15:58 Atabal aganyñ öýlenişi / satiriki hekaýa | |
ATABAL AGANYÑ ÕÝLENIŞI
Satiriki hekaýalar
Golaýda men raýonda bir ýerde myhmançylykda boldum. Şol öýe seleň telpekli, gyýma balakly, daýaw bir çarwa adamam söwda-satyk üçin gelen ekeni. Oňa Müsür aga diýdiler. Oturanlardan biri, Hangeldi diýen adam: — Ýaşuly, Atabal aga nädäýipdir? Azgynçylyga baş goşupdyr-la ol — diýdi. Ýaňky ýaşuly sowal beren adamyň al-petinden aldy. Biz-ä bu myhman däli eken-ow diýip gorkup başladyk. Ojar közünde goýlan gara kündük ýaly lakyrdap gaýnaberdi ol gaýta. — Näme edipdir? Niresi azgynçylyk onuň?! Iki aýal almak gadaganmy? Sadagasy boldugym, Atabal magsym geçilmez günä etdimi? Ol gurbany boldugym Uçarişanlaň neslindendir. Olaryň neberesine dil ýetirýäňiz. Siziň ömrülla çemçäňiz çala batmaz enşalla. Hakyt gurhanda ýazylgy, her bir musulman dört aýala çenli almaga haky bar. Hut hakyň resuly Muhammet alaýys-salamyň özem köp aýal alypdyr. Oňarsaň, on iki süňňüňe on ikisini alyp bilýäň — diýip, myhman hüwläp galmaga başlaberdi. Sowal beren adam gözüni tegeläp, howpurgap ugrady. Ýaňky myhman baryp ýatan yňdarma bolsa nätjek. Hangeldi aga oturanlardan delalat isläp, töweregine ser saldy. — Ýaşuly, gurhan dört aýala çenli rugsat berýänem bolsa, garyp-gasar şonuň birinem alyp bilmän dünýäden ötüp giden. Gurhany ýazan akmak däl. Ol kitap barlylar üçin ýazylan — diýip, oturanlardan biri Hangeldi aga kömege ýetişdi. Yzy güpürdi bolaýdy. — Ýaşuly, ýedi çagaly oral aýalyny birgiden agtyk-çowluklary bile taşlap, ýedi çagaly aýal bilen Atabal aganyň gaçyp gitmesi haýsy şerigata kybap gelýär? — diýip, ýene biri, oba magazinçisi Gaýly aga tommaýly sowal berdi. Myhman garysyny ýassanyp ýatan ýerinden çalt galyp, çök düşdi. Sesine bat berip: — Näme, Atabal magsym iki aýaly, onça bala-çagasyny ekläp bilenokmy? Ýüz aýal alsa-da ekläp, eýgererem. Bolýa-da hor-zar etmese — diýdi. — Dur, myhman, şu ýerde. Siz «Ýüz aýal alsa-da, ekläp biler» diýdiňiz. Obkomdan, raýkomdan, pagta bazalaryndan, söwdadan, gaýry wezipelerden urdum-şalyk edip boşan millionerler seniň şu oblastyň ähli aýallarynam ekläp bersin. Ýag iýdirip, ýüpek geýdirsin. Nädersiň hiç biriňe aýal ýetmän, müjerret geçäýseň — diýip, Baýat diýen tokgarak adam dillendi. — Niçikmi oblastyň ähli uzyn eteklisine «totam» diýip ýörmeli bolaýsaň. Näme, ol millionermi? Puly nireden alýar? — Allatagalanyň özi oňa ýetirýär. Ýokarkyň özi keremli. Il-gün getirip dur. Sylagy zor. Biz oňa üýşüp, ýowar edip, täze ýurtdan jaýam salyp berdik. Täze alan zenanasy bilen täze jaýa göçübem bardy. Öňki eltisi oglanlarynyň ýanynda galdy — diýip, ýaňky myhman, Müsür aga namaz okamaga içki otaga geçdi. Belki, ol namazynda biziň tepbedimiziň okalmagyny, Atabal aganyň bolsa rowaçlanmagyny dileg edendir. Myhman namazynda, belki: «Bu ýezitleriň üstüne dowzahyň ataşyndan gysganman eňtereweri, taňrym» diýip dileg edendir. Myhmanyň ýagdaýy düşnüklidi. «Gurt arkasyndan guş doýmuş» diýleni ýaly, Atabal aganyň ýanynda hökman öz yňdarmalary bolýar. Olaryň meýlislerinde teýlije naharlar iýilýär, göknar ezilýär, sim gyzdyrylýar. Şonuň üçinem Müsür aga onuň kemini gürrüň edip bilmez. Müsür aga namazyny okap geldi. Ýene ýaňka-ýaňka başladylar. Harçaňlaşmaga çenli baryp ýetdiler. Sebäbi biri: — Atabal aganyň eli näme üçin mydama daňylgy? — diýip, morta sowal beräýdi. Müsür aganyň gahary geldi. Onýança namazy täze öwrenen biri: — Myhman, şol işanyňyz kart oýnamaga ezberem bolsa, şerigat ýoluna çöňňe — diýdi. Müsür aga tas ýarylypdy. — Synja gylanda ýeňini çermäp bilenok. Endam-jany hatlymyş — diýip, ýene biri morta bir zadyny atdy. Müsür aga jübi sagadyna seredip: — Men-ä ýatjak. Irden bazarlyk işim bar — diýdi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |