18:31 Derňewçi gelen gijesi / satiriki hekaýa | |
DERÑEWÇI GELEN GIJESI
Satiriki hekaýalar
Ol ikindinaralar biziň obamyza geldi. Münüp gelen maşyny oblast ýolbaşçylarymyza hyzmat edýän «Wolgalaryň» biridi. Kireýine tutandyr öýtsek, gelen myhman ýaňky maşynyň şofýoryna pul hem bermedi. Biziň başlygymyz goltuk jübüsine elini sokup: ― Myhman, şofýoryň muzduny men beräýeýin?! ― diýip sorady. ― Ýok, başlyk, beýtme, sag bol. Dünýäniň diregi pul däl ahyry! ― diýip, gelen myhman biziň bilen salamlaşyp durka aýtdy. Maşyn gitdi. Myhman galdy. ― Myhman, çaý-çörek başynda dynç alyberýäsmi?! Edaralyk işiňe ertir başlaýsaňam bolar-la? ― diýip, başlygymyz ellerini owkalap, egnini gysdy. ― Aý, hawa-la, başlyk, öten ýyldan galan işimiz-ä ýok-la! ― diýip, myhman elindäki ýasy çemodanjyk bilen pökgi portfelini maňa uzatdy. Men kolhozymyzyň hormatly myhmanlaryny kabul edýän, gür baglyga gark bolup oturan myhmanhanasyna tarap ýelk ýasaýdym. Myhman elli ýaşlaryndaky, göze doly, görmegeý adamdy. Geýnişi diýseň medeniýetli, özüni alyp barşy sypaýy, gepi-sözi sallamlydy. Biz ony derňewçidir öýtdük. Raýondan bize telefonda aýdylanda «derňewçini ugradýas» diýen ýaly bolup eşidildi. Başlygymyzyň kabinetindäki telefon apparaty gowy işlänok. Ýöne çak bilen düşünişäýmeseň many aňar ýaly däl. Öňki täze apparaty başlygymyz öýüne alyp gidäýipdir. Öýündäki çagalarynyň öňki oýnap ýören warak apparatyny bolsa kabinetine goýdurypdyr. Hawa, biz agşam myhmana hezzet etdik. Bir kemçilik boldy. Olam myhmanhanamyzyň edil gaýra tarapynda bir gamyşly, hyşaly, ýekenli porsy köl bardy-da. Iňrik garaldam weli, çybynlar bärik eňip gaýtdylar-ow. Myhmanyň ýelesinde, taňňyrda köne saman otlap tüsse etdik. Olam burgusap, demimizi tutup, gözlerimizi ýaşardyp başlady. ― Başlyk, men-ä demgysmalydyryn, çybyn amanady alýanam bolsa şol tüssäni aýyrt! ― diýip, myhma naýynjar görnüşde gaşlaryny bürjeşdirdi. Biz çybynyňam alajyny tapdyk. Peşehana geräýdik. Içinde iýip-içip, hezil edinip otyrys. Ýöne başga bir çykgynsyz ýagdaý döredi. Oňa weli, peşehana gerjek gümanyň ýokdy. «Wa-ka-kak, wa-ka-kak» diýip, bir goçak ýaşyl gurbaga saza başlady. «War-ryk-war-ryk» diýip, kiçiräk bir gurbaga aşaky perdeden mukam tutdy. Gerşi kerepli bir pökgi gurbaga burnunyň üstüne gonan çybynlary dili bilen ýalap ýuwutdy-da «Gurr-r-r» diýip, tüýdük çalýan ýaly süýkdürdi. Garry gurbaga çülp edip suwdan çykdy-da, palç edip bir ýapragyň üstüne bökdi. Ol «Wakyr-ryk, wakyr-ryk» diýip, özüniň konserte gatnaşmaga taýýardygyny duýduran ýaly etdi. Biziň başlygymyz gözüni tegeläp kä köle seredýärdi, käte-de derňewçä. Onýança-da köl durşuna «sazly zenzelä» öwrüldi. ― Başlyk, bu-ýa mazamyza suw goşjagow-ow ― diýip myhman konýak owurtlap, şokolad dişläp otyrka aýtdy. ― He, hawa, ýaz bolsa günümiz şu-da ― diýip, başlyk peşehanadadygyny bilmän ýerinden turdy. Ýene-de oturdy. ― Myhman, içeri giräýeli ― diýdi. ― Ýok-la başlyk. Men beýlede, öýümde-de ilkinji gary üstüme ýagdyrman, jaýa girýän däldirin ― diýip, myhman çüýt-kesik aýtdy. Gurbagalaryň «orkestri» möwç urýardy. Ses-üýn alşar ýaly däldi. Suwdakylaryň birleşen «hory» köli göçüräýjek bolýardy. Derňewçi biynjalyk bolup, örboýuna galdy, peşehananyň ýüpi üzüldi. ― Ýak, başlyk, muňa alaç bolmazmyka?! ― diýip, myhman limon sorup duran ýerinden gürledi. ― Hany göreýin ― diýip, başlyk peşehanadan emedekläp çykdy-da, maňa «ýör» diýen ymarat etdi. Biz klubyň gurluşygy üçin getirilen çagyldan birki bedräni dolduryp, kölüň gyrasyna dökdük-de, gurbagalary daşlamaga durduk. Az salymlyk dymýarlar-da, ýaňky eteňetler ýene başlaberýärler. «Zäher, zakgun, zährimar!» diýip, başlyk çagyllaryň iri-irilerinden saýlap, baý, wazladýar-a. Meniň gülkim hem tutýardy. ― Başlyk, başga alajy tapylmazmyka?! ― diýip, ýaňky derňewçi buýruk beriji eheňde aýtdy. Başlyk meni öz ýany bilen edara alyp gitdi. ― Gurby aga, heý, gurbaga diýen nejisiň dilini bilýän ýokmyka?! ― diýip, başlyk uly göwresini kiçeldip, maňa, ýagny, kolhozyň ebti agan garawulyna boýnuny burdy. Men: ― Aşgabatda bir alym tanşym bolmalydy. Ol gurbaga ugrundan ylmy iş ýazyp, biologiýa ylymlarynyň kandidaty-ha bolupdy ― diýdim. ― Häzir şonuň öýüne jaň edeli. Belki bu äteňetleriň sesine suw guýmagyň ýoluny ol aýdar ― diýip, başlyk telefona ýapyşdy. ― Başlyk, ol mahluklaryň sesine suw guýsaň, hezil edinerler. Häzirem olaryň sesi suwuň içinden çykýar ― diýip degişdim. ― Meniň-ä çynym, Gurby aga ― diýip, başlyk maňa seretdi. Gijäniň içinden görgi baryny görüp, Aşgabatdaky alymy süýji ukudan oýardyk. Olam: ― Kim sen? ― diýip, gyryljyk sesi bilen bizden habar sorady. ― Men, bu men, Gurby aga ― diýip, aýagymy sygyr basan ýaly gygyrdym. Sebäbi telefonyň ýagdaýy bizi şoňa mejbur edýärdi. Aman-saglyk soraşybam durman: ― Gurbaganyň sesini nädip goýdurmaly?! ― diýip gygyrdym. Alym bolsa oňa düşünmän: ― Gurby aga, gürläber, seniň sesiňi goýdurjagam bolup bir görsünler, gözleri näme görýär ― diýip, alym güldi. Gepiň gysgasy itiň gününi görüp, alym bilen ahyr düşünişdig-ow. Ol: ― Gurby aga, men gurbagalaryň sesinden ylmy iş ýazamok. Men olaryň adaptasiýasy hakynda ylmy iş ýazyp, alymlyga kandidat boldum. Indem mütrügi barada doktorlyk ýazyp ýörün ― diýdi. Lapykeç halda myhmanyň ýanyna geldik. Ol gulaklaryna pagta dykyp oturan ekeni. ― Başlyk, suwy bisarpa tutýandygyňyz belli boldy ― diýip, derňewçi her gulagyna bir ýassyk goýup oturan ýerinden aýtdy. Biz başlyk ikimiz ýene çete çykdyk. ― Hany, Gurby aga, özüň bir maslahat ber?! ― diýip, başlyk ýene maňa ýüzlendi. Menem: ― Mekdebimiziň biologiýa mugallymy Ýegenmyrat bar-a. Ana şol biler ― diýdim. ― Araky girdenejik oglanmy, ol raýondan tigirli gatnaýan?! ― diýip, başlyk göwnüýetmezçilik bilen sorady. ― Hawa. Sen oňa kolhozdan mellek berjek däl diýip, ony kabinetiňdenem-ä kowupdyň. Ol köp bilýä, köp okaýa. Köpbilmişlik dälmi, onuň boýny ösdürmeýän. Özem ol ýaş-ýuş däldir. Ol nuh eýýamyndan bäri ýer depeläp ýörendir. Nuh gämi ýasajak bolanda, ol ýelim gaýnadypdyr. Başlyk öz şofýoryny iberip, bilogiýa mugallymy Ýegenmyrady getirtdi. ― Başlyk, gowy ýerden mellek berseň, şu gurbagalaryň sesine suw guýup bereýin ― diýip, mugallym ap-arkaýyn aýtdy, ynam bilen gürledi. ― Melleg-ä beýlede dursun, bişen kerpiçden jaýam saldyryp bereýin ― diýip, başlyk howsala bilen jogap berdi. ― Hakykatyň emini, ynha, Gurby aga-da bar ― diýip, başlyk maňa seretdi. ― Hawa, inim Ýegenmyrat, başlygyň lebzini ýuwdan ýerini men-ä göremok, mellek berer. Onsuzam kolhozlaryň, sowhozlaryň gowy ýerleri şäherlilere berilýä. Sen-ä mugallym ― diýip, başlygyň sözüne güwä geçýändigimi mälim etdi. ― Başlyk, gurbaganyň nämeden gorkýandygyny bilýärmiň?! ― diýip, biologiýa mugallymy köp manyly gürledi. ― Men-ä aýalymdan ... ― diýenimde Ýegenmyrat: ― Ýok, ýaşuly, sen hakda aýdamok ― diýdi. ― Gurbaga ýylandan öler ýaly gorkýandyr ― diýip, Ýegenmyrat söze başlady. ― Häzir gijäniň içinde bize ýylany nireden tapaly?! ― Oňa çakdyryp, doktory nireden gözläli?! Ýegenmyrat başlyk ikimizi diňläp, ýuwaşlyk bilen şeýle diýdi: ― Goýny soýaga-da içegesini arassalap birki garyşdan kesmeli. Bir tarapyny pugta daňyp oňa ýel bermeli. Soň beýleki tarapynam daňmaly, wessalam. Ýaňky içegeleri köle oklabermeli. Şondan soň gurbagalar lal-jimdir, laureat berjek diýseňem, seslerini çykarmazlar. Biz janly soýup, içegeden ýylan ýasaýançak daň beýleden tilki guýruk bolup başlady. Myhman irkilen ekeni. Ony görüp, başlyk ýeňillik bilen dem aldy. Gün dogdy. Iş başlandy. Myhmanymyz soýlan janlylaryň derilerini görüp, olara hyrydar boldy. Sebäbi ol derňewçi däl-de deri ýygnaýan ekeni. «Kolhozyňyza deriçi barýar» diýilse, başlyk ony derňewçi diýip eşiden bolsa nätjek. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |