00:39 Akja kebelege ýüzlenme | |
AKJA KEBELEGE YÜZLENME
Ne parhy bar meniñ yatan ýerimiñ, Daş çykyp bilmesem, gezip bilmesem. Ne peyda bar islämde-de ölümi, Ajaly gujaklap ölüp bilmesem. Ne peýda bar uçup giden bürgütden, Penjesinde alyp gitmese meni. Nädeýin men gargalaryñ şalygyn, Öwrenip bilmesem olañ dilini. Ne peyda bar maña biwepa ýardan, Bir nadan oguldan, gadyrsyz gyzdan. Çat açan yüregim ýeriñ üstünde, Gitmek islän wagty ýaz bilen güýzden. Nädeýin men gök agaçlañ saýasyn, Uzaklardan maña ýat Gün görünýär. Penjiräñ öñünde akja kebelek, Pelpelläpler iki ýana urunýar. Bu jahanda ýalñyz syrdaşym meniñ, Kebelejik, deñ sen dünýe malyna. Sen-ä meñ halyma dözmän urunýañ, Men bolsa aglaýan seniñ halyña. Annasoltan KEKILOWA. | |
|
√ Eý, beden patyşasy, janlaryň şasy... / Goşgular - 08.08.2024 |
√ Şygyr ýazylmaýar, dogrulýar ahyr / Goşgular - 16.09.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Agyrrak goşgy / Goşgular - 23.07.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 02.07.2024 |