19:54 Dirilik suwy -16: romanyň dowamy | |
4. «Tyg ýarasy biter, dil ýarasy bitmez» Halk nakyly. «Tutuş bedeniň saglygy eliň arassalygyna baglydyr» Häzirki zaman lukmançylygynyň tejribesinden. «Hassany soramaga baryp gelýänçäň demiň sanalmazmyş» Halk ynanjyndan. «Limon suwy bilen narpyz aşgazan derdiniň bire-bir eýidir» Gündogar tebipçiliginden. Dawut lukmançylyk institutynyň ikinji kursuna birhilije keýpsiz başlady. Ýogsa, o diýen keýpi bozular ýaly, geçen ýyldan öýke eder ýaly beýle bir alyp barýan zadam ýokdy. Ol gyş kanikulynda obada boldy. Klasdaşy Taýlyny bir beladan halas etdi. Kakasynyň, ejesiniň derdine melhem etdi. Atasynyň, daýysynyň, daýzasynyň, uýalarynyň, başga-da giden il-günüň alkyşyny aldy. Obada endam owkalap derdi dep etmekde at aldy. Il-gün, obadaşlary Toýly öküziň lukman oglunyň bardygyna göz ýetirdiler. Ol özüniň bu dünýäde bardygyny ilki bilen obadaşlaryna bildirdi. Soň okuwyna gaýdyp, tä tomsa çenli başyny galdyrman okamak, öwrenmek bilen boldy. Dawut heniz hakyky medisina ugrundan gönüläp okadylmasa-da, bu uly dünýäniň her bir ugrundan girişi, çykyşy gördi. Ol häzirem özüni bir ýere wraç edip ugradaýanlarynda-da, islendik ugurdan-da başyny çarap biljek derejä ýetipdi. Ol tomusky sesiýadan hem diňe bäşlik bilen geçdi. Bir bolan zat, Lora daýza ondan ogly, adamsy türmeden çykyp gelýänligi üçin otagy boşatmagy towakga etdi. Dawut tutuş bir ýylda bu otaga ýygnan goş-golamlaryny elin maşynda oba ugratdy-da özi institutyň Russiýanyň Smolensk oblastyna gidýän gurluşyk toparyna goşuldy. Kim gurluşuk toparyna gitse, oňa umumy ýaşaýyş jaýyndan ýer berilýärdi. Ol Smolensk oblastynda täze bir üýtgeşik dünýäni gördi. Giden tokaýlar, olaryň aralygyny tutup ýatan mawy köller, tereň derýalar Dawudyň dünýäsinde täze dünýä açdy, Ol ömründe görmedik ajaýyp gözelligine duşdy. Şol tokaýlaryň töwereginde ýaşaýan adamlardan dermanlyk otlaryny ýygnamagy öwrendi. Dermanlyk otlary barada çap edilen kitaplar bilen tanyşdy. Smolenskiniň gapdalynda gurulýan maldarçylyk kompleksiniň gurluşygynda janyny gaýgyrman işledi. Şeýdibem, awgust aýynyň ortalaryna Aşgabada gaýdyp geldi. Ol bu sapar oba-da gitmedi. Ýöne Sewiliýäniň işleýän ýerine baryp, ýüzüni, saçyny timarlatdy. Olara institutyň umumy ýaşaýyş jaýyndan ikinji gatdan dört adamlyk otag berdiler. Onuň ýoldaşlarynyň ikisi Etrek etrabyndandy. Biriniň ady Maşal, biriniň ady Kürendi. Üçünji oglan Türkmengaladandy. Onuň ady Meýdandy. Oglanlaryň üçüsem üçünji kursa geçipdiler. Otaga Maşal beýemçilik edip başlady. – Eý, doşžanlar, hany, her haýssyňyz ýigrimi manatdan ganyň orta. Meýdan şobada garşy boldy. – Nätdiň-äýt! Ol haw, meniň pikirimçe, bijaý gala bolýar-dämäý, galanynam özüňiz biliň. Meniňkä aýtmak. Dawudyň müň manada golaý puly bardy. Şonuň üçin ol sesini çykarman diýlen puly stoluň üstünde goýdy. Maşal Dawudyň owadan, nurana ýüzüne ejizlik bilen seretdi. – Doşžan, sen özüň nireden? Dawut etrabyny aýtdy. – Kakaň kim bolup işleý-ýe? Häzir-ä ýarawsyzrak, kakamam, ejemem işlänok. Ýarawsyzrak adamlar-da. – Ba-a! Şondan soň Maşal Dawuda eýemsiräp başlady. Asyl, ol Dawut saý sebäp bilen eýwana çykanda oglanlara: – Munuň-how, gedaý eken-ä, götüne depip işlederis. – Ol erbet-erbet sögündi.-Hemme işi şoňa etdirişime seret. Eddil, bajyjygyny iki eplärin.... Onuň bu gepi Dawuda ýaramasa-da, ol sesini çykarmady. Ol otaga girensoň Maşal oňa azgyryldy. – Eý, sary jüýje, sen iň kiçimiz, okuwda-da bir kurs aşak. Ata-enemiziň wezipesi boýunça-da.... Şoňa görä, bazardan iýmiti, azygy sen getirersiň. Her birinji gün, bäşinji gün nahary sen bişirersiň. , iki günem poly ýuwarsyň. Başga-da ýumuş bolsa, sen ylgarsyň! Dawut razy boldy. Maşal Dawudy mahlygrak, näme diýseň «bor» diýip duran alasamsygrak gördi. – Häzirem ikimiz bazara gidýes, ýöri. Ol Dawudyň öňüne düşüp, ýolboýy igene-igene, uniwermaga aýlandy, soň rus bazaryna aýlanyp, gazança, saç, dört sany uly, dört sany kiçi tabak, bedre, tas, çemçe, wilka, kir sabyn, elektrik çäýnek ütük, ütügiň aşagyna galyňja pokriwal, stoluň üstüne klýonka, aý, garaz dört adama tutuş ýyllap gerek bolaýjak zatlaryň ählisini satyn alyp, olary Dawuda göterdip, ýene igene-igene ýaşalýan ýere getirtdi. – Indi, bally, sen maşşarlyp, ýedi çaganyň ejesi ýaly bolup oturma, bar, bazara gidip şulary satyn alyp gel-de, nahar bişir. – diýip, edil bir gyrnagyna buýran ýaly heňkirdi. Dawut koridora çykansoňam: – Dogry-daý, byjagazy, güjükliginden dalamaly. Aňkaw samsyk eken. Muny edişşigime seret. Dawut bazara ylgady. Bazar umumy ýaşaýyş jaýyndan kän bir daş däldi. Ol çörek, pomidor, kortoşka, sogan, mäş, nohut, makaron ýaly zatlardan ýüklendi. Ol öz puluna ýumurtga, tutuş bir bogy kolbasa, iki sany goýaldylan süýt bankasyny, gowy süýji, çaý, bir banka bal, ýarym kilogram peýnir bilen mesge, dört sanam käse satyn alyp, sähel salymda ýüklenip geldi. Ol gelende Maşal gara dere batyp, uwlap ýatyrdy. Meýdan bilen Kürenem onuň maňlaýyna el süpürgiji ölläp goýýardylar. Oňa analgin içirmek bilen başagaýdylar. Dawut Maşalyň ýüzünde kesel alamatyny görmedi-de, sähel salymda mesge atyp kolbasa daglap, onuň üstüne ýumurtga çakdy, pomidor dogrady. Stoluň üstüne çaý, çörek, konfet, goýaldylan süýt, peýnir getirip goýdy. – Hany, oglanlar, täze otagymyzy gutlalyň, hany, geliň çaý içeliň. – Ol käselere çaý guýdy. Oglanlar beýle bolar öýtmedik bolara çemeli. Iýip-iýip, gözleri ýerine geldi. Maşalyň derdini Dawut bilen eken. On Aşgabada geleli bäri aç gezip ýörüpdir. Ony horlan açlyk bolup çykdy, ýöne Dawut oňa: – Maşal sen süýji keseliňem barlat – diýip, maslahat berdi. Maşalyň gahary gaty gelip, onuň üstünden düşdi. – Näm-ow tentek, sen maňa sahyryň bar diýjek bolýamy? – «Aýawlyny Alla aýar!?» Maşal göwnüýetmezçiklik bilen güldi. – Näme diýýeller. «Bu günki serçejik düýnki serçä jüýk-jüýk öwreder» diýýellermi? Sen agzy saryja serçejiksiň, bally. Işiň bilen boluber. Maşal dädeň kimdigini ynha bilersiň. Ol ýene ikkije günden Etrek etrabynyň baş wrajy. Leýlin golhozynyň baş weteranarynyň nowbahar ogly. Raýispolkomyň ýegeni! Tanamasaň tanap goý, şular saňa azmy, ýa ýene aýtmalymy. Özüňem gap-gaçlary derrew ýygna. Şonynam, ýuwup, gül ýalçak edip ýygna! Men kursdaş gyzlary çagyrjak şu tak.... Dawut güldi. – Maşal, gatrak doýaýdyňmy? Ýaman poküläp başadyň-la-how. – Sen, eý, jüýjejik, näme diýjek bolýaň? Dawut ýylgyryp oňaýdy. Maşal diýeni bilenem oňman gelip Dawudyň egnine ýelmäp goýberdi. Ikinji saparam oýun eden bolupmy, ýa çynymy, elini galdyrdy. Dawut çalasynlyk bilen öwrüldi-de, Maşalyň iki bykynyndan edil bugdaý dessesini göteren ýaly edip, onuň bil kemerini işigiň gapdalynda duran köne şkafyň burçundan ildirip goýdy. Maşalyň ýüzi duw-gyzyl boldy. Ol aýaklarynyň ökjesi bilen şkafy depirjikläp: – Goýber, eý, eneňi s.... häzir öldürin. Häzir bajyňy s...., goýber. Bu söz Dawudyň ömründe ilkinji sapar degnasyna degdi. Öl edil bir top oky ýaly agyr ýumrugy bilen Maşalyň agzyna ýelmedi. – Eger ýene bir sapar sögseň, kelläňi mynjyradaryn. Meniň seniň ýaly baş lukman boljak aladam ýok! Şondan soň hiç kimden ses çykmady. Ýöne Küren oturyp bilmedi. – Goýuň-haw, dawaňyzy – Ol ho-ol ýokarda çabalanyp duran Maşaly halas etjek bolup, oňa bakan ýöneldi. Dawut onuň öňüni saklady. – Eger şoňa degäýseň, özüňem şonuň ýanyndan asaryn. Hany, göreýin, eliňi bir degir şoňa! Küren takwasyran boldy. – Eý, bally, özüňden ula beýle zulum etmek namartlyk bolar! Dawut onuň ýüzüne seretdi. – Sen häli ol maňa agzyna gelenini diýip duranda bu sözleriňi tapaňokdyň-a. Ýa meni ýumruklap duranda juda hoşaldyň-la. Indi, ne beýle takwa bolaýdyň. Men başgaňam, kursuňam, ýaşyňam bilemok. Şu otagda dyrnak ýaly adalatsyzlyk bolsa, men oňuşmaryn. Şu gep hemmämize-de degişli. Dawut otagyň poluny ýalpyldadyp ýuwdy. Krowatlaryň, şifoneriň, penjireleriň tozanyny süpürdi. Stoluň üstüne klýonkany deňläp ýapdy. Bazardan getiren azyklaryny ýerledi. Soň sesini çykarman Maşaly aşak düşürdi. Maşal edil bir ýaraly arslan çagasy ýaly bolup Dawuda topuldy. Dawt ony iteläp goiýberenden ol ýere ýazyldy-da, krowatlaryň biriniň aşagyna ýüzinlihine süýnüp gitdi. – Dawut onuň bilinden berk basyp: – Sen-ow, gaty gowja bolmasaň, seni eýwandan aşak zyňaryn. – Eşidýäňmi? Meýdan Dawudyň elinden tutdy. – Dawut, sen onuň bilen deň bolma. Onuň häsiýeti gopbam. Ol geçen ýyl maňa-da kän azar berdi. Goý, gitsin, goýber. Dawut gyra çekildi. Hiç kimiň ýoklugyny bilip ol kellesini krowatyň demirine ura-ura onuň aşagyndan çykyp koridora bardy-da: – Häzir men oglan getirip, senjagazy eduişime seret – diýip düňderilip gitdi. Kürenem onuň yzy bilen, çykyp gitdi. Içeri gum-gukluk boldy. Dawut otag böwşeňleşenden soň ýene bir sapar poly howlukman, tomus abatlaýyş geçirilende galan-gaçan suwagy-beýlekinem syryp, süpürip, gaýtalap-gaýtalap, ýuwdy. Içeri öňküdenem arassalandy. Ol şkafyň içini tertipleşdirdi. Onuň içiniň, üstüniň, daşynyň kirini, tozanyny sabynly suw bilen howlukman ýuwdy. Soň goňşy otaglara baryp gördi. Şonda käbir otagda kiçiräk sowutgyjyň, käbirinde bolsa telewizoryň, radionyň hem bardygyny gördi. Şolary görensoň komendanty tapyp, onda rugsat alyp, öz puluna kiçiräk sowutgyç, kiçijik radioprýomnik, owadan, kaşaň stol lampasyny, sagat, ýüz görer ýaly uly aýna, penjirä tutar ýaly tutylyk ownujak gülli galyň mata, tuty asar ýaly asgyç, çüý, çekiç satyn alyp geldi. Tutyny asdy, azyk önümlerini, sowutgyçda ýerleşdirdi. radioprýomnigi çalaja açyp goýdy-da, galyň depderini başyndan açyp okamaga başlady. Meýdan öz krowatynda, Dawudyň edýän işlerini görmeýän-bilmeýän ýaly bolup ýatyrdy. Ol birden ýerinden turdy-da: – Mun-a edil öý ýaly edäýdiňmi? – diýdi – Gaty gowy boldy. Owadan boldy– diýip begenjine güldi. Soň öz krowatyny ýygnady. Dawut bolsa beýleki ýoldaşlarynyň üstünde agnaşyp, şol durşuna taşlap giden düşeklerini göwnübir ýaly bolup ýygnap, gül ýaly edip goýdy. Bu waka bir hepde mundan öň bolupdy. Indi okuwyň başlanmagyna iki gün galypdy. Bu ýyl birinji sentýabr birinji güne düşýärdi. Dawut bilen ýaşaýan oglanlar başda «ederis» diýen işleriniň hiç birinem edenokdylar. Dawut şu otag üçin dört ýüz manada golaý pul harçlap, ony adam ýaşar ýaly derejä ýetirdi. Indi bu otaga men talyp diýip, islendik myhmanyňy getirip boljakdy. Emma oglanlar bu otagda edil bir han ýaly ýaşaýardylar. Dawut bazara gidip, öz puluna iýmek-içmek alyp gelip, ony bişirýärdi. Ertir gaty ir turany üçin, özi üçin çaý goýýardy. Çäýnegi demländen soň, ýoldaşlaryna-da hödür edýärdi. Nahar bişirende-de şeýledi. Şu otagda naharyň bişmeýän, gelene-gidene hödür-kerem edilmeýän güni ýokdy. Ol düýn özüne birinji sentýabrda geýer ýaly ak köýnek, köwüş almaga gidende, gelse, sowutgyç boşap ýatyrdy. Onda on sany ýumurtga, ýarym kilogram mesge, ep-esli kolbasa, bir banka goýaldylan süýt, iki litrräk, gaýmak, bir litrlik bankada üstünden bir bulgur alnan erik şerbeti, iki sany türkmen çöregi, sowutgyjyň aşakky gözünde ep-esli sogan, kortoşka, käşirem bardy. Ol soraýyn diýse, Maşalam, Kürenem onuň bilen gepleşmedik bolýardy. Meýdan bolsa: – Şolardan başga kim bolar öýdýäň. Bärden äkidip, başga bir otagda doglan gün bellediler öýdýän! – diýdi. Dawut oglanlyk etdi-de, Maşalyň ýatan krowatynyň burçuna batly depdi. – Hany, ikiňizem turuň! – Nämäý– diýip, Maşal gözüni owkalan boldy. – Nämesi şol, men indi bir hepde bäri öz puluma azyk getirip sizi bakyp otyryn. Hany turuň-da, sowutgyjy iýmek-içmekden dolduryp, nahar bişiriň. – Nahar bişirmände näderkäň? – Nahar bişirmejek bolsaň, güm boluň otagdan. – Nämäý, otag seniň ataň otagymy! Wobçe, sen özüň kim-eý! – diýip, Küren ýerinden laňňa galdy. Dawut ony bir penjäni uranda bagyrdadyp ýatan ýerinden poluň üstüne taşlap goýberdi-de, garnyndan basdy. – Men häzir saňa kimdigimi görkezeýinmi! Edil diliňi gömeýiniňden soguraryn. Näme seniň puluň pul, janyň jan, meniň pulum pul däl, janym jan dälmi?! – Ol Düýrügip ýatan Maşalam eliniň tersi bilen çalyp goýberdi. Şu günden beýläk, sowutgyçdan bir tilisgejik zadam alsaňyz. Men siziň öz deriňizi soýup, dogram-dogram edip sowutgyja salar goýaryn. Indem, güm boluň şu otagdan. Ol oglanlar çykyp gideninden soň, içerini gül ýaljak edip ýygnaşdyryp durka, talyplar geňeşiniň geçen ýylky başlygy bilen, ýaşaýyş jaýynyň şu topbagynyň komendanty Otuzbaý diýýänleri geldi. – Näm boldy, aýt, näm boldy? Näm diýp gyrlyşýaňňyz, hany aýt. Bu näme! Dawut elindäki pol ýuwulýan esgini bedrä atdy. Komendanty eýwana çagyrdy. – Şol sowutgyç azykdan düýnem doludy. Ine, indi seret. – Näme bardy? Dawut sanap başlady. – Düýn men öz puluma bazardan gidip ep-esli zat alyp, sowutgyjy dolduryp goýdum. Ine, indi özüňiz görüň, muny ýa puluny tölesinler, ýa alan zatlaryny getirip ýerinde goýsunlar. Bolmasa men olary göni rektora aýtjak. Otuzbaý gözüni mölertdi. – Türkmen oganlary bolup, bir sapar bolan zat üçin, garnyňyzyň dawasyna rektory goşmaga utanjak dälmi? – Howwa-laý! – Wah bir sapar däl-dä. Indi on gün bäri men bizar boldum. Sen gowusy meni başga otaga geçir. – Menem –diýip Meýdanam gapdaldan gepledi. – Bular bilen menem bile ýaşap biljek däl. Otuzbaý aljyrady. – Mende, näme, onuň ýaly otag üýşüp ýatyrmy näme!Ýaşaberiň, ol arz edip gelenleri yzyna düşürip alyp gitdi. Dawut bu boluşyna utanyp gitdi. Soň ol bu zatlary owarram edip, ýene täzeden bazara bakan ugrady. Ol bazara ýetip barýarka agyr oýa batyp gelýän ýaş, owadan aýalyň deňinde sakga durdy-da: – Albina Nikolaýewna! – diýip begençli gygyrdy. – Albina Nikolaýewna! – Wy mne? – diýip, haýran galyp sorady. Ýüzi-gözi ediljek ýaşajyk gyzjagaz ýaly, elindäki toruny ýeňlijek göterip barýan aýal geň-taň galyp, özüne ýüzlenilýän tarapa täzeden garanjaklap, aňkarylyp galdy. Onuň öňünde owadan ýüzli, gara näzik saçlary gapdalyna daralan, gözlerinden nur dökülip duran ajaýyp bir ýigit ýylgyryp durdy. – Da, Albina Nikolaýewna mem! Men seni .... Dawut ony gujaklady. – Lena jan gurgunmy, Wadim Sergeýewiç sagmy?! Bu sowallar wagtyndan ol owadandan näzik aýalyň ähli ynjysynyň üstüni sypalap goýberipdi. – Skažyte, kto wy? Ýa was ço-to, ne pomnýu! Dawut ol aýalyň toruny elinden aldy. – Men Dawut, «Akgaýa!», «Gargyly gysy!» Bag! Wodapat! i tam, malinkiý, bolnoý malçugan! – Da! Da! – Şol oglam men! Men – Dawut! – Sen gaty üýtgäpsiň, Dawut. Sen bu ýerde näme işleýäň? – Men medinistituta okuwa girdim. Häzir ikinji kurs. Şujagaz ýerde, umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan. Ol aýal gapdala, gyrada duran oturgyja geçip oturdy-da gürrüň bermäge başlady. Ol hem aglady, hem gürrüň berdi. – Lena jany ilki bir ýylan çakdy. Ondan ýaňy bir gutulanda, ikinji ýylan çakdy. Gyzjagazym şondanam gitdi. Onuň mazary şol serhet galasynda galdy. Wadim Sergeýewiç serhetde serhedi bozujylar bilen ikitaraplaýyn atyşyk bolanda aýagyny aldyrdy. Onsoň, ol inwalid bolup, menem pensiýä çykyp, Aşgabada gaýtdyk. Indi iki ýyldyr, onuň aýagyny kesensoňlar, süýji keseli gozgady. Häzirem öz hajatyna zordan baryp gelýär. Onuň doganoglan agasy bar. Eşitseňem eşidensiň, akademik – özi wraç, neýrohirurg. Smirnow diýýändirler. Ine şujagaz ýerde ýaşaýar. Biz şonuň goňşusy. Dawut ondan Smirnow barada sorady. – Akademik diýýäniňizmi, wraç diýdiňizmi? Albina Nikolaýewna baş atdy. – Neýrohirurg! Onuňam ogly-gyzy ýok. Bir aýaly ikisi. Onuň ady Boris Leonidowiç! Olam indi ýaşy birçene baran adam. Öz wagtynda öňüne adam geçirmedik neýrohirurg. Aýalyna Ludmila Erastanowna diýýärler. Birini ogullyga alypdyrlar, olam olardan aýry, öz maşgalasy bilen ýaşaýar. Şoňa-da özüň ýaly, göz-gulak bolup biljek bir oglan gerek. Olar ep-esli wagt gürleşip oturyp, soň ýerlerinden turdylar. – Ýöri, men saňa bolýan ýerimizi görkezeýin. Daş däl, agşam-ertir geler-gider durarsyň. Olar tirkeşip medinistutyň gündogar gapdalyndaky Kalinin köçesi bilen Birinji maý köçesiniň çatrygyndan gündogara bir jaý geçip, iki jaýyň arasyndan içeri girdiler. Žukowskiý köçesiniň geçelgejiginiň 19-njy ýaýyna bardylar. – Ine, şu howly akademik Smirnowyň öýi. Soň olar howla girmän yzlaryna gaýdyp, çatrykdan gündogarlygyna ikinji üç etaž jaýyň ikinji girelgesine girip, ikinji gata çykdylar. Albina Nikolaýewna gapynyň jaňyny basdy. Içerden hiç kim çykmady. Albina Nikolaýewna bukjajygyny gyssanmaç açyp, aljyraňňylyk bilen açaryny aldy-da, gapyny açdy. Olar içeri girdiler. Wadim Sergeýewiç aşhanada eken. Ol stolda oturan ýerinden başyny naharly tabakdan galdyrdy-da: – Geldiňmy? Getirdiňmi? – diýip, ýene-de, garbanmak bilen boldy. Albina Nikolaýewna Dawudyň elindäki tory aldy-da, – Gel, geç! – diýip, mürehet etdi. Soň: – Wadimçik, bu oglany tana hany?! – diýdi. Wadim Sergeýewiç başyny tabakdan galdyrdy-da, Dawudyň ýüzüne gözlerini mölterdip seretdi. – Öz-ä tanyş. Zastawada gulluk etdiňmi? – diýip, göwünli-göwünsiz sorady. Ol Albina Nikolaýewna:– Ahyry, gowjasyny tapypsyň. Haladym. Gowy oglan eken – diýip, çyny bilen aýtdy. Albina Nikolaýewna güldi. – Eý, samsyjagym, bul oglan Akgalaly, ýadyňa düşýärmi, ker, lal babaý, onuň ýanynda kirlije oglan barmydy!Bu oglan, şol-Dawut. Medinstituta okuwa giripdir. Meni Teke bazaryň ýanynda özi tanady. Wadim Sergeýewiç Dawuda tiňkesini dikip, turjak ýaly etdi-de, gapdala söýelgi goşa pişegini alyp, goltugynyň aşagyna salyp, kynlyk bilen ýerinden turdy. – Dawut diýdiňmi?! Ajaýyp ýigit bolupdyr. Ony biziň Lenoçkamyz söýüpdi! – diýdi-de, barmaklaryny köne, galyň äýneginiň aýnalarynyň aşgyna salyp owkalady. Aý, al kakmyş. Men bolsam saňa nämeler diýip durun, Albinuşka! Olar salamlaşdylar. Wadim Sergeýewiçiň çep aýagy çatalbynyň aşak ýüzünden ýokdy. Ol aýagyna kakdy. – Bular bolgusyz zat. Ýöne, men indi hiç doýup bilemok. Günde alty sapar iýmeli. Hersinde elli gramçik bilen. Bolmasa bolanok. Albina Nikolaýewna aşhana girip ara goşulyp, baş atdy. – Bolmasa, edil ýaraly gaplaň ýaly, gahardan titräp dur. – Meniň bu keselimiň gowy ýerem bar. Maňa içmek bolýar. Wraçlar. «iç» diýýärler. Içsem aşgazan asty mäz gyzyp, gowy işleýär.... Olar aşhanada oturdylar. Wadim Sergeýewiç ýene bir bulgur gönderdi. Soň ol Dawuda ýapyşdy. – Meniň söýgüli oglum. Meniň Leniçkam seni nähili söýüpdi. Sen şony bilýärmiň? Bileňok. Sen onuň ilkinji söýgüsi. Ol on ýaşynda seni edil on ýedi ýaşly Žulýetta bolup söýdi. Emma ýylanlar oňa ýaşamaga bermedi. Men onuň ary üçni ýüz ýylan gyrdym. Ah, Lenoçkam, eziz balajygym.... Ol ses edip aglady. Gapy kakyldy. Içeri orta ýaşlaryndaky hortap, görmegeý aýal girdi. – Wadim, goý, hany, goýsan-a! – diýdi. Ol Albina Nikolaýewna bilen Wadim Sergeýewiçi öz otagyna göterip diýen ýaly geçirdiler. Ýöne onuň pişeklerini alyp gitmediler. Olar gaýdyp gelensoňlar Albina Nikolaýewna Dawudy Lýudmila Erastanowna bilen tanyşdyrdy. Onuň kimdigini, niredendigini, özleriniň ony nireden, nähili tanaýandyklaryny, ýaňy bazarda olaryň nähili duşuşandyklaryny, kimiň näme diýendigini, özüniň oňa nämeleri aýdandygyny ýeken-ýeken gürrüň berdi. – Özi tanaýdy. Men asl-da tanajak däl. Huşam, ýatkeşligem, ýitiligem gidipdir. Adamlaryň ýüzüne seretmedigime-de, ep-esli ýyl bolupdyr. – Wah, sen ýene ýagşy. Men Borisi taşlap bazara-da çykyp bilemoga! Orta çaý, çaý bilen iýip, içer ýaly odur-budur geldi. Gezek Dawuda ýetdi. Ol özi barada gürrüň berdi. – Sen rektoryňyzyň başga işe geçirilip, ýerine başga adamyň geçendigini bilýänsiň! – diýip, Lýudmila Erastanowna sorady. – Ýok. – Zyýany ýok. Bu geçenem göz doktory, akademik, professor. Saňa zyýany ýetmez. – diýdi. Bu aýallar Dawudyň nurana didaryna, nur dökülip duran gözlerine, ap-akja ýüzüne, ellerine edil bir gaýypdan düşen perişdä seredýän ýaly bolup seredişip, oňa mähribanlyk bildirýärdiler. – Sen sanjym, owkalamak ýaly ugurlardan heniz baş çykarýanam dälsiň?! – diýip, Lýudmila Erastanowna gynanç bilen sorady. Dawut «çykarýan» diýip ynamly aýtdy. – Men edil meýdan ýerinde operasiýa edip bilmerin öýdýän, onsoňam, çaga dogurdyp göremok. Galan bejerişden başym çykýar. Ol Lýudmila Erastanownanyň ýüzüne garady. Siziň dalagyňyz sowuklapdyr. Şol siýdik haltany çekýär. Şonuň üçin siziň peşew ýollaryňyz siýdigi gysýar. Siz ony böwrek sowuklandyr öýdüp gorkýaňyz. Gorkmaň. Umumanam, sizde newrologik gorky bar. Ol size ukyňyzy gowy almaga päsgel berýpär. Onsoňam, sizde juda başyna goýberilen ýadawlyk bar. Bularyň barysy jemlenip, size ýürek agyry, gan basyşyň ýokarlanmasy, ukusyzlyk, iň ahyrynda-da gany azlyk keseli ýaly dertleri beripdir. Size rahatlandyryjy emleri etmeli. Ol agzyny açyp, özüne haýran galyp oturan Lýudmila Erastanowna edilmeli emleri sanap berdi. Häziriň özünde baryň-da on iki damja karwolol içip, bäş-on minut gyşaryň. Soň.... Ol Albina Nikolaýewnanyň ýüzüne garady. – Albina Nikolaýewna, siziň böwrekleriňiz agyryp, agyryp, indi ýürege-de agram salyp başlapdyr. Organyzmda suwy çykarmaga, böwrege, goldaw bermäge ýüregiň güýji ýetenok. Edil Lýudmila Erastanownanyňky ýaly, sizde-de, nerw ýadawlygy, ukusyzlyk, biderek aladaçyllyk, ukuda surnukma bar. Sizem her günde üç wagtyna ýigrimi damjadan karwolol içip, az-kem dynç alyň. Siz juda ýadaw.... Dawudyň bu sözleri aýallaryň derdine derman boldy. Olaryň her haýsy Dawudyň bir elinden tutup, onuň ýüzüne togap edip başladylar. – Dawit jan, sen bize melhem et. Biz hakyndan gaçmarys. Sen umumy ýaşaýyş jaýam diýme. Bizde ýaşa. Bir otagymyz boş. Men saňa şony bereýin. Üstesine, her aýda ýüz manat hakam töläýin. Maňa-da, Boris Leonidowiçe-de günüň dowamynda göz-gulak bolar ýaly bir adam gerek. Bolar diý! Albina Nikolaýewna hem oňa ýalbardy. – Sen çekinme, edil öz oglumyz ýaly edip saklarys. Sen ýöne sanjym edip, bize käwagt göz-gulak bolsaň bolar. – diýdi. Dawut aýallaryň endamyny owkalap berdi. Soň howla düşüp, baryp Boris Leonidowiçi turuzyp, onuň bilen çalarak tanyşdy. Soň onuňam endamyny owkalap, damaryndan sanjym edip berdi. Boris Leonidowiç ýaşy bir çene baran hortap, az gepleýän, seýregräk gaşlary ösüp, gözüne düşensoň, häli-şindi, aýasy bilen gaşlaryny ýokarlygyna sypalap goýberip oturan akylly, bir wagtlar nurana, dogumly, bolandygy bildirip, inden ýüregagyrydan ejir çekip, olam demgysma ýazan adam eken. Ol sähel maý tapdygy stoluň başyna geçip, hatyna dümtünýärdi. Onuň stoluň aňyrsynda ýumruk ýaljak bolup, dümtünip oturşy hiç görlen zat däldi. Ol Dawudyň nurana didaryna, eliniň ýakymlylygyna, hoşamaýlygyna seredip, aýalyna: – Bu hazynany nädip ele salyp bildiňiz?! – diýip ýylgyrdy. Dawut bu adamyň garşysyna geçip oturdy-da: – Siz «nitroglisirin» içip görseňiz näderkä? – diýdi. – Ýüregiňiziň ganynyň suwuklygyny, goýulygyny sazlaşdyrardy. Onsoňam, size hökman günde ýarym tabletkajyk aspirin içmek gerek. Ýaşyly baş atdy. – Özümem şony pikir edýän. – Ol aýalyna gygyrdy. – Lýuda, öýde aspirin barmydyr. – Içerden ses çykmady. – Aý, ýokdyr. Dermanhanadan satyn almaly! – diýip mydyrdady-da, ýene stoluň başyna geçdi. Dawut bu öýe gerek bolaýjak derman-därileri hasaba aldy. Baryp sowutgyjy açyp içine seretdi. Onda birki bölek kelemden, birküç sany pomidordan, hyýardan başga zat ýokdy. Içeri Albina Nikolaýewna girdi. Ol bularyň et iýmeýändigini, arak-şerap içmeýändigini, gök önüm bilen günlerini görýändiklerini aýtdy. – Men bulara bazara baryp bereýin. Ýaşula derman gerek eken. Şonam satyn alaýyn. Size-de näme gerek bolsa, aýdyň, getirip bereýin.... Albina Nikolaýewnnyň ýüzi gyp-gyzyl boldy. – Dawit jan, sen Wadim Sergeýewiç üçin on çüýşe «Wodka» getirip bilmezmiň?! Sen gelýänçäň, men nahar taýýarlap goýaryn. Maňa-da nerwlerimi rahatlandyryjy dermanlary alaýsaň.... Ol Dawudyň eline ýüz manat pul tutdyrdy. – Ýok, mende pul bar. – Goý, bolubersin. Bulam dursun. Pul köplük etmez. Dawut dermanhana baryp. Kakarbaksalaza. ATF, Neýtroglisirin, Aspirin, nerw gyjynmasyny köşeşdiriji, peşew çykaryjy, gan basyşyňy sazlaýjy, ödi, bagyr, dalak, böwrek sowuklamasyny açmak üçin sanjymlyk dermanlary, ýod, zelýonka, garçişnik, hasa, ýaly häli-şindi gerek bolaýjak däri-dermanlary satyn alyşdyrdi. Soň teke bazaryna baryp, şugundyr, badamjan, kortoşka, pomidor, hyýar, süzme, çörek, alyç, gawun, on çüýşe «Wodka» satyn alyp, şol ýerde aýlanyp ýören bir ýigide göterdip, akademik Smirnowlara getirtdi. Oglanyň eline üç manat tutdurdy-da, goşlary özi içeri salyp, Lýudmila Erastanowna berdi. Arak çüýşelerini Albina Nikolaýewnalara eltdi. Boris Lýonidowiçe günde telim sapar sanjym edilen soň, gaz pejiň üstünde demir gapyrjakda içi iňňe, sanjym enjamlary salnan suw gaýnap durdy. Dawut aýallara dertlerine laýyklap, sanjym edişdirdi. Soň Boris Lenidowiçiň damaryndan oňa wraçyň bellän dermanlaryny, soň özüniň alan ýürek berkidiji, gan basyşyňy sazlaýjy dermanlary sançdy-da Albina Nikolaýewna bilen bile gürleşip oturan Lýudmila Erastanownanyň ýanyna geldi. – Lýudmila Erastanowna, sag boluň, indi men bolýan ýerime baraýyn. Oglanlar nirä gitdikä diýişip oturan bolmasyn! Albina Nikolaýewna ör-gökden geldi. – Ýok, men nahar taýýarlap otyryn-a, nahar iýmän hiç ýere-de gitmersiň. – Ýok, ýene bir gün – diýip, ol näzini artdyrman, gaýta ýylgyrjyklap çykyp barýarka öý bikesi ony saklady. – Dawit jan, gelnimiz Maýa jan bu gün has gijiräk gelmeli. Sen sagat altylarda-da gelip, akademige sanjym edip berip bilmezmiň?! – diýdi. – Gelerin, hökman gelerin.... Ol bu ýerden çykyp, ýene Teke bazaryna baryp, gerek bolaýjak azyklardan ýüklenip otagyna geldi. Otagda oglanlaryň üçüsem bardy. Olar ýüzlerini sallaşyp, düňderilişip ýatyrdylar. Dawut Wadim Sergeýiçi görüp, Maşaly ýatlapdy. «Iýse doýmaýan, ysgyn-mydar ýok, sähel iýmese, ýaraly gaplaň çagasy ýaly däliräberýän häsiýet, gaharjaňlyk, dünýeden nägilelik şol ýowuz kesel sebäpli bolmaly. Ol aşgazan asty mäzleriň guramagy, ondan hiç hili habar bolmany üçin aşgazana barýan iýmitiň öt halta bilen alyş-çalyşygy kesileni sebäpli doýaryny, dolanyny bilmezlik, bagra ganyň geliş sazlaşygynyň bozulmagy sebäpli, gandaky, eresidleriň, roýalaryň kemelip, emeli açlygyň döremegi sebäpli, gan süýjä öwrülip, bagry islemeýän suwklygy bilen gandyrýany üçin, keselli ölüp-öçip ajygýan adam bolmaly. Şol wagtam onuň bedenine doly bahaly gan ýetmän, onuň gözlerine iýmekden başga hemme zat ganym bolup görünýän bolmaly. Men Maşaldan birjigem gaty görmeli däl. Onuň derdini bejermäge kömek etmeli!...» Ol şatur-şutur nahar atardy. Getiren azyk önümlerini boram-boş sowutgyçda ýerleşdirdi. Nahar häzir bolýança çaý goýdy. Bir salymdan stoluň üstüne ýazylan klýonkanyň üstini iýer-içer ýaly zatlardan doldurdy. – Geliň, oglanlar, iýip-içiň! Maşaldan beýlekiler yra-dara bolup ýerlerinden turup, ellerini ýuwup geldiler-de, stoluň başyna geçdiler. – Hany, Maşal, tur, iýip-içeli!– diýip, Dawut onuň elinden tutdy-da, çekdi. Hany, tur. – Maşal Dawudyň ýüzüne gözlerini petredip seretdi-de, bu ýerde öýke-kinäniň, adam oýnajak bolmanyň ýokdugyny görüp, ýerinden turdy. – Maňa bir zat-ha bolýar, endam-janym edil döwülip barýar. Gyzgynymam bar ýaly.... – Hany, iýip-içde, garnyňy doýur, onsoň göräýeris – diýip, Dawut ony azajyk gyssady-Nahary buza döndermäliň. Olar nahar iýdiler. Şondan soň Meýdan has açyldy. – Oglanlar, indi telim gün bäri Dawudyň bir özi çykaryp, azyk getirip, bişirip, düşürip ýör. Bu bolanok. Geliň orta deňje pulam goýalyň. Deňem nobatçylyk edeliň. Bu gürrüňe Küren bilen Maşal hem goşulgy. Dawut Maşalyň ýüzünden, gözünden özüniň «şoldyr» diýýän derdiniň bardygyny, ýokdygyny biljek bolup, assyrynlyk bilen ony synlaýardy. Maşalyň şo-ol iýip oturyşydy. Gantly çaýdanam birküç käse içdi. Şonda-da gözüni iýmitden aýryp bilmedi. – Hany, iý, Maşal. Men siziň üçin bişirdim-ä, Hany, iý!.... Maşal sesini çykarman ýerine geçip gyşardy-da: – Näçe iýsemem edil iýmedik ýal-aý men – diýdi.-Özümem, endam-janym agyryp, edil ölüp barýan. Oglanlar oňa parhsyzlyk bilen garadylar. Emma Dawut oňa dözmedi. – Men bilýän seniň derdiňi. Öýlän özüm derman getirip bererin. Gül ýaly bolarsyň – diýdi. Birigün birinji sentýabrdy. Oglanlar kem-kemden okuwyň ilkinji gününe taýýarlanýardylar. Dawuda birküç sany gowja köýnek, üç sany jalbar, iki köwüş gerekdi. Ol öýlän Sewilýäniň ýanyna gitdi. Sewilýe Dawudy görüp, edil bir telim ýyllap gözi ýolda galan mähribanyny gören ýaly begendi. Gyz aýnap: – Dawut jan, sen näme institutdan gowja bir gyz dagy tapdyňmy, meni unutdyňmy?! – diýip, oglanyň saçlaryny ap-akja barmaklary bilen bulam-bujar etdi. – Hany, geç kreslo, men seniň ýüzjagazyňy gyzlar halamaz ýaly edeýin-le! Ol Dawudyň yssa, jöwza, tomsuň gurak günlerine az-kem gyzaran ýüzüne haýsydyr bir suwuklugy çalyp, onuň burnuny, gulaklaryny, boýnuny yslyja krem bilen owkalaşdyrdy. Oglanyň ýüzündäki suwukluk siňenden soň başga bir krem bilen ýagşy suwaşdyryp, gapdala geçirip oturtdy. – Men saňa äýnek geý diýmedimmi? Sen näme üçin meniň diýenimi edeňok, ýa başga bir gyz saňa «Sewilýäniň diýenini etme» diýýärmi? – diýip, Dawudyň gulagyndan çekip, burnuny pitikläp, aşa hamraklyk edýärdi. Onuň ýoldaşlary bolsa, bu gyzyň mynyň ýaly açylmagyny geň görüşip, ýylgyryşyp, oglana seredişýärdiler. – Sewilýe! – diýip, Dawut gyza seretdi. – Ja-ny-ym! – diýip, gyz näzikden owadanja ýylgyrjyklap onuň ýanyna geldi. – Maňa köýnek gerek-läý. Birigün okuw başlanýar. Öňki köýnelem baram welin, ýöne olary birinji sentýabra geýesim gelenok Sewilýe aýnanyň öňündäki oturgyja gelip oturan ýaş aýalyň saçyna suw pürküp durşuna: – Näçesi gerek? – diýdi. – Üç köýnek, üç jalbar. Iki sany gowja köwüş. Onsoňam, iki sany halat! – Onda sen ertirem bir gel! – diýdi, yzyndanam:– Wiý, ertir dynç günüdir-ow – diýip, Dawutdan onuň ýaşaýan ýeriniň salgysyny aldy. – Men pul goýaýynmy? – Aý, pul, soň.... Sewilýe Dawudyň ýüzüne edil ak ýüpek ýaly edip bejerdi. Saçyny timarlady. Köýneginiň ýakalaryny düzedişdirip, boýnundan gujaklady-da, maňlaýyndan iki gaýta ogşady. – Ine indi saňa menden başga ýekeje gyzam sereip bilmez. Bar, gidiber! Dawut şol ýerden akademik Smirnowlaryňka tarap ugrady. Ol ilki Albina Nikolaýewalara bardy. Olar öýde eken. – Dawit çik, gel! – diýip, Wadim Sergeýewiç ony şadyýan garşylady. – Sluşaý, seniň owkalamaň maňa derman boldy. Gör indi meniň ýöreýşimi dagyny. Men indi parka baryp, gyzlar bilen tansam edip biljek, ýöne Albinuşka goýberenok-da. Albina Nikolaýewna otagyndan atylyp çykdy. – Baý-bow, Dawut jan, sen geläýdiňmi? Hany, geç, bir käsejik çaý iç. Taýýar nahar bar! – Elli gramçigem bar – diýsene! – diýip, keýpi kök Wadim Sergeýewiç hem gapdaldan gygyrdy. Olar oturyp bir käse çaý içdiler. – Menden agşam Boris Lenidowiçe sanjym edip ber – diýip, aýaly haýyş edipdi. Häzir şolara baraýyn. Albina Nikolaýewna nämüçindir sesini çykarmady. Emma Wadim Sergeýewiç Dawudyň arkasyny kakdy. – Berekella, akademik juda razy senden. Molodes! Dawut sagat alta golaý olara bardy. Işigi onuň aýaly açdy. – Gel, gel, Dawutçik. Akademik garaşyp otyr. Dawut Boris Lonidowiçiň kabinetine bardy. Akademik stoluň başynda, stol çyrasynyň aşagynda ýumruk ýaljak bolup işläp oturan eken. Ol başyny galdyrdy-da: – Gel, oglum! – diýdi. Soň ýerinden turdy-da, ýatýan ýerine geçdi. Krowatynda oturyp:– Hany, dermanlaryň, sanjym esbaplaryň – diýdi. Dawut Lýudmila Erastanownanyň berk gözegçiliginde ellerini spirt bilen ýagşy tämizläp, ýörite jübtek bilen gaz pejiniň üstünde gaýnap duran demir gapurjagyň içinden ilki sanjym enjamyny, sow iňňe alyp, nowokain çüýşejigindan sorduryp, beýleki dermanlar bilen gardy – da akademigiň oturan jaýyna bardy. Akademik aýbogdaşyny gurup oturşyna Dawudyň elindäki dermanlara bakyp, gözlerini ýumup, iki aýasyny biri-birine degrip gara çyny bilen haýsydyr bir dilde doga okap başlady. Ep-esli mahaldan soňam, gözlerini açyp, şol dermanlara başyny egdi durdy-da, soň elini uzatdy. Dawut gojany ynjytmanjyk sanjym etdi. Soň sanjym esbaplaryny ýygnaşdyryp, olary Lýudmila Erastanownanyň eline berdi. Jaýyň içi yssydy. Ol suwsapdy. – Bir bulgur suwuňyz-a ýokdur! – diýip, ol suw sorady. Lýudmila Erastanowna şöl bada bir bulgur sowuk suw alyp berdi. Dawut suwy başyna çekmekçi bolup, bulgury galdyrandan akademik onuň elinden tutdy. – Saklan, beýtme! – Ol ýüzüne aňkarylyp duran ýigidiň gözlerine garady. – Suw Allanyň ýaradan iň keramatly, janly, duýguly zatlarynyň biridir . Şonuň üçin suwy içjek bolanyňda oňa «Eý Allanyň keremini, eziz didaryny gören keramatly suw, sen dertlere şypasyň, seniň keremiňden beýik keremi, men görmedim. Sen meniň teşneligimi gandyr, meniň dertlerime derman bol, baran ýerleriňi tämizle. Menem edil seniň ýaly tämiz bolaýyn!» diýip doga-dileg et-de, soň hemişe, hemme ýerde, şeýdip içgin. Dawut suwy içdi-de ýylgyrdy. – Oglum, sen ýylgyrma. Dünýäniň ýüzünde suw ýaly keramatly zat azdyr. Suw gyzdyrsaň gaýnap bug bolup, gider, sowutsaň öňki halyna geler. Doňdursaň gaty daş bolar. Emma sähel ýylatsaň, ýene öňki halyna geler. Näme reňk ursaň alar. Nahili gaba salsaň, şoňa laýyk bolar. Içseň teşneligiňi gandyryp, Giň gaba salsaň giň bolar, dar gaba salsaň dar bolar, serpip goýberseň, ýere siňer gider. Degen ýerinde kir, yz, toz bolmaz, islendik hapany, kiri suw bilen ýuwup arassalap bolar. Islendik naharyňa suw garmasaň nahar bolmaz. Köp bolsa köl bolar, içi doly yrsgal-bereket bolar. Gaty akdyrsaň onuň öňüni aljak güýç bolmaz, suw bolmasa, ýekeje ir-iýmiş, miwe bitmez, suwy bolmasa baglaram, olaryň miwesem bolmaz. Dünýäni, adamy ýaradyjylar bolan oduň, howanyň, topragyň esasysy suwdur. Suw bolmasa janly-jandar bolmaz. Ot, howa, toprak näçe bolsa bolubersin, emma suw bolmasa, olaryň bitiren işi bolmaz.... Akademik ýassyga derläp, has-has etdi-de, ýassyga gyşardy. – Senem ýadatdym. Sag bol, indi gidip bilersiň. Dawut otagdan çykanda Lýudmila Erastanowna ony stoluň başyna çagyrdy. – Geliň, nahar iýiň! Dawut boýun gaçyrdy-da, ertir gelmegi wadalaşyp, ýaşaýan ýerine gaýtdy. | |
|
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -2: romanyň dowamy - 28.05.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Nur gözellikde, gözellik köňülde - 14.06.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |