17:53 Dirilik suwy -15: romanyň dowamy | |
3. «Ajygan ölmez, alňasan öler» Halk nakyly. «Adamlaryň özleri bilipmi, bilmezlikdenmi, özleriniň bedenindäki derdiň ösmegine, ýitileşmegine hemaýat berýändirler» Halkyň sözi. «Adamlar üç topara bölünýändir: birinji topar, heniz derde sataşmanka özi barada alada edip, lukmana görnüp, däri-derman alar, ikinji topar bardyr-ýarawsyzlyk tapdygy, lukmanyň, däri-dermanyň ugruna çykar, üçünji topar adamlar, derdi ýagşy ötüşensoň, lukmana görnüp, şypahanalara gatnap ugrar» Il gürrüňi. «Bir bende gije-gündiz dynman» Eý, Allam, sen maňa ýekeje sapar bir görünsediň, men saňa maly-mülkümi bagyşlasadym» diýip, irmän-arman dileg eder eken. Allatagala bir gün oňa keramat görkezip, «Eý, pylany, pylan ýerde seniň bir ýakyn dostuň, seni soraý-soraý agyr halda ýatypdy. Men şonuň aýagujunda otyrdym. Baryp, şony sorap gaýdan bolsaň, meni görerdiň, sen barmadyň» diýipdir» Halk ynanjyndan. Ol gara gyşyň içinde «Kelte çynara» etrap merkezinden bäri bir ugurdaş maşyn bilen geldi. Bu oba indi telim aý bäri okuw diýip başyny, aýagyny alyp giden oglany edil bir nätänyş gelen ýaly, sowuklaç garşy aldy. Dawudyň özem gözünden uçan obasyndan beýle bir üýtgeşik mähir-muhabbedem tamakin däldi. Onuň bar pikiri ejesini, atasyny, jigilerini, kakasyny görüp, olary küýsäp-küýsäp jazyrdap, ot alyp barýan kalbyny köşeşdirmekdi. Ol ulagdan bende sowulýanja ýodajykda düşdi. Sürüji bilen hasaplaşdy. Soň agyr çemodanyny, goşlaryny göterip öýlerine bakan haýdan mahaly, oňa edil bendiň üstünde oba başlygy Artyk aga pete-pet gabat geldi. Dawut goşlaryny ýerde goýup, edep bilen salam berdi: – Salowmaleýkim! Artyk aga ogurlanan zadyny alany tanan ýaly bolup, sesini çykarman, ýigidiň ýanyna geldi. – Waleýkim – Ol Dawudy aýagyndan başyna çenli eserdeňlik bilen birküç gaýta synlady – Öküzüň oglumyň-heýt? – ? – Aman lalyň agtygymyň? – Dawut baş atdy. Hawa. – Bu wat nireden gelýeň, daňa galan oklukirpi ýalak bolup.... – Dawut üst-başyna birlaý garady. Soň ganbasyşy ýetjek derejesine ýetip, ýüzündan gan bolup damjak bolup duran ýaşulynyň hassa, keselbentlikden sargaryp duran semiz meňzne garady. – Aşgabatdan, okuwdan, kanikula gelýän. Ýaşuly edil çaklaňja gara gazanyň düýbi deşilip, kellesine düňderilen ýaly bolup duran gara gytyk tüýli buhar telpegini, edil kädiniňki ýaly gyrmyzsow ýüzüni endiklije sypalap goýberdi. Dawut ýaşulynyň gyňr, gyp-gyzyl ýüzünden onuň ýokary gan basyşda, özem, süýji keseliniň başlangyç etaplarynda duranlygy barada oýlandy. Ýaşulydan irden turanyňda agzyň ajaýarmy – diýip soraýasy geldi. Ýaşulynyň ownuk-uşak dertlerini hasap etmäniňde-de, onuň ödem işlänokdy. Dawut öz öňünde «keselleriň çemeni» dur diýip oýlandy. Häzir bu adamdan her dürli zäherlije söze garaşaýmalydy. – Ba, onda Aman lalyň agtygy bir bolgusyz okuwa giripdir diýýenleri çyn bolup çykd-ow. – Okuwa girdik. – Nämäň okuwy, onsoň. – Medinstitut! – diýip, Dawut buýsançlyja aýtdy. Onuň gepiniň dabarasy ýaşula ýakmadyk bolara çemeli Ol gyp-gyzyl bolan ýüzüni boýunlaryny zarp bilen sypalap durşuna: – Dohtorçylykmy? – diýdi. – Hawa. Ýaşuly kineli gürledi. – Dohtorçylyga ne akyllary bilen girizýeller seni?! Dawut töweregine garady. Emma indi alty aý bäri hiç hili üýtgeşiklik bolmadyk bu töwerek baradaky pikirini saýhallamaga ýetişmedi. – Men-ä hiç kimem okuwa salanok. Özüm pikirem etdim, özüm girdimem. Ýaşuly oglanyň hörpüni nämüçindir halamady, «ony söz bilen bir pälinden gaýtaraýyn» diýen niýet bilen, azgyrylybrak: – Şeýle bir zadyň bardyr-la. Ýogsa beýdip, pohuňy iýmezdiň!.... Sen dohtorçylygyň kiçisine girdiň dälmi?! – Ýok, iň ulusyna! Şu obada uly bolsun, kiçi bolsun, özünden bidin gymylt etmeýän adamlarynyň azasyny ýagşy alyp öwrenen bu adam gatyrgandy. – Haý, sen diýseňem, doňuzyň ulusy näme, kiçisi näme. Indi bir eliň-ä ölüniň endamy bolar, bir eliňeň nejis-nejis hassa, hamraýyň gany, pohy bolar. Tä ömrüň ötýänçä. Dawut bu adamyň aýdanyny gatam görmedi, ýumşagam. – Bar, onda gidiber. – Bolar, sag boluň, agam! Artyk aga hümür-hümür edip, yzyna garay-garaý ýoluna rowana boldy. Dawut goşlaryny ýerden alyp, bende ýetiberende garşysyndan elem-tas bolup bir oba aýalynyň ýortup gelýändigini gördi. Ol – ejesi – Annajemaldy. Ir bilen howluda odur-budura güýmenip ýören Annajemal aşakda, bendiň ýanynda, uly ýolda ýük maşynynyň gelip saklananyny, ondan bir tanyş ýigidiň düşenini görüp, ene ýüregi jigläp gitdi-de, edip oturan işine taşlap, nämelerdir samyrdap, düwdenekläp budur gaýtdy. Içerde ýatan gyzlaram ejeleriniň bu geň sesine, towsuşyp, daş çykyşyp, nämäniň nämedigini aňyp, olaram ejeleriniň yzy bilen eňip gaýtdylar.... – Ditjanym! Waý, balajygym-eý! Dawut ejesini tanady-da, goşlaryny bendiň raýşynda goýup, ejesine topuldy. – Eje! Annajemal edil bir özüni oda uran ýaly edip, Dawudyň üstüne topuldy. – Wah, wah, jan balam, eziz ditjanym-eý, geldiňmi-ýeý, balajygym.... Dawut ejesiniň ýüzüne seretjek bolup egilende, onuň üstüne ýene iki sany mähriban adam eňterilip gaýtdy. – Ditjan! – Ditjanym! Jigileriniň hersi Dawudyň bir elini alyp aldygyna ogşap aglaýardy. Dawut ejesiniň ýyly öýüň, oba aýalynyň, tamdyrdan ýaňy çykan çöregiň, otuň-çöpüň, güýz ornan öleňleriň ysy burygsap duran ysyndan ganyp, jigilerini gujaklady. Annajemal özüne gelen ýaly bolup, bir dikeldi-de, gyzlaryna gygyrdy. – Çatjan, Çotjan, hany, beýdip, Ditjany ýadadyp durmaň. Alyň goşlaryny. Hany, ýöriň.... Dawut agyr çemodanyny jigilerine dözmän, özi göterdi. – Eje, daýymlara aýdyp geläýin! – diýip, Çotuk oýurgandy. – Gelä-ä! Olar howla girdiler. Howlyda Dawudyň ýokdugy bildirip durdy. Ekin ekilen peller guran pazyllaryny şemala başsyz-baratsyz serlip, tutuş howlyny bigörk ýagdaýa salyp ýatyrdy. Ekiniň gyrasyndaky üsti bassyrmaly seki birhili gelşiksiz görünýärdi. Aňyrda mal agylda birküç sany goýyn, işikden girenlere tamakinçilik bilen garap, mäleşdiler. Toýjan dädäniň täzeje, gozakly motory gapdalda bilini ýazyp durdy. Dawut eýwana girdi. Gazyň ysy gelip durdy. Ol baryp gazyň gulpuny öçürdi. Ýöne sesini çykarmady. Soň jaýa girdi. Içerden agyr derdiň, deriniň tanyş ysy hem-de, korwololyň ýiti ysy gelýärdi. Ol öz otagyna baryp, eşiklerini çykaryp, maşgalanyň bolýan otagyna girdi. Otagyň gaýra başynda, täzeje keçäniň üstünde Toýly öküz süýnüp ýatyrdy. Ol oglunuň girenini görüp, dik oturdy. – Kaka, salowmaleýkim! – diýip, Dawut onuň sowuk ellerini garbap aldy-da, soň kakasyny gujaklady. Toýly öküz bitaý gözlerini elek-çelek edip Annajemalyň ýüzüne garady. – Heý, gapy-gapy tentiräp ýören ogluň geladymy?! Annajemal edil uçaýjak-uçaýjak bolup galkynyp: – Ditjanym geldi, Toýjan däde, buşluk! – Şunça wagtlap entiräp, gezmekden doýan bolsa boli-le! – diýip, Toýly öküz ýene ýassygyna gyşardy-Biz-ä bilmedik, illeňkä beýle däl.... ! Annajemal ýüwrüp daş çykdy. Soň hasyrdap ýene içeri girdi. – Toýjan däde, Ditjan gelse soýjak diýen işşegiňi soýowajakmy, ýa-da. Toýly öküz sagat gözüni gulagynyň deňine çenli galdyryp üşerilip, bir agyr myşlady-da, – Äý, senem-äý, nämä gerek! – diýdi-de, kirli ýassygyny bagrynyň aşagyna çekip, bitaý gözlerini gaharly elek-çelek etdi-Hany, daýysy, bir zat, bir zat diýdi diýmediňmi?! Annajemal işigiň agzynda elewräp durşuna, alaçsyzlyk bilen oglunyň ýüzüne garady. – Ditjan! – diýdi-Näm edeli? Dawut ejesine dözmedi. – Eje, kakam dogry aýdýar. Nämä gerek. Gel, sen meniň ýanymda otur. Men saňa sowgat getirdim-ä. Annajemal oglunyň düýbünden üýtgäp, başga owadan, syrdan, mähriban bolan didaryna, onuň ösgün, gapdalyna gaýtarylan saçyna, pyýala ýaly owadan gözlerine, ap-akja, ak ýüpek ýaglyk ýaly, näzik ýüzüne ynamsyzlyk bilen garady. Dawudyň egnindäki sport kostýumy özüne şeýle bir gelişýärdi. Annajemal ony görüp, guwanjyna gözlerine ýaş aýlap, howluda gezip ýören ýerinde-de, – Allajan, Ditjanym, Ditjan janym, eziz balajygym – diýip, samyrdap ýördi. Bir salymdan Aýdogdy aga, Ejebaý mugallym, gyzlary begenişip işikden girdiler. Dawut daýysy bilen gujaklaşyp görüşdi. – Ýegen jan, geldiňmi?! Berekella, köşegim, iş bitirdiň. Şu üç obada ýokary okuw jaý-a däl, uçilişä-de gireni ýok. Berekella, ýegen jan, senden tama-da şeýledir. – Ol aýalyna-da gezek bermän şol hörpünde batly-batly gepledi. – Nätdi, synaglaryňdanam geçdiňmi? Dawut baş atdy. – Geçdim, daýy. – Üçlük ýokmy? – Dörtlügem ýok. Gündogdy aga gelip ýene-de Dawudy gujaklady. – Toý etmek gerek. Ana, menden bir goýun bilen bir ýaşşik «Wodka» Hany, senem, Annajemal eliňi aç bakaly. Annajemal boýnuny burdy. – Toýjan däde! Ýassyga gyşaryp, edil bir gara ýer ýaly bolup ýatan Toýly öküz bitaý gözlerini elek-çelek etdi – Toý bolmaz! – Näme üçin? – diýip, Gündogdy aga onuň sesini kesdi – Dawut ýegen how, gaty uly okuwa girip, onuň ýarym ýylyny gutaryp oba gelipdir. Juda bir mahluk bolmaýan bolsaňyz, bu adamda-da göwün bardygyny ýadyňyzdan çykarmaň-a. Toýly öküz bitaý gözlerini ýere gaçyraýjak-gaçyraýjak bolup agyr myşlady. – Toý bolmyýa. Beýle gowy görýän bolsaň, bar öz öýüňe äkit-de, toý tutuber. Ozalam, şol bihepbäni azdyran özüňsiň. – Men näme üçin azdyraýyn?! – Hana, obanyň iň abraýly, akylly adamy Artyk aganyň ogly Taýly hiç ýere gitmän, öýüne kömek berip ýör-ä. Şol okuwda dynnym ýaljak bähbit bolsa, Artyk aga bilerdem, ogluny okuwa elterdem. Seniň bu tentegi azdyryp elten okuwyňda derek ýoguny bilip otyn men. Senem menden akylly dälsiň-eý, goýup otur häli. Bu dogman geçen bolsa, duran çykddajy edip, ýoguny çekip ýö.... Ara Ejebaý mugallym goşuldy. – Gündogdy, dawaňy bir goýsan-a. Çaga bir çaý-çörek beriň-ä. Ol gyzlary Gülsüm bilen Abadana garap-Bar, gyz, çaý goý – diýdi. Orta saçak ýazyldy. Dawut agyr çemodanyny alyp geldi. – Men size alan sowgadymy bereýin. – Ol ejesine, jigilerine alan altyn ýüzügini, daýysyna alan altyn sagadyny, daýzasyna alan kümüş sagadyny, Gülsüm bilen Abadana alan altyn gulakhalkasyny, kakasyna alan gulakçynyny, elligini, ejesine, jigilerine alan üýtgeşik matasyny, olaryň hersine gadyr bilen berdi-de, saçagyň üstüni delje-delje süýji-kökeden münderledi. Gündogdy aga altyn sagadyna gaty begendi. – Bäh, ýegen jan şun-a gat-ty oňarapsyň. Gaty arzuw edip, güýjüm ýetmän ýördüm-dä. Sen meni gaty begendirdiň. Ejebaý mugallymam Dawudyň özüniň, adamsynyň, gyzlarynyň adyny tutup, ilde görülmedik sowgatlar getirmegine gaty begendi. Ol ýigidiň bu eýýamlarda, bu etraplarda görülip eşidilmedik üýtgeşik, keremli, näzikden gözel didaryna zenan yhlasy bilen garap, begençli: – Dawut jan, oglumyz ýok diýip ýördük, asyl ogluň etmedigini etdiň sen-ä, ýaşyň uzak bolsun – diýdi. Çotuk bilen Çaçy doganlaryny gelip-gelip ogşadylar. Diňe Gülsüm özüniň ýetişip başlan synasyndan uýalýan ýaly, nar ýaly bolan owadan ýaňaklaryny sowgatsyz aýasy bilen sypalap, gözlerini edil bir bu oba asmandan «perişde» bolup inen ýaly bolup oturan ýigitden aýyryp bilmän aljyrap otyrdy. Ejesi gyzyny halas etdi. – Tur gyz, Gülsüm, çaýyň gaýnandyr, tur, demläp geliň-ä.... Toýly öküz özüne berlen sowgatlary sesini çykarman, bagryna basyp ýatyrdy. Orta çaý geldi. Soň günortana golaý Metjik, kakasynyň-ir bilen çaý başynda Dawut, onuň giren bolgusyz okuwy barada eden ýakymsyz, göwnüýetmezçilikli gürrüňinden soň aýagy hiç çekmese-de, Metjik halys goýmansoň, ikigöwün bolup gaýdan Taýly, beýleki klasdaş oglanlar geldi. Aýdogdy aga mal soýup gelip, çekdirme atardy. Ejebaý mugallym gyzlary bilen gidip, birki tamdyr çörek bişirip geldi. Dawut bilen görme-görşe gelenlere nahar çekildi. – Sen indi haýsy okuwa girýen bolduň? – diýip, Metjik sorady. – Medinistitutyň umumy bejeriş bölümine girdim. – Gaty kyn dämäý? – diýip, Taýly gyzyklanyp sorady.-Oňa girenler ölüden, gandan, dermanyň erbet-erbet ysyndan hiç gorkmaly dälmiş-ä. Dawut güldi. – Men-ä ony bilemok. Gorksam gorkýandyryn. – Ow, ölülerem, birden «Wä-ä» diýip ýerinden turup durmuş-a – diýip, Metjik güldi.-Gorkmaz ýaly dälmiş-ä. – Ýok-la, onuň ýaly zat ýok. Institutyň birinji kurs-a, orta mekdebiň programmasy eken. Diňe latyn dili bilen anatomyýa diýen dersler bar. Olaram bilmezçe okuw däl. Ine, üçünji kursdan öz ugruň girýärmiş. Şol kyn bolar-a diýýärler. – Sen ekzamenleriňi tabşyryp gaýtdyňmy? – Hawa-la. Şunuň bilen Aşgabadyň, institutyň gürrüňi tamam bolup, klasdaşlaryň gürrüňi başlandy. Dawuda beýle bir gyzykly bolmasa-da Metjik olar barada ýekän-ýekän gep açýardy. Gürrüň Taýlyşka ýetdi. – Taýlyşka-da, geljek tomus öýlenjek bolýar. – Kime? Metjik Dawudyň gulagyna: – Seniň daýyň Gündogdy aganyň uly gyzy Gülsüme! Söýüşýärler. Taýlyşka aýagy bilen Metjigiň aýagyna ýuwaşja depdi. – Sen-ow, göreniňe samrap ýörme-how. Gowy däl-ä. Dawut birhili begendi. – Okajak dälmi? – Gaýbana-da ýeterlik-läý – diýip, Agaşka ýüzüni-gözüni oýnatdy-Näme, dädem gowy jaý gurup berdi. Täzeje «Wolga» alyp berdi. Indi, näme ýaşlygyň hözirini görelid-ä. Okar ýöreris-däreý. Okuw nirä gaçyp gitsin. Pahan diýýe: «Adamlar okap-okap, gowy jaý edinjek bolýa. Gowja maşşyn aljak bolýa, owadanja heleý aljak bolýa. Sen şolaryň baryna ýetdiň. Indi men barkam bir eliňi sowuk suwdan yssy suwa urman ýaşa-da – diýýe. – Dünýäniň höziriniň her haýsyndan dadyp gör, bu dünýäde diýýe – Maňa okuw berdimi bu başlyklygy, özüm gazandym. Hemişe hallan atyp ýörmede, pursaty gelende öz geregiňi gaňryp almagy başar. Bu durmuşda hem akylly bol, hem hilegär bol. Ine, saňa okuw – diýýe. Onsoň ýaşulyň şeý diýip durka, how, onuň sözüni ýykyp, okuw-pokuw diýip ýörmek, halys haramzadaçylyk bolýaýa. Meniň baýlygym ýüz ýyla ýeter. Janym sag, edenim ugruna, şeý dämi, eý Metjik dos!.... Metjik ýapjalyk bilen onuň sözüni tassyklady. – Howwa-la, men-ä, sen gaty görme, Dawut, şu okuwam, öýünden, obasyndan homp-homp edip, bäş-alty ýyllap gidýänlerem gaty ýigrenýän.... Şol wagt Gülsüm çaý alyp geldi-de bu gürrüňiň arasy kesildi. Olar bu mesele barada Dawudyň pikirini bilmän galdylar. – Ajyrak atgynyň, Gülsün jan! – diýip, Agaşka eýemsiräp, aýnap, ýoldaşlaryna gözüni hilelije gypan bolup aýtdy. Gülsüm gyra çekilip: – Ajy atdym-a – diýip, gözlerini bakraldyp aýtdy – Ajy bolmasa aýdarsyň-da.... Oglanlaryň bu gyzyksyz gürrüňleri nämüçindir Dawuda kän bir ýaramady. Onuň ýüregi atasyny küýseýärdi. Toýjan dädesiniň ýaraman, ýerindenem galman ýatyşy Dawudy injalykdan gaçyrýardy. Ol etrap keselhanasynda her näçe bejergi alsa-da, öňki ýowuz derdinden açylmandy. Onuň oglundan, ilinden närazy bolup, daş-töwerek bilen seriniň ýoklugy, işdäsiniň hiç zat almaýanlygy, daş-iç çykmagy hyllyla görmegi, şol ýowuz derdiň ugrudy. Ýöne, nämüçindir, onuň eli buz ýalydy. Dawudyň bilişiçe, ol kesel bolanda ölügsi gyzgyn bolmalydy. Şol gyzgynam keselliniň ysgyn-mydaryny sorup alýan bolmalydy. « – Indi men gelipdirin, kakamy bu halda goýmaly däl. Şu gün görüp bilsem, atam bilen bir salamlaşmaly. Soň kakamy etrap keselhanasyna ýerleşdirmeli...» diýip, Dawut çaý içip oturyşlaryna oýlandy. – Özüň Aşgabatda gyz-pyz bilen tanyş bolmadyňmy? Gowy, owadan gyzlar-a kän bolmaly. Aşgabatda-da, medinstitutda-da. Dawut ýylgyryp başyny ýaýkady. – Häzir meniň üçin diňe okuw, okuw, okuw! – Sen mekdepde-de gowy okadyň-a, saňa okuw diýip üýtgeşik alada etmek nämä gerek. Hem oka, hem gyzlar bilen gez. Hem Aşgabadyň, ýaşlygyň hözirini gör.... Metjik bolsa başga ýandan sowala tutdy. – Dawut, sen obada biziň ýaly gap-garaja oglandyň-a. Gör, alty aýda nähili owadan, akja, nurana, öňki Dawuda sapsim meňzemeýän oglan bolup gidipsiň. Indi bizem okuwa girsek, seniň ýaly owadan oglan bolarmykak? Taýlyşka oňa garşy boldy. – Näme bolman-ow. Aşgabadyň howasy üýtgeşig-ä. Iki gün Aşgabatda bolup gelseň, eýýäm adam üýtgeýär-ä. Men-ä üýtgemesem gowy görjek. Nämä gerek ýympyk, ors heleýleri ýaly akjaryp ýörmek. Güne ýanyp ýörseň, saglygyň üçin gow-a. – Şeýlemi, Dawut? Dawudyň bar pikiri-oýy «Gargyly gysydady» Şonuň üçin ol «Howwa-la!» diýip başyndan sowma jogap berdi. Soňam: – Taýlyşka, seniň maşynyň işleýärmi» – diýip sorady. – Hä, näme? Dawut turmaga häzirlendi. – «Gargyly gysyda» atam goýun bakýan bolmaly. Meni şoňa düşürip gaýtsan-a. Taýlyşka begendi. – Daş. Ýöne kän eglenmen. Agşam meniň siwidanyýam bar. – Bolar. Men häzir.-Dawut içeri girip, ejesine atasynyň ýanyna baryp gaýtjagyny aýtdy. Soň çemoganyndan atasy üçin satyn alan iki deşikli komandir kemerini, Samarkant pyçagyny, hemem itiň ýüňünden dokalan amerikan bilguşagyny, süýji, köke alyp bir tora saldy. – Nahar, çörek bolsa-da alyp gidip biljek! Dawut eşiklerini geýinip daş çykdy. Sekide gyşaryp ýatan oglanlar ony görüp, tarsa ýerlerinden turdylar. – Gideliňmi?! Olar edil süýr günortan «Gargyly gysynyň» bagyna bardylar. Ýoluň gyrasynda süri ynjalykly ýatyrdy. Dawut bagyň bäri gyrasynda Agaşkanyň heniz täzeje «Wolgasyndan» düşüp, oglanlara rugsat berdi-de, ýüküni göterip, bagyň içindäki goşa bardy. Aman aga dünýäden habarsyz, ojaga odun galap, çaý gaýnatjak bolýardy. Dawut atasynyň gözüniň düşäýjek ýerine baryp saklandy. Aman aga ony saýgardy-da sag elindäki süplük-saplygynam goýman, elini gözüniň üstüne tutdy. Ol Dawudy tanamady. Dawut goşuny ýerde goýdy-da ylgap baryp atasyny gujaklap, onuň ýüzünden, ýaňagyndan gaýta-gaýta ogşady. Ol ýaşulynyň üstünden ebgarlygyň, halys gojalmagyň, malyň, ygala ezilen ýüňüň, çör-çöpüň kükäp duran ysyny öýkeniniň düýbüne çenli sorup durşuna: – Ata janym, ata janym, ata jan!.... – diýip düşnüksiz duýgular bilen pyşyrdady. Şol pyşyrdama bolsa onuň indi telim aý bäri ýüreginde göterip ýören näbelli agyrlygy el bilen syran ýaly edip, oglanyň süňňüni, ruhuny, kalbyny ýeňledip goýberdi. Ýaşyly hem Dawudy ysyndan düýbünden üýtgän agtygyny tanady-da onuň üýtgäp giden ýüzüne dikanlap garap-garap, soňam, garsa gujaklady. – Ba!Bab! Bah-hab! – Ýaşulynyň açyk agzyndan ähli içki perdeleri gurap, bulaşan bokurdagynyň üýtgeşik harryldysy, hyrlamasy, hyssyldysy inçejik sygyrma öwrülip daşyny çykyp, dem bolup Dawudyň ýüzüne çaýyldy. Goja agtygyny goýberdi. Dawut öl bolan ýaňagyny aýasy bilen süpürdi-de, atasynyň gözden uçan didaryna, töweregine hyrydarlyk bilen seredip, ýylgyryp duran atasyna garap: – Ata jan, nähili? – diýip sorady. Goja onuň sowalyny eşiden mysaly saralyp giden omruk-jomruk dişlerini kentlewigine çenli açyp baş atdy. Soň agtygyna «Bu nämäniň alamaty?» diýýän ýaly, syrlyk-süplükli ellerini edil bir pökgüni zyňyp gapýan ýaly, aşak-ýokary etdi. Dawut gaýra ýüzleri görkezip, aýalaryny açyp, «okaýan-da» diýen manyda oňa seretdi. Aman aga birneme köşeşensoň, ojagy görkezdi. Dawut penjegini çykardy-da tomusdan bäri asylgy duran, indi içi bir gysym gara kesmek bolup galan, öň içine syrty otluja syçratgy möjejikleri salnan bankanyň ýanyndan asdy. Soň, goşuň töwereginde, pytrap ýatsa-da, birki ädim aňyrda ujundan çüwdürilip suw akyp duran gamyşyň başyna baryp elini ýuwdy. Pytrap duran gamyşlary biri-birine geýdirip, suw edil Aman aganyň gapdaljygyna geler ýaly etdi. Soň tamça girip, garaňky içerä ýazylan çopan keçäniň üstüne saçak ýazdy. Onuň üstüne getiren naharyny, çöreklerini, süýji-kökesini goýuşdyrdy-da, çaý demledi. – Ata jan, ýöri, çaý iç diýip, ýaşyla düşündirdi. Aman aga gamyş akabajygyň ýanyna gelip, adama minnetsiz akyp duran suwdan elini-ýüzüni ýuwdy. Soň tamça bakan ýöneldi. Dawut atasy üçin satyn alan sowgatlaryny gowşurdy. Ýaşuly begendi. Ol itiň tüýünden dokalan guşaga düşünmedi. Agtygy biliniň daşyndan elini aýlansoň düşündi-de, ap-akja possuk ýaljak, ýumşajyk guşagy gaýta-gaýta elleşdirip, sypaň, sermeň edişdirip begenjini bir: – Ba-a! Ba-ah! – diýip beýan etdi. Soň dünýäni unudyp çaý-çörek edindi. Dawut atasynyň gaty horlanandygyny gördi. Ony ýeke taşlap, okuwa gidenine gynandy. Ýöne birden üýtgeşik kuwwat gelen ýaly: – Azajyk sabyr ediň, ata jan! Nesip bolsa, men siziň ähli dert, azaryňyzy eliňizden alaryn – diýip pyşyrdady. Ol atasy çaýyny-çöregini iýip-içýänçä baga aýlandy. Üýtgän zat ýokdy. Itburun baglary, onuň aňyrsyndaky garamykly gyrymsy agaçlar indi, gyşyň gelmegi bilen, wagtynda ýygylyp alynmagyk miwelerini kişdä öwrülip burjy baglap otyrdylar. Garamygy görende Dawudyň ýadyna bir möhüm zat düşdi. Ol geçen tomus şaglawugyň ýere düşýän ýerinden ep-eslije täsin, owadanja daşjagazlary tapypdy. Ol şol daşjagazlary uýalaryna sowgat bermek üçin çöpläp jübüsine saldy. Şaglawukdan gaýdyşynam, onuň ýoly garamyk agaçlarynyň üstünden düşdi. Ol «bary bir oba gaýtjak bolsam, şundanam Çatjan bilen Çotuga alaýyn-la» diýip ep-esli garamyk ýygyp, şol daşlary salan jübüsini doldurdy. Indi geň ýeri, öýe baryp garamygy çykaryp, soň daşlary aljak bolsa, daşlar ýok. Jübüsem deşik däl eken. Şonda Dawut garamyklaryň daşjagazlary eredendigi barada ýeňiljek oýlandy. Ýöne institutda okaýarka, agşamlaryna farmasewtika kružogyna gatnanda, galyň depderine böwregiň kesselleri, ony bejermegiň ýollary barada oýlananynda, bu bagda bolan şol waka biygtyýar onuň ýadyna düşdi.... Ol häzirem, şaglawugyň aşagyna baryp, minerallaşan daşjagazlardan bir gysymyny çöpledi. Getirip olary bir käsä salyp, üstüne garamyk kişdelerini guýdy. – Hany, göreýin! Ejem görgüli indi haçandan bäri böwregiň azaryny çekip ýör-ä. Ol böwrekdäki gatap galan duz kristallaryny eretmekde çakyr tikeni çaýa goşup içeniňde, kyrk bogun ýa-da böwrek oty ýaly ösümlikleriň hem delalatynyň degýändigini halk lukmançylygyndan öwrenipdi. Emma olaryň hem peýdasy bilen zeleliniň näçeräkdigini Dawut heniz ýagşy seljerenokdy. Şonuň üçin, bu garamykly mesele oňa has ygtybarlyrak bolup göründi. Ol tamça girende atasynyň çaý içip oturan ýerinde, gyşaryp, uklap galandygyny görüp, onuň üstüne ýaşulynyň çäkmenini atdy. Saçagy ýygnady. Soň galak-gaçak çörekleri, süňkleri alyp sürä bakan gitdi. Ýoldan geçen ýerinde ony itler garşy aldy. Dawut olara-da ýanyna alan gaty-guty çöreklerinden, nahardan galan süňklerden berişdirdi. Soň bolsa baglaryň, depeleriň, daglaryň aňyrsynda kem-kem ýaşyp barýan Güne seredip, agyr oý bilen öz ýagdaýlary barada oýlandy.... «Men munuň okuwyn-a girdim. Erbedem okamok. Şujagaz geçen alty aýda adam synalarynyň ählisi barada, olaryň ugurlary, her bölegiň, ugruň ynsana edýän hyzmaty, şolaryň şikes tapmagy, şol şikese em edip, bejermegiň ýollary barada ýekän-ýekän ýazdym. Hirurgiýa boýunça, iç keselleri boýunça, nerw keselleri boýunça, döwük, ýenjik, aýal ugry, diş, göz dermançylyk, arassaçylyk boýunça hem kružoklara gatnaşdym. Hem keselhanalarda bu ugurdan azyndan hersinde bir aýdan gowrak tejribe aldym. Sanjym etmegi, kesel anyklamagy, döwük-ýenjigi seýiklemegi, rentgen etmegi, gan basyşyny kesgitlemegi hut adamlaryň özünde tejribe etmek bilen öwrendim. Adam bedenini owkalamak, damar, saçyzyn, peý, muskl owkalamasyny ele aldym. Indi men, bu ugurdan-a geçen ýylky Dawut däl! Geçen ýarym ýylda ep-eslije bilim-tejribe aldym. Ýöne ýene alty ýarym ýyl okamaly. Bu gaty köp dälmi? Ýa indi okuwdan çykyp, gaýdyp gelip oba adamlaryna şypakärlik etmelimi? Ýa şol alty ýarym ýylyň hem özüniň hikmeti bolarmyka? Ýok, men şu okan döwrümde-de ýarym-ýaltarak ýapyşan ýerlerim boldy. Men ony döwük-ýenjik öwrenen bolup, keselhanalarda nobatçylyk eden bolup biderek geçirdim. Mende birhilije howlukmaçlyk bar. Asylly, agramlay, goýazy däl men. «Hemmesiniň öz wagty bardyr» diýip oturyp bilmedim. Ine, meniň günäm. Meniň galyň depderime ýazanlarymam, kesellileri bejerjek bolşumam, olara melhem etjek bolşumam, netije çykaryşymam ýarymçak boldy. Beýle okuwdan okuw bolmaz. Onda meniň okuwym saglygy saklaýyşyň ugurlary barada ýazylan, meniň okan bolup ýören kitaplarymdaky ýaly, elujy bir zat bolar. Men okajak bolsam-a, kitaba ýazylanlaryň asyl düýbünde näme hikmet bardygyny, ondan aňyrda-da nämelere esaslanylýandygyny biljek bolmaly. Ine, şeýtmejek bolsamam, okamalam däl, menden gowa, menden akylla orun boşatmaly....!» Ol barybir anyk netijä gelip bilmedi. Ýöne kalby birhilije ynjalan ýaly boldy. – Bolsa-da, geljegim-ä anykladym! Ol oba tarapdan bir maşynyň özüne tarap gelýändigini gördi-de saklandy. Maşynyň daýysynyňkydygyny tanady. Maşyn deňine gelensoň, ondan daýysy çykdy. – Ýegen jan, sen bärde ekeniň-äý! – Atamy göreýin diýip gaýdyberdim. Gündogdy aganyň maşynyň yşygy düşüp duran ýüzüne ýukajyk kölge indi. – Sen gaýdanyňdan soň Toýly heläk bolup ýatyr. Şony etrap keselhanasyna eltäýmesek. Gelipsiň, indi senem bolaýsaň gowy boljak-da! Ejeň dagam «Dawut gelsin» diýip durlar. Dawut goşa bakan ylgap barşyna: – Bor daýy, men häzir – diýdi. Ol şol barşyna penjeginiň ýanynda asylgy duran bankany kakyp aldy-da, suw bilen gaýtalap-gaýtalap, ýagşy ýuwdy. Soň ylgap baryp itburun, garamyk miweleriniň ýarym kişde bolanlaryndan bankany doldurdy. Gelip tamçada ýaňy oýanan atasy bilen hoşlaşdy. – Men öýe barmaly, gyssagly! – diýip, elleri bilen hereketlendirip düşündirdi. Ýaşuly düşündi-de: – Ba-bab! – diýip, razylyk berdi. Dawut hälki daşyň üstüne garamyk kişdesini guýan käsesinem alyp, penjegini ýolugra geýip, maşyna bakan haýdady. Maşyn ugranyndan soň Gündogdy aga Dawudyň ýüzüne tiňkesini dikip: – Ýegen, şu ýerde men saňa bir zadam aýdyp goýaýyn! – diýdi. Bu söze oglanyň ýüregi hyp edip, edil bokurdagyna dykylyp, demini tutdy. «Kakama bir zat bolaýdymyka?!» Ýöne ol sesini çykarmady. – Uluja gyzymyz bar, Gülsüm! – Hawa. – Şony Artyk aga gelip şu sorap dur-da, ýegen. – Kime? – Uly ogly bar dämi, Aý, Taýly diýdimi, öz-ä ýaman oglan däl bolara çemili.... Ejesi daräý. «Men ýekelli, gyzym ýanymda boljak. Ilkinji gelen adamy gaýtarmaly» diýip dur-da. Gara saçly molla-däräý, ertiri ýok, agşamy ýok, şu damdyryp dur-daraý. Ýogsa, meniň göwnüm sendedi. Seni bir gözli-başly etjekdim-däräý. Ýöne, senem okajak diýýäň-däräý, onsoň, Aşgabatda, Institutda, özüň bir owadandan gyzhalar oglan däräý, başga-başga planlaryň bolmagam mümkin. Şeýdip, garaz-aý razy bollundy-däräý. Soň eşidip, «Daýym muny nädäýipdir» diýmesin diýdim. Özüm elin aýdaýaýyn diýdim-där-äý. ....Olar öýe girenlerinde Toýly öküz özüni bilmän urnup ýatyrdy.... Dawut çemodanyndan lukmançylyk gurallaryny çykaryp, kakasynyň gapdalynda göýdy. Soň elini sabynlap ýuwdy. Onuň zerur gerek bolaýsa diýip ýygnap goýanja on-on bäş dürli dermanyny, dürli sanjym esbaby, iňňeleri, jüpdegi, bäş-alty sany içi akja küllüje bogdajyk çüýşejikleri bardy. Ol iki sany çüýşäniň agzyny açdy-da, hersinden ýarty-ýartysyny sanjym esbabyna sordyrdy. Soň agzy berk, towlanyp ýapylýan çüýşejigini açyp, onuň içinden jüpdegi bilen iňňe saýlap aldy. Ep-esli bolup duran ap-ak pamykdan barmak ýaljagyny aldy-da, onuň üstüne ysy tutuş içerini gaplan aragyňmy, başga bir içginiňmi, ysy kükäp giden suwuklyk guýdy. Onuň bilen elini tämizledi, soň ýene pamyk alyp, oňa spirtmi, arakmy, öz-ä içgi, guýup, ony barmaklarynyň arasyna gysdyrdy-da Toýly öküzi yralady. – Kaka! Hany, gözüňi açsan-a! Toýly öküzüň hykgy-pykgysyna garaman, onuň goluny çekip aldy-da, hälki pamyk bilen onuň golunyň iç ýüzüni birki gaýta sypalady.... Soň sanjym iňňesini damara boýa-boý sançdy. Toýly öküz bir «wäk» etse-de, ol goluny oglynyň edil demir ýaly barmaklaryndan sypdyryp bilmedi. Sanjymdan soň Dawut ýörite kakasy, jigileri üçin Inçekesel institutyndan sorap alan dermanyndan iki sanysyny içirdi-de, Çaça: – Bar, jigim, indi bir çaýam goý – diýdi. Bu derman-däri edişlik Annajemalyň hem aýdyp oturan ýowuz derdini gozgana döndi. Olam böwrüni tutup ýykyldy. Dawut ýerinden turup, atasynyň ýanyndan alyp gaýdan käsesini alyp geldi. Daşlary barlady. Olar eräpdir. Dawut bir gysym garamyk kişdesini sowuk suwda ýuwup, şol durşuna ejesine iýdirdi. – Şäniginem ýuwdup goýberäý, eje! Soň ol Toýly öküzden galan dermanlary sanjym enjamyna sorduryp, spirtli gabyndan jübtek bilen iňňe saýlap aldy-da, ejesiniň golunyň damaryndan sanjym etdi. Soň oňa agyryny gowşadar ýaly daşyna «Pet-nok» diýilip ýazylan gapdan iki sanjagyny aldy-da içirdi. – Eje jan, häzir gowy bolarsyň, bäşje minit gaýrat et. – diýip ýylgyrdy. Orta çaý gelensoň ejesine-de, kakasyna-da der getirýän derman berdi. Geçse ýarym sagat geçendir. Içeri ala-ýaza öwrüldi. Annajemal birki gaýta daş çykyp gelensoň, bir çäýnege itburun demläp duran ogluna gyssyrylyp: – Ditjanym, men-ä guşa dönagaýdym! – diýip, birküç sapar gaýtalady oturdy. Toýly öküziň indi näçe gün bäri açylman duran işdäsi açyldy. Ol bir tabak çekdirme bilen ýarty çöregi lapladyp urup, derçyräp çaý içip orurşyna: – Ertir şol öwejem soýally – diýip, Annajemalyň ýüzüne bitaý gözlerini dikip aýtdy. – Bu ukollaň gowy keni. Olar nämäniň ukoly? – diýip, ogluna-da sowal berip başlady. – Men aşakky balnisda bolanymda-da, şeýdip bir sanjypdy, bir garry tohtor. Soň ol gitdi-de, ýerine gelen bagşa bir zatlar sanjan bolup dur-aý. Olam-a gowy ken. Ýöne garry tohtoryňkyça heýç bolup bilmedi.... Ýarawsyzlara jan girenini gören Aýdogdy aga-da Dawudyň golaýyna gelip: – Ýegen jan, maňa-da, daýzaňa-da bir seredip berersiň-dä – diýdi. Dawut irden geleli bäri daýysynam, daýzasynam synlap ýördi. Şonuň üçin daýysynyň derdini nagt aýtdy. Onuň aşagy halkalanyp duran ýadaw gözleri, az-kem sargaran ýüzi, maňlaýynyň gasynlary, häli-şindi çep goluny owkalap durmasy, ýüreginiň kemçiliginden habar berýärdi. Daýzasam häli-şindi gaşlaryny çytyp, çekgelerine barmagyny ýetirýärdi. Onuň gözleriniň kä ulalyp, kä kiçelip duran göreçleri, sözüniň logiki yzygyderliliginiň bozulyp, kä galkyp-galkyp, kä pessaýlap, çala eşidiler, eşidilmez gürläp durmagy, çaý diýip ýapyşyp ýatmasy, gan basyşynyň üýtgemeginden nyşandy. – Daýy, seniň derdiň belli. Sen ýüregiňi bir barlatmaly. Ejebaý mugallymda-da ýokar gan basyş bar!.... Ol fenandoskopyny alyp gelip ilki daýzasyny, soň daýysyny dykgatlyja barlady. – Işçi gan basyşyň näçedi, mugallym?! – diýip sorady. Daýzasy adamsynyň ýüzüne garady. – Näçedi gyz, geçen güýz bir ölçedipdim, şond-a ýüz on bäşde, segsen bolan ýalydy. Dawudyň häzir ölçemesinde şkala ýüz otuzda togsany görkezýärdi. Ol daýzasyna gan basyşy peseldýän «Popozol» berdi. Soň demini alyp duran itburunly çaýdan hem bir käse, bir käse guýup berip, daýysynyň daşyna geçdi. Daýysynyň ýürek urgusy, ýüz on iki bolup çykdy. Gan basyşy ýüzde ýüz kyrkdy. Ol: «Aşagy ýokarrak!» diýip içinden oýlandy-da, daýysyna bir tegelek buşukdyryjy derman berdi. Soňam diliniň aşagyna bir tabletka «Karbolol» goýdy-da itburunly çaýdan ýene bir käse guýup berdi. Az salymdan daýysam, daýzasam ýeňlän ýaly boldylar-da, öýlerine gaýtdylar. Olar gidensoň, Dawut ejesiniň, kakasynyň endamyny owkalap berdi-de, olara gije rahat ýatar ýaly emjagaz edip ýatyrdy. Soň özi sport eşigini geýip, bir ýerlerden pilini çykaryp, mellegi arassalamaga başlady. Mellege eýwandan yşyk düşmeýäni üçin, ol garaňkyda işlemeli boldy. Ýaňy bir peliň samana dönen ekin pazyllaryny, ot-çöplerini arassalap, depip gutaryp barýarka daşarky işikden biriniň has-has edip howla girenini gördi. – Öz-ä aýal maşgala meňzeýär?! Ol eňterilip gelýäniň garşysyndan çykdy. – Waý, kim sen? – diýip, eňterilip gelýän seslendi. Dawut ony tanady. – Gülsüm! – Waý, Ditjan! Ýüregimi ýarmasan-a. – Ol şol gelşine işige ýetdi. – Ejem, kakam barmyka? – Ýok, olar ýaňja gaýtdylar, näme boldy? Gyz aglap başlady. – Ditjan, Taýlyşkanyň maşyny erbet awariýa boldy! – Nirede? – Ol meni ýolda düşürip, yzyna dolanjak bolup, maşynyny öwürip barýarka aňyrdan bir agyr maşyn gelip onuň maşynyny kakyp goýberdi. Indem, maşyn bendiň öňündäki suwuň içinde ýatyr. – Taýlyşka nirede?! Gyz aglap başlady. – Ol maşynyň içinde wägirip ýatyr. Men gaty gorkup, dädeme aýdyp geleýin – diýip, bäri ylgadym. Ýetişmeseň boljak däl, Ditjan! – Ol özelenip başlady. – Ditjan, ýetişeweri! Dawut pilini ýumsap, mylgyrap ýatan topraga sünçdi-de, öýlerine ylgap, däri-derman salýan gabyny alyp çykdy. Gülsüm hälki duran ýerinde, titräp, eňräp durdy. – Gülsüm, ýör jigim. Sen beýtme, hany, goý. Hiç zadam bolmaz. Ýöri, baraly-hany.... Gülsüm agyň arasynda: – Gaty gorkdum men. Göz boldumy, dil boldumy, wah, Taýly janym, saňa bir hiç zat bolmawersin.... Dawut gyzy öýlerine çenli ugratdy. Olar bendiň üstünden geçenlerinde, suwyň içine düňderilip ýatan maşynyň suduryny görselerem, onuň içinde adam-gara görmändiler. Dawut Atyk agalaryň öýüne bardy. Eýwanda Aşyraly mugallym, goňşy-gollamlar, aýal-ebtat üýşüşip durdy. Çyranyň yşygyna olaryň ýüzi çekip çydardan agyr hasratly görünýärdi. Içerden bolsa güýçli, ýüregiňi endirediji aýal sesi eşidilýärdi. Dawut Aşyraly mugallym bilen salamlaşdy. – O-oh! – diýip, Aşyraly mugallym Dawudyň elini gadyrdanlyk bilen silkeledi. – Dawut jan, haçan geldiň-ow?! – Şu gün, mugallym! – Eşitdiňmi, Taýlyny maşyn urupdyr. Ýaňy getirdiler. Çala jan. Umyt ýok diýýeller. – Mugallym açyk aýalaryny ýere gaýta-gaýta silkdi – Kül-uşak! Dawut mugallymyna baş atdy-da, içeri girdi. Giň jaýyň ortasyna düşelen galyň ýandüşegiň üstünde, Taýly uzaboýuna süýndürilip ýatyrylypdyr. Onuň aýagujynda Artyk aga tüňňerilip, aglap, «waý» çekip ýatyrdy. Ondan aňyrda arkalaryny diwara berişip, aýal-gyz bary eňreşip otyrdy. Dawut içeri girip, töweregine birlaý seretdi. Onuň gözüne jalbary, üstki eşikleri öl myžžyk bolan ýigidiň porsap ýatmagy ýakmady. Ol dogumlylyk bilen: – Hany, bes ediň-de, jaýy boşadyň! – diýip ýeterlik azm bilen aýtdy. Artyk aga başyny galdyrdy. Bir zatlar, bir zatlar diýjek boldy. Onuň naçarlamakdan, gorkudan hem hasratdan üýtgän gözleri balkyldaýardy. Her saparky balkyldysy aşak bir ýerlerden bir gysym gözýaş alyp, daşyna paýradyp goýberýärdi. – Beýtmäň, adamlary çykaryň. Özüm görerin! Içerde bir Artyk aga, Taýlynyň ejesi Senem gelneje, hemem enesi Äşe mama galdy. – Eşigini çykaralyň! Hany, gaýçy getiriň! Ýyly suw, kir sabynyny, ulurak el süpürgiç getiriň! Taýly maşyn çakyşan mahaly gorkupmy, janhowlunamy özi bilip-bilmänmi, balagyna buşugypgyr. Yzy bolsa durşuna poh bolup, porsap ýatyrdy. Dawut Taýlynyň jalbaryny, içki eşigini gyrkyp-gyrkyp aýyran soň, onuň syrtyny, aýaklarynyň arasyny, kir sabyn bilen gaýtalap-gaýtalap ýuwup, arassalap, soň gowja süpürdi. Oňa guruja türsi geýdirdi. – Hany maňa el ýuwar ýaly ýyljak suw beriň! – diýdi. Elini ýuwup, goş haltajygyndan spirtli bankajygyny çykaryp, ondan sähelçejik suwklyk akdyryp, elini, oňat ýuwdy. Keselli halys lagşap, ganara salnan bir jam çüňk ýaly bolup ýatyrdy. Ol ýatanyň elini sähel galdyrjak bolanda eli bäş-alty bölek bolup, süňkleri deriniň içinde lakyrdap ýatyrdy. Aýagy ondanam beterdi. Her aýagy azyndan dört bäş bölek bolup pytrajak ýaly bolup durdy. Dawut özüni bilmän ýatan oglanyň aýagyndan başlap, endam janyny yzarlap başlady. Ol ýarym sagada golaýrak gara dere batyp oglany barlady. Soň gan basyşyny, ýüregini, öýkenini, ýürek urgusyny barlap gyra çekildi-de: – Hany, aglaşmaň. Nesip bolsa, hiç zadam bolmaz! Artyk aga «Inh!» edip bir galkyndy. – Bala, näme diýdiň? Näme. näme bolupd.... – Bolany, şol, sekiz döwük, bäş çykyk. Ýürek, öýken, gan basyş gül ýaly. Artyk aga ernini kemşerdip, oňa aňkaryldy. Onuň şu gün ir bilen gül öwsüp duran kädiniňki ýaly gyzlymtyl bihaýa, tekepbir, hökümli ýüzüniň edil häzir, sähel salymda myrtar bir zada öwrülemegine haýran galdy. – Sekgiz döwük, bäş çykyk diýdiňmi?! – diýende onuň sesi agyly çykdy. Ýaşuly başyndaky «gazançany» gapdala taşlap goýberdi-de, dyzyna gazap bilen urdy. – Eý, waý, indi men ne alaç edeýin. Ýeke ogul elden gitdi-leý! – diýip, ýene-de eňräp başlady. Onuň sesi gapdaldakylara «başlaň» diýip duýduryş berene döndi. Otagyň içi agy-pygandan durar ýaly bolmady. Daşarda-da orlaşyk başlandy. Dawut dözümsizlik bilen: – Bes ediň! – diýip ýene-de gatyrgandy. Sesler ýatyşansoň, ol goluny çermedi. – Maňa kiçijik jamy dolduryp un, çöpboýa, duz, täzeje towuk ýumurtgasy, bir topbak gargy-gamyş getitip beriň! Çaltyrak bolaweriň! Onuň aýdanlary şol pursatda bitdi. Daşarda, içerde agy galdy. Dawut ýigidiň aýagynyň, eliniň, boýnunyň. , oňurgalarynyň çykan ýerlerini nobatma-nobat salyşdyrdy. – Herne, çüýjüklik çatalba, aşykly döwülmändir. Ýon damara, peýe berk urgy degipdir. Hernä, Hudaý sowup, üzülmändir. Şol birneme uzaga çekäýmese, galany, hiç, derrew gutular. Ýaş oglandyr!.... Ol soň döwük ýerleri, syhalap, syhalap ýerlerine getirip, getiri, juda berk tutup, çöpboýa, ýumurtganyň sarysyny şor hamyr bilen gowy garyp, ýugrup, akja ýaglygyň üstüne gargy gamyşdan edilen gapyrganyň üstüne ýazyp-ýazyp, döwükleri seýikläp, berk daňyşdyryp başlady. Ol öz işini daň alasöre bolanda tamamlady. Soň usurgap ýatan Taýlynyň ýüregine, bedenine güýç-tekge beriji dermanlardan damaryndan sanjym etdi. – Agzyna azajyk suw çalyň! Taýlynyň dodaklay açylsa-da, dişleri gazap bilen ýumlany üçin, açylmady. Dawut hälki gaýçy bilen oglanyň dişleriniň arasyny açyp, onuň azysyna gargy gamyşyň bir bölegini dykdy-da, tisginip gitdi. – Dili! – Ol oglanyň dişleriniň arsyny açdy-da, onuň dilini gömeýiniň deňinden atagzy ýaly barmaklary bilen berk tutup çekdi. Hassa bir «häh» edip goýberdi-de, yňrandy. Dawut goşlaryny dörüşdirip, bir çüýşe naşatyr spirtini alyp pamyga siňdirdi-de, oglanyň burnuna ysgatdy. – Hiňh! – Taýly gözüni açdy-da elek-çelek etdi! – Hany, maşyn! Näme boldy? – diýip samyrdady. Artyk aga: – Bak-any, munuň ýadyna maşşyn düşýe – diýdi. Dawut keselliniň üstüne ýukajyk ýorgan ýapdyrdy-da bir gyrada haýran –birýan bolup, aňkarylyp oturan Artyk aga: – Indi hyzmat siziň bilen, üç günläp ýerinden turmasyn. Meýdany, iýgi-içgisi düşeginde bolsun. Tapsaňyz gögerçiniň etini çorba edip, unaşyjyk edip, şeýlekin, azajykdan, azajykdan iýdiriberiň. Men her gün bir sapar gelip giderin, sag boluň! – diýip, goşlaryny alyp eýwana çykdy. Şol wagt işige etrap merkezinden «Tiz kömek» maşyny gelip saklandy. Ondan pökgi adam bilen sürüji çykdy – Näm bold-aý! – diýip, pökgi doktormy, feldşermi, birisi, edil bişen ullakan garaly ýaly gözlerini eýwanyň yşygyna lowurdadyp, arkaýyn sorady. Artyk aganyň ogluny maşyn kakypdyr. – O-h-oo! Şol Artyk baýyňmy! Ba-a! Hezillik bar diýsen-e. Olar güpürdeşip içeri girdiler. Dawut jaýyň burçundan öwrülen ýerine Artyk aga onuň yzyndan ýetdi. – Oglum, Dawut jan, bala, olar ony pese alyp gitjek diýýeller-ä. Men näme diýeýin. Dawut gapdaldaky sütüniň depesindäki çyranyň ýagtysyna naçarlap balkyldap, ertirki tekipbirlikden, bihaýalykdan nam-nyşan galmadyk gözleri gördi. – Ýok, indi gymyldatmasalar gowy bolar. – Boldy, oglum, sen näme diýseň, şol bolar – Ol yzyna ýüwrüp barşyna:– Men şeý diýibem aýdaýyn, bolýammy!.... Dawut uly ýoldan geçip, bende tarap öwrülende «Tiz kömek» maşyny yrgyldap, etrap merkezine tarap geçip gitdi. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap -25: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek / roman - 13.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -10: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -33: romanyň dowamy - 14.12.2024 |
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -10: romanyň dowamy - 18.09.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -19: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -7: romanyň dowamy - 02.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |