20:51 Akara oklanan goşa monjuk / hekaýa | |
AKARA OKLANAN GOŞA MONJUK
Hekaýalar
Hekaýa Biz hernä täze ýyl golaýlaberende öňünden şähere gitmegiň arzuwyny edýäris. Täze ýylda gyz bilen tanyşmak aňsat bolýar. Taýyp ýykylan gyzyň, üstündenem gary kakyp tanşybermeli. Obamyzdan iki sany oglan geçen täze ýylda tanyş bolup, eýýäm öýlendi. Tanyşmak üçin bolsa köp zat gerek däl, bir-ä jübi telefony, birem typançak ýer. Ýöne täze ýylda garyň ýagjagy, ýagmajagy belli däl. Şonuň üçin şähere gitjegime begensemem, gar ýagmasa ýypançak ýeriň bolmajagy mazamy aldy. Bahym onuňam çykalgasy tapyldy. Obaňda guragyrly bar bolsa ol-a gar eken, jöwenegiň ýagjagynam aýdýar. Men obamyzda indi öňräkden bäri guryagyrdan ejir çekýän Gulbedew agalara eňdim. Gulbedew aga daşarda goňşusy bilen küşt oýnap oturan eken. Keýpi daş ýarýar. Ýa-ha aýagy ganymatlaşypdyr ýa-da döwi rüstem gelýär. Ol meniň sowalyma oýnap oturan oýnundan ünsüni bölmän jogap berdi. – Ýagdaýlarmy... Şujagaz pyýadam perzi çyksa... Gyşyň güni Gün çykýan ýaly bolaýar. Guryagyryňkam ymaratlyja gün bilen-dä, şu wagta çenli maýyllyk bolup gelýär, belki, bi ýylyň gyşy şunlygyna geçäýedi-dä. Gowja howanyň bolmagyny diläweri Öwekge, şükür ýylyň ygal-a ýetdi. Esasy gar beýleki düşmese bor... Täze ýyldan sag-aman ätlesek öňümiz maýyllykdyr... Men içim näçe byjyklasa-da, bildirmän Gulbedew agadan daşlaşdym. Eger bi ýyl, täze ýylda gar ýagmasa, ýene tegelek bir ýyl garaşmaly boljagymy ýatlap, ýerliksiz ýere obamyzyň iň garry iti Baltagyň böwrüne depdim. Hiç zada düşünmedik janawar, aňyrraga baryp, ýüzüme naýynjar seretdi. Men görmediksirän boldum. Ertir täze ýyl diýlende howa bulaşdy. Men muňa begenip, ýene Gulbedew agalaryň gapysyny kakdym. Meniň yzly-yzyna «halyny» soramaga gelenime monça bolan gojanyň öňem ýukalan ýüregi hasam ejizledi. – Öwekge, sen adam boljak, ýaşululara hormat etseň... Gulbedew aga, hossar tapynan ýaly, bir topar öwgüli sözleri aýtdy. Galyň garyň düşjekdigini duýdurdy. Bi ýylyň bijin ýylydygyny ýatlatdy. Aý, garaz, meniň öň etegimde pälä oýnabermeli etdi. X X X Ýol uguryndan geçip barýan awtobusa zordan ilişdim. Gyslyşykdygyna garamazdan, awtobusyň içindäki begençli sesler meniň begenjimdenem bäş beter. Kim sowgadyň gürrüňini edýär, kimsi tortuň. Aý, garaz hezillik-dä. Şäher bizdenem söň oýanypdyr. Ikibir-ikibir adamlar geçişip durlar. Hemmeleriň ýüzünde täze ýylyň şatlygy görünýär. Tanamasalaram gaşlaryny gerişip, begençli habar aýtjak ýaly ýylgyrýardylar. Dünýe owadan. Onuň içinde özümem barlygy ony hasam owadan edýär. Eger adamlar hemişe täze ýyly garşylaýan ýaly bolup gezseler, olar hiç haçan garramajak ýaly. Haçanam bolsa bir wagt ol şeýle hem bolar. Men adamlaryň gatnawly ýerinde, typançak ýeri peýläp esli durdum. Üşesemem, ynha ýykylar, ynha ýykylar diýip kän garaşdym. Ýöne typyp ýykylan gyza däl, kemtersinden büdrän garram bolmady. Garaşmakdan ýaňa bizarym çykyp, oba gitmek üçin Tekeabazaryna niýetlenenimem şoldy weli, biri aýagymdan alan ýaly serrelip gitdim. Kellämi galdyrsam bir gyz üstüme abanyp dur, özem kömek etmek üçin elini uzadýar. – Seresabrak boljak bolaweriň, ýer gatydyr... Görsem ol üstüme ýelmeşen garlaram kakjak bolýar. Men tas oňa, senem taýyp ýykylan oglany gözleýärmidiň diýip sorapdym. Ýöne gyzyň pikirjeň gözleri meniň o pikirimden dändirdi. Ylaýta-da onuň elindäki galyň kitap, bi sözüň açylmagyna kömek etdi. – Kitaby kän okaýarsyňyz öýdýän... Şeýle sözi öň eşitmedik ýaly, ol meniň ýüzüme seretdi. – Olarsyz men ýaşaýşy göz öňüme getirip bilemok... – Nähili kitaplary okaýarsyňyz? Gyz meniň ýüzüme seredip, sizem onuň aşygymy diýýän ýaly çalaja gözlerini süzdi. – Köne kitaplary... Menem köne kitaplary gowy görýärdim. Şonuň üçin kitaba düşünýän bolsa, maňa-da düşüner diýip begendim. Kitap maňa tanyşdy, onda oglan bilen gyzyň päk söýgüsi beýan edilýärdi. Gyz meniň kitaba imrinenimi aňyp gürrüň bermäge başlady. Kitap gyzyklydy, gyz ony süýjedip hasam gyzykly edýärdi. Birdenem kürtdürip ýüzüme seretdi. – Näme kitaby halamadyňyzmy?.. Men başymy ýaýkadym. – Ýok... – Onda näme bir zatdan nägile ýaly... Men dogryjamy aýtdym. – Hiç bir gyzyň özümi, şeýle söýgi bilen şü kitapdaky beýan edilýän söýgi ýaly söýmändigine oturyp-oturyp içim ýanýar... Gyz çalaja gülümsiredi. Biz hamana öňden, şu güni duşuşmaga belleşen ýalydyk. Gyzyň gürrüňlerini diňlemek ýakymlydy. Olam köpden bäri şeýle diňleýjä gabat gelmedik borly, hezil edip gürleýärdi. Kä ýarymam edýän gürrüňleriniň nähili täsir edýändigini biljek bolýan ýaly gabak astyndan seredýärdi. Şonda ol hasam ýüregime ýakynlaşýan ýaly bolýardy. – Käte şeýle bolýar, garnyňa dok, eşigiňem bitin, ýöne seni nähilidir bir düşnüksiz gam basýar... Men tas, şeýle ýagdaý mende-de bolýar diýipdim. –Nirädir bir ýerlere gidesiň gelýär, ýöne nirä gitjegiňi özüňem bileňok... Bi meniň gaty köp wagtlardan bäri gözläp ýören adamymdy. Şonuň üçin bir zady taşlap, sähralyga gidip, diňe şu gyz hakynda pikir edesim gelýärdi. Gyz bolsa gaty köp wagtlap ýalňyzlykda ýaşan adamyň öz gussasyny aýdyp, derdini egsişi ýaly birsyhly gürleýärdi. – Öň men ýöntem pikir edip, dünýedäki gyt zatlar pul bilen alynýan bahaly, has gymmat zatlardyr öýdüp ýörüpdirin. Ýöne ýalňyşýan ekenim. Iň gymmat, tapmasy kyn zat pikirdeşiň eken... Golaýjakdan Bethoweniň ölmez-ýitmez Surykasynyň sesi eşidilýärdi. Gyzyň gyzgyn ýüregindäki ganatly sözler jadylaýjy güýç bilen kalbyma siňýärdi. Men olary diňledigimçe ýene diňläsim gelýärdi. Sebäp menem şol gyt zady ömrüm boýy arzuw edip gelýärdim. – Adamlar gelişleri ýaly, bilniksiz gidip durlar. Garaýelem olary şo ýuwudyp otyr. Eger olar dünýä bir zat goýup giden bolsalar, ertirki gün il-gün olaryň gidenini bilip ýatlardy... Biz soňam köp gürrüňiň başyny agyrtdyk. Durmuş hakda, edebiýat hakda, dünýä gelip gitmegiň manysy hakda. Hoşlaşjak bolamyzda ol boýnundaky owadan goşa monjugy akyp ýatan akara oklady. Soňam ýylgyrdy. – Ýene-de, indiki ýylam, Täze ýylda akaryň başyna gaýdyp gelerimiz ýaly, bi edilýän yrym. Adam iň eý görýän zadyny galdyran ýerine ýene gaýdyp gelermişin... Gyz şeýdip, owadan monjugyny hemem meniň ömrüme ýoldaş bolan sözlerimi galdyrdy. Meniň şo döwürler iň eý görýän zadym süýji arzuwlarymdy. Şonuň üçin galdyrmaga hiç zadym bolmany üçin gyza sowal berdim. – Adyňyzam soramandyryn... – Ady bilen adamyny ýadyňa salmak... Gürrüňdeşiň kalbyňda galdyran täsiri saňa ony ýatladýar. Men seni gören badyma, edil özüm ýaly durmuşdan gözleýän zadyny tapyp bilmän ýören ýalňyzdygyňy aňdym. Ony tapmak kyn, onda-da nebir kyn... Näme gözleýänimizi bilmesegem biz ony gözläp ýörüs... – Siz nädip, meniň... – Siziň duýgyňyz başga ýerdedigini gözüňiz aýdýar... Biz geljek ýyl ýene duşuşmagy arzuw edip hoşlaşdyk. Indiki ýyl, mähetdel etmän akaryň başyna bardym. Soňky ýylam. Soň-soňlaram gyza derek diňe goşa monjugy görýärdim. Ýöne her gezek monjuklara gözüm düşende, gyzyň süňňüme siňdiren sözleri, sowuk kagyza jan girip, onuň ynsanyň ýüregini ýylydyşyşy ýaly kalbymy ýyladýardy. Ýalňyz mahalymam olar sözläp başlaýardylar... Her gezek ýyl çalşanda inçejik umyt bilen akaryň başyna barýaryn. Göwnüme bolmasa şol gyz görünäýjek ýaly. Çalaran başyma indi altmyşynjy ýylyň gary sepeleýär. Meniň kararsyz göwnüm entegem, durmuşdan näme gözleýänini bilmän ony gözläp ýör. Şu gün öňki endigim ýene akaryň başyna alyp bardy. Monjuklar henizem öz syrlaryny aýawly saklap hesretli dymýar, daş-töwerek hezillik. Täze ýyl hemmäni öz şatlygy bilen bendi edipdir. Meniň bolsa aglasym, özem gaty sesim bilen gygyryp aglasym gelýär. Sesimi altmyş ýyl mundan ozal sataşan eli kitaply gyzyň eşideri ýaly... X X X Öten agşam ol meniň düýşüme girdi. Ol ýene öňküsi ýaly gürrüň berýär. «Adamlar dünýä bir zat goýup giden bolsalar, il-gün olaryň gidenini bilip ýatlardy...» Bu indi onuň ikinji ýolam girşidi... Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Bagtymyzyñ başy bolsun-da... / hekaýa - 22.12.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |