20:50 Dagy-hijran / hekaýa | |
DAGY-HIJRAN
Hekaýalar
Hiç zadyň tagamy ýok... Ýalançyň ýagtysy... Iýen-içenniň süýjüsi... Tükezziban ömrüňem manysy... Ýeriň ýüzünden, hatda hoşboý-u-porsy diýmän, yslaňňam hemmesi bir demde sumat bolan ýaly... Ýedisine çenlem-ä, bü giden yrňyldap ýatan, tagamsyz-datsyz, reňksiz-yssyz jahanda, kän bir töweregi bilen weji bolmady. Ýöne şondan soň-a hasam dünýesi gapyşdy. Ogul-agtyklaryna-da birde “hä-hüm” berse, ikide, eşitmeýän deý, dahanyndan seda syzdyrman oňdy. Görgülini depin etmäge alyp barýarkalar, birtüýsli, edil ýöne iki demiň arasyna ýerleşýän göz açyp-ýumasyja salymyň içinde, düşnüksiz saralyp, solmaga ýetişen dünýe, birküç gün yz ýany çalardy. Soňam asla üýtgemedi. Ähli reňňi-öwşünini ýitiren, şol tüssegabsan pisintligine-de galdy. O görgüli gapdalynda kebelekläp, daş-içde gydyrdanyp ýörkä, jahanyň ähli manysam, mazmunam çagalarynda, agtyklarynda, öý-içerisiniň agzybir-abatlygynda ýaly bolup görnerdi. Şoň şeýledigine-de tüýs ýüregi bilen ynanardam. Ýatsa-tursa: “Şulaň bardygyna, şulary bize berenňe, şulary biziň ikimize rowa görenňe şükür!” diýip öwran-öwran gaýtalardy... Emma... O pahyr birdenkä oslagsyz şeýtdi öteýtdi welin... ...Asyl görüp otursa, şonsuz tutuş barlygyň şerhem ýok ekeni. Özüňem bolduň-bolmadyň... ...Parham ýok ekeni... ...Şo bende bilen bilelikde ýaşalan şu geçen ýyllaň haýsy birinde, özi üçin haçan, nirede beýle bolmaga ýetişdi – Alla bilsin! Birhili, gün-güzeran, bala-çaga, hojalyk aladasy bilen üýtgeşik süýnüp-sarkyşmaga maýam tapman, beýle-beýle hindikinoçyl suwjaryşmalara başam galdyrman gybyrdaklaşyp ýörüşlerine, nädip munuň öz-özünden şeýle bolup galanynam duýmandyrlar eken. Dogrusy, öz-ä şeýle bolup galanyny, tä o pahyr şeýdäýýänçä aňşyrmandyr. Onsoň: “är-aýalyň topragy bir ýerden alnarmyş” diýlenden çen tutsaň-a, o görgülem mundan zyýat, mundan ýiti synçy bolan däldir-le... Indem ha-a-nha-a... Ol-a ýok... Bi-de bu taýda... Çar ýany jagyl-juguldan doly ýalňyz... Şeýlebir ýalňyz welin, giň jahanyň giň howlusynda, az salymlygam bolsa, şo atagzy ýalňyzlykdan gizlenmek üçin kellesini sokara deşik tapmyýa... Özem iň içiňi tütedýän ýeri – kilçerişip, näzirgeşip, keçäň ýüzünden çemçeläp syryp alyberer derejede eräp-akaýyn diýip ölüp ýataňda-da, indi alajyň ne?!... Ol-a onda... Bi-de munda... Nätmeli?! “Toba estagpurulla-la” welin, onda-da Allah-billäh... “Häk, munam edil beýtmel-ä dä ekenler. Ilki ony dä-de muny nemeden bolsadylar, bü mahal beýdip, iki jahan owarrasy bolnub-a ýörülmeli bolmazdy... O pahyr näme diýseňem, muňa görä merdiräkdi. Yzyňda galsa-da, edil beýdip, muňky ýaly iki jahan owarrasy bolub-a ýörmese ýörmezdi. Sewäp diýseň, zen zen bolýa. Erkek eşek ýaly dä olar. “Çagam” diýer, “öý-ojagym” diýer, “agtygym” diýer, “owlak-guzym, il-günüň toý-ýasy” diýen bor, garaz özüni güýmemäge-de, ünsüni sowmaga-da bahanajyk tapynardy özüne... Muňa bolsa bi mahal dünýe bir köpük!...Häk, biadyl dünýe diýsäni!...” diýip ol, malýataga garşy zoraýakdan aýagyny süýräp barşyna, hyrçyny dişläp oýlandy. Kümä baryp, onlarça ýyl bäri endikli hereketler bilen mal-garaň iýmine-suwuna esewan etmäge başlady. Eller-ä nowa iým guýýar. Suw gabyň suwuny çalyşýar. Göwnem buz ýaly sop-sowuk. Misli: “ýatakdaky janawerler, iýdi-iýmedi, indi maňa nä” diýýän ýaly... Ýogsa, o bendäň beýtmesinde bü janawerleň näme ýazygy bar diýsene?!... O pahyr barka, bujagaz işleri, ýönebir aýakýoluna gelip-gidende, ýüzüniň ugruna edişdirýän bolsa, şumad-a, gymyldany sähelçe welin, edil ýöne lüti çykyp gelýär. Mejalsyz aýaklaryna dynç bermek üçin, bassyrmaň astyna basylan bede kipleriniň ýakyndakysyna çökdi... Ýene-de kellesinde diňe şo pahyr bilen bagly pikirler... Ýogsa-da... ...Birek-birege mähir-muhabbetiň içinde eremek üçin, är-aýal näçe ýyl ýaşaşmalyka?! 10 ýyl? Ýigrimi? 30? Elli? 100... 1000... Ebedi... Başkylar-a, eger-de Alla ýeterlik ömür berse mümkindir welin... Soňkular-a... Näbiljek-dä! Jany tükenmez perişde ýa melgun bolaýmasaň... Aýdylyşyna görä, palçykdan yns ýasalyp, jynsy-ismine “adam” dakylanlaň arasynda “halys mojuk kän ýaşany” diýilýän Mefasylam, toprak üste bary-ýogy dokuz ýüz altmyş ýyljyk süýegini süýränmiş. Onsoň, är-aýalçylykda otlap-suwlaýyş möwritine baglylykda ýüz küje, müň küje, bakylyk küje... Ol uludan demini aldy-da, hyklap-çoklap ýerinden turdy. Howla ýöneldi. Gidip barşyna-da näme edýändigini özem aňşyrman, haçanam bolsa bir wagt aňyna ýelmeşip galan aýdymyň sözlerini ýadyna düşüşine görä içinden hiňlenjiredi bardy... Bilbilem, çekmişem zary-y-y... Sowuldy yşkyň bazary-y-y... Uruldy hijran hanjary-y-y... Wa-a-h, uruldy hijran hanjary-y-y... Ýalňyzlykda ja-a-nym galdy... Daşyna seda çykarman, başyny aşak salyp mytdyldap gelýän garrynyň göwnüne bolmasa, şu hiňlenjiremesine birazajygam bolsa derdi egsilýäne çalym etdi. Öten günlerim düýş bo-o-lu-u-p, Gezdim i-i-i-limden uýa-a-lyp, Bakyň, je-e-se-e-dim boş ga-a-lyp, Lahat içre-e-e ja-a-a-nym galdy-y-y... Wa-a-h! Lahat içre-e-e ja-a-a-nym galdy-y-y... Elini ýuwmak üçin daş işikde duran kündügiň deňesine ýetiberende, näme üçindir jahyllygynda hakydasynda galan bir waka ýadyna düşdi. Ýogsa şu güne çenli şo wakajyk ýadynda galandyram öýtmeýärdi. Şu wagt welin, edil düýn gören ýaly ýadyna düşýär, on bäş, on alty ýaşyndady. Garry öýlerinden birki köçe daşlykda ýaşaýan ýetmiş ýaşlaryndaky bir ýaşulyň aýaly pahyr bolupdy. Şonda obaň mollasam, patada o bendä: “Pylan aga, gelnejem görgülem beýdäýdimi?” diýip duýgudaşlyk bildiripdi. Ol bende-de birdenkä, özüne erk edip bilmän, märekeden utanjy-beýlekinem undup, edil enesini ýitiren neresse çaga deýin: “Howwa şeýdäýdi, indi men nätsemkäm?” diýip kemşerip, gözünden boýur-boýur döküp aglaberipdi. Şonda o gojaň bolşuny her kim geň görüpdi, düşünmändi... ...Ol kündükden akydyp elini ýuwup durşuna, uludan dem aldy. Indi bolsa, ine, özüniňem, edil şo garry ýaly gözünden akdyryplar, hünibirýan aglaberesi gelýär... “Häk, biadyl dünýe diýsäni!” diýip, ol ýene-de hälki pikirini hyrçyny dişläp içinden gaýtalady-da, başyny ahmyrly ýaýkady. Soňam eliniň ölüni gaýym sarkyryp, dikeldi. Öýüne girip barýarka-da, ýene-de ýaňky gamgyn aýdymyny içinden hiňlenmesini dowam etdi... Günbe-günden derdim artyp, Ýörmedim ja-a-ha-a-ny ýortup, Zähmet çekip, a-a-zar tartyp, Düzdügim dessanym galdy-y-y... Wa-a-h! Düzdügim dessanym galdy-y-y... Zalym pelek, gahba pelek, Wah! Zalym pelek, gahba pelek, Çoh janla-a-ry-y kyldyň heläk. Läle, zemin, asman, melek, Wa-a-h! Läle, zemin, asman, melek, Wah, mahy-tabanym galdy-y-y. Wa-a-h! Mahy-ta-a-banym galdy-y-y... | |
|
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ «Dag imesdir, köñlüm içre boldy myhman gözleriñ...» - 26.07.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |