01:07 Ak guwlary atmaň -8: romanyň dowamy | |
24. Okuwlar başlandy. Garyp Edebiýat institutynyň auditoriýasynda iki zada haýran galdy. Birinjisi, auditoriýadan doňuz ýagynyň hem-de porsy jorabyň dymyljak ysy gelýärdi. Ikinjidenem, goýlan stollaryň üstünde ýazgydan ýaňa barmak basara ýer ýokdy. Eger bar bolsa-da, eli ruçkaly oglan-gyzlar oňa derrew bir zatlar ýazýardylar. Üçünjisem, öz toparyndaky ýedi aýal, on erkegiň hemmesi, ýaşuludy. Onuň bir özi ýabany pişikleriň arasyna düşen syçanjyk ýalydy. Ikinji sagady Mihaýlowyň özi geçdi. Ol şu ýylky toplan toparyndan razydygyny aýtdy. Ol Garyby ýanyna çagyrdy. – Eto molodoý çelowek, Geniý Welikogo Wostoka! – Ol Garyby gujaklady. – Ine, görersiňiz, parlap, göge galar! Onuň ýekeje aýby bar. Ol ömründe ýekeje dörtlügem alyp görmedik. Biziň institutymyzyň taryhynda-da, Aşgabatdan gelen türkmen ýigdi bolup, öz güýji bilen, diňe bäşlik alyp giripdir! Men sizem, hemişe öz «malişiňizi» goldarsyňyz diýip umyt edýärin! – Goşgy okasyn! – Goşgy! – Goşgy!... Garyp «Ak guwlary atmaň!», «Mähribanym, alyň niçik?», goşgularyny türkmençe, rusça belent labyz bilen, özboluşlyja edip okady. Studentler el çarpdylar. Bir özbek gyzy bolsa, ylgap gelip, Garyby gujaklap, ýaňagyndan ogşady. Alekseý Aleksandrowiç topardaky on ýedi studentiň her birine söz berdi. Her adam öz goşgusyny öz ene dilinde, soň rus dilinde okady. Garyp üçin üýtgeşik dünýäniň işigi açyldy. Şahyr bolmak, Allanyň näzik ylhamyny özüňçe ýüregiňi, duýgyňy zerre-zerre edip, setire geçirmekdir. Tutuş adamzadyň ýeke-täk kanuny bardyr. Emma her bir şahyryň şol kanuna sygmaýan ýeketäk filosofiýasy bar. Mysal üçin, Omar Haýýam umumyadamzat kanunynyň içinde, öz filosofiýasyny dünýä wagz edipdir. Her bir şahyr öz beýik filosofiýasyny döredip, öz şygyrlary bilen ony tä ömrüniň ahyryna çenli wagz edip ýaşamaly. Diňe şondan soň ol ölmez-ýitmez bolýandyr. Özüňizi tapyň! Öz hiç kimiňkä meňzemeýän filosofiýaňyzy dörediň. Ony dünýä ýaýyň!.. Şahyr başgaça ýaşamak bolmaýar. Dünýäde Allanyň beren beýik duýgy-zehininden gymmat zat bolmaz. Her bir şahyryň özüne berlen beýik ylhamy dünýä mynasyp derejede, päkize, mertebeli, mynasyp ýaýratmakdan beýik wezipesi bolmaly däl. Bolubam bilmez. Alekseý Aleksandrowyçiň bu pikiri Garyby haýran galdyrdy. «Özüňi, öz filosofiýaňy tapmaly! Ony mynasyp derejede dünýä wagz etmeli!» Ol Moskwa, şu instituta gelenine begendi... Onuň okuwy hepdede dört gündi. Üçünji gün, döredijilik günüdi. Şenbe – kitaphana günüdi. Okuwy: SSKP-nyň taryhy, filosofiýanyň taryhy, Edebiýat teoriýasy, Rus edebiýatynyň taryhy, Daşary ýurt edebiýatynyň taryhy, Poeziýa. Her gün alty sagatdan. Garyba okuwlar kyn däldi. Gyşda dört ekzamen, iki zaçýot bardy. Ol okuwyň kemini goýanokdy. Olýa bilen Aýbölegiň saýlap, aldyran owadan kostýumyny, Olýanyň düzüp beren berk režimli tertibi bilen geýýän, iýýän Garybyň egni diýseň kaşaň, baş görünýärdi. Beýle kaşaň, owadan geýinýän bu institutda beýle bir känem däldi. Olýa Garyba gowy iýip-içmegi sargaýardy. Onuň topar ýolbaşçysy Alekseý Aleksandrowiç hem şahyr bolmak üçin üç şerti aýratyn nygtaýardy. – Erkinlik! Rahat burç! Wagtly-wagtynda halaýan, koloriýaly naharlary iýip-içmek! Ol erkinlik diýende, ylham hem-de ruhy erkinligi, pikir erkinligini, durmuş erkinligini, tema erkinligini göz öňünde tutýardy. Rahat burç diýende, şol, ähliumumy erkinligi kagyza geçirmek, oýlanmak, ýazmak iýip-içmek, dynç almak, üçin rahat hem-de hiç kimiň, hiç bir meseläniň seniň duýgularyňy ürküzmeýän, pynhan ýer hakynda aýdýardy. Ol : «Duýgy, pikir bir sarç guşdur. Edil şol pursatynda tutmasaň uçar gider!» diýýärdi. Onuň üçünji aýdýan zady. «Açlyk ylhamy öldürýär». Aç adam hiç haçan gowy şygyr ýazyp bilmez Açlyk şahsyýeti weýran edýär, onuň hyjuwyny, mertebesini has pese düşürýär. Şahyr diňe bir zatdan gorkmalydyr! Ol hem açlykdyr. Ol döretmek üçin iýýär. Hiç haçan aç bolmaň... Göwnüňiz näme islese, elýeteriňizde bolsun!.. Garyp irden gowurdaklyja heýgenek iýip, mürepbe bilen çaý içýärdi. Günortan Institutyň naharhanasyndan kemini goýman garbanýardy. Agşam özi nahar bişirinýärdi. Ol okuwyny tamamlap, indi öz illerine gaýdyp barýan talyplardan on bäş manada holodilnik, şonça pula-da telewizor satyn alyndy. Otagynda holodilnigi bolany üçin, azyklaryny ynjytman saklaýardy. Şonuň üçin ol indi-indiler birneme essine gelip, ýüzi agaryp, reňki durlanyp, ýaňaklary doluşyp, gözleri ýerine gelip ugrapdy. – Garyp, seniň gözüň ullakanmy? – diýip, ony Olýa duýdy. – Sen owadanlaşýaň, eý, dost jan! – Bilmedim. – Garyp ýylgyrdy. Inda Mihaýlowna bolsa Garybyň öňünde iki sany ullakan mesele goýdy. Şonuň üçinem ol Garyby öýüne çagyrdy. – Garyp, sen obadan gelen. Ýaş oglan, bagtyň çüwüp, illeriň ýetip bilmeýän okuwyna girdiň. Sen şahyr bolmaly. Şahyrlyk kyn wezipedir. Şahyr hiç kime bakna bolmaly däldir. Şahyryň ganatyny gyrýan üç zat bardyr. Birinjisi, maşinka! Ikinjisi – dil meselesidir! Üçünjisi – sözme-söz terjime etmek meselesidir! Maşinkada ýazyp bilmeseň, ony edýän adam gözlärsiň. Ýalbarmaly, äkitmeli, getirmeli! Gerek bolsa ýalbararsyň. Onuň üstesine, gazananyň ýaryny paýlaşmaly bolarsyň. Onuň üstesine, özüňçe baryň, ýoguň, öňünde kiçelmeli bolarsyň. Dil bilmeseň, dil bilýäne ýalbarmaly, äkitmeli, getirmeli. Gazananyň ýarynam bermeli bolarsyň. Sözme-söz terjimä-de bilýän adamy tapmaly, getirmeli, äkitmeli, onam, öz jübiňden, özüň bermelisiň. Şonuň üçin, başdan maşinka öwren, özünem gaty gowy öwren. Maşinka, kagyz, gara kagyz satyn al. Rus dili kursuna, iňlis dili kursuna ýazyl-da, puljagazyny töle-de, dil öwren. Dil bilmeseň, diliň gysga bolar. Abraýsyz bolarsyň. Ikinji etmeli işiň, ine, şu kitaplary gaty üns berip, oka. Ol Garyba rus ýazyjylarynyň kyssa eserleriniň sanawyny berdi. – Şulary okamasaň durmuşyň edebi beýanyny bilmersiň. Çyn şahyr durmuşyň çuňlugyndan çykýandyr. Akyldar ýazyjylar durmuşyň iň akylly taraplaryny akyl eleginden eläp, halka ýetirip, halkyň ynamyny gazanyp, ölmez-ýitmez bolýandyr. Kitaphana gatnama. Bu kitaplar meniň özümde bar... Garyp Inda Mihaýlownanyň bu sözüni tutdy. Babajandan köneje türkmen harply maşinka satyn aldy. Rus hem iňlis dillerini öwredýän üç aýlyk tölegli kursuň nirede bardygyny bilip, oňa ýazyldy. Arasynda aldygyna «Anna Kareninany» okady. Olýa ony tapyp bilmän heläk bolýardy. – Garyp, sen nirede bolýaň-aý? – diýip, ol kineli sorady. – Iňlis dili, rus dili, kurslarynda bolýan. – Olary nirede okaýaň? – Şäher «Bilim» jemgyýetiniň jaýynda. Oktýabr aýynyň başynda Garyp üçin Moskwa geleli bäri, iň şatlykly günleriň biri boldy. Moskwa gar ýagdy! Gar henizem ýagyp durdy. Garyp instituta baranda, oňa stipendiýe berilýändigini aýtdylar. – Seni Mihaýlow gözleýär. – diýip, topardaşlarynyň biri aýtdy. Ol mugallymyny her näçe gözlese-de, tapyp bilmedi. «Filosofiýanyň taryhy» sapagy gidip durka, ony koridora çagyrdylar. – Garyp, gutlaýan! – diýip, Alekseý Aleksandrowiç oňa «Oгонек» hem-de «Kрестянка» žurnallaryny berdi. – Ýöne, öýde oka. – Ol bu žurnallaryň redaksiýalarynyň duşuşyga çagyrýan çakylykly hatynam berdi. – Indiki üçünji gün. Ýöne, kartoşka gitmeli sesem bardyr... Ol auditoriýa girdi. Žurnaly öýde okama nirede. Gyzlar onuň elinden žurnallary kakyp aldylar. «Kрестянка» žurnaly onuň suratynam beripdir. «Men siziň öz ogluňyz» diýibem, onuň dört goşgusyny beripdir. ...Garyp Olýanyň gaty begenjegini bilýärdi. Sebäbi «Bibi eje» Olýanyň ilkinji uly, bütinsoýuz metbugatda çykan işidi. Oň esasy zat bolsa, bu goşgy onuň öz ejesine bagyşlanyp ýazylandy. Garyp Olýany begendirjegine begenip, begenip gelse, Olýa ony begendirdi oturyberdi. – Öýňüzden hemem Beki Seýtäkowdan hat bar! Me, bu-da, ýüz manat gonarar! – Ol haty bermedi-de, ony ýokarda pel-pelletdi. – Tans etmeseň, berjek däl. Garyp tans etmedi-de, portfelini açyp, oňa «Krestýankany» görkezdi. – Senem tans etmeseň, berjek däl! Olýa bar sesi bilen otagy ýaňlandyryp gygyryp, Garybyň eline topulyp, žurnaly onuň ejizje elinden gaňryp aldy. – Çykypmy? – Ol žurnaly waraklady. Goşguly sahypalary açdy. Goşgular iň ortaky iki sahypadady. – Soň «Bibi eje» goşgusyny ogşady. – Ejem jan nähili begener! – Ol lifte bakan ýönelişine: – Maňa beräý, okaýyn! – diýdi. Garyp ilki ejesinden gelen haty okady. Hat «Oglum, Garyp jan!» diýip başlanýardy. «Onça pul ibermek nämä gerek! – Öz gününe, güzeranyna şükür edýärdi. – Haçan gelersiň, oglum? Ölmänkäm güler ýüzüňi ýene bir görsem, oglum! Meniň başga kemim ýok...» Soň Myrry başlapdyr. Ol Garyba «Eçjan gowy. Gyşky kanikul gel... diýýärdi. Garyp krowaty bagryna basyp ýatyşyna, haty ysgady. Hatdan öz ejesiniň içerleriniň, tutuş Garaböwüriň ysy gelýärdi. – Beh, bar şatlyk bir günde geläýmelimi diýsene! Ol «Sowet edebiýaty» žurnalynyň baş redaktory Beki Seýtäkowyň hatyny gadyr bilen açdy. Hat elde ýazylypdyr. «Gadyrly galamdaşymyz Garyp Nuryllaýew! Ýazan goşgularyňyzyň ählisini «Sowet edebiýaty» üçin ibermegiňizi soraýaryn. Men goşgularyň ählisini ýütgetmän çykarmaga söz berýärin. Suratyňam iber. Ýoldaşlyk salamy bilen Beki Seýtäkow.» Bu habar hem Garyp üçin juda täsirlidi. Ol iňlis dili kursundan gelenden soň, goşgularyny bir ujundan üç nusgalykda göçürmäge başlady. Olaryň birinji nusgasyny hem-de suratyny ertesi poçta baryp, sargyt bilen iberdi. 25. Moskwanyň beýleki institutlary bilen birlikde, gar erän badyna Edebiýat institutynyň studentlerini hatar-hatar bolu duran awtobuslara mündirip Moskwanyň etegindäki raýonlaryň birine kartoşka ýygmaga alyp gitdiler. Şonuň üçin Garyp «Огонеог»-yň çakylygyna baryp bilmedi. Meýdan sowukdy. Aýaza galan gaty gowy kartoşka meýdanda leýis bolup ýatyrdy. Meýdanda işlemäge laýyk geýnen oglanlar-gyzlar sürlen meýdanda, topraga garylyp ýatan kartoşkalary bedrelere, ýörite sebetlere aldygyna ýygnaýardylar. Soň harman bolup ýatan haltalara gapgyrýardylar. Bu ýerde eden işiň ölçenmeýän eken. Oňa baha kesýänem ýokdy. Garyp açyk meýdanda işlemäge, öň werziş edensoň, heziller edip işleýärdi. Onuň satyn alan kirze ädigi, buşlady, towşan derisinden tikilen ýeňiljek goňur gulakçyny, ony aýaza bermeýärdi. Ol bir salym işländen-ä, derew gyzdy. Studentler Garybyň günuzun gybyrdyklap kartoşka çöpläp ýörşüne haýran galyp seredişýärdiler. – Taşlasan-a! – diýip, onuň daşyna geçýän az däldi. Ýöne Garyp aryp-ýadanokdy. Olýa şujagaz sowuga, bokurdagy çişip, Moskwa gitjek bolanda Garybyň ýanyna geldi. – Garyp, bar bolsa, maň ýüz manat pul beräý. Okuw... ýok, ejemi görüp gaýtjak. Garyp biline daňynan ýaglygyny, gyra çykyp çözdi-de, ondan bäş sany ýigrimi bäşligi aldy-da Olýa uzatdy. – Bu kän-ä! Garyp köýnegini düzedip durşuna, uýaljaň ýylgyrdy. – Sen ýigrimi bäş manada, hut, meniň adymdan Bibi ejä sowgat al! Oňa köp-köp salam aýt! «Ogluň köp salam aýtdy!» – diý. Olýa oýun edip güldi. Soňam: – Bolýa alaryn, diýerin – diýdi. Garyp Olýanyň yzyndan on ýedi ýaşly ýetginjegiň yhlasy bilen boýurganyp galdy. Kartoşka ýygym oktýabr aýynyň ýigirmilerine çekdi. Garyp bir halta arassa kartoşka bilen deň, özüni tanamajak boldy. Ol öň özüni ýaňy dürsäp ugrapdy, ýöne jan edip, özüne agram salyp işläni üçin, ol deri bilen süňk bolup galypdy. Ýöne kartoşka ýygymy ony ýagşy taplady. Ol Russiýanyň kartoşkadan ekilmedik seleň sähralarynda diňe öz-özi bilen galypdy. Özüni, pikirlerini, umyt-arzuwlaryny berk tertibe salypdy. Rus dili, iňlis dili boýunça öwrenenlerini gaýtalap-gaýtalap, ýatdan berkidipdi. Maşinkada ýatdan ýazmaga diýseň türgünleşipdi. Özüniň şygyrlarynda ulanýan mähriban, sähra, köňül, ruh,... diýen ýaly sözleriň ýüz ellisini rus diline geçirip, ýat bekläpdi. Goşgularyny maşinkada ýatdan urmaga türgünleşipdi. Goşgularynyň ählisini maşinkada ýatdan ýazypdy. Iň esasam, özüniň haýsy ugur bilen gitmelidigini, Öz poeziýasyna filosofiýanyň haýsy ideýa ulgamyny almalydygyny, Alekseý Andreýewiçiň, Inda Mihaýlownanyň institutdaky okadýan mugallymlarynyň berýän sapagy boýunça kesgitlän taglymatlary boýunça girmelidigini kesgitläpdi. Ol öz poeziýa dünýäsini nähili nähili wagyz etmelidigi barada çuňňur oýlanyp, belli karara gelipdi. «Adama mährem bolmak ideýasy» adamyň mähribanlyk gözelligini ýüze çykarmak filosofiýasy we wagz etmek» barada çynlakaý pikir edipdi. Ol özüniň «Mähribanlyk» diýen şygryndaky ideýany muňa esas edip almak barada oýlandy. «Adam atomy, ýeri, suwy, çylşyrymly demir, tilsimatlar eýýamyna şa boldy. Bu zeminde öz islän eşretini, dowzahy, jenneti döretdi. Şeýle beýik, gudratly Adam ýekeje hoş sözüň, mähribanlyga mätäç bende bolup galdy. «Şol mähribanlygya mätäç Adama indi şygryň kömegi bilen Allahy ezizlik paýlamaly!» ne, meniň poeziýamyň ideýa, filosofiýa ýörelgesi şeýle bolar...» Ol bu ideýany tapanyna az begenmedi. Ony örän-örän pynhan saklap, diňe beýik poeziýanyň üsti bilen üsti bilen beýan etmelidigine şu sährada düşündi. ...Ýene-de, şo-ol studentleri alyp giden hatar-hatar awtobus, olary getirip, Gersen – Dobralýubow köçeleriniň çatrygynda düşürdi. Garyp altmyş-ýetmiş kilogram çykjak agyr haltany oglanlar bilen otagyna getirdi-de, eýwanjyga döküp goýberdi. – Näme, Moskwada kartoşka ýokmy? – diýip, oglanlar oňa degýärdiler. Emma Garyp olara jogap berip durmady. Şu kartoşka ýygym möwsümi Garybyň juda janypkeş adamdygyny tutuş instituta aýan etdi. Kartoşka möwsümi Garyby tutuş institut bilen berk ysnyşdyrdy. Ylaýta-da Institutyň mugallymlarynyň Garyp bilen mylakatlyja gürleşmedigi ýokdy. Studentler bu sada, garyp göwün, heniz çaga päkligini ýitirmedik oglany söýdüler. Garyp, umumy ýaşaýyş jaýyna gelip, täze eşiklerini alyp, hammama gitdi. Şol ýerde kirlän jalbaryny, köýnegini, içki eşiklerini ýuwdy. Saçyny Olýanyň halaýan «Ýesenin bejergi» edip bejertdi. Ol hammamdan gelende özüne müň manada golaý gonararyň bardygyny bildi. Mundan başga-da, «Ogonýogyň», «Kretoýankanyň» hem-de «Komsomolkanyň» «Ýylyň iň gowy poeziýasy» diýen baýragyny almaga çagyrýan çakylygyny aldy. Duşuşyklar Oktýabr baýramynyň öňüsyrasynda şol redaksiýalaryň özünde boljakdy. Ol hammamdan gelişine, ýokary çykman, Inda Mihaýlowna jaň etdi. – Mähriban Inda Mihaýlowna, zähmet frontundan gelenlerden size ýalkymly salam bolsun. Inda Mihaýlowna çaga ýaly begendi. – Oglum, gel-gel, men ýaramok. Ýöne seniň üçin gowy täzelik bar, Gel, çaltyrak gel! Garyp ýuwan eşiklerini eýwana serdi. Soň on kilogram ýaly kortoşkany, bir banka böwürslen mürepbesini göterip, Inda Mihaýlownaňka ugrady. Ýolda taksiden düşüp, magazine girip, çörek, peçenýe, gaýmak, iki kilogram kolbasa satyn alyp, olara bardy. Inda Mihaýlowna azykdan ýüklenip gelen oglany garsa gujaklady. – Gelseň, çörege ibereýin – diýip otyrdym. – Sen-ä muny gaty oňaraýdyň. Ol nahary oturtdy-da, nahar guýdy. Inda Mihaýlownanyň öler jany gaýmakly borşdy. Ol borşa gaýmak, burç guýup, üýtgeşik tagamly nahar edýärdi. Oňa-da azajyk gorçişsa goşup, gara çörek bilen iýersiň welin, gulagyňy kesselerem duýmarsyň. – Ikimize «Krestoýanka» baýrak beripdir! «Ýylyň iň gowy terjimeçisi!», hemem «Ýylyň iň gowy poeziýa çemeni ýazany üçin» diýip. Oňa gideli-de, alaly. Inda Mihaýlowna borşly tabagy Garybyň özüne süýşürdi. Soňra ol Garybyň getiren gara çöregini kesişdirip oturuşyna, bu oglany birden etine-ganyna getiräýjek bolýan ýaly: – Gaty horlanypsyň, Garyp jan, iý, howlukman köpräjik iý! – diýdi. Ýöne Inda Mihaýlowna Garybyň hor hem bolsa öňküden owadanlaýandygyny ylaýta-da gözleriniň ýerine gelip, käse ýaly ullakan, owadan bolandygyny aňdy. Indi onuň horlugynyň öňki ýaly açlygyň, horlugyň, ýeter-ýetmezligiň horlugy däldi. Garyp galkynan, mertebeli göwünlidi. Özem rus dilinde şeýle arassa, parasatly gürleýärdi. – Men «Sowetskiý pisatel» neşirýatyna seniň adyňdan arza eltdim. Ady – «Ak guwlary atmaň!» – bäş list, geljek ýyl üçin. Garyp gulaklaryny gymyldatdy. Uly lezzet bilen borş iýip oturşyna, bu aýalyň aýdýan sözlerini eşitmeýän ýalydy. – Şonuň üçin «Annotasiýa» ýazmaly! – Nämesini? – Annotasiýa! Annotasiýa. Kitabyň näme hakdadygyny üç sözlemjik. Garyp baş atdy. – Häzirmi? – Naharyňy bir iý. Inda Mihaýlowna kolbasa kesdi-de, bir kesimini gara çöregiň üstünde goýup, lezzet bilen iýmäge başlady. – Şuny oňarypsyň, tagamy hem gowy eken. – Ol ýene bir bölek çörek aldy-da, onuň ýüzüne gorçissa çaldy. Soň bir kesim çöregi onuň üstne goýdy. – Neşirýata baranymda, şol ýerde Twordowskini gördüm. Ol meni goşgular üçin gutlady, oňam: «On alty ýaşly hakykatdanam barmy, ýa-da aýallaryň tapýan täze mifimi?» diýdi. – Hakykatdyr! – diýdim. – Onda «Nowiý mire» ýüz setir getir, ýöne gaty gijä goýma» diýdi. – Ol ýylgyrdy. «Nowyý mire» ýüz setir! Bu ýaňy ösüp gelýän şahyr üçin gaty uly üstünlikdir, gaty uly. – Ýüz setir näme? – Ýüz setir goşgy-da, ýagny, dört-bäş goşgy. Bu ýerde setirini aýdaýýarlar. Sebäbi, kesim-kesim edip, bir goşgyň müň setirem bolup bilýär, bäş setirem. Garyp başyny atdy. – Ertirmi? – Bir aýyň dowamynda. Ýöne annotasyýany ertir eltmeli! Garyp naharyny iýip boldy-da Inda Mihaýlownanyň iş otagyna duran maşinkanyň başyna geçdi. Inda Mihaýlowna endigine görä, öz maşinkasyny kagyzsyz goýmaýardy. Garyp maşinkanyň kagyzyny deňledi-de bir salym ýazyp başlady. «Bu gün adamzat beýik sepgitlere ýetdi. Ol ýeriň ýüzünde ajaýyp gudratlar döretdi. Dünýäniň syrlaryny ele aldy. Emma zeminiň syrlaryny özüne tabyn eden Adam ýeke agyz mähribanlyga mätäç bolup galdy. Ýaş şahyr Garyp Nuryllaýew şu kitaba girýän goşgularynyň üsti bilen ynsana mähribanlyk paýlamaga synanyşýar. Onuň bu niýetiniň şeýledigini bu gözel şygyrlary okan her bir okyjy duýar. Bu goşgular çemeni okyjylaryň göwün syrdaşyna öwrüler...» we şuňa meňzeş... Garyp maşinkanyň başyndan tury-da, ýene stoluň başyna geçdi. – Gel, Inda Mihaýlowna, böwürslen mürepbesi bilen çaý içeli. – Hany? – Garyp aňk bolup galdy. – Häli getirdim-ä! – Emma içerde kartoşka-da, mürepbeli gap-da ýokdy. Ol işigi açyp, daşary çykdy-da, kartoşkaly gaby, mürepbeli bankany alyp, içeri girdi. – Ýaňy jaňy basjak bolanymda, ýerde goýdum-da, sizi görüp, giriberipdirin. – O-ho! Kartoşkamy? Elinje. Şuny oňarypsyň, Garyp jan! Şuny gaty oňarypsyň... Ol çaý goýmaga gidip, sähel eglendi. – Annotasiýa hem bolupdyr! Kemi ýok. Ol aýasy bilen maňlaýyny çalaja urdy. – Ine, men-dä, esasy zady ýatdan çykaryp barýan-a. Ol oturgyçda oturdy. – «Prawdadan» jaň etdiler! Täze ýyl goşgusy gerek diýip. Seniň goşgyň gerek! Men «Prawda» näme diýeýin?! Täze, ter, näzik, pikir, salyhatly filosofiýa, hem agras, hem giň bolmaly. Irräk ýazmasak, sözme-söz terjimä-de adam gözlemeli. Onam häzir tapmak kyn. Student gyzlaram, manyny berip bilenok. Garyp Inda Mihaýlownanyň hem begençli, hem örän jogapkärli buşluklaryny egnine zordan göterip, umumy ýaşaýyş jaýyna geldi. 26. Bu ýyl Gyş Moskwa ir düşdi. Indi näçe gün bäri ýerde gar ýatyrdy. Tutuş ýurt Oktýabr baýramyny bellemäge howlukman, taýýarlanýardy. Edebiýat instituty baýramçylyk mynasybetli döredijilik agşamyny geçirmäge taýýarlanýardy. Kartoşka ýygymyndan soňky okuw mahaly Garyp üçin düşnüksiz döwür başlandy. Ol adamlaryň özüne bolan gatnaşygyna hiç düşünip bilmeýärdi. Kartoşka ýygymyndan soňky okuwyň ikinji okuw gününiň birini sagadyna belli şahyr Aleksandr Trafonowiç Twordowskiýni çagyrypdyrlar. Talyplar ony uly tolgunma bilen garşy aldy. Ol Lenin baýragyny alan, «Nowiýmir» žurnalynyň baş redaktory. Ady äleme dolan bu adam özüni örän salykatsyz alyp arýardy. – Ýazmaň! Saklanyň! Dünýä bolgusyz şygyrdan doldy. Men «Nowiý mirden» gaçyp gitmäge ýer gözleýän, goşgy däl goşgylardan ýaňa! Proşu Was, umlýaýu was, ne pişite! Onuň bu sözlerine talyplar aýaklaryny pola tapyrdadyşyp, tutuş auditoriýany başlaryna göteräýjek bolýan ýal bolşup, el çarpyşýardylar. Şahyr muňa birden, joşgunly göterildide, aýasy bilen stoly urdy. – Siz bolgusyz adamlar! – diýdi. Birtopar körzehinler. Utanman Moskwa ýaly ýere şahyr bolmaga gelýärsiňiz, utanç! Öz halkyň, öz iliň ajy derini ysgap, şahyr bolunýandyr. Size – utanç! Bir topar ýal ýagylary, kör zehinler, pekgeler!.. Studentler onuň «Wasiliý Týorkin», «Alysdan alysa» poemalaryny ýazyşynyň taryhy barada gürrüň bermegi soradylar. Ol humarly ýylgyrdy. – Eto ýorunda! Umuman, şahyr diýen wezipe ýok. Graždanin diýen wezipe ýok. Men, men, şol eserlerim üçin, utanýan! Garyp gürrüňiň çuňlaşaryny isledi. – Poeziýa, özüňi tapmak! Öz ýoluňy tapmak üçin näme etmeli. – Ýaranjaklyk ediber. Partiýa ýaranjaňlyk et. MK – ýaranjaňlyk et. Ýazyjylar soýuzynyň ýolbaşçylaryna ýaranjaňlyk ediň. Şonda olaryň özi seni tapar. Ol Garybyň ýüzüne jüçjerilip, humarly gözlerini süzüp, ep-esli seretdi. – Özüňi, özüňi tapmak, çýort znaýet. Siz maňa özümi tapandyr öýdýäňizmi? Net, net, i net!.. Studentler Twardowskiýniň her bir sözlemini şowhun bilen garşylasalar-da, ony ýokary kursuň studentleri bilen heniz duşuşyk tamamlanmadyk auditoriýada arak içişip durmasyna geň galdy. «Gör, uly şahyr, emma eýýam, ikiýüzli. Ol dilinde partiýa barada bir zat samraýar. Emma ýazanda başga hili ýazýar. «Lenin beýik! Partiýa beýik!» Ol serhoş mahaly bir hili sözleýär. Sersag mahaly başga hili sözleýär... Garyp Alekseý Aleksandrowiçiň hem üýtgäp durmasyny duýdy. – Mugallym, men «Sowetskiý pisatele» geljek ýyl üçin arza beräýsem nähili bolar? – diýip, Garyp, Inda Mihaýlownanyň teklibi bilen habardar edeýin diýen niýet bilen mugallymyna sala saldy. – Eto horoşo, dawaý, Garyb – diýse-de, soň seminar sagadynda, Garybyň özüniň ýok ýerinde – Heniz çüňk çykmadyk sary serçe, goşgulary iki eliň barmaklaryna ýetmeýän tötänleýin şahyrjyklar, eýýäm Bütinsoýuz neşirýatlaryna «kitabymy çykar» diýip, arza berýärler. Ilki özüňi halka ykrar etdirmeli. Arakesmede, bu gürrüňi eşiden topardaşlary Garybyň ýüzüne geň gama bilen seredişdiler. Sebäbi, olaryň arasynda heniz neşirýatlara dalaş edýänleri ýokdy. – Okuwyň ahyrynda bolsa ol Garyba, «Neşirýatly pikiriňi goldaýan Özüme mugtuna çykaryn. Täze goşgularyň bolsa, maňa-da ber. Diňe Kozlowskaýa diýip oturma. Ol gowşak terjime edýär – diýdi. Garyp oňa-da düşünmedi. Howa juda sowukdy. – Öýe baryp, gowurmalyja unaş bişireýin! – diýip, ol okuwdan çykan badyna umumy ýaşaýyş jaýyna tarap gidýän treleýbusa münüp, oýlandy. – Çörek, külçe bar! Gowurma bar... Ol otagyna gelip, eşiklerini çykardy-da, gazançanyň gapagyny açdy. Gazançada nämedir bir nahar bişirilipdir. Olam gazançanyň düýbüne ýapyşyp gidipdir. Garyp kartoşka ýygymyndan gelede, stoluň üstünde boş çüýşeleri, doňuz ýagynyň, çilimiň galyndylaynyň çaşyp ýatanyny görse-de, oňa kän bir ähmiýet berip durmandy. Ýöne ol, bu otagda nahar bişirilendir öýdenokdy. Garyp gazançany gowy edip ýuwdy-a elektrik pejiniň üstüde goýdy. Soň gowurdak almak üçin krowadyň aşagyna sümüldi. Onuň ýüregi jigläp gitdi. Gowurmaly garyn-da, külçedir maňyz-da ýokdy. Ol gowurmasy Täze ýyla ýeter öýdüpdi. – Kaplanyň işidir! Ol niredekä? Garyp otaglara aýlanyp, ýiten zatlaryny tapyp alaýynam bir diýdi-de, soň bu işini goýbolsun edip, eşiklerini geýip dükana ylgady. Ýagly kolbasa, mesge, peýnir hem-de birküç banka goýaldylan süýt, ýumurtga, çörek, bulka, köke alyp geldi-de, kolbasa gowrup, üstüne ýumurtga çakyp iýdi-de – Et satyn alyp, agşama-da gaýnatma edeýin – diýdi. Ol bu aldajy sowgy gowy naharlar bilen ýeňäýmese, bu süňk bilen deri bolup durşuna, gyşdan çykmagyň aňsat bolmajagyny duýdy. Ýöne gowurmaly garyn welin göz öňünden gitmedi. Şondan geçse, üç-dört gün geçipdi. Ol çagyrylan duşuşyklarda boldy. Oňa ep-esli pul, dürli sowgatlar gowşurdylar. Täze goşgularyny getirmegi haýyş etdiler. Ertir Beýik Oktýabr baýramçylygy diýlen gündi. Oňa aşakda Aşgabatdan hat bardygyny aýtdylar. Ol içine pomidor kaky salnan omaçaly gaýnatma sogan dogrady-da, aşak ylgady. Otagyna getirip, bukjany gyssanmaç açdy. «Hormatly G.Nuryllaýew! Siziň «Sowet edebiýaty» žurnalynyň redaksiýasyna iberen goşgular toplumyňyzy aldyk. Emma olar öň metbugatda çykany üçin, olary peýdalanmagy makul bilmedik. Öň metbugatda çykan eseriňizi ýene metbugata hödürlemek, salykatsyzlykdyr. Salam bilen, Redaksiýanyň bölüm müdiri N.Hojageldiýew.» Garybyň depesinden gaýnan suw guýlan ýaly boldy. – Bolsa-da meniň baýramçylygyma gaty gowja sowgat iberip bilipdirler. Sagja boluň, agalar! Garybyň işdäsi nahar almady. Krowata gyşardy. Ýöne kimdir birine gelen gahar, düşnüksizlik onuň bokurdagyna geldi durdy. Ol gaharyny ýuwutdy. Işigi kimdir biri ilki tyrkyldadyp, soň gaty-gaty urup başlady. Daşyndan gulpa sokulýan açar şykyrdady. Garyp işigi açdy. Işikde Kaplan bilen daýaw adam durdy. – Wasýuk, hany, gir! Olar güpürdeşip otaga girdiler. – O-o! Süýji naharyň ysy bar! – Men aýtmadymmy, saňa! – diýip, Kaplan arkasyndaky agyr goşhaltasyny düşürip burça taşlap goýberdi. – Nahar iýerismi? – Hökman işeris, näme iýmän, hökman iýeris, onda-da nähili iýeris. Biz gaty aj-a! Olar stoluň başyna çökdüler Garyp Wasýuk barada Olýanyň zeýrenjini eşidipdi. – Ol Wasýuk diýleni garadan gaýtmaz bir ýer çeken galtaman-a. Gapyňy döwüp girip, gözüne ýakan zady alýar. Bir zat diýseňem, gaýgyrman urýar. Habardar bol!.. Olýanyň bu gürrüňi Garyby tisgindiripdi. Wasýuk diýilýäni uzyn boýly, daýaw, ýüzi-gözi ýowuzdan gazaply ukrain adamydy. Özem umumy ýaşaýyş jaýynda studentler bilen urşany üçin, tutuş institutdan çykarylandy. Ýöne geçen ýyl dördünji kursa dikeldilen eken. Ol şu ýyl proza bölümini tamamlaýardy. Kaplan tabaga ýapyşdy. – Dawaý jirýom-da! Garyp ýerinden turdy. – Saklan! – Näme boldy? – Meniň öýmüzden getiren gowurdagymy, külçelerimi, maňyzlarymy kim aldy. – diýip, heniz biriniň ýüzüne gelip görmedik Garyp, erksiz saňňyldap durşuna, aýtdy. – Näm-e? Eý, çujak, sen näme, şeýle husyt, gedaýmyň, twar! Şol porsy gowurdagyň gürrüňini edip otyrsyň. – Ol goşhaltasyny siltenjiräp açdy. Ondan ýumruk ýaly doňuz salasyny çykardy-da, stoluň üstüne gahar bilen taşlap goýberdi. – Me, syrtyňa sok, husyt. Garybyň sesi titräp çykdy. – Sen näme üçin men ýokkam gelip otagyma girdiň? Näme üçin meniň gowurdagymy, çöregimi, maňzymy, gap-gaçlarymy ellediň. Hakyň barmy? Men seni suda bererin... Kaplan ýüzüni ganymyny gören geçigaplaňyň ýüzi ýaly edip, mawdar gözleri bilen, bir-ä Garybyň, birem Wasýugyň ýüzüne seretdi. – E-eý, ganjyk! Meniň bilen beýle gepleşer ýaly, sen kim-aý! Wasýugyň ýüzi gyzardy. Ol: – Ço! – diýdi-de, Garybyň ýüzüne eliniň tersi bilen çalyp goýberdi. Garybyň ýüzünden edil bir ot çykan ýaly boldy. Sol ol Garybyň ullakan ýüzünden tutup, yzyna silkip goýberdi. Garyp baryp, krowatyň üstüne ýykyldy. Garyp aljyrady. Şol bada Wasýuk turup, ädikli aýagy bilen Garybyň dyzyna zarply depdi-de tarelka ýapyşdy. Garyp iňledi. Birdenem Hutdynyň: «Ur, gaýgyrma, gözüne gaty ur!» diýen sesi gulagyna gelip gitdi. Ol Aşgabatda wokzalda daşyny bandit oglanlar alanda-da Hutdynyň sesini eşidip, beladan halas bolupdy. Olar hem ikidi. Wasýuk öz awuny ujyz sypdyrjak däldi. Ol Garyby urup, talap, soňam hiç ýerde jyňkyny çykarmaz ýaly, ýagşy jepa iýdirmekçidi. Şonuň üçin ol işigi içinden gulplady-da, ýeňiji pälwan ýaly bolup, krowatda garantgy ýaly bolup, iki bükülip ýatan Garyba bakan apaň-apaň basyp, ýöräp ugrady. Ol krowadyň ýanyna gelip, Garybyň üstüne egildi-de turna ýaly eýmenç elini Garybyň ýakasyna bakan uzatdy. Garyp atylyp turdy-da, kartoşka ýyga-ýyga demire dönen barmagyny Wasýugyň iki gözüne çümdirdi. Wasýuk agyrsyna çydaman, janhowluna iňläp, gözlerini tutup galanda Garyp onuň «howply nokadyna» dişlerini jygyrdadyp, ähli güýjüni ýumrugyna jemläp bir depdi welin, Wasýuk poluň üstüne, edil eşegiň palaňy tamyň üstünden oklanan ýaly bolup patylap gaýtdy. Garyp, eli gyzgyn nahardan doly, naharly tabagyna seretjeginem, ýoldaşyna seretjeginem bilmän elewräp, mämedir bir zatlar diýip, samyrdyklap duran Kaplanyň iki satanynyň arasyna gazap bilen depdi. Kaplan göterip duran tarelkasyndan ir elini boşatdy-da, iki satanynyň arasyny tutdy-da erbet uwlady. Gary özüni saklap bilmän, Kaplanyň ýüzüne-de depdi. Gyzgyn naharly tabagy onuň elinden alyp, Kaplanyň depesinden guýdy. Kaplan özüni poluň üstüne goýberip iki baka çabalandy-da, erbet iňledi-de guduzlan göhert ýaly bolup, agzyndan gyllygyny akdyryp, Garyba topuldy. Garyp gaýra-gaýra süýşdi. Badyny saklap bilmedik Kaplan diwary ýüzi bilen urdy. Otag sarsyp gitdi. Garyp çaltlyk bilen ýetişip, onuň depesinde dagap ýatan buýra-buýra saçyndan towlap tutdy-da, onuň ýüzüni diwara gaýta-gaýta urdy. Soň ylgap baryp, eline sajy aldy. Baryp işigi açdy. – Indi güm boluň şu otagdan, ýogsa öldürin! – Kaplanyň goşhaltasyny koridora taşlady. – Eý, sen Wasýuk! Gaýdyp şu gapyda göräýsem gözüňi akdyraryn. Wasýuk agzynyň ganyny sarkdyryp: – Gö-re-ri-iis! – diýdi-de, okýylan ýaly süýügip, çykyp gitdi. Kaplan gymyldanokdy. – Eý, ganjyk, indi meniň otagymyň golaýyna geläýseň... Kaplan yrandy. – Boldy, boldy, biz günäkär. Biz, biz – diýdi-de, yzylaý-yzlaý ýöräp, koridora çykdy. Olar gidensoň Garyp işigi içinden gulplady. Otagy syrdy. Poly ýuwdy. Krowadyň üstüni tertipleşdirdi. Ertesi ol başga gulp satyn alyp, öňki gulpuň ornuna oturtdy. Olýa Aşgabatdan geldi. Inda Mihaýlowna keselhana girdi diýäýmeseň, başga bir üýtgeşik waka bolmady. Ýöne Garybyň özi üçin, ýatdan çykmajak bir waka boldy. Bu waka bu ýaş oglanyň süňňüni eşret bilen üwredi. ...Iňlis dili kursunda ony Inga Rerih diýen gyz okadýardy. Inga beýle bir owadan däldi. Ýöne Allatagala bu gyzy zenan bedeniniň iň gözel zynatlary bilen serpaýlapdy. Inganyň meýdanly gursagy, belent göwsi, aýratyn bir ýakymly duýgy döredýän bitüwli sagrysy erkek adamlary däl, aýallary hem haýran galdyrýardy. Onuň akja ýüzi, owadan, mähriban, käse ýaly mele gözleri, ýüpek ýaly mele saçy aklyňy hapran edýärdi. Ol Hindistanly şahyr, hudožnik Rerhiň inisiniň çowlugydy. Ol MGU-da-da okadýardy. Agşamlaryna «Bilim» jemgyýetiniň jemgyýetiniň toparlarynyň birinde iňlis dilinden öwredýärdi. Ol Garybyň Edebiýat institutynda okaýandygyny, onuň daşyndan iňlis dilini öwrenjek bolup çir-çytyr jan edýändigine begenýärdi. Inganyň özem Dobrolýubow köçesiniň Gersen köçesine golaýlaşýan ýerinde, belent jaýlaryň biriniň altynjy gatynda ýaşaýardy. Gaty giç bolanda, ol Garyp bilen ýaşaýan jaýynyň deňine çenli bile gaýdýardy. Garybyň okuwyny birden, tapba kesmegi, Ingany geň galdyrdy. Ol dynç günleriniň birinde, guşlugrak umumy ýaşaýyş jaýyna gelip Garyby sorady. Oňa belli jogap bermediler. – Näme boldy? Eýgilikmi?! – diýip, Garyp kursa gelende, ol alada bilen sorady. – Kartoşka ýygmaga äkitdiler. Garyp oňa «Ogonýok», «Kresteýanka», žurnallaryny berdi. – Eto, ýa! Inga ertesi haýran galma bilen žurnallary Garyba gowşurdy. – Biziň aramyzda ajaýyp şahyr bar. Kursuň ahyrynda men ony siziň bilen tanyşdyraýyn – diýdi. Soň žurnallary Garypdan sorap alyp, kursuň diňleýjilerine görkezdi. – Biz şu goşgulary iňlis diline terjime ederis. Kimiň terjimesi gowy çyksa, baýrak bereris! Inga şondan soň Garyba has ýakyn durup başlady. Ony öýüne, bir käse çaý içmäge çagyrdy. – Gorkma, öýde mamam bar. Ol garryja. Seni kowup durmaz. Emma Garyp Ingalara bir saparam barmady. Ýöne Täze ýylda bu gyza owadan ýüzük satyn aldy. Soň görüp otursa, ýüzük altyn eken. – Özüň student! Beýle gymmat sowgat nämä gerekdi? – Göwnüm isledi! Aldym. Inga Garyba geň galyp seretdi. – Sag bol! Men seni Täze ýyl gijesi öýüme çagyrýaryn. Gelmeseň, öýkelärin. – Bolýar. Bararyn. – Garyp söz berdi. Institutda, dogrusyny aýtsaň, Garyp ýalňyzdy. Ol okuwdan başga zada kän bir üns bermeýärdi. Okuw! Iňlis dili, rus dili kurslary. Ol bir aý ýaly maşinkada işlemegiň kursuna-da gatnady. Ol goşgularyny özi sözme-söz terjime edip, maşinkadan arkaýyn geçirýärdi. Şonuň üçin onuň adamlar bilen gatnaşygy ýok diýen ýalydy. Inda Mihaýlowna, köplenç, ýarawsyz diýen ýalydy. Ol keselhanadan çykandan soň Soça, ýazyjylaryň döredijilik öýüne dynç almaga gitdi. Ony ýoň heläk edýärdi. Bir degen soň ondan hiç aýrylyp gidibermeýärdi. Olýa Aşgabada soňky gidip gelenden soň Garypdan birhili sowaşýardy. Ol Şeýkin adyndaky ýokary teatral uçilişeden bir owadan oglan bilen tanyşyp, hemişe şonuň bilen bile tirkeşip ýördi. Inganyň Garyba edýän hoşamaýlygy, näme diýseňem, ýaş oglana hoş ýakýardy. Ol Inganyň teklibine begendi. Garyp, indi öňki Garyba düýbünden meňzemeýärdi. Ol indi ak ýüzli, ullakan, owadan gözleri balkyldap duran inçeden syrdamly ýigit bolup ýetişipdi. Onuň çekgeleri doluşyp, ýüzi tegelenip, burny ýerine gelipdi. Ol edil şu gün bolmasa-da, ertir «gelin gyran» diýilýän gaty owadan ýigit boljakdy. Şonuň üçin Inga gary, ýeriň sürçekligini bahanalap, Garyba gysmyljyranyny kem görenokdy. Täze ýyl gijesi Garyp Institutyň öňündäki belent sosna agajynyň ýanynda guralan şowhun-şüweleňe gatnaşdy. Ýöne şol mahal topardaş gyzlaryň biri ylgap onuň ýanyna geldi. Onuň ýüzi ak tamdy. – Garyp, Wasýuk dagy bufetde birtopar bolup, arak içip otyrlar. Men kofe içeýin diýip bardym. Olar seni urmak hakda gürrüň edip otyrlar. Ol zalym, seni ýagşy ýenjip, soň özi Kiýewiň otlusyna münjek bolýar. Onuň otla biledi bar öýdýän. Sen bu ýerde durma, git. – diýdi. – Sen eşiksiz otagyňa git. Seniň eşikleriňi eltip, nobatçynyň ýanynda goýaryn. Eger başarsaň, otagyňda-da galma. Garyp ol gyzyň diýenini etdi. Ol gyz onuň eşiklerini içeri alyp gitdi. Garyp başga ugra gitjek bolup, ýönelende, Wasýugyň ýoldaşlarynyň biri ony gördi. – Nirä – how?! – Geljek. Men häzir bir çüýşe «Şampanskiý» alyp geljek. – Şeýtsen-e! – Gyzlar üçin – how! Garyp taksi tutup, göni Ingalara eňdi. Inganyň ýeke özi oturan eken. Ol bolşuna görä, stoly bezäpdir. Saçakda gara, gyzyl şpil, gowurlan towuk bardy. Iki dürli salat taýýarlapdyr. Garyp umumy ýaşaýyş jaýynyň gapdalyndaky magazine girip, bir çüýşe «Şampanskiý» satyn alypdy. Inga begendi. Garyby gujaklap garşy aldy. Onuň ýaňagyndan ogşady. – Hany, men saňa seredeýin! – diýip, onuň elinden tutup, ýüzüne garap durdy. Täze Ýyla ýene sagat ýarym wagt bardy. – Hany, otur, Garyp. Maňa özüň barada gürrüň bersen-e. – Rusçamy ýa-da iňlisçe?.. – Gel, iňlisçe! Inga rus diline-de, iňlis diline-de juda ezberdi. Bu gürrüňdeşlik üçin tejribe tälim mekdebi boljakdy. Inga hiç wagt «bu sözi beýle aýt» diýmeýärdi. Ol ýalňyşan adama şol sözüň deregine, şol manyny aňladýan başga bir sözi salgy berýärdi. Garyp özüniň terjimehalyny owadanlaman gürrüň berdi. Ol kän bir uzak wagta çekmedi. – Özüň özüňe geň galaňokmy? – diýip, Inga oňa gürleşip duran dilinde sowal berdi. – Men illerden artykmaç ekenim-ow – diýeňokmy?! Garyp lezzet bilen nahar iýip oturşyna, çarşakly elini bulady. – Geň ýeri, men ilden üýtgeşigem däl-dä. – Garyp! Sen – ilden üýtgeşik! – Inga «Şampanskini» eline aldy. – Sen juda üýtgeşik, Garyp! Seniň iňlis dilini şeýle çalt bilmegiň meniň hyzmatym däl-ä. Okadýan okuwçylarymyň içinde heniz gürläp bilmeýänem kän-ä. – Ýok, seniň hyzmatyň – diýip, Garyp gyzdy. – Dawaý, «Şampanskiý» açalyň! Garyp doly çüýşäni eline aldy. – Men ömrümde... Inga oňa tarap öwrüldi. – Sen erkek adam, şonuň üçin hökman içginiň gapagyny açmagy öwrenäýmeli. Hemişe senden haýyş ederler. Garyp hyk-çok edip, ömründe ilkinji gezek şampan çüýşesiniň gapagyny açdy. – Soň açyljak bolsa, beýle kyn baglamak, juda berk ýapmak nämä gerek boldyka?! Täze ýyl geldi. Täze 196-njy ýyl! Inga owadanja bulgurlara guýlan şeraby owadanja, pökgüje, alaja elleri bilen syrlyja göterdi. – Garyp! Täze ýyl saňa bagt getirsin! Ol şerabyny içdi-de kiçijik eli bilen kiçijik, elektrik bilen saz çalynýan gutyny basyp goýberdi. Juda ýumşak hem-de süňňüňe aram berýän wals ýaňlanyp gitdi. – Gel, tans edeli! Inga Garyby gepletmän, ellerinden çekdi-de, ýerinden turuzdy. Ony saza goşup, pyrlap başlady. Soň yigidiň ýaňagyndan, dodagyndan ogşap başlady. – Ga-ry-yb! Ol Garyby saza goşup, içki jaýlaryň birine bakan itip, alyp gidip barşyna, onuň switrini ýokary göterip başlady. – Garyp, gel, çykaryn! – Onuň özi eşiklerini ýeňiljek çykardy-da, özüni ýere, halynyň üstüne bakan goýberdi. Soň Garyby öz üstüne çekdi. – Näme edýäň,Ýok, ýok!.. Garyp her näçe seretmäýin diýse-de, Inganyň ap-akja, ullakan göwüslerine, ak mermerden guýlan ýaly belent sagrysyna, egnine düşüp duran mele saçyna seredip galdy. – Ýok! Garyp syçrap ýerinden turdy-da, işige bakan ylgady. Şol pursat gapynyň jaňy kakyldy. Inga onuň yzy bilen daşky otaga çykdy, gapynyň jaňy kakylan badyna-da, yzyna ylgady. – Açma! Dur, häzir gitme!.. Garyp ýeňiljek geýimini alyp, köwşüni geýip, işigi açyp okdan sypan ýaly, lifte-de garaşman, basgançakdan basgançaga böküp, ylgap gitdi. Ol umumy ýaşaýyş jaýyna gelende, Aýöbölek diýen gyzyň gelip gidendigini aýtdylar. Täze ýylyň başynda, oňa «Sowet edebiýaty» žurnalyndan müň manatlyk gonarar geldi. «Prawda» gazeti onuň «Salam mähriban halkym!» diýen alty bentlik goşgusyny gazetiň Täze ýyl nomeriniň birinji sahypasynda berdi. Ol gyşky ekzamenlerini diňe bäşlige tabşyryp, oba gaýtdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |