23:51 Ak guwlary atmaň -6: romanyň dowamy | |
19. Tomus Myrry Garyp bilen ýaraşdy. Ol kerpiç guýup, jaý salýardy. Garyp, işiň gyzza-gyzza mahaly, Myrrynyň jaý salmak işine gije-gündiz diýmän kömek berdi. Oba hojalyk instutyndan oňa ýumuşlar gelip başlady. Garyp olary işläp, Aşgabada gidýän oglanlardan instituta iberdi. Birini Şyhym aga alyp gitdi. Öz ýanyndan Moskwadan gelenlerden göwni döwülensoň, Garyp Edebiýat instituty, Moskwa barada pikirem edenokdy. Aý, goşgusy derdime derkar däl, Meniň Moskwam – Ejem! Owarra gitsin başgasy. Ol Bibigülüň «ol instituta hakyky zehinler alynýar, her kim oňa alynmaýar...» diýen gyjalatly sözüni hasap edesi gelmedi. – Aý, Bibigüldür-de, diýibersin... Maňa Moskwa hökman däl. Ýöne şol günüň ertesi, Garybyň bu pikirini başgaça, düýpli täsir eden iki waka boldy. – Dynç günüdi. Garyp indi birneme bäri bakyşýan ejesi bilen çaý içip, mesawy gürleşip otyrdy. Ogulsona eje derdi anyklanyp, berhiz saklap, içagyry deman içip başlaly bäri, aý-aýdan gowulanýardy. – Birsilýozanyň dermany daýza – diýip wraçlar tekrarlaýardylar. – Amerikada «biomisin» diýip bir derman çykanmyş. Olam Moskwada dagy bolaýmasa!... Garyp ejesi bilen etrap merkezine baranda, birsilýoz keseliniň nämedigini anyklasy geldi. – Bu kesel sygyr malynda bolýar. Adamlara, onda-da ýal adamlara sygyr saganda, bu kesel bilen keselläm malyň etini iýende, çala gaýnan et, süýt içilende kesel mala golaý baranda geçip bilýär. Onuň dermany ýok. Gyzzyrma, içagyry dermanlary bilen bejermeli. – Biomissin näme? – Beýle dermany bilemok. Ogulsona daýza şol gürrüňi ýatlady. – Heý, dert beren Allam, onuň dermanynam bermezmi?! – Garrap, keselden lagşan zenan käsesine dogran çöreginiň bir bölejigini, horja, kiçijik barmaklary bilen aldy-da, dişsiz agzyna salyp, dodaklaryny ebeteýsiz müňküldedip, dowamly çeýnedide, çörek ezen käsesinden çaý owurtlady. – Agşam düýş görüpdirin. Düýşümde sen Meskewä okuwa gidip, şol ýerden maňa derman getirenmişiň. Men getiren dermanlaryňdan birini içip, ýaş geline öwrülip oturyberýärin. Garyp ýylgyrdy. – Eý, eje jan, Moskwa bolmaz. Şu garyp günümizi bize köp görmeseler bolar. – Seniň başyň dik bolsa, meniň Moskwam şol! – Ol käsesine çaý guýdy. – Menem, Myrrynyňky ýaly, jaýjagaz salynaýsam-a. Ogulsona daýza açyk işikden daşary garady. – Ýok, iberseler, git, balam. Men zerarly, senem gün görmediň. Ol ýerlerde okap geleni hökümet gaty sylaýar. Belki, senem gelip, döwlemen ogul bolaýdyňd-a Garyp ejesiniň ruhubelentligine her sapar haýran galýardy. – Eje jan, men gitsem, sen näme? Ogulsona daýza käsesini keçäniň üstünde goýdy-da, çep elini sag aýasynyň ortasynda kese saklap: – Maňa, ine şunuň ýalyjak gaty çörek bilen bir käse çaý bolsa, oňaryn. – Eje, ol bäş ýyllyk okuw-a – Bäş ýyl çydaryn – Garyp, bu sözleri şeýle berk ynam bilen aýdan ejesiniň ýüzüne garap, aňkarylyp galdy. Soň täsinje ýylgyrdy. – Eje jan, ine, «Gel!» diýdilerem-dä, men onça puly nireden alaýyn. Ogulsona ejäniň hor, ysgynsyz ýüzi aýgytly görnüşe girdi. – Sygyry, gölesi bilen satarys. Bary bir, sen bolmasaň, ony ýük edip, maňa nämä gerek. Barybir, men ýeke bolsam, göleli sygyry eýgeribem biljek däl... Garyp güldi. – Aý, eje janym sagja bol! Ýöne Moskwa meniň ýaly garyp, garawsyz, arkasyz, goldawsyz ýetime ýetdirmez. Men «Gitjek däl» diýip, taşlap gaýtdym-a. Olaryň äheňi arassa däl, başga birini göz öňünde tutýandyklaryny duýdum. Belki ýalňyşýandyryn. Aý, bilemok-da. Ogulsona eje dikelibiräk oturdy. – Aý, näbileýin-dä, men-ä oglum, seni äkitmän dyndarmazlarmykalar diýýän. Şondan soň Garyp çäýnek-käsänem ýygnamanka, Myrrynyň tigiriniň jaňjagazynyň jyňňyrdysy eşidildi. – Ýene hat bar-ow! Myrry tigirini tamyň diwaryna söýemäge-de howlugyp, taşlap goýberdi-de, içeri kürsäp girdi. – Eçjan, salawmaleýkim. – Ol has-has edip, işikdäki keçäniň üstüne çökdi-de, gazetli torbasyna ýapyşdy. – Ditjan, saňa Moskwadan hat bar. Öwlüýäjan kessin, bir aýaldan. Hiç kime aýdamok. – Han-a! – diýip, Ogulsona eje dillenenini duýman galdy. – Goýmazlar diýdim-ä, goýmazlar, men bilýän-ä. Garyp haty açdy-da, çalt-çalt okady. «Mähriban Garyp, salam! Bu haty saňa Inda Mihaýlowna ýazýar. Men sen barada gaty köp oýlandym. Ahyry, şu haty ýazmagy ýüregime düwdüm. Biz seniň goşgularyňy okap, söýüp-söýüp, oňa guwanyp ýörüşimize, seni düýbünden başgaça göz öňüne getirip, oňa-da örän ynanypdyrys. Soň seniň özüňi görüp, hakykat bilen göz öňüne getirmäniň arasynda aljyrap galypdyrys. Saňa beren gödek sowallarym üçin meni we meniň ýoldaşlarymy bagyşlaweri. Soň Moskwa gelibem, hut häzirem, seni ynjydanymyza öz ynsabymyzyň öňünde gaty utanýaryn, beýleki ýoldaşlarym hem şeýle ýagdaýda. Berdi Myradowiçiň size beren beýik bahasy, siziň ajaýyp şygyrlaryňyz, bizi özümize getirdi. Siziň poýziýaňyz barada aýdanymda, ol adamzadyň on alty ýaşda bolýan şahyrana gözelliginiňiň näzikden çeper filosofiki nagmalarynyň juda batyrgaý açyşydyr. Ol şygyrýet älemi, onuň Allahy bakjasyna gireni haýrana goýýar. Täze, juda näzik hem-de keramatly owazy bolan şygyrlaryňy tutuş halkymyz söýer. Şonuň üçin, Türkmenistandan diňe sizi Edebiýat institutyna almagy karar etdik. Siz Alekseý Aleksandrowiç Mihaýlowyň poeziýa toparyna alyndyňyz. Siziň goşgularyňyzy «Правда», «Комсомоьлская правда», «Труд» gazetlerini, gysgajyk sözbaşy bilen hödürledim. Goşgularyňyz gowy görüp, çap etmäge razy boldular. Meniň aýtjak bolýan zadym, Siz öýke-kine etmäň. Düşünişmezlik üçin bizi bagyşlaň. Geliň, Moskwada men siziň öýkäňizi ýazaryn. Gelen badyňyza maňa jaň ediň, sizi özüm taparyn. Hoş, duşuşýançak, siziň Inda Mihaýlownaňyz». Garyp haty okap bolup, özüne geň galma bilen seredip oturan ejesine, Myrra seretdi. Meni Moskwa alypdyrlar. Hökman gel, gijä galaýmagyn diýipdirler. Haty Myrry alyp, keçäniň üstüne gyşaryp, hetjikläp, okap başlady. Ol bir salymdan soň haty yzyna berdi. – Hawa, Eçjan, «hökman gel» diýipdirler. Bäh, gaty gowy ýazypdyrlar, haty. Garyp oýa batdy. «Men bir goşgy ýazyp ýörenem-ä däl. Bäş-on ýyllap gazetlede-žurnallarda goşgy ýazyp ýörenler maňa näme diýerkä? Olar barka, men gitsem? Özümem, aýna seredip. Özümi görmäge özüm utanýarkam. Ol ejesine seretdi. – Eje jan, ber indi habaryny?! Ogulsona daýza badyhowa gürledi. – Oglum – diýdi. – Ataň ölüp men ýarawsyz bolup, sansyz bolup galdyk. Adamlar Taňry sylagly bolupdyrlar. Toýda, sadakada bizi bardyram hasap edenoklar. Bu gün «şol aýalyň ogluny Moskwa okuwa alypdyrlar» diýseler. Maňa seniň okuwyňam, okanyňam gerek däl. «Ogly Meskewada okaýar!» diýseler bolýar. Enşalla. Hudaý depämizden seredip durandyr. Ogulsona beýik ogul dogurypdyr» diýseler. Şony aýdyp bilmän ýördün. Ine, inde Alla dileglerimi kabul edip, ony äleme jar etdi gitdi. – Git! Eçjana özüm serederin. – Myrry garrynyň sözüni berkitdi. – Ady nämä degýär. Şol wagt hojalyk agranomy içeri girdi. – Salam, Garyp, saňa başlyk garaşyp otyr. Myrry: – Bu gün dynç güni ahyryn. – diýdi. – Ol kanturda saňa garaşyp otyr – diýdi. Myrry ýerinden turdy. – Ýöri, men seni ugradaýyn. Soň öýe gaýtjak... Şyhym aga Garyby ýerinden turup, işigiň agzynda elleşdi-de, gujaklap garşy aldy. – How, gutlaýan! – Ol gaty tolgunýardy. – Bu gün iş günem däl. Onda-da seni gutlaýyn diýdim-de, işe gaýtdym. Ol stoluň üstündäki «Правда» gazetini, misli bir keramatly zady alýan ýaly edip, emaý bilen eline aldy. Soň Garybyň ýüzüne mylaýym garap: Seniň habaryňam ýokdur-a. Garaböwüriň adyny dünýä ýaýypsyň-a. Garyp gorkdy. – Men, men. O nähili?! Şyhym aga koh-koh edip güldi. – «Правда» gazetinde iki goşgyň çykypdyr! Gör, «Ak guwlary atmaň», «Mähribanym, halyň niçik» Iki goşgy! Öz adyň bilen. Ol gazetiň goşguly ýerini tapdy. – Sen barada näme ýazypdyrlar, gör. «Adamzat siwilizasiýasy her dürli, aklyňa gelmeýän täsinlikleri dogurýar. Men Garaböwüriň on alty ýaşlyja bagbanyny görüp, onuň dür dänesi ýaly, gözel, näzik goşgularyny okap, şeýle pikire geldim. Ol Aşgabadyň Oba hojalyk institutynyň agronomçylyk fakultetine diňe bäşlik bilen okuwa girdi. Bir gijede bolsa, aklyňy haýran edýän goşgularyň tutuş uly siklini ýazdy. Şol goşgular bilenem Moskwanyň M.Gorkiý adyndaky Edebiýat institutyna kabul edildi. Bagban oglanjygyň baglan näzikden ajaýyp çemeninden iki şygry «Правда»-nyň okyjylaryna uly hormat bilen hödürleýäris. Saýra, körpe bilbil, owazyň äleme dolsun!». Şyhym aga goşgulary hem okady. – Ol gözündäki äýnegini aýryp, işige garap: – Beý, beý, berekella, köşek diýdi. – Diňe bir öz obaň däl, tutuş türkmen halkynyň abraýy, by! Muny, ertir narýatda ile buşlaly! Garyp ýylgyryp otyrdy. Ýaşuly gazeti epläp, beýlesine goýdy. – Indiki maslahat? Garyp näme diýjegini bilmedi. – Ýaňja instituta girdim. Men-ä bilemok, indi Moskwa gitmelimi, gitmeli dälmi? Şyhym aga aýgytlylyk bilen aýalaryny stolyna şarpyldadyp urdy. – Gitmeli. Moskwa bilen oýun edip bolmaz. – Ol ýerinden turup, gelip, oglanjygyň horja kellesini sypalady. Gitmelem, uly abraýam almaly. – Ol ýazgyn ýüzüni, yşgalaňdyryp duran gür gara gaşlaryny bürdi. – Munuň ýaly mümkinçilik, düşün, bir ömre, ýekeje sapar berilýändir, bije gezek... – Institut!.. – Äý, institut näme? Häzir sen on alty ýaşyňda, Moskwany oka, tamamla. Soň näçe gireýin diýseň, şol oba hojalyk institutyň gaçyp gitjek ýeri ýok! Olar kontordan tirkeşip çykdylar. 20. Garyby tutuş oba bolup, Şyhym aganyň maşynynda Aşgabada ugratdylar. Ol köneje çemodanyna eşiklerini, bloknotlaryny saldy. Myrrynyň beren bir garyn gowurmasyny, ejesiniň bişiren külçelerini, pomidor kakyny, bir kagyz halta saldy. Şyhym aganyň beren bir kagyz halta zadyny hem aldy. Aşgabatdan: «15-nji iýulda Aşgabada doly şaýyňy tutup gelmeli!» diýen habar gelen badyna, Garyp Myrrynyň kömegi bilen, sygyry gölesi bilen bile bäş ýüz elli manada obadaş mugallyma satdy. Ol bu sygyry iki ýüz elli manada goňşularyndan karz alypdy. Onuň karzyny geçen aýda üzüpdi. Ol bu puluň iki ýüz elli manadyny ejesine goýdy. Üç ýüz manadyny akja ýaglyga dolap biline daňdy. Ol Aşgabada baryp düşen badyna, ilki Amanlara barmakçydy. Emma Aşgabada baryp, otludan düşüp, taksa münensoň, pikirini üýtgetdi. – Gulýalara baraýyn!.. Öýde diňe Bibi gelneje bardy. – Aýlanaýyn Garyp jan han ogulsyň sen. Diýenimi edipjik, göçüpjik geläýdiňmi?! Garyp, ýarty haltadan beýleki goşlaryny eýwana basdy. – Bibi gelneje, men öz habarymy aýtsam, sen maňa käýýärsiň. Bibi gelneje derrew çaý demläp gelişine: – Käýýemen, heý seniň ýaly, eziz çaga-da bir käýýäp bolarmy – diýdi. Garyp oňa ýagdaýyny aýtdy. – Baý-buw – Bibi gelneje oturdy-da elindäki käsäni stoluň üstünde goýup, çep eliniň aýasyny agzyna tutdy. – Wah, wah, görgüli çag-eý. Ol niräň gürrüňi?! Sen ýaňja girdiň – iň gowy okuwa! – Ol Garybyň sag eline seretdi-de, ony eline aldy. – Eliň-ä bitipdir, bolsa-da. Garyp parhsyzlyk bilen – El hiçläý – diýdi. Garyp Bibi gelnejä baryny iki sözlemde düşündirdi. – Indi, ertir ýazyjylar soýuzyna üýşmeli. Soň, nesip bolsa, gidibermeli. – Bibi eje dözmezçilik bilen: – Ejeň näder, çagam – diýdi. Garyp ejesiniň ýagdaýyny gürrüň berdi. – Wah, kesel gursun, demgysma diýdi, inçekesel diýdi, bursulýoz diýdi, türkmen aýallaryny betbagt edip taşlady. Balam, menem, iki gün boldy, Kislowodskiý diýen ýerde özümi bejerdip geldim. Garyp ýylgyrdy. – Bibi gelneje, siz-ä öňküdenem, mähriban, owadan akja bolupsyňyz, tüweleme – diýdi. Bu sözler Bibi gelnejä hoş ýaksa-da, ol: – Wah, owadanlyk nirede, çagam – diýdi. – Ýok, meniň çynym. – Garyp jübüsinden ýigrimi bäş manat çykardy. – Ine, bu-da kurtkanyň puly. Bibi eje puly aldy. Soň nahar guýmaga gitdi. Öýe ilki Olýa geldi. Ol juda owadan, etli-ganly, ýüzi akja posalajyk, owadan gözleri pyýala ýaly gyz eken. Ol gelen badyna-da: – Salam! – Eje Aşgabadyň bu howasy meni öldürjek – diýip, içeri girdi. Içki jaýlaryň birine girensoň: – Eje, kim-äý, ol? – diýip, soraýan sese eşidildi. – Bar, özüň tanyş bol-da. Şonda özüň haýran galmagyň hem mümkin. – Soýuza bardym-laý. – diýip, Olýa eşigini çykaryp gelip, stoluň başyna geçip oturdy. – Bu ýyl ýekeje oglan alypdyrlar, tutuş Türkmenistan boýunça. – Ol ejesine ýüzlendi. – Eje, şol oglan bar-a... – Bibi gelneje gyzyna nahar guýmak üçin, eline şakäse alyp, aşhana gitdi. Olýa ejesi üçin şeýle täsin bir syry açýan ýaly bolup, içeri gygyrdy: – Eje, diňlesen-e, türkmenlerdenem nähili zehinleriň çykýanyny! – Ol içerki otaglara boýnuny uzadyp: – Eje, nirä gitdiň-äý – diýdi. Bibi gelneje içerden seslendi. – Saňa nahar guýýan, aýdyber, gulagym sende. Bibi gelneje eli şakäseli çykdy-da, naharly käsäni gyzynyň öňünde goýdy. – Çemçe-de alaýyn... Olýa ejesiniň bu bolşuna ýüzüni-gözüni çytyşdyrdy. Oňa çenli Bibi gelneje gelip, gyzynyň gapdalyndaky oturgyçda oturdy. – Indi boldy, aýdyber. – Ol Garybyň ýüzüne sowally garady. – Tanyşdyňyzmy? – Eje, diňle, – diýip, Olýa ýene başlady. – Aýdybe, çagam! – Ýazyjylar soýuzyna bardym. – diýýän-ä. – Tutuş Türkmenistan boýunça, ýekeje oglan alypdyrlar. Bu ýyl talap gaty ýokary bolupdyr. Ol oglanyňam goşgulary eýýäm «Правда», «Комсомолская правда», «Труд» gazetlerinde çykypdyr. Это – чудо! Eje. Bibi gelneje diňlese-de, oň kän bir ähmiýet berip durmady, ýa-da öz derdi özüne ýetikmi, sesini çykarmady. – Eje, sen näme diýersiň-ä. Türkmenden şeýle beýik zehinli oglanlar çyksa... Institutlarda-ha alga alyp, bergä berer ýalysy ýok. Bary – pekge. Edil şol pursat işikden Gulýa girdi. Ol Garyby görüp, gaty begendi. – Sa-lam! Gör, bize kim gelipdir?! Ol Garyp bilen elleşip görüşdi-de içeri girip, eşiklerini çalyşyp, daş çykdy. Dulda üýşüp duran del, köneje çemodana, kagyz halta garap, bir Garyba, bir-de ejesini seretdi. – Bular näm-aý? – Bular Garyp janyňky! Olýa turup gitdi. – Eje, azajyk irkiläýeýin, kelläm gaty agyrýar. – Agşamara ýatmasaň-a gowy bolardy. Olýadan ses çykmady. Gün batanda Gulýanyň kakasy geldi. Ol gyzyl ýüzli, syrdamdan gujurlydan owadan adam eken. – Hä, Garyp diýdiňmi? Gulýa jan aýtdy. – Ol gidip, el-ýüzüni ýuwup, öý eşiginde, ullakan plotensany atyp, stoluň başyna geçdi. – Ka-ka – diýip, Gulýa kakasynyň egnindäki plotensany alyp, ýerinden asyp goýdy. – Şu gün yssy boldy. – Ol aýalyna garady. – Seniň ýagdaýyň nählii, Bibi? – Yssy meniň dermanym-a. Ýagdaýym ýaman däl. Ýaşuly eliniň aýasy bilen ýüzüni, burnuny owkalap başlady. – Ka-ka! – diýip, Gulýa kakasynyň elini alyp, stoluň üstünde goýdy. – Hany Olýa? – Ine, şol Garyp, kaka! Obadan gelip, Oba hojalyk institutyna diňe bäşlik bilen giren şu! Ýaşuly garbanyp oturşyna: – Berekella! – diýdi – Indi näme? – diýdi. Bibi gelneje ara düşdi. – Indem, ýene goşlaryny düwüp otyr. – Nirä? – diýip Gulýa geň galyp gyzyklandy. Bibi gelnejäniň ýüzi agraslandy. – Bu wagt näme? Ýykylanyň ýüzi Käbä diýen ýaly, her kim Moskwa. Olam, nebir okuwyny taşlap, Moskwa, Olýanyň okuwyna barýar. Gulýa geň galdy. – Moskwa, Edebiýat institutyna Garyp!... Aý, ýok, men-ä ynanamok. Bibi gelneje gyzyna gyňyr nazar bilen garap: – Nämä geň galýaň? Mämmet Garyby goldady. – Dogry edýäň, ýöne ol institutyň bir topar talaby bolmaly ahyryn. Ýa ekzamene baryp synanyşjakmy? Garyp birhili utanyp, ýere garap oturşyna: – Synanyşdym, aldylar – diýdi. – Indi birinji awgusta ekzamenlere barmaly. – Onda bolýar. Ol goşlar seniňkimi? – Hawa – Garyp ýaryrak boglan kagyz haltany görkezdi. – Bibi gelneje, şol halta size sowgat. – Nämä gerek çagam. Gulýa haltadan üç-dört kilo badam, şonçarak hozy, injir kakyny, nar, alma ýaly miweleri çykardy-da, ejesine seretdi. – Eje, görsen-e, näme bar eken. Bibi gelneje sypaýçylyk etdi. – Goý, degme, özi alyp gitsin. Daş ýerden ser-sowgat eltmeseň, bir hili bola-a. – Ýok, ýok, men size diýip alyp geldim. Ol ýerde meniň ýekeje-de tanyşym ýok. Ýükümem agyr... Bu gürrüňlerdenmi ýa-da hälki gürrüňlerdenmi, Olýany-da bu ýerdäki söhbet ýatyrmady. Ol eýwana çykdy. – Eje, kim ol, Olýanyň okuwyna gidýä diýýäniň? Bibi gelneje: – Garyp jan! – diýip, adamsyna seretdi. – Kim-äý, ol? – Ine, otyr-a – diýip, Gulýa-da ara goşuldy. – Biziň garyndaşymyz. – Ol begençli gygyrdy. – Men, men tapdym! Bu gykylyga Mämmet aga-da başyny galdyrdy. – Ýuwaş, Guluçkam, ýuwaş. Olýa şeýe bir geň galdy. Ol «asmandan ýa-da başga bir planetadan Ýere adam gaçypdyr» diýselerem beýle geň galmazdy. – Beh, beh! Şujagazmy?! Beh! Gulýa ullakan nary pyçak bilen ýaryp durşuna: – Onuň şojagaz bolaýşyny! – diýdi. – Ol instituta alty ekzameni diňe bäşlik bilen tabşyran adam-a. Ol ömrüne ýekeje dörtlügeem alyp görmedik. Men tapdym, men! Olýa Garyba golaý süýşdi. – Dogrudanam Garyp, Garyp, Nur... Nur, Nur, Nuralyýew senmi? Garyp başyny atdy. – «Правда», «Комсомолская правда», «Труд» gazetlerinde çykan goşgular seniňkimi?! Garyp başyny ýaýkady. – «Правда» gazetinde çykam goşgy meniňki, beýlekiler göremok. Olýa ýylgyryp elini uzatdy. – Onda, gutlaýan. Gaty güýçli goşgular eken. «Ak guwlary atmaň», «Mähribanym, halyň niçik?» ol oýlandy. Ýadyma düşüşüne görä, «Salam, Rus!», «Garagum», «Men ölsem garyplar aglar», «Eje», «Nar agajy»... dogrumy? Dogry. Özünem Inda Kzlowskaýa terjime edip, kiçijik düşündirişem beripdir. Gulýa elindäki nary goýdy. – Goşgy! – «Правда», «Комсомолская правда», «Труд» gazetlerinde?! Mümkin däl. – Ol Garybyň ýüzüne garady. – Garyp, sen goşgy ýazaňog-a! Garyp başyny atdy. – Onda bular mäme?! Garyp boýun aldy. – Aý, bir gijede ýazdym. Bary on bir goşgy. Biri bilen jedel etdim. Biri «Sen, Edebiýat institutyna girip bilmersiň, oňa juda zehinli bolmaly, gowy, güýçli eserleriň gerek. Güýçli hossaryň bolmaly. Halk seni şahyr, ýazyjy, publisist, terjimeçi hökmünde tanamaly. Sende olar ýaly zat nirede?» diýip dur. – Dogry aýdypdyr! – diýip, Olýa janykdy. – Menem «Men girerin!» – diýdim. Bir gije oturdyn-da, şu goşgulary ýazdym. Bary, şol. Olýa gözlerini Garypdan aýranokdy. – Näme, öň goşgy ýazaňokmydyň? – Ýok, hiç wagtam men goşgy ýazan adam däl. Goşgy ýazmak barada pikirem edemok. Elimem degenok oňa... Olýa geň galdy. – Bir gijede, beh! Diňe bäşlik, beh! – Nähili? – Ol ejesine seretdi. – Özem, biziň garyndaşymyz, hä! Eje... – Hawa – diýip, Gulýa inçejik gaşlaryny uçuryp, gondurdy. – Nädip? – diýip Olýa juda gyzyklanyp, ak, posalak, owadan ýüzüni gyzardyp sorady. Ol her biri käse ýaly gözüni balkyldadyp, Gulýany içine salaýjak ýaly bolup, oňa seretdi. – Nädip beýle bolup bilýär, aýdaý! Gulýa aýnap gürledi. – Garly gün! Trelleýbus! Elimde bir «tonna» kitap! Salona zordan girýän! Boş ýer bar. Onda towşan gulak, Andersen burun, bir metr agyz... Olýa onuň eline kakdy. – A gyz, bolşuň nähili? Gulýa güldi. – Entek, ondan beterem bar. – Ol gülüp, garaýagyz, yşnaksyz ýüzi gyp-gyzyl bolan Garyba seretdi. – Köwşi ýyrtyk, egninde köneje penjek, onuňam, ýeňi gaty kelte. Ine, şol adam otur. Menem bardym-da ýanynda oturyberdim. Nebsim agyrdy. «Kakamam bir wagt şunuň ýaly ýetim, garyp bolandyr!» – diýip gürleşip başladym. Ol-a meniň kitabym göterişdi. Köwşüni däde Artura mugtuna tikdiribem, öýe geldik. Ana, bar bolany!.. – Olýa begenjini gizläp bilmän, Ýazyjylar soýuzyna baranda, ol ýerde eşiden gürrüňlerini kakasyna gürrüň berdi. – Aý, eje, gör muny, meýdanda eşidip, haýran galan zadym. Öýe gelsem, öýmüzde otyr. Özem, garyndaşymyz! Mämmet aga içki otaglaryň birine geçdi. Bibi gelneje-de eline bir gysyn badam alyp, onuň yzy bilen gitdi. Iki uýa Garybyň daşyna geçdi. – Sen öz keşbiňe, öz zehiniňe nähili baha berýäň? – diýip, Olýa oňa sowal berdi. Garyp stoldan ýere düşdi-de, halynyň üstüne süýnüp, iki eli bilen eňegini tutdy. – Daşky keşp maňa täsir edenok. Meniň içimde gaty uly güýç bar. Şzem, ol mydama maňa boýun egýär. Men şol güýjüň sähelçe bölejigini daşyma çykarsam-da, adamlar oňa haýran galýarlar. – Sen ol güýji nirede çykaryp gördüň? Garyp oýlandy. – Men ol güýji üç sapar çykaryp gördüm. Birinjisi, mekdepde okanymda! Men ol güýje, diňe – bäşlik baha al diýdim. Ol diňe bäşlik baha aldy. – Kim – ol? – Mendäki güýçmi? Aýtdym-a, mende güýç bar diýip. – Bäşlik bahany nähili alýaň? – Kitaby bir sapar okasam, ol güýç ony şobada kabul edýär. Maňa haçan gerek bolsa, men şondan alyberýän. – Ikinjisi nähili? – Ikinjisi goşgy goşanymda! Gulýa, Ata aga, institutdaky tanyşlarym maňa «Oba hojalyk instituty bir biderek zat, ondan okuw bolmaz. Okuwyň iň gowusy, Moskwanyň Edebiýat instituty. Oňa-da girmek mümkin däl, oňa gaty güýçli zehinler, olaryň güýçli eserleri, berk arkaň, goldawyň bolmaly» diýdiler. Onsoň meniň şol instituta giresim geldi. Men güýjüme «Goşgy ýaz» diýdim. Ýazdy. – Üçünjisi nähili? – diýip, Gulýa hoz döwüp, maňzyny bir käsä çöpläp oturyşyna sorady. – Üçinjisimi? – Garyp Hutduly wakany gürrüň berdi. – Senmi? Ýumruk ýaljak oglan bolup, şol zalymy guýa taşladyňmy?! – Ilki bir gün guýa, soň bir gün skwažinanyň howzuna. Gyzlar hem gülüşdiler, hem-de haýran galdylar. – Seni söýen, ýigrenýän barmy?! Sen olara nähili garaýarsyň? Garyp ýene oýa batdy. – Biz üç adam. Men, ejem, hemem Myrry diýen bir dostum! Biz biri-birimizi gowy görýäris. Ýöne meni şolardan başga, tutuş oba, tutuş mekdep, ähli klasdaşym halamaýar. – Näme diýýärler? – Näme diýerler: «jallyk» diýýärler, «nejis» diýýärler, «yşarat» diýýärler, «arwah» diýýärler. – Sen utanaňokmy? Ýok, gaharyň gelenokmy? – diýip, Olýa sorady. Garyp başyny ýaýkady. – Adam öz ruhy medeniýetini, ruhy edebini tertibe salmaly. Her bir adamyň özündäki güýje berk ynamy bolmaly. Ynamsyzlyk ahlagy weýran edýär. Ol ynam, şol belent ruh, şol belent güýç eliňde bolsa, sen oň erk edip bilseň, daşky ýagdaýlaryň gitjek ýeri ýok. – Näme üçin beýle diýýäň – diýip, Gulýa döwen hozlarynyň gabyklaryny üýşürip durşuna sorady. – Daşky keşbem gereg-ä. – Daşky keşp, gowja iýseň, görk bolar. Gowja geýinseň, görmek bolar. «Görk agyzdan, görmek eginden» diýilmänmi. – Onda, özüň näme beýle? Garyp burnuny aýasy bilen sypady. – Meniň bigörklügim, hor bolanym üçin. Men gaty az iýdim, köpem işledim. Elime düşenje azygy, ýarawsyz ejem bilen paýlaşdym. Bir aýjyk, siziň iýeniňiz ýaly iýip, gözel eşikleri geýsem, men iň owadan ýigit bolaryn. – Ýekeje aýdamy? Aý, näbileýin. – Olýa owadanja gözlerini süzdi. – Hawa, Alla maňa gowy gulak beripdir. Gowy burun, gowy erin beripdir. Azajyk semresem, gözlerim ýerine gelip, her biri, edil käse ýaly bolar. Ýöne men ony häzir islämok. Howlukmak nämä gerek. Onuňam wagty geler. Olýa ýylgyrdy. – Ýigidiň iň gowusy hem erinlek, hem burunlak, hem galkan gulak. Şeýle dälmi? Ol Gulýanyň berjek sowalyny kesip, Garyba sowal berdi. – Sen on ýedi ýaşda şeýle beýik şöhrada ýetdiň? Institut, – «Правда» gazetinde goşgyň çykmak, Moskwanyň Edebiýat institutyna, tutuş respublikadan bir özüň girmek, gaty uly şöhrat-a. Şoňa nähili garaýaň? Garyp çytyldy. – Ýüregim hiç galkynmaýar. Olaryň bary başlangyç. Şöhrat bolsa – netijedir. Ine, mysal alaýyn, daýhan gämikläp, gawun ekende... Şol wagt otaga Bibi geneje girdi. Ol: – Hany, indi ýatyň – diýdi. Iki sany bolgusyz bolup, o çaganaň gulagyny iýdiňiz. Gyzlar gülüşip, daş çykdylar. – Şujagaz ýerdejik ýer salaýyn, ýatyber. Ýa diwanda ýatjakmy? – Ýer gowy bolar, Bibi gelneje! Garyp gyzlar içeri girenden soň daş çykdy. Howlynyň ortasynda duran suw kranyndan suw akdyryp elini, ýüzüni, aýaklaryny ýuwdy. Içeri giribem düşege gyşardy. 21. – Dokumentleriňi getirdiňmi? – diýip, bu ýere gelende duşýan şol bir ýazyjy, salamlaşandan soň, elindäki müşdügine gysdyrylan «Kazbegini» aýasynda owkalap oturşyna, Garypdan sorady. Garyp ýüzüni aladaly galdyrdy. – Ol-a Oba hojalyk institutynda bolmaly! Ýaşuly ýazyjy çilimini otlap, ýaňy bir sapar sorupdy. Şonuň üçin, içine soran tüssesini sozluk bilen daşyna goýberip durşşuna, ýylgyrdy. – Dokumentsiz bolmaz-a jan jijim. – Ol Garybyň ýany bilen, Gulýanyň gözüni giderip gaýdan Olýanyň owadan ýüzüne garady. – Şeýle dälmi? – Onda, men ony alyp geleýin. Gyssaglymy? – Howlukman alyber. Bilet – zat eýýäm zakaz edildi. Ýigrimi bäşine, sen Litinstitutyň rektorynyň ýanyna bararsyň. Pimenow diýýändirler. Berdi Myradowiç, eýýäm, telefon bilen ony habardar etdi. Aeroportda bolsa seni biziň Moskwadaky wekilimiz Babajan garşy alar. Berdi Myradowiç oňa-da eýýäm tabşyryp goýdy. Ekzamenler birinji awgustdan başlanýandyr. Birinjisi, düzme, rus dilinde... Olýanyň gözleri peträp gitdi. Ol şol gözleri bilen Garyba seretdi. Garyp ýaşuly bilen hoşlaşdy. – Sen howlukma-da dokumentleriňi al. Soň üçünji günjük geläý. Berdi Myradowiçem bolar. Saňa birneme kömek puly belläpdirler. Ýanyňda dokumentleriň esasan, pasportyň bolsun. – Trelleýbusyň duralgasynda Olýa, birhilije, gözügidijilik bilen: – Näçe pul bererlerkä? – diýdi. Garyp başyny ýaýkady. – Eger, Litfont saňa bir ýyllyk stependiýe bellese dagy, bagtyň getirdigi bolar. Garyp Olýanyň sözüne düşünmedi. – Litfond diýeniň näme? Stependiýe näme? Olýa güldi. – Вот, колхоз! Lit fond – Edebiýat fondy. – Düşündiňmi! Stependiýa, okaýanlara berilýän hak. Ol az, ýigrimi sekiz manat. Garyp ýere seretdi-de, gulagyny sallap ep-esli durdy. – Bir ýyllyk stependiýe näme? Olýa ýene-de düşündirip başlady. – Edebiýat fondy mätäç adamlara her ýylda birneme pul kömegini berýär. Düşündiňmi? Köpüsine beýle stependiýä berlenok. Mysal üçin, maňa. Düşündiňmi?! – Aý, pul nämä gerek? Stependiýe bilenem oňaryn. – Ol Olýanyň eline seretdi. – Bolmasa işlärin. Iş-ä tapylar! – Ol elini Olýa görkezdi. – Bu elleri gör-ä. Bular agyr-agyr işleri etmejek bolsa, meniň nämäme gerek? Olýa ýüzüni gorkuly ýagdaýa getirip, gözlerini jüýjertdi. – Rus dilinden düzme! – Ol başyny ýaýkady. – Öz-ä – Olýa gozgandy. – Ine, trelleýbusam gelýär. Garyp hem gozgandy. – Ekzamen gorkuly däl! Ýöne sag-aman bir Moskwa barsam. Gaty garaňkysy şol maňa. Olar trelleýbusa mündiler. Olýanyň owadan, näzikden ter, didary onuň ýanyndaky oglanjygyň bolsa gaty betnyşanlygy adamlary yzyklandyran bolara çemeli. Olar uly gyzyklanma we tomaşa bilen bu iki, biri-birine garşy gelýän juwana seredişýärdiler. Olýa muny duýup, Garybyň ýanynda durman, gyra çekildi. Emma häzir Garyp daş-töweregini duýanokdy. Ol Olýany ýeke galdyrmajak bolup, ýene onuň ýanyna bardy. Eli süýt tüňňürli sary diş aýal Olýa garap: – Jigiňmi?! – diýdi. – Ýog-eý – Olýa öz sözüne utanyp gitdi-de soňuny ýumarlady – Garyndaşymyz, obadan gelipdir. «Gulýa beý diýmezdi?» diýip, garyp oýlandy. Gulýa doganyna garanda, ýumşagrak. Ol ýerden ýöreýär, Olýa bolsa asmandan... Ýere düşüp bilenok... Olar oba hojalyk institutynyň edil garşysyndaky duralgada trelleýbusdan düşdüler-de, baş ymarata bakan ýöräp gitdiler. | |
|
√ Duman daganda: Ýalňyşdygyň-öldügiňdir - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Pikir gytçylygy ýumuk gözleri açýar - 06.06.2024 |
√ Dirilik suwy -6: romanyň dowamy - 30.04.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -26: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Egriler egri bilen, dogrular kim bilen?! - 08.06.2024 |
√ Hakyň didary -9/ romanyň soňy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Dirilik suwy -12: romanyň dowamy - 12.05.2024 |
√ Hakyň didary -8/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Köne mülk -5: romanyň dowamy - 12.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |