■ Maşgala we är-aýalyň arasyndaky gatnaşyklar
1. Yslama görä maşgala durmuşy
"Nesihat diňleseň, ärniň äri sen,
Almasaň nesihat köpüň biri sen..."
Hezreti Magtymguly Pyragy.
“ O ki, sizi bir täk nebisden ýaratdy we ondan-da bir taý ýaratdy ki, onuň bilen sukunet tapsyn.” (Araf 7;18)
“ Özleri bilen huzura gowuşjagyňyz öz nebisleriňizden taýlar ýaradyp araňyzda söýgi we merhemet bar etmesi-de Onuň aýatlaryndandyr.” (Rum 30’21)
Erkek we aýal bir almany ikä bölen ýalydyr. Durmuş guranlarynda şol almany ýene birikdiren ýaly bolar. Durmuş maşgala gurmak bilen öz doly manysyna eýe bolýar. Allatagala şeýle kanuny düzgünleşdiripdir. Maşgala gurmak Allatagalanyň ýola goýan düzgünidir. Çünki maşgala bir jemgyýetiň iň esasy binýadynyň biridir. Bu gurluş sagdyn sütünleriň üstünde dursa jemgyýet güýçli bolýar. Bagtly bir maşgala gurmak her bir adam üçin örän çynlakaý meseledir. Beýik Rebbimiz aýaly we erkegi bagtly bolsunlar diýip ýaradypdyr. Rahatlygy we agzybirligi bir-birlerinden tapmaklaryny isläpdir.
“Olar siziň eşigiňizdir, siz-de olaryň eşigisiňiz.” (Bakara 2; 187)
Aýal maşgala durmuşynda erkegiň diňe ýassykdaşy däl-de, şol bir wagtyň özünde dostudyr. Ikisiniň arasyndaky gatnaşyk – diňe iki ýassykdaşyň arasyndaky gatnaşyk ýaly däldir. Ömür boýy bir ýerde ýaşamaga mejbur edilen däldirler. Olaryň arasyndaky gatnaşyk dostluk gatnaşygy ýalydyr. Biri başgasyna her tarapdan ýardam edip biljek dostlugyň içindedir. Şeýle dostlugyň arkasyndan biri beýlekisi bilen agzybir durmuşa gowuşar. Çünki, Alla aýaly, erkegi üçin tamamlaýjy we agzybirligiň çeşmesi, erkegi hem aýaly üçin tamamlaýjy we öýüniň diregi edip ýaradypdyr.
Aslynda durmuş gurmak rahatlyga gowuşmakdyr, maşgala ýaşaýyşymyzyň asyl manysydyr. Ylaýym, bu dostluk är-aýallar arasynda bagtlylyk getirsin. Bu ýagdaý aýalyň erkegiň öňündäki, erkegiň hem aýalynyň öňündäki borçlaryny ýerine saldygydyr. Bu barada Allatagala şeýle buýurýar:
“Olaryň-da erkegiň haklary kibi haklary bardyr.” (Bakara 2; 228)
Allatagala iki är-aýal arasynda gözel zatlary emredýär: “Olar bilen gözel çemeleşiň”(Nisa 4; 19)
Allah(J.J) zenanlar bilen durmuş toýy tutanlara olar bilen ajaýyp bir görnüşde dost bolmaklaryny emredýär. Her hili ýagdaý bolsa-da, olaryň özara dostluklary kemala gelsin. Çünki bu ýagdaý sukunet üçin iň uýgun, ýaşaýyş üçin bolsa iň gözel bir ýoldur.
Hezreti Muhammet Resulullah (S.A.W) erkeklere aýallar hakynda birtopar wesýetlerde bolan. Allanyň Resuly Hoşlaşyk hajynda şeýle sözlän:
“Şuny biliň ki, aýallaryň öňünde borçlaryňyzyň bolşy ýaly, olaryňam siziň öňüňizde borçlary bardyr. Siziň olaryň öňündäki haklaryňyz düşegiňizi kesekilerden goramaklary, islemeýän kişileriňizi öýe salmazlyklarydyr. Olaryň siziň öňüňizdäki haklary bolsa, geýim-gejim we iýip-içmek meselelerinde özlerine oňat mümkinçilikleri üpjün edip bilmegiňizdir ” (Tirmizi, Rada 11; Ibn Maje, Nikah 3)
Haýyrly we salyh bir aýal bir erkegiň iň uly hazynasydyr. Haýyrly bir erkek-de bir aýal üçin iň uly nygmatdyr. Allanyň ilçisi Muhammet Resulullah (S.A.W) bu babatda şeýle diýýär:
“Siziň haýyrlyňyz; maşgalasyna garşy iň haýyrly bolanyňyzdyr. Men maşgalama garşy siziň iň haýyrlyňyzdyryn.” (Ibn Maje Nikah 50)
Kurany-Kerim durmuş gurmagy emretmek bilen ýaşlaryň başynyň çatylmagy wezipesini jemgyýetiň kethudalaryna, ýaşulylara wezipe edip goýýar:
“Içiňizden sallahlary we gul we gyrnaklaryňyzdan oňatlary öýlendiriň. Eger ýoksul bolsalar, Allah lutfy bilen olary baý eder, Allah ägirt (nygmat we lutuf) eýesidir, her zady bilendir.”
Söýgüli Pygamberimiz hem “Durmuş gurmak meniň sünnetimdir. Kim durmuş gurmakdan ýüz öwürse menden däldir” diýip, maşgala gurmagyň din we jemgyýetiň adyna nähili derejede aýratyn orna eýedigini aýdyň görkezýär.
2. Ýanýoldaş saýlap almak
“Menem diýen goç ýigide,
Bir mynasyp ýar gerekdir.”
Hezreti Magtymguly Pyragy
Allatagala erkegiň rahatlyga gowuşmagy üçin taýyny ýaradypdyr. (Rum, 30;21) Salyh aýallaryň bolsa ytagatkär bolýandyklaryny bildiripdir. (Nisa, 4; 34)
Allanyň Resuly Hezreti Muhammet (S.A.W) hem dünýäniň geçiji bir peýdadan ybaratdygyny, ynsanyň bärde eýe bolup biljek iň haýyrly zadynyň ýagşy gylykly aýaldygyny bildiripdir. (Müslim, Rada 64. Nesai, Nikah 15.) Çünki, erkegi bu dünýä gaflatyna özüni aldyrmakdan goraýan dindar aýalydyr. Resulullah (S.A.W) ynsany bagtly edýän üç zatdan bir hökmünde dindar aýal hasaplapdyr, bagtsyz eden üç zadyň birini bolsa erbet gylykly aýaldygyny sözläpdir. (Ahmet ibn Hanbel, I, 168.)
Bir müminiň Allahdan gorkmakdan soňra ýagşy gylykly aýaldan haýyrly hiç bir zada eýe bolup bilmejekdigini bildirilen. (Ibn Maje, Nikah 5.) Serwerimiz Muhammet (S.A.W) Pygamberimiz oňat bir ýanýoldaşyň dünýäde eýe bolunjak iň gymmatly zatlaryň biridigini subut eden. Dünýäde eýe bolunjak zatlaryň Allaha şükür eden bir kalp, Ony ýatlap zikir eden bir dil we mümine bir aýaldygyny bildirip, onuň ahyretiňi gazanmaga ýardamçy boljagyny aýdyp geçen. (Ibn Maje, Nikah 5.)
Söýgüli Pygamberimiz (S.A.W) bu meselä ynsanyň öýlenýän pursatynda üns bermegini ündäpdir. Bir zenana dört sebäp bilen öýlenip bilinjegini, bulardan dindarynyň seçilip alynanda bagtly bolup bilinjegini bildiripdir. (Buhary, Nikah 15. Müslim 53. Nesai, Nikah 13.) Ynsanyň ömür boýy bile ýaşajak ýanýoldaşyny saýlap alan wagtynda oňat we haýyrlysyndan tutmaga üns bermegi, ol kişiniň bagtlylygy üçin çäksiz köp peýdasy bardyr. Gündelik durmuşymyzda ynsanlar bilen birlikde bolýarkak, dogry ýoly saýlap almagymyzy islän Yslam dini, (Eý iman edenler! Allahdan gorkuň we dogrularyň ýanynda boluň. /Toba, 9; 119/ ) ömür boýy birlikde bolunjak ýanýoldaş saýlamaga aýratyn ýer beripdir. Adamyň iň köp täsirinde galýan kişisi ýanýoldaşy bolýandygy üçin dünýä ahyret sagadatyny isleýänleriň bu meselede seresaply çemeleşmekleri zerurdyr.
Hadysda her jemgyýetde bar bolan bir hakykat göz öňünde tutulan. Ýanýoldaş saýlap almakda şahslaryň we maşgalalaryň ilkinji nobatda saýlawynyň gözellik, gelip çykyş, mal we dindarlykdygy öňe çykarylan. Bu hakykaty orta goýan Pygamber Serwerimiz bütin netijeleri göz öňünde tutup, “sen dindar bolanyny seç” diýip, nesihat edipdir. (Buhari, Nikah 15. Müslim, Rada 53. Nesai, Nikah 13.)
Maşgala gurulanda her jemgyýetde üns berilýän ýanýoldaşyň baýlygy, asyl gelip çykyşy, gözelligi we dindarlygy ýaly hususlar arasynda, ilk üçüsiniň soňunyň geljek, ýa-da ýok bolup biljek wagtlary bolup biler. Baýlyk gutarar ýa-da bir betbagtçylygyň netijesinde ýok bolup gider. Gözellik geçijidir, günleriň birinde zym-zyýat bolar. Asyl gelip çykyş, şejere şahsyýetiň hüý-häsiýetinde we ahlagynda hemişe şol bir durşunda saklanmaz. “Bir zalymdan alym, bir däliden weli döräp biler” diýilýändir. Bu hiç ýadyňa düşmejek hasratlara we çatynjalaryň arasynda agzalalyga ýol açyp biler.
Tarapsyz we töwerekleýin düşünilen wagtynda dini duýgy we iman güýjüniň sütüniniň hem-de dowamly bagtlylygyň gözbaşynyň dindarlykdygyna göz ýetirmek kyn däl. Käbirleri dindarlygy agyr pursatlarda, gara günüňde ýatlanýan, bagtly pursatlaryňda bolsa o diýen zerurlygy duýulmaýan bir zat hasaplaýarlar. Eýsem dindarlyk şatlykly we bagtyýar günleriňde her ýerde we her dürli şertleriň astynda täsiri uly hem-de ynsany gulluk çyzgysynda tutup bilýän, hadysalara we dünýäni ynançlaryna görä netije çykarmak mümkinçiligi beren üstün we hemişe ýeterli bir meziýetdir. (Newewi, Riýazüs-salihin, II, 554.)
Bu meselede iň ýokary wezipe gürrüňsiz ebeweýne düşmekdir. Perzentlerini diňe dünýewi bähbitleri üçin ýa-da maşgala aladalarynyň ugruna dini nukdaýnazardan pes düşünjeli kişiler bilen durmuş gurmaga ýol bermeli däldir. Bu diňe erkek perzendi gyzyklandyrýan mesele däldir. Muňa garamazdan, ýokarda agzan ýagdaýlarymyz jemgyýetimizde giňden ýaýran we gyz perzentleriň diňe dünýewi bähbitleri nazara alyp durmuşa çykarmaklary gynansakda, häzirem dowam etmekdedir. Ahlak taýdan artykmaçlyklara üns bermän, maddy girdejileri birinji oruna çykaran maşgala düşünjesi akyl-paýhasyň we diniň kabul edip biljek zady däldir. Çünki, Allatagala ýygyn-ýygyn birikdirilen altyn-kümüşe, bedew atlara, baýlyga, we beýleki maddy gymmatlyklara göwnüňi aldyrmagyň ynsan ogluna söýdürilendigini, emma bularyň pany dünýäniň wagtlaýyn oýnawaçlarydygyny, asyl baryljak ýeriň Allanyň huzyryndadygyny bildiren. (Al-i Imran 3; 14.) Baýlygyň dünýä durmuşynyň bir jäjegi, ölümsiz bolan ýagşy işleriň Allanyň gatynda sogap derejesinde örän haýyrly hem-de umyt baglamaga örän laýykdygyny aýdan. (Kehf, 18; 46.)
Pedagogika we edep-terbiýe