01:12 Bir goşgynyñ kyssasy | |
BIR GOŞGYNYŇ KYSSASY
Edebi makalalar
(Belent mertebeli Prezidentimiziň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň on iki ýaşynda — 1944-nji ýylda ýazan «Köp ekeliň dänäni!» atly goşgusynyň döreýşi bilen baglanyşykly wakalar hakda) Başa iş düşende kimiň-kimdigi has oraşan görünýär. Gahrymanlar, çyn ärler kynçylykda, söweşde döreýär. Kynçylyk kimiň-kimdigini aýyl-saýyl edýän mizan terezi. Belent mertebeli Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kakasy Mälikguly Berdimuhamedowyň ýaşlygy agyr uruş ýyllaryna gabat geldi. Ol durmuş kynçylyklaryna merdanalyk bilen döz geldi, taplandy, ruhubelent ýaşady. Her bir işde oňa kakasy göreldedi. Mälikguly Berdimuhamedowyň kakasy Berdimuhamet Annaýew pederleriniň ýoluny ýöretdi: ömrüni il-ulsuň rowaçlygyna, bilim-sowat almagyna bagyşlady. Gije-gündiz il-günüň hyzmatynda boldy. Il-ulus hem özi hakda ýadawsyz alada edýän bu nurana gerçegi hatyralady, mertebeledi. Berdimuhamet Annaýew ömrüni öz döwrüniň iň derwaýys meselesine — ýaşlara sowat öwretmek işine bagyşlady. Şol döwürde şundan derwaýys mesele ýokdy. Çünki diňe bir ýaşlara däl, eýsem ululara-da sowadyny çykmak gerekdi. Hut şonuň üçinem Berdimuhamet Annaýew mugallymçylyk ugrundan ýörite bilim alyp, oba adamlaryna, ýaş oglan-gyzlara sowat öwretmäge girişdi. Ýerlerde mugallymlar ýetmezçilik edýärdi. Diňe bir mugallymçylyk etmek däl, mekdep açmak, onuň işini ýola goýmak hem möhüm meseledi. Şeýle bolansoň başarjaň guramaçy hünärmenleri mugallymlaryň ýetmezçilik edýän ýerlerine, uzak obalara iberýärdiler. 1929-njy ýylda Gökdepe raýonynyň «Birinji birleşik» obasyndaky 16-njy orta mekdebiň mugallymy bolup işe başlan Berdimuhamet Annaýewi köp wagt geçmänkä uzak bir oba — Kirow raýonynyň çöli etekläp oturan çetki Harjagaz (häzirki Babadaýhan etrabynyň «Täze ýol» obasy) obasyna mekdep açmak, ýaşlary okuwa çekmegi ýola goýmak üçin ugratdylar. Elbetde, öz önüp-ösen obaňda işlemek amatlydy, ýöne halk üçin has peýdaly işleri bitirmek, adamlaryň bilimli, sowatly, bagtyýar bolmagyna öz goşandyňy goşmak, alkyşly ýaşamak Berdimuhamediň zandynda bardy. Bu onuň ata-babalarynyň ýoludy. Bu mukaddes ýola dowamat bermegi, köp-köp haýyr-sahawatly işleri bitirmegi, ata-baba mertebesine mynasyp nesil bolmagy ol özüniň jana-jan borjy hem parzy hasaplaýardy. Hut şonuň üçinem çagyryp, entek baryp görmedik obasynda mekdep gurmak, ol ýerde çagalary okatmagy ýola goýmak teklip edilende Berdimuhamet Annaýew ikirjiňlenmezden razylyk berdi we ýola düşdi. Bu obada üç kolhoz bardy. Olar «Gyzyl çarwa», «Täze ýol», «Azatlyk» kolhozlarydy. Mekdebi «Gyzyl çarwa» kolhozynyň ýerinden gurmak makul bilindi. Bu kolhozyň başlygyna Mady aga diýýärdiler. Onuň il arasynda ýörgünli ady «Mady murtdy». Ol altmyş ýaşy arka atan çal murty ýüzüne gelşip duran kişidi. Ýaş, gujurly Berdimuhamet Annaýew oba gelen gününden işe başlady. Obada ýygnak geçirildi. Mady aga Aşgabatdan iberilen wekile söz berdi. Berdimuhamet Annaýew söz sözledi: oba adamlaryna bilim-sowat öwrenmegiň zerurlygy, munuň üçin obada mekdep gurmalydygy, bu işi ýerine ýetirmek üçin oba adamlarynyň hem ýardamynyň gerekdigi hakda aýtdy, olary gurluşyk işine kömege çagyrdy. Oba adamlary ýaş direktoryň sözüni makulladylar, örän asylly maksadynyň bardygyny nygtadylar. Täze mekdebiň gurluşygyna başlanyldy. Ýaş direktor gije-gündiz mekdep gurluşygynda işledi, şol bir wagtda-da üç kolhozyň mekdebe gatnajak oglan-gyzlarynyň hasabyny aldy. Mekdebiň açylyşy diýseň dabaraly boldy, oňa Aşgabatdan hem üç-dört sany wekil geldi. Mekdebiň gapdalyndan üç otagly aýratyn jaý hem guruldy. Onda mekdebiň direktory Berdimuhamet Annaýew maşgalasy bilen ýaşamalydy. Gysga döwür içinde Berdimuhamet Annaýewiň ak mekdebi iň nusgalyk mekdepleriň birine öwrüldi. Il içinde bu mekdebe «Annaýewiň mekdebi» diýýärdiler. Aşgabatdan barlagçylar gelip, mekdebiň işine, direktoryň guramaçylyk ukybyna ýokary baha berip gidýärdiler. Beýik Watançylyk urşunyň başlanmagy bilen ýagdaýlar düýpgöter özgerdi. Berdimuhamet urşa gitmek barada ilkinjileriň biri bolup, raýon harby komissarlygyna arza berdi. Oňa mekdepde okuwyň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny aýtdylar. Şeýle bolansoň ýaş direktor okadýan zehinli okuwçy gyzlarynyň üç-dört sanysyna aýratyn sapak geçmäge — olara mugallymçylygy öwretmäge başlady. Berdimuhamediň yhlasy ýerine gowuşdy. Onuň mugallymçylyga taýýarlan gyzlary Aşgabatdaky synagdan üstünlikli geçdi, olara mekdepde okatmaga ygtyýar berildi. Ana şondan soň Berdimuhamet Annaýew 1943-nji ýylyň başynda fronta ugrady. Ol fronta ugramazyndan öň on bir ýaşly ogly Mälikguly bilen aýratyn gürleşdi: — Oglum Mälikguly jan, men fronta gidýän, mukaddes ojagymyzy saňa tabşyrýaryn. Biziň neberämiz il arasynda abraýly nebere hasaplanýandyr, beýik ata-babalarymyz bardyr. Sen olaryň adyna şek ýetirmeli dälsiň, şolara mynasyp är ogul bolmalysyň. Okagyn, köp okagyn. Işden gaçmagyn. Işleseň, köp okasaň, bagt guşy hymaý mydama depäňde saýa salar. Men gelerin, biz hökman ýeňeris! — Men ynanýaryn, kaka. Ýeňiş hökman bizlik bolar. Men size guwanýaryn. Siz isleýärin. Siz ýaly köp zatlary bilesim gelýär. Iliň alkyşyny alyp ýaşasym gelýär. Mälikguly kakasyna beren sözünde tapyldy. On bir ýaşda iner ýüküni gerdenine aldy. Ejesine ýakyn kömekçi boldy. Irden okuwa gitdi. Mekdepden çykybam her gün edil beýleki okuwçylar ýaly kolhoz işine gatnady. Kakasynyň sargydy, oňa beren sözi aňyndan aýrylmady. Beýik neberä mynasyp bolmak hyjuwy bilen ýaşady, okady, işledi. Mälikgulynyň kakasy sowatly adamdy, aýratyn hem nusgawy edebiýatymyzy, halk döredijiligimizi gowy bilýärdi. Köp şahyrlaryň goşgularyny ýatdan aýdardy. Özem goşgy goşardy. Birnäçe depderi goşgudan doludy, ýöne ol goşgularyny çap etdirjek bolmazdy. Şahyrlar Şaly Kekil hem Çary Aşyr bilen saçakly gatnaşardy. Kä günler olar bilen tä daňdana çenli hemsöhbet gurardylar, goşgy okaşardylar. Mälikguly kakasynyň gowy görýän goşgularynyň birnäçesini ýatdan bilýärdi. Mekdepde, obada geçirilýän çärelerde ondan goşgy okap bermegini haýyş ederdiler. Onuň okaýan goşgularyny hezil edip diňlärdiler, köp-köp sagbolsun aýdardylar. Mälikgulyny üç gezek raýon merkezine alyp gidipdiler, açyk meýdanda geçen uly ýygnakda ondan Watan hakda goşgy okamagyny haýyş edipdiler. Şol ýygnaklaryň ählisinde Mälikguly Watan hakda iki sany goşgy okapdy. Bir gezek hem ony Tejene alyp gidipdiler. Ol ýerde fronta ugraýan adamlaryň öňünde Watan hakda ýene goşgy okady. Mälikgulynyň özem käte goşgy goşardy. Brigadir Berkeli aga Mälikgula, onuň döredýän goşgularyna aýratyn sarpa-hormat goýardy. Käte kolhozçylar günortan üýşüp günortanlyk edip otyrkalar Berkeli aga Mälikgula ýüz tutardy. — Mälikguly jan, gaýrat et, ogul. Göwünlerimizi galkyndyryp goýber. Mälikguly bu söze düşüş: ol goşgy okamaga başlar. Birinji okalmaly goşgy Magtymgulynyň «Ýeldim tut» diýen goşgusy. Bu goşgy okalyp gutaranda Berkeli aga şol bir sözi gaýtalaýar: — Hawa, hawa, göwnüňi şeýle belent tutmaly. Şondan soň ýene birnäçe goşgy okalar. Oturanlaryň biri: — Mälikguly, «Uruş bolmasyn!» diýen goşgyňy okap ber — diýer. Başga biri: — Indi «Ýaşasyn» diýen goşgyňy okasana — diýer. Garasaý, adamlar goşgy diňlemegi gowy görerdiler. Durmuş agyrdy. Bir ýandan ýeter-ýetmezçilik, beýleki bir ýandan her hili agyr keseller kösemek köseýärdi. Çekilýän zähmet hem agyrdy. Şeýle-de bolsa adamlaryň ruhlary çökgün däldi, belentdi. Adamlar şol agyr günlerde birek-biregi bilen degişýärdilerem, gülüşýärdilerem. Aýdym-saz diňlemegi-de gowy görýärdiler. Ähli kişide «Biz hökman ýeňeris!» diýen berk ynam bardy. Ýeňşe sabyrsyzlyk bilen garaşylýardy. Kolhoz başlygy Mady aganyň ýörite islegi boýunça Mälikguly «Biz hökman ýeňeris!» diýen goşgy ýazypdy. Mady aga Mälikgula «Biziň şahyrymyz» diýip buýsanmak buýsanardy, köpçüligiň arasynda köplenç magtanardy hem: — «Biz hökman ýeňeris!» diýen goşgyny Berdimuhamet direktoryň ogly Mälikgula men ýazdyrdym. Şeýle-şeýle edip ýaz diýdim. Olam meniň aýdyşymdanam juda gowy edip ýazypdyr. Tüweleme, göz degmesin. Indi raýonda ulurak bir ýygnak geçmeli bolsa, raýispolkomyň başlygy ýoldaş Begenç Parçamow «Ýygnakda «Biz hökman ýeňeris!» diýen goşgy hem okalsyn. Mady, şahyrymyzy ýadyňdan çykaraýmagyn» diýýär. Biziň şahyrymyza indi raýonam eýe çykýar. Wagt geçip durdy. 1944-nji ýylyň bahary ýetip geldi. Mälikguly on iki ýaşyň içindedi, eýýäm 5-nji synpda okaýardy. Aladaňdandan tä mazaly garaňky düşýänçä ulular bilen deň işlenilýärdi. Ulular diýilýänler kileň aýal-gyzlardy, garrylardy. Işe azda-kände ýarawy bolan ähli kişi kolhoz işindedi. Azal bilen ýer sürülýärdi. Azaly iki düýe çekýärdi. Iki düýe bilen ýer sürmäge «goş» diýilýärdi. Kolhozda hem bary-ýogy alty düýe — üç goş bardy. Üç goşy hem bäşinji klasyň üç oglanyna ynandylar. Birinji goş Mälikgulynyňky, ikinji Aşyryňky, üçünji hem Welliniňki boldy. Goşa erk etmek gaty kyndy: azalyň üstünden birsyhly basyp ýöremelidi. Elleriň guruşýardy, ysgyndan gaçýardy. Sürlen ýerde mandy galmaz ýaly, azalyň göni gitmegini-de başarmalydy. Brigadir Berkeli aga üç klasdaşyň işleýşinden razydy, olaryň berekellasyny ýetirerdi. Mälikguly dagy hem eden işlerinde kem-köst goýman işlemäge çalyşýardylar. Brigadir Berkeli aga ýaşy ýetmişe ser uran gojady. Gaty işeňňir gojady. Onuň ýazylyp-ýaýrap oturan wagtyna aňsat-aňsat gabat gelip bolmaýardy. Ol haçan görseň bir işiň başyndady: bir görseň, goşlaryň düýelerine ot getirýändir, bir görseň, Mälikguly dagynyň süren ýerlerine tohum sepip ýörendir, ýene bir görseň, goşçylaryň günortanlygyny getirýändir. Mälikguly dagy giç öýläne çenli gaty ýadaýardylar. Bir gezek garaňky gatlyşyberende Berkeli aga sürlen ýerlere tohum sepip ugrady. Bu giç agşama çenli işlemeli diýmekdi. Sebäbi üç goşçy Berkeli aganyň tohum sepen ýerlerini düýeleri bilen boranalap çykmalydy. Üç klasdaş biri-biriniň ýüzüne seretdi, soňam Berkeli aga ýüzlendiler: — Berkeli aga, wagt bir çene bardy. Süren ýerlerimize tohumy ertir sepäýseňizläň. Biz bu gün biçak ýadadyk, ysgyn-deramatymyz galmady. Tohum sepen ýerleriňizi mundan soň boranalamaly bolsak, onda gaty gije çenli işlemeli bolarys. Aýam aýdyň däl... Berkeli aga goşçylaryň sözünden soň böwrüne birsellem diň salyp durdy-da, mylaýym dillendi: — Balalarym, türkmençilikde bu günüň işini ertire goýmak halanylýan däldir. «Galan işe gar ýagar» diýen pähimem şonuň üçin dörändir. Bu günüň işini ertire goýmak size-hä asla gelişjek zat däl. Sebäbi siz frontçylaryň ogullary. Fronta gidenleriň tizara ýeňiş bilen gelmegi belli bir derejede bize-de bagly. Gaýrat ediň, işläliň. Ertir günortan men size ýabymy bereýin. Münüp hezil ediň. Bu Berkeli aganyň gaty eçildigidi, iň uly sylagydy. Ýogsam «bedewine» özünden başga biriniň münmegini halamazdy. Oglanlar welin Berkeli aganyň Ýyldyrym atly ýabysyna münüp çapmagy diýseň gowy görerdiler. Olar üçin ýaby münmekden, çapmakdan gowy şatlyk-lezzet ýokdy. Mälikgulynyň göz öňünde kakasynyň nurana keşbi janlandy, fronta ugramakçy bolanda aýdan sözleri gulagynda ýaňlandy, Aşyr bilen Wellä ýüzlendi: — Oglanlar, Berkeli aga dogry aýdýar, gaýrat edeliň. Goý, dänämiz köp bolsun, goý, biziň işleýşimizi görüp, beýleki kolhozçylaram köp işlesin. — Berekella, Mälikguly. Gaty gowy aýtdyň. Sen şu pikiriňi goşga geçir. Öňki goşgylaryňam gowy gördüler-ä! «Gallany, dänäni köp ekeliň!» diý. Goý, gidenler ýeňişli gelsinler, tiz gelsinler. Toý ederis enşalla. Toýda çörek köp gerek bolar. Berkeli aganyň bu pikiri Mälikgulynyň ýüregine jüňk boldy hem oňa güýç berdi. Gallany köp ekmäge çagyryş goşgusyny ýazmak pikiri ony büs-bütin gurşap aldy. Ol öýüne barýarka goşgy setirleri hatar-hatar bolup aňyna geldi, olary pyşyrdap öwran-öwran gaýtalady. Uzynly gün işläp ýadaýan Mälikguly köplenç agşamlygyny edinensoň ýatmak bilen bolýardy. Sebäbi erte-de irgözinden turup işe gitmeli. Bu gün agşam welin Mälikguly ýatmak hakda oýlanmady hem. Ol pelteli çyranyň ýagtysyna eýýäm aňynda sünnälän goşgy setirlerini kagyza geçirdi. Öz ýanyndan üç-dört gezek okady. Köp ekeliň dänäni! Kolhozçylar, bar güýjümiz sarp edip, Gowy işläp, köp ekeliň dänäni! Ýerlerimizi sürüp, çöplerin çapyp, Zarply işläp, köp ekeliň dänäni! Agronomiýa usuly bilen tohum sepeliň. Gezek bolan dökünleri dökeliň; Güýzlük, ýazlygy öz wagtynda ekeliň! Ýaryş gurap, köp ekeliň dänäni! Ekine zyýanly çöpleri çapalyň! Işiň hilini gowy edeliň; Duşmanyň depesinden uralyň! Ýeňiş üçin köp ekeliň dänäni! Bugdaýdan bol hasyl almagy üçin, Açlyk belasyndan dynmagy üçin, Duşman depesinden inmegi üçin, Gaýrat edip, köp ekeliň dänäni! M. Berdimuhamedow Mälikguly «Köp ekeliň dänäni!» atly goşgusyny irden Berkeli aga gowşurdy. Goja geňirgenmesini daşyna çykardy: — Be, be, Mälikguly, goşgyny bir gijede ýazaýdyňmy? Mälikguly buýsanç bilen baş atdy. — Haý, berekella, berekella, är ogul. — Berkeli aga goşgyny okap hasam begenmek begendi, soňam Mälikgulynyň goşgyny şeýle çalt ýazmagyny öz ýanyndan esaslandyrdy. — Hawa-la, sen muny bir gijede ýazyp bilersiň. Sen Berdimuhamediň ogly. Berdimuhamediň aýtjak sözi hem goşgy ýalydyr, akgynlydyr, diline gelip durandyr, sen zehinli adamyň ogly. Zehinliden zehinli çykar. Berkeli aga Mälikgulynyň goşgusyny kolhoz başlygy Mady aga bermek üçin alyp gitdi. Şondan bir hepde geçenden soň Mälikgulynyň «Köp ekeliň dänäni!» atly goşgusy raýonyň «Kirowçy» atly gazetinde çykdy. Gün günorta boluberende Berkeli aga goşçylaryň ýer sürüp ýören ýerine ýabysyny säpjedip geldi. Elindäki gazeti galgadyp şol bir sözi gaýtalady: — Çykypdyr, Mälikguly, çykypdyr. Mälikguly geňirgendi: — Näme çykypdyr, Berkeli aga? — Näme çykypdyr diýmäň näme. Gazetde goşgyň çykypdyr — diýip, Berkeli aga aýlawda aty çykan ýaly galkyjaklady, elindäki gazeti Mälikgula uzatdy. Dogrudanam, «Kirowçy» gazetiniň birinji sahypasynda «Köp ekeliň dänäni!» atly goşgy ýerleşdirilipdir. Goşgynyň aşagynda hem «M.Berdimuhamedow» diýlip ýazylypdyr. Bu goşgy Mälikgulynyň gazetde çykan üçünji goşgusydy. Öň onuň «Uruş bolmasyn!» hem «Ýaşasyn» diýen goşgulary çykypdy. Ýöne bu gezek goşgynyň soňky bendi ýokdy. Goşgy dört däl-de, üç bentdi. Günortan arakesmede Berkeli aga Mälikgulynyň gazetde çykan goşgysyny kolhozçylara okap berdi. Soňam goşgynyň ähmiýeti hakda joşup-joşup gürledi. Goşgynyň soňky bendiniň ýoklugy Mälikgulyny biynjalyk etdi, onuň anygyna ýetmek isledi. Göwnüne bolmasa, Berkeli aga onuň anygyny bilýän ýalydy. Şonuň üçinem arakesmeden soň ol haýsydyr bir iş bilen bir ýerik ugrajak bolup duran Berkeli aganyň ýanyna bardy hem ondan düşürilen soňky bent hakda sorady. Berkeli aga, megerem, bu sowala garaşmadyk bolarly. Ol näme diýjegini bilmeýän ýaly, esli wagtlap dymdy, kimdir birinden delalat-çykalga isleýän dek töweregine garanjaklady. — Mälikguly jan, dogrusy, men-ä bilmedim. Özüň bilýärsiň, men bir çalasowat adam. Mady başlygyň bilýän bolmagy mümkin. Ol goşgyňy okanda: «Açlyk belasyndan dynmagy üçin» diýen setiriňi öz ýanyndan birki gezek gaýtalap: «Duşmanlar biziň açdygymyzy, hordugymyzy bilmese gowy bolar» diýdi. Gazetdäkilerem, belki, şeýle pikir edendir. Şol günüň ertesi günortan kolhoz başlygyndan habar geldi: — Mälikguly Annaýew tizden-tiz kontora ýygnaga gelmeli. Onuň ýanynda Berkeli birgäd hem bolsun. Berkeli aga bilen Mälikguly «Ýyldyryma» atlandylar. Kolhoz kontorasynyň jaýy adamdan doludy. Ýaz ekişi barada ýygnak geçirilmelidi. Ony geçirmäge raýispolkomyň başlygy Begenç Parçamow gelipdir. Ol ýaz ekişini çalt geçirmek barada çykyş etdi. Soňam raýkomyň birinji sekretary Ýezden Mürzäýewiň ýörite tabşyrygyny ýerine ýetirmekçidigini aýtdy. Ol Mälikguly Annaýewi ýanyna — münbere çagyrdy. Oturanlara «Kirowçy» raýon gazetinde «Köp ekeliň dänäni!» atly goşgynyň çykandygyny, şol goşgyny döreden şahyryň «Gyzyl çarwa» kolhozyndaky mekdebiň 5-nji synpynda okaýan Mälikguly Annaýewdigini — ýanynda duran oglandygyny dabaraly yglan etdi, goşgyny sesine nazym berip okady. Mälikgula raýon ýolbaşçylarynyň adyndan köp-köp sagbolsun aýtdy we dabaraly ýagdaýda raýkomyň birinji sekretary Ýezden Mürzäýewiň ugradan sowgadyny — iki sany depder bilen iki sany galam gowşurdy. Bu Mälikguly üçin iň uly sowgatdy. Kolhoz başlygy Mady aga ýygnakdan soň Mälikgulyny boş goýbermedi. Ol kolhoz prawleniýesiniň adyndan oňa iki kile bugdaý ýarmasyny berdi. Mälikguly muňa biçak begendi. Ýöne Berkeli aganyň begenji çäksizdi. Ol Mälikgulyny «Biziň şahyrymyz» diýip buýsanç bilen gujaklady. Ony ýabysyna mündürdi. Özi pyýada ýöredi. Ýok, ol pyýada däldi, ol oba sary guş bolup uçup barýardy. Osman ÖDE. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |