14:57 Çopan sarpasy / hekaýa | |
ÇOPAN SARPASY
Howanyň gün-günden sowap ugramagy gyşyň başlanmagyndan bir alamatdy. Howa tutumyny ýazdyranokdy, onuň ýiti aýazy barha güýçlenýärdi. Giç öýlänler gögüň ýüzüni gara bulut örtüp, howada gar uçganaklarynyň gaýmalaşmasy, ygalyň Zemini ýapjakdygynyň alamatydy. Demirgazykdan öwüsýän ýeliň badyna köwsarlap ýagýan gar eýýämden baýyrlaryň ýapgyt tarapyny agardypdy, gurap, samana öwrülen otlaryň ýüzüni ýapypdy. Tebigatyň bu bolşy çopany ynjalykdan gaçyryp, onuň aladasyny artdyrypdy. Çopanyň howanyň bu bolşundan howatyrlanmasy ýöne ýerden däldi. Gar artyk düşüp, ot-çöpleriň üstüni ýapyp, soňundan hem sowugyna tutaýsa, näme edersiň. «Gyşyň güni kyrk tüýsli, kyrkysy-da gylyksyz» diýlip, ýöne ýerden aýdylan däldi. Onda ata-babalarymyzyň durmuş tejribeleri ýatyr. Her näme-de bolsa, ýagdaýdan baş alyp çykmagyň tärlerini gözlemeli di- ýen netijä gelen baş çopan süriniň ugruny goşa tarap öwürmegi muwapyk gördi. Ol çolugyna: — Esen, Akbilegi ýanyňa al-da, basym süriniň öňüni goşa tarap öwür, gar güýjemänkä, goýunlary ýataga ýerleşdireli — diýip, özi hem Garagözi yzyna tirkäp, dowarlary jemlemäge girişdi. Ýatagyň daşky gurşawyna agaç ergenekler dikilip, aralaryna hem tutdur ýylgyn çybyklary geçirilipdi. Bu bolsa dowarlary howpdan-hatardan goramaga ygtybarlydy. Onuň günorta bölegine bolsa agaç öreleri dikilip, üstüne ot-çöpler bilen ýapylan uzyn basdyrma edilipdi. Ol dowarlary tomsuna yssydan, gyşyna sowukdan goraýardy. Gar barha güýçlenýärdi. Çopan pikirlerini paýhasynda aýlap, ýagdaýdan takyk netije çykarmaga çalyşýardy. — Gurbany boldugymyň tüýs-ä o diýen maňzyňa batyp duranok. Garyň bu güýçli ýagmasy basym ýollary ýapsa gerek. Tutuş töwerek ak gara bürener. Ähli ot-çöpüň üsti gar bilen örtüler, diňe ätiýaçlyk üçin basylan dag otundan, ýandakdan dowarlara berip oňmaly bolar. Şol pursatda el kömegi gerek bolar. Howanyň beýle özgerjegini öňünden kim görüp-bilipdir. Ýogsam çolugym Tagan oba-da gitmezdi. Näme-de bolsa, onuň Esenden çöregi artyk iýendigi her ädiminde, her hereketinde duýdurýar. Ýöne onuňky hem dogry. Ogul perzendiň dünýä iner-de, görme-görşe gitmezmiň?! Öz-ä galdawdyr, howanyň bu bolşuny görüp, obada arkaýyn gezip ýöresi ýok — diýen pikirleri serinde aýlap, dowarlary ýataga gabady. Soňra Eseni kepbesine ugradyp, özi itleri naharlamak bilen gümra boldy. Itleriň hersi ýatagyň bir tarapyny goraýardy. Gijelerine üýrende, olaryň sesleri töweregi ýaňlandyrýardy. Häsiýetleriniň tapawutlylygy bolsa baş çopana ýaraýardy. Çarwa çopan itlerine mähirlidi, olaryň kellelerini sypalap, adam bilen gürleşýän ýaly gepleşerdi, zerur iş çykaýmasa, hemişe olary özi ýallardy. Sowukda üşemezlikleri üçin ýataklaryna gara keçäniň böleklerini ýazyşdyrypdy. Işlerini gutardym eden çopan egin-eşikleriniň garyny kakyşdyryp, dälize girdi, soňra içmegini diwara kakylan gazykdan asdy, ädigini peje golaý goýup, düşegiň üstüne geçdi. Saçak ýazylyp, mis kündügiň çaýy orta alnanda, tirsegini ýassyga beren çopan radiosyny açdy. Radioda bagşynyň «Görogly» şadessanyndan aýtmasy, çopanyň ünsüni özüne çekdi. Haçan-da, bagşy şadessanyň şahasyny aýdyp gutarandan soňra, ol ýassygyndan diklenip: — Gorkyny-ürkini bilmeýän arslan ýürekli, bedew badalgaly ýigitlerimiziň bardygyndan hemişe dünýämiz abat durupdyr, goýun-guzularymyz bu sähralarda erkin ýazylyp-ýaýnapdyr. Esen, bilip goýgun, Göroglynyň gaýduwsyzlygy her zamanda, her pursatda nesiller üçin görüm-göreldedir. Eýsem, tebigatyň şu bolşy biziň üçin synag pursady dälmidir?! Ondan çekinip gorkmagyň özi maksadyňdan el üzmegiň başlangyjydyr. Onsoňam aýdym-saz her pursatda ynsany ruhlandyrýar. «Göroglynyň at oýnadyşyny» ýa-da «Ýusup owgany» diňläniňde gujurlanyp, güýç-gaýrata münüberýäň. «Ýar gyrmyzy geýinipdiri», «Selbinýazy» çalanda welin, juwanlyk baharyň duýgularyny ýatlanyňy duý- maýarsyň. Çopan tüýdüginiň gudratyna näme diýersiň? Howanyň mylaýym pursatlary onuň owazy eňňit-eňňit depelerden, beýik alaňlardan aşyp, tutuş sähra ýaýraýar. Tüýdügiň owazyna otundan agzyny üzüp, kellesini buýsançly ýokary göterip, diň salýan goýunlara näme aýdarsyň?! Diýmek, sazyň owazynyň ynsan-u-haýwanlara täsiriniň güýçlüdigini duýýarsyň. Hany, men sürüden bir habar tutaýyn — diýip, egin-eşiklerini geýişdirip daşaryk çykanda, ýagýan gar onuň ýüz-gözüne düşüp eredi. Eýesini gören itleriň gysga guýruklaryny oýnadyp, onuň syýyna süýkenip çyňsamasy bolsa töweregiň asudalygyndan habar berýärdi. Çopan olaryň kellelerine düşen garlaryny kakyşdyryp, gulaklarynyň ýeňse tarapyny owkalaşdyrdy-da, ýerli-ýerine ugradandan soňra, ýa- taga göz gezdirdi. Ýedi ýüz baş ene goýnuň basdyrmanyň aşagynda gäwüşäp ýatmasy çopany rahatlandyrdy. Aladaly bolansoň, çopanyň gije ýatyp, rahat ukusy bolmady. Daň agarandan, çolugyny ýanyna alyp, daşaryk çykanda, ga- ryň ýagmasynyň galyp, onuň Zemine düşeniniň bir gez boýy bolandygyna göz ýetirdi. Ýörände aýagynyň aşagyndaky garyň «gatyrt-gatyrt» edip seslenmesi welin, aýazyň başlangyjynyň alamatydygyny duýdurdy. Ol çolugyna: — Könelerimiziň aýdanlary ýer tutýar. Bijin ýyly duluňy berk ýapaýmasaň, asyl saňa hezil bermez. Men sürini daşaryk çykaryp, birneme olaryň aýagyny ýazdyraýyn, onýança sen otuň döküljek ýerlerini gardan arassalap, bedäni döküber. Dowarlaryň bu boluşda meýdandan otuny alasy ýok — diýip, sürini örä tarap alyp gitdi. Işler birýanly bolansoň, çopan süriniň ýüzüni ýataga ba- kan öwürdi. Örüden ibaly ot tapmadyk goýunlar nebsewürlik bilen ýandaga agyz urdular. Çopan bilen çoluk, Gün agýança, wagtlaryny kepbede geçirdiler. Gyşyň günleri daşaryk çykanyňda, bir işe güýmenäýmeseň, sowuk özüniň bar- dygyny basym saňa duýdurýardy. Baş çopan elindäki pilini ýere uranda, onuň tygynyň daşa degen ýaly bolup ses etmesi Zeminiň üstki gatlaklarynyň doňup ugrandygyny aňladýardy. «Ýer-ä doňup ugrapdyr. Süriniň içinden-bagryndan sowuk geçirdip, ondan el üzäýmeli bolarmy? Ýok, bu asla ýol beriljek ýagdaý däl. Her iş etmeli welin, onuň çykalgasyny tapmaly». Şol pursat Çarwa aganyň birwagtlar kakasy bilen Garagumda gyşlany ýadyna düşdi. Uruş gutaran ýyly- da şeýle sowuk bolupdy. Gyş edil häzirkisi ýaly sowuk gelipdi, ýerler doňupdy. Şonda köp ýyllaryň gyşynyň garyny depeläp, tomsunda depesi gaýnan Öwez aga sürini gijelerine ýatakda ýatyrtmady, töwerekde aýlatdy, şeýdip, dowarlary sowukdan gorady. Şu pursat Çarwa çopanyň ýüzi ýagtylyp gitdi. «Kakamyň tejribesini ulanmaly. Diňe şu ýagdaýda sürini sowukdan gorap bolar» diýen anyk netijä geldi. Soňra Eseni dowarlar bilen ugradyp, özi ot-çöp taýýarlamagyň ugruna çyk- dy. Ilki bilen iýilmedik bede galyndylaryny bassyrmanyň aşagyna ýazyşdyrdy. Soňra elligini geýip, çarşagyny alyp, ýatagyň bir çetinde ätiýaçlyk üçin basylyp goýlan ýandak petdelerini bassyrmanyň aşagyna daşap, olary ýazyşdyrdy. Iş baş çopany derletdi hem ýadatdy. Näme-de bolsa, başlan işini gutardym edip, kepbesine girdi. Deri gaýdýança ýyly otagda radio diňläp, demini dürsedi. Gijöýlänler agşam şamyny taýýarlamagyň ugruna çykdy, gowurdakdan jaz edip, çopan çorbasyny atardy, itleriniň ýalyny taýýarlady. Daşardan goýunlaryň mä- leşýän sesleri eşidilende, çopan sürini ýatagyň öňünde garşylady. Çolugyna: — Ýandak dowar üçin ýokumly otdur. Onuň dänesi iýmiň ýerini tutar, kuwwat berer. Tutuş gijesini ýandaga güýmenip geçirerler. Çöpüdir çöküri bolsa aşagyna düşek bolar — diýdi. Agşamlyk edinmegiň öň ýanynda golaýdan kişňän ýabynyň sesi çopanyň ünsüni özüne çekdi. — Şuňa-da haýwan diýip bolarmy, akyly edil ynsanyňky ýaly, gelenini bize duýdurýar, bar garşy al — diýip, Eseni daşara ugratdy. Ýyly eşiklere dola- nan, gulakjynynyň gulaklaryny düşürip, eňeginiň aşagyndan daňan, ýüzüni ýaglyk bilen ýapan, diňe gözi görünýän Tagan atyň üstünde edil garantga ýaly bolup otyrdy. Esen oňa atdan düşmäge tekge berip, üstünden juluny aýyrman, bedewi kümä geçirdi. Iki tarapa ädimläp, özüni ele alan Tagan ilki bilen ýatagyň golaýyna baryp, oty bilen güýmenýän dowarlara äňetdi. Olar- dan göwni jaý bolara çemeli, soňra çopan goşuna girip, Çarwa aga bilen salamlaşdy. Baş çopan ilki saglyk-amanlyk soraşdy. Çolugynyň ýaňy dünýä inen perzendine uzak ömür diledi. Soňra obanyň ýagdaýlaryny sorap, esasy işe geçende, Tagan: — Tutuş obanyň aladasy Garagumdaky sürüler barada. El kömegi üçin toparlar döredilip, ulaglara ot-iým ýüklemek işleri bilen meşgullanýarlar. Zynjyrly traktorlar eýýämden ýoluň garyny arassalamak işine girişdiler. Nesip bolsa, goşmaça kömek geler — diýende, baş çopan: — Elbetde, ikiden üç bolanymyz biziň üçin amatly bolar. Şu gün ýere pil uranymda, onuň doňandygyna göz ýetirdim. Şol sebäpli üçimiz nobatma-nobat durup, gijelerine dowarlary bir ýerde duruzman, aýlamaly bolarys. Gündizine ýatakda berlen ot bilen oňňut ederler. Gijelerine dowarlary gezdirmek işimizi tä ýeriň doňy aýrylýança, ýerine ýetirmeli bolarys. Işe şu gijeden başlarys — diýdi. Olar aýdyşlary ýaly hem etdiler. Köp gün geçmänkä, obadan kömek hem gelip ýetdi. Ýük maşynyndan ýadaw ýagdaýda düşen ferma müdiri sag- lyk-amanlykdan soňra, baş çopana: — Çarwa aga, başyňyz-malyňyz abatmy? — diýende çopanyň: — Abatdyr, inim, başardygymyzdan, özümizi hem malymyzy sowukdan gorajak bolduk — diýmesi ony kanagatlandyrdy. — Çarwa aga, muny men süriň ýagdaýyndan hem aňýaryn, olar özlerini gurat duýýarlar. Size gelýänçäk, üç süriniň üstünden geçenimizde, sowuk sebäpli, ýitginiň köp bolandygyna göz ýetirdik. Galanjalarynyň hem boluşlary maňzyňa batyp duranok — diýip, ýagdaý bilen tanyşdyrdy. Gelenler bir gijäni çopan goşunda geçirenlerinde, goýunlaryň başynyň aman galmasynyň syryna düşündiler. Obadan gelen adam kömegi bilen Çarwa çopan ýene iki hepdesini başlan düzgüni boýunça geçirdi. Uly çille çykyp, kiçi çille girende, ýerdäki garlaryň eräp, örüdäki ot-çöpleriň görnüp ugramasy goýunlar üçin amatly boldy. Getirilen iýmler goýunlary kuwwatlandyrmaga goýuldy. Şol ýyl Çarwa aga goýunlaryň baş sanyny aman saklap, her ýüz ene goýundan alynmaly guzynyň borçnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdi. Çopanyň zähmetini sarpalap, olara tekerli çopan öýüni sowgat berdiler. Bu mynasybetli daýhan birleşiginiň medeniýet öýünde ýygnanan märekäniň öňünde Çarwa çopan tolgunyp: — Obadaşlar, gyşyň gazaply geleni ählimize mälim. Bu işde çopanlar bilen birlikde siziň hem netijeli zähmetiňiz bar. Bu gün ujypsyzja zähmetim üçin meni sylagladyňyz. Bu sylagy ählimiziň zähmetimize goýlan sarpa diýip düşünýärin. Maňa ýene-de bir aý dynç alyş rugsadyny berýärler. Onuň üçin men sizden razy. Ýöne «Çopana meýlis haram» diýlen aýtgy bardyr. Sährada goýunlaryň mälemesi, çopan tüýdüginiň owazy meniň kalbyma melhem bolýar. Gowusy, men täze beren öýüňizi alaýyn-da, goşa dolanaýyn — diýdi. Rejepbaý ŞIRIÝEW. | |
|
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Gök gözli Ýefrosinýa / hekaýa - 13.05.2024 |
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |