22:49 Atajan Annaberdiniñ şortalaryndan / dowamy | |
ATAJAN ANNABERDINIÑ ŞORTALARYNDAN
Degişmeler
Atajan Annaberdi ýeke tar motorly gelýärkä benzini gutarypdyr. Ol geçip barýan maşynlaryň birini saklap, benzin sorapdyr. Şahyra ―benzinim ýok - diýmegiň uslybyny tapmadyk sürüji: "Şlangaň barmy?" diýen bolýar. --Wah, şlanga ýokdur. --Bedräňem ýokmy? Atajan Annaberdiniň gaşlary çytylyp gidýär: --A-how, halypa, heý, ―ýolda benzinim gutaraýmasyn diýip, ýeke tar motoryň rulundan bedre asyp ýören adama gabat geldiňmi sen? --Ýa, sen-ä bejerdiň-ow – diýip, sürüji öz bedresine benzin guýmak bilen boluberipdir. 11. ENEBAŞGA AGAM Söwda-satyk bilen meşgullanyp ýören nätanyş ýaşuly çaýlamak üçin Atajanlarda düşläpdir. Ol Ýeseniniň diwardan asylgy suratyny içgin-içgin synlapdyr-da: ―Bu ýigit garyndaşyňyzmy? diýipdir. Onuň bilen gepiniň alyşmajagyny aňan şahyr: ―Hawa, enebaşga agam ol - diýip, ýylgyraýypdyr. 12. AÝALSYZ GEZMERSIŇ Aýalyny edil geýim çalşan ýaly çalşyp ýören ýaş bagşy "Teşnidi"aýdyp oturan eken. Ol aýdymda ―Baglarda gyzyl alma, ýar lebi şirin alma, ajala kän ýalbardym, özüm al, ýarym alma diýen ýerine ýetipdir welin, Atajan: ―Bagşy aga, sen bu aýdymy "Ajala kän ýalbardym, ýarym al, özüm alma" diýip, üýtgedip aýt. Sebäbi, janyň sag bolsa, sen aýalsyz gezmersiň - diýipdir. 13. BAZARDA Atajan Annaberdi sygryny satmak üçin bazara barypdyr. Mal jellaplary derrew onuň daşyna üýşüp, sygyryň bahasyny sorapdyrlar. Mal uçursyz gymmat bolansoň, sygyryň bahasyny aýtmaga ýüzi çydamadyk Atajan: ― Men-ä şu sygra bir manat diýýän, aljak adam galybermeli diýipdir. 14. ŞONDAN KÄN DÄLDIR Bir oturlyşykda pulmesi ýigitleriň biri: ―Atajan kaka, üç aýalym bar‖ diýip, öwnüp başlaberjek bolupdyr welin, Atajan: ―Bolubilýä, inim, şu oturanlaryň hiç biriniňkem şondan kän däldir‖ diýipdir. 15. ÇAGAŇY BIR HÜWDÜLÄÝME Folklor toparyna gatnaşýan gelinleriň biriniň ýognasdan ýakymsyz sesi bar eken. Ol Atajan Annaberdä: ―Aýdym aýdyşymy neneň gördüň?‖ diýipdir. Atajan: ―Bolubilýä, gelin, ýöne çagaňy bir hüwdüläýme‖ diýen. 16.OGULLYK BERIP GOÝBERER Atajan Annaberdiniň birine ogullyk berlen ýoldaşy bar eken. Atajan ony bir oturlyşykdan alyp gaýtjak bolupdyr welin, hiç oýaryp bilmändir. Şonda ol ýoldaşyny yralap: ―Hany, tursan-a, how, öň-ä ejeň seni birine ogullyk berip goýberipdir. Bu ýatyşyň bolsa, uklap ýatyrkaň olam seni birine ogullyk berip goýberer‖ diýipdir. 17. TOÝDA Bir toýda Atajan Annaberdä bir okara çorba getiripdirler-de, soň habar tutmandyrlar. Ep-esli wagt geçensoň, bir ziňňir uzyn ýigdekçe gapydan boýnuny uzadyp: ―Näme kemçilik bar?‖ diýipdir. Atajan: ―Çemçe getir, çörek getir...‖ diýip oturman: ―Näme-ow, inijik, ―Uzynyň akyly giç geler etjek bolýarmyň?‖ diýipdir. 18. "HYDYRLARYŇ"ARASYNDA Çary Gurbangylyç bilen Atajan Annaberdi çöle gidipdir. Olar kolhoz başlyklarydyr permeler bilen iýşip-içişip otyrkalar, tost aýtmak gezegi Atajana ýetýär. Ol: ―Aý, Çary aga, ynha, Hydyr gören çöl, ynha-da Hydyr gören adamlar...‖ diýip, söze başlapdyr. Çary Gurbangylyç onuň sözüni bölüp: ―Haý, Atajan ýalňyşdyň-ow, bular saňa et diýseň et berip otyr, şerap diýseň şerap. Guşuň süýdi diýseňem-ä tapyp berýäler. Bular Hydyr gören däl-de, hakyky Hydyr ata. Ynha, ikimiz Hydyr gören bolýas‖ diýipdir. 19. BERGILI BOLAÝJAK EKENIŇ Atajan Annaberdi bir ýoldaşyndan 50 manat pul karz sorapdyr. Ýoldaşy pul bermejek bolup: ―50 manadym-a ýok, 25 manadym bar‖ diýipdir. Onda Atajan: ―Aý, şol 25 manadyňy bir ber, 25 manadam bergili bolaýjak ekeniň-dä - diýen. 20. ALMALARAM GURGUNÇYLYKMY? Aşgabatdan gezmäge gelen galamdaşlary Atajanyň melleginde ýetişdiren akly-gyzylly almalaryny görüp, haýran galypdyrlar. Atajan soň bir gün Aşgabada gezmäge baranda şahyr Saparmyrat Öwezberdiýew: ―Atajan, almalaram gurgunçylykmy? - diýipdir. 21. ŞAHYRYŇ ―HANBOLŞY Atajan Annaberdi dagy çöle barýarkalar ýolda düşläpdirler. Atajany alyp barýan suw maşynyň sürüjisi: ―Atajan, han boljakmy diýipdir. Atajan: ―Aý, bol diýseň bolaýarys- diýipdir welin, sürüji: ―Al onda - diýip, kabinadan çykaran kirlije ýassygyny Atajana oklap goýberipdir. 22. GÖZÜMDEN OTLAÝ Bir çilimkeş ýoldaşy zol-zol otluçöp sorap goýmansoň, Atajan Annaberdi: ―Otluçöp-ä gutardy, gardaş, gulagymyň düýbüne doňdur-da, çilimiňi gözümden otlaý‖ diýipdir. 23. SUWDA GÖRSEMEM HALAMOKDYM Atajan Annaberdi dagy Aşgabatdan gelýärkä balyk iýip geçmek üçin Hanhowza sowlupdyrlar. Çym-gyzyl edilip gowrulan balykdan doly çanagy getiripdirler welin, Atajan: ―Gör-ä, muny ediberişlerini. Hiç muňa taý geljek zat dünýede ýokdur. Ysy dagam janyňy alyp barýar-a munuň‖ diýip, balyga işdämenlik bilen ýapyşypdyr. Şol mahal hem bir gylçyjak onuň bokurdagyna germelip duruberipdir. ―Ýa, bolmad-ow‖ diýip, atylyp daş çykan şahyr ep-esli salymdan soň gözlerini ýaşardyp içerik giripdir-de: ―Wah, şu balyk diýen zady suwda görsemem jynym alanokdy‖ diýipdir. 24. PARAHOR Atajan Annaberdiniň bir parahor obadaşy zol-zol aýdylanjanly edýän ekeni. Muny gören Atajan: ―Zol ýoluna janly aýdyp, bu daýy, Para bilen yrjak bolýar Hudaýy – diýen setirlerini döredipdir. 25. NERESSE ÇAGA ÝALY EDIP Atajan Annaberdiniň garyndaşlarynyň biri onuň edýän aladasyna owlajyk getiripdir. Owlajygyň lägirip-bagyryp durşuny gören Atajan: ―Baryň, how, boşadyp goýberiň, neresse çaga ýaly edip, bu janaweri pata ýerine dagy getirmeli däl eken-ä‖ diýipdir. 26. ARZANLAŞYK BOLSA DAGY DUÝDURAWERI Oba aktiwistleriniň biri ―Ýigrenji galyňy ýok etmek‖ maksady bilen geçirilýän ýygnanyşyga barýar ekeni. Muny gören Atajan Annaberdi: ―Obadaş, arzanlaşyk bolsa, maňa-da aýdaweri. Bizem ýene-de bir oglumyzy öýermeli‖ diýipdir. 27. HEZIL EDINÄÝER Bazara garpyzyň ýaňy çykaýan döwürleri Atajan Annaberdi garpyz satmaga barypdyr. Bir owadan gelin ullakan, ala garpyzy pitikleşdirip, gysyşdyryp görüpdir-de: ―Şu garpyz bişenmikä?‖ diýipdir. Ýarylmadyk garpyzy bilip bolýarmy? Şonda-da Atajan: ―Aý, bişendir-le‖ diýip, sypaýyçylyk edipdir. Ýöne gelin şonda-da garpyzy göterip gidibermän: ―Muny çig bolsa näme edeýin?‖ diýipdir. Degnasyna degen Atajan: "Çig bolsa bara, gelin, maýdaja dogragedin, üstüne un sepip, gölejigiňe berseň, iýip hezil edinäýer" diýipdir. 28. SEN SERHOŞ BOLSAŇAM Atajan Annaberdiniň serhoş goňşusy soýjak gölesiniň iki şahyndan tutup, onuň kellesini gaňyrjk bolupdyr. Muny gören Atajan Annaberdi: "Aý, goňşy, duraweri, sen serhoş bolsaňam, göle sag ahyry" diýipdir. 29. GUŞUŇYZ AŞYKLYJA EKEN Atajan Annaberdilere kakasynyň frontdaş ýoldaşy gezmäge gelipdir. Şol wagt şahyryň aýaly Gurbanjemal jyrryk gowrup duran eken. Jyrrygyň etinden gerk-gäbe bolan myhman: "Bu nämäniň eti?" diýip, sorapdyr. Atajan ýylgyrypdyr-da: "Guşuň eti" diýipdir. Ozal jyrryk iýip görmedik myhman elindäki süňki içgin-içgin synlapdyr-da: ―Bä, siziň guşlaryňyz aşyklyja eken-ow - diýipdir. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |