18:44 Däli gardaşym / nowella | |
DÄLI GARDAŞYM
Hekaýalar
"Taryh üçin ýazylan zatlaryñ hemmesi taryh däldir, emma unudylmaýan zatlaryñ welin, hemmesi taryhdyr." Sumbar jülgesindäki bu kiçijik oba biziñ üçin täze bir durmuş, täze bir dünýä ýaly boldy. Dagyñ ýamajyndaky külbeden Alla bilsin, gör, näçe gündür, indi günuzyn daşaryk çykman diýen ýaly oñup otyrsyñ. Çyrada uzakly gije ýanyp dur. Togsanyñ onuna giren Nepes Şyhy gürrüñ berýär. Ümür ikimizem ýassyga berip ýatan ýerimizden hem-ä onuñ "hä“-sini ýetirýäris, hemem depderimize bellik edýäris.Ikimiz arasynda bir maý tapyp, gezekli-gezegine gözümiziñ awusyny almagada ýetişýäris. Ýöne garry welin, peje odun gallap oturyşyna biziñ bu kiçijik namartlygymyzy añmazlyga-bilmezlige salyp, gaýtam „Hany, çaý-a gaýnady, ýigitler...“ diýip, göwnümizi göterýär, ruhumyzy täzeleýär. Bizi tanamasa-da bilmesede garaşyp ýör eken.“Siz maña gömülgi ýatan „hazyna“ diýýäñiz .Oh-ow!Eger siz gelmedik bolsañyz „hazynany“ ýene-de äkidip gömerdiler.Ana, şonda erbet bordy.Men şondan gorkup ýördüm.Bilýänje zatlarymyñ baryny özüm bilen alyp gitmeli borun öýdüp, baý, gorkym köp-dä... Umytdadym.Tamam bardy... Men size ýene bir zady aýdaýyn, ýadyñyzda bolsun, gowy zat hiç haçan eýesiz galýan däldir.Eger gowy zada eýe tapylmasa, onda oña Hudaýyñ özi eýe çykýandyr.Düşündiñizmi ?! Wagtynda geldiñiz.Meniñ bu bilen, öwrenen zatlaryma eýe tapylmasa, nähili bolardy...“ Daña golaý bu iki üýtgeşik adam – Ümür Esen hemem Nepes Şyhy uklady.Men olary synlap kän oturdym.Ýüz elli ýyl töweregi mundan owal.Garrygala söweşinde üýtgeşik bir wakany başdan geçiren iki dogany ýatlap, olaryñ hem şu ikisine meñzeş adam bolan bolmaklary mümkin diýen pikiri hyýalymda aýlaýaryn.Nepes aganyñ aýdyp beren kän zadyny ýazanam bolsam, onuñ bu gürrüñini men depderime bellemedim.Sebäbi ol unudar ýaly zat däl.Sizem muny unudyp bilmersiñiz... Daşarda... Jybarly jülgede ýagyrnysyna sanjylan tygdan soñ küýki bolup galan Mämmetýar aga garry atyny iýdip, özbaşyna hüñürdäp gelýän ýaly „...Ýeri, men saña näme diýeýin?! Hä!Näme diýeýin...“ Mämmetýar agany Nepes Şyhy gören eken... *** ...Sünt-Hasardaky Aly baýyñ mülküne-de çapar geldi:“Garrygalada gökleñ bilen gyzylbaş gyrlyma girdi.Teke, ýomut, ýazyrhan ilinden kömek gelýänçä özümiz ýagynyñ öñünde durmaly...“ Howsalaly habary Aly baý sowuk garşylady.Ol howlukman telbedäki iki aty öz eli bilen ykjam eýerläp,münüp depibermeli edip goýdy.Kiçi ogly Döwletýary awa giden Mämmetýaryñ yzyndan ýollady: „Agañy haýsy derä, haýsy gowaga siñenem bolsa tap.Tiz bol!Iliñ soñundan baryp,masgara bolaýmaly.“ Aly baýyñ ýigit wagty bir garpyşykda çep gözüni aldyrypdy.Mahal-mahal şu günki ýaly uruş-dawa sözi agzalsa, onuñ kör gözi awuşap, sag gözi üýtgeşik öwüşgin bilen ýanýardy.Oglanlary wagty bilen köwlenmänsoñ, onuñ indi birneme gahary geljek bolýardy.“ Gelerler...Gelerlerem.Her haýsy bäş oglanlyk işem bitirer,enşalla!“ diýip, ol öz-özüne göwünlik berip başlady.Şeýle diýdigiçede onuñ özüne hemem ogullaryna ynamy dagyñ daşy ýaly berkäp, agralyp barýar... - Geldiñizmi?! - Geldik, kaka. - Gelen bolsañyz,atlanyñ! Aly baý öýden arzyly saklanýan almaz gylyjyny alyp çykandan Mämmetýar elindäki hyrlyny derrew Döwletýara uzatdy.Döwletýar tüpeñi almajak boldy,emma kakasyndan çekinip,göwünli-göwünsizem bolsa hyrlyny egnine atmaly boldy. - Baryñ goçaklaryñ!... Aly baý pyýadalap olaryñ yzyndan birneme ýöredi. öwrümdäki uly daşyñ deñesine baryp, ýene bir sapar sargyt etdi. - Ätiýaçly boluñ! Ýöne ýaralanman gaýdyp geläýmäñ ogullar! Iki atlynyñ tä garasy ýitýänçä ol butnaman durdy. Soñ ol ýuwaşlyk bilen mähnet daşyñ üstüne çykyp seretdi. At toýnagynyñ hemem daşlaryñ şykyrdysyndan onuñ göwni tebil tapdymy, nämemi:“Ýa zümem...“ diýip, goja bir ham-hyýal etdi. Soñ ýene-de köşeşdi-de, daşyñ üstünde çommalyp oturdy. Ol şol oturşyna hyrçyny dişläp, ýeke gözli döw ýaly bolup, doñup galdy... *** Ýolboýy dymyp barýan Döwletýar pikirini çugdamlady. Elbetde, ol agasynyñ göwnemejekdigini, añýardy, emma her näme-de bolsa, taryna kakyp görmeli. Onsoñam Mämmetýar çaksyz mergen ahyryn. Bäh, bu pikir nämüçin başdan onuñ kellesine gelmedi diýsene... - Mämmet jan ,diýýän-ä... - Howwa! -Ykjam bir ýeri peýläp otursañ, gyzylbaş baryny gaýadan sary goç agdaran ýaly agdararsyñ-ow. -Hany, gönelsene, näme diýjek bolýañ? -Sen mergen diýjek bolýan... -Mergenem bolsam, awçam bolsam, tüpeñ señki, gylyç meñki bolar. Onnan ýaña ýasy ýanyñ yerde bolaýsyn. Biz bu sapar awa däl-de, başga bir işe barýas, inim. Hany, samahyllama-da sür gatyrak! Sür! Bu piriminiñ başa barmanyna hemem agasynyñ gödek jogabyna Döwletýaryñ gahardan ýaña ýüzi ak esgä döndi.Ol atyny debsiläp, agasyndan ep-esli ara açdy. Kesewi ýaly gara, uzyn tüpeñ şalkyldap, onuñ hasam gaharyny getirýärdi. „Mundan käwagt bir „tark eden bolup oturmaga meniñ kararym ýetmez“. Ol birden: „Ýok, how!“ diýip, gazaply gygyranyny özem duýman galdy. -Näme „ýok!“ Döwletjan! Döwletýar agasyna jogap gaýtarmady... *** Söweş meýdany indi uzakda däl bolsa gerek. Goh-galmagal, tüpeñ sesi, atlaryñ hyrryldysy, toýnaklaryñ şykyrdysy... Birdenem „ynha“ diýlen ýaly, giñ ýaýlymda garpyşýan sülsat aýtyma geldi. Bir özüñi dürsäp, bärden atylyp baraýmaly. Mämmetýar köne batyrlaryñ ýörelgesini ýatlap, inisiniñ alkymyna geldi-de, at üstünden düşmän gujaklaşyp hoşlaşdy. -Alla ýaryñ bolsun, Döwletjan. Adamçylykdyr.Görüşsek-görüşmesek, razy bol! -Senem razy bol agam! Agasynyñ bu mähremligine Döwletýaryñ az-kem göwni ýumşan ýalam boldy, emma içinden welin, ol hiç köşeşip bilenokdy.Bu göz-görtele adalatsyzlyk dälmi näme?! Mämmetýar Dowy mergene şägirt bolanda Döwletýara Durdyhan gylyç oýnamagy öwretmedimi näme?! Awa gidilende hemişe tüpeñ Mämmetýaryñky?! Şeýle-de bolmaly, bu düşünikli. Şeýle bolýan bolsa, bu gezek gylyç Döwletýaryñky bolmaly dälmi eýsem?! „Kakama-da diýmäýin diýsem. Bilip durka, beýtmesi nämekän-aýt!“ ...Döwletýar saklanyp bilmedi. Ol beýle adalatsyzlyga çydap biljek däldi: -Hany, Mämmetjan! Agam, erkek bolsan-aý! „Razy bol“ diýen bolup, meni razy edip bilmersiñ... Ol atyndan düşdi-de hyrlyny, ok-därini hatarlap ýerde goýdy. -Gylyjy ber bärik! -Sen näme diýjek bolýañaý! Mämmetýaram atyndan düşdi. Aşakda iki duşman, ýokarda-da iki dogan ýaka tutuşdy. -Agam, düşün.Men bärden ýaragsyz öz deñ-duşlarymyñ arasyna nädip baraýyn. Meni masgara etme. Ber, gylyjy! -Hyrlyñ bar-a... -Hyrly seniñ ýaragyñ, seniñ işiñ. Sen bu mähnet göwräñ bilen agyp dönýänçäñ kelläñem aldyrarsyñ, gylyjyñam. Ýeñil ýarag biz ýaly ýeñil oglanyñky bolmaly, agam! -Samsyk bolma, sowul ýolumdan. -Ber bärik diýilýä, saña gylyjy!... Meniñ arym-namysym, ilim-ýurdum , dinim-imanym köýüp barýa... Aý, seniñ... Ýigidiñ huşy başyndan göçdi.Ol guşagyndaky pyçagyny sogrup aldy-da, garşysyndaky deşli pyýadanyñ üstüne towusdy. Bir eli bilen onuñ boýnundan gujaklap, beýleki elindäki pyçagy ýagyrnysyndan harçyldatdy... ...Boljak iş boldy. Indi oýlanyp –ölçerip dökere wagtam ýok. Özünden gidip şalkyldap ýatan agasyny Döwletýar bir gyra, dört daşyñ arasyna süýräp eltmeli boldy.Tyg oñurga degen borly, ýogsam, ol beýle elhenç gygyrmazdy, özündenem gitmezdi. Döwletýar köýnegini ýyrtyp, çakmak çakyp otlady-da, gara-gurasyny, külüni aldygyna ýara basdy.Gan akmasy kesilenden soñ, Mämmetýar iññildäp başlady. Ýüzi ýagtylan Döwletýar tüpeñi, ok-därini onuñ gapdalynda goýdy-da üstüne çöp-çalam taşlap gylyjyny syryp, dagdan aşak eñip gitdi.“Aly kör maña ýöne ýerden Döwletýar begiñ adyny goýan däldir.Agamyñ ganynam sizden aljakdyryn...“ – diýip, ol samrap barşyna söweşiñ jümmüşine süsdirildi... ....Ara böwşeñlik düşen wagty Döwletýar umytly gözlerini agasyny taşlap gaýdan ýerine aýlaýardy. Ikindinara şol tarapdan hoş habar ýaly bolup şowhuldy eşidildi. Soñ ýene iki sapar şol ýerden duşmana tarap ok atyldy.Döwletýaryñ bokurdagy dolup gözüne ýaş aýlandy... „Agam jan! Agam jan!“ Ol bärden baranda, ysgyndan gaçan Mämmetýar kellesini daşa goýup ýatan ýerinden çala ýylgyrdy. Döwletýar agasynyñ ellerini gysymlap, oña çyny bilen ýalbardy: -Mämmet jan, kakama aýtmagyn... Ine, saña-da gylyç getirdim. Gözlerini süzüp ýatan Mämmetýar çalaja pyşyrdady: -Däli gardaşym, aý meniñ däli gardaşym... Ahmet Halmyrat | |
|
√ Pikirdeş / hekaýa - 21.07.2024 |
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Hoşlaşyk / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Arap hekaýatlary - 15.10.2024 |
√ Jan / hekaýa - 08.03.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |