22:26 Däli gelin | |
DÄLI GELIN
Goşgular
Gapy-gapy aýlanyp ýör, Obamyzda däli gelin. Göwnün tapyp sözleşäýseñ, Dürdäne-de ýaly gelin. "Eý, waý, däli gelýä."- diýip, Çagajyklar gaçyp gider. Gapysyny açanlara, Ol hem göwnün açyp gider. Gapy kakyp dileýäni, Bir döwümjik çörek onuñ, Açylmadyk gapysy bar, Çünki, onuñ ýüreginiñ. Öñ dutarda saz çalardy, Şoñ bilen toý toýlanardy. Ýigitleri bendi eden, Saçlar dyzda towlanardy. Ýöne onuñ gara bagty, Çolaşypdyr çarkandakda. Hiç kim bilmez, juwan wagty, Oñ güllerin çürten hakda. Dälilik hetdine ýetip, Çürkense-de hyýallary. Bagt hakda aýdym aýdyp, Güýmäp ýör ol aýallary. Gyzylgül ANNAGYLYJOWA. | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||
| ||||