07:11 Aldajy / satiriki hekaýa | |
ALDAJY
Satiriki hekaýalar
Ýas ýerinde märeke hyň berýärdi. Her kim güne garap, sagada seredip, birine sabyrsyz garaşýardy. «Haý, şol molla bizi mähetdel eder-ow!» diýip, biri hüňürdedi. «Atabal aga gelenok-la?!» diýip, bir ýaşuly elewräp ýöredi. Şol wagt ýaşyl «Niwa» göründi. Märeke gurt gören goýun ýaly gozgalaň tapdy. On-on iki adam ýortup, şol tarapa ugrady. Olaryň arasynda iki-ýeke eli kündüklisem bardy. «Polotensaň täzesini alyp çykyň!» diýen ses eşidildi. «Niwanyň» rulunda ganara gum dykylan ýaly dykyz, daýaw pyýada, gurşundan guýlan ýaly bolup otyrdy. Dakynan äýneginiň bir gözi garady. Çal sakgaly döşüni ýapyp durdy. Ol maşyndan düşmän, arzyny artdyrmak üçinmi, nämä, birsellem oturdy. Belki, onuň tozan ýatyşsyn diýýän bolmagy hem mümkindi. Ähtimal, gelen ýerine göwni ýetýän däldir. Soňky pikir dogry boldy. «Niwada» ýaşulynyň özünden başga adam ýokdy. Yzky oturgyçda togalanyp, truba ýaly edilen uly haly bardy. Ol Orta Aziýa-Merkez gaz magistralynyň trubasy ýaly ýogyndy. — Atabal aga, täretiňiz barmy?! — diýip, ol heniz maşyndan düşmänkä, eli kündükli, egni täp-täzeje polotensaly ýaşuly oňa ýüzlendi. — Nämä howlugýaňyz?! Iki gezek gatnaw etmekçimisiňiz?! Ilki taňry salamy bolmaly. Bir zat ýuwdup, nepesi durlamaly. Onsoňam siziň merhumyňyz Jepbar neçellige bolarlyk täret mende elmydama-da bardyr — diýip, Atabal aga ajy ýylgyrdy. Agzyndaky ähli dişleri gyzyldy. Ýyldyrym çakan ýaly bolup, agzy ýagtylyp gitdi. Ol okuny nyşana atdy. Ondan soň äwmän: «Ýak, pirim şahymerdan, ýak, Ysmamyt ata!» diýip, kynlyk bilen maşyndan düşdi. «Niwa» bir sere dagy beýgeldi. — Görsene, onuň gyşarylyp aýdýan gepini. — Jany ýanan biri hüňürdedi. «Egri agaç ýarsgynyna gider». «Türme-de düzetmändir». «O dünýä-de düzedip bilmez». Il howluksa-da, Atabal aga alňasanokdy. Jynazadan öň ol göknar ezdirip, bir şakäsäniň dolusyny başyna çekdi. Gowadaklap synja gylyp, öýle namazyna durdy. «Seminallowhuly melhemide» diýip egleninde mahmal külüçesiniň jübüsinden oýnalýan karta döküldi. Ýarym ýalaňaç damalar sežde ediljek ýerde çaşyp ýatyrdylar. «Işan aga karta heýwere ökdemiş. Elini görkezip oýnaýarmyş». — Hawa, adamlar, indi näçe merhum Jepbaryňyz bolsa, getiriberiň! — Eşidýäňizmi, onuň kölegeli gürrüň edişini — diýip, aňyrrakda biri dillendi. Oňa-da: — Kes sesiňi! — diýdiler. Atabal aga jynaza okamak üçin öňe geçdi. Onuň aýagynyň aşagyna mahmal ýazdylar. — Gör, milleti, täze nysak tapýa — diýip hüňürdedi. — Indi, ähli ile ýoň bolar. Barlynyň kesapatyndan ýoksul horlanýa. Atabal aganyň keýpi diýseň kökeldi. Göknar oňa ganat bekledi öýdýän. Ol onda-mundan gürrüň edip otyrdy. — Şu ýyl-a özi, Hudaýa şükür, agramçylyk bolup dur. Ölýän köp. Ýetişip bolanok. Adamlar, aýyplaşmaň. Neşe serhoş edäýdi meni. Birneme gijä-de galyp geldi diýibem öýke-kine etmäň. Ýaňy ol obada gaýdyş bolan bir bendäniň jynazasyny özüm okadym. Özi sargyt eden ekeni. Atabal magsym okasyn diýip. Olaram «Atabal aga, saňa şu hyzmatyň üçin haly berjek» diýişip eglediler. Dükanda gowy haly ýok ekeni. Raýpoň skladyndan tapyp getirdiler. Hanha maşynda durandyr. Näler almajak boldum. Garyp adamdy. Siziň ýaly gurply, döwletli adamlar ikisini berseler-de, gelişmän duranok. Jepbar milise näçellikkä wagtynda beýlesine birneme basandyr — diýip, Atabal aga Jepbaryň hossarlaryna kakdyrýardy. — Zat bereniň zyýany ýokdur. Bizi sylany Alla ýalkasyn. — Ýene ol almytdan gürrüň etdi. — Pygammerlerimiz: «Eli zatly ýanyma gelseler gowy görýän» diýipdir. Adamata ýeke özükä: «Alla jan, maňa berýäniň şu ýekeje ujal ýermi» diýip dünýäni az görüpdir. Merhuma döwür edilmeli bolanda Atabal aga: «Jepbaryň özüne degişli zady bolsa getiriň» diýdi. Hossarlary ýaýdanyşyp durdular. «Nagany bolmaly» diýip, Atabal aga hökümli gürledi. «Ol öz adyna ýazylan» diýdiler. «Jamdaky bugdaýyň üstünde goýmaga gerek». Soňra Atabal aga ýörite Jepbar üçin hatym çykyp goýupdym diýibem üç ýüz manat puly şol gün, şol ýeriň özünde aldy. Gölegçiler gelenden soň Atabal agany ugratdylar. Hoşal bolup gitdi. Yzyndan onuň gürrüňini etdiler. — Garaz, oňa hökümet ýyl berip terbiýelejek bolupdyr-da. Adam ölmese, nesibesini çöpläp geläýjek eken-ow. Beh, ine, indem uly iliň apalaýan adamy. Öň kart oýnap ähli zadyny utdurar ýörerdi. — Takwasyran bolup otyr-aýt utanman. — Ýaş ösdürimler-ä ony tananoklar. Tanaýanlaryň hem käsi onuň ýanynda kündük göterip, tabagyndan ýalanýar. — Gybat däl, hakykat, husurly zenan duşsa, çagasy bolmaýan gelin gabat gelse, okabermedenem gaýtmaz ol. Baryp ýatan jalataý. Atabal aga azgynçylykda aýyplanyp basylan ekeni. Şonda Atabal aga para hödürläpdir. Jepbar aga almandyr. Netijede ol sekiz ýyl ýatyp gelipdir. Koloniýada kartkeşler duşupdyr. Endam-jany agyn hat. Ol-a görnüp dur. Arkaýyn çermenip ellerini ýuwup bilenok. Tebäregi depderinden okaýar. Metjitler, mollalar ýeterlik bolmansoň adamlar şolar ýalylara-da ýüz tutmaga mejbur bolýarlar-da. Ilkinji duşuşykda mende bu täsin adamyny öwrenmek höwesi döredi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |