18:40 Alynmadyk sowgadyň syry / hekaýa | |
O ýyllar egnini gysyp, egbarlap oturan Mäne Baba kümmetini gar -ýagyşdan aman saklajak bolup, diş-dyrnak bolardyk. Saman suwagy diýilýän zadam alagetdin başlabermek bolanok. Tomus paýawlap, epgek sowulmasa salkyna sanmagy bolmaz, suwagyň jaýryk-jaýryk bolmazlygy üçin çüýrük saman gerekdir welin, ýöne howanyňam azda-kän-de ýazgynlyk bermegi, salkyna sanmagy gerek. Şundan çen tutup, her ýyl Mäne obasynyň adamlary belli bir gün öwlüýäniň üstüni suwamaga ýowara üýşüpdiler. Bizem bärden kömekçi oglanlar bilen barypdyk.
Hekaýalar
Bäş-alty kilometr ýoly köneje traktorda şalkyldap geçip gelen adamlaryň ýüzünde ýadawlykdan nam-nyşan duýmarsyň. Ýaş-ýeleňräkler janly soýup, çaý-naharyň aladasy bilen bolar. Ýaşulularam tebärek çykyp aýat-doga okar. Soň, iki-üç gün mundan ozal garylyp, ýatyrylyp goýlan palçygyň daşyna geçerler. Aýtma-diýme gerek däl, her kim öz etmeli işine gümradyr... Jalbaryny dyzyndanam ýokarrak çermäp, samanly palçygy depeläp, eýläk-beýläk agdaryp duran adamy görkezip: “Hon-ha, şol Allaberdi diýýänimiz bolmaly. Görsem, gürleşsem diýipdiň...”-diýip, ony meniň ýanyma çagyrdylar: “Gel otyr hany. Ýadama gel, otyr, çaý iç. Araplara duşuşyňy bularada gürrüň ber bakaly...” Şeýdip, men şol gün “haýran galaýmaly adam” diýilýän Allaberdi traktorçy bilen tanyşdym. Indi köp wagtdan bäri agyzdan-agyza geçip ýören bu gürrüňi ilden eşitmek bir başga, ýagdaýy hut öz başyndan geçiren adamyň dilinden eşitmek bir başga. Bu wakany ozal bize her kim birhiliräk gürrüň berdi. Onuň öz aýtmagyna görä waka şeýle bolupdyr... Hikmetli Haweran çölünde nämeler bolmaýar diýsene... *** “Şu wakanyň bir gün öň ýany gije düýş görüpdirin. Ak sakgally, inçemik, uzyn boýly bir ýaşuly ap-ak kepderini maňa tarap uçuryp göýberýär. Kepderi ganat kakyp uçup gelýär – de meniň döşüme gonýar. Men ony emaý bilen sypadym welin, kepderi eräp döşüme siňip gitdi. Men muny nämä ýorjagymam bilmedim, ýöne “Ak zat alnyňa ýagşy” – diýenini ýatlap begendim. ... Ýagyşdan soň ýagtylan giň giden sähralyk. Güýzüň göwne ýakymly howasy. Teležkaly traktorymy tarladyp, hiňlenen bolup gelýärin. Ýükümem ýylgyn, gemre... Ine, birden Şor depäniň eteginde bir ak maşyn göründi. Şorda batyp galypdyr. Biri elini bulaýar. Kömege barmaly boljakdygy düşnükli. Ýuwaş – ýuwaşdan bardym golaýyna... Men ony ilkibada düýşüme giren adamdyr öýtdüm. Uzyn köýnekli, başy sellä meňzeş ýapynjaly ýaş ýigit. Elindäki ýaragyny görenimden “Togdary awlaýan araplardan bolsaň gerek” diýen pikir kelläme geldi. Soň görüp otursam hakykatdanam şeýle bolup çykdy. Depäniň gaýrasyndan ýene bir adam batyp – çümüp gelýär, olam munuň ýoldaşy eken. Dile düşmeseňem üme düşmeli. Garaz, eýdip – beýdip ýaňkylaryň guýma kenek ýaly “Jipini” tirkege alyp, süýräp çykardym. Şol barmana bulary gözläp ýene bir ýeňil maşyn geldi. Olaryňam bary arap, hernä içinde bir türkmen oglanam bar eken, dilmaç. Sagbollaşyp, allaýarlaşyp gibermekçi boldum welin, bolar ýaly däl. Olar meni öz düýp goşuna-çagyrdylar, çyraly düşelgelerine myhmançylyga alyp gitdiler, köp hezzet-hormat etdiler, aýdyp tükeder ýaly däl... Ol ýurtdan bu ýurda seýle gelen barjamly adamlardan geňem görmeli däl. Tagamyň hormatyna doga okap, sagbollaşan wagtym ýaňky arap ýigit meniň öňüme bir desse pul goýdy. Amerikanyň gök pulundan bir desse ýüzlük... Men aňk-taňk bolup galdym. Terjimeçi türkmen oglan puly maňa uzatdy: “Al agam! Muny saňa hyzmatyň üçin sowgat berýärler. Çekinme – de al. Saňa minnetdarlyk, hoşallyk bildirýärler...” Munça puly alar ýaly men näme hyzmat bitiripdirin. “Taňryýalkasyn” aýtdylar, bolýar. Meniň hyzmatymyň bahasy şol. Bu puluň maňa dahylly ýeri ýok. Şu pikirleri kellämde aýlanymdan soň, Şeýtanyň böwrüme dürtüp “Al! Al!” – diýmesine gulak asman puly aljak däldigimi çürt – kesik aýtdym. Araplaryň näme pikir edenini bilmedim. Olaryň pikiri öz ýanynda galsyn. Men welin, puly almaly däldigini bilýärdim. Ol pul meniň gazanan pulum däl. Watan, il-ýurt diýlen zadam bar-a. Men şu ýurduň adamy ahyryn. “Türkmen nähili eken – aý?” diýdirip biljek däl. Öz bolşundan özüň uatanyp ýaşap ýörmeli bolsa...Ýok, men galan ömrümi beýdip ýaşap biljek däl. Men öz çöregini özi gazanyp iýýän, arkaýyn ýatyp, arkaýyn turan adam. Maňa iliň zady gerek däl. Ine, gardaş, Hudaý Tagalla ýaňkylaryň kalbyna salyp, öňüne getirip goýup: “Al, şuny!” diýende-de almadyk adam – a men ilem näme diýse şony diýsin. Biri: “Akmak, samsyk” diýse ýene biri: “Aý, berenem däldirler. Ýalan sözleýär.” diýýärler. Aý, garaz ilçilik-dä... Men öz göwnüme laýygyny etdim. Ynsabymdan, imanymdan daş düşmedim. Eden işim öz göwnüme jaý bolmasa bolmaza. *** Bu gürrüňden soň oňa sorag beräýmek aňsadam däldi, ýöne, her näme-de bosa ara düşen böwşeňligi bozmalydy. Göwnüme bolmasa onuň ýene-de bir zatlary aýdasy gelýän ýalydy. -“Alaýmaly ekenim”-diýýän wagtyň boldymy?! Durmuş – da diýdim. Allaberdi aga ýylgyrdy-da: -Sen özüň meniň ýerime bolan bolsaň näderdiň? Alarmydyň ýa almazmydyň?! Hany, şony aýtsana! Men onuň bu soragyna jogap berip bilmedim... Şondan soň kän wagt geçdi. Men bu sowal bilen dost – ýarlaryma ýüzlenip gördüm. Dogurdanam, her kim birhili jogap berýär. “Almaly eken” diýýän elbetde köp, ýöne “Alman dogry edipdir. Alsa bolanok” diýenem bar. Geň ýeri “Almaly eken” diýenlerden käbiri soň gelip: “Şol sapar ýalňyşan ekenim. Alman dogry edipdir”-diýip, ýörite aýdyp gidenem tapyldy. Garaz, bu sowal adamlary biparh-a goýmaýar. Dogrusy, meniň bu babatda adamlaryň düşünjesini barlap görmek maksadym ýokdy. Ýöne geň ýeri esli wagt geçenden soň, şu meselede gürrüňdeş bolan adamlarymyň deň iki topara bölünýändigine göz ýetirdim: güzerany elhalrak adamlaryň hemmesi diýen ýaly “Alsa bolanok” diýip jogap berýärler. Gurply, güzeran ýagdaýy oňat bolsa – da puluň yşgynda ylgap ýörenleriň köpsüniň jogaby nagt: “Almaly eken!” Okumyş dostlarymyň biri maňa sowgat hakynda ozal eşitmedik zatlarymy gürrüň berdi. Onuň bu pikiri haýsy kitapdan okandygyny biljek däl, ýöne ol bir sözünde şeýle diýdi: “Al” diýip uzadan elden, belki “ber” diýip uzan eliň merhemeti güýçlüdir” Elbetde, sowgat berlende: “Gaýrat et-de, şuny al!” diýlip, haýyşt edilýänligi ýöne ýerden däl. Owal-ahyr sowgady ýalbaryp, haýyşt bilen bermek uluglardan bize miras galan ýoldyr. Ýöne sowgady kabul etmedikde-de, ynsabyň garşysyna gidip bilmän ondan ýüz döndürmekde-de aýyp bardyr öýdemok. Dogrusyny, Alla bilýändir. Bu gürrüň edil şu ýerde gutaraýsaňam bolman durjak däl ýaly welin, ýöne... *** Ýönesi, meniň size ýene bir zady gürrüň beresim gelýär. Ozalbaşdan meniň bu aýdyp berjek gürrüňimiň ýokarky aýdanlar bilen dahylly ýeri ýok ýalydyr. Emma beýle däl. Iş ýerimiz bolany üçin gadymy Abiwerd şäheriniň demirgazyk gyrakbujagynda ýeke otagly jaý gurduk. Yssy-sowukda näme diýseňem pena bolup bilýär. Suw meselesindenem dynmak üçin guýy gazdyrdyk. Ine, şol guýy gazylýan günler ynjalman oglanlaryň töwereginde bolýardym. Kyn hem gyzykly iş. Çaýa çykylan wagty men olara bu gadymy şäheriň öten-geçen gerçekleri hakynda gürrüň bererdim. Gadymy Abiwerdiň meşhur adamlarynyň diňe adyny agzanyňda hyýalyň gör nirelere gidýär... Owhadeddin Enweri- şahyrlaryň şasy, Baba Söwdaýy-diwana şahyr, Soltan Aly Abiwerdi-nakgaş, Nedir şa...ýene-ýeneler. Müň ýyl mundan ozal, Abiwerdiň üstünden “Beýik Ýüpek ýoly” geçen zamanasynda Fuzaýyl Aýaz atly geň ykbally dana bir kişi bu dag etegindäki ýaýlalarda kemal tapyp, kämillige ýetişipdir. Guýy gazyp gazanç edýän bu halalhon ýigitlere men her gün galtamanlaryň serdary Fuzaýyl Aýaz hakynda hem onuň pälinden gaýdyp toba gelişi barasynda gürrüň berýärdim... ....Gadymy Abiwerdiň weýran bolan köşki saraýlary meniň gürrüňimi dymyp diňleýärler. Agşamara, öýe gaýdýan çagymyz bu gala gyzyl çogly gara iňrige gark bolýar-da, goh - galmagaly köşeşip barýan diri şähere meňzeş bolýar. Onsoň bu gürrüňleriň bary onuň tümüstana öwürlen goýnuna siňip gidýär... *** ... Kufenden çykyp, Abiwerde sary ýol başlan agyr kerwen üçin bu çöller hatarlydyr, bu gollar hatarlydyr... Dagy – düzi çapawullap ýören Fuzaýyl Aýaz bardyr. Onuň garadangaýtmaz nökerleriniň haçan, niräňden çykjakdygy belli däl ahyryn. Gorky aralaşan göwünlerde ýeke – täk teselli bar: “Alla duşurmasyn! Duşursa – da göwnüne gowulyk salawersin. Rehimdarmyşyn... Adalatlymyşyn...” Fuzaýyl hakykatdanam ýüregi ýumşak, bäş wagtyna namaz okaýan, dili doga – dilegli adam ekeni. Ol hakyndaky rowaýat kysmy aýdylýan gürrüňleriň birinde şeýle diýilýär... Fuzaýyl dag etegindäki baýyrlykda bir çeşmäniň boýunda çadyr dikip, Allany ýatlap, doga – dileg edip otyrdy. Onuň Gün dogaly bäri ýola garap ýatan bukudaky ýigitleriniň biri ylgap geldi:”Kerwen gelýär, agam! Rugsatmydyr...” - Rugsat, Alladan... Gapyllykda üstüni aldyran kerwene başagaýlyk aralaşdy. Kert öwrümde gabawa düşenler känbir garşylyk görkezjegem bolmadylar. Aman diläp, aglaşdylar... Şu ber – başagaýlykda bir ýaş ýigit içi altyn – kümüş teňňelerden doly pully haltasyny goltugyna gysyp, ýapyrylyp, bukdaklap gözden sypdy. Galtamanlardan esli ara açan ýigit töweregine garanjaklady. Görse, ynha bir çadyr. Ylgap diýen ýaly bardy. Çadyryň içinde bir görmegeý adam ýüzüni kybla tutyp doga okap otyr... - Agam, bizi ýagy çapawullady... Olar şu ýerden uzakda däl. Menden şuny amanat al, agam. Gizle... Enem – atamyň maňa ynanan gazanjydyr. Maňa kömek et. Doga okap oturan adam az salym dymdy, soňra pully haltany aldy – da, keçäniň aşagyna sokup, üstünde oturdy. Şol barmana kerwen uran kakabaşlar ýesirleri ata göwüsledip, naýza diräp bu ýere getirdiler... - Aga, olja oňandyr. Näme hyzmat bolsa, buýryň! Puluny galtamanbaşa eli bilenjik getirip beren ýigit kellesini iki eli bilen tutyp, aşak oturdy. Ýöne Fuzaýyl Aýaz nätdi diýsene?... Bergi – borja batyp ýola düşenler, kembagallar aman galdy, horluk çekmedi. Rysgy güýçlüler, nebsi öňüne düşenler paç tölemeli boldular. Pully haltajygy keçäniň aşagyndan çykaran galtamanbaşy ony eýesine uztdy: - Biz amanada hyýanat edip bilýän adam däldiris. Al amanadyňy. Ýoluň bilen boluber, dogan... Ýolagçy ýigit köp minnetdar bolup, täzeden düzülen kerwene goşuldy gitdi. Bu ýagdaýdan närazy bolan ýigitleriň biri serdara igenjek boldy: - Öte rehimdarlyk edýäňiz öýdýän ... - Belki Alla – da bize rehimdarlyk eder. Belki Keremli Kadyr bize tobany peşgeş berer – diýip, Fuzaýyl Aýaz çadyryna girdi – de, “Toba” süresini zikr etmäge başlady. Bu geň ykbally okumyş hem dana kişiniň başdan geçiren täsin wakalary hakynda ýörüte bir kitap ýazsaň ýazaýmaly . Dürli kitaplarda onuň ömrüniň gözel hem pajygaly pursatlaruy hakynda bölekleýin gürrüňler bar. Soň – soňlar onuň Mekgede Hanaýy Käbede şyh bolup ömrüni ötürendigi hakynda ylmy kitaplarda ýazypdyrlar. Kerwen talaýan garakçylaryň serdary bolan adamyň toba gelşi hakyndaky gürrüňler meniň gözümiň öňünde janlanýar... ... Ak alaňyň üstünde ýaşyl seline bukulyp ýatan Fuzaýyl arkasyndaky çöketlikde jem bolup duran atlylaryna “Çozuň” diýip, yşarat etmelidi. Emma ol jadylanan ýaly boldy. Kerwenbaşy hoşlabyz hafyz eken. Ol Kurany Kerimden şeýle bir aýat – dogalary okap gelýär welin, gollardan owaz akýar... Çöller owaza dolýar... Garagulak iner – maýalaryň hatary jaňlaryň jaň – jaňyna, hafyzyň şirin owazyna maýyl bolup, ýaýkana – ýaýkana sozulyp gelýär. Bu bir kerwen däl – de keremli kelam bolup Fuzaýylyň kalbyna doldy. Hafyzyň aýdýan doga – dileginden hut onuň özüne ýüzlenilýärdi:”...Eý, iman edenler! Gatan kalbyňyzyň ýumşaryna wagt bolmadymy...” “Öňümizde Fuzaýyl bardyr” – diýip, gorkup gelýän adamlaryň öňünden ol iki elini asmana göterip, aglap çykdy:”Meniň günämi ötüň, adamlar. Men toba geldim!”. Ol çogly Günüň astynda çöküne düşüp, depesinden gum guýup aglaýardy... ... Ertesi ol boýnuna tanap salyp, tanabynyň bir ujuny dostunyň eline berdi. Ol özüni Abywerdiň şowhunly bazaryna saldy:”Toba gelen Fuzaýyl Aýazy görüň. Ony uruň, ýenjiň. Algyňyz bar bolsa, talap ediň!”. ... Köp ýyllaryň dowamynda ol gapy – gapy aýlanyp, ynjydan adamlaryndan ötünç sorady, hyzmatlaryny bitirip, göwünlerini awlady. Sopy boldy, tarykat ýollaryny geçdi. Hakyň halan adamy, dilegi kabul bolýan öwlüýä derejesine baryp ýetendigi onuň ömri hakynda ýazgy galdyran adamlar tassyklaýarlar. Mekgäniň şyhy, Keremli Allanyň welisi Fuzaýyl Aýaz bilen haja baranlar duşuşmak islär ekenler, ol welin, pynhan oturyp musulmanlaryň doga – dilegleriniň, göwün – arzuwlarynyň Hakyň dergahynda kabul bolmagy üçin zikr edermişin... Bir sapar külli musulmanlaryň patyşasy bolup oturan halyf Harun ar Reşid Mekgä haj zyýaratyna gidipdir. Şonda ol bu ýerde ýaşaýan belli ulamalardan öwüt – nesihat almakçy bolupdyr. Onuň Fuzaýyl Aýaz bilen bolan duşuşygy ömürlik ýadynda galypdyr. Şol duşuşykda goja ussat halyfa ýüzlenipdir – de şeýle diýipdir:”Sen halyf bolsaň, seniň üçin ýurduň uly ýaşly adamlary eneň – ataň, kiçi ýaşlylary öz ogul – gyzyň ýaly bolmalydyr. Sen olara eneň – ataňa, ogul – gyzyňa garan ýaly garaýarmyň ýa – da ýok?” Patyşa onuň soragyna jogap berip bilmän aglapdyr. *** Belki – de, men bu beýik mertebeli ynsanyň ömrüniň iň wajyp pursatlary barada köp kitaplarda – da ýazylandygyny delil hökmünde peýdalanyp söhbet açmanlygym üçin günäkärdirin. Eger şeýle bolsa, bu gerçegiň hakydasy Hakyň hatyrasyna meni bagyşlasyn. Ynha, indi Abywertli Fuzaýyl Aýaz bilen baglanşykly gyzykly gürrüňleriň meniň üçin iň bir täsin ýeri gelip ýetdi.Elbetde, siz mamla, bu gürrüň sowgat hakynda. ... Ertesi patyşa Harun ar Reşid ýene – de Fuzaýyl Aýazyň gapysyndan barýar. Ol alym Sufýan ibn Eýne bilen söhbetdeş bolup otyr eken. Halyf uly haýyş – hormat bieln içi bir müň altyn dinarly pul haltany öňünde goýýar – da:”Bizden sowgat bolsun!” diýýär. Fuzaýyl puly yzyna süýşürýär – de, almajakdygyny aýdýar. Halyf kän ýalbarýar: - Muny haram gazançdyr öýtmäň. Meniň gazanjym däl, bu maňa enemden miras galan hazyna. Eger özüňize rowa görmeseňiz, onda garyp – gasara, aç – ýalaňaja paýlaýyň... Fuzaýyl puly almaýar. Halyf görgüli nätsin alanok – da . Ol onsoň pulyny goltugyna salyp, gaty erbet gynanyp gaýtmaly bolýar. Bu ýagdaýy synlap oturan Sufýan ibn Eýne patyşa çykyp gideninden soň, uly ahmyr bilen Fuzaýyl Aýaza ýüzlenipdir: - Oňarmadyňyz, ussat, alaýmalydyňyz. Garyp – gasara, mätäçlere paýlanyňyzda bolman durmy näme?! “Men sözümi soňlap – soňlamankam, Fuzaýyl meniň sakalymdan penjeläp tutdy. Meniň janym bokurdagyma geldi. Onuň birmahallar galtamanbaşy bolandygy ýadyma düşdi. “Köne keseli” gozgandyr öýdüp galpyldadym. “Eý şerigat kanunlarynyň ussady. Sen nämäniň alymy?! Eger garyp – gasara bolýan bolsa, ol maňa – da bolardy. Şoňa seniň akylyň çatanokmy?!” diýip, sakgalymy goýberdi welin, ümsüm gaýtdym” diýip, soň – soňlar Sufýan ibn Eýne ýatlar ekeni... *** Arada iş bilen Baýramala – gadymy Merwe gitmeli boldum. Ýol uzak ýoldaşymam Öwez. Ýol kesmek üçin özüň gürrüň beräýmeseň, Öwezden tamakin bolup oturasy iş ýok. Ýöne ol köpigören, akyl käsesi pure – pürlenen adam. Men onsoň howlukman ýolboýy şu gürrüňleri oňa aýdyp berdim. Öwez pikirini jemleýänçä men hyýalymda Abywerdiň öten – geçenleri bilen Maru – şahu – jahanyň gadymy adamlaryny birek – birege duşurýardym. Nurana owadan adamlar ýylgyryşyp, gujaklaşyp görüşýärdiler... Men şu pursatda başdan geçirýän duýgularym hakynda gürrüň bersem Öweziň:”Bäh şeýlemi?”- diýip, oňjagyny bilýärdim. Şonuň üçinem onuň entek pully gürrüňiň täsirinden çykyp bilmeýändigini aňyp, şol belli sowaly onuň öňünde keserdip goýdum: - Sen bolsaň näderdiň?! Hany, aýt bakaly?! Ol bu göni sowaldan ussatlyk bilen sowuldy – da, şeýle diýdi: - Garyp – gasara gezek gelse, hökman bir zat tapylýar duruberýär – aý. Aý, şoňky bolanog – aý. Müň gep tapýarsyňyz, aý, garaz, şoňky bolanok – da... Şu sowala siziň näme jogap berjegiňiz, dogrusy, meni onçakly gyzyklandyryp duranok. Meniň asyl maksadym bu meseläniň dogry jogabyny tapmakda däl. Men ýöne şuňa meňzeş haýran galdyryjy wakalaryň hiç haçan unydylmazlygy üçin beýik Taňrynyň islegine görä adamlaryň durmuşynda mahal – mahal gaýtalanýandygyna göz ýetirendigimi aýtmak isledim. Onsoň şeýle bir hakykat bar: sowgady bermek aňsat, almak – kyn. Ahmet Halmyrat | |
|
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Meniň ýyldyzym / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |