22:19 Dirilik suwy -13: romanyň dowamy | |
2. «Adamyň gylygyndan başga ähli zadyny üýtgedip bolar» Gündogar pähimi. «Islendik dert tötänlik däldir. Ol edil söýgi ýalydyr. Seni tapar, ornaşar, beden bilen baglanyşar, ornar, öser, öser hem-de кульминaция ýeter, soň çözlüş başlanar» Häzirki zaman lukmançylyk çözgüdinden. «Düwnük keseli aýaklaryň dyrnagyndan başlap, kelläňdäki saçyňa çenli, islendik bedene ornap bilýän ýowuz dertdir. Ol bir ornansoň bedeniň gorag bardalaryny doly weýran edýär. Soň öz aýtymyndaky, özünden başga diri öýjükleri, bardalary, kletkalary, bakteriýalary doly weýran edýär. Ol ýüze çykarylan gününden şu güne çenli, kesellä üç klassyky ugur boýunça – himiki usul, operasiýa, şöhle usulynda wagtlaýyn bejergi berilýär» Häzirki zaman lukmançylyk çözgüdinden. «Ähli derdiň dermany tapylar umydy bardyr, islendik hassanyň gutular umydy bardyr, emma garrylygyň dermanam, gutular umydam ýokdur» Kowusnamadan. Birinji gün Dawut üçin ýatdan çykmajak gün boldy. Ol Sewilýäniň saýlan kostýumyny geýip, Lora daýzanyň iň aňrybaş edip bejeren saçyny gowy şampyn bilen ýuwup, darap, täzeje portfelini eline alyp, okuwa bardy welin, göreniň akly haýran galdy duruberdi. Bu orta boýly, ak ýüzli, kirpikmen, käse ýaly gözleri hyjuwdan ýaňa ýanaýyn diýip duran, ak dür ýaly dişleri lowurdap duran ýigidi, ilki tanamajak boldular. Ylaýta-da, gyzlar ak haladyny geýinip duran Dawudyň golaýyna gelip-gelip, sähel günde beýle üýtgän ýigidi synlap gidýärdiler. Dawut bu ýagdaýlara asla üns berenokdy. Jaň kakylmaga eslije wagt bardy. Bu gün şenbe güni bolany üçin ilkinji sapak latyn dilidi. Dawut uludan demini aldy. ....Onuň şu geçen aýda göz öňünde tutan birnäçe işi bitipdi. Ol iň esasysy, Ryza aga bilen hasaplaşyp, ondan «ak pata» aldy. Ýaşuly, edil «ak pata» bermeli pursatynda öz bolgusyz höçjetligine tutdy. Ol tüý basyp giden ýüzünden melemtil gözlerini bakraldyp: – «Kany, oňurka çykanda neýhilli seýiklemeýli?», «Kany, onda aýt, boýun süňki çykanda neýhiýlli salmaly?», «Kany, eňekiň çyksa neý hiýlli salmaly?.... Dyzyň çyksa, çüýjüklik çyksa, aý garaz adamyň on iki süňňüniň ählisini sanap, şolara dürs jogap alandan soň, derman-därä geçdi, ondanam, seýiklemegiň usullaryndan tutup, edil bar zady tükezziban edip, diňe, şondan soň «ak pata» berdi. Şol gürrüňleriň arasynda aýaly Patma daýza bilen bäş-on sapar sanaşyp çykdy. Ahyrynda bolsa Dawudyň uzadan puluny, birki gaýta sanady-da, bir köneje üçlügi ýogyn, kirli barmaklarynyň arasynda emelsizje tutan bolup: – Mah! – diýip oglana uzatdy. Dawut ýylgyrdy. –Ýok-la. Ýaşuly aýalyny sögýän sesi bilen arlap: – Al, suhty peder, al diýdim man sana, al-da ýoh ol! Dawut yzyna hyrra öwrülip gaýtdy. – Beýtmeli däldi! Ol Lora daýza bilen hem öýkeleşdi. Häzir onuň bu garryja aýal bilen kän bir arasy ýokdy. Sebäbi ol arada on dokuzynjy awtobusyň duralgasynda durka tötänlikden iki sany oral aýalyň gürrüňini eşidip, haýran galdy. – Sen şu Daşhowuz köçesiniň ýokarragynda bir ýaş oglan barmyş. Şoňa görünseň nädýär, Sona. Sona diýilýäni gürrüňdeşiniň ýüzüne garady. – Hawa, şon-a menem eşitdim. Gaty güýçli tebipmiş öz-ä. Ýöne ony ermeniler eýeläpdirler. Lora diýip bir aýjyn aýal barmyş, öz ermenisi bolmasaň, asyl, ol oglanyň ýanyna bir adamam goýbermeýärmişin. Özem puluny öňünden, gaty gymmat alýarmyş. – Şon-a menem eşitdim. Özem, ol eýran tebiplerinde okanmyş. Allanyň keramaty bilen elinde-de, rentgen barmyş. Eline seredip, derdiňi aýdyp, em bilän seýikläp otyrmyş. – Alla jan, türkmenlermizdenem şeýle keramat döräwersin, gyz. Ýöne onuň ermeniniň toruna düşeni bolmandyr-da. Bu gürrüň Dawuda agyr täsir etdi. Ol şol, günden soň, Lora daýza bilen berk gepleşdi. – Lora daýza, sen ermeniden başga adamy gaýtarýan ekeniň. Gaty köp puly öňünden alýan ekeniň. Bu näme boldugy? Lora daýzanyň gahary geldi. – Türkmenler niräniň pohy, janym, pul bermeseler näme üçin bejermeli?! Barsynlar keselhanaýa, menen öýüm keselhana deýil! Dawut onuň ýüzüne seredip, başyny ýaýkady. – Men bu öýde ýeke günem ýaşaman. Näçe manat alan bolsaňam, getir, şu ýerde goý! Lora daýza buýtar-suýtar eden bolsa-da, bir petde puly getirip, aşhanadaky stoluň üstünde goýdy. – Öňkülerem getir. – Barysy şol! – Barysy şu bolmaly däl. Çaltyrak bol! Getir diýdim getir çaltyrak! Lora daýza aglan boldy. Zeýrenen boldy. Ýüregini tutan boldy. Ýöne Dawut öz diýenine tutdy. Ol bu aýalyň özi barada bir syrlyja emel edýändigini Sewilýäniň bir gepinden: «Aý, Lora daýzany sen tanaňog-a, Dawit jan, ol aýaldan häzir bol!» – «Özüň talyp, obadan gelen näme üçin, ol aýalyň beren puluny alaňok. Berenini bir al. Onsuzam, ol aýal saňa hemmesini berenog-a. Seniň gazanjyň bir bölejigini berýär saňa. Seniň edýän sanjymlaryňa, massažlaryňa, döwük-ýenjikleri seýiklemäňe, ol aýal, edil seniň ýanyňda hiç zat almasa-da, soň gidip, olaryň masgarasyny çykaryp, pul alyp gaýdýar, Ol aýal ile belli şerraý-a – diýmesindenem aňypdy.... Şonuň üçin ähli puluny, galan gaçanyny çenli aldy-da, soň ol bu garry kempire hakyny gidertmedi. Dawut Sewilýäniň ejesine-de seretdi. Onuň ejesi Nizik daýza Türkmenistanda Awtomobil transporty ministriniň orunbasarynyň aýal dogany eken. Özem gyzy Aşgabada gaýdansoň, yzyndan gaýdypdyr. Gelibem, bir garly gün tekizjek ýerde taýyp ýykylyp, soň ýerinden turup bilmändir. Bu aýaly Moskwa bäş sapar alyp gidipdirler. Ol ýerde-de, «Omaça süňki çykyp, döwülipdir, ony diňe operassiýa edip bejermeli. Ýöne operasiýa etmäge bu aýalyň ýüregi gowşak, ol narkozy göterip bilmez. Gyşa çenli garaşmaly. Moskwa gyşda getiriň» diýipdirler. Soň aýalyny görmäge Sewiliýäniň kakasy Arnold aga-da gelip, oturjak bolanda çatalba süňki döwülip, ýerinden galyp bilman ýatyrdy. Olara daýysynyň goldawy, Sewilýäniň gazanjy bolmasa gün görmegem aňsat däl eken. Dawut baryp, ilki Nizik daýzany gördi. Bu aýalyň omaça süňkleriniň çykany dogrydy. Ýöne häzir döwük ýokdy. Ýöne wagt köp geçeni üçin omaçanyň durýan oýtajygyna gan, suw dolup gidipdir. Ine, kyn ýeri şoldy. Moskwada «döwülipdir» diýleninden başga ähli aýdylany dogrydy. – Nähili? – diýip, Sewilýe Dawudyň derläp, has nurana bolan ýüzüne pyýala ýaly owadan gözlerini näzik ýylgyryp garap durşuna, sorady. Gyz az-kem uýalany üçin, has näzikden ajap görünýärdi. – Nesip bolsa, bejereris. – Moskwa gitmänmi?! – Moskwa nämä gerek. Dawut Nizik daýzanyň damaryndan ýürek berkidiji, bedene kuwwat beriji sanjym etdi. – Ejemiň damaryny tapmak kyndyr! – Wah, görgi diýsen-e – diýip Nizik daýza-da zeýrenip başlady. – Zyýany ýok, gül ýaly – diýip, Dawut olary köşeşdirdi.-Bir käse çaý içip bolarmyka? Sewilýe aşhana bakan ylgady. – Men seni geljek dynç gününde bejererin. Şoňa çenli sen özüňi arkaýyn dürse. Özüňi ýagşy ele al! Olaryň hersi bir käsejik çaý içdi. Nizik daýza Dawudyň bu sözünden soň arkaýyn bolup, özüni ýagşy goýberdi, hälki däri-dermandan soň birneme güýjüne geldi. Dawuda geregem şoldy. Ol duýdansyz ýerinden turdy-da, güýçli gollary bilen horlanyp, bir gysym bolup galan aýaly ýatan ýerinden ýokary göterdi. – Hany, men bir entejik göreýin, Indi, gaýrat edip, bir aýagyňyzda durjak boluň. Nizik daýza hykylap, titrekläp, gyzyndan ýapyşyp, aýak üstünde gurdy. Dawut garry aýalyň çykyn aýagyna öz çep aýagyny berk çylşirdi-de, sag aýagynyň ökjesi bilen onuň aýagynyň çykan ýerine gaty güýçli depdi. Nizik daýza ýer-gögi tisgindirip bir wägirdi welin, Sewilýe şarpyldap ýere ýykyldy. Dawut özünden gidip, şalkyldap ýatan garry aýaly hem düşeginde süýndürip ýatyrdy. Soň, poluň üstünde çaşyp ýatan Sewilýäniň elinden tutup, galdyrdy-da, kresloda ýatyrdy. Sähel salymdan Nizik daýza özüne geldi. Ol bada-bat aýagyny gymyldatdy-da: – Eý, Hudaý, maňa näme boldy?! – diýip, hamsykdy. Soň çaşyp ýatan gyzyny görüp, krowatdan düşdi-de, ýöräp gyzynyň ýanyna baryp: – Sewilýe jan, saňa näme boldy, balam! – diýip öýelendi. Sewilýe ýerinden atylyp turdy-da: – Eje, eje jan – diýip, garryny gujaklady. Soň ol gelip Dawudy gujaklap, onuň elinden, maňlaýyndan gaýta-gaýta ogşady. Dawut ýylgyryp durdy. – Häzir bal goşup çaý içiň. Birki gün kän bijaý herket etmäň. Agyrsa, kelleagyry dermanyny içiber. – Indi bir kakamy-da göräýseňiz! Dawut elindäki sagadyna seretdi. Soň ol üçüsi bile tirkeşip, beýleki otaga bardylar. Etli-ganly ermeni adam iki adamlyk krowatda içarkanlap, ol otagda bolýan gep-gürrüňlere diň salyp ýatan eken. Ol Dawudy görüp, ýerinden galyp, elini uzadyp salamlaşdy. Dawut bu adamyň reňkiniň sarymtyl, aklygyndan döwük-ýenjigiň däl-de, ýürek bilen bagly derdiň alamatlaryny gördi. Ýaşulynyň gan basyşyny, ýüreginiň ýagdaýyny diňledi. Ýürek urgusyny ölçedi. – Gan basyşy ýüz ýetmişde, ýüz, ýürek urgusy, ýüz kyrk. Ýürekde ýiti ses bar. Ol bu ýagdaýy bada-bat aýtmady-da, ýaşulynyň on iki süňňüni, damarlaryň ähli ulgamyny, mysşalaryň ulgamyny, bogunlary, çatlapdyr, döwülipdyr, çykypdyr diýilýän ýerleri gaýtalap, gaýtalap, telim gaýta dykgat bilen yzarlady. Soň öz-özüne: «Ýok, ýürek, diňe ýürek!» – diýip kesgitli aýtdy. Ol başyny galdyrdy. – Gyssagly, juda gyssagly keselhana ýerleşdirmeli. Döwügiň, çykygyň adam ýok. Infark. Gaty tiz keselhana ýerleşdirmeli! Ol ylgap baryp telefona ýapyşdy-da, «Tiz kömegi» aýlap, ýagdaýy aýtdy. Soň «Tiz kömek» gelýänçä hassanyň ýanyndan aýrylman oturdy. Hassany ýerindenem galdyrman, ony çadyr sallançakda ýatyryp, alyp gitdiler. Dawut şondan soň öýüne gaýtdy. Ol bolýan jaýyna baranda ony Lora daýza ylgaşlap garşy aldy. – Dawid jan, türkmen aýallary geldi. Olar gitjek boldular. Men olary saklap otyryn, ol ýorgalap baryp bir depderi getirdi-de, Dawudyň gözüne dürtäýjek bolup, – Ine olaryň salgysynam atlarynam ýazyp goýdym. Indi olar näme hak berseler, ýazar goýaryn. Sen men garypdan öýke-kine etme, näçe ýaşasaň, ýaşaber meniň öýümde, oglum bilen adamym gelýänçäler. Gitjek bir diýme. Dawut özüne garaşyp oturan türkmen aýallaryny tanady. – Salowmaleýkim!Geliň, geçiň. Olary öz otagyna geçirdi. Aýallar özleriniň derdi –hallaryny aýtdylar. Elbetde, olaryň aýdýan zatlary Dawut üçin nätanyşdy. Ol aýallar aýal ugry, aýallarda orta ýaşdan geçenden soň bolýan geçiş möwritine degişli dertler baradady. – Jigim jan, hany, bize bir em et. Gadryňy bileris. Dawut bu aýallary ýagşy barlady. Emma bularda döwük-ýenjik, çykuw, görnüp duran ýara-para, damar gatama, guragyry, ýellenme, gijew diýen ýaly alamatlar ýokdy. Olaryň ýüzi, reňki, dişleri gowydy. Ýöne ol şol barlap baryşyna, bu aýallaryň boýunlarynyň bokurdaga direýän ýerinde et bilen-deriniň arasy çişip durdy. Ol baryp galyň depderiuniň boýun diýen ýerini açdy. «Galkan görnüşli mäziň çişmegi. Oňa rusça zob diýýärler. Edil şu wagt bu kesele türkmen lukmanlary kän bir üns berip duranokdylar. Ýöne bu kesel azam bolsa, ýörgünli. Nerwlleriň bozulmagy, gidip-gidip gaharyň gelmegi, keýpsizlik, gidip-gidip janyňa jaý tapmazlyk. Gidip-gidip öň bolup geçen kemsidiji, göwnüňe degiji ýagdaýlaryň ýadyňa düşüp, essiňden çykmak derejesinde gaharyň gelip, elden-aýakdan çykmak. Keseliň döremeginiň, ösmeginiň güýjemegi, ýoduň ýetmezçiligi, derdi içiňe salmak bilen nerwiňi öjükdirmek. Keseliň zyýanlysy-öjükdirijisi. Hiç hili zyýanly alamatlary duýulmaýan görnüşleri-de bar. Bejerilişi, operasiýa, Iň esasy serişde, köşeşdiriji bejergi almak. Düzüminde ýod bolan dermanlar...» Dawut aýallara ýüzlendi. – Siziň ikiňiziň hem derdiňiz bir ugurlyrak eken. Birinji, siz psiholog lukmanyna bir görüniň. Ol bu aýallara birki sany dermanyň adyny aýtdy. – Şu dermanlary içiň. Ikinjiden, özüňizi rahat saklajak boluň. Siziň ikiňizde-de zob bar. – Zob bolanda näme, jigi? – diýip, ak ýüzli mapraç aýal ýylgyryp sorady. – Zob bolanda, – Dawut özüniň hor boýnuda bildirip, öňe çykyp duran kekirdewigini görkezdi. Ine, şuňa galkan görnüşli mäz diýilýär. Şol dertleýär. Soň, ol içinden gysyp, ýüregiňe was-was, gaharlanma, kemsitme derdini salyp başlaýar. Adam aglaýar, özüni juda kemsidilip, aýak astyna taşlanan hasap edýär. Göwnüne her hili ýaman pikirler, öz janyna el gatmak ýaly niýetler gelýär. Ony operasiýa etdirip, aýyrdyrmaly. – Wah, men şeýle-dä. Edil asyl-da, janyňdan dyn diýýä-de, tutan wagty. –Ýok, men-ä Hudaýa şükür, beýle däl. Özümiň aýal ugrundan başga derdim bardyram öýdemok – diýip, mapraç aýal aýtdy. – Boýnumyň çişi, tohum-da, etli-ganly bolanym üçin bar. Ejem pahyrda-da bardy beýle çiş. Dawut baş atdy. – Dogry, seniň derdiňe, gaharyňy getiriji diýýärler. Seniňki ýumşak görnüşi. Aýallar «Gelenimize görä» diýişip, endam-janlaryny owkalatdylar. Soňam, ep-esli gürrrüňleşip, Dawudyň haýsy etrapdan, ejesi barmy, kakasy kim, ýagşy bilensoňlar, onuň bilen çaý içişip, «ertirem geleris» diýişip, gitdiler. Olar gidenden soň, Dawut bu gün dükana gidip, ýörite adam tutup, satyn alyp getiren sowutgyjyndan bir bulgur sok alyp içdi-de, şol sowutgyç bilen bile alan telewzoryny açdy. Sewilýe Dawut üçin ýörite iýgi-içgi menýusyny düzdi. «Ertir turup, bir bulgur gaýmak içmek, günortan institutyň naharhanasyndan birinji, ikinji naharary satyn alyp iýmek. Şondan naharyň gapdalyndan, hökman, işdäaçar, bir bulgur şerbet, ýa-da kisel içmek, agşamlyk, sagat ýedä çenli, işdä açar bilen ýeňiljek nahar edinmek. Ýatjak bolanda, hökman, bir bulgur miwe soguny-şiresini içmek.... «Sewilýe bu düzgüni şeýle bir janygyp düşündirdi welin, öňdenem «aýdylan – kanun, hökman edäýmeli» diýip düşünýän Dawut üçin bu ýagdaý çyndanam kanun bolup ýüregine ýazyldy. Indi onuň puly bar, sowutgyjy bar. Edil, juda zerur bolsa, ol özbaşyna gaz peji bilen gaz ballonynam satyn alyp biljekdi. Ýöne onuň üçin bir kyn düşjek zat, olam, sowutgyjyny zerur azyk önümleri bilen doldurmakdy. – Menem şu ýerimde oturaýaýyn! – diýip, bir gyz Dawudyň auditoriýada oturan ýerinde onuň edip oturan oýuny uçuryp goýberdi. – Oturyň, oturyberiň! – Dawut gapdalraga süýşdi-de bu gyzyň ýüzüne seretdi. Bu gyz, arada bu ýerde oturyp, soňam, edil bir elhenç bir zat gören ýaly, titräp turup giden gyzdy. Dawudy bu güne taýýarlamakda Sewilýäniň aladalayny hiç aýdar ýaly däldi. Ol düýn, duşenbe güni Dawutlara iki sapar gelip gitdi. Birinji gelende, ejesiniň, kakasynyň adyndan bir üýtgeşik altyn sagat sowgat getirdi. Dawuda alyşan eşiklerini geýdirip, synlabam gördi. Ikinji sapar gelende, oňa bir gowy köwüş, köýnek, elýaglyk, jorap alyp geldi. – Bularyň bahasy näçe? – diýip, Dawut gaýta-gaýta sorasa-da, gyz ýylgyryp oňaýdy. Ýöne gyzyň getiren zatlary oňa hoş ýarady. Sewilýe gaýtjak bolanda Dawut onuň eline ýüz manat pul tutdurdy. Emma gyz almajak boldy. – Ýok-la, Dawid jan, Işläp başlanyňda beräý! – Ýok, häzir al. Gyzyň ýüzi edil naryň suwy çalnan ýaly boldy. – Bulary men ejem üçin berýän. Sen şony aýak üstüne bir galdyrdyň-a. Biz indi seni altyn bilen bezäris. Soňam, kakama aýdan zatlaryňam dogry ekem. «Wraçlar edil wagtynda getiripsiňiz» diýdiler. Dawid jan, kakamyň özem: «Wagty bolsa, ertir bir gelip gitsin» – diýdi. Dawut başyny atdy. – Kakaň haýsy palatada? – Renimesiýada ýatyr. Gyz Dawudy ertir okuwyň öň ýanynda öz işleýän ýerine gelmege yryp, gaýtdy. Dawut gijäniň bir mahalyna çenli okuwlaryna taýýarlandy. Bu institutda talyplara esasy gep halatdan, kalpakdan gelýärdi. Halatyň ýok bolsa, ýa-da kirli bolsa, ebtiň agyp dursa, rektordan başlap, nobatçy aýala çenli bir zat diýip galýardy. Dawudyň esasy gorkýan ýeri şoldy.... Ol Sewilýe gaýdansoň «Gyzylödek» baradaky ähli maglumaty galyň depderine ýazdy. Ona edilmeli emleri, rusça, latynça ýazyşdyrdy. Soň düşegine geçdi-de, ertir edilmeli işleri birlaý ýatlap, uka gitdi. Ol ir turdy. Şu günki sapaklary birlaý ýatlap, soň çaý goýdy. – Bu gün-ä bir bulgur gaýmagym ýok, Sewilýe. Ýöne, ertirden aňry boljagyna söz berýän. Dawut bu gün öýden irräk çykdy. Ol özüne kesesinden syn edip: – Maňa bir kaşaňja portfelem gerek – diýip oýlandy. Ony görüp, Lora daýzanyň gözleri tas çykypdy. – Waý, waý, Dawid jan, bu senmi?! Eý, Allam, sen nähili owadan ýigit bolaýypsyň. Tutuş medinistitutyň gyzlaryny däliredersiň, sen. Dawut ýylgyrdy. – Aý, Lora daýza olaryň menden başga-da işleri az däl. Onsoňam, medinistitutda menden müň esse owadan ýigitlar bar-a. Bu dagy näme?.... Dawut Sewilýäniň işleýän ýerine bardy. Çyz edil bir sagada golaýrak ony saklap, täzeden ýüzüni iki sapar üýtgeşik suwuklyk bilen ýuwup, soň saçyna geçdi. Arada Lora daýzanyň bejerşini bozup, onuň saçyny gapdalyna gaýtaryp, soň ysly şampun bilen gaýta-gaýta ýuwup, guradyp, brolin bilen ýagşy doýurdy. Soň aýna gapyrjaga salyp, elektrik togunyň gyzgynyna saçyny, ýüzüni guratdy-da, näzik yslyja krem bilen ýüzüni suwap, ol siňýänçä tördäki kresloda oturtdy. – Irden bir bulgur gaýmak içdiňmi? – diýip, işiniň arasynda sorady. – Ýok, gaýmagym bolmady. Ertirden başlajak. Gyz başyny ýaýkady. – Ýok, şu gün başlamaly!– Ol gapdala bir ýerlere baryp, bir bulgur gaýmak getirdi.-Me, şuny iç. Ýöne ertir bermerin. Şondan soň Sewilýe eli plotensa dolangy bir zady göterip geldi. – Şuny menden sowgat hökmünde al! – Ol näme? – Aç-da göräý. Dawut plotensany sypyryp aýyrdy. Gyzylymtyl reňkli gaýyş portfel! Ol utandy. – Ýok, Sewilýe, beýtme. Men aljak däl. Ýa-da puluny al. Sewilýe ýylgyrdy. – Bolýar, maňa ýetmiş manat beräý. Dawut sadaja, mekdep okuwçysynyňka kybapdaşrak portfelindäki kitaplaryny, haladyny, umumy depderlerini, kalpagyny täzeje portfeline saldy. Olar soň tirkeşip, Sewiliýäniň kakasynyň ýatan keselhanasyna bardylar. Olary keselliniň ýanyna goýbermediler. – Men medinstitutda okaýan, kesellini göreýin! – diýip, özeleniberse, herne, doktor Dawudy içeri goýberäýdi. Ýaşulynyň bir özi bir otagda, kitap okap ýatyrdy. Ol Dawudy görüp, çalaja gobsundy: – Geliň! – diýip, ýaşuly Dawudy tanaman aňkaryldy. Dawut oňa düşündi-de, özüni tanatdy, soň onuň halyny sorady. Ýaşulynyň aňkarylmasy galmady, Ol birhilije kekeçläp: – Meniň infarkdan başga-da, birhili oňurgam şikeslenen ýaly. Doktorlar aýtsamam, infarkty bejereli, soň – diýýär. Ýöne bu bilagyry meniň janymy alyp barýar. Ilki şony bir zat etmeseler, men infarkdan açylmaryn, öz ýagdaýymy bilýän-ä men.... Sen bilimi bir görüp berip bilmezmiň. – Ol arkasyny Dawuda öwürip ýatdy. Dawut anatomiýa sapagynda, beýlekiler dermanyň ysyna çydaman garasar dargan ýaly dargap gidende-de, meýdiň oňurgasyny, boýun süňklerini açyp, grijanyň-inginiň bolaýjak sebäplerini, onuň ýagdaýyny, ony düzetmegiň tärlerini öwrenmäge jan edýärdi. Ýöne, jansyz adamda bu derdi tapdymam, bejerdimem diýip boljak däldi. Ýöne buça bolanyna görä, Yrza aganyň usulyndanam peýdalanyp göräýmelidi.... Munuň üçin barmagyňy oňurganyň iç ýüzüne sokup, sepirjegi gaňyrmaly.... Dawut goşlaryny gapdalyndaky stolda goýdy-da, ýaşulynyň oňurgasyny emaý bilen yzarlady. «Bil oňurganyň altynjy bendi ýerinde däl. Megerem, infarkyň badyna bijaý hereket eden bolmaly. Ýa-da öňden oňurgasynda ingi bolup, şolam infarkta getiren bolmaly. Belki, öňden, özbaşdak dörän bolmagy mümkin. Öz-ä agram görüpdir...» – diýip ýeňiljek oýlandy. Ol iň güýçlidir öýden barmagyny ýaşulynyň gapyrgalarynyň arasy bilen onuň oňurgasynyň altynjy bendiniň aşagyndan salyp, bat bilen gaňyrdy. Oňurga tokurt edip gitdi. Ýaşuly bir «Ö-öý» etdi-de, düşegine çökdi. Bir salymdan soňam: – Sag bol, oglum, janym ýerine geläýdi! – diýip begençli aýtdy. – Näme bolupdyr? Dawut oňa bolan ýagdaýy düşündirdi. – Indi sen arkaýyn dynç al. Men okuwa baraýyn. – diýip, goşlarny alyp, çykyp, instituta bakan gitdi. Sagat on iki bolup barýardy. Okuw ikide başlanýardy. – Men kitaphana baryp gazet-žurnallara seredeýin-le! – Ol Institutyň işigine baranda gelene-geçene syn salyp duran bir tanyşrak oba adamsyna gözi düşdi. – Wäh, daýym-la! – Dawut täzeje portfelini çep eline alyp, daýysy bilen görüşmäge taýýarlanyp, oňa bakan ýüwürdi. – Daýy, salowmaleýkim! Gündogdy aga Dawudy tanamadymy, ýa-da, geçen birki aýda adamyň beýle üýtgäýmeginiň mümkin däldigi barada oýlandymy, aljyraňňylyk bilen elleşdi-de, birzatlar diýip mydyrdady. Soňam: – Senem şunda okaýaňmy? – diýdi. Yzyndanam – Ýegenim bolmaly. Amanow Dawut. Garaja, keltejik oglandyr. Şony gözleýän. Dawut daýysyna düşündi. – Ýör, men saňa şol oglany tapyp bereýin – diýdi-de, daýysynyň golundan tutup, institutyň naharhanasyna bakan çekdi. Soňam ýylgyryp:– Daýy, dogrudanam tanamadyň-maý – diýdi. Gündogdy aga Dawudy gaýtadan synlady. – Tanamadym. – Men – öz ýegeniň Dawut-da! Ýaşuly yzyna bir serpikdi. Soň bat alyp: – Aý, goý-a, ýegen jan, senmidiň – diýdi – Tanar ýaly bolmansyň, edil, aý ýaly ýigit bolupsyň. Tüweleme, göz degmesin. Ýaşuly birhili hamsykdy. Soň sesini titredip: – Bizdenem beýle adam ýetişjek eken, Alla jan. – Ol soň tä naharhana barýança sesini çykarmady. Olar bile naharlandylar. Nahar arasynda Gündogdy aga oba, Dawudyň atasy, kakasy, ejesi, jigileri, özüniňkiler barada gürrüň berdi. – Ak galadan, Kelte çynardan, beýleki obalardan okuwa gireni ýeke sen, ýegen. Göz degmesin. Gowja okaweri. Alla saklasyn, şu wagt dagy okuwdan kowlup baraýsaň, begenjegi gaty köpdür. Okawergin. Ylaýta Eke mugallym dagy toý bererler. Onuň oglam, ýegenem uniwersitetdenem, Krasnowodskiniň med uçilişesindenem ýykylyp geldiler. Ýogsa-da, Metjik salam aýdandyr.... Naharhanadan çykyp gaýdyşyn Dawut daýysyna: – Men sagat altyda okuwdan çykaryn. Soň bileje bolýan ýerime baraly. Bileje çaý içeris. Oba barada gürrüň berersiň – diýdi. Gündogdy aga ýegeniniň salgysyny aldy. – Men birazajyk pul, odur-budur alyp geldim. Ejeň-däý, şolam aglap otur-da, menem, şu Teke bazaryna odur-budur satmaga goşulup gaýdyberdim. – Ol gözüne ýaş aýlady.-Dogrusyny aýtsam, ýegen jan gaty buýsanýan. Gaty. Edil göresim gelip, ýüregim otlar alyberdi. Ýöne, dogrymy diýeýin, Alla köp görmesin. Beýle owadan, nurana, eziz oglan bolansyň diýip pikirem edemokdym. Maň-a, şol öňküje garaja-guraja ýegen bolsaňam bolup durdy. Emma sen, – Ol gapdalyna üç sapar tüýkürdi. – Göz degmesin. Ajaýyp ýigit bolupsyň. Ine, baryp bir gürrüň bereýin, asla, ynanmaýarlar maňa. Çynym, bir adamam ynanmaz, gör-de duraý.... Dawut sagadyna seretdi Sewiliýäniň sowgat beren altyn sagady Dawudyň çep elinde lowurdap durdy. – Altynmy?! – diýip ýaşuly ýylgyryp sorady. – Hawa, sowgat. – Nesip etsin, gaty gelşikli mal eken. – Gündogdy aga saklandy – Ýegen jan, bolýa, onda. Men bu gün-erte «Teke bazarynda» bolýan. Sen ertir otduh güni, gelip bir şol obadan iberilen zatlaryňy alyp gaýtsaň . Belki, bile gidip, bir käse çaýyňy içeris.... – Daýy, okuwdan soň baryp alyp gaýdybereýin. Meniň ýanymdajyk ýatyber! – Ýok, ýegen. Men agşamyna bazardan sypynyp bilmeýen. Ýöne, ertir gelseň, ony görüberýek. Hoş, onda.... Dawut daýysyna ätiýaçlykdan, bolýan ýerini salgy berip, okuwyna gitdi. Edil häzir bolsa, onuň bile okaýan oglan, gyzlary, edil bir Gün başga bir ýerden dogan ýaly, geň galyp, agyr oýa batyp oturan Dawudy synlaýardylar. – Seniň adyň näme? – diýip, onuň gapdalyna geçip oturan akja gyz eýemsiremek bilen sorady. Dawut tisginip gitdi. Ol şondan soň özüniň auditoriýada oturanyna göz ýetirdi. – Meniňmi? Meniň adym Dawut. Familýam Amanow. Gyz ýüzüni sallan boldy. – Meniň adym Aýjan. Aýjan Sylabowa! Dawut gyza garap ýylgyrdy. Mugallym auditoriýa girip, sapaga başlady. Bu gün sapaklar Dawudyň pikir edişinden ir tamamlandy. Iň ahyrky iki sagat bolmady. – Şul-a bähbit bolaýdy! – diýip, Dawut edil institutyň gapdaljygyndan birinji trolleýbusa münüp, «Gyzyl haç» keselhanasynyň birinji iç keselleri bölümine geldi. Şol ýerde halatyny, kolpagyny täzeden geýip, Hurma derek palatalara aýlandy. Onuň bar pikiti Kürräýewanyň diagnozyny, oňa bellenen dermanlary görmekdi. Ol Hurmanyň oturýan stoluna baryp, onuň çekerini çekip, bellik žurnalyny aldy. Şondan Kürräýewanyň kesel kartoçkasyny tapdy. Kürräýewa Akja. 1950ý. Keseli, içege garahassalygy. Üç wagtyna analgyn, gulýukoza, Üç wagtyna.... Dawut baryp, gyzyň halyny sorady. Gyzgyny bar. Işdäsi ýok. Henizem ysgyny ýok. – Indi onuň ýagdaýy gowy – diýip, tördäki krowatda ýatan çal saçly garry aýal aýtdy. Soňam: – Brýuşnoý tif gursun. Ysgyn-mydaryňy alýar ahyryn. – diýdi. Hurma bu gün irräk geldi. Ol gelen badyna Dawut ýene tralleýbusa münüp, döwük-ýenjik keselhanasyna, Toýbaý Sylapowiçiň ýanyna bardy. – Salam mugallym! Sylapow agyr daşlar asylan aýagyny asmana tutup, alaň-açyk bolup ýatyrdy. – Salam. Mugallym, ýagdaýyňyzy soraýyn diýip geldim. Sylapow hekgerdi. – Bu ataňa näletler-ow, ugruňa seredenog-a. Men bir wagtlar gutulmaly adam. Emma beýläňe dönderere-de adam ýog-a. Onsoň, nädip gutuljak?! Palata Emira girdi. Ol elini döşüne gysyp durşuna, Dawuda doktordyr öýdüp: – Onuň aýagynam, aýagynyň daban penjesinem bir görüp beriň, agşamyna agyrydan ýatyp bilmeýe. Toýbaý Sylapowiçiň bu söze gaty gahary geldi. – Eý, jelep heleý, sen bir gapylsan-a. Emire onuň aýdanlaryny ýüzüne-de almady. – Bu pälazanyň gylygy pis. Görenine sögüýe ahyrym. Sökseň kim seni görüp, derdiňe em etjek. – Gapyl diýdim men saňa, häzir turup, hol pişek bilen kelläňi pytyradýan men seni, tat dogayňy si.... Şol arada Dawut bu adamyň aýagynyň penjesine el ýetirdi. Toýbaý Sylapowiç aýagyny silkip aljak boldy. Emma ol Dawudyň polat gapan ýaly penjesinden aýagyny sypdyryp bilmän, şerraýlyk edip gygyryp başlady. – Göýber, bajyjygy si.... Sen näme etjek bolýaň. Güm bol. Güm bol diýdim men saňa.... Dawut onuň aýagynyň penjesini çep eli bilen berk tutdy-da, sag eliniň aýasy bilen endigan, gaýtalap-gaýtalap barlady. «Orta barmagyň inçe süňki döwülmän, ýöne çykypdyr.... Özem çişip, göm-gök bolupdyr» Dawut niýetini daşyna çykarmady. Toýbaý Sylapowiçiň aýagyny usullyk bilen goýberdi-de, soň täzeden gaýym tutup, aýagyň penjesini duýdansyzlyk bilen güýçli silkdi. Süňk şokurt eden badyna buruljyrap ýatan Toýbaý Sylapowiç bir wägirdi-de, sesini tapba kesdi. Şol wagt palata Aýjan eli odur-budurly gelip girdi. Ol gelen badyna Emire edil bir gyrgy gören serçe ýaly bolup, palatadan çykyp gitdi. Dawut ýerinden turdy. – Amanow, sen bu ýerde näme işleýäň? Dawut güldi. – A sen näme edýäň bu taýda? – Men kakamy görmäge geldim. Oňa alma-nar satyn alyp geldim. Dawut sesini çykarman rahat ýatan Toýbaý Sylapowiçe garady. – Mugallym, bolýar, men gitdim. Toýbaý Sylapow ýatan ýerinden «gümüňi tapyber» diýýän ýaly elini kineli salgady. Dawut portfelini alyp, palatadan çykyp, duralga baranda Aýjan onuň yzyndan ýetdi. – Amanow, dogrudanam, sen o taýda näme işlediň-ä? Dawut ýagdaýyny aýtdy. – Öňki sapar gelenimde-de, birahat bolup ýatyrdy. Men şonda aýagyny görjekdim. Sögüp, görkezmedi. Bu sapar öňküdenem beter. Onsoň, ah-wahyna, sögmesine, urmasyna seretmän, barladym. Orta barmagy penje bogunyna birigýän ýerinden çykypdyr. Şony saldym. Asyl, indi sögünäýmez-ä! Aýjan kümüş apbasy ýaljak tegelenip duran akja ýüzünde buldurap duran goçak garaluw gözlerini güldürdi. – Seniň medinstituta gireniň-ä ýaňy. Oňarjak, oňarmajak işleriňe burnuňy sokuberseň-ä halanýan däldir. Sen näme, eýýäm şu iki günde Lukman hekim bolaýandyryn diýýeňmi özüňe. Sen beýle, çykuwy, döwügi nireden bilýäň. Ýa öň meduçilişäni gutardyňmy? Dawudyň, megerem, ömründe ilkinji gezek degişesi geldi. – Men Aýjan, durmuş uçilişesini gutardym. Gerek bolsa, seniňem ýüzüňe seredip, näme derdiň bardygyny aýdyp bereýin. Aýjanyň ýaňaklary nar ýaly gyzardy. Ol ilerki depelere bakan seredip: – Meniň-ä janym sag – diýdi. Oňa çenli trelleýbus gelip durdy. Dawudam trelleýbusa münüp, «Gyzyl haç» keselhanasynyň gapdalyndaky dükanyň ýanynda düşdi-de, dükana girdi. – Sizde smetana-ha ýokdur? – diýip, satyjy gelinden sorady. Satyjy gelin sowutgyçdan ep-eslije bidony çykaryp: – Bankaňyz barmy? – diýdi. – Ýok! – Mende bar! – diýip, gapdaldan zenan sesi çykdy. Dawut ýalta yzyna öwrüldi. – Aýjan, senmi, hä, gitmediňmi? – Ýok – Gyz başga zat diýmän torundan bir litrlik arassa banka çykaryp, satyjy gelne uzatdy. – Ýene näme? Dawut dükanyň içine birlaý göz aýlap: – Üç litrlik erik şiresini beriň. – Erigiň sogymy? – Hawa. Dawut dükanyň beýleki bölümüne geçip, on sany ýumurtga, kakadylmadyk kolbasa, çörek, bulka satyn alyp, puluny hasaplaşyp, daş çykdy. Aýjanyň gözleri Dawudyň jübüsinden çykaryp, sanan pulunda galdy. Emma ýigit oňa ünsem bermedi. – Bulary näme etjek? – diýip, Aýjan gülüp sorady. Dawudam güldi. – Menem bir zatjagaz iýmel-ä. Aýjan hezil edip güldi. – Özüm näsagyň yzyndan gidemsoň, senem bir keselliniň yzyndan keselhana gitjek bolýansyň öýdüpdirin. Dawut onuň ýüzüne gülüp garady-da, başyny ýaýkady. Soň aýak çekip:: – Aýjan, gel, bize gideli. Men bir ermeni aýalyň öýünde kireýne ýaşaýan. Ýeke özüm, çaý içeris. Soň men seni ugradaryn.... Aýjan razy bolmady. Ýöne öz ugruna gidibermedem. – Sen meniň näme ýetmezimiň bardygyny aýtjak diýdiň-ä. Dawut öz dilinden bela galanyny bilse-de: – Şu ýerdemi?–diýdi. – Bilmedim. – Ýöri, onda bize baraly. – Pyýadamy? – Taksi tutaýarys. –Gyz onuň pully jübüsine gözüni dikdi. Olar ýoluň beýleki tarapyna geçip, bir maşyny saklap, dört-bäş minutda Dawudyň bolýan ýerine bardylar. Lora daýza ýekesiräp oturan eken, ol Aýjany gülüp garşy aldy. Soň çaý goýmaga çykanda Dawuda: – Oglum, bu gowja gyz kim? – diýip gülüp sorady. Dawut gülmedi. – Kursdaşym. Biziň rektorymyzyň gyzy – diýip ýalanam sözledi. Şeýle diýäýmese, bu aýal « öýe adam getiräýme» diýip, oňa berkje sargapdy. – A-a-a!-Soň ol Dawudyň gulagyna-Men näme diýdim, saňa ertir. Bu gün seni görüp, medinstitutyň gyzlary gyrylarlar – diýmedimmi – diýdi-de elini çarpyp gülen boldy. – Diýdiň öz-ä. – Owadanja gyz, sypdyrma! Aýjan Dawudyň bolýan otagyny synlap, oňa göwni ýetdi. Törde bir adamlyjak krowat. Ýerde fabrik halysy. Üsti stol çyralyja stol, owadanja oturgyç, bir burçda täzeje sowutgyç, onuň gapdalynda çaklaňja täze telewizor, Krowadyň gapdalynda kitap goýulýanja tekje.... – Bular özüňkimi? – Stoldan, lampadan, kitap tekjesinden başgasy! – Molodes! Dawut gyza mürehet etdi. – Gel, otur, Aýjan häzir çaý içeris. – Nirede? – diýip, gyz güldi. Dawut stoly krowada tarap süýşürdi-de, oturgyjy gyza berdi. – Al, şu ýerde oturaý! Ol çaý demleýänçä Lora daýza iki tabak dolama diýilýän gaty tagamly nahary getirip, stoluň üstünde goýdy. Soň ýaşlaryň gysynyşyp oturyşlaryny görüp, öz otagyndan oturgyç getirip çykyp gitdi. Dawut gaýmakly bankany, erik soguny, kolbasa, çörek getirip, stoluň üstünde goýdy. – Ýumurtga-da çakaýaýyn?! Aýjan gözlerini dolamadan aýyrman durşuna: – Men-ä zat iýjek däl – diýdi. Dawut çaý demläp getirdi. Lora daýza bolsa kiçijik aýna gapda delje konfetleri, peçeniýe alyp geldi. Stoluň üsti iýmek-içmekden dolup galdy. Olar howlukman iýip içip oturyşlaryna, söze ilki Aýjan başlady. – Biziň aňyrymyz Daşhowuz diýilýän ýerden. Özümiz – çowdur. Dädem jan uly işanyň ogly. Gaty gowy adam, ol. Ejem, men ýene üç gyz. Ejem 20-nji mekdepde taryh mugallymy. Dädem jan öň politehniki institutda işleýärdi. Soň mednstituta hojalyk işleri boýunça rektoryň orunbasary bolup işe geçdi.... Ol meniň üçin, bilýäňmi, gaty uly iş etdi. Bilýäňmi, meni okuwa saldy, dädem jan. Ýöne dädem janyň bir arzuwy bar, arman şol bolanok. Ol ogul isleýär. Ejemiňem dograny gyz bolup dur. Onsoň, dädem janyň gaty gahary gelýär. Men dädem jana düşünýen, ýöne ejem düşünmese, näme. «Gyzam, ogulam Allanyň beren miwesi» diýýe. Heý, gyzdanam bir miwe bolarmy. Dädem jan öýlenjek bolup kän alada etdi. Ýöne, nämüçindir, ol öň-ä öýlenmedi. Ine, indem, Çärjewli bir gyzmy, gelinmi, biri bilen ýaşaşyp ýör. Ejem oňa düşünenok. Men dädem jana düşünýen. Eger şu gelinden ogly bolsa, men ony bagryma basar ýörerdim. Dawut ýylgyrdy. – Belki! Aýjan owadanja ýüzüni, pyýala ýaly gara gözlerini alartdy. – Bilýäňmi, biziň çowdurlarymyz, ogulsyz erkegiň yzy köýdi hasap edýärler-deýt. Onsoň, dädem jana şeýle bir nebsim agyrýar, şeýle bir nebsim agyrýar. Ol bara, bilýäňmi, meniň üçin nähilli zatlar etd-ä. Wah, dädem jan-eý! Aýjanyň kellesi gürrüňe gyzdy. Onuň içi gepden dolup giden ýalydy. Ýöne Dawudyň birden jebegesi gysdy. Onuň her gün agşam etmeli telim işi galyp ýatyrdy. – Men ýene çaý goýaýynmy? – diýip, Dawut gyz «Ýok, indi men gaýdaýyn» diýer öýdüp, çekinibräk sorady. – Goýsaň goýaý – diýip, Aýjan parhsyz aýtdy. – Men-ä bu gije seniň ýanyňda galaýjak, Kakam keselhanada, ejem oba gitdi. Menden habar tutjagam ýok. Ertirem dynç güni. Dawut ýylgyrdy. Ol ýeke sapar ýolda gören ýigidi bilen bile galyp biljek gyz barada ýakymsyz oýlandy. Ýöne beýle bir howlukmady. Ol çaý demläp getirdi. Aýjan has arkaýynlaşdy. – Sen özüň barada gürrüň bersene. Men aýtdym-a, ýagdaýmy. Hany, seniň ataň-eneň kimler? Dawut ýagdaýyny aýtdy. Aýjan ör-gökden geldi. – Aldama, men näme, seniň kakaň etrabyň häkimidigini bilemokmy, näme? Seniň aýdyşyň ýaly, ataň lal-ker bolup, kakaň ýarawsyz adam bolup, ejeň ömrülla keselbent bolup, jigileňden inçekesel tapylyp durka, şoň ýaly ýerden çykyp, medinstituta girip biljegiňi, bilmejegiňi, men näme, bilmän, beýle samsykdyr öýdýäňmi! Dawut ýylgyrdy. – Aý, näme, saňa samsykdyr-a diýip aýdyp bilmen. Ýöne men hakykaty aýtdym. Ynansaňam özüň bil, ynanmasaňam. Meniň okuwa girmegim, Hudaý tarapyndyr-da başga men näme diýeýin. Aýjan ýylgyrdy-da akja elini Dawudyň eliniň üstünde goýdy. – Dawut, birden sen bir Aşgabatly owadan çowdur gyzyny alyp bardyň-da, şonda ejeň, dädeň saňa näme diýerler?! Dawut Aýjana düşünmedi. – Men näme üçin bir gyzy yzyma tirkäp ejemiň, dädemiň ýanyna alyp barmaly? Aýjan jiňkerilip, hekgeribräk dikelip, Dawuda garady. – Näme, sen indi hiç haçan yzyňa gyz tirkäp öýňüze barman öýdýäňmi?!. Dawudyň ýüzi dym gyzyl boldy. – Näbileýin. Mende heniz-ä beýle pikir ýok. Men okuwymy gutarmaly, obama gidip, işläp ejeme, kakama kömek bermeli. Şondan soň, öýlenmek, bir Aşgabatly owadan gyzy yzyma düşürip alyp barmak barada oýlanmaly. Bu gürrüň nämüçindir Aýjana ýaramady. – Men gaýtjak! – Dawudyň ýüki ýeňlän ýaly boldy. Ýöne ol sypaýçylyk eden boldy. – Ýaň-a, ýatyp gitjek diýipdiň. Aýjan owdanja gaşlayny bürüşdirip, Aý ýaly ýüzüni çytdy. – Özümi atalap durmaýyn. – Näme, gorkýaňmy? Aýjan oglanyň üstüne süründi. – Men nämeden gorkaýyn? Zor etseň eýläňe geçirersiň-dä. Näme etseň özüňe bolar. Beýläňe geçirseň, öýlenersiň. Nirä gitjek. Sen näme bilmeýeňmi, çowdur halkynyň gaty namysjaň bolýanyny. Özümem, seniň ýaly ýigit tapsam, jan diýjek. Şonuň üçin men seniň ýanyňda galanym, galmanym bilen utular, utanar, gorkar öýtme. Käşgä. Maňa öýlenäýseň. Ejemiň, dädem janyň gije-gündiz Hudaýdan dilegi, maňa seniň ýaly owadan, akylly, okuwlyja ýigidiň duşmag-a.... Dawut krowatyna çökdi. Onuň gözüne Aýjanyň ýüzündäki owadanlyk, näziklik birden öçüp, ol adaty gyza öwrülen ýaly boldy. – Bolýar, Aýjan, men seni ugradyp geleýin. Sen öýňüze barsaň gowy bolar – diýip, ol aýgytly aýtdy. – Hojaýyn aýalam, gaýta-gaýta bakjaklap girip-çykyp dur. Dawudyň bu sözüne Aýjan torsaryldy. – Gorkma, häzir gidýän, namart! Çowdur gyzlary beýle samsykdyram öýtme. Men seni synajak boldum. – Ol sumkajygyny gaçyran boldy, soň, açyp, goşlaryny barlady.... Soňam, goşuny ýygnap, keselhanadan alyp gaýdan toruny eline aldy. – Ýöri, ugratjak bolsaň, ugrat-da. Indi men ýeke özüm howludan çykaýynmy? Özüň-ä, ýalbaryp, ýapyşyp, ýolumdan goýup, tünegiňe çagyran bolup, gelemsoňam ýüz bermedik bolup, indem kowup dursyň. | |
|
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -11: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -20: romanyň dowamy - 20.05.2024 |
√ Janserek -10: romanyñ dowamy - 24.04.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -7: Oýlanma pursady - 16.02.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -12: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |