21:36 Deliller düwünçegi | |
DELILLER DÜWÜNÇEGI Haýsydyr bir zadyñ barlygyny subut edeniñden onuñ ýokdugyny subut etmek has añsat düşýär. Mysal getireliñ. Almanyñ ýer ýüzünde barlygyny subut etmek üçin onuñ ýekejesini alyp görkezmek ýeterlikdir. Emma "Ýer ýüzünde alma ýok" diýýän adam bütin dünýäni, gerek bolsa älem-jahany aýlanyp çykmaly bolar. Eger hiç ýerden alma tapylmasa, onuñ ol hakykatdanam, almanyñ ýokdugyny subut etsigi bolar. Bu bolsa amala aşyryp bolmajak kyn işdir. ■ Mümkinçilikler Älem mümkin bolýan zatlardan emele gelipdir. Başgaça aýdylanda, bu älem bar bolşy ýaly, ýogam bolup bilerdi. Älemiñ döremegine näçe sebäpler bar bolsa, edil şonçaragam onuñ ýom-ýok bolmagyna eltip biljek sebäplerem ýok däldir. Her bir mümkin boljak zat bolsa, haýsydyr bir sebäp bilen baglanyşyklydyr. Diýmek turuwbaşdan älemiñ döremegini, onuñ nähili emele geljegini göz öñünde tutan Beýik Gudrat, onuñ ýok bolup gitmegine eltjek beýleki mümkinçilikleri aradan aýran bolmaly. Elbetde, ol Gudrat diýýänim - Allatagaladyr! ■ Soñ emele gelen Älem bir durkuna duranok, ol birsydyrgyn üýtgäp durýar. Üýtgeýän her bir zat bolsa soñ emele gelen bolmaly. Şonuñ üçin maddanyñ döreýşiniñ başlangyç nokady bar. Hawa, maddanyñ termodinamika kanunyna görä, yzygiderli ýokluga ymtylmagy, älemiñ yzygiderli durkuny üýtgetmegi, Günüñ ýylsaýyn energiýasynyñ azalmagy... ýaly hadysalar her bir barlygyñ bir başlangyç nokadynyñ bardygyny görkezýär. Owaldan ýok bolup, soñ bar bolan her bir barlygyñ döredijisi bar. Elbetde, sebäpsiz netije we şahyrsyz şygyr döräp bilmeýär. Sebäpler bolsa bir-birine sepleşip bakylyga çenli gidip bilmez. Ol bir ýerde togtamaly bolar. Diýmek, mydama durkuny üýtgedýän, başda ýok bolup, soñ emele gelen hem-de döremegi başlangyç bir sebäbe garaşly bolan bu maddy älemiñ inženeri hökman bolaýmaly. Ol inžener bolsa - elbetde, Allatagaladyr! ■ Ýaşaýyş Ýaşaýyş - düşündirip bolmaýan täsinlikdir. Hawa, ýaşaýyş daşky sebäpler bilen düşündirip bolmaýan diýseñ täsin gudratdyr. Ýaşaýyş - Beýik Ýaradanyñ bardygyny aýdyñ görkezýär. Ýaşaýyş özüniñ täsinligi bilen alymlaryñ aklyny haýran edýär. Göýä diýersiñ ol dil açyp bize: "Meni ýaradan diñe Allatagaladyr!" diýýän ýaly. ■ Düzgün-nyzam Her bir barlyk özüni düzýän bölejikleriñ belli bir tertip-düzgün esasynda birleşmeleri bilen emele gelýär. Edil şolar ýaly älemde-de, ony düzýän barlyklaryñ arasynda düzgün-tertip bar. Bu bolsa, bu älemi düzgün-nyzamly edara edýän nähilidir bir gudratyñ bardygyna güwä geçýär. Ol gudrat hem - Allatagaladyr! ■ Sungat eseri Atomdan adama çenli, öýjüklerden galaktikalara çenli - bütin älemde iññän inçe hem haýran galdyryjy çeperçilik göze ilýär. Hawa, älemde turuwbaşdan her bir eser: - Öran sünnälenip işlenen; Daşyndan göräýmäge, çylşyrymly hem-de dürli-dürli bolan sungat eseri gysga wagtda, köp sanda döredilende onuñ bar gymmaty ýitäýjek ýaly. Emma Allatagalanyñ gudraty bilen gapma-garşy bolan zatlar hem bir ýerde jemlenişip, ajaýyp sungat eserini döredýärler. ■ Maksady hem hikmeti Her bir barlygyñ özüne degişli maksady bar. Her bir barlyk haýsydyr bir peýda üçin ýaradylypdyr. Hatda kinniwanja atom hem ummasyz işleriñ hötdesinden gelýär. Bu älemde hiç bir zat harlanmaýar. Emma bu älemde adamdan başga, hiç bir zatda beýle manyly işleri amala aşyrara akyl-zehin ýok. Diýmek, älemde göze ilýän şeýle manyly hem çylşyrymly işleri ýöredýän diñe Allatagaladyr! ■ Mähir we söýgi Adamyñ isleýän zady juda köp bolsa-da, ol diñe eliniñ ýetenini alyp bilýär. Islegler oñarjak-oñarmajak işlerimizden köpem bolsa, biz barybir ýorganymyza görä aýak uzatmaga mejbur bolýarys. Bu dünýäde jandarlaryñ ýaşamagy üçin ähli amatlylyklar döredilen. Käbir jandarlar edil agzyna eltip berilýän ýaly, añsatlyk bilen iýmit tapýarlar. Kömegiñ iberilmegi, iberilen kömegiñ mätäçleri kanagatlandyrmagy bizi oýlandyrýan bolsa gerek?!. Älemiñ çäginde baky aýlanyp durjak bu mähir ~ iýmitlendiriş ulgamy, bu gudraty görkezip biljek Beýik Biribaryñ bardygyny aýdyñ görkezýär. ■ Arkalaşyk Biri-birine örän ýakyndyr uzakda bolan her bir janly-jandar öz aralarynda arkalaşykly ýaşaýar. Biri-biriniñ arasynda hiç hili gatnaşygy, arabaglanyşygy bolmadyk iki dürli jandar arkalaşyp, biri-birine azarsyz ýaşap bilýär (gynansak-da, adamlar muny oñarmaýar). Mysal üçin bakteriýalar, ýer gurçuklarydyr toprak bilen bilelikde, bir maksada gulluk edip ösümlikleriñ dadyna ýetişýärler. Şeýle delalatyñ bolsa asla yzy üzülmeýär. Diýmek, älem özüniñ "Arkalaşyk" dili bilen bize: "Meni ýaradan ýeke-täk Allatagaladyr!" diýýär. ■ Arassaçylyk Adamdan asmana çenli, asmandan zeminiñ çöketliklerine çenli bütin älemi gurşap alan arassaçylyk, tämizlik özboluşly bir delil hökmünde bize Allatagalanyñ bardygyny hem ýeke-täkdigini görkezýär. ■ Ýüz keşbi Islendik bir adamyñ ýüz keşbi özüniñ inçe aýratynlyklary bilen şu wagta çenli gelip-geçen milliardlarça adamlaryñ hijisine meñzemeýär. Bu mydama şeýledir. Bir tarapdan biri-birine meñzeş, ikinji tarapdan biri-birinden tapawutly milliardlarça suraty eliñ aýasy ýaly ýerde çekip, soñ olaryñ arasyndan özüne meñzäp biljek milliardlarça suraty aýryp, her bir zada aýratyn şekil hem görk bermek üçin çäksiz gudratyñ gerekdigi mese-mälimdir. Ýaradan barlygynyñ her aýratynlygyny bilýän hem-de şol barlyga islendik şekilini bermäge güýji ýetýän Beýik Gudrat - Allatagaladyr! Hawa, bir adamyñ ýüzünde ýerleşýän agzalaryny beýleki bir adamyñ ýüzündäki agzalardan tapawutly ýaradan we her göze hökmany suratda tapawutlandyryp boljak aýratynlygy beren - Beýik Allatagaladyr! ■ Ezberlik Ördegiñ jüýjesi ýumurtgadan kellesini çykaran badyna suwda ýüzüp bilýär. Ýumurtgadan çykan garynjajyklar derrew ýeri köwmek bilen bolýar. Ary gysga wagtda ajaýyp sungat eseri bolan ketegini, möý bolsa kerebini dokap gutarýar. Bularyñ edýän işlerine seredenimizde şeýle netije çykarsa bolýar: Janly-jandarlar başga bir älemde özlerine öwredilip goýberilen maglumatlaryñ saýasynda hem-de dogabitdi özünde bar bolan ukyplaryñ kömegi bilen şeýle ajaýyp eserleri döredýärler. Ýöne adam bolsa bar zady bu dünýä gelip öwrenmeli bolýar. Janly-jandarlarda akyl ýok. Adamlarda bolsa akyl-zehin bar. Diýmek, nähilidir bir gudrat jandarlara ukyp beripdir. Ýogsam olaryñ öz-özleri şeýle ukyba eýe bolup bilmezler. ■ Ruh hem wyždan Ruhuñ ähmiýeti heniz doly öwrenilmese-de, oña hiç kim ýok diýip bilmez. Hawa, ruh maddy äleme garaşly däldir. Adamyñ ruhy baky älemden bu dünýä iberilýär, bu ýerde kemala gelýär. Adamda ruhuñ bardygy hem beýik Gudratyñ bardygyny görkezýär. ■ Taryhyñ sapagy Her bir adam gowy hem ýagşy zatlary söýýär, tersine erbet hem ýaman zatlary bolsa ýekirýär. Diýmek adamda bar bolan bu duýgular adamy ýagşy-haýyr işlere iterip, ýaman ýollardan daşlaşdyrýar. Adama ýagşylyk etmegi, ýamanlygy ýazgarmagy kim buýran bolsa, bu duýgulary onuñ gursagyna guýan hem Oldur. Diýmek, adamyñ tebigatyny şeýle ýaradan Gudrat - Allatagaladyr! ■ Duýgular Adam ogly müñlerçe duýgulary başdan geçirýär. Her bir duýgy adamy baky ýaşaýşa imrindirýär. Ýöne adamda bir duýgy bar. Şol duýgy gönüden-göni adama beýik ýaradanyñ bardygyny görkezýär. Bu duýgy - adamyñ bakylyk küýsegidir. Özünde şeýle duýgularyñ barlygy sebäpli adam baky ýaşamak isleýär. Soñy bolan islendik eşret adamy bagtly edip bilmeýär. Diýmek, bize şol duýgyny eçilen hem baky Beýik Biribardyr. Şol sebäpden bizi baky durmuşda - o dünýäde täzeden direltjegem ýene-de Ol - Beýik Allatagaladyr! ■ Hakykat On adam yzly-yzyna gelip, bize öýmüziñ ýanýandygy barada ýalan sözlese, ömrümizde ýeke gezegem olaryñ dogry geplänini görmesegem, "Belkäm, aýdylanlar dogry bolaýmasyn hoow" diýip olara ynanasymyz geler. Sebäbi ýalançy bolsa-da on adamyñ gelip aýdan şol bir habary bizi birneme alada goýar, ynjalykdan gaçyrar. ■ Gurhan Gurhan Allanyñ kitabydygyny subut etmek maksady bilen din alymlary ymgyr köp ylmy işleri, tefsirleri ýazypdyrlar. Gurhan barada ýazylan bu eserleri okan adam Gurhanyñ hakykatdanam beýik Ýaradanyñ kelamydygyna göz ýetirer. Gurhanyñ Kelamulladygyny (Allanyñ kitaby) görkezýän deliller, şol bir wagtyñ özünde bize beýik Biribaryñ barlygyny açyk görkezýän delildir. ■ Pygamberler Muhammet pygamberiñ (s.a.w) pygamberligini aýan edýän deliller, şol bir wagtyñ özünde beýik Ýaradanyñ hem barlygyny görkezýär. Sebäbi Allatagala özüniñ barlygyny hem ýeke-täkligini adamlara bildirmek üçin ýer ýüzüne pygamber iberipdir. Diýmek, bir pygamberiñ pygamberligini görkezýän delilleriñ ählisi: "Alla bardyr we birdir!" diýýär. ■ Allaha iman (ynanmak) Aslynda, Allany inkär edýänlerem kä pursatlarda, başlaryna bela inen wagty Allany ýatlap, Ondan dalda isleýärler. Ýöne başlaryndan bela sowlansoñ welin, ýene öñki boluşlaryna bolýarlar. Munuñ mysallary sanardan köpdür. Bu ýagdaýy Gurhan şeýle beýan edýär: "Adama bir zyýan ýetende ol ýatan, oturan ýaz-da dik duran halynda bize ýalbarýar. Ýöne ony şol zyýandan halas edenimizde, hamala, ýeten zyýan sebäpli, bize ýalbaran özi däl ýaly hereket edýär, ýene öñki bolşuna galýar" ("Ýunus" süresi, 12). Alla ynanýan her adam şol bir mertebede kämil imana eýe bolup bilmese-de, adam üçin ynanmaklygym näderejede ähmiýetli zatdygy aýdyñdyr. Onsoñam bu duýgy ýaradylyş taýdan adamyñ tebigatynda bar bolan iñ uly gymmatlykdyr. Ynanmaýanlar, bedeni hem-de maddy keýpi-sapa bilen ömür ötürmäge çalyşsalar-da, hiç haçan bagtly bolup bilmeýärler. Olar her zada biparh garaýar. Şeýdibem özlerini göz-görtele manysyz durmuşyn gujagyna oklaýarlar. Olar üçin asman manysyz, zemin manysyz, ýürek-wyždan manysyz zatlar... "Daýanara daýanjym ýok, söýenere söýenjim..." diýup pygan edýärler. Küpüriñ iñ uly betbagtlykdygyny we imanyñ bagtlylykdygyny kalbynda duýýan mömin şeýle seslenýär: "Imansyz ýürek - gursakda oturan gury ýükdür. Hakyky lezzet, ünjüsiz eşret, gamsyz durmuş diñe imanda we iman hakykatlaryndadyr". Şu halda durmuşyndan lezzet almak isleýänler iman bilen durmuşlaryny bezemeli, parzlary ýerine ýetirmeli we günälerden daşda durmaga çalyşmaly. Sebäbi bir adam baky durmuşa ýönelmegi başaran bolsa, dünýäsi näçe pany hem-de görgüli bolsa bolubersin, ol adam bu dünýäni Behişte geçmek üçin garaşylýan menzil saýýany üçin, her kynçylyga döz geler we durmuşyndan nalamaz, nähili ýagdaýa düşse-de şükür eder. Ine, amal edip başaranlar üçin boýnuñdan tumar edip dakynaýmaly bu sözler bize imanyñ näderejede ähmiýetli zatdygyny düşündirýär. # "Zaman-Türkmenistan" | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |