11:59 Ak guwlary atmañ -3: romanyñ dowamy | |
10. Garyp ir turdy. Bildiriş çap edilen gazeti eline alyp, gerek dokumentleri, ýene bir laý tükelläp, tertipleşdirdi. Soň çaý goýdy. Saçak ýazdy. Saçagyň üstüne külçe, badam maňzyny, böwürslen mürepbesini goýuşdyrdy. Işik kakyldy. – Baýram aga, Baýram aga, gapy kakylýar. Baýram ýüpek ýorganyny serpdi-de,ýeňillik bilen ýerinden turdy. – Kakam bolaýmasa. Ol agşamam gelen bolmaly. – Ol ýeňňillik bilen baryp işigi açdy. – Aal-lam – diýip, gyz ses eşidildi. Garyp onuň Akgülüň sesidigini çak etdi. – Girmek mümkinmi? Baýram gözlerini owkalady. Elini otaga tarap salgady. – Baş üstüne, geliň, geçiň. Men ýuwnup gelýän. – Ol saçaga mürehet etdi. – Bir käse çaý içeliň. Garyp gyzlar görüp utandy hem begendi. – Garyp jan, oňat ýatdyňmy? – Sag boluň! Selbi Garybyň horja, gelşiksizje didaryna hyrydar seredip durşuna: – Dokumentleň taýýarmy? – diýdi. Menem seniň bilen gitjek... Garyp yşnyksyz ýüzüni utançly sallap oturyşyna: – Wah, azara galmasaňyzlaň! – diýeninem duýman aldy. – Ýok, ýok, maňa hiç hili azar däl. Raýa meniň gowy tanşym. Şol alýar gaýybanaçylaryň dokumentlerini. Men oňa bir zat aýtmaly. Baýram egni ullakan, gülli, owadan mämiş plotensaly geldi. – Çaý demläliň. Akgül bu otaga belet bolara çemeli. Gidip çäýnegi alyp geldi-de, iki çäýnege çaý atyp, olary demledi. – Bizem, ine, tort paýyňyzy getirdik. Baýram torty görüp, begendi. – Şun-a oňaraýypsyňyz. Özüm gidip, galmadymy – diýip sorajak bolup otyrdym. Akgül çaýy gaýtaryp, käselere çaý guýdy. – Baýram, men saňa «sag bol» aýtmaga geldim. Sowgadyň üçinem, kömegiň üçinem. Toýuňda gaýtsyn. Gaty minnetdar boldum. Baýram kellesini ýaýkady. – Bolýa-laý, üýtgeşik edilen zat ýok-laý. Akgül Baýramyň göreçlerine garap: – Biziň doganymyz Garyp jana hossarlyk edeni üçinem, sag bol. Ýaşyň uzyn bolsun. Baýram Garybyň arkasyna kakdy. – Garyp jan – geniý bolar Arkadag bolar. Öten agşam gürrüňleşip oturdyk, welin, Alla kessin, tüweleme, men-ä haýran galdym. Türkmende, soňky wagtlar akyldar döränok diýýärler welin, ine-akyldar. Ýöne, oňa hossar gerek, hossar. Baýram ýassyga gyşardy-da, ýene çuslanyp oturdy. – Men gijesi bilen bir zat barada oýlandym, Akgül! Köwüş näm-äý, eşik näme, baýlyk näme?! Hemmesini birinden pul karz alyp, birje salymda, satyn alyp bolýar. Emma Alla Garyp jana, mal bilen, baýlyk bilen pul bilen satyn alyp bolmaýan hazyna beripdir-ä! Biz şuny duýdukmy, indi Garyby goramaly, ony ýerli-ýerden goldamaly... – Dogry. – Gaty dogry – diýip, Selbem durup bilmän gürrüňe goşuldy. – Men Garyp ekzamenlerini gutarýança, onuň ýanynda boljak. Baýramyň ýüzi dogumlandy. – Dogry edýäň, uýam! Pul tarapynam özüm oňararyn. Akgül hem kem galmady. – Süýjüje naharyňyzam, menden. – Baýram ellerini dallalatgy. – Sen her ekzamenden geçenini palow bilen ýuw. Eti, tüwüsi, ýagy öýde bardyr. Çekinme, sen palowy bezpodobno (taýsyz) bişirýäň. Dažy, ejemem seniňki ýaly bişirip bilenok, palowy, Alla kessin, çynym... – Goýsana, Baýram... Garyp garbanyp, çykyp gitjek bolan gyzlary saklady. – Agşamky paýyňyzy alyň. Akgül Selbiniň ýüzüne garady. Selbi ýylgyrdy. – Bolýa diý, bolýa diý. Ýogsa, öýkelär. Gyzlar garaşdy. Garyp bäş-alty, nar, iki iki kilogram ýaly hozy, olaryň eline tutdyrdy. – Bu näme? Selbi eýemsiredi. – Agşamky külçeler bilen bile berlen sowgat. Elimize sygmady. Ikinji reýsi etmelidik. Akgül Baýramyň garady. – Alaýsakmyka? Külçeler-ä gaty tagamly eken. Baýram güldi. Berilen bolsa almak gerek, urulmankaňyzam, gaçyň. – Wiý, şeýlemi? Onda gaçaly, gyz... Gyzlar gülşüp gitdiler. Garyp geýinip, dokumentlerini stoluň üstündäki gerekmejek gazetleriň birine dolady. – Şu gazeti alaýdym, men-ä. – Alaý! Baýram Garybyň üst-başyna seredip, onuň golaýyna geldi. – Garyp jan, üst-başyň ýaman ýeňil. Sen göwün etmeseň, meniň eşiklerimden geý. Meniň köwşümem kän, saňa uly bolmasa. Kiçi bolmaz. Garyp başyny ýaýkady. – Baýram aga, birden baý boljak bolmaýyn. Aýagymdaky, Aýazhanyň çarygy. Men ol çarykdakam, pikirimem, ruhumam, duýgymam erkin bolýar. – Ýok, ýok, geý, seni beýdip, iberip bolmaz. Garyp barybir razy bolmady. – Meniň şu eşikde gelenimi köp adam gördi. Olar menem, senem tanaýan adamlar. Soň bir gün «Baýramyň könesini geýip ýörendi» diýseler, maňa «köwşi ýyrtyk» diýleninden agyr deger. Baýram Garyba düşündi. – Adym hem Garyp, özüm hem garyp diýjek bolýaňda. Garyp ýylgyryp başyny atdy. – Dogry, dogry, aladaň üçin sag bol. Eliň-gözüň dert görmesin. Garyp umumy ýaşaýyş jaýyndan çykyp, heniz hiç kimiň aýak yzy düşmedik, täzeje ak garyň üstüne basyp, institutyň baş ymaratyna girdi. Dokumentleri alýan rus gyzy her bir kagyzdan, büre gözleýän ýaly, boýdan başa synlaý-synlay, baryny kabul etdi. Eline şa dokumenti kabul edendigi baradaky şaýatnama bilen synag listini berip: – Ertir sagat sekizde, diktant ýazmaly. Gijä galmaň – diýip, ýene dokumentlerine güýmendi. – Kagyz bereris. Ruçkaňyz bolsun. Ol gyz Garybyň durkuna, ýyrtyk köwşüne, nebsagyryjylyk bilen garap, ýene görmezlige salan boldy. – Sen, üşäýme, oglan. Gelip bilersiňmi, gijä galsaň, goýbermezler. – diýdi. – Ertir sagat sekizde?! Bir ýüz kyrk ikinji auditoriýa. Kagyzy özüňiz berýäňiz. – Sekizde başlanýar, ýedä geliň! Galyňrak geýniň, peçler ýylanok. Bar zat düşnüklidi. – Diktant bolsa, ýetmiş bäş söz bolar. Olam, hersi dört sözden bolsa, on alty sözlem bolar. Her sözlemi iki sapar gaýtalasa,, bir sagada galman ýazarys. Indi, ol bu günlükçe, boşdy. Nirä gitmeli?! Gel Aşgabady synlaýyn! Ol trelleýbusyň duralgasyna geldi. Adamlar bu garly, sowuk howada ýuka geýnen, ýyrtyk köwüşlije oglanjygy geň galyp synlaýardylar. Trelleýbus gelen badyna, ony içeri ilki goýberdiler. Maşynyň içi ýylydy, gowudy. Garyp ortaraklardaky oturgyçlaryň penjire tarapyndaky boş ýerleriň birinde jaýlaşykly otyrdy. – Hany, bilet al! – diýip, boragana galan ýaly, geýinip bilenini geýnen garryja, dolmuş aýal onuň üstüne heňkirdi. – Dawaý, bilet al!.. Garyp puluny oňa uzatdy. Häzir Aşgabat juda owadandy. Gazetleriň birinde «Aşgabat iň bagly paýtagt!» diýilip ýazylany okapdy. «Diýeniçe-de bar eken» diýip, Garyp oýlandy. Bu agaçlar ne bela. Swoboda prospekti äpet-äpet agaçlaryň aşagyndaky darajyk asfaltlanan garly ýodajykdan emaý bilen sümülip barýardy. – Häzir şeýle bolsa, tomus nähilikä?! Äpet-äpet dub, çynar tut agaçlary biri biri bilen tutluşyp, olaryň ählisiniň depesem, galyň ak gar bilen gaýmalanyp durdy. Şäheriň her ýerinde, her ýerinde iki-üç, dört gatly jaýlar galyň garyň gujagyna gysylyp otyrdy. – Ah, adamlary diýsen-e! Aşgbadyň adamlary nähili owadan, mähriban. Trelleýbusa owadandan owadan, başlary dürlije ýaglykly Aý ýaly gyzlar münýärdiler, düşýärdiler. Olar gyrawlan ýaňaklaryny, gar ýapyşan gara zülplerini akja aýalary akja, kösük ýaljak barmaklary bilen sypalaşdyrýardylar welin, Garybyň ini dyglap gidýärdi. Garyp, adamyň ýüzüne jikgerilip garaýan çaga däl. Emma owadan gyzlaryň özleri, ýanyp duran jahyl, nurly, otly didelerini Garybyň gözlerine, ýüzüne, çekinmän, baýyrdadyp basýardylar. – Şu ýer boş-a däldir. Oturmak bolarmy? – diýip saçy akja, ýüzüne, garagözelek ýüzüne gelşipjik duran çepiksi gyz sorady. Garyp trelleýbusyň diwaryna ýelimlenäýjek ýaly bolup, gapdala süýşdi. Ol: Aşgabada syýahadym tamam bolaýdy öýdýän ýa başga oturgyja geçäýsemmikäm? – diýip, töweregine garanjaklady. Amatlyja oturgyç agtardy. – Siz Börmedenmi? – diýip, ol gyz sorady. Garyp onuň ýüzüne seretdi-de, «ýok» diýen manyda başyny ýaýkady. – Börmede babamlar bar. Siz şol obanyň adamlaryna meňzeş gördüm. Olaram siziň ýaly burunlak, gözleri ullakan, owadan. «Owadanlyg-a sürtseňen ýokmaz-la bize!» – diýip, Garyp oýlandy. – Uniwersitete okuwa girdim. Kitaphanadan kitap aldym. Bu-da bir agyr, bu garly gün elim kesim-kesim boldy. – diýip. Gyz toruň bagy göm-gök, gyzyl edip goýan näzik aýalaryny oňa görkezdi. – Sizem, okuwa geldiňizmi – diýip, ol Garybyň biçäre ýüzüne garap, ýylgyrdy. – Wiý, bu wagt okuwa alynýan däldir-ow. Gyz gazaga çalym gözlerini gyrp-gyrp etdi. – Ýok, oba hojalyk institutyna alýarlar diýip, men gazetde bir bildiriş okapdym... Garyp dillendi. – Men şoňa girmäge geldim. Ertir diktant ýazmaly. – Gaýybanadyr? Garyp baş atdy. – Häzir nirä barýaňyz? Garyp köwşüne seretdi. – Ýaňy dokument tabşyrdym. Indi barara ýerimem ýok. Agşama çenli wagt geçireýin diýip, trelleýbusa mündim. Aşgabada ilkinji sapar gelişim. Gyz ýylgyrdy. – Aşgabada pyýada aýlansaň gowy bolardy. Bazarlar, adamlar, baglar, gar, gör, nähili gowy... – Köwşüm ýyrtyk. Gyz Garybyň aýaklaryny ýiti-ýiti seretdi. – Köwşüňi, düşüp, köwüşçä tikdiräýmel-ä. Ondan aňsat ýog-a. Garalabam berýärler. Özem köpüg-ä. Aýakgap ussalary iş tapman otyrlar-a. Indiki duralgada düşeli. Biziň tanyş aýakgap ussamyz bar. Ejem jigimiňkini, özümiziňkini berip goýberýär. Men olary getirip tikdirýärin. Garyp ýyljak ýere ýaňja öwrenişipdi. – Meniň üstümem ýuka. Iller gülşäýmese! Agyr ýüküni ýene-de özi götermeli boljak gyzyň ýüzi üýtgäp gitdi. Ýöne ol Garypdan el çekmedi. – Erkek oglan merdiräk bolmalymyka diýýän. Ýöri, ine, geldik. Häzir düşýäs... Gyz eline agyr toruny aldy. – Getir, tory maňa beräý. – Gyz uly höwes bilen ýylgyrdy-da, agyr toruny Garyba berdi. Ol tory eline alansoň bu gyzyň ony näme üçin düşürjek bolýanyna düşündi. – Oba hojalyk instituty oba adamsy üçin, gowy okuw. Biz – şäherli-dä. Ol bize bolmaýar. Şonuň üçin, ejem, kakam meni uniwersitete saldylar. Häzir ors dilem gerek-dä. Özüme, bakja-da, orta mekdebem orsuça-da, türkmen dilinde okabam biljek däl, biz-ä. Ol gyz edil eňegine jaň dakylan ýaly, gürleýärdi. Garyp, içini hümledip gelýärdi. – Doganym, Moskwada! Gorkiý adyndaky Dünýä edebiýaty institutynda. Eşitdiňmi? Iň uly ýazyjylar, şahyrlar, terjimeçiler şol institutdan çykýar. Resul Gamzatow, Çingiz Aýtmatow, Kugultinow diýip eşitdiňmi? Olar dünýä belli. Olary dünýä tanaýar. Ine, onsoň, okanyňa görä, şeýle institutda okaýsaň. Ýöne oňa ekzamen berip girip bolmaýar. Oňa beýik zehin gerek. – O nähili zehin? – diýip, Garyp gyzyklandy. Ol gyz şol instituta girmänine kemsinýän ýaly, ýüzüni gamaşdyrdy. – Zehin – zehin-dä. Alla tarapyndan zehin berlip, üýtgeşik goşgy, hekaýa, powest ýazýan bolmaly. Moskwadan gaty güýçli ýazyjy – şahyrlar – terjimeçiler gelip ýazan zatlaryňy barlap, saýlap-seçip, iň gowularyny alýarlar. – Seniň doganyň näme ýazýardy? – Gyz başyny ýaýkady. Onuň açyk başyndaky owadanja şarf silkinip gitdi. Meniň doganym beýle zehinli däl. Ol uniwersitetiň üçünji kursundan Moskwa geçdi. Ol rus dilinem, türkmen dilinem gowy bilýär. Terjime etmäge kakam kömek etdi. Soňam, az-kem tanyşlyk boldy. Şeýdibem girdi. – Şoň-a tanyşsyzam girse bolardy-la... Gyz ony goldamady. – Aý, ýok, aý, ýok, beýik zehiniň bolmasa... Häzir beýle zehinli adam barmy, näme? Özüm, öldürseňem, goşgy ýa powest ýazyp biljek däl. Onsoňam biz heniz ýaş. Garyp adamlaryň gürelýän ýerine girdi. – Bazar! Olar seýreklän ak gary jagyrdadyp, hatar-hatar budkajyklaryň biriniň ýanyna geldiler. – Salam dädýa Artur! – diýip, gyz ekabrja habar gatdy. Ýüzi-gözi, edil bir kömür çalnan ýaly saçy bürmek kimin bulaşyk goja: – Guliçkam, kel! Eje, kaka kurgun? – diýip, çalgyrt gürledi. – Däde Artur, bu oglan biziň myhmanymyz. Ejem, däde Arturyň ýanyna baraý – diýdi. Köwşi sökülipdir. Goja kirli elini uzatdy. – Mana ber. – Ol gyza oturgyç süýşürdi. – Otur. Garyp oturgyja çökdi-de, sökülen köwşüni aýagyndan çykaryp, goja uzatdy. Goja köwşi gözüniň öňüne eltip, birlaý dykgat bilen seretdi-de agyr başyny ýaýkady. – Tikin tutmajakdy. Bu ne botinka? Ýaman bolupdyr! Gyz gorkuly ýalbardy. – Gaýrat et, däde Artur, biz puluňy bereris. Goja kirli öňlügini dyzlarynyň üstüne ýazdy-da, bir tekizje tagtajygy goýup, köwşüň yz tarapyny agaç galypa salyp, ony çekiçledi. Soň iş edinip, ony tikip başlady. Gyz içi kitapdan doly torunyň üstünde, edil, totuguş ýalyjak bolup otyrdy. – Kaýdan kelmiş? – diýip, goja indi teletin bölegini köwşüň ökjesiniň iç ýüzünden tikip durşuna sorady. – Gara böwürden. – Obamy? – Oba. Ol ýerde köwüş ussassy war? – Ýok. – Kel, men saňa öwredijem, gel bura, otur, botinka tik! Garyp mys-mys güldi. Oňa çenli ol gyz dillendi. – Ol Oba hojalyk institutyna okuwa gelipdir. Goja okuwyň ikinji taýyny hem teletinläp başlady. – Heý, ohuw nedi? Ohuw-pohdy. Puluň war. Ýoh, ohuwa girmejek sen. Kimiň puly war. Şol ohyjakdy. – Ol köwşi görkezdi – Beýle köwşi geýmiş-ohuw ýoh. Gel, bur-a master bol... Gojanyň bu hor, ejiz diňe burun bolup duran bu gaýly günde, ýyrtyk köwüşli, çyplak eşikli çykan oglanjyga nebsi agyrdy öýdýän. Ol garybyň köwşüne gara lak çaldy. Onuň aşagyna, ökjesine galyň teletin, soňam nal kakdy. Içine ýukajyk oltaň goýdy. – Meh! Allah şaýat. Sen bala, uly adam bolsaň meni unutma. Gyz oňa üç manat uzatdy. – Ýoh, kizim, ol gaty uly adam bolar, däde Artur biler! Şonda men ondan alaryn. – Sag boluň. – Allah – Hafezdir! Garybyň ýüki ýeňlän ýaly boldy. – Ýaňy Moskwada, şol institutda okasaň gowy diýdiňmi? Gyz onuň ýüzüne sowally garady-da, birden hälki gürrüňi ýadyna saldy. – Elbetde, sen seret, sen obada ýaşaýaň. Emma etrap merkezinde ýaşaýanlar oba ýerindäkiden bäş esse kän bilýär diýeli? Aşgabatda ýaşaýanlar etrap merkezinde ýaşaýanlardan on esse kän bilsin. Moskwada ýaşamak, Aşgabatda ýaşaýanlardan ýüz esse kän bilmek ahyryn. – Ýüz esse! – Elbetde, Moskwada okanlar iki okuw jaýyny gutarýar diýýärler-ä. Moskwada bäş ýyl ýaşap okamak, uniwersitet gutaran ýal-a. Edebiýat instituty bolsa, dünýäde ýeke-täk institut. Ony gutaranlar, başgaça oýlanýarlar. Olara – dünýä guwanýar! Nessiller gelip geçýär, ýazyjy-şahyrlaram gelip geçýär. Emma, olaryň ýazan eserleri ölmeýär, galýar. Olar dünýäniň ýüzünde, adamzadyň köňlünde, ýüreginde ýaşap ýörýärler... Bu gürrüň, bu owadanja gyz Garyby haýran galdyrdy. Ol boýurganyp, töweregine seretdi. – Häzir, häzir ýetýäs. Indi uzak däl. Olar tirkeşip, iki gat jaýly howla girdiler. – Eje, biz geldik. Garaýagyzdan dogumly, görmegeý aýal tasanjyrap daş çykdy. – Waý, çagam ýaman gijä galdyň-la, okuw wagtyň bolup barýar. Gaty gaýgy etdim. Ol gyz şadyýan ýylgyrdy. – Eje, ine, obadaşyňy getirdim. Okuwa girmäge gelipdir. Ol aýal Garyby boýdan başa synlady. – Wah, wah, çagam, meniň Guliçkam ýaly, horja ekeniň. Hany, gir içeri. Eliňdäkini göterip durma-da, şujagaz ýerde goýaý. – Ol aýal gyzy bilen içerki jaýa girip gitdi. Garyp bir ýagdaýy synlady. Bu aýal onuň köwşüne seretmedi. Diýmek, Garybyň şunça mahallap gorkup gezen zady, düzelipdir. – Eje jan, bir agyr, bir agyr, – diýip, içerden, bir ýerlerden gyzyň zeýrençli sesi eşidildi, herne, bagtyma, bu oglan kömekleşäýdi. Babamyň obadaşlaryna şeýle bir meňzeş. Onsoň menem salam berenimi duýman galypdyryn. Şeýdip, tanyşdyk. – Ady näme? – diýip, ejesi gyzyndan sorady. Ejesi güldi. – Şeýdip tanyş bolunýarmy, onsoň. Tanyş bolsaň, gowja tanyş bolmaly-da. Bar, stoly taýýarla. Eýwan haly bilen düşeklenendi. Bir gapdalda diwan, stol durdy. Garyp, gaýtsammykam, gaýtmasammykam diýip, bir salym durdy. Emma, bir aýby bar ýaly edip, gidibermegem, bir hili görüp, bir salym durdy. Hoşlaşmaly. Iň esasy zat, Baýram heniz okuwda bolmaly. Ondan otagyň açaryny soramagam gelşikli däl. – Wiý, sen henizem aýak üstünde durmyň? – Ol içeri girdi. – Aý eje, myhmana geç, oturam diýmändiris-ä. – Ol stoly görkezdi. – Ýok, gel, ilki tanyş bolaly. Meniň adym – Ogulgözel – Gulýa. – Ol Garyba elini uzatdy. Garyp salamlaşdy. – Meniň adym – Garyp! Kakamyň ady – Nurylla! Garyp – Nur-allah!.. – Garyp gowy adyň bar eken. Ejemiň adam – Bibi! Bibi gelneje. – Ol stoluň üstüne saçak ýazdy. – Geç, otur, howlukma, bile gideris. Daşarda ýene gar tutaşyp başlady. – Men yzymy taparmykam?! – Taparsyň. Aşgabat beýle bir çylşyrymlam däl-ä. Trelleýbusa münseň, ediljek institutyň işigne eltýär. Bibi gelneje eli şakäseli eýwana çykdy. Ol Garyby görüp, ýakasyny tutdy. – Eý, Allam! Beýle-de bir hor çaga bolarmy? Bu gül ýaljak çagany nädäýipdirler?! Haýsy ene, haýsy ata muny beýtmäge dözdükä. Çagam, ejeň, kakaň bir bardyr-a? Garyp stoluň gyrajygynda amanat adam ýaly, bir gysymjyk bolup oturdy. – Ejem bar. Kakam ýogaldy. Ejem, ejem ýarawsyz, gaty ýarawsyz. Men işläp başladym, ýagdaýymyz indi gowy. – Öýňüzde başga işleýän kişi ýokmy? – Ýok, Bibi gelneje. Men şonuň üçin gündizki okuwa gidip bilmedim. Bibi gelneje dözmezçilik bilen başyny ýaýkap, agyr ýumrugy bilen agzyny tutdy. – Heý, senem bir işe dözüp boljakmy. Dözende-de işläp biljekmi sen. Näme iş etmeli? – Garyp ýere garap oturşyna, hümürdedi. – Işmi? Baglara suw tutýan. Baglaryň arasynda ýap gazýan. Bag nahallaryny oturtmak üçin çukur gazýan. Bibi gelneje gözlerini ýumdy. – Wah, wah, onsoň, her aýda näçe alýaň, şeýdip işläp? Garyp egnini gysdy. – Käte gowy düşende, kyrk bäş, käte, otuz dokuz-kyrk manat!.. – Wah, çagam, çagam, otuz-kyrk manadam bir pulmy? Ony, hana – ol gyzyny görkezdi. – Olam okany üçin alýar-a. – Al, çagam, naharyňy sowutma. Gulýa içerden okuw eşiklerini geýip çykdy. – Eje, onuň ady – Garyp! Bibi gelneje güldi. – Asyl, adyňam Garypmydy, çagam. Garyp garnyny ýagşy doýurdy. Indi gaýtsa-da boljakdy. – Gar ýene başlady-da. Howlynyň garyny syrmaga bir adam iber – diýip kakaňa jaň etdim. Onuňam bir başy bar, müň işi... Garyp ýerinden turdy. – Gelneje, gar arassalara piliňiz barmy? Men arassalap bereýin. Barybir, gidere ýerim ýok. Ýoldaşym okuwda. Açaram onda. Getir, ber... Bibi gelneje ellerini gerdi. – Ýok, ýok, çagam. Ederler, özleri eder. Sen ol işlere dözer ýaly çaga däl-ä. Gulýa ýylgyrdy. – Bereli, eje, ol nirede garaşsyn. Onsoň, menem kömekleşeýin. Bibi gelneje gyzyna käýinjiredi. – Seňki näme? Ugra, okuwyňa. Mugallymlaň näme diýer. Gulýa ýylgyrdy-da, kellejigini oýnatdy. – Kitaphanadan kitap aldym – diýerin. Näme, kitap almadymmy? Onsoň, soňky sagatlara baraýaryn. Barybir, iki sagat leksiýa. Bibi gelneje gyzynyň bolşuna düşünmän, bir ýerlerden täzeje suw ädigini getirdi. Egnine galyň ýeňsiz geýip, eline açar alyp, howla çykdy. – Waý-waý, şul-a adamam boýlajak. Ol sübse, pil, agaç kürek alyp işige, garyň üstüne taşlady. – Ädigi geý, Garyp jan. Howlukmanjyk ediber, gaty ýadama... Garyp sähel salymda, derwezeden tä howlyň düýbüne çenli, gary üzümleriň düýbüne tarap, aýyrdy. Soňra süpürişdirip, käbir ýere, ýoluň gyrasyna howlunuň çüňkünde üýşüp ýatan ownujak çägeden getirip sepdi. – Boldumy, gelneje? Bibi gelneje gyzy bilen howla çykyp, Garybyň işini synlap durdy. – Bolup galdy, çagam. Ak gyz ýoldaşyň bolsun. Gulýa-da gapdaldan: – Eje, ekzamenden bäşlik al! – diýsen-e – diýdi. Bibi gelneje gyňyr gepledi. – Boldy, suwjarmasan-a. Sen gyz, adam görseň kilçeren bolup, okuwa gitmäniň maňa hiç ýakanok, seniň. – Ol Garyba – Pili, sübsäni, küregi özüm ýygnaryn. Indi, oglum, giräý, içeri. Ýöri gyzgynjak çaý iç, üşänsiň. Garyp elini ýumşak gar bilen ýagşy ýuwdy-da, üstüni kakyşdyryp, içerde aýagyndaky ädigini çykardy. Çaý başynda, Gulýa oňa, ruçka, depder uzatdy. – Ertirki diktanta, azajyk taýýarlanaly, bolýamy! Men saňa üç hili, ýumşak, ortaça gaty aýdyp diktant ýazdyrjak. Bibi gelneje gyjyrdap gepledi. – Çaýny bir içsin gyz, özüňem, beýle ökde bolsaň, bar okuwyňa git-de, güýjüňi şol ýerde görkez. Beýle hekemsirediň bu oglanyň üstüne, meniň başyma, köpbilmişsiräp. Gulýa ejesiniň käýemesine gulagam asman, Garyba ilki ýumşajyk, aýtdy. Soň çaltyrak aýtdy, soň çalt aýdyp, üç tekst ýazdyrdy. – Bäri ber, barlaly. Gulýa Garybyň owadan, däne-däne hatyny görüp, haýran galdy. Soň edil bit gözlän ýaly bolup, üç teksti üç-dört sapar okady. Emma, ýekeje ýalňyşam tapmady. Ol ejesiniň ýanyna ylgady. – Eje, gör bu haty, özem, ýekeje ýalňyşam ýok. Bibi gelneje daşaryny görkezdi. – Iş edişini görmediňmi? Berekella, çagam. Sagat iki boldy. – Men turaýyn. – Garyp ýerinden turdy. Bibi gelneje-de ýerinden turdy. Ol gyryljak sesi bilen, gepledi. – Howa ýene bulaşjak öýdýän. Meni bogup, janymy alyp barýar. – Ol Garybyň ýüzündäki gussaly sowala düşündi. – Demgysmam bar. Howa şunuň ýaly bulaşdygy, janyma jaý tapamok. Işe-de gidip bilemok, indi, iki gün bäri. – Ol içki otaglaryň birine girip gitdi. Gulýa hem ýerinden turup, Garybyň ýanyna gelip: – Bu hatyňy maňa ýadygärlik beräý – Me, bu-da menden ýadygärlik. Diňe bäşlik al! – Ol näme? – diýip, Garyp elini uzatman sorady. – Awtotuçka-laý. Olýa maňa Moskwadan getiripdi. Gaty gowy ýazýar. Saňa berýän. Garyp ruçkany aldy. Ýöne, gabynyň içinde matajyk bardyr, perosy hapalansa, şoňa süpüräý. Başga ýerini elleme. Çernili doludyr. Garyp köwşüni geýdi. – Duraweri, aýtjak zadym bardy. Bibi gelneje daş çykdy. – Garyp jan, men saňa bir zat aýdaýyn. Eger okuwa girip bilmeseň, ejeňi aldajyk, Aşgabada gel. Men seni işe, ejeňi keselhana ýerleşdireýin. Jaýam taparyn. Gulýanyň kakasy uly tipografiýanyň hojaýyny. «Işgär gerek» diýip zeýrenip ýör. Gündizem, gije-de işlär ýaly ýagdaý bar. Hem oka, hem işle. Gel, çagam, Aşgabat garybyň ýurdydyr. – Eje ady Garyp bolany üçin aýdýaň gerek. – Goýsan-a gyz. Saňa oýun gerek. Meniň gara çynym. – Bibi gelneje owadan gaýyş kurtkany Garybyň egnine atdy. – Me, şu kurtkany özüňe deňäp gör. Garyp ör-gökden geldi. – Ýok, al diýemok. Deňäp gör, ölçegiňi biljek bolýan... Garyp ony geýdi. Ol özüne şaplaşyp durdy. Özem gaty gowy gelişdi. – Gowja jübülerem bar eken. Ruçka salar ýaly. Bibi gelneje Garyba ruçkany çykarmaga bermedi. – Dur, bahasy ýigrimi bir manat. Biri ogluňa diýip, Bolgariýadan getirdi. Oglum ýaňy üç ýaşynda. Ol ýigit çykýança modasy ýütgär. Oňa çenli mundanam gowylary çykar, bormy. Seniň nesibiň eken, toýa geý. – Nesip bolsa, puluny getirerin. Ol bu kurtkanyň bahasynyň ýüz manada ýakyndygyny aňanokdy. Ol hoşlaşyp, çykyp gaýtdy. 11. Ine, şu 142-nji auditoriýa! Bu auditoriýa beýle bir uly däldi. Oňa kän adam gelmändi. Düýn, Baýram, tanyş gyzlar aljyrapdylar. Garyp agşamara gelipdi. Şoňa çenli «Garyp işikde garaşyp duran bolaýmasyn» – diýip, Baýram bolýan ýerine telim sapar gelip-gidipdi. Akgül, Selbi, Şasenem bolsa bolýan otaglaryna nobatçy durupdylar. Olar Garybyň täzeje köwüşli, üýtgeşik, owadan kurtkalyja, keýpi kök gelmegine, haýran galypdylar. – Şähere aýlandym, köwşümi tikdirdim, kurtka aldym. – Edeniň bar bolsun, ýüregimiz-ä ýardyň! – Trelleýbusa münseň, münenje ýeriňe getirip düşürýän eken-ä. – Kim aýtdy? – Soradym. Baýram kurtkany geýip gördi Oňa-da şaplaşdy duruberdi. Özem şeýle bir gowy gelişdi. – Gaty gowy kurtka eken, nesip etsin. Näçä aldyň? Garyp dogrusyny aýtdy. – Ýigrim bir manada – diýdi. – Ýöne heniz puluny beremok. Baýram ony çykaryp, agramyny biljek bolýan ýaly, elinde saldarlap durşuna: – Aý, ýok, ýüzden-ä aňry bolmaly, munuň bahasy. – diýdi. – Soň ol Garyba birhilje, ynamsyz seretdi. Şondan soň Garyp Gulýaly gürrüňi aýdyp berdi. – Ol başga gürrüň. Sen almarsyň öýdüp, ýigrimi bir manat diýäýendir. Garyby haýran galdyran zat, Gulýanyň sözleridi. O gyz hiç bir oýlanman etmän, heniz gaýtalanmadyk parasatly pikirleri aýdyberýärdi. Garyp ol gyz bilen tirkeşen wagtynda, tutuş bir uniwersiteti geçen ýaly boldy. Ol Gulýanyň dana pikirlerini gaýtalady. – «Erkek adam merdiräk bolmaly» – Ol bu sözleri öň hiç kimden eşitmändi. «Etrap adamlary obaly adamlardan bäş esse, şäher adamlary şäher adamlary etrap adamlaryndan on esse, emma Moskwada ýaşaýanlar Aşgabatda ýaşaýanlardan ýüz esse köp habarly bolýar. Moskwada okan iki uniwersiteti gutaran ýaly bolýar». Gulýa bizden ýüz esse köp bilýär. Gör, ol meni gören badyna, ýumşak, zyýansyz adamdygymy bilip, meniň indi telim gün bäri alada edip ýören zadymy bäş minutda düzedip, köwüşçi ussa muzdsyz tikdirip berdi. Maňa kitabyny öýlerine çenli götertdi. – Ol Gulýadan utanyp başlady. Menem, gulagymy pakgardyp, ol gyzyň yzyna düşüp ýörşüme, näme diýse «howa, dogry» diýip durmadan başga ýekeje sözem aýdyp bilmedim. Olar men barada näme diýýändirler. Garyp Gulýanyň beren ruçkasyny açyp, oňa gaýta-gaýta seretdi. – O näme? – diýip, Baýram elini uzatdy. – Awtoruçka-laý. Şol gyz sowgat berdi. Baýram Garybyň öňki aýdanlaryna ynansa-da, bu perosy sap altyndan, gaty gymmat bahaly ruçkany görüp, agyr iňkise gitdi. Onsoň, saklanyp bilmän: – Sen-ow, bu aýdýanlaň çynmy bir? Ýa-da, trelleýbus-trelleýbus diýip, jübüden jübä girip ýören tüýkesme ogry bolaýma. Garyp gatam görmedi. Baýram ony hasam geň gördi. – Öz-ä – gaty geň öz-ä. Sen-ow, gatam göreňok-la. Gaharyňam gelenok! Özüňi aklaňog-a. Garyp stolda bigünä halda oturşyna, bir otuşyndan üýtgemedi. – Özüň arassa bolsaň, seniňki dogry bolsa, gaharlanyp, gaty görmek hökman däl. Ynamsyzlyk ahlagyň weýran bolmasy. Ahlagyň parçalanmasy. Meniň ekzamenim bar, ynanmasaň «Howdan – 41-12» bar-da sorap göräý. Garyp ertir irden turup, çaý goýdy-da, ýarty külçe bilen bir käse çaý içdi. Soň ekzamene gaýtdy. ...142-nji auditoriýada ýigrimä golaý adam bardy. Dört sany rus aýaly gezek-gezegine kagyzlary paýlap çykdy. – Howlukmaly däl! Pugta diňlemeli – diýip – diýip, owadan zenan aýtdy. – Düşnükli! Onda okaýan. – Togsan bäş söz! On bäş sözlem. Garyp, kyn sözleri hetjikläp goýberdi. – Düşnükli! Diktanty, edil birinji synpyň okuwçylaryna ýazdyrýan ýaly aýdýardylar. Ilki tutuş sözlemi okap, soň, beýleki sözleri hetjikleýärdiler. Garyp gyrada otyrdy. Geçip barýan mugallymlaryň biri geçip barýarka, tötänden, onuň kagyzyna seretdi. Soň gözüni aýtyp bilmän, gaýtadan gelip, onuň işini synlady. Az-kem sägindi-de: – Molodes, ne speşi! (Berekelle, howlukma!) – diýip gitdi. Diktant ýazdyrma tamam boldy. Garyp öz işini dört-bäş sapar okap, ony mugallyma tabşyrdy. Ol diktantdan soň daş çykanda Selbiniň özüne garaşyp duranyny görüp, onuň ýanyna bardy. – Näme, ýüzüň salyk. Gowy ýazmadyňmy? Garyp birhili gamgyndy. – Boljak. Selbi ör-gökden geldi. – Näm boldy, Garyp. Garyp ýuwaşja ýöräp başlady. – Oturar ýaly ýer ýokmyka? – Ýöri, kitaphana baraýaly. Olar tirkeşip kitaphananyň okalga zalyna bardylar. – Hany, indi sen aýt, näme boldy? Garyp nämüçindir, öten agşamdan bäri, Baýramyň özüne bolan ynamsyzlygyny ýüregine sygdyryp bilenokdy. – Selbi, ynamsyzlyk ahlagy weýran edýär. – Düşünýäňmi? Bir adama töhmet atmak üçin, özüň nähili betgüman bolmaly. Bu gowy zat däl. Ony adamyň ýüzüne aýtmak üçin, nähili jebir çekmeli. Ýöne, şeýle aýdyp bolmaz-a. Selbi hiç zada düşünmese-de, ýöne başyny ýaýkady oturdy. – Muny nämeden aýtdyň? Garyp ýerinden laňňa galdy. – Sen bir zada şaýat bolarmyň? – Bilemok. Garyp özüni duýman, Selbiniň akja elinden tutdy. – Ýöri, Baýramy tapaly. Olar el tutuşyp, umumy ýaşaýyş jaýyna tarap gaýtdylar. Işikde Baýramyň täzeje «Wolgasy» garly günüň güneşine lowurdap durdy. – Sen häzir şu ýerde birje minut dur! Birsalymdan soň Garyp Baýramy alyp, daş çykdy. – Ýöri, häzir gitmesek bolmaz. Baýram maşynyny sürüp barşyna, başyny nägilelik bilen ýaýkady. – Men oýun etdim ho-w. – Ýok, ynamsyzlyk ahlagy weýran edýändir. Soň özüňe gowy bolar... Maşyn Gulýalaň howlusynyň işiginde durdy. – Ýörüň, girip çykalyň. – Bolýa-laý, özüň barýsan-aý. – diýip Baýram kes-kellämi garşy boldy. – Soň ol birhilije gaharly – Woobşe, şu nämä gerek! – diýdi. Garyp maşyndan düşdi. – Ýöri, men seniň üçin geldim. Maňa geregi ýok şonuň. – Ol derwezäni açyp, howla girdi. – Kimsiň? Bibi gelneje öýde eken. – Men, Bibi gelneje. Öýdemiň, daş çyksan-a. Bibi gelneje daş çykdy. Baýram bilen Selbäm howla girdiler. – Bibi gelneje, Taňry ýalkasyn. Kurtkanyň puluny getirdim. – Ol Şyhym aganyň beren ýigrimi bäş manadyny oňa uzatdy. Emma Bibi gelneje puly almady. – Ýok, çagam, indiki sapar Aşgabada geleniňde berersiň, diýdim-ä. – Ol elini salgady. – Wiý, bolmasa, şonuň puluna badam getiräýsene, indiki geleniňde. Şol demgysmanyň bire-bir emimiş. Baýram ony tassyklady. – Ýöne, ajysy. Ajy badam derman diýýärler. Ejemem demgysmaly bolansoň, şony soraýar. – Ajysam bolsa, süýjüsem bolsa, puluň özüňde dursun. Men o kurtkany oglum ýaly göremsoň berýän-ä. Ol, ol... Baýram ara düşdi. – Gelneje, başga ýokmaý. Gaty gowy zat eken. – diýdi. – Ýöne öz bahasyny bilýän-ä, onuň hakyky bahasyny. Bibi eje iki egni bilen agyr dem aldy. – Howa ýene üýtgejek öýdýän, demimi berenok. – Ol özüni ýagşy dürsäp gepledi: – Men gorispolkomyň bölüm müdiri. Işgär aýallarymyz oňa, muňa gidenlerinde, «ogluňa» diýip, sowgat getirýärler. Oglum ýaş, ol ýigit çykýança, täzeden täzesi çykjak. Garyp jany özüm gowy gördüm. Düýn, Guliçkam bilen tanyşyp, onuň kitaplaryny göterişip, öýe geldi. Howlymyzyň garyny arassalap berdi. Gül ýaly çaga-da. Men oňa ejeňi al-da Aşgabada göçüp gel. – diýýän. Gelseler, elimden gelen kömegi etjek. Garyp jübüsinden akja ýaglyga golangy zady çykardy. – Bibi gelneje, düýn, şuny maňa Gulýa sowgat diýip berdi. Görsem, gaty gymmat zat eken. Men ony alyp biljek däl. Taňry ýalkasyn. – O näme? – Awtoruçka! Bibi gelneje ony aldy. – Ruçka bolsa, özem sowgat beren bolsa, alaýmaly ekeniň-dä. – Ýok, sag boluň, biz gideli. Ol howla bakan ýöneldi. Baýram kurtkaly meselesini berkitmek üçin yza galdy. Garyp hiç zada düşünmän oturan Selbä seretdi. – Selbi, men galjak. Sen meniň çemodanymy, kitaplarymy Baýramlardan alyp, öz ýanyňda goýsan-a. Men olary senden alaryn. Men indi ol otaga baryp bilmerin. Baýram howlukmaç geldi. – Ýöriň indi gideliň. Garyp maşyna münmedi. – Hä, näme? – Ýok, men maşyna münjek däl. Siz gidiberiň. – Ýok, ýok, gel, mün. Men bagyşla diýdim-ä. Bilmän, ýöne, kellämiň ugruna aýdyp goýberdim-läý. Garyp ýüzüni turşytdy. – Ýok, Baýram, men indi ol otaga barman. Selbem maşyndan düşdi. – Menem seniň bilen bileje gitjek, Garyp. Baýram gitdi. Selbi sesini çykarman ýöräp gelşine: – O saňa näme diýdi? – diýip sorady. Garyp ýere garap gelşine: – Üýtgeşik diýen zady ýok-la. – diýdi. – Aýdaýsan-a. diýip, Selbi özelendi. – Kurtkany, ruçkany ogurlap alansyň – diýdi. – Sen şonuň üçin ony alyp geldiňmi? – Elbetde, Selbi, töhmetiň ulusy, kiçisi ýokdur! Agyz-agyzdan ýel alýandyr. Baýram-a oýun etdim diýip aýdan bor. Bibigül ýalam ony oba elter. Maňa okuw, kurtka, ruçka nämä gerek Hem-ä garyp günüňe, dişleriň etini sorup hor-homsy gezmeli! Hemem, bir agzy boşuň töhmetine galmalymy! Dünýe şeýle adalatsyz-a. Meni garyp, gedaý eden dünýä ogry, orramsy diýip wejera edip bilmezmi?! Onsoň, men baý, beg bolanymda-da, bu töhmetli adym bilen nädip ýaşaýyn, abraýsyz, Selbi! Ol başyny ýaýkady. – Men okuwa gaýtmaly däl ekenim. Şol, şol... – Ol yzyny aýtmady. – Diktant bir ýazdyňmy? Garyp gaşlaryny çytdy. – Şonam nähili ýazanymam bilmedim. Ömrümde birinji sapar, pikirimi jemläp bilmedim. Selbi ynjalyksyz gepledi. – Indi nirä gitjek sen? Olar trelleýbusyň duralgasyna geldiler. – Ýöri, Garyp, bize gideli! Sen çaý-nahar bir iý, onsoň pikirlenişip, bir zat taparys. Bolmasa kursdaş oglanlardan haýyş ederin. – Ýok, Selbi. Sag bol. Öz günümi özüm göreýin. Ýöne, sen ertir sagat dörtde, ekzamen alynýan auditoriýa ruçka bilen kagyz getir, gaýrat et. Adam başyny alyp durjak zat bolmaz. Ýere-suwa höküm eden Süleýman pygamberiň kakasy Dawut pygamberiň bir ýüzügi bar ekem. Ol ýüzüge: «Bu-da geçer!» diýilip ýazylypdyr. Bu-da geçer. Mün trelleýbusa sen. Hoş, ertire çenli!.. 12. Garybyň bu şäherde, indi, barara gapysam, söýenere hossaram ýokdy. Gar basan sowuk Aşgabat içgysgynç, umytsyz köçelerini Garybyň öňünde açyp goýupdy. Ol bu gatbar-gatbar jaýlardan, sowuk, typançak buzuň üstünde nirädir howlugyşyp barýan adamlardan oňa delalat ýokdy. – Wokzal niredekä? – Ol Aşgabada awtobus bilen gelipdi. Ýöne oglanlaryň «Ertire çenli wokzalda bolduk.» diýenleri onuň ýadynda galypdy. Ol haýdap gelýän adamlaryň birinden wokzalyň haýsy tarapdadygyny sorady. – Han-a gelýän şol awtobusa mün edil wokzala barýandyr. Ol salgy beren adama minnetdarlyk bildirip, maňlaýyna «20» belgi ýazylan awtobusa mündi. Dogrudan hem, awtobus şäheriň deň ýaryny aýlanyp, wokzala geldi. Garaňky gatlaşyp ugrapdy. Garyp wokzalyň ymaratyna girdi. Wokzaldan derli jorabyňmy, şorlan dolagyňmy, şeýle bir tanyş hem nätanyş ysy gelýärdi. Adamlar gaý-da gaýmalaşykdy. Otugyçlar galyň geýnip güpberilişip oturan adamlardan ýaňa, dolup durdy. Ol oturgyçlara seredip, birsalym diwara söýenip, ep-esli durdy. Emma ýer boşaberenokdy. Ahyry otly geldi. Adamlar bosuşyp otly ýola bakan gitdiler. Ol boşan oturgyçlaryň birinde, otly ýola tarap garap oturdy. – Görübereris! – diýip, Garyp oýlandy. – Ertire bir çykaly! – Häzir onuň kellesinde şondan başga pikir ýokdy. Ol irkildi. – Otlyň geçip gitdi – diýip, kimdir biri ony hürsekledi. Garyp tisginip oýandy. Gapdalynda çybyk ýaly şilliň pyýada demir dişlerini syrtardyp, otyrdy. – Tur-how, näme ýatyrsyň, han-a, milisge gelýär. Ol ýatanyňy görse, kowar seni, ýatma. Bu ýeri wokzal-how. Garyp ýygnanyp oturşyna, töweregine garady. Garaşylýan zal boşlaňdy. – Nirä barýaň? – Hiä ýere. Garaşýan. Agam gelmeli. Ol pyýada sowala tutdy. – Niýden geýýäň? – Ol «r» sesini, ýene birki sesi çalarak aýdýardy. – Tejenden. Ol pyýada töweregine garanjaklady. – Allatma, ýatmaga geldiňmi, dogýyňy aýt. Seniň bammaga ýeýiň ýok geýek? Öýüňem, obadan gelen, hä, bildimmi? – Bildiň. – Ol ýerinden turdy-da, daş çykdy. Bir salymdan olar iki bolup geldiler. – Eý, doşžan. Şujagaz ýeýde, biziň gül ýaýjak opşidimiz baý. Ýöýi, bize gideli. Wokzalda seni ýatyýmazlaý, ýöýi. Garyp ol adamyň ýüzüne garady. – Maňa azar bermäň, häzir yzymdan agam gelmeli. Ol maňa wokzalda hökman, garaş diýdi. Bu uzyn pyýadanyň özüni beýle goýmajagyny Garyp duýdy. Özlerem, olar düzügli adama-da meňzänokdylar. – Näme etmeli? Ol kelebiň ujuny ýitirdi. «Bular meniň ýekeligimi bildiler. Megerem, olar şu kurtkama göz gyzdyrýarlar... Näme etmeli? Ol pyýada aýlanyp, ýene geldi. – Ýöý-ow, ýöýi. Şol wagt iki milisioner zala girdi. Ýaňky uzyn pyýada ylgap baryp, olara nämedir bir zatlar aýdyşdyrdy. Milisionerler Garyba tarap gaýtdylar. Olaryň öňündäkisi elini gulakçynyna ýetirip, rusçalap: – Nirä gidýäň – diýdi. – Hiç ýere – diýip, Garyp ýuwaşja jogap berdi. – Kime garaşýaň? – Hiç kime. – Hany, dokumentleriňi görkez. Garyp jübüsine elini sokdy. Dokumentleriniň instituta alnandygy baradaky delilnamany görkezdi. Milisioner onuň dokumentini yzyna berdi. – Okuwa geldim, ertir ekzamenim bar. Barara ýerim ýok. – Myhmanhana gidiň. Şu ýakynda «Oktýabr» myhmanhanasy bar. Ýörüň... Olar Garyby wokzaldan alyp çykdylar. Şol wagtam wokzalyň içinden gykylyk turdy. Aýallar aglaşyp, gygyryşýardylar. Milisionerler şol tarapa ugrady. – Wah, düýn myhmanhana gelmeli ekenim... Garyp çala säginenden iki kişiniň güýçli eli onuň her golundan dazyrdadyp tutdy. – Ýöri, biz äkideris, myhmanhana... – Goýber, kömek ediň, kömek ediň. Hälki uzyn pyýada bilen pökgi, daýaw pyýada ony göterip diýen ýaly, gar basan sosna agaçlarynyň aňyrsyna alyp gitdiler. – Çykar kurtkaňy! – diýip, uzyn has-has edip durşuna aýtdy. – Çykaý, ýogsam, eýbet bolar. – Ol çep eli bilen Garybyň içine urdy. – Waý eje, dat eje, Ýog-e-eý... Beýleki daýaw pöwhe şol gyssagarada, garybyň elini goýberip, onuň gaýyş kurtkasynyň iliklerini sermäp başlady. Garyp boşan eliniň hor, güýçli barmaklary bilen uzynyň gözüni nazarlap, batly urdy. – Ah, suka – diýip, uzyn dyzyna çökdi. Garyp Pökginiň agzynyň ýanyna gelen çelpek ýaly gulagyny dişledi-de, ony bar güýji bilen çeýnedi. Kelte, erbet çyňsady. Kurtkanyň ýakayny goýberip, gulagyny tutyp, ýere ýazyldy. – A-a-a-h. Garyp boşanandygyny duýdy-da, özüni bar güýji bilen,ýola zyňdy. Aňyrdan batly gelýän maşyny çyrasy ak garyň içinden zompa çykan, jany bokurdagyna gelen oglanyň gözlerini gapdy. Ol büdräp ýykyldy-da, badyna ýoluň ortasyna tarap süýnüp gitdi. Ýetip gelýän maşynyň çep tigiri onuň ýalçy bolup ýatan buzuň üstünde ýatan çep golunyň üstünden jynssyz jygyldap, geçip gitdi. Garyp gyzgynynamy, gorkusynamy, ýa aljyrapmy, şalkyldap ýatan çep goluny göterip, turjak boldy. Emma eliniň awusy ýüregine dökülip, ýerinden galybam bilmedi. Maşyn durdy. Şofýor ondan atylyp çykyp, «gören ýokdurd-a» diýen manyda ogry howsalasy bilen daş-töweregine bir seretdi. Soň maşynyň aşagynda gara bulaşyp ýatan ýigdekçäni göterip, maşyna saldy. – Adam üýşmänkä gaçaly. Şofýor ony dessine döwük-ýenjik keselhanasyna eltdi. Ýigidiň çep eliniň döwülendigi anyklanyldy. Oňa gips goýdular. Soň ýigidi kreslolaryň birinde oturdyp, onuň adyny, atasynyň adyny, salgysyny sorap başladylar. – Näme boldy? – Ýykyldym. Wokzala daýzamy ugratmaga geldim. Şol ýerde-de, iki sany bandit oglan kurtkamy aljak boldy. Olardan zordan sypyp, ýola ýetdim. Ýol gaty typançak eken. Şu daýy meni galdyrdy. Soň maşynyna mündirip, bäri alyp gaýtdy. – Kurtkaňy bermediň dälmi?! Ilikleriň-ä üzüm-üzüm edipdirler. – diýip, nobatçy wraç degişen boldy. – Ýok-la, janymy bererin, ýöne kurtkama-a bermerin. – Ilik hiç-le. Janyňa zat bolmady. Şoňa şükür edýän – diýip, şofýor heniz reňkine gelmedik ap-ak, halsyz ýüzini aýalary bilen gaýta-gaýta owkalap oturşyna aýtdy. Wraç janykdy. – Häzir ýol gaty erbet. Awariýa köp bolýar. Sen şu gün şu ýere getirilenlerden kyrk birinji adam. Herne, çöregiň bitin eken. Çep eliň döwülipdir. Kelle, oňurga, çatalba bolsa nätjek? Şofýor Garyby elinden tutup ýerinden turuzdy. Olar daş çykandan soň, şofýor ýigit Garyba ýüzlendi. – Köşek, seni nirä äkitmeli? Garyp ýüzüni sallady. – Ýene wokzala eltäýmeseň, barara ýerim ýokdur! Şofýor geň galdy. – Näme, türmeden çykdyňmy? Garyp kellesini yrady. Şonda boýnunuň erbet agyrýandygyny duýup galdy. Şofýor maşynyň gapysyny açdy. – Ýöri, garyp çatma baraly ond-a. – Ol maşyny taýpançak buzuň üsti bilen usullyk bilen sürüp, iki gatly jaýyň öňünde saklady. – Ýöri! Olar ikinji gatdaky bir otaglyja jaýa girdiler. Içeri saýhallyjady, ýylydy. – Gel, men çaý goýaýyn. Başymyzdan bir hudaýýolulyk iş geçdi, gardaş jan... Bir garbanarlyk boldy. Ol çaý gaýnaýança ýuwundy. Garyp diwanda oturşyna, meýmiräp galdy. Ol dutaryň owazyna oýandy. Asyl, görse, ol diwanda ýatyp galan ekeni. Başynyň astynda odeal, üstünde ýorgan... Saçagyň başynda gara der bolup, dutar çalyp oturan hälki şofýordy. Ol dutary gowy çalýana meňzeýärdi. Saz gutardy. – Turdyňmy, köşek. Bar, ýuwun. Garyp zordan ýerinden turdy. Onuň endam-jany kül-owramdy. Gipsi gatan çep eli-de indi agyrýardy. Ol ýuwundy-da, saçak başyna geçdi. Kolbasa bilen gowurlan ýumurtgaly sajy onuň öňüne süýşüren şofýor dutaryny gapdala daýap goýdy-da ullakan ýassyga gyşardy. – Hany, indi özüňi tanat. Ýöne dogryňy aýt. Eger yzymdan gelip, türmä bassalar, türmä gidenime degjek adammy sen. – Garyp çaý owurtlady. – Size kim diýerler? – Maňa Arnageldi diýerler. Garyp käsäni saçagyň gyrasynda goýdy. – Meniň adym – Garyp. Atamyň ady, Nurylla! Özüm Garaböwür diýen obadan. Okuwa geldim. Bir obadaş, synpdaş gyzymyň umumy ýaşaýyş jaýyna bardym. Olar meni bir oglanyň tagynda ýerleşdirdiler. Öňňin instituta dokumentlerimi tabşyryp, barara ýerim ýok diýip – başyndan geçirenlerini gürrüň berdi. Öý eýesi Garybyň ertekä meňzeş gürrüňlerini diňläp, onuň niresiniň çyn, niresiniň ýalandygyny saýgaryp bilmän, it ýylgyryşyny edip oturşyna: – Instituta dokument tabşyranyň barada delilhatyň barmy? – Bar! – Ol jübüsinden delilnamany, pasportyny çykaryp, öý eýesine uzatdy. Arnagylyç dokumentleri ýagşy synlady. – Diktanty haçan ýazdyň? – Düýn... – Bahaň belli bolanokmy? – Şu gün sagat ikä belli bolmaly. – Indiki ekzameniň haçan? – Şu gün dörtde. Ýüz kyrk ikinji auditoriýada. – Nämeden? – Fizikadan! – Goşuň ýokmy? – Çemodanym şo-ol «ogry» diýen oglanda. Olara barasym gelenok. Ýöne bir gyza: «Çemodanymy alyp öz otagyňyzda goý» diýipdim. Şu gün ekzamenden soň alaryn. Telefon jyňňyrdady. Öý eýesi kimdir biri bilen ertir ýola düşmegi wadalaşdy. Soň gaýdyp geldi-de, öňki oturan ýerinde geçdi. – Adym näme diýdiň? – Garyp! Ol eline dutaryny aldy. – Obada näme işleýäň? Kimiň bar? Garyp onuň ýüzüne garap «Näme üçin soraýarka» diýip ynjalykdan düşdi. – Obada ýekeje garryja ejem bar. Ol gaty ýarawsyz. Şonuň üçin gündizki okuwa gaýdyp bilmedim. Özüm Garaböwür obasynda bag işinde işleýän. Suw tutýan, ýap gazýan, nahal ekýän. – Haçan yzyňa gitmeli? Garyp oýlandy. – Diktantdan geçsem, soň, dört ekzamenim galýar. Her gün biri. Ýykylsam, çemodanymy alyp, gaýdybermeli! Aşgabatda ýekeje sagat durarlygym ýok. Agyr syrkaw ejemi taşlap gaýtdym. Esli gün bäri gününi sanap, ýola garap ýatandyr. Ýatlanymda, edil, içimi it ýyrtýar. Öý eýesi ýerinden turup, geýinip başlady. – Sen onda öýde boluber. Men sagat ikä gelerin. Instituta özüm maşynly alyp giderin. Bolmasa, bahaňy özüm bilip gaýdaryn. Soň, sagat üçde özüm alyp giderin. Düşündiňmi? Öýden çykma. Men daşyňdan gulplap gitjek. Garyp, nalaç, razy boldy. Bary bir, onuň razy bolmasa-da, barara gapysy ýokdy. Ýöne, bu adam hem wagtynda gelmese, nähili bolar?! Öý eýesi gitdi. Garyp diwana geçip, ýassyga başyny goýdy. ...«Gör, adam başynda nähili ýagdaýlar bolýan eken? Men düýn ertir ýerimden turanymda, «başyňa şeýle işler düşer» diýseler, ýüregim ýarylardy. – Ol ýylgyrdy. – Bolsa-da kurtkam-a bermedim. Elimem biter gider-le. Ýaş süňkdür-dä. Bolsa-da, çep elim. Diktanty düýn ýazdyk. Fizika, himiýa sag el geregem bolmazl-a. Sag bolanda-da, diktant-a düýn ýazdym. – Ol ýene ýylgyrdy. – Kurtkam-a bermedim. Aldyran bolsalar, gaty gynanardym...» Ol diwana jaýlaşykly gyşardy. – Bu adam nähili adamka? Özi kimkä? Ol meni sypdyrjaga meňzänok. Megerem, «Meni maşynyna basdyrdy, awariýa etdi, elime şikes ýetirdi» diýip milisä arz eder öýdüp gorkýandyr. Agşam gören adamam boldy. Wokzalda göz kän. Nomerini bellän bolsalar nä bilýäň. Ýöne, menden-ä oňa ýamanlyk eden bolmaz. Özüm taýyp ýykyldym. Maşynyň çyrasyna gözüm gamaşdy. Meniň özüm günäkär. Emgekden gaçyp gutuljak gümanyň ýok eken. Eger kurtkamy alan bolsalar, bu emgek bolmasa-da bolmasady. «Bela başyma gelenden malyma gelsin diýmändirlermi? Ol birsalym, gözlerini ýumup ýatdy. «Diktant nätdikä? Üçlük bolsa-da bolýar. Geçsem bolany. Adam beýle bir kän däl-ä? Üçem bolsa alarlar...» Ol şol ýatyşyna Selbini ýatlady. – Selbi! Selbi, sen gowy gyz. Sen mähriban, adamçylykly! ...Selbi onuň ýanyna geldi. Onuň ýüzi agyrdy, megerem, aglandyr. Onuň serwi ýaly boýy, tylla pyýala ýaly gözleri owadandy. Ak, owadan ýüzi gamgyndy. – Garyp – diýip, gyz onuň elinden tutdy. – Garyp, – ol aglap başlady. – Garyp, sen diktantyň netijesini gördüňmy? – Ýok. Ol ýene aglady. Garyby gujaklady. – Garyp, indi sen gaýdarsyň-a?!. Garyp ylgap baryp, diktantyň netijesi asylyp goýlan kagyzy gördi. Onuň ady birinji durdy. Nuryllaýew Garyp – 2 (два). Garybyň ýüregi agzyna geldi. – Ikilik. Ikilik. Ýykylypdyryn. Ol tisginip oýandy. Ýüregi bokurdagyna gelipdir. – Bäh, nähili boldy? – Ol Selbiniň: «Sen gaýtsaň, men näderin, Garyp?!» diýen sesi onuň gulagynda ýaňlandy durdy. Ol ýylgyrdy. – Ýykylsam, owarram! Selbim, seniň bilen tanşanymyň özi tutuş bir institut gutarança bar-a. Giderin, bütin ömrüme Selbimi ýatlap, arzuwlap, dat edip ýörerin... Ol ýene ham-hyýala batdy. «...Men bir owadan oglan bolan bolsadym, kakam bolsady. Olam bagban bolup işleýän bolsady. Ine, Selbi bilen onda tanşan bolsam bolardy. Häzir bolsa, men saňa mynasyp däl, Selbi! Men seni hiç haçan bagtly edip bilmerin, Selbi! Ol ýerinden turup diwardan asylgy çaklaňja aýna seretdi. Aýnadan betnyşan syçanjyk ýüzüni ulaldyp, eredýän ýaly boldy. Ol agşam ýykylanda, maňlaýynyň maşynyň tigirine degip, sypjyrylanyny, ýüzüniň çyzylyp, gözleriniň göm-gök bolanyny görüp galdy. – Baý-buw. – Ol öý eýesiniň ony näme üçin daşyndan gulplap gidenine indi düşündi. – Bu ýüzümi, elimiň döwükligini göräýseler, ony hökman türmä basarlar. Garyp ýüzüni sabynlap gyzgyn suw bilen telim gaýta ýuwdy. Soň süpürdi. Telefon jyňňyrdady. Ol trubkany galdyrdy. – A-lo! – 2-12-mi? Ata barmy? – Näme? – Ata Ýolamanow barmy? – Bilemok. – Ata gelse, edara jaň etsin. Aýdyň. Garyp apparata ýazylan sanlara seretdi. – 2-12-05. Be, bu adam maňa başga bir at aýtd-a. Arna-gel-di – diýd-ä. Ýa. Ol ol adamyň stoluň üstünde ýatan şahadatnamasyny açyp seretdi. – Ata Ýolamanow. 1941-nji ýylda Tejen şäherinde doglan... Düşnükli. Ol ýene-de aýnanyň öňüne bardy. Saçyny darady. – Wah, eje jan, dünýä indereniň-ä, ýeke kerri, şonda-da, bu ogrynyňky ýaly, uly, ala gözi, bu çelpek ýaly gulagy, bu orak ýaly egri burny, jallaryp ýatan agzy nireden alyp maňa ýelmediň. Dukum dagy, näteňenälet! Eý, eziz Selbi gyz, sen nädip, gorkman, şeýle gözel, şeýle, näzik, şeýle mähribankaň, meniň ýüzüme gorkman seredip bilýäň. Özüm gorkýan-a özümden. Ol ýene diwana geçip irkildi. Gapy jarkyldap açylanda, tisginip oýandy. Öý eýesi kagyza dolap getiren zatlaryny, iki tokga çöregi stoluň üstünde goýdy. Onuň ýüzi salykdy. – Ýagdaýyň nähili? – diýip, ol ýuwaşja, keýpsiz sorady. – Kelläň agyranok gerek? – Kelläm azajyk agyrýar. Ol adam doňup galdy, biraz wagtdan essine geldi-de, elini oglanyň maňlayna goýdy. – Gyzgynyň barmy? – Garyp başyny yrady. – Ýok, gyzdyramok. – Diktanta-ha gören dälsiň? Öý eýesi elini aladaly silkeledi. – Diktant owarra gitsin-le. Maňa seniň saglygyň gaýgy. – Ýaňy oglanlar bilen pikir alyşdyk welin, eger, üstümden düşäýseler, türmesiz sypma ýok. Şonuň üçin, saňa ekzamen bolmaz, beýlekem. Gutulýançaň şu ýerde ýatmaly bolarsyň. Garyp güldi. – Onda, agşam şol banditlere kurtkamy berip sypan bolsam, müň esse bähbitli boljak ekenow. – Seniň ýadyňa oýun düşýär. – diýip, ol telefonda nirädir bir ýerlere jaň edip durşuna, aýtdy. – Alo, ol-a kelläm agyrýar diýýär-äý. Ýok, gyzgyny ýok. Elim agyrýar-a diýenok. – Ol trubkany gulagyna tutup durşuna, içeri gygyrdy. – Haýt, oglan boýnuň, oňurgaň agyrýarmy? – Gymyldadanok. – Ol-a agyrýar, gymyldadanok – diýýär. – Indi ber maslahaty?! – Ol trubka gulak asdy. – Bar diýme, men maşyny güm etdim-ä. Onsoňam, ol, ol oglany süýräp ýörmäli. Ol-how, yzyňa düşürüp ýörere ýaraýan adam däl. Onsoňam ilçilikde, tanan bolarmy, bilen bormy. Gaýrat et-de, özüňiz geliň newropotolagam alyp gel. Garyp ýerinden turdy-da, duldan asylgy sagada seretdi. Sagat on iki bolupdyr. – Men instituta gitmeli! Ol adam ör-gökden geldi. – Ý-ý-o-ok, ýo-ok, ýok, malyş. Ýaňkylar gelip, görýänçäler ýeriňden turmarsyň. Garybyň gahary gelip başlady. – Maňa höküm ederçe, sen kim bolupsyň? Hany, aç gapyny! Öý eýesi it ýylgyryşyny etdi. – Ýok, Garyp jan, bu höküm däl. Bu saňa ýagşylyk! Sen bir ýaş oglan, saňa hiç-hili şikes galmasyn. Men, men şonuň üçin edýän. – Men ekzamene giderin! – Gidersiň! Özüm äkiderinem, getirerinem. Nerwinçit etme. Saňa häzir gaharlanmak, asla, bolanok. Ol stoly bir gyra süýşürip, saçak ýazdy. Kolbasa kesdi. Mesge, bal çykardy. – Men çaý goýaýyn. Bileje çaý içeli. Gowy oglanlar, olar. Özüňe ýagşy bolar, özüňe. Ýarym sagatlar geçenden soň, öý eýesi bilen deň-duş oglanlaryň ikisi işigi kakyp, içeri girdi. – Salam! Olar Garybyň ýanyna geldiler. – Saglyk nähili? – Ýagşy. – Niräň agyrýar? – Hiç ýerimem agyranok. Olar Garyby ýerinden turuzyp oňat barladylar. Şonda Garyp olaryň tutuş süňňünden keselhananyň hem dermanyň ysynyň porsap duranyny ysyny aldy. – Kelläň agyrýarmy? – Ýok, häzir-ä agyranok. – Ýüregiň bulanýarmy? – Ýok. – Maşyn uranda özüňden gidenh-ä dälsiň? – Ýok. – Hany arkaňam bir göreli. Olar Garybyň oňurgasyna, eginlerine, döşleriniň içine, diline, tutuş arkalaryna, böwürlerine seretdiler. Hany dyrnaklaryňy görkez. – Gül ýaly. – Olar begençli gygyryşdylar. – Kiçi täretiň nähili? Aýak ýoluna gitdiňmi?.. Peşewiňde gan, beýleki ýokdur-la. – Ýok. Oglanlaryň biri torbasyndan gan basyşyny ölçeýän guraly çykardy. Soň Garybyň gan basyşyny ölçedi. – Segsen, ýüz ýigrimi! – Gül ýaly. – Ýagdaýyň gül ýaly, indi sen nähili ýykylanyňy aýdyp ber. Garyp bolan ýagdaýy gürrüň berdi. – Typançak gar, typyp ýykyldym. Şonda maňlaýymam sypjyrlypdyr. Elimem döwülipdir. Barlag işlerini bir ýüzli eden myhmanlar saçagyň başyna geçdi. – Gel, senem. Barlan oglan gelen netijesini aýtdy. – Uly bir urgam, howsala düşer ýaly zadam ýok. Kellä sarsgyn düşmändir. Nerwler kadaly. Diňe eli döwülipdir. Eliň iki süňki döwülipdir. – Ol rentgen suratyna gaýta-gaýta seretdi. – Men gorkar ýaly bir zat ýok hasap edýärin. Ekzamenlerine arkaýyn barybersin. Ol ýigit bir bölek kolbasa döwüp aldy-da, Garybyň ýüzüne garady. – Inim, bir mesele bar. Ata biziň dostumyz. Häzir özem şertli erkinlikde gezip ýören, eger şu ýagdaý aýan bolsa, ol türmä gidibermeli, düşünýäňmi?! Türmä duşmanyňam düşmesin. Sen bir-ä ekzameniň gutarýança Atalarda bol. Ikinjidenem, adamçylykdyr, kyn görmede, «Ata günäkär däl!» – diýip, sygyryň dili ýaljak hat ber. Üçünjidenem, şu gürrüňi dostuňa-da aýtma. Duşmanyňa-da. – Bolýar. Hakykatdanam meniň özüm ýykylyp, maşynyň aşagyna atylyp bardym. Günäkär özüm... – Onyň dogry. Ýöne sen maşynly meseläni şol ýerden aýyr. Näme sürçek buzda ýykylyp, elini, aýgyny döwdürýän gytmy?! – Hawa, ýykyldym, gutardy. – Düşündim. Ýöne meni ekzamenden bir galdyrmaň. – Bolýar. – Ol ýene bir zat ýadyna düşen ýaly, agzyna elten käsesini ýerde goýdy. – Ýöne, Ata ýanyňda bolar. – Ol Ata seretdi. – Şeýle dälmi? Ata-da baş atdy. – Ine, jaý, näçe bolasyň gelse, boluber. Puluň, iýmitiň gürrüňi bolmaz. Ýöne şu beladan gepsiz-gürrüňsiz sowulsak bolýar. Gelen myhmanlaryň biri Atanyň ýüzüne sowally garady. – Gitmeli meseläňi nätjek? – Gitmesem bolmaz. Bellik etdirip gaýtmaly. Ata tolgunýardy. – Ýok, gitmesem bolmaz. Gidenim bilen gelenim deň bolar. – Onda, bu malyş näme? – Özüm äkiderinem, getirerinem. Günde sagat dörtde, institutdan çykýança, garaşaryn. Ýöne ekzamenden geçse, ýykylsa-da, gaýdar. – Bolýa-la. Sagat iki boldy. | |
|
√ Derbi-dagyn: Meçik - 05.08.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -12: romanyň dowamy - 17.07.2024 |
√ Duman daganda: Gelen gideni küýsedýär - 22.05.2024 |
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -3: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -2: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |