15:35 Big moment / hekaýa | |
BIG MOMENT
Hekaýalar
Gar gatyşykly ýagyş köwsarlap ýagýar. Münberlerde tomaşaçylar, oýnuň iň aýgytly, heýjanly, “ýa eýläk ýa beýläk” pursatyny duýmakdan ýaňa, tolkun atýan däli deňze çalym edip güwleýärler. On müňlerçelik mähelläň güwwüldisi, muň toparynyň janköýerleriniň bogazyny ýyrtaýjak bolup gygyryşýan seslerine, surnaýlaryň zoguldysyna gatyşyp-garyşyp, mähnet stadiony göçüräýjek bolýar. Penalti. Soňky synanyşyk. Oýnuň ykbaly – oňa bagly. Depdigi – bolany. Onsoň hakykatdanam ýa eýläk, ýa beýläk. Oň egnindäki, döşi-ýagyrnysy ak ýedilikli, gan gyzyl lybasy öl-myžžyk. Şoň üçinem onuň oýnuň badyna gyzan bedeninden assaja bug göterilýär. Ol ilki bir derwezä tarap gözüniň gyýtagyny aýlaýar. Garşydaşyň golkiperi düwdek bolup, düwlüp, çuslanyp dur. Düşnükli! Edil munuň üçin belli-küllilik pursady bolşy ýaly, şu pille oň üçinem hemme zat “çöp döwlen ýaly” bolmaly pillesi. -Kriştýanu! Kriştýanu! Kriştýanu!-diýip münberdäkiler özlerini öldüräýjek bolýarlar. -Penaldu! Penaldu! Penaldu!-diýip oň muşdaklarynyň has janköýerleri bagyrýar. -Kraýbeýbi-i-i!!!-diýip oň garşydaşlarynyň janköýerleri bogazyna bat berýär. Ol bolsa bu mahal gar gatyşykly ýagşyň astynda başyny aşak salyp, hamana indiki sekuntda näme etjegini bilmän içini hümledýän dek, demsalymlyk säginip dur. Häzir, ýene-de bary-ýogy bir-iki sekuntdan depjek topunyň sak derwezebanyň girisinden sypyp, derwezä zymdyrylyp girmegi üçin dileg edip, mynajat okaýarmy? Ýa-da öz-özüni ýene-de bir ýola üstünlik gazanjakdygyna ynandyryp, öz göwnüni özi galkyndyrmak üçin, geçen ýeňişlerini – özüniň ähli ýyldyz pursatlaryny birme-bir göz öňünden geçirýärmi?! Ýa-da şu mahal özüni göni ýaýlymda synlaýan ýakynlarynyň özi üçin näderejede tolgunýandyklary, özünden nobatdaky ýeňşe neneňsi garaşýandyklary hakda oýlanýarmy?! Ýa-da özüniň badyhowalygyna berlip, bu gezekki üstünliginem eýýäm gazandym hasap etmek bilen, şu ýeňşinden soň öz meşhurlygynyň nä derejede hasam ýokary göteriljekdigini çaklaýarmy?! Belki, hemmesem birdendir... Belki, hiçisem däldir... Ol birdenkä, başyny göterýär-de, aýgytly lowurdaýan gözlerini derwezebana dikýär. Göz-göze düşýär. Olaň ikisiniňem endamyndan ýyldyrymyň tolkunlary ýörän ýaly bolýar. Bir demde ähli zat gürüm-jürüm bolýar. Münberlerem. Däli-porhan tomaşaçylaram. Özlerini sabyrsyz dykgatlylyk bilen synlaýan topardaşlaram. Adamdan hyryn-dykyn mähnet stadionam. Diňe gar gatyşykly ýagyş. Top. Derweze. Onsoňam birek-biregiň garaçygyna örklenen şu iki ynsan. Özem bu mahal olaň bir-ä bombardir däl, beýlekem golkiper. Olar bu mahal jan alyp jan bermek üçin ýekme-ýek söweşe çykan, orta asyr pälwanlary. Ellerindäki gylyçdyr-galkanyň ornuna-da biriniň-ä aýak astynda top, beýlekiňem ýeňsesinde torly derweze. Depelerinde ýaňlanýan mähelläň şowhunam şu wagt bu ikisiniň gulagyna, başa-başhanaň bekewüliniň: -GOÝ! EDERMENIŇ IŞINI ALLA OŇARSYN!!!-diýip, sesinde baryny edip gygyrýan söweşe başlamaga idin beriji towşy bolup eşidilýär... ...Ýedilik belgili oýunçy, haýaljakdan aýagyny herekete getirdi-de, derwezä garşy janalgyç zarbany urmak üçin çemelenip ugrady. Şo müddetem... -Gyý-ýuw, ýaşy uzaman galanyň, aňyny pökgi alyp, aňkasyny fubbol aşyrmyşy! Mallaň günortandan bäri mäläp, suwsuz gyryldy-la! Gel-ä derrew, suwa ýak-a olaňňy! Ýa nä, janawerlerde kassyň dagy bamydy!... Ejesiniň özi görünmese-de howlularyndan gygyrýan şaňňy sesi gulagyna gelen badyna, ýedilik belgili oýunçyň başyndan geçýän pursadyň jadysy ýitdi. Münber küje, müňläp tomaşaçy küje, gar gatyşykly ýagyş küje... Tomus. Kanikul. Köçe. Ýyrtyk top. Iki sany daş dikilip, derwezä derek bellik edilen. Özünden başga oýunçy ýok. Bu gün her kim başagaý. Egninde-de öz eli bilen çalak-çulak ýedilik belgi çyrşalan, solak, köne, ýeňsiz köýnek. Oň reňkem birmahal, atam döwürlerinde belki gyzyl bolan bolmagam mümkin, belki-de ýaşyl. Ýa-da sary. Garaz, indi ýörite seljerme geçiräýmeseň bildirjek gümanasy ýok... -Uff...,-edip, oglanjyk lapykeçlik bilen uludan demini aldy-da, şuguldadyp burnuny çekdi. Soňam ýüzüni sallap, diýlenini etmek üçin howlularyna mytdyldady... | |
|
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Şeýtany öldüren / hekaýa - 08.11.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Bars balasy / hekaýa - 09.12.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Gün dogup barýarka / hekaýa - 16.12.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Nälerkerde / ajy hekaýat - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |