16:43 Bakylygyň bosagasynda / hekaýa | |
BAKYLYGYÑ BOSAGASYNDA
Hekaýalar
(soňky deminde ýatanyň alasarmyk samramalary) 1. Bu hekaýa fyrka-fyrka, bölek-bölek bu kebelek guşlar hakda. Kolibri. Nämçüýn bilemok, guşlar kebelekler. Nirden kellä mantykul taýr diýen söz gelýa. Ýo-ok, ilki täze Aýyñ keşbi. Soñ derman satýanyñ ady ýadyma düşdi. Kebeleklerem ýadyma düşmezdi bara, balyklar gözöňümde häzir. Eeee, şuny kim okaýan bolsa, aşakda 1, 2, 3-nji bölekleri okamasa-da bolar. Ýadadýa erbet. Edil leji çykyp dynç alanam şuny okap ýadar. Şonuñ üçin göni 4 den başla... 4-d,ünji. 5-nji Kolonna. 6-njy otdel. 7 dowzah. Hahaha. Sizñ kalbyñyzy ýyrtyp barýan ambissiýañyz bar. Am-bissiýañyza **keýin. Gaty serhoş bolanym üçin aydamok. Indi gel-gel hakykaty içip aytmalymy?! Haý günuñize ýanaýyn. Siz hakykaty içip aýdyp bilýän bolsañyz, aýtmadyk ýaly biläýiň Ahyrzaman gelende hakykaty aýdýan adamlary yzarlarlar, öldürerler. An yu katluhu... Öldürse öldürsin. Ölmek hak-direlmek hak. Şer we haýyr Alladandyr diýýâ iýman kelimesinde. Men Alla şek ýetirýänlerden däldirin. Eğer öldürselerem meniñ üç gün gabrymda ýatmajagym hakykat.tm saýtynda direlerin hahaha! Üç gün! Üç gün... 3. - Ñâmow sen o dünýä mimançylyga gidensiñ?!. - Üç günden artykmaç myhman eglenmez.-oww, oww. Hakykaty aýdanlar ölmezekdir. Da, da ölmeýänskiý. Hakykaty Haky gören aýdýar. Şonuñ üçin onuñ sulbasyny haja çüýleselerem, ýoookordan seredip durýañ! Şems ýaly. Şemsi gören ölmezem diri-de galmaz 4. Sebap gyssanman bolanok. Gün ýaşyp barýar. Olam soñky deminde. Içmäge suw berenoklar hem aç barybir. Ady Osman bolany üçin dâl. Owkat oña zyýanly diýdi lukman. Ol ajal ýassygynda ýatyr. 1 2 3, dem-dem, dem howa azalýar. Geçen tutuş ömri bolmadyk ýaly. Indi başlanýan ýaly hemmesi. ...Öýe golaýlap gelýän çagalar hemme zady unudyar Begenişip ata-enesiniñ gujagyna dolarlar. Ölüp barýan adam salgymda görünýän şekillere ymsynýar. «Nähili gowy» diýýär. Saklap oturanlar geñ galanoklar: - Samraýar pahyr. Ajal ýakamdan tutup yakasyz yansız köýnek geydirjek bolýa. Aý sağ bola bagşy! Ýöne bu toýda nahar çekilmeyar. Iñ gowy süýji zatlary ejem sandygynda soña bukup goýýady ahyr. Neuželi indi ölmeli?! Ýok, bu hekaýany dynç alyp otyrkañ okamaly. Okap otyrkañ ýadaýañ aslynda. Öleniñ yzynda ölüp bilmän ýyldyz süýndi. 5burçlyýyldyzbizihemişebogupgeldi. (Onuň agzynda sözler bulaşdy, birleşdi). Şonuñ üçin ☆ şeýtan diyeniñ hem başnyşany hasapladylar. Pentagramma. Pentagon, pent berýän. pentalgin. Zaklinit €dya. «Hanha ýyldyz süýnüp gitdi asmanda çaga dogdy goñşymyzyñ öýünde.» Nahhuý dogduñ?! Men özüm doglanyma nätjegimi bilemok. Giçden soñ Aý dogdy, sähere ýakyn howlymyzda bir guş saýrady. Naşyja gözjagazlaryna seredip sesinden ganamok. Näzik beden ynannar ýaly däl, dinozawrlaryñ kowmundan dörän guşjagaz. Sen beýle zeýrençli garama. Alty Atly Atly batly hem gayratly.... - He-eý, köne dünýe otyrmyñ häli enem ýaly çugutdyryp. Menem gidip barýan. 6 dan 60-a çen aklym- huşumy utduryp, Sadranç oýnuñy ýigrendirdiñ. Şah we mat. Men bu dünýä hezledip sögünýän: - Eý sen alyn dişi döwülen şatyr. Ol bolsa gülýä: - Muhammet pygamberiñem alyn dişi ýok eken, emma masgarabazyñ dişsiz bolmagy hakykatdanam güldüriji. Belki ol mazgarabazyñ iñ utuşly tarapydyr. Bir ýerde bagşy tirme aýdýar: - 7 ýaşa gelende dişiñ döküler seniñ. 8ekiz. ekiz diýen ýaly. Aslynda 2 dogan, ýöne bile bitişen. Tenim ruhum. Iki nol nol bolasy gelmän birleşipdirler, emma barybir şol bir zat. ýokluk-soñsuzlyk. Sylapberdi MUHAMOW. 30.04.24 Aşgabat. Bagyr obasy. | |
|
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Bakylygyň bosagasynda / hekaýa - 21.06.2024 |
√ Çuwalgyz eje / hekaýa - 16.10.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |