21:26 Aksona / ýumoreska | |
AKSONA
Satiriki hekaýalar
8-nji mart baýramçylyk ýumoreskasy Men tas kyrk ýaşyma çenliräk öýlenmän, ýekelikde ömür sürdüm. Hawa-da, inžener üçin öýlenmek hökmanam däl diýen akyla gulluk etdim-dä. Ol ýalňyş ekeni. Öý işini etdir ýaly zenan gerek boldy, menem robot ýasatdyraýdym. Çyzgysyny özüm çyzdym-da, «Aşneftemaşa» robot zakaz berdim. Puluny töledim. Ýük göterijiligini zenanlar ýük göterijiliginden birneme bärräk edip, orta hasap bilen bir sentnere (100 kg) laýykladym. «Näçe at güýji bolmaly?» diýen sowaly öz-özüme berip, özümem «orta tap bir aýal güýji» bolmaly diýibem kesgitledim. Häzirki bir halta un 50 kilograma deň. Ondan artyk meniň un normamyň bolmagy mümkin däl. Maşgala agzam az. Kartoşkanam, soganam, käşir kelemem indi haltalap aljak gümanyň ýok. Bahalary «e-eý-ho-ow!». Näçe peýdakeşiň elinden geçensoň, bize gelip ýetýär. Gawundyr garpyzam şolar ýaly-da. Nätjek-dä, bazar ykdysadyýeti-dä! Soň dünýeler düzeler. Bolçulyga ýetsek, demir bilen kömür gyt däl-ä, ýene demirden kuwwatlyrak robot aýal ýasatdyraýaryn-da. Çyzgysyna özüm ökde. Mikromillimetrine çenli hasaplap bilýän senetlerim bar. Kibernetikany hudaýa şükür, ilden soramaly däl. EHM çep elimden gelýär. Meň demir «aýalymyň» işi kyn, görgüsi ýaman ol biçäräň. Sebäbi, men on altynjy etažda ýaşaýan. Köplenç lift işlemän galýa, ýa bir ýeri näsazlyk tapýar, ýa-da tok kesilýär. Bir gezek goňşym toýunda daşarda uly gazanda tüwi bişirdi. Gazany ýokarky etaža alyp barýarka altynjy etaža ýetemizde lift doňdy galaýdy. Demir «aýalymy» garradýan iş oduk-buduk alyp ýokaryk ýykmak. Hut şol biçärejigiň bilini üzýä-dä. Häli-şindi nurbatlaryny towlap, ýaglap durmaly bolýan. Bir sagat işletseň iki sagat ideg etmeli-dä. Garpyzdyr gawun bolsa-da aşakda, ýerde iýip, paçagyny, çigidini Müslim agaň bag goýnuna berip, özümiz dähedem-dessem ýokaryk çykaýýas. Entegem bahasy galarak, ýogsam ondanam köp iýiljek. Ana, gök önüm daşamak «Aýalyma» wiý, bagyşlaň, häliden bäri adyny aýtmandyryn, Aksona kyn bolýa. Şoň üçinem oňa Ýaponiýaň güýçli batareýalaryny oturtmaly bolýan. Şolam çydaman köýýä-dä, agyr ýük «organizmi» tiz sandan çykarýar, basym tozdurýar, türkmençeläp aýtsak, wagtyndan öň, ir garradýar-da. Garraňsoň sen kime gerek. Ýük üstüne ýük basyberseň ýapon lampoçkalaram tiz-tizden köýmek bilen-dä. Zapas, ätiýaçlyk şaýlar bolsa gaty gyt. Keýigiň şahyna çykdy. Barlaram ot bilen ýalyn, dollar gerek. Käte bir göwnüm, beýdip ýöreniňden-ä komsomol toý tutup, uly köçeni ýapaga-da öýlen diýýär. Beýleki göwnüm: şaý-sep, ritm-blok, wideo, bagşy, sazanda, gözi gazanda, «daşyny dola», broşka, gulaksyrga... seni tozdurar diýýä. Bir gezek krowatda pikir edip ýatyrkam, goňşym howsalaly ýagdaýda öýe kürsäp girdi-de, bir ýakymsyz habar getirdi. «Aýalyň» wiý, bagyşla robotyň Aksona çalam-çaş bolup ýatyr» diýdi. Ylgap çykdym öýden. Görgülijik on bäşinji etažyň deňinde ýykylypdyr-da. Gapdalynda adam ýaly sekiz sany palaw kädi ýatyr, alty sany kelem, olaram aç eşege ýük boljak, ýetmiş kilogram kartoşka, her biri ýetim oglanyň kellesi ýaly. Eýrandan gelen. Bäş kilogram gelen, hersini sekiz bölüp atsaňam, naharyňa abatlajak, üç litrlik tomat pastasy. Banka döwülipdir. Süzme, kişmiş, aý garaz, sanasaň sogaby bar, dargaşyp ýatyr. Biçäräniň gözleri bolup hyzmat edýän lampoçkalary bireýýäm öçüpdir. Ýöne gözleri açyk. Maňa garaşypdyr-da. Baryp, elim bilen sypalap, razy bolaweri diýip, gözlerini ýumdurdym. Gözlerime ýaş aýlandy. Ýüregini, pulsuny barlap gördüm, eger-eger, hereket ýok, öten ýyl ölen ýaly. Ýylysy bireýýäm sowap galypdyr. Goňşular üýşäýdiler. Ýogsam möňňürjekdim. Soňam birküç gezek «aýal» robot ýasatdyrdym. Olaryňam ýagdaýy kysmaty ýaman biçärejigiňki ýaly boldy. Menem dogan-garyndaş bilen geňeşip ur-tut öýlenäýdim. Aksona diýen bir gowy gyz bardy. Söýşenime, gowy ýigide barjak diýip köp ýaşap otyrdy. Şeýdip otuz bäşi arka atypdy. Öň demir «aýallaryma-da» şoň adyny dakardym. Aksona gyzyň işeňňirligi, güýji-kuwwaty meni özüne çekerdi. Ol owadandam. Ol köp ýyllap «reklama habarlary» hepdelik gazetine gowy ýigit gözleýän diýip bildiriş hem beripdi. Gowy ýigit kaýda saňa, onsoňam boýy bir metr segsen santimetrden geçmelimiş. Ýokary bilimi bolmalymyş. Kooperator, biznesmen nirde saňa. Şerti agyr-da. Arak, çilim agzyna almaly dälmiş. Ahyr maňa sataşdy-da. Ýöne inžener bolsa has gowy diýýän şertine gabat geldim. Tehnika hernäçe kämil bolanda, ol, barybir, tehnika bolýa-da. Käte kosmosdaky iň kämil tehnikalaram seni orta ýolda ryswa edýä. Baýkanura gonmaýa-da, seni okeana taşlaýar. Meniň şindiki hakyky Aksonam hemme işe ezber. Bir görseň keşde gaýap otyr, bir seretseň ütüjiler, bagyşlaň satyjylar bilen nyrhda oňuşman, goh edip, bazary göçüräýjek bolup ýör. Kem çekýäň, çotda urýaň, gaýtargymy bereňok diýip, dükançy bilen haklaşyp, hakyny iýdirenok. Öňki demir «aýalym» satyjy galplyk etse ýelmärdi. Soňy jenaýata barýa beýle hereketiň. Näçe gezek sudlaşyp, jerime-de töläpdim. Häzirki hakyky Aksona edenli hem güýçli. Eger mugt diýseň Köpetdagyňam arkalap, on altynjy etaža hyk-çoksuz çykarjak ol. Asyl ýaýdanyp duranok. Kir ýuwanda dagymy, ýanynda «Kirgiziýa» diýen kir ýuwujy maşynyň dagyň bir aşykdyr. Meselem, «Kirgyzyýa» geýimiň ýakasyny, ýeňini, jübüleriniň agzyny aýratyn ýuwanog-a.meniň Aksonam şo zatlaram oňarýa. «Kirgiziýa», mysal üçin, çagalaryň geýiminiň jübüsindäki demirdir daşy, aşykdyr başga zatlary aýranok-da haýdaberýär. Demir bilen hakyky aýalyň deň däldigini bildiňizmi indi?! Meniň hakyky Aksonam kir ýuwanda, bilýäňizmi, ýene bir zada aýratyn üns berýä. Olam jübüdäki pul. Şolary barlap ilki alýa. Soň ýuwup başlaýa. Men synamak üçin gizlin jübülemde-de pul goýup gördüm. Hökman tapýa. Edil milisiýaň ysgaw owçarkasy ýaly-da. Men öň demir «aýally» döwrümde çykdajym köpdi. Remont üçin, ätiýaçlyk, zapas şaýlar üçin, baý, pul dökendirin-ä, juldan çykardym. Kendirigimde kent galmady. Demir häli-şindi näsazlyk tapýa-da. Emma hakyky «žiwoý» aýal çydamly bolýa. Ýöne aýaly garradýan zat peýdakeş aýallar ekeni. Ystambyla, Kaşgara, ondanam daşara gidip, her hili geýimler, matalar getirip, aýalym Aksonany odukdyrýarlar. Ýöne meň Aksonam akylly. Artykmaç moda kowalaşmaýar. Ýogsam sähel ýelýürek, yňdarma bolsaň seni azdyrjak, küşgürjek, gižželejek tapylýar. Öňki demir robatyma-da «Mende zapas, ätiýaçlyk şaý bar» diýen peýdakeşler bardy. «Al, özem ýaponskiý» diýerdiler. Öňki robotyma men-ä predohranitel oturdaýypdym. «Pylan zat aljakmy?» diýen peýdakeşe sögýärdi. Hakyky zenan Aksona öýlenenim bäri remont karkaşagyndan dyndym, artykmaç çykdajym ýok. «Kirgiziýa» maşynymy hem «metalloma» tabşyrdym. Indi onda kir ýuwulanok. Kir işini öz Aksonam daşýany bilen oňarýa. «Kirgiziýaň» indi bize geregi ýok. Ondanam daşgary Aksona poliklinikada pol ýuwujy. Aksonamyň jany sag bolsun. «Kirgiziýa» üçin, bilýäňmi näçe elektrik togy gerek. Aksona bolsa tok gerek däl, gaýtam ol tokdan gorkýa. Bir gezek ony çalarak tok urdy. Aksona ätiýaçlyk zapas şaýam talap edenok. Şol gydyrdanan bolup ýör. Käte diýýär: «Waý, bilim ýazyp gelýä!» Ýatyp tursa dynjyny alýa-da ýene eňiberýä. Käte Arçmana, Mollagara gidip gelse, ýene öňküsi, tut ýaly. Öňler demir aýalym barka goňşular gelerdiler. «Goňşy, robot aýalyňy birsellem berip dursana, daşatmaly ýükümiz bar» diýerdiler. Berseň-ä sandan çykyp, maýryp getirýärler, urýalar ýüki, basýalar gerşine agyr-agyr haltalary, ony «Kasemsotdyr» öýdýärler. Sypan ýerlerini bejertmek, çöken batareýasyny zarýada goýmak, köýen lampoçkalaryny çalşyrmak bilen olaň işi ýok, özüm etmeli bolýadym. Bermeseňem, senden erbet adam ýok. Bir ýorgandan çykan ýaly, salamlaşanoklar. «Näçe ýük urduňyz?» diýseňem aýdanoklar. «Aý, bizde ýük nämişlesin» diýýärler. Indi hakyky aýala öýlenenim bäri «Aksonany birsalymlyk bersene, ýükümiz bar» diýip gelýän ýok. Geläýselerem «özünden soraň, razy bolsa alyp gidäýiň» diýjek. Her kimiňem jany süýji, on alty etaždan özüni oklasy gelenok. Ýöne goňşular toý tutsa, aýdylan janly etse kömekleşýä. Hamyr ýugruşýa, çörek bişirişýä, dograma dograşýa. Öň demir aýallykam baýramçylyklarda ýeke oturyp, ýüregim gysyp, ýöne diwaryň ýüzünde as ýaly gezer ýörerdim. Indi ýanymda Aksonam bar. Ine, bu günem üýşüp, 8-nji mart baýramyny geçirýäs. Gadyrdanlar, kirpigi ok, gaşy kemanlar, Aksonalar, päksonalar, 8-nji mart baýramyňyz gutly bolsun! «Nesil» gazeti, 07.03.1995 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |