00:11 Baýlyk bilen baky galan husyt ýok... | |
BAÝLYK BILEN BAKY GALAN HUSYT ÝOK...
Edebi makalalar
Türkmeniň gadymyýetden gaýdýan, aslyna çeken sahylyk, adyllyk, pespällik, halallyk we ejize ýardam bermeklik ýaly ajaýyp, milli häsiýetleri bar. Ata-babalarymyzdan nesilme-nesil geçip gelýän şol ajaýyp milli häsiýetleri özüne siňdiren beýik mirasyň ynsanperwerligiň älemgoşary kimiň her bir türkmeniň aňynda şinelemegi we öwşün atmagy üçin dyngysyz aladalanylýar. Şonuň üçinem Beýik Serdarymyz özüniň Ruhnamasynda: «Türkmeniň ganynda ejize hossarlyk bar. Goý, ol tanyş bolsun, nätanyş bolsun, ezilýäni, ejizi görse, türkmen ähli zerur işini bir gapdala goýup, şol ejize, ezilýäne kömek-ýardam berer, hossar çykar. Bu türkmene mahsus häsiýet» diýyp, ýörite belleýär. Beýik Serdarymyzyň hut şu ajaýyp sözleruniň manysyny sahylykda, jomartlykda we ejize ýardam bermekde nusga hökmünde geçmişde uly meşhurlyga eýe bolan Hatam Taýyň keşbunde görmek bolýar. Şonuň üçinem Beýik Serdarymyz: «Hatam Taý Muhammet pygamberiň zamanasyndan ozal ýaşap geçen taryhy şahs. Onuň jomartlygy baradaky hekaýat äleme dolýar. Hatam Taý sahy türkmen halkynyň sahylyk babatda buýsanjyna öwrülýär. Ol hatda dilegçä kellesini hem berip bilýän jomart kişi» diýýär. Sahylar türkmen topagynda ýöne ýere döremändir. Sebäbi biziň topragymyzyň özi sahy bolupdyr. Bu barada Serdarymyz: «Türkmen halky sahy, jomart tarhandöker halk, sebäbi ol jomart, sahy topragyň ogly!» diýýär. Türkmen halkynyň sahylygy barada Beýik Serdarymyz ýene-de şeýle diýýär: «Sahylyk – türkmeniň ganynda bolan häsiýetdi. On dördünji asyrda Ürgenje (häzirki Köneürgenje) gelen jahankeşde alym: «Başga ýurtlarda her kim baýlyk toplap, emläk edinip, biri-biri bilen bäsleşse, bu ýerde myhman alyp, aş-nan berip, zyýarat kylyp jomartlyk etmekde bäsleşýärler» diýip ýazypdyr...» Beýik Serdarymyzyň waspyny edýän bu meşhur şahsyýet, bolan Hatam Taý bilen baglanyşykly golýazma nusgalarynyň bir topary Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan milli golýazmalar institutynyň golýazmalar hazynasynda saklanýar. Şonuň üçinem Hatam Taýa degişli golýazmalary bir ýere jemläp, ony neşir edip halka etirmekligiň özi Saparmyrat Türkmenbaşynyň milli mirasy öwrenmekdäki taglymatynyň amala aşyrylmagyna goşant bolar. Sebäbi Beýik Serdarymyzyň ýaş nesli terbiýelemekdäki taglymaty geçmiş mirasymyzy, taryhymyzy we halk döredijiligimizi hemme taraplaýyn öwrenmtkden we özleşdirmekden gözbaş alyp gaýdýar. Şonuň üçinem häzirki Türkmenbaşy zamanasynda ata-babalarymyzyň bize miras goýan ähli golýazmalaryny öwrenip, ony ýene-de halkyň özüne düşnükli dilde gaýtaryp bermek möhüm işdir. Hatam Taý baradaky bu eseriň biziň şu günki günlerimize çenli doly gelip ýetmeginde ýazuwly edebiýatyň hyzmaty uly bolupdyr. Sebäbi bu eser kätipler tarapyndan golýazma nusga¬sy¬na geçirilip, kitap halyna getirilipdir. Halkyň şeýle eserlere bolan isleginiň barha artýandygy sebäpli bolsa, bu eser hem beýleki birnäçe eserler bilen bir hatarda ХIХ asyryň birinji ýarymynda litografik (daşbasma) we tipografik usulynda köpeldilipdir. Bu bolsa «Hatamnama» eseriniň giň halk köpçüligine ýetirilmegine we ýaýramagyna mümkinçilik döredipdir. «Hatamnama» eseri ilki araplarda döräp, şol ýurtlarda hem meşhur bolupdyr. Özüniň gözbaşyny arap edebiýatyndan alyp gaýdýan bu eser ilkinji gezek pars edebiýatynda ýörite işlenipdir. Merkezi Aziýa halklaryna bolsa onuň parsça nusgasy ýaýrapdyr. Bar bolan maglumatlara görä, bu eser «Hatamnama-sergüzeşt» ady bilen XVI asyrda, hatda ondan hem öň doly ki¬tap görnüşinde ulanylypdyr. XVIII–XIX asyrlarda bolsa bu eser eýýäm hindi, urdu, özbek, türkmen diline terjime edilipdir. Şeýlelikde, bu eseriň bütin Gündogar halklarynyň halk döredijiligine ornaşmagynyň özi-de Gündogar halklarynyň edebiýatynyň taryhynda olaryň özara baglanyşygynyň we gat¬naşygy¬nyň bolandygyny görkezýär. Türkmenbaşy adyndaky Türkmenistan Milli golýazmalar institutynyň hazynasynda bu eseriň onlarça nusgasy saklanýar. Olaryň köpüsi golýazma nusgalary bolsa-da, aglabasy XIX asyryň ahyrlarynda Daşkentde we Gazanda daşbasma usulynda çap edilen litografik nusgalarydyr. Olardan 412, 538, 5910, 5159, 4626, 3428, 1131 we ş.m. birnäçe bukjalary görmek bolýar. Biz bu neşiri şol golýazmalar hazynasynda saklanýan we XIX asyryň ahyrynda daşbasma usulynda neşir edilen 538-nji hem-de 412-nji bukjalaryň esasynda taýýarladyk. «Hatamnama» eseri folklor eseri bolup, onuň ýazarynyň kimdigi we ýazylan wagty belli däl. Emma eserdäki wakalar Oguz han eýýamynyň ahyry we Gorkut Ata eýýamynyň ba-şyn¬da bolup geçen wakalary ýatladýar. Bu bolsa onuň has irki döwürlerde dörändigini tassyklamaga esas berýär. Emma bu eseriň hakyky we doly manysynda gutarnykly eser hökmünde ýüze çykan döwrüni orta asyrlar diýip çaklamak boljak. Sebäbi bu eser beýlekilerden tapawutlylykda orta asyrlaryň musulman eserlerine mahsus bolan Hudaýa öwgi bilen başlanyp, soňundan bolsa Muhammet pygambere şöhratlandyrma waspy berilýär. Ondan soň bolsa Hatam Taýyň nesil şejeresi we beýleki wakalar hakynda gürrüň edilip başlanýar. Şeýle häsiýet bolsa, esasan, orta asyrlarda dörän eserlere mahsus bolupdyr. Hatam Taý ömrüniň köp bölegini syýahatçylyk bilen geçiripdir. Ol özüniň syýahatlaryny esasan Arabystanda, Hindistanda, Merkezi Aziýada, Kawkazda hem-de Hytaý ýaly ýurtlarda geçiripdir. Hatam Taý diňe bir sahylykda, jomartlykda ýa-da dilewarlykda meşhur bolman, eýsem, ol şahyrçylykda hem şöhrat gazanypdyr. Arap edebiýatlarynyň çeşmelerinde duş gelýän maglumatlara görä, yslam dininiň döremeginden öňki döwürde ýa¬şap geçen şahyrlaryň hatarynda Hatam Taýyň ady hem duş gelýär. Hatam Taý özüniň goşgularynda-da esasan belent adamkärçilik, sahylyk, jomartlyk hem-de myhmansöýerlik barada gürrüň edýär. Mysal üçin: Baýlyk geler-gider, diňe yzynda Gep-gürrüň, söz hem-de ýatlama galar. Eger bir gün sorap gelse dilegçi, Baýlygymdan galdy diýsem azajyk. Gursagy daralyp, alanda soňky demin, Ýigidi baýlyk halas edip bilmez ölümden diýmek bilen, baýlygyň mydamalyk zat däldigini, onuň geli-bem, gidibem bilýändigini, şonuň üçinem eliňden gelse garyp-pukaralara ýagşylyk etmelidigini nygtaýar. Ol: «Eger bar zadyňy ýok diýip, bermän goýberen garybyň açlygyndan ýaňa gursagy daralyp, soňky demini alyp bilmän birden öläýse, sen oňa nähili çydam edip biljek?! Ölüm seniň hem başyňda bardyr. Seniň özüňi hem baýlyk ölümden halas edip bilmez» diýýär. Ol baýlyk bilen janyňy satyn alyp bolmajakdygy baradaky pikire gaýta-gaýta ýüzlenýär: Jomartlyk niýetin oňlamaz bir kes, Bir Alla hakydyr, eşiden zadym. Baylyk bilen baky galan husyt ýok, Eşitmersiň, hor galanyn jomardyň. – diýmek bilen, baýlyk toplamak bilen hiç wagt baky galyp bilmersiň, ýagny janyňy baýlyk bilen satyn alyp bilmersiň, şeýle hem sahylyk, jomartlyk edeniň bilen hem hiç wagt garyp galmarsyň diýen pikiri öňe sürýär. Ýa-da: Maňa baýlygyň zekaty wajyp boldumy owaldan, Heý, sahy-jomart adama zekat düşermi gadyrdan – diýmek bilen, bolsa, sahy-jomart adamlara zekatyň düşme-ýändigini, şonuň üçinem bar zadyňy adamlar bilen paýlaşyp, birek-biregi goldap kömek etmelidigini aýdyp, adamkärçiligiň belent nusgalaryny görkezýär. Şonuň üçinem ol sahylyk, jomartlyk bilen özüniň baýlygyny garyp-gasarlara paýlaýar. Olary gülerýüz bilen garşylap, myhmansöýerlik bilen kabul edýär. Sahylyk, jomartlyk türkmeniň aslynda bolupdyr. Saparmyrat Türkmenbaşy hem sahylygyň, jomartlygyň nä derejede gadyr-gymmatynyň bardygyny beýan edip: «Jomart bol, çünki bereniň özüňe galar, bermedigiň – ýitip gider. Özüňde galýanlygynyň sebäbi – ömrüňde-de, öleniňden soňam jomart adyň galar, ýitip gidýänliginiň sebäbi – sende nämäniň bardygyny özüňden başga hiç kim bilmez, özüň bolsa, öňi-soňy ýiter gidersiň» diýýär. Şu ýerde ýeri gelende eziz Serdarymyzyň gys¬gançlyk baradaky aýdan ajaýyp sözlerini hem ýatlap geçmeklik atykmaçlyk etmese gerek. Ol: «Gysgançlyk– imansyzlykdyr. Aslynda bar zat Allanyňkydyr, zat–baýlyk diňe wagtlaýyn seniňkidir. Gysgançlyk–zat hemişelik meniňki diýip dawa tutmak, Allanyň barlygyna şek ýetirmekdir. Jomartlyk – seniň özüňiňem seniň zadyňyňam Allatagalanyňkydygyny ykrar etmekdir» diýýär. Şu ajaýyp sözlerden soň sahylygyň ýa-da jomartlygyň näderejede artykmaçdygyny düşündirmekliginiň zerurlygy ýok bolsa gerek. Sahylyk barada gürrüň edilende, şu ýerde bir zada aýratyn üns bermek gerek. Hatam Taý ýaly meşhur sahy adamlar şol döwürde ýa-da ondan öňki we soňky döwürlerde bolupdyrmy? Eger bar bolan bolsa olar näme üçin Hatam Taý ýaly şeýle meş¬hurlyga eýe bolmandyr diýen soragyň ýüze çykmagy mümkin. Dogrudan-da, Hatam Taýyň hut öz ýaşap geçen zamanasynda (jahylyýet döwründe) hem binäçe sahy adamlar ýaşap geçipdirler. Olardan Kagp ibn Mamet Iýady, Herim ibn Sinan Murry ýaly sahy adamlary aýtmak bolar. Şonuň ýaly-da musulman dünýäsinde hem birnäçe belli sahylaryň ýaşap geçendigi barada şeýle maglumatlar bar: «Musulman sahylaryna Aly ibn Abu Talyp, onuň iki ogly Hasan we Hüseýin, Abdylla ibn Japar ibn Abu Talyp, Pygamberiň: «Püre-pür Talha» lakamyny beren adamy Talha ibn Ubaýdulla ibn Osman, Talha ibn Ubaýdulla ibn Halaf, Huzagy (ol «Talhalar talhasy» bolan adam), Sagt ibn Ubada, onuň ogly Kaýs ibn Sagt, Ubaýdulla ibn Apbas we Hatam Taýynyň ogly Adyý ibn Hatam Taýydyr». Elbetde, sahylykda we jomartlykda bu adamlaryň atlary hem taryhda belli bir derejede yz galdyrypdyr. Emma, şeýle bolsa-da, olar edil Hatam Taý ýaly uly meşhurlyga eýe bolmandyrlar. Munuň özi hem Hatam Taýyň sahylyk, jomartlyk babatynda has artykmaçdygyny görkezýär. Şonuň üçinem alymlar ol barada şeýle diýipdirler: «Ilki Hatam hakda aýtsak, bu hakda günleriň ýaradyp bilmejek, aýlaryň we ýyllaryň gurşap bilmejek derejesinde ýagşy ýatlamalar galdy. Arapda-ajamda oňa degişli nakyllar döredi. Onuň aýdan sözlerini we nakyllaryny goşga geçirmek, şahyrlar üçin mertebä öwrüldi. Onuňky ýaly belent we ýagşy häsiýet başga hiç bir sahyda bolan däldir». Muny onuň sahylyk babatda aýdýan öz sözleri hem doly tassyklaýar. Ol: «Artykmaç zadyňy serpaý ýapmak sahylyk, jomartlyk däl, ujypsyz zadyny ilden gysganman paýlamak – ine, şu hakyky jomart¬lykdyr» diýýär. Hatam Taý baradaky bu eseriň türkmen aýdym saz-sungatynyň görnükli wekilleriniň biri bolan Gurt Ýakubyň dilinden ýazylyp alnan «Hatam Taý» atly dessan nusgasy hem bar. Bu des¬san «Türkmen halk dessanlary» atly kitapda neşir hem edildi. Ýöne ol eseriň türkmen okajylaryna doly ýetirilendigini aňlatmaýar. Sebäbi bu dessanda «Hatamnama» eseriniň ýazuwly çeşmesinde duş gelýän ýedi bölümiň diňe birindäki bar bolan wakalar hakynda gürrüň edilip, beýlekileri barada hiç hili maglumatlar ýok diýen ýaly. Emma «Hatamnama-türki» atly bu eseriň ýazuwly çeşmesi ýedi bölümden ybarat bolup, olaryň hersinde kyssa içinden kyssa geçmegi arkaly birnäçe wakalar beýan edilýär. Şonuň üsti bilen hem sahylyk, jomartlyk we mertlik ýaly ajaýyp häsiýetler bir ýere jemlenýär. Hut şu jähetden hem bu edebi ýadygärlik we onuň gahrymanynyň edermenligi sahylygyň we jomartlygyň nusgasy hökmünde beýleki eserler bilen bir hatarda irki döwürlerinden bäri türkmen edebiýatynyň taryhynda hem özüne mynasyp orun aldy. Nusgawy ede-biýatymyzyň beýik sütünleri Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde sahylyk, jomartlyk, mertlik, ýaly häsiýetler sypatlandyrylanda Hatamyň keşbine salgylanylmagynyň özi hem muny doly derejede tassyklaýar. Mysal üçin: Döwletmämmet Azady: Soradym ol Jebraýyla kimdir bu tebab, Diýdi Hatam Taý aradydyr der jowab, Küfri birle dowzaha girdi dahy, Eýledi otdan aman käri-sahy diýýän bolsa, Magtymguly Pyragy bu barada: Özi Hatam bolup ýene baý bolsa, Çar tarapdan myhman gelişin görüň diýmek bilen, Hatam Taýyň näçe baý boldugyça onuň myhmandarlygynyň hem şonça esse artýandygyny aýdýar. Jomartlyk, mertlik sahylyk babatda Hatam Taýa salgylanmalara XIX asyr türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleriniň döredijiliginde hem duş gelmek bolýar. Munuň özi geçmişde bu eseriň türkmen halkynyň öňdebaryjy adamlarynyň arasynda meşhur bolandygyny aňladýar. Mysal üçin, Seýdi özüniň «Döwrany bardyr» atly goşgusynda: Sahabatda Hatam Taýdan zyýada, Diýen adam hergiz galmaz uýada, Hyzmatyna her kim gelse pyýada, At münüp, don geýip gitdigi bardyr. diýýän, bolsa, bu pikiri Kätibi hem dowam etdirip şeýle diýýär: Misli Hatam Taý kibi kylsaň sahabat elmydam, Menziliň ötürse gelip, barça senden hasy-aam. Hatam Taýyň nesliniň nusgawy edebiýatymyzda orun almagy diňe bir sahylygy, jomartlygy we mertligi görkezmek bilen bagly bolman, eýsem şahyrlaryň döreden köptaraply edebi keşpleri deňeşdirip ýüze çykarmak üçin hem möhüm ähmiýete eýe bolup durýar. «Hatamnama» eseriniň başky «Giriş» bölüminde duş gelýän maglumatlara görä, Hatam Taýyň özi Muhammet pygamberiň ýaşap geçen döwründen 150 ýyl öň jahylyýet döwründe ýaşap geçen taryhy şahsyýet bolupdyr. Ol araplaryň «taýy» taýpasyndan bolup, onuň çyn ady Hatam ibn Abdylla ibn Sad ibn Taý bolupdyr. Ol sahyllykda, jomartlykda özüni dünýä tanadan belli adam bolmak bilen, bu eserde hem dürli wakalaryň rowaýatlaryň üsti bilen onuň sahylygy, jomartlygy, mertligi, we edermenligi beýan edilýär. Şonuň üçinem bu şahsyýet gadymy döwürlerden bäri halkyň aňynda orun alan Lukman, Isa, Dawut, Süleýman, Isgender, Jemşit ýaly beýik şahsyýetler bilen bir hatarda uzak wagtlap ýaşap gelipdir. Şeýle hem sahylyk, jomartlyk we mertlik hakynda gürrüň edilnde ilki bilen Hatam Taýyň ady tutulypdyr. «Hatamnama» eserinde dürli durmuşy wakalar bilen bir hatarda hyýaly wakalar, hadysalar hem beýan edilip, onda baş gahryman hökmünde başdanaýak Hatam Taý hereket edýär. Bu kyssadaky esasy ýordum Horezm şasynyň ogly Munir şanyň Hoja Berzehiň gyzy Husnyýe Banuwa gaýybana aşyk bolmagy bilen başlanýar. Bu bolsa biziň nusgawy edebiýatymyzyň görnükli şahyrlary Şabendäniň «Gül-Bilbil», «Şabähram» we Magrupynyň «Seýpelmelek-Medhaljemal» eserlerini ýadyňa salýar. Emma Husnyýe Banu özüniň ýedi sowalyna jogap tapan adama durmuşa çykjakdygyny mälim edýär. Şol sowallaryň jogabyny tapmak üçin hem Munir şa köp kynçylyklara duçar bolup, agyr halda ýatyrka hem Hatam Taýa duş gelýär. Hatam Taý ony tanamasa-da onuň agyr halyna gynanyp, oňa kömege ýetişýär. Münir şanyň deregine şol ýedi sowalyň jogabyny tapmak we ýerine ýetirmek üçin hem ol eseriň başyndan tä ahyryna çenli esasy gahryman hökmünde hereket edýär. Eserdäki wakalar ýarym durmuşy, ýarym hyýaly häsiýetde beýan edilýär. Onuň köp wakalarynda adaty durmuş wakalaryndan üýtgeşik, hatda ynanmasy kyn bolan wakalar hem beýan edilip, onda döwler, periler, jynlar we adatdan daşary gudratly güýçler gatnaşýar. Elbetde, bularyň ählisi-de onuň esasynda ýatýan ýordumlaryň tebigatyndan gelip çykýar. Muny biz Sam jadygöýüň Mahperiniň ýüzügini bermänligi üçin Hatam Taýy oda atanda onuň köýmändigi, ýa-da läheň balygyň içine girip diri çykmagy ýaly birnäçe wakalaryň üsti bilen hem göz ýetirýäris. Eserde diňe bir ýokarky ýedi sowalyň jogaby bilen bagla-nyşykly wakalar, hekaýatlar barasynda gürrüň edilmän, eýsem hekaýa içinden hekaýa çykamagy eseriň has hem çeperleşmegine ýardam berýär. Bu bolsa «Müň bir gije» ertekiler toplumyny we «Deňizde ýüzen Sindibadyň hekaýatlary» atly hekaýalar toplumyny ýadyna salýar. Şeýle hem bu hekaýatlaryň köpüsiniň türkmen ertekilerine we dessanlaryna meňzeş gelýän ýerlerine hem duş gelmek bolýar. Mysal üçin, «Gerdan şa we Husnyýe Banu barada» atly hekaýadaky Husnyýe Banuwyň penjiräniň öňünde köçä seredip otyrka, Gerdan şanyň eziz görýän piriniň geçip barşyny, onuň bilen bile barýan iki ýüz adamyň altyn kerpiçi, iki ýüz adamyň bolsa kümüş kerpiçi göterip, onuň aýagynyň astynda goýuşlary «Melike» atly türkmen halk ertekisinde şol durşuna gaýtalanyp gelýär. Bu hekaýanyň ahyrynda Gerdan şanyň piriniň ogry bolup çykmagy we onuň ogrudygyny aýdanlygy üçin Husnyýe Banuny çöle taşlatmagy hem «Melike» ertekisinde duş gelýär. Şonuň ýaly-da, Melikäniň çöle taşlanmagy we ol ýerde köşk gurmagy hem «Melike-Dilaram» dessanyny we beýleki birnäçe türkmen halk ertekilerini ýadyňa salýar. Eserde Hatamyň döwler, jynlar bilen iş salyşmagynda hyýaly-fantastik güýçleriň kesgitleýji rol oýnaýandygyna garamazdan, onda çuň mazmun, adalatly we parasatly pikirler bar. Sebäbi ol gerek ýerinde olar bilen uruşýar, gerek ýerinde bolsa olar bilen dostlaşyp, olaryň kömeginden peýdalanýar. Şeýdibem, ol adamkärçilik, dostluk, söýgi, adalat ýaly pikirleri öňe sürýär. Hatam Taýyň her bir başlan işine berk ýapyşmagy, yhlaslygy, maksada okgunlylygy onuň ruhubelent adam bolandygyny görkezýär. Şonuň üçinem, ol her bir başlan işini ahyryna çenli dowam etdirip, ýeňiş bilen hem dolanyp gelýär. Ol her bir çykgynsyz ýagdaýdan baş alyp çykýar. Bir gün Hatam Mahrawar peri bilen gaçyp barýarka, döwleriň mekanyna düşýär. Döwler bolsa periler bilen hem jet bolupdyrlar. Şonuň üçin bu ýagdaýdan Mahrawar periniň özi hem gorkýar. Şu pursatda Hatam çaltlyk bilen ugur tapýar. Ol döwlere bildirmezlik üçin guşlardan alan periniň birini köýdürip, onuň külüni suwa salyp, bedenine sürtýär we döwe öwrülýär. Şeýdip hem ol döwlerden gutulýar. Görnüşi ýaly, tüý tütetmek meselesi aslyýetinde köp eserlerde, dessanlarda we ertekilerde ýygy-ýygydan duş gelýär. Saçyň ýa-da tüýüň oda köýdürilmegi hakyndaky düşünjäniň asly gelip çykyşyny kesgitlemek kyn. Eýsem-de bolsa, bu hadysanyň gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýändigini, onuň haýsy hem bolsa bir ynanç bilen baglanyşygy bolmagynyň mümkindigini aýdyp, E.M.Meletinskiý: «Muny mifiki döwür bilen baglanyşykly öwrenmeli» diýýär. Şeýle hem hyýaly eserlerde adamyň haýwana we beýleki janly-jandarlara öwrülmek ýagdaýy soňky döwürlerde ýüze çykan düşünje däl. Ol gadymy döwürlere degişli bolupdyr. Şonuň üçinem ol irki döwürlerden bäri ýazuwly edebiýatda-da, halk döredijiliginde-de öz mynasyp ornuny tapypdyr. Muny biz «Hatamnamada» Hatamyň döwe öwrülýän, Nyzamynyň «Ýedi gözel» eserindäki Mahanyň münüp barýan atynyň aždarha öwrülmegi, Hysrow Dehlewiniň «Sekiz behişt» eserindäki Hindistan patyşasynyň keýige, onuň weziriniň bolsa towuga öwrülýän wakalaryndan hem görýäris. Ýöne wakalaryň beýan edilişinde tapawutlar köp. «Hatamnama» eserinde Hatam diňe il-halky goldap, gerek ýerinde oňa kömek edýär, hatda ýamanlyk edene-de ýagşylyk edýär. Hatamyň bir çeşmäniň başynda dynç alyp otyrka onuň ýanyna bir it gelýär. Ol ite suw berip, onuň başyny sypalaýar. Onuň eline bir demir syh ilýär. Ol ony çekip aýyrýar. It adama öwrülýär. Ondan soň ol adam başyndan geçiren ähli wakalaryny Hatama gürrüň berýär. Şu ýerde Hatam: «Ýamanlyk edene ýagşylyk derkar» diýip, ärine ýamanlyk eden hatyna hem kömek edip, ony öňki kaddyna getirýär. Şeýle hem, Gündogaryň ýazuwly edebiýatynda hem-de halk döredijilik eserlerinde köp duş gelýän wakalaryň biri-de ýylanlaryň adamlara öwrülmegidir we olara kömek etmegidir. «Hatamnama» eserinde Hatamyň iki sany urşup duran ýylanyň üstünden barýan we olara kömek berýän wakasyna duş gelmek bolýar. Şuňa meňzeş hadysa Şabendäniň «Gül-Bilbil» dessanynda hem görmek bolýar. Bilbil bilen Zeliliniň barýan ýolunda hem iki sany äpet ýylanyň urşup duran pursatlaryny we Bilbiliň olara kömek berýän wakasyna duş gelinýär. Diýmek, ýokarky gysgaça deňeşdirmelerden görnüşi ýaly, «Hatamnama» eserindäki käbir wakalar göniňden-göni Gündogar edebiýatyndaky we türkmen dessanlarydyr ertekilerindäki bu wakalar bilen gabat gelýär. Munuň özi Gündogar halklarynyň eserleri bilen türkmen edebiýatyň arasynda berk arabaglanyşygyň we ýakynlygynyň bardygyny görkezýär. Şeýle hem eserde Hatam dürli görnüşli guşlar, haýwanlar we janly-jandarlar bilen iş salyşýar. Gerek ýerinde olara kömek edýär. Bir gün Hatam aç böriniň keýik awlap barýanyny görýär. Görse, keýigiň emjeginden süýt akyp dur. Muny gören Hatam onuň ýaş çagalarynyň bardygyny bilýär. Ol börä dürli haýbatlar atyp, keýigi boşadyp göýberýär. Böri bolsa dile gelip özüniň aç galandygyny aýdýar. Bu ýagdaýa gynanan Hatam oňa öz etinden kesip berýär. Eseriň başga bir ýerinde bolsa Ha¬tam agyr halda ýatyrka bir şagalyň Mazenderan jeňňeline gidip, perisypat guşlaryň birini öldürip, onuň başyny Hatama getirip berip, ony ölümden halas edýär. Munuň özi bu eseriň içinde hyýaly wakalara uly orun berilýän-de bolsa, olarda hakyky wakalaryň, we durmuşy ýagdaýlaryň beýan edilýändigini görkezýär. Sebäbi hakyky mazmun, hyýaly wakalar bilen utgaşdyrylyp suratlandyrylýar. Şolaryň içine çeperçilik bilen siňdirilýär. Şeýlelik bilen hem adaty bolmadyk ýagdaýda hereket edýän gahrymanlaryň häsiýetlerinde adamkärçilik, tutanýerlilik, ynsanperwerlik ýaly ýokary adamkärçilikli duýgular beýan edilýär. Eserde Hatam adaty bolmadyk şertlerde hereket edýän bolsa-da, onda ýokary adamkärçilikli ynsan duýgusy görünýär. Hatamdan her bir baran ýerinde «Sen kim?» diýip soranda, onuň: «Men Ýemen ýurdundan, meniň adym Hatam ibn Taý, şa Ýemen. Men Beýik Taňrynyň ýolunda mätäç bendeler üçin janymy pida etmäge taýýar» diýmeginiň özi hem onuň belent adamkärçilikli, ruhubelent, watansöýji adamdgyny tassyklaýar. «Hatamnama» eserinde taryhy we etnografik maglumatlara hem köp duş gelmek bolýar. Şeýle-de, eserde şäher, ýer-ýurt atlary köp duş gelip, olar her ýurduň öz däp-dessurlary bilen bilelikde suratlandyrylýar. Mysal üçin, Hatam Hindistana baranda şeýle wakanyň şaýady bolýar: Hatam birnäçe gün ýol ýöränden soň, aýakýalaň, başaçyk, saçlary ösgün adamlaryň bolýan ýerine baryp ýetdi. Ol adamlaryň odun ýygyp ýörendiklerini görüp olardan: – Siz oduny näme üçin ýygnaýarsyňyz?– diýip sorady. Olar: – Biz hindi halkydyrys. Bu gün biziň birimiz öldi. Biz onuň jesedini oda ýakyp köýdürýäris. Ol hatyny bilen bilelikde ýanýar – diýdiler. Hatam: – Diri adam niçik köýýär? – diýip sorady. Olar: – Ölen adam bilen hatyny aşyk-magşukdyr. Olar ölenlerinde hem bir ýerde ölýärler – diýdiler. Şeýle hem bu eserde tebigat manzaralarynyň – peýzažlarynyň, owadan baglaryň, serhowuzlaryň we kepderi sypatynda uçup gelýän peri gyzlaryň häsiýetlerinde-de, hereketlerinde-de diňe bir türkmen dessanlarynda meňzeşlik bolman, eýsem, beýleki halklaryň eserlerinde-de meňzeşlik görmek bolýar. Mysal üçin, perileriň kepderi sypatynda uçup gelip, owadan serhowuzyň başyna gonup gyza öwrülmegi gyrgyzlaryň «Periler» atly ertekisinde we azerbaýjanlaryň «Şazada Mütalyp» atly ertekisinde hem görmek bolýar. Bu eseriň bütin Gündogar halklarynyň ýazuwly edebiýatyna we halk döredijiligine ornaşmagynyň özi Gündogar halklarynyň edebiýatynyň taryhynda olaryň özara baglanyşygynyň gadymy kökleriniň bardygyny görkezýär. Eserde halk döredijiliginiň çeperçilik serişdeleri hem giňden ýerlikli ulanylypdyr. Onda uzak asyrlaryň dowamynda halk tarapyndan döredilen baý mirasyň uly toplumy bar. Eseriň her bir ýordumynda köptaraply pikir-mazmun bar. Eserde diliň taryhyny öwrenmek üçin gadymy türkmen sözleri köp duş gelýär. «Hatamnama» eserini öwrenmek we ony giň okyjylar köpçüligine ýetirmek diňe bir onuň sahylygyny, jomartlygyny, ynsanperwerligini we gaýduwsyzlygyny görkezmek üçin bähbitli bolman, eýsem, onda taryhy-etnografiýa degişli baý maglumatlar bilen bir hatarda biziň gadymy türkmen dilimizi gaýtadan dikeltmek üçin hem uly mümkinçilikler bar. Gurbangül GUZUÇYÝEWA, Türkmenistanyň Milli medeniýet «Miras» merkezi. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |