AÝY DOSTLUGY
Gazaply gyşyň sowugy Äpede indi has agyr degýärdi. Açlyk hem üstesine onuň derdini has hem artdyrypdy. Ol bu sowuk gyşyň onuň üçün soňky gyş boljakdygyna indi göz ýetiripdi. Bir tokaý haýwanyndan galan-gaçan süňkleri gemrip oturşyna başyndan geçirenlerini ýatlap başlady…
Ol doglanda Äpet bolup dogulmandy, beýleki doganlary ýaly, ol hem kiçijik aýyjykdy. Enesi ol we doganjyklary hakynda ähli aladalary edýärdi. Hiç hili gaýgy-gamy ýokdy. Ene aýy olar üçin awa gideninde olardan hinden uzaga gitmezligi, tokaýyň haýwanlaryndan daşda durmagy isleýärdi. Tokaýda günler hepdeler şatlyk-şagalaň bilen dowam edýärdi.
Emma Äpet üçin bu şatlykly günler uzak dowam etmedi. Ol gün ene aýy aw üçin uzaklara gideninde, Äpet we doganjyklary, oýna gyzygyp, hinden has daşlaşdylar. Bir ýerlerden gelen gürrüldili sesden soň nätanşy görüp gaçsalar-da, Äpet doganlaryndan yza galyp, nätanyş bilen ýakyndan tanyşmaly boldy. Ol awçyny ýatlanynda, ol günki gorky Äpedi täzeden basdy. Awçynyň ýaraly ýüzi, gorkunç ýaraglary we onuň öýündäki haýwan derileri birin-birin göz öňünde janlandy.
Awçy ony bir gün myhman alypdy. Ertesi gün irden gelen uzun boýly sary adam awça şyňňyrdaýan bir zatlar berip, ony awçydan aldy. Kem-kemden tokaýdan uzaklaşan ýük maşyny Äpediň soňkuja öýüne dönmek umytlaryny hem ýok etdi. Tokaýdan şähere barmak onçakly kän wagt almady. Sary adam ony täze öýüne – kapasa ýerleşdirdi. Oňa garbanara bir zatlar beren hem, ilki günlerde ony “Tokarja”, soňra bolsa “Äpet” diýip çagyryp başlan hem, oňa düşünmeýän zatlaryny öwretmek islän hem şol sary adamdy. Ýüpli, toply ýa-da ululy-kiçili halkalar bilen oýnamaly düşnüksiz oýunlaryny Äpet, garbanjak bolsa, hökman oýnaýmalydy. Ilki günlerde tebigatyna ters gelýän oýunlary oýnamak Äpede kyn düşse-de, wagtyň geçmegi bilen ol hemmesini bir kemsiz öwrendi. Ine, bir gün sary adam ony hemişeki top oýnaýan ýerinden alyp gaýdyp, tegelek bir meýdançada, müňlerçe adamyň öňünde oýnamagy emir etdi. Äpet birbada aljyrasa-da, ýuwaş-yuwaşdan köpçülige-de öwrenişdi. Birnäçe çykyşdan soň, ony adamlaryň haýran galyjylyk bilen “Äpet” , “Äpet” diýip gygyryşlaram, beýleki haýwanlaryň hereketlerem, sary adamynyň şuwwuldaýan gamçysam aljyratmady. Äpet ýüp berseler – ýüpde, top berseler – topda oýnady.
Bir gezek Äpet emirlere garşy çykmana synanyşdy. Ana, şol gün hem ol sary adamyň hakyky ýüzüni, onuň gamçysynyň tagamyny datmaly boldy. Üstesine sary adam onuň kapasanyň içindäkije erkinligini hem boýnuna urlan zynjyr bilen çäklendirdi. Birnäçe gün dowam eden zynjyrly açlykdan soň Äpet garşylyk görkezmekligiň sary adamyň halaýan häsiýeti däldigine göz ýetirip, ýene oýunlary oýnamaga başlady.
Bu “dostluk” birnäçe ýyl şeýle dowam etdi. Birsydyrgyn durmuş, sary adam, kapasa, sirk we sirkdäki haýwanlardan başga onuň durmuşynda täzelik ýokdy. Güýçli wagtlary kapasada däl-de, tokaýda ýaşamagyň, sary adamyň berenlerini däl-de, öz awuny özi almagyň, içgysgynç oýunlary oýnamagyň däl-de, öz isleglerine görä ýaşamagyň arzuwyny edýärdi. Käwagtlar sirkden tokaýa, tussaglykdan erkinlige gaçmagy hyýal edýärdi, ýöne her gezek sary adamyň ýüzi, gamçysy we zynjyrlary ýadyna düşüp gorkýardy. Äpet gorkusuny ýeňip bilmedi. Geçip giden ýyllar ony garratdy. Ýuwaş-ýuwaşdan onuň oýunlar bilen hem ugry bolmady. Oýnamasyna oýnaýardy, ýöne onuň ýaşlygyndaky çeýeligini, çaltlygyny, batyrlygyny ýyllar alyp gidipdi. Birwagtlar ony haýran galyp synlaýan tomaşaçylara indi ol köplenç gülki bolýardy. Ine, şeýle günleriň birinde-de sary adam kapasa eli kiçijik aýyly geldi. Äpet ol kiçijigi görende, kapasa ilki gelen güni ýadyna düşdi, erkinligi elinden giden aýyjyk üçin gaty gynandy. Ýöne Äpetde aýyjyga gynanç bildirmäge kän wagt hem bolmady. Aýyjygy kapasa ýerleşdireninden soňra sary adam Äpedi zynjyra baglap, daşaryk çykardy-da, oňa ýük maşynyna münmegi emir etdi. Ähli buýruklary ýerine ýetirişi ýaly, muny hem berjaý etdi. Bu gezek ýük maşyny şäherden tokaýa tarap ugrady. Tokaýyň jümmüşine ýakynlaşdykça Äpet ol günki aýyjygyň öz ýerine getirilendigine, özüniň sirklik işiniň tamamlanandygyna göz ýetirdi. Sary adam ony maşyndan düşürip ugranynda, ony soňky gezek görýändigine gaty begendi.
Şumudy erkinlik, şumudy azatlyk, şumudy onuň ömürboýy arzuw eden tokaýy? Tokaý şoldy, ýöne Äpet birwagtky kuwwatly Äpet däldi. Onuň güýjüni, kuwwatyny, isleg-arzuwlaryny ýyllar alyp gidipdi. Tokaýda awuny almak, garbanmak üçin galan-gaçanlary gözlemek indi oňa agyr degýärdi. Sary adamyň kömegi oňa bu garran günlerinde gerekdi. Ýöne adam oňa “Aýy dostlugyny” edipdi.
Soňky galan gaçan süňkler bilen birlikde Äpediň ýatlamalaram tamamlandy. Gazaply gyş, sowuk, açlyk bolsa dowam edýärdi…
Meýlis AGAÝEW.
Hekaýalar