12:21 ...dan soň / hekaýa | |
...DAN SOŇ
Hekaýalar
Ulular – mön. Ulular – türkana. Ulular – köpbilmiş. Ulular – gedem. Şoň üçinem olaryň her birem özünden özge islendik başga kişä, hatda öz aň ýetiriş çarçuwasyndan daşyndaky islendik başga zada-da kembaha garamaga birmahal endik edip giden. Hamana, uly bolsa – diýmek ol akyllymyş. Hemmeje zadam bilýärmiş. Şoň üçinem oň aýdan-a aýdan, diýenem diýen bolmalyş. Erbet ýerem, olaryň ikisinden iň bolmanda birjigi dagam, şunyň ýaly bolmaýsady... Onda, megerem, onuň kibi oglanjyklara şu taýda-da, başga taýlarda-da ýaşamak, ýamanam bir aňsat bolardy... *** ...Ýedi-sekiz ýaşlaryndaky oglanjyk, bir çetde çugutdyryp oturyşyna kellesinde şu pikirleri aýlaýardy. Onuň oýlanmalary gönükdirilen kakasydyr ejesi bolsa – megerem, içki tolgunmasyna, durky-düýrmegini doldurýan, dünýäsygmaz aladanyň çykgynsyzlygyna bäs gelip bilmändir – bir ýerde durman iki-baka zowzuldaýardy. Başlaryna düşen külpetden çykalga gözläp, biri-birine gezek bermän diýen ýaly, sähel salymda ugurly-ugursyz teklipleriň, çaklamalaryň onlarçasyny birek-birege hödürleýärdiler. Dessine-de olaryň hiç haýsynam kabul etmän, degerli delil bilen inkär etmäge gyssanýardylar. Özem olar osmaklatma-ýaňzytmadan ellibizar, söz saýhallaman, gypynçsyz gep urýardy. Şu-da, olaň, gyradaky kürsüçede boýnuny ýygryp oturan ogullaryndan jinnekçe-de gypynç etmeýändigini, ony öz aýdýan zatlaryna dynnymça-da “düşünenok” diýip hasaplaýandygyny aňdyrýardy. Oglanjyk bolsa hemme zada düşünýär. Aňyrsyna-da geçýär. Ýöne, sesini çykaranok. Gulagyny üşerdip, öz-ä söz sypdyrman diňleýär. Özem töweregine ýaltaklap, çar ýanyny synlan kişi bolýar. Ýogsa, bu jelegaýlarda oň görmedik nämesi bar? Müňlerçe adamyň mährewsiz älem boşlugynda edil dogduk saýýaradaky deý rahat ýaşamaklary üçin niýetlenen mähnet älem bekedi – oň özüniň-ä däl, kakasy-ejesiniňem dünýä inen mekany. Oturan ýeri – dürli enjamlardan doly dolandyryş merkezi – öň ýüzlerçe gezek görlen. Bekediň daşky superýokary rugsatly kameralary bolsa, Merkeziň tutuş bir diwaryny tutýan äpet ekranda, Beketden esli aralykdaky mawy saýýaranyň interaktiw şekilini görkezýär... ...Mawy Mähribanlygyň şol şekili-de, häzirem, ýüz ýyl mundan ozal olaryň şu Beketleriniň düzüm bölekleri älem giňişligine çykarylyp, ine şu nokatda – Zeminiň alysdaky elliptiki orbitasynda – gurnalandakysy deý üýtgewsiz-durnukly-eziz-ajaýyp...keşpde... ...ýaly... *** Oglanjygyň bokurdagy doldy. Öz-özünden owalary nemlendi. Ol öz jedellerine başagaý ejesi-kakasyna bildirmän, assyrynlyk bilen kombinezonyň ýeňine gözüni syldy. Mähribanlaryna eşitdiräýmänjik, göýä kindiwanja gursagyny birdemde dolduran hasratyň üstüni ýel bilen basjak bolýan deý, nähilidir birhili sojamaly dem aldy. *** ...Nämüçin “...ýaly...”? Sebäbi ol bilýär. Mawy Mähribanlyk eýýäm näçe wagt bäri adamlar üçin “mähribanlyk” bolmasyny bes etdi... Onuň daş sypaty Bekediň ekranlarydyr-illýuminatorlarynda şol öňki şekilinde üýtgewsiz duranam bolsa, bu mahal o taýy ýekeje-de ynsan owazy eşidilmeýän gum-guklyk... ...Edil olaryň şu Beketleri ýaly... Ýöne, Zemin bilen Bekediň arasyndaky birje tapawut – Zemind-ä-hä, birje-de ynsan ýok, öň çagalaň sesinden ýaňa jagyl-juguldan, öz işleri bilen gümra ululaň erew-berewliginden doly Beketde-de diňe şu üçüjigi... *** Nämboldy, galan adamzada?! Aýdanoklar. Sebäbi... Ýaňam aýtdy. Has dogrusy oýlandy. Ulular – mön. Ulular – türkana. Ulular – köpbilmiş. Ulular – gedem... ...Ýa-da belki, tutuş ynsanyýetiň soňuna sogan eken şo aýylgançlyk, şeýlebir eýmenç bolup, şo ähli ululardan ýekeje özleri galan şu iki sany iň soňky ulynyň iň soňky kiçijik bolan ony gorkuzasy gelýän däldir. Olaň ony goran bolduklarydyr, belki-de, şü aýtmadyk bolan bolup ýörmekleri... ...Ýöne, aýt, aýtma, olam kiçijik bolsa-da sammyk däl ahyry! Heýemmir, günlerde bir gün, irden oýanaňda, mähnet öýüň bolan Beketden hemme deň-duşlaryň, dost-ýarlaryň, olaryň ata-eneleri, yzsyz-tozsuz gürüm-jürüm bolar-da, nähilidir bir süňňüňi elendirýän nämälim elhençligiň gopandygyna düşünmän galarsyňmy?! Ýa, näme, bu iki sany tekepbir ulular ol bilmeýändir öýdýärmikäler?! Özleriniň elden-aýakdan çykaryp barýan ilkinji howsalalaryny ýeňenlerinden soň, Zemine Emeli Paýhasly aňtaw hemrajyklary ýollandyklarynam... Şol enjamlaryňam şo taýdaky galan ynsanyýet ähliniň-de Bekediň ilatynyň gününe sezewar bolandygyny anyklandyklarynam... ...Bu ikisini gaplap alan soňraky çykgynsyzlyk duýgusam, şoňa tap getirip bilmän olaň däli-porhan boluşlaram munuň ýadynda... Ine şu wagtky jedellerem olaň şo çykgynsyzlyk duýgusyndan soň özlerini birneme ele alan bolup oturyşlary... Edýänlerem gelşiksiz gürrüň. Nämemiş, her edip, hesip edibem bolsa, oňa höwürlik gyzjagaz tapmalymyş. Sewäwi adamzadyň soňkuja umydy şumyş. Onnoň eger şo gyzjagaz tapylmasa-da, hemme ynsanlaň ýyldyzy düýpgöter sönüp gitjekmiş... Wäkgiş... *** Kakasy-ejesiniň gyzjagaz, höwür, adamyýet ähliniň öňündäki borç hakdaky gep oklap-gapdylaryna gulak gerip oturyşyna, gyzjagaz hakdaky pikiri eden-de ol tasdan, içindenem bolsa tüýkürinjiräp goýberýärdi. Ýöne, özüni bileli bäri, ejesiniň adam bar ýerinde tüýkürmegiň aýypdygy hakynda gulagyna guýup gelýän käkelemeleri hakydasyna geldi-de, saklandy. Sebäbi, içiňden tüýkürseň, hiç kim görmände näme? Esasy zat, şeýdeniňi özüň bilýäň dälmi? Onsoň içiňden et, daşyňdan et, ahyry şo etmeli däl işi etseň, boldugydyr-da... Ýöne, gyzjagazlara oň beýle gaharly bolmagynyň özüne ýetik “üçinjikleri” bar... ...Sähel bahana tapdyklary şumjaryp ýören, haçan görseň, nedenem bir bezzatlyk etdigiň ylgap baryp öz ejelerine-de, seň ejeňe-de buşlaýan, gohçyl, lälik, gopbam, urşagan, pişik deýin dyrnaçaklaşmany diýseň eý görýän, şapbaplap-şapbatlamankaňam gözüne urlan ýaly wägirip başlaýan, gümürtikden gelen, düşnüksiz jandarjyklar-da... Üstesine-de isle süýji, isle şerbet, isle oýnawaç...garaz, dünýäde, ýagny şü Beketde nähili gowy zat bolsa, ilki şolara berilmeli. Sewäwem: “jän owlum, sen owlanjyg-a, o bolsa gyýjagaş”-myş... Wäkgiş... Onnoň şolaň nämesi gowumyş, şolar bolmasa, ölüp ýatar ýaly... ...Öňde bir gezek, entek Beketleriniň başyndan bu şumluklar inmänkä ol ejesine şuňa meňzeş gepjagazyny oklanda, olam edil Bekediň çagalar meýdançasynda özüne hemişe azar berýän kelpeň gulpaklylar ýaly, içýakgyç kikirdäp, oňa: “Owlum, ine birneme ulal! Onnoň bilersiň şo “wäkgişleň” näderejede ajaýyp hazynadygyny!” diýip, göwünlik beren bolupdy... Äý-ý, waý-eý! Beýdip, şo gyzjagaz ýaly gerekmejek ýüregedüşgünçligiň aladasynda iki ýana çarp urup ýöreniňizden, oňa şu giden yns-jynssyz Beketde bile oýnar ýaly, iň bolmanda ýekeje dost tapyp bermegiň gaýgysyny ediň-dä... *** Ol şu hüňürdili pikirlenmesini oýlananda, birdenkä özüniň bileje oýnan, ýaýnan dostlary gözüniň öňünde janlandy. Nähili hezillikdi! Günde Bekediň jümmüşindäki emeli çarbaglykda gurnalan çagalar meýdançasynda ýüwrüp-ýortup, ýaýnardylar... ...Indi bolsa... Hiç kim ýok. Ümsümlik. Diňe olaryň üçüjigi... Onuň ýene-de bogazy “lyk” boldy. Kindiwanja bedenini çekip-çydar ýaly bolmadyk gam-gussa gark etdi. Kiçijik gursagyny dolduran hesrete döz gelmänem ol bady-baran aglamaga başlajak bolanam şoldy welin... *** -“Döredijiler” görnüşiniň soňky wekilleriniň sanly emeli sudurlarynyň duýgy-akyl düzüminde ýüze çykan näsazlyklar, olaryň golografiki şekiliniň durnukly saklanmagyna mümkinçilik bermeýär!-diýip, Bekediň Baş Emeli Paýhasynyň enjam owazy, aňk-taňk bolan oglanjygyň aňynda ýaňlandy. Ol heniz näme bolýandygyna doly düşünmäge-de ýetişmänkä, onuň ejesidir kakasy birhili tolkun atyp, gyrpyp gitdi. Birdenem howada eräp, gaýyp boldy. Oslagsyz bolup geçen bu hadysa zerarly elheder almakdan ýaňa, oglanjyk tasdanam wägirip, bu ýerden ökjäni göterýärdi. Emma, birdenkä, oňam sudury, ejesi-kakasynyňky ýaly gyrpdy-da, öçdi... *** ...Birsellemden soň, çetdäki kürsüçe-de, ejesi-kakasynyň sene-menesini synlap oturan, düşbüje oglanjyk, kellesinde öz-özünden döreýän pikirleri äwmän-alňasaman aýlamaga başlady. ...Ulular – mön. Ulular – türkana. Ulular – köpbilmiş. Ulular – gedem... | |
|
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Ýolbars / hekaýa - 17.12.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Kakamyň synaglary / hekaýa - 18.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |