12:11 Ak guwlary atmaň -4: romanyň dowamy | |
14. Garyp, matematikadan, himiýadan, biologiýadan hem bäş aldy. Indi onuň bir hepdelik berkidiş okuwy bardy. Oňa onuň takady ýetmeýärdi. Ol çaltyrak öýe gaýtmak üçin instituta gaýtdy. Ata henizem gelenokdy. Ýöne iki sapar jaň edip, özüniň eglenmeli bolandygyny aýtdy. – Gaýrat et, men barýançam garaş. Sözümiz sözdür... Gulýa her gün jaň edip durdy. Ol bir sapar gelibem gitdi. Ýöne ekzamenden geçenden soň, Garybyň hiç zat bilen weji ýokdy. Bar pikiri – hyýaly obadady. – Meniň ýagdaýym nähili boldyka? – diýip, ol şol dokument alýan gyzyň ýanyna baryp sorady. – Geçdimmi, geçmedimmi? Gaýtmalymy ýa-da okamalymy? Ol gyz Garyby gördüde, kagyzlarynam dargatmady. – Nurylleýew, gel bäri. – Ol işige bakan haýdady. – Sen şu gün sagat dörtde, rektoryň kabul edilişigine barmaly. – Ol sagadyna seretdi. – Ýene ýarym sagatdan. – Birinji gat, 68-nji kabinet! Garyp tisginip gitdi. Garyp oýurganyp durdy. – Ga-ry-yp! Garyp tisginip gitdi. Bu ses Selbiniň sesidi. Ol yzyna-da garaman: – Sel-bi-i! – diýdi. Selbiniň agzy bir garyşdy. – Waý, Garyp, sen nirä ýitirim boldyň. – Ol Garyp özüne bakan öwrülenden, gözlerini gyrp-gyrp edip, Garybyň doňup duran eline, sypjyryk-sypjyryk bolup, indi könelişen ýaraly ýüzüne garady. – Eliň näme, ekzamen nähili boldy? Garybyň tutuş süňňüne bir kuwwatly güýç gelen ýaly boldy. – Ýykyldym-laý. Elimi döwdürdim. – Ekzamendenmi? Bolmadymy, Garyp? Selbiniň sargaran ýüzünde gorkudan ýaňa möleren gözleri, birhili agyly sesi Garyby gorkuzdy. Ol ynamsyzja: – Ekzamenmi, bilemok. – diýdi. – Häzir direktoryň ýanyna barmaly. Selbi gaty tolgundy. Ol ýaşly gözlerini tegeläp durşuna: – Wah, wah. Ýöri, men rektoryň ýanyna elteýin. Olar tirkeşip birinji gata düşüp. Töre bakan ýörediler. – Rektora näme diýjek? Rektorymyz gaty gowy adam. Oňa «Menden gaýtalap ekzamen alyň! – diýjekmi? Garyp başyny ýaýkady. – Ýöne, sen garaş, Selbi! Saňa aýtjak zadym bar. Bormy. Maňa hiç zat, okuwam, beýlekem gerek däl. Sen, maňa garaş!.. Garyp rektoryň kabinetine girende, törde goýlan stolda nämedir bir zada dümtünip oturan çal saçly, haýbatly adamy gördi. – Salowmaleýkim! Rektor başyny galdyrdy. – Salam, gel, näme habar? Garyp stoluň başyna ýöneldi. – Çagyrypsyňyz! Rektor ullakan gözlerini ýumjakladyp, Garyba bir seretdi-de, stolunuň üstüni sermedi-de, äýnegini garbap alyp, gözlerine dakyndy. Soň gaýtadan gelen oglana seretdi. – Sen kim bolmaly? – Garyp adyny, atasynyň adyny aýtdy. Agronomçylyga girmäge gelipdim. Rektor ýüz keşbini birden üýtgedip, Garyba bakan ýöräp başlady. Gelip, iki eli bilen görüşip, salamlaşdy-da, Garybyň sag elini ýyljak, ýumşajyk aýalarynda saklady. – Oglum, gel, otur. Ol gapdaldaky giň diwana geçdi-de, stoluň burçundaky garaja düwmäni basdy. Içeri giren sekretar gyza: – Çaý getir! – diýip, buýrukly aýtdy-da, ýüzüni Garyba öwürdi. – Geç, oglum, otur. Garyp bu hoşamaý adamyň ýüzüni görjek boldy. Emma het edip, ýüzüni galdyryp bilmedi. – Garyb, Garyb, oglum, sen nireden çyhtyn? – Rektor türkmençäni çalgyrdrak gürleýän eken. – Sen kim, seniň ataň, annaň kim? Dogan-garyndaşlaryň kim? Garyp gipsiň aşagynda az-kem agyry, symyljak gijeýän goluny, sag eliniň aýasy bilen ýylydaýjak bolýan ýaly, sypalaşdyrdy. – Gürrüň bereýinmi? – Gürrüň ber! Garyp çukur gabaklarynyň düýbüne çöken gözlerini endiklije gyrpyldatdy. Onuň jallyk agzynyň bir gyrasy müňküldäp gitdi. – Kakam – Nurulla aga men kiçijikkäm aradan çykypdyr. – Ýok olan? – Hawa. – Annaň? – Ejem garryja, agyr syrkaw. Öýdenem çykyp bilenok. Başga hiç kimim ýok... – Hiç kimse ýoh? – Hiç kimim ýok. – Aşhabatda dogan-kardaş ýohmy? Garyp gussa batdy. – Wah, obada-da ýok, obada-da. – Sen bu ýerde kimlerde ýaşaýarsyň? – Bu ýerde! Bir gije klsdaşymyň ýanynda boldum. Indem, wokzalda. Onda-da hulganlar kurtkamy aljak boldylar. Olardan gaçyp barşyma, buzda typyp, geçip barýan maşynyň aşagyna düşdüm. Elim döwüldi. Özüm ölmän galdym. – Wah, wah, bala. Wah, wah! Rektor gaty gynandy. – Geçmiş olsun, bähbit olsun. Ol ýerinden turup bir kagyz bukjany eline alyp, ýene ýerine geçip jaýlaşykly oturdy. – Ol hakda soň aýdaýyn! Ýöne sen aýt, bu diktanty seniň özüň ýazdyňmy? – Hawa, hawa, eger, gerek bolsa, ony häzir ýatdanam ýazyp bereýin. – Howlukma, howlukmak gerek däl-eý. Fizikany, matematikany, himiýany özüň ýazdyňmy? Özüň işlediňmi? Garyp geň galdy. – Hawa, näme, dawa edýän barmy? Men, men... – Mugallymlar görüp otyr-a. Rektor şol kagyzlara ýene bir laý göz gezdirdi. – Aýtdylar, emma, men olara yşanmadym. Bagyşla. Men indi on ýyl bäri rektor, öňem şu okuw jaýynda. Henize çenli bize beýle okuwçynyň gelenini bilemýok. Ol getirilen çäýneklerden käselere çaý guýdy. – Al, iç, Garyb! – men dogrusy, ynanmadym. Indi, seni görüp, ynandym. Özüm mugallymlara: «Gaýbana okuwa gelenlere giriş ekzameninde bäş goýmak bolanýok» diýip, görkezme berdim. Bir görsem hemmesi bäş! – Ol käseleriň birini alyp, Garybyň eline berdi, beýlekisini özi aldy. – Saňa, oglum, bir maslahatym bar. – Olam Garybyň hor, aljyraňňy ýüzüne howsala bilen garady. Soň ony boýdan başa synlady. – Bize, gündizkä okuwa gel! Garybyň käseli eli titiredi. – Ýok, ol bolmaz, ýoldaş mugallym. Ejem... Rektor elini Garybyň gipslenen golunyň üstüne goýdy. – Men düşündim. Saňa okuwyňdan daşary iş berejem. Iň ýokary stependiýe alarsyň. Ýene ýüz manat işläp alarsyň. Şu ýerde institutymyzyň mugallymlary üçin ýaşaýyş jaýy bar. Iki otagly jaý berejem. Şoňa ýazgy etdirejem. Annaňy alyp gel. Özüm öňüňe düşüp, dohtorlara bejerdeýin. Gutulsa, oňa-da iş berejeýem. Sen diňe oka... Gündiz ohy. Ol Garyp «bolar» diýer öýtdi. Emma Garyp bir netijä gelip bilmedi. – Mugallym, oba gidip, ejem bilen bir geňeşeýin. Maňa okuw hiç, ýöne esasy iş – Ejemde. Ol gaty ýarawsyz... Rektor Garybyň bu häsiýetini erbet görmedi. – Ýagşy, bala. Sen dogry aýtdyň. Annaňy eziz görseň, Allah-da seni eziz görejekdir. Ýöne, annam diýseňem, seniň kimin beýik zehinler Watana, halkyna, ýurdyna gerekdir. Sen özüň barada-da, döwletiň barada-da, ýagşy oýlanjaksyň! Sen böýik olsaň ene-de, böýük bolajakdyr. Sen döwlete, halka annaňdan-da gereksiň. Garyp ýerinden turdy. – Mugallym, meni okuwa aldylar dälmi? Rektor onuň elini atalyk hoşamaýlygy bilen elini gysyp durşuna, başyny atdy. – Seni has ýokary okuwa-da alarys. Ýöne gowja oýlan. – Bolýar, sag boluň! Garyp baş atdy-da, rektor bilen hoşlaşyp, ýagşy umytlara beslenip, onuň jaýyndan çykdy. Oňa işikde Selbi tolgunyp garaşyp durdy... – Nätdi, geçdiňmi?! Garyp Selbiniň elinden tutdy. – Selbi, hemmesi senden, hemmesi. Selbi elini çekip aldy. – Näme menden! Men näme... – Beýle bolmaly däl-ä, hemmesi bäş! Selbiniň gözleri pyýala ýaly boldy. – Ýüregimi ýardyň-a, Garyp! Hemmesi bäş! Gutlaýan! Ýöne, ol saçy kesilen gyzyň täsiri köpräk bolaýmasyn?! Ol gün gysmyljyraşan bolup barýardyňyz-a. Garyp ýylgyrdy. – Bir zat aýdaýynmy?! Şonuň bilen barýarkam, sen barada pikir etdim. Düýşüme giripsiň. «Garyp, bolmandyr. Ikilik» Indi sen gaýtsaň, men näderin? – diýip, aglaýarmyşyň. Tas ýüregim ýarylypdy. Asyl, sen ekzamenden bäşlik alanymy buşlan ekeniň. Selbi sakga durdy. – Kim aýtdy? Akgül ýa Şasenem aýdandyr. Men şolara gürrüň berdim-dä. – Ýok, men olary şondan bäri bir gezegem göremok. Ýöne öz düýşüme giripsiň. Selbi oýa batdy. «Dogrumyka, ýa birinden eşitdimikä?! Ýa dogrudanam, özi düýş gördümikä? Ol az-kem öňe gitdi-de, yzyna, oýlanjyrap gelýän Garyba seretdi. – Bilýäňmi, näme?! Ejem meniň bilen ýaraşypdyr. Agam bilen gelnejem, yzymdan geldi. Gelnejem aýdýa: «Maşyna münjek bolanymda daýzam ýanyma geldi» – diýýä. Elinde-de düwünçek diýýä. «Bu näme?» – diýseň: «Selbi janyň paltosy» diýdi – diýýär. Men geň galyp ýüzüne bakdym. Şonda: «Hana, gyzlaryň ýetişip gelýär. Başyňa düşende bilersiň» diýdi diýýär. «Balam – bagrym! Bagryňy kesip bolýarmy? Ene gursun! Kanikula öýe gelsin. Bolmasa özüm bararyn, ýüregme düşüp barýar-a, şol gyz.» – diýdi – diýýär. Paltomy, gyzyl şaýlaryny, pul, çörek, gowurma iberipdir... – «Özüne gowja seretsin.» – diýipdir. Selbi gözlerine ýaş aýlady. Soňra hamsykdy. Garyp begendi. – Wah, heý enäniňem bir öz çagasyna ýamanlygy boljakmy, Selbi! Onda-da seniň ýaly mähriban gyza. – Ejem janym! – diýdi. Selbi gözüniň ýaşyny süpürdi. – Rektor näme üçin çagyrypdyr, aýdaý! Garybyň göwni göterildi. – Gel, ho-ol oturgyçda azajyk oturaly. Men saňa iki zat aýtjak – diýip, Garyp oturgyçda oturansoňlar aýtdy. – Ýok, üç zat aýtjak. – Birinjisi, ilkinji saňa aýdýan. Okuwa, diňe bäşlik baha bilen kabul etdiler. Ikinjisi, seni dogrudan hem düýşümde gördüm. Sen aglap, dady-perýat edip: «Bolmandyr, sen indi gaýtsaň, men näderin» diýip, meni gujaklaýarsyň. Tisginip oýandym. Selbi ýylgyrdy. – Onda ikimizem şol bir düýşi oraşan görüpdiris. Ol seniň begenjegiň eken, Garyp. Men seni ýykylarsyň öýdüp, gaty gorkdum. Gel, indi iliň gözüniň öňünde, beýdip, oturmaly. Gyzlar saňa garaşýandyrlar. – Ol birden saklandy. – Rektor näme diýdi? Onda soň aýdaý-da. – Garyp baryny Selbä gürrüň berdi. Gyzlaryň olara garaşýany çyn eken. Olar stoluň üstüne tort, limonad, alma, çörek goýupdyrlar. Bir alymdan Baýram bilen Bibigülem geldi. Gyzlar hakykatdan hem palow bişiripdirler. – Men Garyby gutlaýan – diýip Baýram söz aýtdy. – Okuwa giripdir, gutly bolsun! Agronomçylyk gowy kär!.. Nämüçindir, Baýramyň ýüzi açylanokdy. Ol başyny atdy-da, ýerine geçip oturyp, nahara güýmendi. Selbi bilen Şasenem gysgajyk söz aýdy. Akgül gaty begenýärdi. – Doganym, doganjygym, Garyp jan, on ýedi ýaşynda diňe bäşlik bilen instituta girdi. Eger, mümkin bolsa, rektordan haýyş edip, Garyp jany, gündizkä geçirmeli! Meniň doganjygym zordur! Bibigül agzyny, burnuny towlady. Ol daşardan geleni üçinmi, ýa hakykatdan hem, şeýlemi, ýaňaklary nar ýaldy. Ak ýüzli gara gözelek Bibigül tutuş otaga nur paýlaýardy. – Bibiş jan, senem aýdaý! – diýip, Baýram, gapdalynda oturan Bibgüliň eliniň üstüne aýasyny goýdy. Bibigül näz bilen ýerinden turdy. Soň özüne aňkarylyp duran Şaseneme: – Näme ýüzüme jikgerilip dursuň – diýip, ýüzüni emelije gamaşdyran bolup, dilini çykardy. Soň hiç zat bolmadyk ýaly bolup: – Men agranomçylygy halamaýan. Püf! Hapa iş. Men bu beýderek okuwy gutarsamam, onda işlemeýen. Men erkek adam üçin hakyky kär näme diýeýin. Meniň bir gowy tanşym bar. Ol Maskowada Dünýä edebiýat institutynda okaýar. Geljekde ýazyjy bolar. Şol tanşym aýdýa: «Ýazyjy, şahyr dünýä belli adamlar. Ýöne ol okuwa okuw, bilim bilen girilmeýär. Oňa tebigy zehin gerek. Biziň institutymyza her bir özüni oňaranam, özün oňarmadygam girip ýör. Emma ol instituta goşgy, powest ýazany, saýlap, seçýärler. Soň Moskwa çagyryp ekzaman alýarlar. Ekzamenler rus dilinde. Gaty güýçli bolmasaň, oňa almaýarlar. Okuw diýip, şoňa aýdaýsaň. Ýöne, oňa hakyky beýik adamlar alynýar... Ol oturdy. – Agronomçylyk erbet kär däl-ä – diýip, Baýram goldaw tamakinçiligi bilen gyzlara garap aýtdy. – Sen geljekde ýolbaşçy bolmaly. Birgadirlikden pes iş-ä bermeýäler. Birgadirligem, näme, ýolbaşçy-da. Soň, galany özüňe bagly-da. Raýkom bol, ministr bol, obkom bol... Iň esasy zat, yrsgal-berekete ýakyn bolýaň. Garyp oturyp bilmedi. – Häzirki wagtda ýolbaşçy bolmak gaty kyn. – Hawa – diýip, Baýram tassyklady. – Ýolbaşçy bolmak üçin üç häsiýetiň bolmaly. Birinjiden, diňe bir özüňi bilýän, örän ýowuz, zabun, hiç kimi sylamaýan, ýüregi daşdan hem gaty adam bolmaly. Ikinjiden, iň akylly, beýik, juda pynhan ýaranjaň bolmaly. Üçünjidenem, diňe öz jübüsini bilýän husydyň hem husydy bolmaly. Ýöne, özi, «içi jäjek, daşy möjek» şeýtana sapak beren adam bolsa-da, «şu adam juda mähriban adam...» diýdirmegi başarmaly. Kim şu üç häsiýeti özünde ösdürse, şol hem gowy, uly ýolbaşçy bolup biler. Baýram Garybyň bu sözüni ýa-ha, üns berip diňlemedi, ýa-da oňa akyl ýetirip, bu dyrnak ýaly, kembagt oglan bilen jedelleşesi gelmedi. – Hany, Garyp jan, özüňem aýtsan-a – diýip, Akgül özelendi. – Garyp aýtsyn. – Selbi bilen Şasenemiň sesi deň çykdy. Gyzlar jykyrdaşyp, «Islegim haçan hasyl bolýa» diýişdiler. Garyp ýerinden turdy. – Meni ýaňy rektor çagyrdy. – Ol Selbiniň ýüzüne seretdi. – Selbi bilen bile bardyk. – Hawa. – diýip, Selbi tassyklady. – Rektoryň sekretary: – Rektor bilen çaý içýän oglan kim-ä? – diýip sorady. – Menem, ol geniý! – diýdim. – Selb-i-i, dur-a... Soň, soň. Akgül bu gürrüňi Garybyň öz agzyndan eşitmäge howlukdy. – Ol «gaýybanaçylardan hiç kime bäş goýmaly däl» diýen eken. Mugallymlaryň gaýybanaçylara bäş goýuşyna rektoryň gaty gahary gelipdir. – Garyp Bibigüle seretdi. Bibigül owadan, alma ýaly owadan gözlerini gedemlik bilen süzüp, owadan dodagyny enaýyja çommaldyp, ýekeje sözem sypdyrman, diňläp oturdy. Garybyň birden ruhy göterilip başlady. – Özi getirdip, şol bäşlik goýlan işleri barlapdyr. Soň meni çagyrypdyr. – Bäme diýdi? – Gündizki okuwa geç – diýdi. Iş bereýin – diýdi. Jaý bereýin – diýdi. Öňüňe düşüp, ejeňi dogtora görkezeýin – diýdi. Onsoňam, ýokary stependiýa bereýin – diýdi. Diňe okasaň bolýar – diýdi. – Sen näme diýdiň? – Ejem bilen geňeşeýin – diýdim. – O näme diýdi? – Ol oňarýaň – diýdi. Eneňi sylasaň, seni Alla sylar – diýdi. – Molodes! Berekella! Garyp oturdy. – Gündizkä geç, Garyp! Gyzlaryň bu sözünden soň ilki Baýram, soň Bibigül turup gitdi. – Geç, hökman geç. – Akgül Garyba seretdi. – Saňa meýdanda, pil işlemek bolmaýar. Sen, beýik alym bolmaly. Pil işlemäge adam gyt däldir. Düşündiňmi?! Garyp çemodanyny alyp, gyzlar bilen hoşlaşyp, çykyp gaýtdy. «Be, Edebiýat institutyna girmek şeýle kynmyka?» Garyp ýolda, taksiniň içinde-de bu pikiri küýünden çykaryp bilenokdy. Ony has geň galdyran zat, Bibigül bilen Baýramyň bolşudy. Akgül bilen Şasenem çemodany alyp gelmek üçin Baýramlara baryp gelende, gyzlaryň boluşlaryny geň gördi. – Utançsyz, Baýramyň şony alas-a ýok. Beýdip ýörmäge utananogam... – Näme gyz? – Selbi stoluň üstüni syryp ýörşüne sorady. Şasenem jygyr-jygyr etdi. – Bibigül-le! Baýram bilen her hili bolup otyr. Gapynam içinden gulplapdyrlar. Zordan açdyrdyk. Ol, gyz, utananogam-da... Men indi şonuň bilen bir otagda ýaşajak däl. Ertir komendanta aýdyp, şony başga otaga geçirdişime seret. Akgül oňa Garyby görkezip, «sesiňi çykarma» diýen manyda, elini dodagyna ýetirdi. Ýöne Garyp, eýýäm ýagdaýa düşünipdi. – Halaşsalar, öýlenseler näme, ol öz işi dälmi?! Akgül Garybyň garşysyna geçip oturdy. – Garyp jan, sen gaty görme, bu gyzdan. Bu gyz gaty edepsiz gyz eken. Instituta gelen badyn-a, bur mugallym bilen masgara boldy. Indem, ol Baýramyň otagyndan çykanok. Ýagşy däl-ä. Ol bir aýally, çagaly adam-a. Garyp sesini çykarmady. – Utançsyz, ol. Bu gidişine gitse, ol instituty gutarman, institut ony gutaraýmas-a. Selbiniň bu sözüne, gyzlar gülüşdiler. – Namysy kime deger, masgara bolsa. – Goý, bilýäninden galmasynl-a! Şasenemiň janykmasy Garyby oýundan açdy. – Namysymy? Onuň namysy degjek adamla öýünde otyr-a. Ejesi bar, kakasy bar, agalary bar. Tutuş obanyň deň ýarysy şular-a. Okuwa goýberen bolsalar, görsünler ýagdaýlaryny! Men aýtmaýyn, ýa-da obada dil ýarmaýyn bolmaz... Indi, men gaýdaýyn. Selbi, Akgül, Şasenem ony ugratmaga çykdylar. – Han-a, şolar-da. Olaryň geçmeli ugrunda, gary ereşen arça agajynyň düýbünde iki gara bir biten ýaly bolup durdy. – Şolar. – Hoş, görmesek, Taňry ýalkasyn. Selbi Garyba golaý geldi. – Garyp, hat ýazaý-da! Institut, Ataýewa Selbi!... Meniň seň bilen maslahatym bardy. – Bolýar! – Bize-de ýaz. Akgül güldi. – Garyp jan, Şasenem jana-da ýaz. Gyzlar gülşüp gitdiler. – Berzeňňiň niresine? Taksiçi Garyby ukudan oýaran ýaly boldy. – On! Bäş! On bir... – Näme? – Berzeňňi – on, öý – bäş, otag – on bir! 15. Bolýan ýerine gelensoň, Garyby iki zat ynjalykdan gaçyrdy. Biri dosty Myrrynyň haty, sowgadydy. Ikinjisi, Edebiýat instituty meselesidi! – Ertir, dynç güni, birigün, instituta baryp, ekzamende bolandygym baradaky hatymy alaýyn. Elimi barladaýyn, gutulan bolsa, gipsini aýyrdyraýyn. Onsoň, ikinji gün öýe gaýdaýyn. Ol Myrry barada oýlandy. Nähili gowy adam! Ýok, Bibigül oňa düýbünden mynasyp däl. Olar başga-başga adamlar! Olar... Olar... Garyp stoluň bir gyrasyndan, Amanyň goýup giden gazetleriniň birini aldy. Ol gazeti açan ýerinde, «Ine!» diýip, tisginip gitdi. ...«Moskwanyň Dünýä edebiýat institutyna girmäge isleg bildirýän abiturentleriň döreden (goşgy, hekaýa, publisistika, powest) döreden eserleri seçip saýlap almaga kabul edilýär. Şonda oňat hasap edilen eserleriň awtorlary institutyň özünde: – Edebiýatdan düzme (rus dilinde); – Edebiýatdan dilden (rus dilinde); – SSSR-iň taryhyndan (rus dilinde); – Daşary ýurt dilleriniň haýsam bolsa birinden ekzamen tabşyrýar...» Garyp doňup galdy. – Ine, ine, ine! Hany saňa – eser? Hany – hekaýa? Hany – goşgy?! Ol bar zady ýadyndan çykyp, diňe bu instituta girmek barada oýlanyp başlady. – Eý, Allam, nädip muňa gatnaşmaly?! Ol eserleri Ýazyjylar guramasyna tabşyrmaly wagtyny, synag wagtyny gördi. – Bolsa-da, bir aý möhlet bar! Maňa ýene bir on bäş gün bar! Onsoň, indi näme etmeli?! Ol diwana süýndi. – Men girerin! Hökman şol instituta girerin. Özümem, goşgy ýazyp girerin. Ine, il, oba, älem maňa haýran galar! – Ol içini çekdi. – Haçan, nirede?! ...Ol ýene-de şo-ol garly, sowuk ýeller, buzly syrgynlar üfläp geçýän läheň-läheň daşly, belent dagyň alnyna geldi. – Ýok, men bu daga çykyp bilmerin. Ýok, ýok... Ol egni ap-ak ýapynjaly, ak sakally, ak telpekli şo-ol gojany gördi. – Çykyber, çykyň çykdyň-a! – Öň meni sen çykarypdyň. Ýadyňa düşenokmy? Elimden çekipdiň?! Goja onuň elinden tutdy-da, oglany bu dagyň çür depesine çykardy. Garyp şeýle bir gagşap üşedi welin, tas balagyna siýipdi. Ol ýokardan seredende, aşaky kertlezjikde titräp duran ene keýgi gördi. – Hany, tüýdük berdim-ä? Tüýdük... Şol keýgiň gözlerine seredip çal! Umydyň hasyl bolsun! Garyp jübüsini sermeledi. Emma tüýdük ýokdy. – Gaçyrypsyň-a, han-a, al! Indi gaçyrma! Garyp tüýdügini dodagyna ýetird-de, onuň deşigine üfläp, ene keýigiň buldurap, gaýnap duran çeşme ýaly owadan gözlerine garady. Ol özüniň ak guwa öwrülip, alyslarda uçup ýörenini gördi. Ol has belent, has belent galýardy. Birdenem, zalym ok onuň ganatyna degdi-de, ol aşaklygyna tüwdürilip gaýtdy... – Ak guwlary atmaň! – diýip, ol samrady. Ýöne tüýdügiň janyňa şypa bolup ýaraýan keramatly sesi, şol ene keýigiň görlüp – Eşidilmedik owadan gözleri, onuň dünýäsini gaplap aldy. Onuň ýüregi stola bakan atygsady. Ol Atanyň akja kagyz goýýan çekerini açdy-da, ondan bir topbagyny aldy. Ruçkasyny çykardy. Sähel oýlandy-da, ýazyp başlady. Onuň ýazan birinji sözlemi: «Mähribanym halyň niçik?» diýen sözler boldy. Onuň gözleri dagyň başynda gözlerini balalarynyň ýoluna dikip, aldajy sowukda titräp, buýup duran keýige düşdi. – Mähribanym, ene keýik!.. Mährbanym, halyň niçik Aldajy gyş kükräp gelip, Gar syraýar, ýollar uçut. Gaýa galan ene keýik, Mähribanym, halyň niçik. Goşa gumry, küýsäp bahar, Zaryn aglar gonup, uçup, Erte çynar çykjak nahal, Mähribanym, halyň niçik. Berdim köňlümiň sonaryn, Eziz ejem – Käbäm, hajym, Derdine derman bolanym, Mähribanym, halyň niçik. Öwlüýäň içinde öwlüýäm, Kakam – gelen «obaň» göçüp, Soňam iman bersin Möwlam, Mähribanym, halyň niçik. Asman – zemin gatyşanda, Ýollar yrak, ýoda – öçük, Eý, ugrun ýitiren bende, Mähribanym, Halyň niçik. Men sen bilen, eziz bende, Umytlaň meýinden içip. Azaşsam bile azaşyp, Gel, saňa syrdaş bolaýyn, Başga çäräm ýok golumda, Mähribanym, halyň niçik. Garyp birhili düşnüksiz, ýagty hyjuwa gaplanyp barýardy. Ol ýazan bentlerini okajagam bolmady. Onuň gözleriniň öňüne alasmanda tüwdürilip barýan guw geldi. Ol şol guwa özi diýip düşündi-de, hälki samran sözlerini indi, aňy bilen gyzgyn kalbyny ýakyp barýan duýgusy bilen gaýtalady. Ak guwlary atmaň. Ol üýtgeşik titredi-de, ýazyp başlady. Ak guwlary atmaň Ötenleriň ruhuna öwrülip, Bu diýaryň zaryn çekip gelende. Ak guwlary atmaň, halys bolmasa, Atyň meni, atyň şolaň deregne. Oýlanyň, doganlar, gadym diýardan, Näçe eziz, näçe eziz ötendir. Bir ganaty umyt, birisi zardan, Gitdi olar, ötdi olar göterlip. Bu gün olar ak guwlara öwrülip, Biz diýip, biz üçin ýüregin üzüp, Guwlaryň keşbinde şatlanyp, gülüp, Guwlaryň dilinde nagmalar düzüp. Gögüň çuňlugyny, ummanyň gerşin, Ýelpäp gelýär. Gözel görünýär asman. Şolara gezelýän ýaragy gördüm, Duruň siz! Saklanyň, doganlar, atmaň, Ak guwlary atmaň! Çekmäň küregi. Ol kimleň umydy, kimleriň zary. Soň bir gün ak guwlara öwrülip, Gelenmizde bizem atmazlar ýaly. Ak guwlary atmaň! Ak guwlary atmaň... Garyp gaty tolgundy. Ol nämedir, bir zatlar diýip samyr-samyr etdi-de, çygly, hoňkaryp ýatan guýynyň içinde bulduraýan suwa güneş tyglarynyň düşüşi ýaly, çalaja bulduraýan gözleriniň ýaşyny süpürdi. – Ah, eje jan! Men näme ýazýan! Näme! Syrkawlykdan pagtasy könelip, lagta-lagta bolan, yşnyksyz ýassyk ýaly bolup galan göwresini zordanjyk göterýän ejesi onuň göz öňüne geldi. – Balam eglendiň-le. Halymyň haraplygyndan habarsyzmyň? Wah, balam üstüme bir ýetişermikäň?! Garybyň gözlerinden akýan ýaş burnunyň suwy bilen garyşdy. – Eje jan! Sen – mertsiň. Garaş, eje. Ýöne, ýöne. – Ol horkuldap aglady. – Ýöne, na-mart edäým-m-m-e-gin eje, garaşgyn. Ol öz sesini tanaman, ýene-de ýazyp başlady. – Eje! Eje Sen keten köýnegi gowy görýärsiň, Men saňa iň gowsun satyn alaryn. Ýola gaýtdym, gelmedi diýp, girýansyň, Gitsemem ýanyňa hökman gelerin. Öýlenmegim isleýärsiň, bilýärin, Gelýä gelin görüp, agtyk ysgasyň. Iň gowy gyzlarnyň birin dünýäniň, Alar-da gelerin, eje jan, garaş. Hem meniň obadan hiç ýere gitmän, Isleýärsiň, ile – güne garylyp. Ýaşap ýörmegimi, aslym unutman, Öz ilimde, biýaralam ýaýylyp... «Ölenimde üstümde bol» diýýäň sen, Ölüm nirde, entek ýaşarsyň, eje. Sen ölümden özge jebri gördüň sen. Indi juda bagtly borus bileje, Ýöne sen azajyk, azajyk garaş. Saňa süýtli sygyr satyn alaryn, Toý köýnegni,ýene owadan ýaglyk. Basym agranomlyk hatyn alaryn, Şonda abraýam bor, hem uly aýlyk. Ýöne sen azajyk, azajyk garaş. Nar agajy Senem edil, meniň ýaly uýalyp, Tikenleriň arasynda gülleýäň. Aşyklar arzuwlap, isläp,guwanyp, Senden näzik çemen bogup bilmeýär. Gülleriňden näzik yslar kükänok, Şahalarňa ýaş bilbiller barmaýar, Seret ahyr, bahar çogan gülälek, Saňa owsun ata-ata parlaýar. Ne agaç sen, ne tiken sen, ne gül sen, Menem saňa meňzeş döredim başda. Gamlansam – gorkýarlar, uýalýan – gülsem, Köňül dünýäm başga, boluşym başga. Ile meňzeş däl men şoň üçin her kim, Halanok, gezýärler maňa gün bermän. Bolmasa-da seniň ysyň, reňkiň, Soň bir gün suwuňdan ýasarlar derman. Nar agjy, nar agajy, nar agaç, Neçin gülläp bilmedim seň şahaňda. Tikenli diýp äsgermedi her agaç, Parlap, elwan gül açardym baharda. Neçün gülläp galmadym men şahaňda. Men ölsem... Men ölsem garyplar aglar, Göwnüm garypdyr, eje jan. Ýasym tutar garry daglar, Özgä haýypdyr, eje jan. Men ölsem aglamaz baýlar, Baýlyga köňül bermedim. Meni entetdi ýyl-aýlar, Men özgä jebir bermedim. Perişde eýlärdi, Alla, Galdym, bir zatlam kem bolup. Men ölsem diňe sen agla, Käbäm bolup, ejem bolup. Ýalbararyn kadyr saňa, Al diýip, ejemden ozal. Hiç kimim ýok aglamaga, Duýdansyz öwsende hazan. Baýlar ölse aglar baýlar, Dertli ölse – ýanan aglar. Men ölsem sen agla, käbäm, Ah, galany ýalan aglar. ...Men ölsem garyplar aglar, Özgä aýypdyr, eje jan. Hem ýatan şehitler aglar, Öldi diýp aýtgyn, eje jan. Garyp eliniň aýasy bilen, gözlerini çaldy-da, burnuny çekip, ak kagyz aldy. Onuň gapdalynda ýazylan, ýazylmadyk kagyzlar pytyrap ýatyrdy. Ol şol kagyzlara bir seretdi-de, ýene ýazyp başlady... Ak kagyz listleri... Ak kagyz listleri, stolumyň üstüne, Güýzde ýere pytran ýapraklar ýaly. Pytrap, paýrap ýatyr, misli eňňere, Ýetip güýz ruhy, hasraty, zary. Eý, ak kagyz, sen dostmy, ýa puşmanmy, Ýa dünýäňe ýazylanmy ajalym. Gel, derdimi, paýlaşaýyn, hem şanym, Bu gün saňa ýüregimi açaýyn. Gözlerimde armanym bar, ahym bar, Ony saňa ýazyp, kösäp nä derdim. Ýazsam ap-ak dünýäň lowlar hasratdan, On ýedide bagty ýatsa adamyň. Bu dünýä şeýle bir, şeýle bir dünýä, Öýkeleň, kineleň şatlykdyr, toýy, Ähli syryň aýdylmanka bilinýä, Dostdan hem dogandan ak kagyz gowy. Ak kagyzlar stolumyň üstünde, Pytrap ýatyr, güýzüň ýapragy ýaly. Syrym aýtjak boldum, sözleň astynda, Eýýäm ýatyr başgaň hasraty, zary. Saňa näme, maňa näme... Öňe myçyp barýar döwür, Ejap köne, däpler täze. Däp-dessurlar döwüm – döwüm, Saňa näme, maňa näme. Iýmäge bar, geýmäge bar, Urup duran ýok depäňe... Kime gerek utanç, haýaň, Saňa näme, maňa näme. Ynsap näme, näme ygrar, Pudagyndan täne – täne, Namys dälmi gidip barýan, Saňa näme, maňa näme. Şükür öz öýüň abadan, Özüň gözel, duran läle. Özüm oklajak gaýadan, Saňa näme, maňa näme. Ak düýäni gördüňmi, ýok, Sen ömür sür aga ýana. Ah, goý, düňderilsin dünýä, Saňa näme, maňa näme. Garyp, şu şygry ýazdy-da, ony ýene bir sapar okady. Soň «Bibigüle» diýen ýerini çyzyp, «Özüme» diýip ýazdy. Soň onam çyzdy-da, başga bir listi eline aldy. – Jähenneme gitsin! – diýip, «Bibigülüň üstüni ýene bir sapar çyzdy. Soňra täze liste «Selbä» diýip, uly harplar bilen ýazdy. Söýgi Saňa söýgim Ýere – Göge sygmaýar, Zarymdan iňlese günlem, gijelem. Mähribanym, köňül sen diýp ýyglaýar, Ahym asman bolup, seçýär didelem. Gujaklasym gelýär ser-u-kamatyň, Ýyldyryma dönüp, öpeýin diýýän. Jahana sygmaryn, sensiz halatym. Söýüp, söýüp ötenim, dünýäm. Ýazda gül çykaran gury çybyklar, Asmanda gaýyp ýör okean, deňiz. On sekiz müň älem gudrat bilen syr, Diňe meň islegme ýetmeýär emir. Kerem eýle garyp köňlüň dilegin, Didaryň küýseýip, otlara ýandym. Kerem doly dideleňde ereýip, Bolsadym köňlüňde bir nurly aýdym. Neçin beýle derde dözdüň ahyry, Mežnun kibi hasratyňda talandym. Asman – Zemin çeke bilmez ahymy, Eý, yşka, hasrata baglanan aýdym. Saňa söýgim Ýere – Göge sygmaýar, Goý, ýanyp, köýeýin, janym. Seni küýsäp, sorap, sen diýp ýyglaýa, Başga hasrat-derde ynanmaýaryn. Heý, beýle-de söýgi bolarmy, dünýäm, Heý, aşyk magşuga dözermi, dünýäm. Mähribanlyk Suwdan surat bolup, soň gelip-gelip, Dünýäň depesine çykan eý adam. Başyňy Hudaýyň mülküne berip, Dursuň, seniň habaryň ýok dünýäden. Indi seniň habaryň ýok özüňden, Sen Zemin syryny eliňe alyp, Tapyp, atom diýen belaň körügnem, Uçarlaň hyryny eliňe alyp. Derýany bentlediň, deňiz, ummanda, Äpet-äpet gämileriň ýüzüp ýör. Baýlaryň jenneti – şöhratda, şanda, Garybyň dünýäden umyt üzüp ýör. Aýa, Zöhrä barýar otly pirimleň, Syrly penjireler älemi açýar. Örňeýär emelläp ömür berlenleň, Saňa nesip etdi şeýle bir ykbal. Sen älemiň syryn, Zeminiň syryn Ele alyp, barha atomlaşýarsyň. Köňle eziz tutup baryn bularyň, Atoma dönmegiň özem daş däldir. Dünýäni erkine alan eý, adam, Zeminde döredip jennet – ýazy sen. Demirleşen, atomlaşan dünýäde, Bir agyz mähriban sözüň zary sen. Russiýanyň mawy gözli asmany Rusiýanyň mawy gözli asmany, Meni göresiň gelýändir seniň. Meňem seni juda göresim gelýär. Russiýaň al ýaňakly lälesi, Meni göresiň gelýändir seniň. Meňem saňa atygsaýar ýüregim. Rusyň jennet deý ýaşyl didary, Tokaýlaň içinden akýan derýalar. Meniň didelermiň hasraty-zary, Ýüregimi üzüp-üzüp barýalar. Ýaşyla boýalan käller, öleňler. Seni gorap, atam ýatyr goýnuňda. Barsam, tirsegine galar ölenlem. Menden özge barjak ýokdur kowmunda. Ruhuňda bardyr olaň ruhy, Olar rus ýeri bolup ýatandyr, Ýöne ýere söýmeýän men Rusy, Atam ýatan ýerler, maňa Watandyr. Şonuň üçin mawy gözli asmanyň, Al ýaňak lälede bulduran ruh. Seni söýüp, küýsäp, owsun atýaryn, Hem seni bagryma basaýyn, Rus. Russiýanyň mawy gözli asmany, Russiýanyň mawy gözli gözeli, Ezizim, garşyla, men saňa barýan. Ol «Bir agyz mähriban sözüň zary sen!» diýip, samrady. Gaýanyň depesinde balkyldap duran dideleriň ummanyna gark bolup gitdi. Bir salym oýanyp, ýene iki goşgy ýazdy. Garagum Gyrmyz donly, ak telpekli, gyr atly, Ýigit çapyp barýar damar-ganymda, Eger ol saklansa, ýüregim togtar, Saklaň ony, Garagum. Keten köýnek, altyn gupba, syratly, Gözel läle kakýar şirin janymda, Bu niçiksi gudrat,neneňsi ahwal. Niräň bilbili ol, Garagum. Ak alada dikilen öýüň töründe, Hem namazyň hem dutaryň nagmasy. Ony diňleý, gözleý-gözleý ýörün men, Ol kimleň umydy, kimleň nalasy. Göbegim gömülen ojaklar hany, Hany dogan, hany käbäň ýaňagy. Derli maňlaýyňdan öpmek isleýän, Getir derdiň, hasratyňa ýanaýyn. Uly dünýälere, imperiýalara, Işigim sensiň, Garagum. Men uçup gideýin alys ýerlere, Ýöne sensiz karar tapmaz ýüregim. Saňa dolanaryn, soňam aýaňda, Bakylyga dönüp, uka bataryn. Men şeýle oýlanýan owalda-başda, Öz Garagumyny söýmedik ogul, Söýüp bilmez Watanyn. Meniň halkym Gorly Garagumy ýassanyp ýatan, Bir gözel il bardyr, şol meniň halkym. Daglary – ülkedir, topragy – watan, Bir gözel il bardyr, şol meniň halkym. Aýagnyň ujunda bir däli deňiz, Aýalaryndadyr çyrpynýan derýa, Pelegiň ýyllarna ýetirip emir, Ynsabyn Hak eýläp umyda barýar. Oňa başda jebri-jepa ýetse-de, Diýdigi permandyr, demi dermandyr. Pelek oňa näçe zulum etse-de, Ýüregine ýaman niýet bermändir. Daşy ýanar, Garagum deý heseri, Içi näzikligiň, duýgyň köşgüdir. Ol ýaşap ýör, namysynyň ýesiri, Bar aýdymy mykam içre goşgudyr. Älemden bir owaz geler her çende, Ol oňa assaja başyny yrar. Geçip giden müňýyllyklaň içinde, Haram müň dinardan – halal bir dinar. Diýip, Garagumy ýassanyp ýatan, Bir gözel il bardyr, şol meniň halkym. Röwşen geljeginde parlak daň atar, Bir gözel il bardyr, şol meniň halkym. Ol soň ýazyp bilmedi. Kimdir biri onuň adyny tutup, çagyrdy. Ýöne hiç kim ýokdy. Garaňkylyk! – Garyp! Garyp, tur, tursana!.. Ol gözüni açdy. Gün al asmana galyp gidipdir. Başujynda duran Ata ony çalaja yralady. Onuň elinde bir petde kagyz bardy. – Bu näme? – diýip, Ata kagyzlary onuň ýüzüne golaý tutup sorady. – Garyp ýerinden turdy-da, diwana geçdi. Onuň kellesine gelen zat «Ata kagyzlary näme üçin ellediň?» diýýändir diýen pikir boldy. – Bagyşla, Ata, soraman alandyryn. Ata ak tam bolan ýüzüni kagyza dikdi. – Bu goşgulary kim ýazdy? Kimiňki? Sen, sen... – Bilemok! – Sen ýazdyňmy? – Şeýledir. Ata oturgyçlaryň birini alyp, onuň garşysyna geçip oturdy. – Garyp, bulary sen ýazdyňmy? Haçan, haçan ýazyp ýörsüň? – Şu gije! Ata ellerini serdi. – Это чудо! Это, bilýäňmi, чудо! On ýedi ýaşyňda, men, men beýle gudraty hiç haçan göremok. Görerinem öýdemok. Garyp Atanyň käýýemeýändigine düşündi-de, özüni ýagşy ele aldy. – Sag-aman geldiňizmi? Haçan geldiňiz? – Ýaňy otludan düşüp durşum. – Ol ýerinden turdy. – Gelip, işigi açsam, sen stoluň başynda uklap ýatyrsyň. Öňüňde kagyz bary üýşüp dur. Ýüregim ýaryldy. Ýerde gazet – bildiriş, aşagy çyzym-çyzym. Soň bir zatlar aňjak boldum. – Ol gazetiň bildirişli ýerini açdy. – Näme, synanyşsam – diýýäňmi? Garyp başyny atdy. – Näme, institut bolmadymy? Garyp gümürtügiräk, sakyna-sakyna gürledi. – Bolmasyn-a, boldy-la. Ýöne... – Bahalaň näçelik boldy? – diýip, öz çakynyň dogrulygyny barlaýan ýaly, hetjikläp sorady. – Ýa-da?.. – Bahalaryň bary bäş! Institutyň rektory-da: «Gündizki okuwa geç, okuwyň daşyndan iş bereýin, özüňe, ejeňe ýaşar ýaly jaý bereýin» – diýdi. – Не можеть быть – diýdi. – Ol ak esgä dönen goturaky, süýnmek, gelşiksiz ýüzüni bürüşdirip, ýadaw, ýumjyk gözlerini bürüşdirdi. – Gaýybanada hemmesi bäş! Näbileýin-dä... – Ol bir salym böwrüni diňledi. – Ýönesi näme, onda? Garyp Atanyň elinde tutup duran kagyzyna başyny atdy. – Synanyşaýsam diýýän!.. Ata kagyz listlerini kart garan ýaly, garyşdyryp durşuna: – Öňem goşgy ýazansyň-la – diýdi. Garyp başyny ýaýkady. – Birinji sapar. Ata çyny bilen haýran galdyda. – Не можеть быть – diýip goýberdi. Soň sesini çykarman, penjireden gary kiparlaşan açyk meýdana tarap seretdi. Soňam: – Haýran galaýmaly?! – diýdi. – Erbet däl, munyňda iki-üç sany gaty gowy goşg-a bar! Ýöne, bagt işidir, hödürläp gör... Garyp öz pikirini aýtdy. – Bu gün dynç güni, ertir irden Ýazyjylar guramasyna eltip, soň institutyna baryp, ekzamende bolandygym baradaky hatymy alyp, soň gaýdaryn. Eger mümkin bolsa, gipsi açdyrmaly. – Obamy? – Oba! Ata pikirlilik bilen baş atdy. – Özüm ugradaryn. Ýa-da, ýa-da, özüm eltip gaýdaryn. Ata Garyby ir bilen oýardy. – Gel, çaý içeli. Ýagşy tanşaly. Meniň senden bir uly haýyşym bar! Garyp ýuwunyp, saçak başyna geçdi. Ata onuň käsesine çaý guýup berdi-de, öz çaýly käsesiniň öňräk süýşürdi. – Garyp! – Ol Garybyň hor, jebirli ýüzüne dykgatly seretdi. – Men saňa özümiň kimligimi aýdaýyn... Garyp gulak asdy. Ata özüniň Gökdepäniň Kelejar diýen ýerindendigini, orta mekdebi gowy tamamlandygyny, aýtdy. – Ýaşlykdan ýazyjy bolmagy höwes etdim. Oňa bu ýerden synandym. Moskwa gidip, Edebiýat institutynyň umumy ýaşaýyş jaýynda üç ýyl ýaşap, okuwa synanyşdym. Emma bolmady. Goşun gullygyna gitdim. Gullukdan soň, geologiýa ekspedisiýasyna işe girdim. Ondanam, Owganystanda, üç ýyl ekspedisiýada boldum. Gelip şu jaýy, şu maşyny aldym. Çärjewiň pedinstitutyny geografiýa fakultetine okuwa girdim. Okuwy tamamlap Köýtendag geologiýa – gözleg ekspedisiýasynda işläp başladym. Bir gün şenbe güni, Çärjewe, öz maşynymda barýardym. Ýolda bir är-aýal, ellerinde çaga, ellerini galdyrdy. Menem olara nebsim agyrdy-da, olary aldym. Olar Farabyň çatrygynda düşüp galdylar. Görsem, üç-dört ýüz metllikde, awtoinspektorlar, milisionerler reýr – barlagynda duran ekenler. Ýanlarynda kijijik güjüjik. Men bolsa gaty arkaýyn. Güjük maşyna giren badyna jöw-jöwläberdi. Milisenerler ýerli-ýerden ylgaşyp, habar aldylar-da, şol ýerden ep-esli düwünçegi çykardylar. Görüp otursam, halki ýolagçylar düzüg däl ekenler. Meni türmä basdylar, sud etdiler, üç ýyl iş kesdiler. Ýaňy poseleniýä çykdym. Onda-da, poseleniýä çykmaga bir aý bolmanka, saňa wokzalda duçar boldum. Aşgabada-da iki günlük diýip, ölümiň öýünde rugsat alyp, gizlin gaýdypdym. Öňki günäm, gizlin gaýdanym, senli waka, bular uly jenaýat bolup, meni gaty aljyratdy. Sebäbi, bäş-alty ýyl bar-a bular, azyndan bäş ýyl... Ol dymdy. – Sen synanyş! Synanyşma diýjek däl. Ýöne bir zady haýyş etjek. – Ol dymdy-da, elindäki çaýly käsesini titretdi. Okuwa girseň, şu goşgularyňy maňa sat! Düşündiňmi?! Men saňa, ene süýdünden halal, öz münüp ýören maşynymy bereýin. – Nädip? – diýip, Garyp, geň galmasyny gizlemän sorady. – Munam bir satyp bormy, Ata?! – Bolar. – Nädip? – Sen goşgularyňy soýuza tabşyranyňda, oňa diňe «Garyp» diýip gol goý. Girseň, «Garyp – Men – lakamym» diýerin. Soň bu ýerden eseriň saýlanyp alynsa, aňyrda kömek berýärler. Şeýle girmek kyn. Garyp geň galdy. – Bu goşgular geçermikä? – Geçer, men bilýän. Olar, olar... – Ol hälki beren bahasyny unudan ýaly – Bular, gaty gowy goşgular. Bular geçer! – Soň has dabaraly ýagdaýda: – Olar чуда, чуда! – diýdi. Garyp ýylgyrdy. Ol şu wagt hiç bir gypynç etmän, bu goşgulary Ata bermäge taýyndy. – Bilýäňmi, näme – Ol elindäki topbak kagyzy stoluň üstünde emaý bilen goýdy. – Mende zehin ýogam däl, ýöne, tohummyz bir gargyşa galypdyr. Edenim, hiç, ugruna däl. Birine ýagşylyk etjek bolýan, ýamanlyk bolýar. Ol hem gelip-gelip, özüme düşýär. Irdim, şu ýurtdan, dört-bäş ýyl Moskwada okasam ähli çiläm açylaýjak ýaly. Ol gap-gaçlary ýygnamaga durdy. – Sen, heniz on ýedem ýaşamadyk oglan. Oba hojalyk institutyna diňe bäşlik bilen giren bolsaň, bir gijede munça goşgyny ýazyp bilýän bolsaň, rektor seni çagyryp, juda gowy teklip edýän bolsa, ýene bir ýyldan, has beýige göterilersiň. Men welin... Telefon jyňňyrdady. Ata baryp telefonyň trubkasyny göterdi. – Salam! Hawa, bar. Hawa, kim? Hawa, bolar, häzir. Ol Garybyň ýanyna gelip, Garybyň gulagyny görkezdi. – Kimkä? – Gyzjagaz. Garyp öň telefonda gürleşip gören adam däldi. Şonda-da, ol illeň edişi ýaly, telefonyň trubkasyny gulagyna tutdy. – Al-ýo! – Ol ýylgyrdy. – Gulýa? Bu senmi? – Salam! – Hawa. Hawa. – Ol dymdy. Hawa... Näme? «Seniň bilen maslahatlaşmaly zadym bar – diýdiňmi? Meniň bilenmi? Bolar, gel, geläý... – Ol ýylgyrdy. Ertir, nesip bolsa, oba gaýtjak. Garyp trubkany ýerine goýdy. – Kim ol! – Gulýa. Şu kurtkanyň eýeleri. Häzir geljek – diýdi. Ata tisginip gitdi. – Öýi görkezdiňmi? – Özi geldi. Ata klýonkany taşlady. – Men gitdim. Men şu goşgulary maşinkadan geçirdip geleýin, bormy?! Gulýa bir sagatlardan gara der bolup geldi. – Awtobusa kän garaşdym. – Hany, gel, geç, otur. Men saňa çaý bereýin. – Gyz sesini çykarmady. – Okuw nätdi? – diýip, Gulýa birhili ysgynsyzja, soramaga çekinýän ýaly bolup sorady. Sebäbi, ol Garybyň ýüzünde, biçärelikden başga, begenç, üstünlik alamatlaryny görmedi. Ol Garypdan «Okuw-a bu ýyl bolmady» diýen ýaly bir ýakymsyz söz eşitse, özi-de agyr gussa batjakdy. Garyp, göwnübir ýaly gürledi. – Okuwdan-a geçdim-le. Hemmesi bäş. Ýöne... Gulýa Garybyň ýanyna ylgap bardy. Ol duýdansyz begenipdi. – Men aýtdym-a, sen geçersiň – diýip. Gutlaýan! – Ol Garybyň hor, süňklek, agyr elini gysdy. – Ýöne, ýönesi näme? Garyp Gulýa rektoryň çagyranyny, onuň tekliplerini gürrüň berdi. – Näme edeýin? Gulýa owadanja boýnuny burdy. – Bilmedim. Garyp, ýene-de ýüzüni sallaýan ýaly bolup, agras dillendi. – Moskwanyň Edebiýat institutyna-da bagtymy synap göräýsem diýýän. Sen nähili görýäň? Gulýa makullady. – Şeýtsen-e, Garyp. Moskwany gündiz okap, isleseň, bu instituty gaýybana okabam bilýäň-ä. Ol gaýnan kitiriden çäýnege suw guýup durşuna, – Meniňem, senden haýyşym bar. – diýdi. – Näme haýyş – diýip, Garyp gyzyklanma bilen sorady. – Aý, bolýa-da. Gulýa aýtmady. Ol çaýly çäýnegi, saçagyň üstünde goýdy-da diwanyň üstünde geçip oturdy. Garyp ynjalmady. – Näme haýyşyň bolsa, aýt. Men saňa bergidar, Gulýa! Gulýa gussa bilen penjirä garady. – Barybir, sen etmersiň. Onuň üçin aýtjak däl. – Ederin, sen şu wagt aýtdyň-a, aýtjak zadym bar – diýip. Gulýa güldi. – Ony, ejem seniň ýanyňa ibersin. – diýip aýtdym. – Ol ýerinden turdy. – Men hoşlaşmaga geldim. – Ol gussa bilen Garybyň elini gysdy. – Hoş, Aşgabada geldiň, instituta okuwa girdiň. Şol institutdan söýgülili bolduň. Indem, Moskwa okuwa git! – Gyz birden gözlerine ýaş aýlady-da, gapyny özi açyp, tersine öwrülip, çykyp gitdi. – Gulýa, dur! Garyp, ol gyz gidenden soň, ol gyzyň näme diýjek bolany barada oýlandy. Emma nämüçindigini aňyna getirip bilmedi. Ýöne ol: «Selbä beýle etmezdi!» diýeninem duýman galdy. | |
|
√ Bäşgyzyl -22: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Duman daganda: Her gözeliň bir galasy, bir belasy bar - 16.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -9: romanyň dowamy - 05.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Atbaýrak: Ýylky çopan - 09.09.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -29: romanyň dowamy - 12.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |