18:43 Çyragdan / hekaýa | |
“Bazara diýip,şundan şoňa ýol söküp gidip,gün uzakly günem eglenip,alyp gelen zadyňam şumy?” –diýäýse. Aý, ýok. Başga bir aýal bolan bolsa, şeýle diýse-de diýerdi. Belki, beterräk zatlaram aýdardy. Ýöne aýaly görgüli Soltanmyrada belet ahyryn. Hiç zadam diýmez, ine görersiň... Ýöne her niçigem bolsaonyň bazardan alan zadam üýtgeşikdi. Bijaý üýtgeşikdi. Nesibedir-dä, ugruna boljak bolsa boluberýän ekeni.Gör-aý muny... Şeýdip, ýeňil ädimler bilen has-haslap öýe ýetip gelýän Soltanmyradyň birhili bady gowşan ýaly boldy.Sebäbi aýaly bilen gyz agtyjagy onuň bolup gelşini synlap duran eken-ä.”Aý, synlasalar synlabersinler,bular ýaly zady, arzanjak alanymyzdan soň. Pah-aý...!
Hekaýalar
- diýip, ol özüni rastlady –da, ýyrş- ýyrş edip,howlysyna girip gitdi.Gele-gelmäne –de teläriň aşagynda oturyp, ýüzüne owadan gyzyň suraty çekilen täzeje ýuka torbasynyň agzyny açdy. Daşyna gazet bary dolanan tokga bir zady eline alandan soň,aýalyna”Bärik gel ” diýen manyda elini bulady: - Hany , geliň muny bir görüň, ahyryn. Eh-he ...-diýup,Soltanmyrat aga syrly bukjany açýan mysaly bazardan alyp gelen zadynyň daşyna gat-gat dolanan gazetleri sypyrmaga başlady.Aýaly bilen gyz agtyjagy onuň üstüne abanyp, näme getirdi-kä diýen pikirde aňkarylyşyp, onuň elindäki zada gözlerini dikip durdylar. - Öňräkden bäri gözläp ýören zadym bolansoň gözüm düşenden ýüregim jigläp gitdi... - O nähili zatmyşyn, gyz, gözüň düşenden ýüregiňi jiglediberýän ... - Ynha , seret. Gör muny... Baý, ba-a.. Köne-küşül zatlary satýan satygçylaryň biriniň öňünde dur eken. Söwdalaşybam durmadym.” On manat diýdi”,on manadynam berdim---de, aldym. Gymmat däl, ahyryn... Degýärmi?! - Gymmat däl ekeni, degýä...-diýip, Ýagşygözel daýza uludan bir dem aldy-da : -Hernä bar puluňy kitaba berip gaýtmansyň, şoňa-da şükür.Bul-a näme-de bolsa hojalyga haýry degäýjek bir zat ekeni, özem naşyja ... Bu sözleri eşidenden soň Soltanmyrat aganyň geçileri daga ýaýrady... - Baý- bow , dur entäk... –ol ylgaşlap diýen ýaly sähel salymyň içinde täze alyp gelen zadyny – köne çyragdanyny ýuwup, süpürip lowurdatdy... Bu köne guýma gara çyragdan dogurdanam ajaýyp bir zatdy. Kim bilýär ol haýsy ussanyň elinden çykandyr, nirelerde,haýsy şäherleriň köçeleriniň birinde tüm garaňky gijeleri nurlandyrandyr... Ýa bu bir baý bezirgeniň döwletli gapysynyň öňüni ýagtyltdymyka? Bu soraglaryň jogaby ýok. Ýöne çyragdanyň haşamly nagyşlarydört gyran aýnalaryň gara çarçuwasy, onuň tirsek bolup ýokardan aşak üzümiň hoşasy ýaly bolup asylyp durmasy kimem bolsaň eýlesine- -beýlesine geçip synlamaga mejbur etjekdi. - Üstünden ýüz elli ýyl dagy geçendir. Nikolaý döwrüniň zady. Ynha, muny şuş-şu ýerdenjik asaryn – diýip, Soltanmyrat aga täze gurlan jaýynyň köçä tarap bakýan burçuny görkezdi. - Aý, bor-la ..diýip , Ýagşygözel daýza göwünli- göwünsiz ýylgydy.Oňa çenli enesiniň elinden tutup duran gyzjagaz bu bakaga az-da – kän-de nägileligiň bardygyny duýdymy, nätdimi özüne betlik edýän wagty köp sapar aýdylýan sözi atasyna aýdyp goýberdi: - Ata, sen düzeljek däl-ow. Ýagşygözel eje-de, Soltanmyrat aga-da ýylgyryşdylar. - Eşitdiň dälmi? - Eşitdik öz- ä... Ýöne şundan birini ýene tapyp bolaýsa. Jaýyň ol burçundan asyp goýsak , goşa bolsa... - Aý, ýok. Sen dogurdanam , düzeljek däl öýdýän – diýip,Ýagşygözel eje agtyjagynyň elinden tutyp, melleg aýakdaky towuk ketege tarap ýöneldi. -Ýaňa begenip otyrdyňyz indem... Size-de düşer ýaly däl-aý... * * * Satygçynyň öňünde duran çalam –çaş zatlaryň arasyndaky bu çyragdany görende Soltanmyrat onuň tüm gijede ýanyp duran görnüşini göz öňüne getirep tolgunypdy . Russiýa. Leningrad . Garly gyş gijelerde köçelerde şuňa meňzeş çyralar ýanýardy. Talyplyk ýyllary. Deň-duşlar.. * * * Täze alnan köne çyragdany elektrik ussa ikisi jaýyň burçuna gelşiklije edip berkidýänçäler Gün ýaşaňkyrlapdy . Sähel salymdan garaňky gatlyşdy. Olaryň öýi obanyň iň çetki uzyn köçesiniň aýagyndady.Köçe şu ýerde tamama gelip , gaýraky alaň-açyk boş meýdana ýoda-ýoda, şaha-şaha bölünip, ýylgynlyga tarap uzap gidýärdi. Töwerek tümlüge gark bolup, asmanda iki-ýeke ýyldyz görnüp ugrady welin , Soltanmyrat aga ”Bismilla” diýip , tok sakanyň gulajygyny emaý bilen, ýokaryk galdyrdy. Şyrkyldy bilen bile töwerege ýagty nur çaýylyp gitdi. Tirsek bolup asylyp duran çyranyň ýagty şuglasyna enaýy çyragdanyň gara göni çyzyklary , towlam-towlam guýma nagyşlary hasam durlanyp görünýärdi. Ýagtylyk köçeden aşyp meýdana ýaýylyp gitdi. Soltanmyrat bu täze täsin pursaty ine-gana synlamak üçin birneme uzaga gitdi. Ýagtylyk topbak bolup oturan ýylgynyň gülgün pür-pudagyna zer çaýyp geçýär, yşygyň daşyna kebelekler üýşüp , pyr-pyr pyrlanmaga başladylar. Bu bir adaty durmuşdaky ýakymly özgerişdi... Aýalynyň hojalyk üçin gerekli zat diýeni ýadyna düşende Soltanmyrat ýene ýylgyrdy. Ol aýaly bilen gürleşýän ýaly içini gepletdi: “Adamyň özüniň „göwün” diýlen bir hojalygy-da bar ahyryn...“ Ol töwerek bilen bile öz göwnüniňem ýagtylýandygyny duýýardy. Yşk çyrasynyň, ylham çyrasynyň tylla çyrazlary onuň köňlüniň alyslardaky tümlüklerine aralaşýardy... Birden ol özüniň nirädir uzak bir ýurtlara syýahata gitmek isleýändigini duýdy. Soňam myssa ýylgyryp, öz- özüne ýüzlendi: “Aý, sen düzeljek däl-ow!... Ahmet Halmyrat | |
|
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |