08:20 Birinji duşman | |
BIRINJI DUŞMAN
Edebi makalalar
Platon sungatyñ "çeýnemekdigini" aýdypdy we has soñra adamlar filosofiýany "pelsepe satmak" hökmünde atlandyrmaga başladylar Filosofiýanyñ atasy Platon (Eflatun) şahyrlara we sungat adamlaryna äsgermezçilikli göz bilen garapdyr. Sungatyñ uly böleginiñ juda ýaramaz işdigini we ýaşlary hakykatdan daşlaşdyrýan manysyz wagt ýitgisidigini aýdypdyr. Hatda ol käbir saz žanrlarynyñ gyjyndyrýandygyny aýdyp, gadagan edilmegini talap etjek derejede öte geçipdir. Çeper edebiýat barada aýdanda bolsa, Platonyñ pikiriçe edebiýat añ-düşünjeleri dargadýardy we adamlary güýmeýärdi. Onuñ döwründe çeper edebiýat epiki poeziýadan ybaratdy. Epiki poeziýa çeper edebiýatyñ esasy ülñüsidi. Platon şeýle şygyryñ añlary telperleşdirýändigini, ruhlary kemala getirmegiñ ýerine, gaýtam olary ýykýandygyny aýdypdyr. Alymlaryñ hemmesi çeper edebiýata we şygryýete bolan garaýşynfa beýik filosof bilen bir pikirde bolmasalar-da, sungatyñ hakykatdan habar berýändigi we ony kopiýalaýandyty babatda onuñ bilen pikirdeşdiler. Emma sungata pes göz bilen garama çagyryşy konserwatiw gresiýalylar üçinem geñ bolupdyr. B.e.öñki V asyrda Afinynyñ festiwallar, kartinalar, diwar suratlary, heýkeller, arhitektura we teatrlar bilen doly medeniýeti bolupdyr. Şeýle spektakllaryñ öz döwründe iñ meşhury Sokrat bilen ýañsylaşan we Afinyny onuñ üstünden güldüren spektakl bolupdyr. Platonyñ sungata garşy beýle ýigrençli pikirde bolmagynyñ düýp sebäbi-de şu bolsa gerek. Ol sungatyñ ähli ugurlarynyñ belli bir derejede arassadygyny, öýkünmäniñ hakyky bolup we hakykaty gaýtalap bilmejekdigini we hakykatyñ diñe bir gezek dogulýandygyny aýdypdyr. Çeper edebiýatyñ köp sanly görnükli wekili sungatyñ öýkünmrdigi babatda onuñ bilen bir pikirde bolupdyr. Beýik ýazyjy Tolstoý hem şolaryñ biridir. Lew Tolstoý üçin gahrymanlary we romanlarynyñ personažlary durmuşda ýaşap ýören adamlaryñ durmuşyndan kopiýalanyp alynandy. Gresiýaly filosof hem mysal üçin Gomeriñ poemalaryny okamagyñ wagtyñy boş pikirlere sarp etmekden başga zat däldigini, ýagny, başgalaryyñ aslynda ýok ýalñyşlygyny çeýnemekden ybaratdygyny aýdypdyr. Elbetde, b.e.öñki V asyrdan bäri biziñ günlerimize çenli sungatyñ žanrlary ösdi, şygryýetiñ görnüşleri-de köpeldi. Indi diñe epiki poeziýa ýok, has dogrusy indi epiki poeziýanyñ özi hiç bir medeniýetde we dilde ýok. Şonuñ üçin Platon edil şu meselede arkaýyn bolup biler. Emma bärde başga bir mesele bar, filosofiýanyñ özem indi onçakly ösüp baranok. Ýakynda filosoflar ussatlaryndan we modernizasiýalaşmagyñ öñbaşçylaryndan Immanuel Kantyñ doglan gününiñ 300 ýyllygyny bellediler. Filosoflar şonsuzam edebi žanrlarda azlyk. Beýleki ähli edebiýat žanrlary we gumanitar ylymlar bilen deñeşdirende, elmydama-da şeýle bolup geldi. Platon sungatyñ "çeýnemekdigini" (ýagny, başganyñ tüýküliginu ýalamak, başganyñ çeýnän sakgyjyny çeýnemek manysynda) aýdypdy we has soñra adamlar filosofiýany "pelsepe satmak" hökmünde atlandyrmaga başladylar. Beýik şahsyýetleriñ köplenç şahsy sebäplerden ötri öýke-kine saklamak ýaly ownuk kemçilikleri bolup bilýär. Munuñ arap dünýäsindäki iñ meşhur mysaly, Arap edebiýaty fakultetiniñ dekany Taha Hüseýin bilen şol nesliñ ussady Abbas Mahmud el-Akkadyñ arasyndaky çekişmelerdir. Dekan Akkadyñ proza eserlerini tankyt edipdir, şygyrlaryna bolsa gowy baha beripdir. Emma men häzir onuñ haýsysynyñ has erbetdigini bilemok. A tersine mürekkepçiniñ özem Müsüriñ proza ussadynyñ şygyrlaryny tankyt edýärdi ee "gynansak-da, ussat, gynansak-da" diýip gygyryşýanlara goşulyp gygyrýardy. Semir ATAULLAH, Liwanly žurnalist. Sişenbe, 18.06.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |