojagaz bolşy müň okuwdan ýagşymyka diýýän. Ene betbagtka, ogly öz bagtlylygy üçin ondan geçýän bolsa, şondan uly dönüklik ýokmuka diýýän. Diňe enäni bagtly eden bagt eşretli bolar. Enäniň betbagtlylygynyň üstünden geçilip ýetilýän bagt, eşretli bolup bilmez. Ene-de, perzentler-de bagtly bolmalydyr. Ýogsa, sazlaşyk ýiter. Şol sazlaşygyň ýitmegi, adamzadyň ahlak dünýäsini weýran eder... Selbi Garybyň bu sözlerini, edil bir közi gysymlan ýaly edip, garbap aldy. – Men, men ejemiň razy däldigine bakman, Aşgabada, okuwa gaýtdym. O nähili bolýar. Garyp Selbiniň heniz erkek dodagy degmedik, näzijek, edil bäbegiňki ýalyjak, gyrmyzy ýaňagyna, göz yzy düşmedik dideleri gizlenen badam gabagyna garady. – Ejeň ýarawsyzmy, hossarsyzmy, eklär ýaly adam ýokmy?! – Kakam – raýkom. Erkek doganym, aýal doganlarym, inilerim bar. Dört gelnejem bar. – Onda, seniňki dogry! Köne däp galyplary döwülmese, täze dessura ýüzüň düşmez. 7. Baýramyň bolýan otagy giňdi. Ýylydy. Durşuna türkmen halysydy. Törde, diwaryň düýbünde iki krowat ýanaşyp goýlandy. Içerdäki telewizor, sowatgyç, magnitofon içerini birjikde daraltman, gaýta, içerä bezeg berýärdi. Ýokardan owadan lýustra asylgydy. Penjiräniň bärsinde, ullakan stol durdy. – Gel, geç! – diýip, Baýram Garyba mürehet etdi. Garyp ýokary geçensoň Baýram Garybyň işikde çykaran yzy sökülen öl-myžyk bolan köwşüne egilip-egilip seretdi. Ýöne, sesini çykarmady. Ilki Baýramyň ekabyrlygy, soň howaly otagyň, baýlygy Garybyň howuny basdy. Ýöne sesini çykarman ýokary geçdi. Stollaryň birine geçip, tutulan guş ýaly bolup çugutdyryp oturdy. – Men basym gelerin. Sen han-a, şol finkany alyp geý. Çäýnekde çaý bardyr, edil, öz öýüň ýaly boluber!.. – Bolýar, Bolýar! Baýram çykyp gitdi. Ol birsalym bu ýagdaý, bu öýe düşmeginiň hikmetine, haýran bolup oturdy. – Wah, maňa ýöneje, garypja bir burçam bolsa boljag-a, eý, Allam. Seniň keremiňe döneýin. Bereniňe, şükür, eziz Allam!.. Ol Baýramyň görkezen finkasyny alyp, geýindi. Özüniň penjegini, jalbaryny oturgyçlaryň biriniň ýeňsesinden asyp, onam görünmeýänräk ýerde goýdy. Soňra çemodanyny açyp, ejesiniň salan, güldüräp duran süýtli külçeleri, bir banka böwürslen mürepbesini, iki kilo ýaly hozy, badamy, bäş-alty sany nary, ekzamende gerek bolaýjak kitaplary emaý bilen barlady. Soň kitaplary bagryna basdy-da, külçeleriň birini alyp, stoluň üstüne geçdi. Külçesini ýarpylaýança, kitaplary birlaý ýatlap çykdy. Aňyrda müňe golaý fizikadan, matematikadan formulalary, elliden gowrak meseläni aňynda işläp çykdy. Soňam başy garly daglara bakan süýnüp girdi. ...Ol bir darajyk dag ýodasy bilen haýdap barýar. Ýöne depesi garly dag juda belent. – Yza gaýtmaly, yza gaýtmaly!.. Ol bir şakyrda tisginip gitdi. Seretse, gar basan daşlara ýekeje-ýekejeden basyp, edil garşysyndan ak telpekli, ek sakally, berdaşly ýaşuly ýylgyryp, özüne bakan gelýär. – Hany, ýör, eliňi ber! Ol Garybyň elinden tutýar-da beýik dagyň çür depesine alyp çykýar. Ondan ýokarda, ýekeje belent, kert gaýa bar. Şol gaýanyň üstünde ene keýik gaýdan, sowukdan titir-titir edip dur. Özen bu del adamlardan eňip, gaçmaly ýerini peýleýär... – Ol eýik näme?! – Ol keýik, seniň ertiriň Sen şoňa sygynarsyň, şony gorarsyň. Men ony saňa tabşyrýan. Ak sakally ýaşuly goltugyndan bir tüýdük çykaryp, ony Garybyň eline berdi. – Haçan çagyrasyň gelse, şuňa üfläber. – Ýaşuly tüýdügi dodaklaryna ýetirip, oňa üfledi. Welin, gaýa peselip, ene keýik olaryň golaýyna geldi. Garyp, ol ene keýigiň gözlerine seretdi. Dünýä onuň aýtymyna gelip, sahypa-sahypa açylyp gitdi. Ol öz ömrüniň beýanyny gördi. Ol soňky syrly sahypalara hiç düşünmedi. Sahypalar tiz açylyp, ýapylýardy. Ol diňe bir zady görüp galdy. Bir topar adam, dürli-dürli tarapdan gelip, ene keýigi awlajak bolýardy. – Atmaň! Olar atdylar. Ene keýik gaýadan aşaklygyna düňderilip gaýtdy. – At-ma-a-aň! Ol öz sesine allaniçigsi bolup oýandy-da, kellesini aýalary bilen tutup ep-esli oturdy. Ýöne nämäniň nämedigine hiç, düşünmedi. Bir ýadynda galany, aýazdan titir-titir edýän ene keýik. – Eýýäm, şu ikarada irkilipdirin. Düýş görüpdirin. Gyşyň diýip gyrra ýalan diýipdirler. Ol penjireden meýdana garady. Daşary garalypdyr. Gar henizem ýagýardy. Institutyň umumy ýaşaýyş jaýlarynyň aralygyndaky äpet-äpet sosna agaçlarynyň eginlek şahalary agyr gardan ýaňa ýegrelişip durdy. Garyp fizika kitabyny eline alyp, ony açmady-da, bapma-bap ýatlady. Soň beýleki kitaplary hem, açman, ýatlady. Ruçka, depderini alyp, elipbiý harplaryny däne-däne edip ýazdy. Soň gulaklaryny arassalady. Şondan soň, çyrany söndürip, kreslolaryň birine çümüp, bir gysymjyk bolup süýji uka gitdi. 8. – Garyp! Garyp!.. Ol zenan sesine, özem, del zenan sesine oýandy. Stoluň ýanynda Selbi bilen Şasenem durdy. – Tur, adamlar saňa garaşyp otyr. Garyp düýşümdir öýtdi. – Kim, näme üçin? – Gyzlar gülüşdi. – Aýtd-a. Akgülüň doglan gün-ä. Seni çagyrd-a. Tur!.. Garyp emaý bilen turdy. Soň özüne geldi-de, uýatly ýylgyrdy. – Okaýyn diýip, kitabymy elime alyp, uklap galypdyryn. Onsoň, mendenem bir talyp boljakmy? Selbi Garybyň depderine eline aldy-da, ony açdy. – Waý, şuny özüň ýazdyňmy? Ol Şaseneme garady. – Hatynyň owadandygyny! Garyp olara üns bermän, çemodanyny açdy. – Şulardan hem alalyň. – Ol külçeden alyp, Selbiniň, Şasenemiň eline goşa-goşadan berişdirdi. Çemodanda bäş-alty külçe galdy. – Waý, naram bar! – Naram, hozam, mürepbänem alalyň. Gyzlar gülüşdi. – Iki reýs edeliň, onda. Gyzlar külçelerin göterip, gülüşip çykyp gitdi. Garyp jalbaryny, köýnegini geýdi. Kuhnýa baryp çalal-çulak ýuwundy. Işik kakyldy. Bu gelen Baýramdy. – Ýöri, gideli, Garyp aga, gyzlar çagyrýar. Olary garaşdyrmaly. Baýram egnindäki kaşaň eşiklerini çykaryp, ondan hem üýtgeşik owadanlaryny geýdi. Bu ýaş ýigidi indi görmäge göz gerekdi. Uzyn boýly, nurana ýüzli, mymyjak gara saçyny gapdala gaýtaryp daralan, käse ýaly gözleri balkyldap duran ýigit, ellerini görkezdi. – Maşynym, içigara, kem tapýar. Ussa görkezip gaýtdym. – Ol elini ýuwup geldi-de, özbaşyna – Jäheneme gitsin-deýt, bolmajak bolsa, bejerdip, täzesini almaly bolar-da... Akgülüň «doglan gününiň» dabarasy ýaňja gyzyşyp başlan eken. Baýramyň gelmegi bilen bu otaga täze bir parlak öwüşgin çaýylan ýaly boldy. Oturanlar ýerlerinden turup: «O-h-oo!», «Ura!» diýşip gygyryşdylar. Baýramy töre, mürehet edip, hormatly ýere geçirdiler. Bu ýer ýaňky otaga meňzemeýärdi. Üç stol biri-birine degirilip, üstüne owadan örtgüç ýazylyp, üstüne nazy-nygmatdan doldurypdyrlar. Bu nazy-nygmatly üýşmeleň talyplaryň doglan gününe däl-de, şalaryň saçagyna çalym edýärdi. Hälki gyzlar hem hälki gyzlara çalym etmeýärdi. Akgül täsin ýakaly, üýtgeşik güllije täzeje köýnekdedi. Saçyny depesine toplap, onam, açyp goýberipdir. Onuň ýüzi nurna bolany üçin, elektrik yşygy ýaňaklaryndan typyp, edil gözleriň içine dökülýärdi. Oh! Serwini diýsene. Ol edil serwi agajy ýaly uzyndan owadandy. Özem juda näzik görünýärdi. Onuň gyzyl, pombarht köýnegi şeýle bir gujaklaýardy welin, gyzyň ähli näzikligi, gözelligi mesaňa mälim bolup durdy. Alla kessin, şu gyzda bir keramat bar! Seretdigiňçe, ýüregiň paşyrdap galkynjyraberýär, diýip Garyp oýlandy. Şasenem edil tokmak ýaly saçyny uly buýsançly bir örüp, arkasyna atypdyr. Misli, tokmak saçam Şasenemiň buýsanjyna goşulýan ýalydy. Aý oýnaýan ýaly bolup gyzyň bir tarapyndan beýleki sagrysyna keýpihonluk bilen geçdim-geçdim oýnap, towlanýardy. Sähel egildigem, towsup, gyzyň meýdanly göwüsleriniň üstüne özüni taşlaýardy. Gara, belent ökjeli köwüş geýip, boýy ösen ýaly bolup, garap-garap goýbereniňe degýärdi. Bibigül juda owadandy. Ýöne ol özüni Baýramyň gujagyna ataýjak-ataýjak bolup, oturanlara halys, göz edip, onuň bir o tarapyna, bir beýleki tarapyna geçýärdi. Beýleki gyzlara: «Baýram meniňkidir!» diýýän ýaly eli bilen Baýramyň egnine kakýardy. Ýüzüni gelşiklije yşaratlar edip, işi Baýram bilendi. Etli-ganly göwresini gelişipjik duran owadan köýnegini pasyrdadyp, özbaşyna ýylgyrybam ýördi. Emma gözi Garyba düşende welin, agzyny-burnuny gülkünç towlaşdyryp, ýüzüni kese-kese sowýardy. Bu otaga gelen oglan-gyzlaram juda sypaýydy. Ýaşlyk, jahyllyk gözelligi olary juda owadan görkezýärdi. Olaryň hemmesi bagtlydy. Okuwa girip, otag alyp, Aşgabadyň eýesi bolup, juda bagtly bolup ýaşap ýördüler. Emma şeýle beýik bagtyň eýesiligini olaryň birem häzir duýanokdy. Olaryň bar aladasy özlerini güjeňlemekdi. Söz Baýrama berildi. Ol edil gyzlaryň boýnundaky göwher ýaly bolup, lowurdap ýerinden turdy. – Men näme diýeýin! Aýtjak zatlarymyň ählisini tebigat eýýäm Akgüle beripdir. Ol owadan, gowy okaýar. Adamçylygy gowy. Menem aýdylanlara, indi aýdyljaklara goşulýan. Ýaş toýuň gutly bolsun!.. Baýram bulguryndaky içgini içdi. Beýlekiler hem, Baýrama goşulyşyp, içdiler. Garyp ömründe bular ýaly oturylyşyga gatnaşyp görmändi. Pul goşup bilmeýäni üçin onuň okuwy gutarmaklarynyň ýyllyk dabarasyna-da çagyrmandylar. Şol agşamam Bibigüllerde geçipdi. Bibigüle galsa-ha, ol – öýlerine çagyrmak eken, obalaryna barýan ýoldanam geçirjek däldi. Şol arada Bibigüle söz berdiler. Ol Baýramyň gapdalynda uýaljyran, tasanjyran bolup oturdy. O Baýrama seretdi. Ýerinden näz bilen, aljyrap turanda, öwündäki bulgury köýnegine dökdi. Şasenem oňa el süpürilýän alyp berdi. Bibigül köýnegini süpürip durşuna: – Menem, öz gezegimde, komnatdaş gyzymyz Akgülüi doglan güni bilen gutlaýaryn. Gutlamak bilen, oňa uzak ýaş arzuw edýärin. Indi bolsa, içeliň – diýdi. Oglan-gyzlar ala goh bolup, bulgurlaryny göterdiler. Garyp geleli bäri saçakdaky nazy-nygmatlara barmagynam batyranokdy. Ony ilki bolup Selbi duýupdy. Ol arakyklardan geçip, gelip, Garybyň öňündäki tarelka palow, towuk etini, her dürlüje salatlardan goýuşdyrdy. Bulguryna limonat guýdy. Soň onuň gulagyna: – Hemmesini iýmeli. Häzir saňa-da söz bererler. – diýdi. Togunmakdan ýaňa, Garybyň hor boýny dartylyp-dartylyp gitdi. Soň agyr-agyr ýuwdundy. Onuň çepek ýaly ullakan gulaklaryny gymyldadyp, özi özüniň içine giräýjek giräýjek bolýan ýaly ýygrylyp, gäwüşäp başlady. – Doganymyz Garyba söz berýäs – diýip, oturylyşygy alyp barýan talyp oglan yglan etdi. – Duruň, men tanyşdyraýyn! – diýip, Selbiniň sesi eşidildi. – Onuň ady – Garyp. Biziň institutymyza okuwa girmäge gelipdir. Özi Garaböwür diýen obadan. Häzir suwçy bolup işleýär. Biziň doganymyz, myhmanymyz, diňläliň... Oturanlar gaty hor, diňe burun bilen gulak bolup, jallyk agzy tas, gulagyna ýetäýjek bolup duran adampisint oglana haýran boluşyp, aňkarylyşyp galdylar. Garyp galpyldaýardy. Emma, sesi diýseň dury çykdy. – Doganym, eziz doganym, mähribandan mähribanym. Baýram aga dogry aýtdy. Allajan seni gaty eziz görüp, gaty köp zat beripdir. Ak ýüz, owadan didar, beýik zehin, iň esasysy – mähriban ýürek! Şolaryň gadyryny bil. Men aldajy sowuga elimi, ýüzümi kesdirip gülläp oturan baglarymyň gülüni-gunçasyny aýaza aldyryp, sütünim süýnüp, aç-suwsuz surnygyp, suw tutup ýörkäm, dünýäniň ýüzünde edil şular ýaly eşret bardyr diýip, pikirem edemokdym. Sen şeýle günleriň gadryny bil. Ony aýa, gaban. Öz ýanyň bilen alyp gidip, tutuş ömrüň boýunda onuň hözirini görüp ýaşa. Ikinjiden, ýüzüň ak bolsun, diýýändirler. Bagtyň ýüzüňdenem ak bolsun! Näzikden owadan bolsun! Üçünjiden, Alla jan öz ak bagtyň, ak umytlaryň açaryny seniň özüňe bersin! Men seni, bu günki eden ýagşylygyňy hiç haçan unutmaryn! Ömrüm boýy, edil şu ezizligiňe aýap, saklar ýörerin. Hemişe Alla ýakyn bol. Şeýtandan daş bol. Omyn!... Akgül ilki aňkarylyp galdy. Soň ýerinden turup, Garybyň ýanyna gelip, onuň heniz titräp duran göwresini gujaklap, ýaňagyndan ogşady. – Sag bol, Garyp jan. Soňam ony Baýram alyp gaýdýança, onuň titremesi galmady. – Näme titreýäň? – diýip geň galyp sorady. – Ýaraňokmy, ýa üşediňmi? Garyp kreslo geçip, ýylgyryp otyrdy. – Ýaman utanýan. Alty aýlyk normamy gepledim. Gowy däl, hijem gowy däl. Baýram otag eşiklerini geýinip durşuna: – Onuňam bir utanjy bormy! – diýip hüňürdedi. Baýram orta saçak ýazdy. Ullakan çäýnege çaý demledi. Gowurma, kolbasa, süýji zatlar getirişdirdi. Saçagyň gapdalyna, iki sany per ýassygy atdy. – Gel, Garyp, çaý içeli. Seniň utananyň çyn öýdýän, iýmediňem, içmediňem. Garyp ýylgyryp otyrdy. – Ýok, beýle bagtly, eşretli pursady biderek zatlara güýmenip, geçirip bolmaz-a. Ony, iýmän, içmän, görüp, guwanyp doýmaly. Meniň ykbalymda beýle bagt gaýdyp gaýtalanarmy, gaýtalanmazmy? Men ony aýamaly. Baýram düşünmedi. – Otyryyşlyk, iýmek, içmek üçin edilýär-ä. Onuňam bir gaýtalanary, gaýtalanmazy bolarmy? Garyp Baýramyň guýan çaýyny öňüne süýşürdi. – Meniň ömrümde birinji görşüm, beýle doglan gün oturylyşygy, Baýram aga. Men beýle eşretli oturylyşygy ömrümde hiç haçan gören däldirin. Baýram ýassyga gyşaryp, lezzet bilen çaý içip oturyşyna: – O nähili? Sen on ýyllygy gutaransyň-a. Şonda-da şagalaň guramadyňyzmy? Obaňyzda toý bolýandyr-a. Dost-ýaryň öýlenendir, çagyrandyrlar-a. Sizi toýa, oturylyşyga çagyrandyrlar-a. Garyp jaýlaşykly oturdy. – Garyp bolsaň seni toýa-da, oturylyşyga-da çagyranoklar. Baýram gaty geň galdy. – Sen – how, beýle ölen garyp dälsiň-ä. Ejeň, kakaň, doganlaryň, mal, mellegiňiz bardyr-a. Garyp başyny atdy. – Bar, diňe garryja ejem bar, o-da gaty ýarawsyz, Öýden daşary-da çykyp bilenok. Öýmüze hiç ýerden ýekeje köpük girdeji girenok. Ejeme süýt gerek boldy. Goňşymyzyň ikinji sygyry guzlady. Şony diläp alyp, sagyp, süýdünden peýdalanýas. Men indi bäş-alty aý bäri işleýän. Her aýda kyrk manat ýa otuz dokuz manat alýan. Olam aýda bir halta una, üç kilogram çigit ýagayna, bäş kilo tüwä, sabyn, otlyçöp, duz, gant ýaly zatlara zordan ýetýär. Her aýda ejemiň dermany üçin on manat karz alýan. Öň men orta mekdepde okaýarkam, o-da ýokdy. Indi, Alla şükür, pul garasyny görüp başladyk. Baýram haýran galdy. – Bäh, nätdiň-äý, otuz dokuz manat diýip, ed-dil, dünýäni gapyşdyraýdyň. Otuz dokuz manat diýdiňmi? – Ol goluny içerä salgady. – Meniň özme, «Lenin stependiýasy» diýip ýüz manat berýärler. Öýden, her aýda ýüz manat gelýär. Aýal doganlarym elli-elliden iberýärler. Kakam her aýda üç-dört gezek Aşgabada iş sapary bilen gelende, puly sanaman goýup gidýär. Ondan başga-da etrabymyzdan gelýäniň sany ýok, olaram boş goýanoklar. Şonda-da, dogrymy aýtsam, ýetirinip bilemok. Özem, bir üýtgeşik alýan zadym ýok. Garyp başyny ýaýkady. – Ol gaty kän pul-a. – Baýram gürrüňe gyzdy. – Kän bolanda näme, ýaňky oturylyşyga ýüz manatlyk miwe-siwe aldym. Ýüz manatlyk sowgat aldym. Ine, gitdi, näme aljak dälmi? Akgül kursdaşym, gowy gyz. Özüň raýkomyň birinji sekretarynyň ýeke ogly bolup, jübiňde alahöwren bar ýaly edip ýörseň, olam gowy däl-ä. – Dogrudyr. Baýram arkanlygyna çäşerilip ýatdy. – Ýaňy, gaty gowy aýtdyň-aý! Dogrusy, gözüme ýaş aýlanyp gitdi. Emma men geplemeli bolsa, ediljek duran ýerim. Aslynda, kellämde hiç pikir ýok. Saňa gözüm gitdi. Ýaňky, ýaly, az söze gaty çuňňur pikirleri ölenimde-de aýdyp bilmerin. Ony Alla bermese, pul bilen, wezipe bilen bolýan zat däl. Garyp ýerinden turup, çemodanyny açdy. Ondan üç-dört sany sany külçe çykaryp, saçagyň üstünde goýdy. Soň gidip, mürepbeli bankany getirdi. Baýram gaty begendi. – Böwürsleniň wareniýesi gerek. Men şony gowy görýärin. – Ol töweregine garady. – Gel, açaly! Şu ýerde açylýan bardy. Baýram bankany açyp, böwürsleniň mürepbesini edil unaş içen ýal, başyna çekdi-de, içip başlady. – Ine, boldy, men kän içmäýin. Gaty güýçli zat... – Ol bankanyň üstünde onuň gapagyny goýdy. Soň, Garyba seretdi. – Sende nähili – diýip, gürrüňiň hälki üzülen ýerinden düwdi. Garyp onuň özüne sowal berdi. – Onda ekzamenleri nädip tabşyrýaň? – O-o! – diýip, Baýram, çäşerilip ýatan ýerinden garnyny sypalap aýtdy. – Awtobusa bir müneňsoň, ondan özüň düşmeseň, seni zor bilen düşürjek bolup duran adam ýok. Okuwam, şeýle. Ýöne bu institutda mugallymlaryň bir gylygy bar. Hut, bäş manat berseňem hiç «ýak» diýmeýeller. Puluň bolsa, waglama-deýt. Ekzamen golaýladymy, ekzamen alýan mugallymyň ýanyna barýan, onuň jübüsine bir elliligi gyssdyrýan. «Mugallym, öňki ýaly bir bilidi taýýarla» diýýän. Mugallym maňa bir bilidiň soraglaryny ýazýar. Oňa jogap ýazýar. Onsoň, ekzamene baranymda şol bildi öňümde goýýar. Onuň ýazanjasyny özüne aýdyp berýän. Ine, saňa, bäşlik. – Be, okamanmy?! Baýram goluny galdyrdy. – Meniňki ýene iň gowusy. Ekzamene gatnaşýanmy gatnaşýan. Bilet çekýänmi, çekýän. Bäşlige jogap berýänmi? Berýän. Ony hemmeler görüp dur-a. Emma, ýeke gün okuwa barman, zaçýotkasyny iberäýýänem bar-a. Dogry, azaby bilen alýanam bar... Garyp öz gezegini aldy. – Men orta mekdepde, birinji synpdan onunja çenli, ýekeje-de, dörtlük alyp göremok. Diňe bäşlik, bäşlik. Okanym ýadymda galýar. Ony çapybam aýyrjak gümanyň ýok. – Bäh! – Edil şu wagtam ähli okan kitaplarymy bapma-bap, setirme setir aýdyp bilerin. – Matematikanammy? – Tapawudy ýok, matematika, fizika, himiýa, biologiýa, ene dili, edebiýat, taryh, rus dili, iňlis dili... – Bäh. – Daşyndan sorag berseler nähili? – Ony okanymdanam gowy aýdyp bilýän. – Ýazuwyň nähili? – Birinji klasdan bäri ýekeje-de ýalňyş goýberip göremok. – Mümkin däl. Men henize çenli beýle adamy göremogam, bardyram öýdemok. – Görersiň, Ekzamenlerde «şeýle eken-äý» diýersiň. Ýöne, näsaglap galaýmasam... Baýram turup, aýbogdaşyny guryp oturdy. – Bäh, o nähili, nädip, nädip beýle bolýar? Garyp başyny aşak egdi. – Hudaý tarapyn! – Bäh, aldaňok gerek. – Ömrümde ýalan sözläp göremok. Baýram mürepbeli bankanyň gapagyny eline alyp, barmaklary bilen ony tyrkyldadyp durşuna. Garyba dykgatly garady. – Men senden bir zat soraýyn-la! Bibigül seni näme üçin halanok. Garyp bir gysymjyk bolup, ýygryldy. – Men gaty garyp, Baýram. Alla meniň keşbimem birhili ýigrenjije, bedigörk ýasapdyr. Diňe Bibigül däl, tutuş mekdep meni halamaýardy. Synpdaşlarym meni görseler, ýigrenji, porsy, nejis zady gören ýalydylar. Olar meniň bilen gepleşmeýärdilerem. Bibigülem şolaryň biri, başga bir sebäbi ýok. Baýram geň galdy. – Asyl, ol klasdaşyňmydy. – Hawa. Baýram hasam geň galdy. – Indi, ol how, köýüp ýatan ary bar ýaly-la. Araňyzda söýgi-pöýgi, öýlenmek, gudaçylyk meseles-ä bolan däldir-le. Garyp gözlerini ýumdy-da, penjire tarapa garap: – Wah, söýgiň-pöýgiň gürrüňi näme, Baýram jan. Ejem ikimize, şu gün iýerligimiz gara gaýgy. diýýän-ä. Onsoňam, men olaryň diýýän adamy däldirin. Olaryň göwni Kap dagyndadyr. Dogrymy aýtsam, senem olar üçin kiçiräksiň. Baýram ýumrugyny dyzyna urdy. – Iň soňky sowal. Ol saňa eşitdiribem her hili sözleri diýýär. Näme üçin jogabyny bereňok. Men-ä baryp, göni urardym. Garyp has salykatly görnüşe girdi. – Türkmeniň şeýle bir nakyly bardyr. Aýdyjy akmak bolsa, diňleýji dana gerek – diýip. Alla maňa ýigrenji mähre öwürýän ýürek beripdir. Hudaý maňa her hilije zulumly kynçylygy çekip bilýän kuwwat beripdir. Onsoňam, «Gurduň gargyşy ite ýokmaz». – Bäh. Baýram «of» edip, agzyndan ot çykaryp, aňyrsyna bakdy. – Men özümiň ähli görkümi, baýlygymy, okuwymy, rowaçlygymy seniň şol ýekeje sözüňe çalyşardym, Garyp! Näme diýdiň: «Alla maňa ýigrenji mähre öwrüp bilýän ýürek beripdir!» Bäh, ýaşyň uzyn bolsun. Gel, indi ýataly! 9. Bu gün hälki doglan gün bellenen otagda, gyzlaryň arasynda sarsgynlyja gürrüň gidýärdi. Gap-gaçlar ýuwulyp, beýleki otaglardanalnan galar, oturgyçlar, stol-stullar alnan ýerlerine eltilip, otag öňki kaddyna getirilensoň dawany Bibigülüň özi başlady. Ol öz krowatyna ýüzin ýykylyp, uly ili bilen aglap başlady. Myhmanlary sowup, doglan gününi özüniň iň ýakyn joralary, tanyşlary bilen gowy geçirip, indi galan tortlar, beýleki nazy-nygmatlar bilen çaý içeris diýip oturan gyzlar Bibigüliň bu bolup ýatyşyna birhili boldular. – Goý, gyz, aýyp bolar. Beýle aglar ýaly, näme bolanmyş. – diýip, Akgül igençli aýtdy. Şasenem baryp, Bibigülüň başyny gujaklady. – Näme bolýar, goýsana. Bibigülüň şeýleräk bolşuny öňem birki sapar gören Selbi sesini çykarmady. – Waý eje jan-eý! Eje-leý. Waý-waý-eý. Akgül bu gyzyň emini bilýän eken. – Tur gyz. Bar, başga ýerde et şerraýlygyňy. Ertirden bäri sen, her hili bolan bolup, şu, meniň toýumy bozjakdyň, bozup dyndyň. Sen adam däl ekeniň. Çyk şu otagdan. Bolmasa, özüm çykararyn... Adamçylygy guran... Selbem penjiräni açyp, onuň tekdirinde ýatan sowuk gardan bir gysymyny alyp, onuň ýakasyndan goýberdi. – Waý – Bibigül atylyp ýerinden turdy. – Özüňiz adam däl ekeniňiz. Özüňiz namart ekeniňiz. Ertire bir çykaýyn, ölsemem ýüzüňizi görmerin. Başga otaga geçerin! – Biziň üçin okaýan bolsaň, institutdan çykaý. Ýöne bilip goý, seniň ýal-a toýumyzy bozdurmarys. Baý bujagazyň bolaýşyny!.. Bibigül krowatynda oturdy. Bary senden sen totamsyrap, bary şol meýdi ýanandan. Hemmäňiz şol juwanamerke, hajyk-hujuk eden bolduňyz. Ony toýuňyza çagyryşan bolup... – Ol ýene aglap başlady. – Jora diýşen bolup, indi arwah ýaly bolup, şol menden gowy boldumy?! Hemme kişiniň yzyndan gowy adamlar gelende, näme, meniň yzymdan, arwah ýaly bolup, şol haram meýit gelmelimi diýsene. Meýdi ýanan, oba bir baraýyn, agama aýdyp, şonuň elini aýagyny kül etdirmeýänmi. Sen meýdi, gabyr ýaly gedaý çatmasyndan çykyp bilmez ýaly etmeýenmi, ýer çeken. Şasenem turdy-da, poluň üstünde duran çäýnegi eline alyp durşuna: – Wah, şolar ýaly obadaşym bolsady. Ol hem yzymdan gelsedi. Gözüme sürme ederdim, buýsanyp gezerdim. – diýdi. – Ol çäýnegiň gapagyny eline alyp, stola tyrkyldatdy. – Men bir zat aýdaýyn, şol oglan biziň mugallymymyz bolar, ine görersiňiz. Ol ýurdumyzyň iň beýik adamy bolar. Hemme kişiniň gözi gider, nesip bolsa... Ol otagdaky gyzlaryň ýüregini bilen ýaly, özem, näme diýýäninem bilmän, aýdyp goýberdi-de, öňünden görüjilikli bu sözünden gorkýan ýaly, zarp bilen çykyp gitdi. Akgül bilen Selbi Şasenemiň sözüne doňup galdy. – Meýdi ýanandanam bir uly adam bolarmy? Barsyn gabyr ýaly kümesinde, çüýräp, porsap ýatan ejesini oňarsyn. Oba ýaly ýerden Aşgabat ýaly ýere, şylhasyny akdyryp gelen ýer çeken, barsyn, ýyrtyk köwşüni oňarsyn. Utançsyz, meýdi ýanan! Akgül Selbiniň ýüzüne garady. – Bäh, haýran galaýmaly, Şasenem gaty dogry aýtdy. Bu oglanda diýseň – diýmeseň, uly keramat bar! Ine, görersiň, ol ýöne adam bolmaz. Ine, Şasenemiň diýeni bolar. Selbi boýunjygyny gyşartdy-da, owadan ýüzüne gelşipjik duran gelşikli gaşlaryny gerip-gerip gürledi. – Şeýle bir akylly, şeýle bir mähriban eken. Onuň aýdýan maslahatyny men kakamdanam, şu ýerdäki garry professorlardanam eşdemok. Ýeke sözünde tutuş ýylky ynjyňy köşeşdiri goýberýär. Ýeke sözde göwnüňi göwnüňi ýalkymly umytlardan doldurýar. Akgül gözlerine begenç ýaşlaryny aýlady. – Maňa aýdan sözlerin nähili gowy. Baryp gujaklap ogşanymam bilmändirin. Ömrümde öpen birinji oglanym – Ol heziller edip güldi... – A gyz, edeniň bar bolsun! Sen ony gujaklap öpdüň welin, menem, a gyz, hakyt, ýerimden turup, gujaklap öpjek bolup barýan-a. Zordan saklandym. Gyzlaryň şadyýan gülküsine, aglap oturan Bibigül durup bilmedi. Olam hezil edip güldi. – Ol haram jyn-arwah ýyrtyk köwşi bilen gelip, doglan günüňize ediljek, gaty gowy sowgat bolaýypdyr-da. – Ol gelip Akgüli iten boldy. – Bar, bar, öz sowgadyň ýanyna gidip, ol gymmatlyja sowgatyň bilen ýat. Bar, bagryňa bas, ogşa. Ol ýene-de krowatyna çykyp, ellerini ýüzne tutup aglap başlady. – Alty aý bileje ýaşap, şol meýit menden gowy boldy size. Siz şony maňa ýamanlyk edip, «sen-sen» edýeňiz. Ýogsa, baryňyz şol meýdi ýanmyşy ýigrenip otyrsyňyz. Nejis-ä, ol. Şasenem, içeri eli çäýnekli girip, çaý demledi. Penjiräniň aşaky tekjesinde, sowjak ýerde goýlan süýjüje ýerde goýlan süýji nygmatlary stoluň üstüne daşady. – Geliň, çaý içeliň. Gyzlar ýerli ýerden gelip, oturgyçlarda oturdylar. Birki gün bäri «kimi çagyrarys, näme satyn alarys, näme bişireris nirde bişireris haýsy otagdan näme sorarys» – diýip alada etme kemini goýmadyk, bu sary çüňk, ýaňy çagalykdan saýlanan gyzlar üçin, mesele kemi bolmadyk aladadan dynanlary üçin, olaryň keýpi kökdi. – Doglan günüň gowy boldy, Akgül, gutly bolsun! – diýip, öňüne ep-eslije torty çeken lezzet bilen iýip oturyşyna, Şasenem gep gozgady. – Menem, işşala, öz doglan günümi şunuň ýaly bellejek. – Ýok – diýip, Selbi ýylgyrdy. – Ýo, «gowy boldy däl» – Gyzlar gözlerini mölerdişip, oňa garadylar. – Doglan günüň gaty, gaty, gaty gowy boldy. Gutlaýan – Ol gelip, Akgüli gujaklap ýaňagyndan öpdi. – Doglan günüň gutly bolsun, gutlaýan! – Bagtyň, ýüzüň ak bolsun. Alla bagtyň, umytlaryň açaryny öz eliňe bersin, omyn! Akgül tolgunmadan gözlerine çaýylan begenç ýaşyny syldy. – Goý, gyz indi, sen meni agladýaň. Bibigül ak ýüzüni, owadan dodaklaryny enaýyja towlaşdyrdy. Owadan eginlerini liňkildedip, badam gabaklaryny süzdi. – Şol ýyrtyk köwüşli, arwah-jyn gelmedik bolsady, doglan günüň ondanam gaty ga-ty, gaaa-ty, go-o-o-owy – diýip gygyrdy-da – bolardy! – diýdi. Gyzlar onuň ulili bilen gygyrmasyna tisginişip gitdiler. – Ýuwaş, gyz. On dördünjiler bazar gurap, tutuş gije, bazar gurap – diýseler näme diýjek, ýuwaşrak bolalyň. Ýatyrmadylar – diýseler gowumy? Bir salymlap, hiç kimden ses çykmady. Akgül gobsundy. – Bibigül, senden bir zat soraýyn-la. Ýöne dogryňy aýt, bomy. Bibigül owadan ýüzüni, suraýy gaşlaryny, näzikden nurly gabaklaryny, jadyly, süzüp owadan, ala gözleriniň gytagy bilen Akgüle seretdi welin, gyzlaryň özlerem oňa aşyk bolup galdylar. – Men oglan bolan bolsam, hökman seni alardym – diýip, Şasenem durup bilmän, kellejigini liňkildedip, aýtdy. – Ýuwaş, gyz, saňa barjak bolup oturan ýok. Seniň saçyň özüňden uzyn-a. Şasenemiň ýüzi har ýaly boldy. – Ýuwaş-la, soraýyn-la, aýtsyn-la! – Sora. – Sen näme üçin Garyby halaňok? Ol saňa näme erbet zat etdi. Ýöne Hudaýlygyňy sözle. Bibigül agzyny towlady. – Erbet zat edibem görsün, meýdini ýakmaýanmy. – Onda näme? Söýgi hatyny ýazdymy? – Zadyňyzy ogurladymy? – diýip, Şasenem hem Bibigüle goşuldy. – Gybatyňy etdimi? – diýip, Selbem sorady. – Hawa, munça ýigrener ýaly, bir sebäp bolmalydyr-a. Diňe bu gün däl, sen biz seni tanaly bäri şol oglany gaty nejis bir zat edip, gybatyny etdiň. Bibigül agzyny açdy-da, soň, aýtmaga söz tapman, dodagyny kemşertdi. – Ýöne, halamyzok-da. Tutuş synpymyz mekdep, oba şol arwahy halanok-da. – Näme üçin? – Hawa, näme üçin? Ol synpyňyzda ýerine siýýärmi? Gyzlara azar berýärmi? Ýa sizi mugallymlara şipçileýärmi? Bibigül edepsiz kakynjyrady. – Ýok-la gyz, ol onuň ýaly ýaranjaň meýit däl-ä. Iň yzky parta geçip, tä okuw gutarýança, şoňa ýelimleşen ýaly bolup oturardy-la. Tä gelenden, gaýdýança. Sapak gutarýança ýerindenem turmazdy. – Ol bir möhüm bir meňzetme tapan ýaly, aýasyny serdi. – Sansyz-da, sansyz. Hiç kime goşulmaýan-da, goşulmaýan. Tutuş günde agzyndan ýeke söz çykmaýan meýid-ä, meýit. – Okuwy nähili, mugallymlar ony nähili görýär. Ýa zyrryjym ikilikçimi? – Matematika mugallyma, şol diýip, ölüp ýatyr. Ol-a, ýöne: «Gel, Garyp, şu meseläni görsen-e şu mysaly görsen-e» diýip oturardy. Himiýa, fizika mugallymlaram şonuň ýalydy. Kilçik edebiýat mugallymymyz bar şolam: «Garyp, şu sözüň manysy näme bolmaly?» diýen bolup, edil, ony, raýkomyň ogly ýaly, öňe tutan bolup, götünden aşyrdy. Oglanlaram bolsa, ony ýigrenýärler, Bizem, şonuň üçin halamyzok. Onuň özem ýigrenjä. Çagalygymyzdan şoňa bolan ýigrenç, ganymyza siňip giden-dä. Gyzlar çäýnek-käseleri ýygnap başladylar. – Bary şol bolsa, bu ýerde, elden-aýakdan çykyp, ýigrener ýaly, hiç zadam ýok eken. Onuň garyplygynda başga näme aýby bar. Ogry ýa, namart däl... – Gaýta, guwanmal-a, mugallymlary ondan kömek soraýan bolsalar. Bibigülem kem galmady. – A gyz, şeýle bir gary-yp, hor, iýmäge çörek tapanoklar. Gör, Aşgabat nähili ýer, şoňa dagy, şylha-şylha köwşi bilen gelmäge utananok ahyry. Şondan başga näme gerek size. Akgül Bibigüli oňlamady. – Ejesi agyr kesel bolsa, kakasy bolmasa, direnişip duran agalary bolmasa, öýlerine çigit ýaly girdeji gelmese, garyp bolarsyňda. Ýeterlik iýip içilmeseň, hor bolarsyň, ýeterlik geýmeseň, görmeksiz bolarsyň. «Görk agyzdan, görmek eginden» diýipdirler-ä. Ine, işläp başlar, gowja aýlyk alyp başlar, gowy iýer-içer, oňat geýiner, gül ýaly ýigit bolar. Köwüş näme, görk näme, esasy zat-ýürek bolsun. «Ýigdiň gowsy hem erinlek, hem burunlak» diýýärler-ä. Özem, gaty ýaş-a. Ol nädip size synpdaş bolýar? Bibigül elini serdi. – Bizden iki-üç ýaş kiç-ä. Ol meýit sakgyç ýal-a. «Men okajak, men okajak» diýip, iki ýyllap biziň synpymyza ýapyşdy ýatdy-a. Kesibem aýryp bilmediler. Ahyry ikinji synpa geçenimizde synp žurnalyna adyny ýazdylar. – Onda, ol häzir on ýedi ýaşynda-da! Gaty ýaş bolýar-da, gaty ýaş eken. – Ýatalyň, ertirem okuwdyr. Bibigül tasanjyrap, krowatyna geçdi. – Baryň-e-eý, şo meýdi ýanan siziňki bolsun. – Siz ony doganym-doganym diýip, oýnap ussanyň ýanyna äkidip, şonuň keşbini gülýakaňyza çekdirjeksiňiz. Baý, owadan arwah bolar-a. Gyzlar hezil edip gülüşdiler. Dowamy bar >> | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -5: romanyň dowamy - 11.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Faraon -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |