21:33 Darak sesiniñ jadysy | |
DARAK SESINIÑ JADYSY / oçerk
Edebi makalalar
— Wah, aýlanaýyn daragyň sesinden! Başym gurban şo sese! Ol bize aýdym bolup eşidilýär-ä! Men şo sesden bagtymy tapdym, jan ogul! Her minutda näçe sekunt bar bolsa, bize şonça-da çitim garaşýar! Wagt diýeniňem suw ýaly akyp dur. Men şoňa biraz ýaýdanýan... Orta boýludan bugdaýreňk, tegelek gözleriniň jümmüşinde hünärine bolan tükeniksiz söýgüsi pürepürlenip duran halyçy zenan bu sözleri aýdýarka, eýýäm özüne gerek maglumatlary alyp başlanyna begenen žurnalist derrew jübüsinden kiçijik ýandepderçesini çykardy-da, oňa bir zatlary belleşdirdi. — Annagül daýza, hünäriňizi tüýs ýürekden söýýän ekeniňiz! Ýöne men bary-ýogy ýarym sagatdan köp wagtyňyzy alman, ynanaýyň! Onsoňam, beýleki halyçylaryň hem ünsüni çekip, işem bökdemäýin diýýän-dä!.. Şeý diýensoň, «gapydan kowsalar, äpişgeden girýän» žurnalistiň özünden beter özdiýenli hem maksada okgunlydygyna göz ýetiren halyçy ahyry razylaşmaly boldy. Olar etrap halyçylyk kärhanasynyň ýygnak geçirilýän otagynda, enelerden miras galan milli sungat hakynda gyzykly söhbet etdiler... 1974-nji ýylyň tomsudy. Mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine ilkinji ädimleri ädýän ähli uçurymlarda bolşy ýaly, mekdebi üstünlikli tamamlan Annagülüň öňünde hem «Indi kim bolmaly?» diýen sowal keserip durdy. Kalbynda juwanlyk joşguny, durmuşa bolan söýgi, ylym-bilime teşnelik duýgusy dyňzap duran ýaş gyz mugallym bolmagy ýüregine düwüpdi. Gyzynyň çagalykdan doly açylman galan ukybyny açmagyň, ony söýgüli hünärine ugrukdyrmagyň tüýs wagtydygyna göz ýetiren kakasy bir gün: «Gyzym, könelerimiz: «Bir okana bar, birem — dokana» diýipdirler. Sen gowusy, şu ugurdan git! Men seni etrapdaky haly arteline işe ýerleşdireýin. Saňa halypa tapyp bereýin. Ilk-ä ondan haly dokamagyň tärlerini kemsiz öwrenersiň, soňam näme, kiçilikden gyzyklanýan hünäriň hakyky eýesi bolup, işlär ýörersiň-dä!» diýip maslahat berdi. Kiçijikliginden oňa keçe güllemegi, ýüpüni taýýarlamagy, basmagy öwreden eziz käbesi Ogulhally eje hem gyzynyň bu hünäriň hakyky ussady bolup ýetişjekdigine berk ynanýardy... Şeýdibem, ýene-de çagalykdaky arzuwyna dolanan Annagül uly hyjuwdyr höwes bilen 1975-nji ýylyň 2-nji ýanwaryndan Gubadag etrap haly fabrigine işe durdy. Indi biregne 44 ýyl bäri bu ýerde halyçylyk hünäri bilen meşgullanyp gelýän Annagül Padarowany işdeş ýoldaşlarynyň ählisi diýen ýaly öz halypasy hasaplaýar. Ýaşy hem tejribesine görä, olaryň hemmesinden kän çitim çitip, kän haly kesen Annagül daýza bolsa bilýän zatlaryny ýadawlygy, ýaltanmagy duýmazdan, kärdeşleri bilen deň paýlaşýar. Haly dokamagy ýaňy öwrenip ugran ýaş gyz-gelinlere bolsa bu inçe sungatyň «syrly sowallaryny çözüp berip», synagdan geçen özboluşly tärleridir düzgünlerini öwredýär. Halypa halyçynyň ýetişdiren şägirtleri barmak basyp sanardan kän. Bahar Ballyýewa, Şeker Paşşyýewa, Läle Borjakowa, Göwher Karaýewa, Maýsa Tekäýewa, gyzlary Çynar, Selbi, Patma hem Jahan Kerimowalar... ýene-de kän-kän çeper elli halyçylar ondan halyny ýüwürtmekden başlap, darakdyr keser tutmaklyga, dürli görnüşli gölleridir nagyşlary salmaklyga çenli ilik-düwme öwrenen zenanlar. Munuň üçin bolsa olaryň hemmesi-de Annagül daýzadan hoşal. Toplumlaýyn at esbaplaryny ýokary ussatlyk bilen dokan Annagül Padarowadyr onuň iki sany şägirt kärdeşi 2015-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Il alkyşy bilen adygan Annagül gelnejäni tutuş ýurtda hem halypa halyçylaryň biri hökmünde tanaýarlar. Her ýyl geçirilýän dürli görnüşli sergilerde hem ol öz şägirtleri bilen bilelikde dürli göwrümli haly we haly önümleri bilen gatnaşýar. Şol önümleriň arasynda iň ýokary bahalara mynasyp bolanlarynyň, daşary ýurtlardan gelip, sergä gatnaşyjylar tarapyndan satyn alnyp gidilenleriniň hem bardygyny, hatda özge ýurtlardan gelenleriň hem ýörite sargyt edip, haly dokatdyrandyklaryny ezber halyçy uly buýsanç bilen ýatlaýar. — Biziň Gubadag etrap haly fabrigimiz Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň bir şahamçasy. Bu ýerde dürli ululykdaky, galaba uly göwrümli halylary dokaýarys. 2010-njy ýylyň sentýabryndan 2011-nji ýylyň mart aýyna çenli, soňam şol ýylyň awgustyna çenli 2 sany uly halyny dokap, döwlete tabşyrdyk. Olara ýokary baha berdiler — diýip, halypa halyçy gürrüň berýär. 2017-nji ýylyň 11-nji fewraly. Gubadag şäherçesiniň H.Derýaýew köçesindäki 24-nji jaýa gelýän adamlaryň üýşmeleňi gyzan bazara meňzeýärdi. Hemmeleriň ýüzünde şatlyk. Yzly-yzyna gutlaglar, arzuwlar aýdylýar. Törde oturan ýaşuly myhmanlardan biri öý eýesi Jumaguly aga degip, adamlary gülüşdirýär. Bu wagt Annagül daýzanyň agtyjagy Ogulnurjyk mamasynyň öýünde ýüwürdip, ýaňy ikinji gölüne düşen halysynyň başyna geçip, ony özüçe «dokaýardy». 1-nji synpda okaýan agtygy Dawutjyk bolsa her gezek mamalaryna gelende, ýumak gatnadyp, oňa haly ýüwürtmäge kömekleşýän Ogulnurjygyň elinden dokma daragyny aljak bolýardy. 1 ogul, 4 gyzyň, 15 agtygyň enesi Annagül daýza özüniň ýetişip gelýän nesil dowamatyna, edil özi ýaly, halyçylyk hünärini saýlan gelnidir gyzlaryna, agtyjaklaryna guwanç bilen bakýardy... — Darak meňki. Bu seň işiň däl, halyny gyzlar dokaýar-a, berjek dä-ä-äl! — diýip, oňa berk ýapyşan agtyjagynyň hötjetligini synlaýan enäniň öz çagalyk döwri ýadyna düşüp giden ýaly, olara seredip, bir pursatlyk oýa batdy. Şol barmana-da onuň gözlerinden iki düwme begenç, buýsanç gözýaşlary syrygyp gitdi... Şatlyk-şagalaňa beslenen bu öýdäki märeke halypa halyçy Annagül daýzanyň 60 ýaş ýubileýi mynasybetli ýygnanypdy. Etrap merkezindäki 1-nji orta mekdebe alyp barýan giň ýoluň ugrunda bir uly jaý bardy. Ol jaýyň deňinden geçeniňde, hemişe diýen ýaly, çapyp barýan bedew atyň dükürdisine meňzeş, yzy üzülmeýän «güpürdiler» eşidilýärdi. Olaryň her biriniň aňyrsynda uly sogap, mähir hem söýgi, yhlasly zähmet hem bereket ýatyrdy. Daýhan öz berekedini pil bilen ýer depip alýan bolsa, ol ýerdäki ynsanlar berekedi şol «güpürdilerden» alýardylar... Şeýdip, ençe wagtdan bäri gyzyklandyryp, özüne çekip gelen «güpürdiler» — batly ýaňlanýan darak sesleri gyzjagazlaryň ençemesiniň ykbalyny hem bu inçe sungat bilen baglaýar. Şol kiçijik gyzjagazlaryň birisi bolsa geljekde bu hünäri özüne hemişelik kesbi-kär edinjekdigi, halypalyga ýetip, kän-kän şägirtleriniň boljakdygy, ýurduň at gazanan halyçysy hökmünde il-günüň arasynda uly abraýdyr hormatyň eýesine öwrüljekdigi hakynda şonda asla pikirem eden däldir. Ine, şol hem bu sünnä sungatyň, ilkinji gezek oňa höwrükdiren darak sesiniň jadysy bolsa gerek... Aýmyrat PIRJIKOW, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň žurnalistika hünäriniň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |