18:41 Biziň köçämiziň ertekisi / hekaýa | |
BIZIÑ KÖÇÄMIZIÑ ERTEKISI
Hekaýalar
Käte şeýle bir düýş görýärsiň, üzlem-saplam, gorkunç hem düşnüksiz, saňa onuň hiç bir dahylly ýeri-de ýok. Şol gün onsoň hiç zat bilen seriň ýokdur. Günuzakly gün dumanyň içinde gezip ýören ýalysyň. Ýa-da azaşan sergezdan düýşler şeýdip hakyky eýesine duşýança gijelerine aňdan-aňa göçüp-gonup ýörlermikä? Senem, Remezan aga, eýesi näbelli düýş ýaly, geň-enaýy owhal ýaly bir zatdyň… Sen bir ýeke galan garrydyň, ýalňyzdyň, ne ogluň bar, ne gyzyň, ilen-çalanyň, dogan-garyndaşyňam ýok. Seniň kimdigiňi, haçan, nireden, nä kysmat bilen bu ýerlere gelendigiňi öňli-soňly bilýän adamam ýokdy. Sen biziň köçämiziň hossarsyz garybydyň, şonuň üçinem biziňkidiň, sen biziň öz adamymyzdyň. Sen nädip ýitdiňkäň? Seni kim ýitirdikä? Nämüçin seni hiç kim gözläp gelenok? Ýa-da tapanoklarmyka? Bu soraglaryň hiç haýsysyna jogap ýokdy. …Men seni göz öňüne getirjek bolup, pikir – hyýalymda şol gadymkyja egrem-bugram, dar köçämiziň ileri başyndan girýärin… Hon-ha, ol gyşyn-ýazyn egninden çykarman geýýän reňki öçüp giden pagtaly güpbüsiniň üstünden ýüp bilen bilini guşap, küýkerilip barýar. Arkasynda-da bir gujak sary sübse. Satanjasyny satypdyr, satmadygynam yzyna, öýüne alyp barýar. Yzyndan garalýanyny aňan ýaly bärsine öwrülýär. Şo-ol ýanyp duran kirpikmen gözler, buldurap ýanyp duran gözler. Onuň kellesindäki könelişen çal silkme telpegi hüžžük gaşlary, sakal-murty bilen sepleşip gidýär, hemmesi çap-çal… Biz oglanlar ýeke-ýeksana ýaşaýan sypaty geň, dilli çalgyrt by garry adamyň ýanyna käte sadaka diýlip berlen çöregi gowşurmaga, käte-de ýörite azar bermäge barardyk. Onuň ullakan tamdyry ýadyňa salýan iki sany ýanaşyk oturan tamy bardy. Ol tamyň kölegesinde oturyp uzakly gün sübse bogýardy. Kelte jalbary tas dyzyndan bolansoň, onuň kesewi ýaly ýaldyrap duran gara injikleri dazzarylar durardy. Kellesini iki aýagynyň arasyna sokup, ol hem işine gümrady hemem üznüksiz hiňlenýärdi. Aýdym aýdýarmy, gazal okaýarmy, aglaýarmy, - biljek gümanyň ýok. Hemme kişi Remezana puluň gerekdigini bilýärdi. Elbetde, pul hemme kişä gerek, emma Remezana pul şeýle bir gerekdi welin, nämüçindigini bilýänem ýokdy, biljek bolýanam ýokdy. Bu hemme kişi üçin düşnükli ýalydy. Ol bize – çagalara-da: “Bir pul ber, goşgy aýdyp bereýin” diýerdi. Onsoň biz ors döwrüniň sary bir köpügi, iki köpügi, üç köpügi ýa bäş köpügi, tapawudy ýok, haýsysy elimize düşdügi, ylgardyk Remezan aganyň ýanyna. Köpügi eline aldygy ýüzi ýagtylardy. Onsoň ol puly goltugynda gizlärdi-de goşgy aýtmaga başlardy. Biz onuň sanaýan setirleriniň manysyna düşünsek-düşünmesek hezil edip gülşerdik, sebäbi ol biziň çaga göwnümize gürläp bilýän ullakan oýnawaç-gurjak ýaly bir zatdy. Ol bir eli bilen-ä köpük beren çaganyň barmaklaryndan tutardy, beýleki elinem deprek kakýan ýaly hereketlendirip, sazlaşykly setirleri sanardy: Barmagym bäşdir meniň, Ýaşym on bäşdir meniň, Çarp urup jepa çekdim, Ahyrym hiçdir meniň. ýa-da Bagda üzüm bardy, “Salowmaleýk” bardy. Bagda üzüm gutardy, “Salowmaleýk” gutardy. … Biziň köçämizde ähli gapy onuň üçin açykdy. Bolmalysy şeýledi. Oňa hiç kim “Kim sen? Nämüçin geldiň“ – diýip bilmeýärdi. Onuň islendik howla gelende üýtgeşik bir dabara bilen gelmesi bardy. Taýagyny bulap, itleri örüzip, hah-hahaýlap howla girer. Derrew kölegä keçe atylar, öňünde çaý-çörek goýular. Üzüm bilen çaý içer, gatyklap unaş içer, soňundanam aýat-doga okar-da turar gider. Onuň gelen güni göwünler giňäp, dünýeler düzelen ýaly bolýardy. Bu geň adamdan hemme kişi özüne gerek manyny tapýardy: çagalar üçin-ä ol gürläp bilýän oýnawaç ýa-da Aýazbaba, ýaş ýigitler üçin ol däli-diwana, ýaşy bir çene baran adamlar ony hudaýyň halany, eziz myhman, dana derwüş diýip tanaýardylar. Her kim ony öz görüp bilişi ýaly görýär. Onuň welin, şol bir bolşy: çagalara goşgy aýdyp berýär, garagol jahyllary kowalap kesekleýär, garrylara tymsal aýdyp berýär: Ýadyma düşýär, bir sapar ol samanly palçygyň içinden şineläp, gögerip başlan bugdaý dänesini eline aldy-da garrylara görkezip şeýle diýdi: “Çüýrük samanyň içinde-de many bardyr”. Özüniň aýtmagyna görä, ol türkmen ýurdundan ir zamanlarda Kawkaz daglaryna göç eden garaçaýly türkmenlerdenmişin. Goňşysy Desse mama bir sapar “Sen näçe ýaşyňda, Remezan aga?” – diýip sorapdyr welin, “Meniň ýüz ýaşanyma ýüz gün boldy” – diýip, jogap beripdir. Onuň pul ýygnamak keseline ýolugyşy hakynda uly adamlar üýtgeşik bir zady gürrüň edýärdiler. Muny Remezan aga kimdir birine aýdypdyrmy ýa-da toslamamy belli däl, ýöne kakam bilen Anna daýymyň özara gürrüňinden şu zatlary aňşyryp galdym. Remezan aga ýaş oglan wagty öz ýurdunda bir baýyň owadan gyzyna aşyk bolupdyr. Gyz oňa “Sen baý bolmasaň, atly-abraýly bolmasaň, meni saňa bermezler“ diýenmişin". Maňa garaş, men hökman baý ýigit bolup gaýdyp gelerin” – diýip, şol çykyp gaýdyşymyşyn. Puluň yşgyna düşüp, kellesi üýtgäp, bu adam özüniň ýüz ýaşanynam bilmän galypdyr… Onuň pulunyň kändigi hakynda, ýatan wagty özüni öýüniň gapysyna daňyp ýatýandygy hakynda adamlar edil gözi bilen gören ýaly edip gürrüň berýärdiler. Biz çagadyk bu gürrüňleriň çyndygy ýa-da ýalandygy bilen işimiz ýokdy, ýöne oňa degişli gürrüňlere şübhesiz ynanýardyk, sebäbi ol biziň gözümiz bilen görüp ýören ertekimizdi, ertekide hemme zat bolup bilýär ahyryn. Remezan aga çagalar üçin üýtgeşik bir oýnawaç ýasap bilýärdi. Olar ýaly oýnawaç dükanlarda-da satylmaýardy, ýöne biziň köçämiziň çagalarynyň hemmesinde diýen ýaly ondan bardy. Kimiň eline on köpük ýa-da on bäş köpük düşse, üýşüp barardyk Remezan aganyň ýanyna, olam onsoň kölegede jaýlaşykly oturyp işe başlaýardy. Bizem onsoň ertekidäki jadygöý garrynyň çöplere jan berişini gözümiz bilen görüp duran ýaly gymyldaman oturardyk. Ol sübseligiň barmak ýaly ýogynlykdaky baldagyndan bir garyş çemesini kesip alýardy-da onuň ýokarky başyny päki bilen dilim-dilim dilýärdi. Soň şol dilimleri usullyk bilen arkan gaňyryp, diş-diş edip goýýardy. Onsoň bir ujy hatar pereli tüýdük ýaly bolup duran zadyň içine galam ýaly başga bir taýajygy sokup, onuň daşyndanam işilen sapagy saraýardy. Sapagyň bir ujyny barmagyna dakyp çekerdi welin, açylan güle meňzeş pereler pyrlanmaga başlaýardy. Sapak näçe uzyn bolsa, “degirmeniň” pereleri şonça köp aýlanýardy. Biz oňa “el degirmeni" diýýärdik. Remezan aga oňa “çarhypelek“ diýýärdi. Oýnawajyň pereleri pyrlanmaga başlanda biz şady-horram bolup jykyrdaşmaga başlaýardyk. Remezan aga welin sapagy çekip, pereleri pyrlap: “Aý, pelek, zalym pelek" – diýip, gussaly bir aýdyma başlaýardy… Günlerde bir günem biziň ertekimiz gutardy… Soň görüp otursak bu uzak ertekiniň gutarmagyna-da pul sebäpkär bolupdyr. 1961-nji ýylda pul çalyşdy. Remezan aga bolsa, pul çalşygy diýilýän zadyň näme manysynyň bardygyna düşünmeýän eken. Ara esli gün düşeninden soň oňa kimdir biri ähli ýygnan pulunyň indi hiç zada ýaramajakdygyny, pulunyň köýendigini düşündiripdir. Ol şol gün dälirän ýaly bolup köçede iki baka durman ylgapdyr. Ahyr soňy usurgap ýykylypdyr. Onsoň ony göterip öýüne äkidipdirler. Öýünde-de iki bedre sary mis köpük, iki bedre ak köpük, bir daňy manat pullaryň üýşüp ýatandygyny görüpdirler… Nikolaý döwrüniň pullary, Lenin kelleli pullar… Pullary ýere ýazyp, Remezan agany-da üstünde ýatyrypdyrlar… Goja bu elhenç urgydan aýňalman dünýäden ötdi. Onuň iň söňky ýoluna ugradylyşy… Ýok, ýok.. Aý, ýok! Iň soňky ýola beýle ugradylyş taryhy kitaplarda-da, rowaýatlarda-da ýokdur. Tapmarsyňyz. Türkmeniň köne dessuryna görä, tabydyň başujyna Desse mamamyz owadan-owadan ýaglyklary daňyp atgulak etdi. Öýlenmäge ýetişmän namyrat öten ýigit şeýdip ugradylýar eken. Biz muny soň bilip galdyk. …Hemme adam köçä çykdy. Köçämiziň daýaw-daýaw oglanlary Remezan aganyň tabydyny göterip ýola düşdüler. Hiç kim aglamaýardy. Birdenem howa bulaşyp, harasat gopdy. "Bu gün Remezan agamyzyň toýudyr, adamlar” – diýip, bir ýaşuly tabydyň üstüne, onuň yzyndan başyny aşak salyp barýan adamlaryň üstüne pul seçmäge başlady. El köwsarlap, kagyz pullary asmana sowurýardy. Biz – çagalar, ylgaşyp pul çöpleýärdik. Ýokaryk böküp ýaşyl üçlükleri, bäşlikleri, goňur-goňur ýüzlükleri, ýigrimibäşlikleri gapýardyk… Birdenem ýagyş ýagmaga başlady. Ýagyş gyzgyndy. Gözýaş ýaly gyzgyndy. Biz ýagyşa-da ýele-de üns bermän Remezan aganyň “gelinalyjysynyň“ yzyndan galman ylgaşýardyk. Birden maňa kimdir biri “dur” diýen ýaly boldy. Men duran ýerimde doňup galdym. Puldan doly eljagazlarymy berk gysyp durşuma bu uly dünýäniň kiçijik bir burçunda bolup geçýän hiç haçan unudylmaly däl, bilemok nähilidir bir syrly wakanyň içindedigimi duýýardym. Adam ýitip gitse-de, nirelerdedir başga bir ýerlerde ömrüni ötürse-de barybir ol özgäniň däl-de öz ömrüni ýaşaýar. Ýöne käbir adamlar bar, olar bu dünýä aýratyn bir tabşyryk bilen gelen ýaly. Olaryň adaty däl ömrüne adamlar soň-soň ykbal diýýärler, ol barada rowaýatlary aýdýarlar. Senem eýesi näbelli düýş ýaly, geň-enaýy owhal ýaly bir zatdyň, Remezan aga… Ahmet HALMYRAT. | |
|
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Ýat şäherdäki üç myhman / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Terk edilen toba / hekaýa - 12.12.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |