11:08 Anadolynyñ täsinlikleri | |
ANADOLYNYŇ TÄSINLIKLERI
Söhbetdeşlik
● Baýramgeldi Çaryýew bilen Ogulbahar Muhammedowanyñ söhbetdeşligi 2003-nji ýylda Saparmyrat Türkmenbaşynyň Täze bilim syýasatynyň 10 ýyllygy hem-de «Başkent» bilim merkeziniň Türkmenistanda döredilmeginiň 10 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkiýe Respublikasyna dostlukly gezelenç guraldy. Gezelenje giden topara ýurdumyzyň döredijilik, sungat işgäjrleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, türkmen-türk mekdepleriniň göreldeli okaýan okuwçylarydyr olaryň ene-atalary goşuldy. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň jogapkär işgäri Ogulbahar MUHAMMEDOWA hem şol gezelenje gidenleriň biri. Şoňa görä-de biziň Ogulbahar bilen söhbetdeşligimiz şu saparyň täsirlerine bagyşlandy. – Ogulbahar, doganlyk Türkiýe döwletine 7 günlük saparyňyz yzda galdy. Ýurt görüp, sag-aman ata Watanymyza gaýdyp geldiňiz. Anadoly topragyndan alan täsirleriňiz, gören-eşidenleriňiz dogrusynda gürrüň beräýseňiz?! – Gözel Anadoly topragyna «bismilla» diýip aýak basanymyzdan özümiň türkmen zenanydygyma, türkmen neslidigime bolan buýsanjym hasam artdy. Sebäbi bu ülkede türkmenlere goýulýan sarpanyň, gadyryň çägi ýok eken. Türk doganlarymyzyň bizi gujak açyp garşylaýyşlary, olaryň «ata-babalarymyzyň nesilieri» diýip üýtgeşik gadyr goýuşlary, beýik adamkärçilikli myhmansöýerligi mende ýakymly täsir galdyrdy. Aziýa bilen Ýewropa yklymlarynyň biri-birine sepleşýän ýerinde, üç deňziň ortasynda ata-babalarymyzyň gylyç gemrip, ýurt tutunan, döwlet guran taryhy topragynda dem alyp ýörkäň şöhratly oguzlaryň dünýäsine aralaşýarsyň. Allatagalanyň ýoly bilen tagt dikip, türkmeniň halk döwletini guranAlp Arslan Türkmeniň, Mälik şanyň, Ärtogrul Gazynyň, Osman Gazynyň synmaz ruhlary gezýär bu toprakda diýýärsiň. Gadymyýetiň daşlara siňen keşbinde beýik seljuk, osman türkmenleriniň guran köşgi-eýwanlaryna, galalaryna ata-babalarymyzyň ruhunyň, yhlasynyň siňendigini mese-mälim aňsa bolýar. Bu ýere gelen her bir garagöz türkmen ýadyrgaman, pederleriniň syrly dünýäsine aralaşýar. Meniň turuwbaşdan bir zady aýratyn belläsim gelýär. Anadoly ülkesiniň ähli gözelligini, il-günüň adatlaryny türkmen edebiýatyna getiren Ýunus Emräniň, Garajaoglanyň, parasatly ruhanylaryň, pir-sopularyň ruhy hem demi siňen topraga gezelenje çykmagyň aýratyn lezzeti bar eken. Biziň üçin Anadolynyň manysy büs-bütinleý başga. Çünki biz bu topraga garylyp şehit bolup ýatan atalarymyzyň ruhuny ýanymyzda duýup, türkmeniň watanperwerligini kalbymyza doldurybam arkaýyn gezdik. Dostlukly sapar döwründe şu gezelenji gurnan «Başkent» bilim merkeziniň baş utgaşdyryjysynyň orunbasary Eýýup Tok agamyz: «Anadoly topragyna gezelenç diýmek – türkmen-türk dünýäsine, mirasyna we taryhyna gezelenç etmek diýmekdir. Anadoly topragy türkmen milletiniň medeni mirasynyň gymmatlyklaryny goza kimin öz daşyna oran toprakdyr. Indi onuň çöşlenmegine pursat geldi» diýip aýtdy. Hawa, biziň bu gezekki gezelenjimiz iki gardaşyň gujak açyşyp, biri-birine ümzük atyp, süýjüli, saçakly gatnaşyk gurnap ýaşaýan pursatlaryndaTürkiýede bellenilýän çagalar baýramçylygyna gabat geldi. Biziň ildeşlerimiz hem şol baýramçylyga höwes bilen gatnaşdylar. Biz örän dabaraly, şowhunly bellenilýän çagalaryň baýramçylygynda türk doganlarymyzyň öz milli tuguna, nyşanlaryna bolan çäksiz söýgüsiniň şaýady bolduk. Her bir öýüň, edara-guramalaryň gapysynda türk baýdagy parlap dur. Çagalara öwredilýän watançylyk terbiýesinde biziňkileriň olardan öwrenmeli zatlarynyň gaty köpdügini aýdasym gelýär. Türk teleýaýlymynda birnäçe çagalar bölümleriniň işleýändigini bize guwanç bilen gürrüň berdiler. – Türk doganlarymyz türkmenler, Türkmenistan hakda nämeler bilýärler? – Türk doganlarymyzyň türkmenler, Garaşsyzlyk ýyllary içinde Bitarap Watanymyzyň gülläp ösüşi, medeniýeti, sungaty, Beýik Serdarymyzyň dünýä edebiýatyna getiren Mukaddes Ruhnamasy dogrusynda çensiz-çaksyz gyzyklanýandyklaryny aýdasym gelýär. Ýolda-yzda, duşuşyklarda kim bilen söhbetdeş bolsaňam, olar Beýik Serdarymyza we onuň halkyna uly hormat goýýandyklaryny aýdýarlar. Iň esasy bellemeli zat – Türk doganlarymyzyň her biri Beýik Serdarymyzyň Mukaddes Ruhnamasyny edinmegiň arzuwynda, Serdar taglymaty bilen içgin tanyşmagyň küýseginde. Biz Beýik ýurt baştutanymyzyň Ruhnamasynyň onlarçasyny sowgat hökmünde paýladyk. Türk doganlarymyz Ruhnamany ýüzlerine sylyp, baş taglymaty dünýä inderen Beýik Ynsana minnetdar boldular. Olar Ruhnamadan özleri üçin açylmadyk syrlary açyp, türkmeniň baý ruhy dünýäsine haýran galmak bilen seredýändiklerini aýtdylar. Bir türk sürüjisi bize «Siziň Prezidentiňiz ýaly baştutan hemme ýerde bolsa, dünýä ýüzünde rahatlyk höküm süräýmezmidi» diýdi. Bir türk mugallymy bolsa Ruhnamany ýüzüne şylyp: «Siziň Prezidentiňiziň bu taglymaty türkmen halkynyň asyrlarboýy çekip gelen derdiniň dermanydyr, milletiň köňül ýarasynyň şypasydyr. Siziň nura eýlenen topragyňyzda gudrat döreýändir. Siziň baştutanyňyz gudratlydyr hem ynsansöýüjidir» diýip aýtdy. Dostlukly saparyň dowamynda biz ýönekeý türk doganlarymyzyň ýaşaýan öýlerinde hem myhmançylykda bolduk. Olar güler ýüz, duz-çörek bilen gujak açyp garşylap, bize törden orun berdiler, Şonda olar bize ýüzlenip: «Siz biziň ata-babalarymyzyň nurly hem şerepli topragyndan, ata Watanymyzdan geldiňiz. Biz şolaryň hatyrasy üçin siziň çaý içen käseleriňizi-de ýuwman ýygnap goýarys» diýip aýtdylar. Ýene-de bir bellemeli zat. Türk doganlarymyz türkmenleriň milli lybaslarynyň ölemen aşygy eken. Olar uzyn etekli köýneklerimizi, kümüş şaý-seplerimizi, gupbalarymyzy, ak silkme telpeklerimizi, gyrmyzy donlarymyzy ýüzlerine sylyp: «Siziň milli lybaslaryňyzyň keşbinde geçmiş, miras, öçmejek oguz nyşanlary hem tagmalary bar» diýdiler. – Ogulbahar, belki, sen Türkiýe döwletine gitmänkäň, doganlyk ýurduň, Anadolynyň düýnüne hem şu gününe göz aýlansyň. Kitaplary açansyň, syýasy-döwlet gurluşyny öwrenensiň. Şu dostlukly sapar saňa nämeleri öwretdi?! –Beýik seljuk türkmenleriniň hem-de osmanly türkmenleriniň guran döwletleriniň mirasdüşer nesilleri bolan häzirki türkler şu döwre çenli uly özgeriş hem milli ösüş ýoluny geçipdir. Milli azat edijilik göreşinde Mustapa Kemal Atatürküň türk halkyna baş bolmagynda täze döwlet gurulýar. Türki döwletleriniň içinde ilkinji garaşsyz ýurt hökmünde orta çykan Türkiýe bu gün parlak ösüşiň adasyna öwrülipdir. Gadymy milli eserlerimizde «Rumystan» diýlip atlandyrylan bu ýurduň ajaýyp tebigaty bar. Gül-pürçüge bürenen ýaýlalarda ösüp oturan her bir agaçda gözüň eglenýär. Bu mylaýym howaly ülkede dünýäde iň gözel, tanymal kurort hem dynç alyş ýerler bar. Gadymy taryhy ýadygärliklere, häzirki zaman binagärligine örän baý bu ülkede görere, öwrenere näçe diýseň zat bar. Biz osmanly türkmenleriň merkezi – Ystambyla, Bursa, Ýalowa, Bandyrma, Salyhla, Çanakgala, Izmir ýaly şäherlere, ýönekeý türk obalaryna bardyk. Täsin jülgeleri, guba gazly kölleri, toprak, Watan, ar-namys, dinüçin goralyp, gan dökülen taryhy ýerleri, galalary ýakyndan synladyk. Türkmen Görogly begiň öz kyrk ýigitleri bilen Hüňkar patyşasyna garşy gaýduwsyz söweşen, at çapdyran ýerlerine gözümiz düşdi. Ol ýerler milli şahyrlarymyz Jelaletdin Rumynyň, Ýunus Emräniň, Nesiminiň, Fizulynyň, Burhanetdin Siwaslynyň, Gaýgysyz Abdalyň, Dädelioglunyň, Garajaoglanyň we başga-da ýüzlerçe şahyrlaryň galamdan bagt tapyp, mestan-mestan şat gezen ýerleri ahyryn! Üns berseňiz, näme üçin Beýik Magtymguly Pyragy «Öwlüýäler ummany barsam Rumystany görsem» diýýär. Sebäbi bu toprakda döwlet gurujy Ärtogrul Gazy Türkmeniň, Osman Gazynyň ýokarda atlary agzalan-u-agzalmadyk ylahy kişileriň, ruhanylaryň, saýrak dilli şahyrlaryň mazarlary ýatyr. Türkmeniň baý ruhunyň, mirasynyň jemlenen Anadoly topragy sözüň doly manysynda Taňrynyň söýen ýeri. Anadolynyň üç tarapy aňyrsy-bärsine göz ýetmeýän deňiz bilen gurşalan Bursa şäherini etekläp oturan Uludagyň gözelligine maýyl bolmadyk jahankeşde ýokmuka diýýän. Uludagyň üstüne çykanyňda, garyň üstünden typyp gelýän güneşli howa ýüzüňi birenaýy sypap goýberýär. Izmir şäherine baranymyzda, şäheriň polisiýa mekdebiniň talyplary, mekdep okuwçylary bilen duşuşmak miýesser etdi. Şol ýerde çykyş etdik. Iki halkyň milli tanslar, goşgudyr aýdymlary ýerine ýetirildi. Duşuşyklarda sergi guraldy. Sergide türkmen medeniýetiniň, sungatynyň keşbi görkezildi. Milli saz-gurallarymyzda ýerine ýetirilen mukamlar türk doganlarymyzyň aýratyn gyzyklanma döretdi. Türkmeniň gargy tüýdüginiň zaryn owazy ýaňlananda hemmeler bir gulaga öwrülip diňlediler. Türkmenistanlylaryň adyndan wekilçilik edenler ata-baba däp-dessurlaryna eýerip «öwlüýäler ummany» bolan doganlyk ýurduň gujagynda ýatan şehitleriň ruhuna degsin edip, aýat-töwir etdiler. Çanakgalada bolanymyzda, azatlyk, erkinlik ugrunda döş gerip, şehit bolan 253 müň esgeriň mazarbaşyna baryp, «Ýatan ýeriňiz ýagty bolsun» diýdik. 77 ýyl mundan öň öz Garaşsyzlygyny gazanan türk halkynyň geçen şöhratly ýolunda güzaply hem galkynyş, dikeldiş hem batly ösüş bar. Geçilen ýeňil bolmadyk ýolda toplanan tejribelerde türki halklar üçin we türkmenler üçin öwrenere zat kän. Türk halky dünýäde özüni işewür, söwdagär, geljege umytly, batly ösüşli halk diýip tanatdy. Bir daragtyň goşa pudagy bolan türkmen-türk halklarynda biri-birine bolan ýakynlaşma, çäksiz söýgi tebigydyr. Iki döwletiň arasynda doganlyk-dostluk gatnaşyklary barha berkeýär. Çünki bu zatlaryň gözbaşynda Beýik Saparmyrat Türkrnenbaşy dur. Türkiýe döwletini esaslandyryjy Atatürküň öçmejek pentleri, Turgut Ozalyň süýji islegleri ýatyr. Bu gün Atatürküň heýkeli Aşgabadyň merkezinde gül-gülälekli meýdançada duran bolsa, Sögüt şäheriniň köp ilatly ýerinde Serdarymyzyň hormatyna «Türkmenbaşy mähellesi», Ystambylda «Türkmenbaşy seýilgähi» bar. Biz pursatdan peýdalanyp, iki doganlyk halkyň gatnaşyklarynyň has hem pajarlap ösmegini Beýik Biribardan dileg edýäris. Söhbetdeş bolan: Baýramgeldi ÇARYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |