16:55 Dirilik suwy -11: romanyñ dowamy | |
11. «Tagam iýeniňizde garnyňyzy üç bölege bölüň. Biri-iýmit bolsun, ikinji bölegi – suw bolsun, üçünji bölegi – howa...» Muhammet pygamber. «Sowuk suw aşgazana eşret berer, gyzgyn çaý süňňüňe» Halk ynanjy. «Düýe çaly ilki teşneligiňi gandyrar, soňra süňňüňi gyzdyrar» Halk ynanjy. Sülükden köpüräk peýdalanyň, derdiňiz ýeňlär» Halk lukmançylygyndan. Şol gowgaly günlerden iki ýyl geçdi. Dawut okuwyny sap üçlük bilen tamamlady. Ýöne, ol şu döwürde, ýene iki müň manatlyk kerpiç urup satdy, Häzirem atasynyň ýanynda, ýaşuly adama kömekleşip ýördi. Eke mugallymyň düşen ýagdaýy, tutuş etraba iş bolupdy. Herne, Dawuda kän bir azar berip, onuň adynam tutup durmadylar. Ony etrap merkezinde, beýleki etraplarda, Aşgabat şäherinde geçirilýän dürli olimpiadalara, beýleki ýaryşmalar-ha beýlede dursun, şu mekdebiň özünde-de onuň adyny tutmak, ol barada gürrüň etmek gadagan edildi. Dawudyň her bir ädimi, her bir hereketi berk yzarlanyldy. Iň bärkisi, Orazaly mugallym hem synaglar-ekzamenler golaýlanda Aşgabada, Respublikan Mugallymlary kämilleşdiriş institutyna bir aýlyk okuwa iberilip, onuň sapaklaryny Sopy mugallym alyp gitmeli boldy. Şonuň üçin Dawudyň ähli bahasy «üçlük» boldy galyberdi. Eke mugallym «Ol ýeksuryny beýle goýmaryn, entejigem bir etjegim bardyr» Ol tä ölýänçä menden sypmaz. Hany şol uniwersitetiň golaýyna baryp bir görsün – diýýärmiş. Onuň käbir mugallymlary ýanyna çagyryp, Dawudyň üstünden nirädir bir ýerlere arza ýazdyryp, gol çekdirip duranyny Metjigiň özi gözi bilen görüpdir. Dawut bu ýagdaýlara kän bir ünsem berip duranokdy. Ýöne Orazaly mugallym düýn goşa gelip: – Olaryň imanam ýok. Ýumruk ýaly oglan bilen deň bolup, şeýdip ýörler – diýip, Metjigiň aýdanyny gaýtalady. – Dawjan, sen şolaryň içini ýakyp, ýa Moskwa döwlet institutynyň. Ýa SSSR Ylymlar akademiýasynyň Sibir bölümüniň Nowosibirskidäki Fizika Merkezine okuwa git. Goý, bularyň içi ýansyn. Men Eke mugallym bilen gürleşip gördüm, Ol maňa-da: «Şol-a Türkmenistanda okamaz. Şol Türkmenistanyň ýokary mekdebine okuwa girse, meniň aýalym talak bolsun» diýen bolýar. Üstüňden arza ýazyp, oňa öz hemşerlerine gol çekdirip, sen haýsy okuw jaýyna barsaň, şol arzanam, şonuň rektorynyň adyna iberjekmiş. Olar adam däl-ä. Indi Metjik, Orazaly mugallymyň özi, ýene birküç okuwçy olaryň pyrryldagynyň nämedigini bilmek üçin, olary yzarlap ýördüler. – Aý, görübereris! – diýip, Dawut olary köşeşdirdi. – Olara «Dawut keseli gozgany üçin bu ýyl okuwa-da girjek bolanokmyş!» – diýip aýdaýyň. Orazaly mugallym ör-gökden geldi. – Ýok, Dawjan, ölmeli, galmaly uniwersitetiň fizikasyna girmeli, şu ýyl. Sen Allanyň Türkmene beren beýik zehinini harlajak bolma. Sen türkmen, öz halkyň abraýy, mertebesi barasynda-da bir oýlanyp gör-ä. Ol şu sözleri mugallymlaryň arasynda-da telim sapar aýdýan eken, Eke mugallymyň gaňňasyny gerşine almasynyň esasy sebäbem şondan gelip çykýan bolmaly. Oglanjyk atasyna çaý-nahar taýýarlap, itleri ýallap, sürini ýataga getirenden soň, baglara suw tutup başlady. Onuň elleri pil tutup, ýer gazsa-da kellesi okuwyň pikirini edýärdi. Ol dagy kim bilen maslahatlaşsyn. Kakasy indi telim aý bäri Dawutdan öýkeläp, – «Mekdepde, mugallymlaryň öňünde meniň abraýyma çirk ýetirdi» – diýen äheňde, onuň bilen gepleşenokdy. «Onda men indi näme etmeli? Okuwa gitsem gowumy, gitmesem gowumy? Gitsem, okajagym fizika ugry boljak bilsa, onuň ölä-dirä peýdasy degjek däl. Başga bir instituta gitsem, gelip şu mekdepde mugallym boljak bolsam, bular meni heniz okuwçy wagtymda ýerlemejek bolup dur-a. Okuwy gutaryp geläýsem-ä, dat meniň günüme bolar. Günde uruş-dawa, jenjel, gorkup, çekinip, ýallaklap işlemek meniň nämäme gerek. Ýok, mugallymçylykdan maňa kärem, hünärem bolmaz. Oba hojalyk institutynda okap gelenimden soň men nirede, näme işläýin? Jülgedäki ýerleriň ählisi eýeli. Politehniki instituta girsem boljak welin, bu etrapda alyp barýan gurluşygam-a ýok. Aý, ýok, men gowusy okuwa gitmäýin. Bäş müň manadym-a bar. Ýene bir bäş müň manatlyk kerpiç urup, bir maşyn alaýyn. Soň, atamyň ýanyndajyk mal bakaýyn ýöreýin. Wagty geler, Goşun gullugyna giderin. Şondan soňam haýsy ugra gitmeli bolsa, belli bolar. Okuw hiç-läý. Juda gerek bolsa, gaýybana gidäýerin. Men entejik okuwa taýýar däl...» Ol gijäniň bir wagtyna çenli baglara gümra bolup işledi. Soň, suw akabajygyny atasynyň başujyna getirip goýdy. – Ertir bankadaky möjejikleri çalyşmaly, ýagtysy peselipdir.... Şol wagt gök gürläp, ýagyş ýagyp başlady. Aman aga agzyny ýokary tutup, hor çekip ýatyrdy. Käte bolsa basyrganan ýaly bolup, edil it üýren ýaly, yňranyp, dik oturyp, bir töweregine manysyz seredip, manysyz samyrdaklap, başyny ýene ýassyga goýup, sähel salymdanam agyr hor çekip başlaýardy. Ony turuzmaga dözer ýaly däldi. Dawut onda-da atasyny turuzdy. – Ata, ýagyş ýagýar, tur, tamça geçäý! Aman aga üstüne ýapynyp ýatan köne çäkmeniniň öl-suw bolanyndan nämäniň nämedigine bada-bat düşündi. – Ba-ba, häk!.... Çabga bada-bat geçip gitdi. Dawut ojaga ot ýakdy. Soň mallardan baş çekip gaýtdy. Itler süriniň daşyna aýlanyp ýör. Olar Dawudy görüp, çyňsaşyp, onuň ýanyna ýalmanşyp geldiler.... Süri aman. Ýöne eýýäm jara läbik suw gelipdir. Guraşyp, samana öwrülip başlan samantow otlaryň başlary çyg damjalaryndan bürülip duran bolara çemeli. Dawudyň aýagy öl boldy. Ol meýdanyň janyňa derman bolup degýän tämiz, bozaganyň, guran otlaryň, topragyň ysy garyşyp kükräp duran howadan ine-gana demine sora-sora, goşa bardy. Atasy ýatan eken. Dawudam köneje krawatda ýazylgy ýerine geçdi. Emma gözüne uky gelenokdy. – Ýok, maňa okuw gerek däl. Şu tenekär howadan ýekeje dem alanymy, dünýe malyna berjek däl. Atam ýarawsyz, kakam agyr keselli, ejem haçan barsam böwrüni tutup, dert çekip otyr. Jigilerim keselbent. Men olara jaý gurup berdim. Mellegi ýola saldym. Indi, «şeýtdim» diýip, başymy alyp gitsem, olara kim sereder?! Men hossar bolmaly olara.... Atamy oba göçürmeli. Işigmizde gowja seki gurup, üstüne bassyrma etmeli. Goý, töweregini synlap, çaý içip otursyn. Toýjan dädemem işlemesin. Olam öýderäk bolsun. Olara gazanç nämä gerek. Özüm gijelerine kerpiç guýaryn, gündizlerine kolhozda işlärin. Juda bolmasa, işige iki sany öküzçe daňaryn, Toýjan dädeme güýmenje bolar. Ejeme, süýtli sygyr satyn alaryn. Goý, ertir-agşam sagsyn, jigilerime-de sygyr sagmany öwretsin.... Ol oýlanýardy. Oýlandygyça durmuş süýjeýärdi. Ol özüni durmuşyň süýji günlerinde görüp başlady. Ol günleri has süýjetjek ýagşy işleri şoňa ýugruberdi, ýugruberdi, onsoň durmuş has gözel göründi. – Nesip bolsa, ata jan, Toýjan däde, eje jan, jigilerim, men size gowy durmuşy görkezerin. Entejik duruň bakaly, ine, gowja maşyn satyn alaryn, öýe sowutgyç, telewizor alaryn. Aşgabada özüňizi äkidip, jygyllyk bazara aýlap, türkmen halylarynyň iň gowularyny satyn alarys. Şu bar-a, illeriň okap-okap beýik derejelere ýetip görjek bagtly durmuşyny, nesip bolsa, okuwyna girmänem men size görkezerin.... Ol sag gapdalyna öwrülende köneje krowady jygyldady. Yzy bilenem, edil gapdaljykda, bir ýerlerde top atylan ýaly, bu ýerlerde zähräňi ýarara getirer ýaly güpürdi, takyrdy, yzyndanam görlüp-eşidilmedik gopgun eşidildi.... Itler jabjynyp, jabjynyp üýrüp başladylar. Süriniň howsalaly, gorkuly gozganan sesi duýuldy. Hol gündogar burçdaky itburunlaryň aşagyndan käkilikleriň gyk-da, bak sesi gijäniň süňňüni endiredip gitdi. Güpürdi-takyrdydan soň garaňky gijäniň bir ýerlerinden aýal adamyň wägirip, elden-aýakdan çykyp aglaýan, erkek adamyň aljyraňňy, gaharly sögünmesi eşidilip başlady. Gije gözedürtme garaňkydy. Bankajykdan bulduraýan süýt ýaly ýalkym has öçügsi ýaldyraýardy. Salkyn, tämiz howada adamyň-a däl, perişdeleriň, erenleriň hem sesi eşidiläýjege meňzeýärdi. Dawut ýerinden turup, sesiň gelýän ugruna, uly ýoluň baryp käle direnýän ýerine howlukdy. Ol ýola çykdy. Gykylyk käliň içinden akýan çaýdan gelýärdi. Çaýjagazyň suwy köpelipdir. Hälki çabgadan sil gelene meňzeýärdi. Ol käliň içinde garalyp ýatan zada bakan ýöneldi. Itlerem onuň yzyna düşdüler. Ol şaglap ses edip ýatan sil suwuny içinde iki baka gatnap hem özbaşyna erbet-erbet sögünjiräp ýören adamy gördi. – Salowmaleýkim! Kim bilýär, ýa şaggylda, goha eşidilmedimi, ýa üns berilmedimi, oňa jogap beren bolmady. Ýöne onuň sesini eşidip, düňderilip ýatan maşynyň içinden ýaş aýalyň iňňildisi, soňam bagyryp: – Waý, kömek ediň-eý, öldüm – diýýän, zaryn sesi batlyrak çykyp başlady. Maşynyň daşynda aýlanyp ýören adam muny eşidip, gaty erbet-erbet sögündi. Soňam: – Gapyl-haw, gapyl – diýdi. Aýal adam bagyryp aglap durşuna: – Meni halas ediň! – diýip bagyrdy. – Öl-ýään-ow!.... Dawut köwşüni çykaryp, diň arkan ýatan maşynyň öň aýnasyndan elini sokup, siliň bulançak suwunyň ysy gelip duran gapynyň zülpüni gözledi. Oňa çenli gapdalda duran adam edil bir ýüregi ýarylan ýaly bolup: – Eý, sen näme etjek bolýaň? – diýip, onuň üstüne düwledi. – Men kabinany açyp, ony çykarjak! Ol adamyň ýüzi görünmese-de, gaharly ses bilen: – Bar, işiň bilen bol! – diýdi. – Ony maşyndan çykarmal-a! – Ýok bol, ölsün şol, bar, ýok bol! – diýip demi-demine ýetmän, edil minneti bar ýaly, gaharly aýtdy. – Ýok, bol!.... Dawut onuň diýenini etmedi. Indi hälki gygyrýan ses gelmeýärdi. Maşynyň kabinasy siliň läbik suwundan dolup barýardy. Dawut eýdip-beýdip işigi açdy. Maşynyň içindäki suw onuň üstüne yňdarylyp gaýtdy. Ol güýçli elleri bilen häliden bäri gygyryp ýatan, indem sesi tapba kesilen aýal maşgalany kabinadan sogrup aldy-da kenara çykaryp, ýerde ýatyrdy. Erkek adamam onuň ýanyna gelip gargynmaga başlady. – Barysy şu gatygyňa s....-den. Gül ýaly maşynym weýranhana boldy. Gül ýaljak maşynym. Şu ganjyk üçin, wah-wah! – Ol zeýrençli bagyryp, iki eli bilen kellesine şarpa-şarpa uruşdyryp başlady. Dawut aýal maşgalany yralap gördi. Onuň sesi çykanokdy. Ol onuň kellesini galdyrdy-da, gapdalyna öwürdi. Soň onuň agzyna barmagyny sokdy. Aýal ögedi. Şol ögeme onuň içindäki suwyny gaýtartdy. Ol ep-esli ögänden soň, iňläp başlady, onuň eli, aýagy şalkyldap ýatyrdy. – Ol aýalyň eli-aýagy döwülene meňzeýär. Nätanyş adam ýene sögündi. – Döwülse, döwlüpler galsyn. Meniň gül ýaly maşynym weýran bolup ýatyrka, o loly, jelebiň eli-aýagy niräniň poh-aý!.... – Onda-da ony goşa alyp gideli. Ýagşy däl. Ol adam edil bir ýüregi ýarylan ýaly bolup: – Şu ýerde Eke mugallymlar bolmaly? Dawut nätanyşyň ýüzüne seretdi. – Ol şundan aşakky obada, birinji howly däl-de, ikinji howlydyr. Ol adam çaýyň günbatar ýüzüne geçdi. – Sen onda maşyndan göz-gulak bol. Ýöne golaýyna gelme-de, hiç zadyna eliňem degirme. Men adam, ulag alyp geleýin. Ýyldyrym çakdy, soň ýer gögi sarsdyryp, zenzele turuzdy. Dawut ýyldyrymyň sähelçejik ýagtysyna bu geň adamyň goturawsy, galagoply ýüzüni görüp galdy. – Bu gyzy goşa alyp gidip, kömek edäýeýinmi? Ol adam suwuň aňyrsynda oturyp köwşüni geýip oturyşyna: – Öldüň-äý, şol ganjyk diýip. Degme, ýatsyn. Ölesi ýok. Onuň ýaly jeleplere geregi şol, goý, ölsün.... Ol garaňka siňip gitdi. Dawut özünden gidip ýatan aýal maşgalany göterip, suwdan geçip, ony ýerde goýup, köwşüni geýdi. Şol wagt hälki adam yzyna geldi. – Sen taşla ony. Ýöri, bile gideli. Men tapman, Eke aganyň öýüni. Dawut pert-pert: – Ýok-la, öljek bolup ýatan adamy halas etmän, ýeke ädimem ätjek däl. – Ol adam dazzarylyp gepledi: – Eý, durak, meniň gül ýaly maşynym weýran bolup ýatyr. Sen ol jelebiň gürrüňini edýäňmi?! Dawudyň ömründe diýen ýaly, ilkinji sapar hakyt gahary geldi. – Adam jany orta düşende, seniň maşynyň niräniň pohy. Ol adam jedirdedi. – Eý, sen ýok bol şu ýerden, güm bol diýilýär, saňa. – diýip, gelip, oglanjygy gaharly silterledi. Dawudyň gala-gala sesine itler yňranyşyp geldiler. – Häzir itleri küşgürerin. Bar, özüň ýok boluber. – Ol ýerde uwlap ýatan gyzy iki eli bilen göterdi-de, goşa bakan gitdi. Ol gyzy öz krowatynda ýatyryp, ojaga çyrpy-syrpy galap belent ot ýakdy. Ol gyzmy, gelinmi, ony Dawut heniz bilenokdy, sebäbi ol zenan gut haýsy, kybla haýsy bilmaän ýatyrdy. Onuň eşikleri öldi. Ýöne howa maýyl bolansoň, Dawut oňa üns bermedi. Tamça girip, bir wagt Albina Nikolaýewnadan galan spirti alyp çykdy. Ýöne häzir bu ýatana golaýlaşmagy uslyp bilmedi. Onuň serpilip ýatan çep elniň, sag aýagynyň döwülendigi ýa çykanlygy görer göze-de äşgär görnüp durdy. Ýöne häzir onuň ähli derdini anyklamak üçin, tutuş bedenini barlamak zerurdy. Onuň üçin gyz özüne gelse gowy boljakdy. – Garaşmaly! Birsalym geçensoň, ýoldan maşynyň sesi eşdildi. Itler üýrüşdi. Daňdanyň sergin çagynda erkek adamlaryň gala-gala gepleşýän sesi eşidilip başlady. Dawut öleňe tarap ugrady. Ol ala garaňkyda Eke mugallymyň suduryny tanady-da, yzyna gaýtdy. Gelip çaý goýup, atasyny turuzdy. Aman aganyň agşamky ýadawlygy ýokdy. Ol agtygynyň düşeginde çäşerlip ýatan aýal maşgalany görüp, gözlerini tegeledi. Dawut atasyna eli bilen ýüzi-gözi bilen bir del maşynyň sile urlup, agdarylyp, bu gyzyň eliniň, aýagynyň döwlüp, heläk bolandygyny düşündirdi. Şondan soň goja ol serlip ýatan aýal maşgala tarap garamady. Öňüne goýlan taňkadan birki käse çaý içdi-de, sürä bakan ugrady. Daň atdy, Hälki maşyn günbatarlygyna tarap geçip gitdi. Ol gyz oýanyp, hyklap başlady. – Adyň näme? – diýip, oglanjyk gyzyň ýanyna gelip sorady. Gyz hyklady. – Adym Emira Açylowa! Dawut oňa has golaý bardy. – Häzir niräň gaty agyrýar. Emira kellesini çalaja bulady. – Çep kolum, sag aýakkim kattdy agyraýdy. Böwrüm, kelläm juda agyraýty. Dawut häzirlikçe düşündi. – Bu ýerden etrap merkezine jaň edip, «Tiz kömek» çagyrmaga mümkinçilik ýok. Häzir seniň eliňi, aýagyňy seýikläli. Hiç bolmanda «Tiz kömege» çenli. Eger razy bolmasaň, men seni goýup, «Ak gala « diýen ýere gidip, «Tiz kömege» jaň edip geleýin. Emira hyklady. – Uzakmy? – Ýakynam däl. – Meniň özüm gidip bilmeý men? – Aýagyňam eliňem serpilip ýatyr. Seni gozgap bolmaz. – Onda nime etme kereg? – Özüm seýikläýjek. – Seýig eýlip bilesiňizmä? Dawut ýylgyrdy, ýöne ýalan sözlemedi. – On-onki sany toklumy, çebişmi, aýagyn-a seýikledim. – Gutuladyma? – Gül ýaly. – Onda, agyrtmaňlar. Dawuda geregem şu sözdi. Ol ilki it ýaly üçin getirilen arpa unundan hamyr etdi. Soň, demir sokujykda arada çöpläp gelen çöpboýasyndan döwdi. Gapdalda üýşüp ýatan gargy-gamyş böleklerinden, edil galamyň ululygynda on-onki sany çöpjagaz taýýarlady. Tamça girip, özüniň ýuwmaly diýip goýan kirli çit köýnegini alyp, ondan zolak-zolak daňy taýýarlady. Hamyra ýagşy döwülen çöpboýa kepegini garyp, ony ýugurdy. Soň gyzyň elini eline alyp, ýeňiljek sypalady. – Eliň çylşyrymly döwülipdir. Ony soňa goýaly. Ol Emiräniň aýagynyň süňküni sypap, sypap, demir ýaly barmaklary bilen jaýba-jaý goýup, soň gyzyň hykgyldamasyna, towlanyp bagyrmasyna seretmän, hamyr çalnan matanyň ýüzüne gamyş taýajyklaryny tertiplije goýup, berk orady-da, daňdy. – Ana, boldy. Indi gyzyň eli bardy. Ol Emiranyň ýüzüne garady-da, onuň eline spirtli çüýşäni berdi. – Me, şundan özüňe zor edip, içibileniňi iç! – Bu nime? – diýip, gyz agyly ses bilen sorady. – Içiber, spirt! Dawudyň özi spirt, arak diýen zady owurtlap gören adam däldi. Ýöne Lenajygy ýylan çakanda, onuň aýagyndan ýylan zäherini soranda, agzyny spirte çaýkap görende, ol porsy suwuklygyň edil agzyny ýakyp gidendigini ýadyndan çykaranokdy. Ýöne mekdepde köpbilmişräk oglanlar: – Spirt arakdanam güýçli. Iki owurt spirt içseň, teniňi kesselerem bileňok. – diýip, gürrüň edýärdiler. Uruş döwründe elini, aýagyny ok alan esgerleri, beýlekileri spirt berip operasiýa edýän ekenler – diýibem eşidipdi. Bagyň içine spirtiň gaňşylawygyňy tütedip barýan ysy ýaýrap gitdi. Emira ýatan ýerinden çüýşäniň agaç dykysyny dişleri bilen açyp, üç-dört, belki ondanam köpräk owurt içdi. Dawut onyň elinden çüýşäni aldy-da, gyzyň agzyny açdyryp, azysyna bir bölek gamyş dykdy. Soň atasynyň çalna-çalna ýalaw ýaly bolan ýiti pyçagyny köze batyrdy – da çykaryp, aýasyna çüýşeden spirt guýup, pyçagyny ýuwdy. Soň haýal etmän gyzyň eliniň döwlen ýeriniň derisini kesdi. Döwlen gyzyň eliniň gany parçyldap akýanlygyna garaman, süňkleri etden aýryp, biri-birine seýikläp, olary gamyş bölejikleri bilen dolap spirte ýuwlan insizje esgi ýüpjagazlary bilen baglady. Soň has iriräk süňkleri biri birine baglap, çöpboýaly hamyr çalnan matajyklar bilen berk baglady-da, tä hamyr gataýança gyzyň elini aýasynda berk saklap durdy. Soň, indi az-kem doňup başlan gany saplowdaky suw bilen ýuwdy. Emira bagyryp başlady. Towlandy, depirjekledi, ahyr soňunda usurgap, uklap galdy. Dawut ol turýança azajyk gowurdakly çorba bişirdi. Çaý gaýnatdy. Atasynyň syrçalyja saplawuny ýuwup, arassalap goýdy. Emira oýanandan soň, oňa gantly çaý berdi. Soň bir tabak gowurdak çorbasyny içirdi. Emira bäri bakyp ugrady. Üçülenji gün diýlende Toýly öküz goşa geldi. Şol bu gyzy motosikletine mündirip, etrap merkezine alyp gitdi. Dawut Emira gidensoň, birhili ýekesiredi. Ol aýal Aşgabatda lukmançylyk institutynyň taýýarlyk bölüminde okaýan eken Ony bu illere alyp gelen adam hem şol institutyň hojalyk işler boýunça prorektory Toýbaý Sylapow diýilýan adam eken. Ol Emirä «Men seni söýýän, özüme aýal edip aljak» – diýip, onuň bilen edil är-aýal ýaly ýaşapdyr. Soňam taýýarlyk bölüminiň synaglary başlan badyna «Men saňa bir gözel ýerleri görkezeýin» diýip, şu etraba alyp gaýdypdyr. Ýolda Emira oňa özüniň çaga garaşýandygyny aýdanda, Toýbaý Sylabow däliräp, gaharlanyp, maşynyny sil akyp ýatan çaýa urduryp, agdarypdyr. Soňam.... Emira şu ýerdekä ol juda diline beke meňzese-de, Dawut ondan on zady bilip galypdy. Birinji bilen, medisina instituty diýen bir ýokary okuw jaýynyň bardygyny, onuň nirede ýerleşýändigini bilip galdy. Ikinjisi, Medisina institutynda iç keselleri lukmanlaryny, diş doktorlaryny, çaga doktorlaryny, göz doktorlary bäş ýyl okadylyp, iki ýylam «interno» diýen ýaly bir okuw geçilýänini.... Üçünjisi, medisina institutyna dokumentler iýulyň ýigrimi ýedisine çenli kabul edilýänini, Dördünjiden, bu instituta synaglaryň şeýle bir kynlygyny, olardan ýazdyrma, biologiýa, himiýa, fizika dersleri boýunça synag alynýanyny, Bäşinjisi, bu institutda, bäsleşik güýçlümiş. Bir ýere on adam dagy gelýänini. Altynjysy, okuw gaty kynmyş. Hemişe gan-kokuň içinde bolmalymyş. Köp talyp, gana, agyr kesellilere, ölülere seretmäge çydaman, okuwyny taşlap gidýänini, Ýedinjisi, okuw döwründe, özüňe bellenilen keselhanamy, gospitalmy, hökman nobatçylyk etmelidigini. Özem, aýlyklymyş. Ýöne, uky, dynç alma ýokmyş.... Sekizinjisi, diňe gowy, okanlara her aýda belli mukdarda talyp haky berilýändigini, Dokuzynjysy, okuwy tamamlanyňdan soň, diňe iberilen ýeriňe gitmelidigini, Onunjysy, işlän döwrüňde, her iki-üç günde, işleýän ýeriňde, gijelerine nobatçylyk edilmelidigini, umuman, ol aýalyň aýtmagyna görä, lukman diýmek, görgä goýup, öý näme, toý näme, maşgala, aýal, çaga näme, bilinmeýän, özüňi ak halatly mahluga öwrüp, köçä taşlanylýan bir ýowuz kärmiş. Ondan söwdagär bolanyň gowumyş. Hemişe puluň içinde bolup, güzeran, eklenç näme, bilinmeýän bir eşretli kärmiş.... Şonuň üçin Dawut söwda ugrundan gitse gowy boljakmyş. Dogtorçylyg-a, mugt berselerem golaýyna barmaly dälmiş.... Bolmanda-da bu okuwa ministr howandaryň bolaýmasa, ýa-da gaty köp puluň bolaýmasa girjek, etjek gümanyň ýokmuşyn.... Dawut, öňem bir bu ugurda hiç hili düşünjesi ýok, oglan. Emiräniň bu gürrüňinden soň-a, ol tema ýaş oglan üçin düýpli ýapyldy. – Özleri lukman, ýöne ýürekleri dagy nähili bularyň. Ol adam medisina institutynda dördünji adam eken. Ýöne, onuň dili nähili, ýüregi nähili? Heý, ynsanam bir öz ýoldaşyny kyn günde taşlap gidip bilermi? Bulara adam öz janyny nähili ynansyn? Ýöne Dawut Emiräniňem tüýs şol adamyň hakyky «ýoldaşydygyna» doly göz ýetirdi. Ol aýal : – Men ony hökman taparynam, bagyşla-da diýdirerin – diýmesine, öz-ä medisina institutyna okuwa girjek, özem ony aldygyna ýamanlap durmasyna gaty geň galdy. Iň bir geň gören ýeri, Dawut ony agyr halda goşa getirdi, bakdy, bejerdi, döwügini, çykygyny seýikledi, seýisledi, şonda-da ondan ýekeje minnetdarlyk sözüni eşitmedi. – Aý, ýok, men dogry ýoly saýlapdyryn-laý. Munuň edil okuwam derkar däl, beýlekisem. Diňe goşun gullugyny tamamlanymdan soň, diňe. Ol iýul aýynyň başlarynda atasyndan rugsat alyp, Kelte çynara gaýtdy. Ol ýerde-de, gijeler ýatman ýene üç müň kerpiç guýdy. Edil iýul aýynyň ýigrimisi diýlen güni onuň ýanyna Agaşa bilen Metjik geldi. – Armo-ow! – Bar boluň! – Dawut gara der bolup duran ýüzüni jöwzaly yssa ýanyp, kesewä dönen gap-gara eli bilen süpürip durşuna aýtdy. Dawut klasdaşlarynyň gelenine gaty begendi, hat-da, heniz doldurylmadyk, ýarty galypynam doldurman, gelip olaryň gapdalyna çökdi. – Ýagdaýyňyz gowumy?! Häzir howa juda yssy bolsa-da, bendiň töweregindäki, başy asmana ýetip duran tümüstan gara baglyk tarapdan ýeňiljek şemal öwsüp, olam salkyn suwuň üstünden taýyp, eşretli lezzet bilen argyn, ejirli ýüzleri ýelpäp goýberýärdi. – Bäh, bu ýeri juda gözel eken-äý – diýip, Agaşka haýran galyp aýtdy. – Bu ýeriniň hakyky gözelligi gije, Aý dogan çagy, soňam daňdan bolýar ahyryn. Bu ýere ap-akja guwlaryň sürüsi uçup gelip, olar şeýle bir oýnaşýarlar welin, seredip doýup bolanok. Olary ürküzäýmäýin diýip, işimi goýup, tä özleri uçup gidýänçäler, doýýançam synlap oturýan.... Metjik ara ümsümlik düşerine mähetdel: – Biz-ä gidýäs, dost. Hem seni göreli, hem hoşlaşaly diýip geldik. Agaşka müýnli gepledi. – Dawut, sen juda zehinli oglan. Biz dagy seniň deňiňde hiç zad-a. Seniň zehiniňi Alla beripdir. Sen okuwdan galmasan-a. Özüňem, göwnüňe degen bolsak, bizi bagyşla diýmäge geldik. Seniň kerpiç guýup, ataňy-eneňi eklejek bolýanyňa düşünýäs. Sen-ä okaman, bizem okan bolup ýörsek, juda karam bolar. Sen okuwdan galma – diýip, özelenipler ýalbardy. Dawut ýylgyrdy. – Aý, dostum, men siziň diýeniňizi edeýin. Ýöne, nesip bolsa, okuw başlanynda men sizi taparyn. Oglanlar Dawudyň maksadyny şunça anyklajak boldular, emma Dawut syryny paş etmedi. Şol günüň ertesi Kelte çynardan, Ak galadan ençeme oglan, gyz Aşgabada tarap, okuw diýip gitdi. Dawut bolsa, hiç zada üns bermän ýörşüne, bilniksizlik bilen okuwa girmek üçin zerur bolaýjak resminamalary dolduryp aldy. Dawudyň bu ýyl okuwa gitmejegine indi tutuş oba ynandy. Ol edil ýigrimi ýedinji iýul güni irden Aşgabada otluly baryp, resminamalaryny Medisina institutyna tabşyrdy-da, ondanam Teke bazaryndan awtobusa münüp, oba gaýdyp, tä birinji awgusta çenli obada kerpiç urdy. Birinji awgust güni institutda ýazdyrmadan synag berdi. Onuň näçe baha alany bilenem işi ýokdy. Ol bäşinji awgustda irden instituta baryp. Synaga goýberilýän hatyny aldy. Soň biologiýadan synaga girdi. Oňa bäşinji bilet düşdi. Birinji sowal: «Amýobalaryň gurluşy», ikinji sowaly: «Buýan köküniň dermanlyk häsiýeti» Boldy. Ol amýobalaryň Ýer ýüzünde ilkiji mahluk bolup, onuň dünýä ewolýusiýasyndaky ähmiýeti, onuň sadaja gurluşy bolup, häzirki wagtda haýwan-ynsanda bar bolan iki ýüze golaý organyň hemmesiniň hem olarda juda sada, ýöntem görnüşde bolandygyny, meselem, beýni, ýürek, öýken, böwrek, bagyr, gan aýlanyş elementleri ýaly zerur organlaryň juda sada görnüşde bolandygyny aýdyp berdi. Mugallymlaryň biri oňa: – Amýobalar häzirm barmy? – diýip sorady. Dawut: – Dünýäde adamdan başlap, ähli älemler ösüp, üýtgäp, kämmileşenem bolsa, diňe amýobalar gadymky boluşlaryny saklap gelýärler – diýip jogap berdi. Synag alýan aýal bolsa diwardan asylgy plakatlary görkezip: – Şolardan amýobalary tapyp, bilediňi düşündirip ber – diýdi. Dawut amýobaly görkezme esbabyny tapyp, biletini düşündirdi. Ol bäş bahasyny synag hatyna goýduryp, aýyň on birine himiýadan synagyň bardygyny anyklap, ýene oba geldi. Ol tä onunjy awgysta çenli kerpiç guýdy. Gijäniň bir wagty bolanda baryp daýysyndan özüni demir ýol menziline taşlamagy haýyş etdi. Gündogdy aga kynam görse, ýegeniniň obada bu jöwzanyň içinde gara ýanyk bolup ýörmesine hiç dözmedi. – Bu çagda demir ýol menzilinde näme işlejek, ýegen, ýa okuw-pokuw diýip bir ýerlere barjakmy. Okuwyň-a wagty gutaryp barýanam bolsa, bilmedim. – Men gaýybana okuwynam bir görüp gaýtma işim bar, daýy.... Maşyny bilen garaňkyny kowalap gidip barşyna, Gündogy aga gep gozgady: – Ýegen jan, aýtmasaň aýtma, nirä barýanyňy, welin, ýöne men saňa bir zat aýdaýyn. Okuwyň gowus-a tohtorçylyk okuwydyr-la – diýdi.-Eger, irde –giçde bir hyýalyň tutsa, şu daýyň diýenem gulagyňdan gitmesin.... Dawut kinelije ýylgyrdy. – Näme beýle gowy zady bar onuň, daýy jan? Gündogdy aga göwnüne hiç zat getirmän: – Wah, ýegen jan, gör-ä obanyň ýaşaýjylarynyň ählisini kesel büren. Özüňi alyp gör, ataň kesel öýjügi, kakaň kesel öýjügi, ejeň, gyz mahalyndan bäri böwrüni tutup ýören. Iki gyz jigiň inçäniň ugrundan keselhanada ýatyp çykan. Özüňem-ä, daşyňdan görenler sag adam saýmazlar. Sen gaty görm-e ýegen, tutuş oba siz ýal-a. Hany, tohtor barmy!? Ýok. «Derman» diýseňem tohtor ýok. Tohtor bolany bilen hemme tohtorçylyk okuwyny gutarandan tohtor bolar diýip biljek däl. Tohtor, sen bolmalydyň. Sen jigerli, sen üýtgeşik zehinli. Sen üytgeşik adamkärçilikli. Sen derdiň içinden çykan garyp ýigit. Hem adamkärçilikli, göwnüň açyk. Sen dertliniň derdini bejerjek bolup öz janyňy berjek bolardyň. Eger bejerip bilmeseň, şol keselli bilen aglaşyp bilerdiň. Wah, sen bolmalydyň tohtor. Pizka diýdiň, algebra diýdiň, şol tentek Orazalynyň diýenine gitdiň-dä.... – Fizika-da erbet däl-ä, daýy. – Wah, hawwa-la, ony okap, mugallym bolup bilseň, özüň-ä haýry deger. Ýöne, men seniň ýaly eziz oglanyň iliň derdini çekişeriniň gürrüňini edýärin, ýegen. Daýysy şondan soň, tä demir ýol menziline çenli sesini çykarmady. Ol ýegenini wokzalda goýup, yzyna gaýtdy. Dawut irden baryp himiýa dersinden synaga girdi. Mugallym iki gözüni bu başga bir planetadan düşen ýaly gap gara, gözleri içine gidip ýatan, göwnüňe bolmasa eli-aýagy hem titräp duran ýaly, çelpek ýaly gulaklaryny keýerdip aňňy dişlerini görkezip oturan, aňkawdan mahawa çalym edýän yşaratdan aýyrman otyrdy. Dawut biletine düşen sowallary okap ýylgyrdy. 1. «Organiki we organiki däl himiýanyň klassifikasyýasy», 2. «Mendeleýewiň periodik tablisasynyň klassifikasiýasy» 3. «Mysal işlemek» Dawut mugallymyň ýüzüne garaman sowallara jogap berdi. Mugallym gapdalynda duran topbak kagyzdan birini çekip Dawudyň öňünde goýdy. – Şu himiki mysaly işläp ber. Dawut mysaly bada-bat işledi. Synag alyp oturan peşeneli, dolmuşdan owadan aýal mysally kagyzy ýoldaşyna görkezdi. Onuň ýoldaşy çüri eňekli, ak ýüzli erkek adam baş atdy. – Dogry. Olar Dawuda bäşlik baha goýdular. Dawut synagdan çykyp, awtobusa münüp, oba gaýtdy. Ol indi on altynjy awgustda fizika dersinden synaga gelmelidi. Şonuň üçin ol oba baryp aldygyna kerpiç guýdy. Günortanyň tüp yssysynda onuň ýanyna Eke mugallym hemem Ak galaly ýaşuly geldi. – Heý, Aman lalyň dogmasy, okuwa gitmediňmi? Dawut galypyndaky kerpijini ýere düňderip, dikeldi-de olara salam berdi: – Okuwa gitjekdim welin, gijä galaýdym öýdýän, mugallym. Eke mugallym bagtyýar güldi. – Gijä dagy galypmy, sen okuwa girmanjik geçersiň, bolşuň şu bolsa. Seni Alla kerpiç guýsyn diýip ýaradypdyr. Sen başga bir zada ýaramarsyň. – Şeýle ýaly, öz-ä.... Eke mugallym gülümsirän bolup, – Kerpijiň näçeden? – Saňa gerek bolsa, ýoldaş mugallym, dördüsi bir manat. Eke mugallym dikeldi. – Ondan arzan bolmazmy? – Men ony siz bolansoň şonça bahadan berýän. Üçüsi müň manatdan nobata duranlaram bar. – Kim – ol? – Gündogdy daýym bilen, Daňatar daýym, gündogarky goňşularymyz. Eke mugallym müň manady jübüsinden çykaryp Dawuda berdi. – Men aldym. Ertirem, çekjek. Gutardy! – diýdi. Dawut ýene kerpiç guýmaga başlady. Eke mugallym Dawudyň okuwa gitmeýänine ýagşy ynandy. Şol arada-da Dawut Aşgabada gaýtdy. Ol irden otludan düşüp, göni instituta geldi. Synag başlady. Ol onunjy bolup synag alnyp duran otaga girdi. Giren ýykylyp çykýardy. – Aý, akademiýadan bir haramzada gelipdir, ýöne paýradyp otyr – diýip, iki sany ekabyrja ýigit özleriniň nobatyny Dawuda berdi. – Biz iň soňundan girjek. Dawut girip bilet çekdi. Ol gyrada oturan juda kaşaň geýnen, ýylmanakdan owadan adamy tanady. Ol «Fizika ylymyndan dünýä açyşlary» kitabynyň 149-njy sahypasynda suraty goýlan üç adamyň biri Ata Atalyýewiç Garryýewdi. Ol adam bada bat Dawudyň ýüzüni aldy. – Näme jiçjerilip ýüzüme sereden bolýaň. Bilidiňi oka! Onuň biledinde üç sowal bardy. 1. Linzanyň mehaniki düşündirilişi. 2. Sürtülme we onuň kanunalaýyklygy. 3. Mysal işlemek. Dawut ýerinden turdy. – Näme! – Jogap bermek mümkinmi?! Synag alýanlara Dawudyň keşbi, bolşy, özüni alyp barşy başdan ýaramandy. Olar «ine-de bir ýykylmaga kandidat» diýen manyda bu kesewi ýaly gara ýanyk, pes boýly, ýöne kirrebe bolup duran adamjyga ýigrenji nazar bilen, gyzyklanyp seredip otyrdylar. – Soň «wah» diýme. Otur, gowja taýýarlan. – Men awtobusa ýetişmeli. Oba gaýtjak. – Obada, synagdan bähbitli nämäň bar. – Aý, kerpiç guýýan-laý. Synag, synagdyr-da. Muňa azap nämä gerek. Kerpije azap çekmeli. Ata Atalyýewiç sähel salymdan ömründe, gaýdyp görmejek, pikirine, oýuna-da getirmejek partlamanyň boljagyndan habarsyz, göwnüýetmezçilik bilen ýylgyryp: – Gel, onda!, seni çaltyrak kerpiç guýmaga ibereli – diýdi. Dawudyň keýpi birden göterilip gitdi Ol: – Mugallym, jaý saljak bolsaň aýdaý, men saňa arzanrakdan sataryn kerpiji – diýip güldi. Synag alýanlar bu arwah ýaljak «mahlugyň» edepsizligine üşerilişdiler. Olar dört adam dagy bardy. Dawut «Linzanyň mehaniki düşündirilişi» diýen sowaly mugallymlaryň pikir etmeýän ugrundan aýlap aldy. – Linzanyň mehaniki düşündirilişini Amerikanyň Jorjiýa ştatynyň Kennedi uniwersitetiniň professory Allen Berk, ABŞ-yň Nýu-Ýork şäheriniň Gündogar halklary we Kawkaz uniwersitetiniň professory Joni Gaff başgaça düşündirýärler. SSSR Ylymlar akademiýasynyň Fizika-tehniki institutynyň alymlary, Iwanow, Gorpat, Ata Garryýew dagy bolsa başgaça düşündirýärler. Ol tagta çykyp, olaryň hersiniň dündirişiniň formulasyny ýazdy. – Ýöne olaryň ählisiniň esasy ýalňyşlygy, linza bilen şöhle goýberilip, ol yzyna serpikdirilende, emele gelýän massanyň teoriýasyny unudýanlygynda. – O nähili – diýip, Ata Atalyýewiç galkyjaklady – Olaryň maksady linzanyň şöhle geçirijiliginiň kanunlaryny açmak ahyryn. – Ol dogry, ýoldaş mugallym, ýöne eger şöhläniň yzyna gaýtmagyndan emele gelýän massanyň teoriýasy bilen bilelikde açylanda dünýä ylmyna uly goşant bolardy. – Bolýar, geç ikinji sowalyňa. Dawut «Sürtülme we onuň kanunalaýyklygy» barada aýdyp, onuň her hili ýagdaýdakysynyň formulasyny ýazyp berdi. – Geç, üçünji sowalyňa. Dawuda fizikadan mysal berdiler. Ol ony bada-bat işledi-de, maňlaýynyň derini çaldy-da kagyzlara bir zatlar ýazyşdyryp, Ata Atalyýewiçiň öňünde goýdy. Synag alýan aýal ýerinden zöwwe galdy. – Hawa, hut şolam siziň ýalňyşyňyz! – Üf, mümkin däl. Hany, gel, meniň ýanymda otur. Aslynda, sen uniwersitetiň fizikasyna girmeli adam. Dawut ýylgyrdy. – Maňa häzir ikilik goý, heziller edip gideýin – diýdi. Oňa bäşlik goýdylar. Mugallym ýoldaşlaryna bir zatlar diýip ýerinden turdy-da, Dawudyň goltugyndan tutup, ony tä Teke bazaryna, şäherara awtobuslaryň stansiýasyna çenli ugratdy. Şol ýerde olaryň yzyndan ekzamen alan aýallaryň biri ylgap ýetdi. – Amanow, duraweri, sen synag listiňi tabşyryp gitmeli. Dawut ýylgyrdy-da synag listini ol aýala berip, Ata Garryýew bilen hoşlaşdyp, awtobusa münüp, oba ugrady. | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Ýola taýýarlyk - 23.08.2024 |
√ Gala / roman - 08.02.2024 |
√ Janserek -7: romanyñ dowamy - 03.04.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Sowgatlyk - 20.10.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -18: romanyň soňy - 22.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |