21:32 Aladaly agşamyñ arkaýyn söhbeti / mini hekaýa | |
ALADALY AGŞAMYÑ ARKAÝYN SÖHBETI
Hekaýalar
Iñrik öñräk garalypdy, onsañ çagalar daşarky çyrany ýakdylar, hemme ýer ýagtyldy allanäme. Öý bikesiniñ aladasy özüne ýetik. Sygyrlary guzlajak bolup biynjalyk. Onsañ gelen myhmana çaý-suw goýmaga hem eli ýetenok. Aý, myhman çaý-suw diýibem duranok, günde gelýän myhman. Gartmaç goñşy ýap-ýañy yagtylan howlynyñ garañky burçlaryna çen çiñerilip garady. Öý eýesi tapjandan ýer görkezdi ahyr. Öý eýesiniñem gözi guzlamaga gyssanýan sygyrda. - Hä, aý howwa özi kyn biraz - diýip, öz ýanyndan bir zatlar hümürdeýärem. Gartmaç goñşy: - Elbetde, başda hemme zat kyn bolýar. - Howwa-da, adam dünýä inende hem añsatjak boluberenok. Birtopar adamlar bolup, köpläp- kömekläp alyp çykmaly. Gartmaç baş atyp makullap, ýoknasyz ýylgyrýar: - Dogry, şo dogulýan pursatyñ ýadyñda galmaýşam bir gowy. Dar ýerden daryl pena çykjak bolup, çygynyp-çygynyp edil şol epizodlar pamidimizden öçäýýärmikä ýa? Öý eýesi gepi täzejek boldy: - Soñundan bulaşanyndan ilki kyn bolany gowumy diýýän. - Başynda kyn bolsa, soñunda hem añsat bolmazmyka diýýän. - Şonda-da başynda hezillik bolup, ahyrynda azap boljak bolsa, şol ýaman. Öý bikesi guzlajak sygyr duran teläriñ töwereginde ses-üýnsüz aýlanyp ýör. Körpesini çagyryp, bar kakañ daga çay-suw beriñ diýýär gerek. Gartmaç goñşy agşamky asmana seredip: - Gün bar-a, Gün... - diýip goñşusyna seredýär. - Haysy gün, asmandaky Günmi? - Ýok, biziñ gündelik durmuşymyz. Günümiz. Şolam tap gije ýaryndan hasaplanyp başlanýar. Öý eýesi: - Şonuñ üçinem her gyşdan soñ bahar, her gijeden soñ hem säher bolaýmaly diýýän gep bar-a. Gartmaç goñşy godalak kellesine geýen takgasyny iki barmagy bilen saklap ýeñsesini gaşady: - Uzak gijäni ýatman, şöwür çekip geçiren nekgendeler üçin-ä säheriñ manysam ýokdur-laýt?! Günüñ dogşy hem gyzykly däldir olar üçin. Öý eýesi ýene salykatlyk etdi: - Dogry - diydi. - Ýöne olam hil-hil bolýar-da, sähere çen şöwür çeken näme üçin ýatmady? Bir bozuk işiñ ugrunda irikgä bolup garaşyp, kirpigini kirpigine gatmadymy, ýa agyr kesellini saklap ýatmadymy?! Parhy kändir. Gartmaç goñşy dogry diýen manyda, dodagyny çommaldybyrak, ýüzüni aşak ýokary etdi. Öý eýesi sözüni gutarman eken: - Eger haýyr iş üçin ýatylman çykylan bolsa, ýatmadyk bende dañ agaran dessine ýatsada asmandaky Günem, töwerkdäki il-günem ondan razydyrlar. Gundiziñ güni onuñ uklap ýatmasy hem Gün mysaly göreniñ ýüregine ýagtylyk çaýýandyr. Ine, onsañ... Öý eýesiñ belent äheñli nutugyny körpesini ñ şadyýan sesi bozdy: - Eh-hey, buşluk, sygyrymyz öküzçe guzlady. - Yañy bir müçejik ýaşan oglanjyk entek suwy sarykmadyk gölejigi gujagyna alyp gelýärdi. - Burnuna üfläp, gulagyny özüm dişländirin. Meñ öküzçämdir. Sylapberdi MUHAMOW. 20.08.2024. Moskwa. | |
|
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |