15:22 Dirilik suwy - 17: romanyň dowamy | |
5. «Dünýäniň alymlary adamyň ömrüni uzaldyp biljek iýmitleriň sanawyny düzüpdirler we olar şular bolmaly: 1. Bugdaý. 2. Banan. 3. Balyk. 4. Bulgar burç. 5. Alma. 6. Gatyk. 7. Ýer tudanasy. 8. Käşir. 9. Sarymsak. 10. Nohut. 11. Gök çaý. Ylmy žurnaldan. «Buşugmak hajatyňyzy, meýdan etmek hajatyňyzy emeli ýol bilen uzak saklamaň. Bedeniň duýgurlyk endiklerine şikesi bardyr» Gündogar tebipçiliginden. «Her günde iki alma iýýäne tebibiň zerurlygy ýok» Gündogar tebipçiliginden. «Agşam ýatjak bolanda ýumurtga iýip, Ölmän ertire çykyşyňa men haýran, Ertir turup, ýumurtga iýip, Uçman ýörüşiňe men haýran» Gündogar tebipçiliginden. Okuwlar güýçli depgin bilen barýardy. Sapaklaryň köpüsi birinji kursyň dowamy bolup, diňe gistologiýa ýagny gurçuklary öwrenýän, fizhimiýa, medhimiýa, medfizika diýen ýaly dersler geçilýärdi. Ýöne ikinji kursdan keselhanalaryň haýsam bolsa birinde, hökmany işlemelidi. Dawut «Gyzyl gaç» keselhanasynyň birinji iç keselleri bölümini saýlap aldy. Onuň amatlylygy, üç günden bir günä birinji hirurgiýada, ýene bir günen Çary Baýryýewiçiň Birinji hirurgiýa kafedrasynda, nobatçylyk edýärdi. Onuň daşyndan, akademik Smirnowyň öýünde nobatçylyk edýärdi. Akademik oňa her aýda ýüz manat töleýärdi. Birinji terepiýa oňa ýetmiş bäş manat, Çary Baýryýewiçiň klinikasy kyrk manat pul töleýärdi. Onuň öz talyp hakam Gippokrat adyndaky talyp haky bolup, oňa-da ýetmiş bäş manat tölenýärdi. «Fakyltetden Lenin stependiýesini ermeni oglana beripdirler» diýip gürrüň edýärdiler. Dawut onuň näme üçin ermeni oglana berilendigini, pulunyň näçedigi bilen gyzyklanybam durmady. Sebäbi oňa üç ýüz manada golaý pul aňry ýany bilen ýetýärdi. Onuň öňdenem bäş ýüz manada golaý puly bardy. Dawudyň aladalarynyň üstüne, täze bir alada, Sewilýäniň söýgüsem bela bolup ýapyşypdy. Awgustyň iň soňky günüdi. Şonda Dawut günortana golaý akademik Smirnowlara baryp, onuň aýalynyň endamyny owkalady. Soň akademige sanjym etdi. Sonda ýaşulynyň keýpi gaty kök eken . Ol Dawudy ýanynda oturdyp, onuň bilen gümür-ýamyr etdi. – Sen, oglum, wraç boljagyň çynyň bolsa, bir zady pugta belle. Birinjiden, her bir kesselli, her bir kesel, beýleki bir kesellä, ýa-da beýleki şol bir kesele meňzeş däldir. Bu keseli şeýdip bejerdim, bu-da şoňa meňzeş eken diýip, oňa şol öňkini gaýtalaýjy bolma. Kesele anyk göz ýetirseňem, laboratoriki barlagdan geçir. Ýagşy göz ýetir. Diňe şondan soň bejerip başla . Dünýäde näçe keselli bar bolsa, şonça-da başga-başga kesel badyr. Her bir kesel, her bir keselli awtonomdyr. Ikinjiden, şu günlerden başlap bir galyň depder tap-da, kesellileriň ýagdaýynyň nähili bolýandygyny, haýsy keselde reňkiniň, gözüniň, ýüzüniň, halynyň, ylaýta-da dili bilen dodagynyň nähili bolýandygyny, gözüniň görejiniň nähilidigini, ýöreýşini, oturyp, turşuny, gepleýşini berk synlap, şolar boýunça keselli barada netije çykarmagy öwrenjek bolgun. Göz nerwiniň, bagryň, aýnasydyr! Dil-aşgazan, gyzylödek, içege ýaly, iç goşlaryň aýnasydyr. Ýüz bagryň, ödüň, dalagyň, aýnasydyr, Gabak böwregiň, peşew ýollarynyň aýnasydyr. Dodak tutuş organizmiň aýnasydyr. Dodagy göm-gök bolsa, ýüregi barlaber! Dodagyň gyralary gyzgylt, sary öwüsse, onda bagry barlaber. Ondan başga-da garyn çişme, böwür çişme, bagyr, öt, dalak, bagyrda suw bolmagy, bagryň lahtalanmagy.... ýaly keselleri aňlap bilersiň, Eger göz, gabak, ýaňak, dil, dodak, ýüz, egin, boýun häsiýetlerini bütewilişdirip biläýseň-ä, onda bagtyň getirdigi. Sen dertliniň derdini herän haçanam bada-bat takyk kesgitläbem, anyklabam, aňlabam bilersiň. Keselliniň garnynyň häsiýetini, işdäsini, ukusyny hiç wagt ünsden düşürme. Endamy derli bolsa, garny ýumşak bolsa, ukusy, işdäsi kadaly bolsa, içi ýöreýänbolsa, hassany bejermek kyn däldir. Döwük-ýenjik esasan gymyldatma, bedeni herekete getirme arkaly, synlama, synçylyk arkaly bilinýändir. Çykuw – agyryly bolar. Eliňi degireniňden aňarsyň, döwük bedeniň çalam-çaşlygyndan bildirip durandyr. El, aýak, çatalba, aşyklyk, çüýjüklik, aşykly döwülmesi, çykmasy gözüň öwrenişen ýagdaýynyň tersine bolup durandyr. Nerw keselleri aýratyn synçylygy talap edýändir. Göz almasy bilen gabagyň düýbünde üç sany mäz bardyr. Aklyň üýtgemegi, nerw haýallama, gowuşgynsyzlyk, şol mäzjagazlaryň ýeriniň üýtgemegindenem, käte sowuklamagyndan bolup bilýändir. Beýle bolanda, näsag gözlerini agdaryp, dişlerini çeýneýändir. Ol mäzjagazlary jüpdejik ýa-da lukmançylyk demir taýajyk bilen ýerinde goýdugyň, eger zerur hasap etseň penselin, analgin bilen sanjym etseň nerw keselli näsag gutular gider. Düwnük, ak ganlylyk, garahassalyk, gotur, bagryň lagtalanmagy aýratyn gaty uzak wagtlaýyn bejergini talap edýändir. Başarsaň, olary ýörite merkezlerde, ýörite keselhanada bejermegi ýola goý.... Dawut akademigiň bu aýdanlaryny ýadynda berk belleşdirdi. Ol ýaşaýan ýerime baryp, ýörite depdere göçürerin – diýip, otagyna baranda, otagda Sewilýäniň oturandygyny gördi. – Sewilýe! Sewilýe ýerinden turyp, geldi-de, Dawudyň ýatanda-turanda oýuna gelmeýän zatlary edip, ony gujaklap, ogşap başlady. – Dawid jan, mähribanym! Geldiňmi?! Oglanlar gülüşdiler. Dawut näme etjeginem bilmedi. Gyza hiç zat diýibem bilmedi. – Men saňa köýnek, jalbar, köwüş aldym. Oglanlar-a halady. Gowy ýoldaşlaryň bar eken. Hany, indi geýibem bir gör. Dawut utandy. – Ýok-la, Sewilýe, häzir däl. Sen meniň ölçegimi bilýäň-ä. Men ertir geýerin. Gyz haýran galdy. – Wäh, bu samsygy. Birisi azap edip getirenden soň geý-dä. Näme kynçylygy ba! – diýip, Maşal gapdaldan at goşuldy. – Hany, geýip görsene, gowy bolsa bizem alaly – diýip Küren bilen Meýdanam haýyş etdiler. Dawut Sewilýäniň getiren eşiklerini geýip gördi. Bu eşikler oňa juda gelişdi. Ony görüp, gyz ýerinden turup, oglany ýene gujaklap, gata-gaýta ogşady. Dawut egnini silkdi. – Sewilýe, akyllyja bolsan-a! Gyz akylly bolar ýaly däldi. Ol gyzaran owadan, akja ýaňaklaryny nar ýaly edip, Dawuda ýapyşdy. Ony gujaklap durşuna-da: –Dawid jan, ýöri, bize gideli. Ejem seni alyp gel diýdi. Dawut boýun gaçyrdy. – Bu gün däl, indiki dynç alyş güni size bararys, hem bileje kino gideris. Gyz az-kem köşeşse-de, öýlerine gaýtmady. Dawudyň krowadyna geçip, onuň boýnuna gol salyp, arkaýyn oturdy. – A-how, biz çykaýaly! – diýip, Maşal sary sadylla bolup duran hassa ýüzüni sargardyp, kinaýaly söz atdy. – Indi ol seni sypdyrmaýýa. Zorlamagam ahmal! Dawut aşhana çykyp, çaý goýdy. Sewilýe-de, ylgap onuň yzyndan bardy-da ony gujaklap, ogşap başlady. Soň onuň elinden tutup: – Dawid jan, söýgülim, ýöri öýmüze gideli. Meniň seniň bilen bile bolasym gelýar. Jan-a. A-a.... Gidäýeli. Dawut gyzy ölümiň öýünde ugratdy. Soň gijäniň bir wagtyna çenli akademigiň aýdanlaryny galyň depderine ýekän-ýekän ýazmaga başlady: «Birinji, her bir keselli, her bir kesel, beýleki bir kesellä, ýa-da kesele meňzeş däldir. Bu keseli şeýdip bejerdim, bu-da şoňa meňzeş eken diýip, oňa şol öňkini gaýtalap bolmaz. Kesele anyk göz ýetirseňem, lobaratoriki barlagdan geçirmeli. Diňe şondan soň bejerip başlamaly . Dünýäde näçe keselli bar bolsa, şonça-da başga-başga kesel badyr. Her bir kesel, her bir keselli awtonomdyr. Ikinji, şu günlerden başlap bir galyň depder tutup, kesellileriň ýagdaýynyň nähili bolýandygyny, haýsy keselde keselliniň reňkiniň, gözüniň, görejiniň, ýaňagynyň, ýüzüniň, halynyň, ylaýtada dili bilen dodagynyň nähili bolýandygyny, dem alşynyň, seredişiniň, nazarynyň, gözüniň, görejiniň nähilidigini, ýöreýşiniň, oturyp, turuşyny, gepleýşini berk synlap, şolar boýunça keselli barada netije çykarmagy başar.... Üçinji, göz nerwiniň, ýüregiň, bagryň, aýnasydyr! Dördünji, Dil-aşgazan, gyzylödek, içege ýaly, iç goşlaryň aýnasydyr. Bäşinji, ýüz bagryň, ödüň, dalagyň, aýnasydyr, Altynjy, ýaňak inçekeseliň, umuman öýkeniň aýnasydyr. Ýedinji, gabak böwregiň, peşew ýollarynyň aýnasydyr. Sekizinji, dodak tutuş organizmiň aýnasydyr. Dodagy göm-gök bolsa, ýüregi barlaber! Dodagyň gyralary gyzgylt, sary öwüsse, onda bagry barlaber. Dokuzynjy, dodagyň häsiýti boýunça garyn çişme, böwür çişme, bagyr, öt, dalak, bagyrda suw ýygnanmagy, bagryň lagtalanmagy.... ýaly keselleri aňlap bolar. Onunjy, eger göz, ýaňak, dil, dodak, ýüz, egin, boýun häsiýetlerini bütewilişdirip biljek bol!. Şonda sen dertliniň derdini herän haçanam bada-bat takyk kesgitläbem, anyklabam, aňlabam bilersiň.... On birinji, döwük-ýenjik esasan gymyldatma, bedeni herekete getirme arkaly, synlama, synçylyk, sypaň-sermeň etmek arkaly, rentgen arkaly has takyk bilinýändir. On ikinji, çykuw-agyrly bolar. Eliňi degireniňden aňarsyň, On üçünji, döwük bedeniň çalam-çaşlygyndan bildirip durandyr. El, aýak, bil, boýun, çatalba, aşyklyk, çüýjüklik gözüň öwrenişen ýagdaýynyň tersine bolup durandyr. On dördünji, nerw keselleri aýratyn synçylygy talap edýändir. Her göz almasy bilen gabagyň düýbünde üç sany mäz bardyr. Aklyň üýtgemegi, nerw haýallama, gowuşgynsyzlyk, şol mäzjagazlaryň ýeriniň üýtgemegindenem. Onuň sowuklamasyndanam bolup bilýändir. Beýle bolanda, näsag gözlerini agdaryp, dişlerini çeýneýändir. Ol mäzjagazlary jüpdekjik ýa-da ýörite demir taýajyk bilen ýerinde goýdugyň näsag gutular gider. Eger sowuklandyr hasap etseň, şol mäzlere penselin, ýa-da analgin sanjym etmelidir. On bäşinji, ak ganlylyk, garahassalyk, gotur, bagryň lagtalanmagy, süýji keseli, inçe kesel stosianar, ýagny keselhanada aýratyn, uzak wagtlaýyn bejergini talap edýändir. Başarsaň, olary Ýörite merkezlerde, ýörite keselhanada bejermegi ýola goýmaly...» Dawut bulary ýazyşdyranyndan soň oýa batdy. «Akademigiň bu sözlerini dünýäniň hiç okuw jaýyndanam, medisina ensiklopediýalaryndanam tapjak gümanyň ýokdyr. Ondan näçe alyp bolsa, almaly. Onuň her göz almasy bilen gabagyň düýbündäki üç mäz barada aýdanlaram gaty täsin eken. Nesip bolsa, şu gün agşam ony sanjym etmäge baranymda, ol usuly öwrenerin...» Okuwyň ilkinji aýynda Dawuda bu çäreleri agyrragam düşdi. Ýöne, ol kem kemden öwrenişýärdi. Bir akyldar adamyň «öz işleriňi her gün artdyrmagy, çylşyrymlaşdyrmagy endik ediň» diýen sözleri, ýaş oglana kömege geldi. Ol öz işlerini barha çylşyrymlaşdyrýardy. Ýöne ony heläk edýän zat Sewiýäniň erjelligidi. Bu gyz oglany hiç gününe goýanokdy. Bir gün bolsa, ol akademikleriň işiginde garaşyp duran eken. Dawut ör-gökden geldi. – Sewilýe, sen bu ýerde näme işleýäň? Gyz ýylgyryp, ellerini gerip oňa topuldy. – Dawud jan gaty göresim geldi. Men sensiz ýekeje minudam oňup bilemok. Ýa meni öz eliň bilen öldür, ýa meniň bilen bol! Dawut jaýyň işigindäki ullakan agajyň aşagynda, suw akýan krandyň gapdalynda goýlan oturgyçda gyz bilen ýanaşyk oturdy. – Sewilýe, sen düşün. Meniň agyr keselim bar. – Bolubersin. Şol keseliň maňa-da ýokuşsyn! – Näçe gün ýaşajagym belli däl. – Maňa-da seniňkiden artyk ömür derkar däl, Dawut! – Men akademikden bejergi alýan. Keselimem juda ýokanç. Meniň erkekligimem bu kesel ýok edip taşlapdyr. Onsoňam, mende saňa bolan çigidiň gabygy ýalyjagam duýgy ýok. Şonuň üçin maňa azar berme, haýyş edýän!.... – Sende duýgy bolmasa-da, mende ikimiziň ömrümiziň ahyryna çenli ýeter ýaly beýik söýgi bar, Dawut. Sen meni ýanyňdan kowmasaň bolar. – Ýok, sen meniň ömrüme, okuwyma, durmuşyma päsgel berme. Menem adam ahyryn. Oglanlar, gyzlar men barada her hili gürrüňler edýärler. Sewilýe titräp, silkinip-silkinip aglady. – Sen meni kowma, Dawut! – Ýok, git, meni unut, Sewil. Maňa edil häzir-ä aýalam, gyzam, onda-da, başga milletiň gyzy derkar däl. Sen özüňem, menem masgara etme, gaty haýyş edýän. Dawut gyzyň aglap duran gözlerine göni garady. Gyzyň gyrmyzy reňk meý guýlan altyn pyýala ýaly owadan gözlerinde gorky hem-de naçar ýalbarmasy balkyldap durdy. Dawut şu ýerde ynsan ähline gelişmejek bir zalymlyk etdi. – Meniň ýedi arkam inçekeselli. Bizden nesilem önenok. Sen meniň nähili bedroýdygymy gördüň. Biziňkiler mendenem beter ýigrenji.... Men seni ýigrenýän. Men seni halamok. Sen meni emel bilen şu bolşuma getirdiň. Men aslynda, başga adam. Men juda zalym adamdyryn. Bar, bar, hany, tur, ýok bol. Men seniň aglanyňa bakmaryn.... Tapdyň bu ýerde oýnatgyňy. Men näme seniň näme üçin hažyk-hužuk edýäniňi bilemokmy, bar, ýok bol diýýän saňa. Eger häzir şu ýerden ýok bolmasaň meniň gaty gaharym gelýär, men seni öldürerin.... Gyz sözünden beter bolşundan, gözlerinden gazap uçgunlarynyň lowurdap gitmesinden gaty haýgyp, ondan gorkdy. Ýerinden turup, sesini çykarman, gyz gitdi. Dawut otagyna gelende oglanlaryň Maşalyň krowatynyň üstüne egilişip duranlaryny gördi-de, olaryň ýanyna bardy. – Näme bolýar? Oglanlar biri-birleriniň ýüzlerine garadylar. – Bolan zad-a ýok. Gürleşip otyrkak birden gagşap, titräp ýykyldy. Häzir «Tiz kömege» jaň etdik. Häzir gelmeli – diýip, Meýdan gorkan gözlerini howsalaly ligirdedip, Dawudyň ýüzüne seretdi. – Tutgaýmy, sanjymy, gyzzyrmamy, bir bela– ha ýolukdy. Dawut Maşalyň ýüzüne, dodaklaryna birlaý seredişdirdi. Dodaklary gap-gara gowurdak bolupdyr. Hassa guran dodaklaryny gyzyl tutaç ýaly gaty dili bilen käte bir, ýalap goýberýärdi. Ýüzi halsyzlykdan ýaňa ölüniň sypatyna dönüpdir. Elleri çalaja titräp, aldygyna iňleýärdi. Üstünden suwda ýatyp çykan itiňki ýaly ýakymsyz ys gelýärdi. Şepbişek deri edil ýüzüne ýag çalynan ýaly görkezýärdi. Dawut gaýra çekildi. «Meniň çakym dogry boldy. Ýigidiň süýji keseli beterläpdir. Oňa bada-bat insulin sanjym etmeli eken. Ýöne akademigiň aýdyşy ýaly, her näçe ynansaňam, barlamaly, takyk göz ýetirmeli. Häzir «Tiz kömek» gelse, anyk diagnoz goýar...» Bir salymdan «Tiz kömek» gelip, ýaş lukman ýigit Maşaly çala-çula barlady. – Näme bolupdyr – diýip, Küren howsala bilen sorady. – Garyn garahassalygy bolaýmasa, häzir şäherde epidemiýa bolup ýaýrapdyr. Obadan gelen bolsa, obalarda-da ýaplardan suw içilýär. Howa yssy, suw hapa, her dürli bela-beterleriň ýokuşmagy mümkin. Men ony keselhana alyp gideýin. Dawut ýaş lukmana garşy gidip bilmedi. Onuň beýle däldir, diýmäge tutarygam ýokdy. Maşalyň bir gapdalyndan Meýdan, bir gapdalyndanam Küren söýget berip maşyna çenli ugratdylar. – Haýsy keselhana eltjek bolýaňyz? – diýip, Dawut sorady. Ýaş lukman ýigit maşynyň kabinasyna münüp, merkezi buýro jaň etdi. – Täçdurdyýew Maşal, ýigrimi bir ýaşynda. Häzirlikçe garyn garahassalygy diýip güman edilýär. Nirede boş ýer bar. – Ýokkanç keseller keselhanasynamy?! Maşaly alyp gitdiler. Ýigidiň bu gidişi Dawudyň ýüregine jaý bolmady. «Ol garahassalyk däl. Ol süýji keselden ejir çekýär. Oňa ýarym kubik insulin sanjym edip, berk berhizde saklap, dokja çaklasaň, gül ýaly boljak ahyryn...» Olar agşamara, okuwdan soň üç tirkeş bolup, «Ýokanç keseller» keselhanasyna baryp, Maşaly soradylar. Nobatçy wraçyň ýüzi duw ak boldy. – Täçdurdyýewmi? Ony baş wraç aýdyp biler. Şony görüň. Olar baş wraçyň ýanyna bardylar. Gartaşan, äýnekli rus aýaly ellerini titredip, ýüzüni kese-kese sowdy. – Giç, gaty giç getiripdirler. Ony garyn garahassalygy diýip bejergi edipdirler. Ol kesel däl bolup çykdy. Kesel näbelli. Başga bir kesel. Biziň keselimiz däl. Emma, haýyp, ýetişmedik. Nebir oglan. Indi onuň ata-enesine habar etdiler. Häzir Morga äkidildi. Howa gaty yssy. Saklamak mümkin däl. Dawut erbet boldy. Ol daşary çykyp, jaýyň kölgesinde özüni lampa aşak goýberdi-de, dyzlaryna urdy. – Wah, wah, men guraýyn. Men guraýyn, dogan!.... Dawudyň bolup oturyşyny görüp, Küren bilen Meýdan ony goldalaşyp keselhananyň howlusyndan çykardylar. – Bary biderek. Menden okanam bolmaz, lukmanam çykmaz. Öz ýanymdaky ebgary görmän, gör kimleriň derdine derman edip ýörün. Men guraýyn.... Daň bilen Maşalyň hossarlary gelip, onuň jesedini, umumy ýaşaýyş jaýyndaky goş-golamlaryny alyp gitdiler. Dawut olara Morga baryp, Maşalyň jesedini alyşmaga, onuň otagdaky goşlaryny ýygnaşmaga kömek edip ýörşüne, ýigidiň, şifonerdäki goş-golamlarynyň arasyndan ujundan az kem alnan bir garyn gowurmany, iki sanagy bölünen bir saçak gatan külçänem çykardy. – Ýok, bally, olary özüňize goýaň – diýip, onuň agasy aýtdy. Emma oglanlar razy bolmadylar. Şondan soň Dawut şonça zady bolup, açlygyndan janyny gurban eden türkmen ýigidine haýranlar galdy. Ýöne hiç ýerde sesini çykarmady. Ol «Gaty gowurma, gaty külçe guraklyk süýji keseliniň has ösmegine ilkinji sebäp bolan ýagdaý bolmaly» diýip gyssanmaç oýlandy. Ol okuwyndan rugsat zadam alman, Maşalyň jesedini oba äkidişjek bolup, maşyna hem mündi. Ýöne Institutdan olara goşulan ýolbaşçylar, oňa gitmäge kes kelläm garşy boldylar. Dawut öz ynsabynyň öňünde müýnli bolup galdy. Ol okuwyna has zabun ýapyşdy. Ol leksiýalardanam, praktiki okuwlardan hem ýekeje minut gijä galmaýardy. Mugallymlarynyň agzyndan çykan her sözi ýazyp alýardy. Mugallymlara sowal berýärdi. Okuwdan gelibem mugallymyň aýdanlaryny kitaplar boýunça berkidýärdi. Bu ýagdaý oňa tä okuwy gutarýança endik bolup gitdi. Üçünji kurs onuň üçin has gyzykly, çylşyrymly bir döwür boldy. Onda terapiýa, hirurgiýa, ginokalogiýa, göz keselleri, dermanlary öwreniş, diş, arassaçylyk, rentgenologiýa, kesellä hyzmat etmek, newrologiýa, pisihologiýa ýaly, lukman üçin iň zerur sapaklar geçilýärdi. Dawut sapakda mugallymlaryň aýdanlaryny demine soraýjak bolýardy. Okuwdan çykyp, ýarygijä çenli kitaphanadan çykmaýardy. Ol bir alan kitabyny ýagşy okaap-okap, öwrenýänçä yzyna tabşyrmaýardy. Ol şu döwürde diňe okuwy bilen boldy. Şeýdip okanda-da Meýdan, Küren okuwy taşlap gitdiler. – Gaty agyr-laý, kelläm çydanok. Walla men däliremänkäm gideýin – diýip, Meýdan onuň bilen derdinişende aýtdy. Küren bolsa hakykatdanam kellesi üýtgän ýaly bolup, bir zatlar-bir zatlar samyrdap, gijeler ýatman başlady. Ol bir gije gijäniň ýarynda agyr zadyň depesinden inenine tisginip oýandy-da, baryp çyrany ýakdy. Dawut şonda ullakan kitaby eline alyp, düşegini saýgylap duran Küreni gördi. – Küren, bu nätdigiň bold-ow? – diýip onuň hanasyndan çykara gelen gözlerine garady. – Eneş öldi! – diýip, Dawut güldi. – Özi öläýdi. Men onuň ganatlaryny köwýan. Özi ölse-de, ganatlaryny göýup gidipdir-ä, ol! Dördünji kursuň başlarynda bir gün Dawut gijäniň bir wagty otaga girse, Küren bir owadan gyz bilen krowatynda gujaklaşyp otyrdy. Ol gyz Aýjandy. Aýjan öňküsindenem owadandy. Ol Dawutdan çekinenokdy. Kursdaşlarynyň arasynda «Dawut, oýnatgy, samsyk. Ol erkegem däl!.... diýip gep ýaýradansoň, ol gepem gulagyna ýetensoň, Dawut bu gyzdan daşyrak bolanyny kem görenokdy. Şonda-da: – O-ho, gör bize kim gelipdir! – diýip, şelaýynsyrady. Aýjan haýasyzlyk bilen Dawuda agzyny towlap: – Men mähribanymyň ýanyna geldim-dä! – diýip, gyz indi bäşinji kursda okap ýören Küreniň syrdamdan gelşikli boýnundan aslyşdy. – Men size bir çaý bereýin! – diýip, ol çäýnegi alyp, aşhana çykdy. Yzyndan daş çykan Meýdana: – Kuren ol gyzy bir tanaýarmy? – diýip sorady. Meýdan elini silkdi-de: – Olar indi telim gün bäri Zöhre-Tahyr bolşyp ýörler öýdýän – diýdi-de, geçip gitdi. Gyz çaý içilensoňam, tä gijäniň bir wagtyna çenli gaýtmady. –Men-ä sizde ýatyp, ertir şu ýerden okuwyma gidiberjek! – diýip gülüp aýtdy. Onuň bolşy nämüçindir Kürene ýaramady. – Bar-eýt, ýok bol-gaýt. Meni öldürtjek bolýaňm-ow. Bar, wäk, ýok bolsana – diýip, gyzy itip-itibem goýberdi. Emma Aýjan arkaýyndy. Ol Küren näme diýse-de, çekip, çydap, gijäniň bir wagty onuň bilen çykyp gitdi. Ertesi Dawut özüniň fenondoskopynyň. täzeje halatlarynyň biriniň ýokdugyny bildi. Meýdanyňam jübüsinden ep-eslije puly alnynypdyr. – E-e-eý, hany, meniň pulum?! – diýip, Küren gykylyk turuzdy. Onuň gykylygyna Meýdanyňam, Dawudyňam goşlarynyň alnandygy aýan boldy. – Eý, dost, şol gyzy sen getirdiňmi, meniň pulumam sen berersiň. – Men näm-äý, seniň puluňy aldymmy? – Bilemok, seniň getiren gyzyň, puly ýerinde goý, bolmasa men rektora aýtjak. Ertesi Küren Aýjana bolan ýagdaýy aýdypdyr»Olar rektora aýtjak diýip durlar» diýipdir. Aýjan gorkupmy, ýa dazgarçylyk edip, kakasyna Küren diýen oglan maňa öýlenjek diýip, meni aldady» – diýip şerraýlygyny edipdir. Toýbaý Sylapow hem oglanyň üstne eňipdir. « – Sen, ogul, bir zady unutma. Men arymy köýdürenden edil janymy berenimi gowy görýendirin. Meniň gyzyma ozala, ýanaşma, ýanaşdyňmy, gaty çalt ataňy, eneňi iber-de, maşgalaňa eýe bol. Eger şony etmejek bolsaňam ataň-babaň bilen puşman etdirerin. Düşündiňmi? Bar. pugta pikirlen...» diýipdir. Ol adam şondan soň Küreni her günde ýanyna çagyrdyp, edil akyl-huşy dargar derejede ýanap başlapdyr. Agyr okuw, prorektoryň zabun sürünmeleri, Aýjanyň berýän jebirleri Küreni halys edip başlapdy. Ýöne Dawuda, baryp, gymmadam bolsa özüne fenandoskop satyn alyp, haladynam owarram edip . Meýdanam Kürenden pulunyň bölek büçegini aldy. Emma Küren welin biçäre bolup galdy. Bir sapar olary psihologiýa sapagynda dälihana praktiki okuwa alyp gitdiler. Şonda olary alyp giden mugallym «Aýallar aýallardan, erkekler erkeklerden habardar boluň» diýip tabşyrypdy. Dawut şonda dälileriň täsin dünýäsine giren ýaly boldy. Dälileriň birnäçesi bilen söhbetdeş bolup gördi. Soňam «Men akademikden nerw mäzleri baradaky aýdanlaryny şu gün-erte baryp öwreneýin» – diýip özüne söz berdi – Şu pahyrlara näçe tiz kömek edip bolsa, etmeli! Şonda gelip Dawut däliler barada ýoldaşlaryna gaty gyzykdyryp, gürrüň berdi. Küren oňa gulak asyp durşuna: – Meniň günümden-ä däliniň günem gowy eken. Menem basym dälirärin – diýip gara çyny bilen aýtdy Şondan kän wagt geçmänkä, Küren şol keselhana girdi. Dawut hepdede bir sapar Bekrewäniň ýolundaky dälihanada ýatan Küreniň yzyndan baryp gaýdýardy. Onuň näçe ýyllap bile ýaşan ýoldaşyna kömek edesi gelýärdi. Şol niýet bilen ol akademigiň ýanyna telim saparam bardy. Emma gojanyň taby ýagşy däldi. Şonuň üçin ondan şol mäzler barada sorabam bilenokdy.... Ine, şeýdip-şeýdip, oglanlar gidip, indi otagda Dawudyň bir özi gugaryp galdy. Ol dynç güni akademiklere gitjek bolup oturka işik kakyldy. – Geliň, gapy açykdyr – diýip, Dawut geýnip durşuna gygyrdy. Içeri ýaş gelin girdi. – Maňa Dawut Amanow gerekdi! – Geliň, men-şol!.... Dawut bu aýal maşgalany birbada tanamady. Ol aýal Dawudyň seredişinden, onuň özüni tanamanyny duýup: – Näme, tanamadyňmy? – diýdi. – Ýok, bagyşlaň. – Men-Emira! Emira Açylowa. Obada awariýa düşenimde elimi seýikläp beripdiňiz-ä – diýip, göýä Dawut däl-de, ol Dawuda agyr gününde hemaýat edip, indem şol eden hyzmaty üçin haklaşmaga gelen ýaly, hondan bärisi bolan bolup aýtdy. Dawut begendi. – Bo-ow, gel Emira, geçiň, oturyň hany. Men size student çaýyny bereýin. Indi tanadym. Sizi döwük-ýenjik institutynda, Toýbaý Sylapowyň ýanynda-da görüpdim-ä. Siz institutda tam süpüriji bolup işleýäňiz dälmi? – Ol aýalyň hörpi birneme peseldi. – Eliňiz nähili, ýagşy bolup, gutulyp gitdimi? Ol aýal elini silkip goýberdi. – Aý, bu eliň görmedik güni galmady. Soňam, içinde bir zat galypmy, nämemi, ony Toýbaý kesdirip, täzeden bejertdi. Onda-da düzelibä gidenok. Dawut onuň ýüzüne garady. – Meniň ýanyma näme ýumuşlyja geldiňizmi? Ol aýal ýuwdundy. – Meni Toýbaý iberdi. Ertir sagat bäşde meniň ýanyma, kabinetime bir gelip gitsin – diýdi. – Onuň kabineti institutyň podwalynda 3-nji kabinetdir. Şony aýdaýyn diýip geldim. – Bolýar, baraýaryn – diýip, Dawut ol aýal bilen deň ýerinden turdy-da otagynyň işigini gulplap aşak gata düşdi. Akademik Smirnowyň ýeke özi basyrynyp ýatyrdy. Ol Dawudyň gelenini görüp, diwardan asylgy sagada seretdi-de: – Oglum, maňa sanjymam edip ber – diýdi. Dawut gaz pejiň üstünde suwy gaýnap duran demir gapyrjakdan ýörite jüpdejik bilen sanjym enjamlaryny, iňňe alyp olary gurşady. Soň akademigiň ýanyna gelip, onuň başujundaky stoljygyň üstündäki dermanly çüýşejikleriň arasndan ýürek berkidiji, kuwwata getiriji, gurp beriji, pensellin ýaly dermanlary saýlap alyp, olary nowakaýyn bilen garyşdyrdy. Soň sanjym enjamyny taýýarlap, goja seretdi. – Pagtajygy spirt bilen öllediňmi? – Ölledim. Dawut spirtli pagtajyk bilen ýaşylynyň golundan sanjym ediljek ýerini gowja tämzleşdirdi. Soň yzly yzyna iňňäni çalşyryp, sanjym edip başlady. Penselini, ýürek berkidiji dermanlary onuň guýrugyndan sançdy. Akademik agyr myşlady-da alada bilen: – Hany, çaýjagaz içeli! – diýdi. Dawut sanjym enjamlaryny, iňňeleri içi gaýnap duran demir gapyrjaga atdy-da, çaý goýdy. Çäýnegi çaýkap, oňa gara çaý atdy. Ol akademigiň gara çaý içýändigini bilýärdi. Soň çaý demläp getirdi. Ýaşulynyň sowutgyçdan al diýen zatlaryny getirip, stoljygyň üstünde goýdi. – Gel, özüňem otur! Dawudyň gaýgysy akademikden gabak bilen göz almasynyň düýbündäki mäzjagazlar barada öwrenmekdi. Ol bu barada akademige çalaja ýaňzytdy. – Howlukma. Lýudmila Erastanowna bir gelsin – diýdi. – Sen sanjym etmäni kimden öwrendiň? Dawut ony baryp birinji kursuň başynda öz mugallymyndan öwrenendigini aýtdy. – Şondan bärem ýaňkyň ýaly sanjym edip ýörmüň? Dawut sesini çykarmady. Akademik oňa sanjym enjamlaryny getirdip, öz eline aldy-da, sanjym enjamlaryny nähili tutmalydygyny, iňňäni nähili berkitmelidigini, damary nähili tapmalydygyny gaýtalap, gaýtalap görkezdi. – Her sanjym üçin iňňäni çykaryp, näsaga jepa berip ýörmeli däl. Bir iňňe bilen damardanam, guýrukdanam ähli sanjymyňy edibermeli. Her bir zat juda gelşikli bolmaly. Tebigy bolmaly. Her bir işiň, edil beren sözüň ýaly, edebiňi, medeniýetiňi, tertip-terbiýäňi görkezip durandyr. Onsoňam, men saňa bir zat aýdaýyn. Juda dogruçyl bolgun. Öljek bolsaňam, lebziňe, ynsabyňa garşy gitmegin. Allanyň beren ýeke täk ömrüni senden alyp biljek ýokdur. Mal, pul, baýlyk, wezipe, at, abraý, bary boş zatlardyr. Ony men öz ömrümden aýdamok. Ony men gadym danalaryň galdyryp giden gymmatly eserleri boýunça aýdýan. Ýöne meniň ömrüm şolaryň dogrudygyny tassyklady. Men şu ömrümde şol hakykata göz ýetirdim. Menem kandidatlyk, doktorlyk dissertasyýalaryny bir ýylda goradym. Akademik boldum. Işlän döwrümde haýbatly, ýumşak kürsüden, maşyndan düşürmediler. Pul, baýlyk näçe diýsem, artygy bilen boldy. Abraýym ýokary boldy. Köp ýagşylyk etdim . Köp adamy ajalyň elinden alyp galdym. Ýöne, belli bir döwür geldi. Ine, indi şol eden ýagşylyklarymdan başga ähli zat ýatdan çykyp gidipdir.... Hany, şol baýlyk, hany şol wezipeler, hany şol gyzgyn kreslolar, haýbatly maşynlar, ýygnaklar, banketler nirede, ummasyz beýik abraý bu gün meniň derdime näme nep edip bilýär. Diňe gury puşman, gury ahmyr galypdyr, oglum.... Dawut ýaşulyny bu ahmyrly azaplardan alyp çykasy geldi. – Boris Leonidowiç, siz ys boýunça-da keseli anyklap bolar – diýipdiňiz, şony aýtsaňyzlaň. Akademik baş atdy-da birsalym ahmyrly elenip, birdenem edip oturan gussaly pikirinden aýyldy. Ýöne ol agyr pelsepe eýýäminden sada gürrüňçilige kynlyk bilen geçdi. – Der arkaly, ys arkaly! Hawa, ys arkaly keseli anyk, aňsat kesgitläp bolýar. Iç keselleri, agyzdan gelýän çüýrän kömelek ysy bilen, bagyr, böwrek, öt, aşgazan, içege, barysy, şondan. Sowuklama, ýoňlama, inçekesel, süýji keseli, sarylamany bedeniňden gelýän çüýrük samanyňka meňzeş ys bilen. Her bir keselliniň ýakasyny açyp, boýnuny ysgasaň keseliň özi özüni açyp durandyr, Sagdyn adamdan täzeje gelin kömelegiň ysy gelýändir. Gyzylödegi, bokurdagy, glandasy kesellerden, diş agyrlydan, gulak agyrlydan, gözagyrlydan çüýrän etiň ysy geler. Sen gyzgyny boýunça-da keseli kesgitlemegi öwren. Ganyazlyk, sarylama. ödüň sowuklamagy, aşgazanyň zäherlenmegi, glanda juda ýiti gyzgynlyk berýändir. Sarylama göze, peşewe ýitilik, sary reňk berer.... Şol wagt koridorda şakyrt-şukurt eşidildi. Oňa çenli. Lýudmila Erastanowna bilen Albina Nikolaýewna otaga girddi. – Görüň bulary, bizi ugradyp, özleri hezil edip, keýp çekip otyrlar – diýdi. Albina Nikolaýewna Dawudyň egnine eline goýdy. – Dawut, sen näme, bize gelmäňi goýaýdyň-la. Ýa Wadim Sergeýewiç bir zatlar samyrdyklan bolup göwnüňe degäýdimi? – diýdi. – Ýok, Albina Nikolaýewna, men sizi gaty göresimem gelýär. Ýöne elim degenok. – Gel, beýtme, biziň senden başga kimimiz bar. Sen bir beýtm-ä! Boris Leonidowiç çykyp giden aýalyny çagyrdy. – Lýudiçka, kiçijik çemçejik alyp gelsen-e. Albina Nikolaýewna çykyp gidensoň. Lýudmila Erastanowna wraçlyk çemçejigi alyp gelip, akademige berdi. – Gel, garşymda otur! – diýip, stol çyrajygyny ýakdy, äýnegini gözüne geýdirdi. Ol aýaly oturanyndan soň Dawuda garady. – Ine, kesellini şeýdip oturdýaň! – Lýudmila Erastanowna güldi-Indi men saňa görkezme esbabam boldummy! – Akademik bar ünsüni işine berdi. Aýalynyň çep gözüniň gabygyny galdyrdy-da, çemçäni endiklije towlady. Çep gözüni aşagrak basyp, gözüň düýbçüni açdy-da, düýpde, göz owasynyň depesindäki çukur süňke ýapyşan, üstüni ak barda ýapyp hatarlanyp duran pökgüje-pökgüje üç sany düwünçegi Dawuda görkezdi. – Ine, häzir bu mäzler kadaly dur. Emma olaryň ýeri üýtgese, ýeri çalyşsa, aşak, ýokary süýşse, beýniniň sag böleginiň işi bozulýar. Soň ol aýalynyň sag gözüni şeýdip Dawuda görkezdi. Soň Dawudyň özüne. Lýudmila Erastanownanyň gözleriniň düýplerini barlatdyryp, öz eden işlerini birki gaýta gaýtalatdy-da. Lýudmila Erastanowna minnetdarlyk bildirdi. – Sen şuny berk belle. Meniň wraçlyk ykbalymda ýeke-täk göz ýetiren täzeçilligim. Men muny senden başga hiç kime aýdan däldir, Ulan, ösdür, her ýerde, her ýerde üstünlik gazansaň, «akademik Smirnowyň teoriýasy» diýip yglan edersiň. Ýöne pugta eliňe al. Meniň senden başga ýakyn şägirdimem ýokdur. Bu mäzler beýni ýarym şarlaryny sazlaşdyrýan riçag-şit. Beýni ýarym şarlary şol şitler arkaly dolandyrylýar, Çep tarapdaky birinji mäz sag tarapdaky beýni ýarym şarynyň syzyşyny, duýuşyny sazlaşdyrýar. Ikinji mäz aklyň ugurlaryny, pikirleniş, pikiri beýan etmek ýagdaýlary, hereketi sazlaýar. Üçünji mäz, görüş, eşidiş, tagam, agyry, gaýgy-gam, şatlyk ýaly ýagdaýlary sazlaşdyrýar. Akademik bu mäzler barada, tä günorta naharyna çenli birin-birin, gaytalap-gaýtalap düşündirdi. Soň Dawudyň özünden soraşdyrdy. Dawut gaýtjak bolanda, ol maşinkada ýazylyp, kiçijik kitapça görnüşine salnan ýazgyny Dawudyň eline tutdurdy. – Ýagşy ýat tutup, ýene maňa gaýtaryp ber! Dawut olara minnetdarlygyny bildirip, hoşlaşyp, Albina Nikolaýewnalara bardy. Wadim Sergeýewiçiň keýpi kök eken. Ol Dawudy görüp begendi. – Albinuşka, gel seret, seniň söýgülijigiň gelipdir. Albina Nikolaýewna Dawudy görüp begendi-de, Dawudy gujaklap, onuň ýüzünden öpdi. – Ine, boldy, aşyk-magşuklar duşuşdy. Ine, boldy – diýip, hahahaýlap güldi.-Gel, otur dostjagaz, gel, elli gramjyk. Kän berjek däl, özüme gerek, derman üçin, elli gramjyk.... Albina Nikolaýewna Dawudy gaýtarmady. – Nahar taýýar. Iýmän gitme, mümkinçiligiň bolsa, meniň arkamy owkalap ber! Wadim Sergeýewiç barmagyny çommaltdy. – Edil bolmalysy ýaly owkala, ojagaz, bujagaz ýerlerinem! – diýdi. – Albina Nikolaýewnanyň begenji bilen gynanjy garyşdy. – Wadimçik, bes edäýsen-e, şul oglan her sapar gelende onuň göwnüne degýäň. Onsoň, onuň gaýdyp gelesi gelenog-a. Aýtma şol gepleriňi, oglan gaty görer-ä.... Wadim Sergeýewiç elini biparhlyk bilen silkenden soň, Albina Nikolaýewna Dawudy goňşy otaga çagyrdy. – Dawut, sen meniň endamymy owkalaýaň welin, edil dünýäm giňän ýaly bolýar. Sen meni massaž edip beräý! – Ol aýal Dawudyň razylygynam alman, işigi içinden gulplap, çyrany öçürdi-de eşiklerini çykaryp, çyp ýalaňaç, ýaş, owadan göwresini krowata goýberdi-de, keýnegiňem çykaraý – diýip, özi ýerinden turup, gelip Dawudyň eşiklerini çykarmaga başlady. Dawut bu ýaş aýalyň gelşiksiz hereketinden juda utandy-da, gorkuly ses bilen: – Siz näme edýäňiz, ýok, beýle zat asla bolmaly däldir! – diýip titreýän sesi bilen sandyraklap aýtdy. – Ýok, men gitjek. Ýok, men indi gelmerin, ýok! – diýdi-de, işigi açyp, yzyna gahar bilen gaňryldy. – Sen utançsyz aýal, meni näme öz haram işiňe çekýäň. Utan, utançsyz, haramy. Indi meniň aýagym şu işige sekmez! – diýdi-de, zymdyrylyp otagdan çykyp gitdi. Dawut köçä çykanda-da, heniz özüne gelip bilenokdy. Ol özüni ynsabynyňmy, namysynyňmy, ýa başga bir duýgynyň azaply horlaýandygyny duýup, başyny zordan göterip, instituta bakan assaja ýöräp gitdi. «Meniň bolup ýörşüm nähili? Öýlenmedik ýigit halyma, kesekiniň öýüne baryp, onuň aýalynyň raýyna gidip, haram işlere ulaşjak bolup ýörün-le. Wadim Sergeýewiçem, «aýalym bilen bol» diýýän ýaly gürrüňler edip otyr. Ol aýalam, utanman, meni oýnajak bolup dur-a. Ýa, men indi olaryň gapysyndan barmaly dälmi? Kim bilen maslahatlaşmaly? Ýa, beýle-beýle zatlar, maslahatlaşyp ýörülenogammyka?! Ýok, men gaty asylly, päk bolmalydyryn. Maňa haram ten degmeli däldir. Men päk bolmasam, meniň umydym hasyl bolmaz. Dünýäniň haram, şöhbet, şübheli zatlarynyň bary maňa haram bolsun. Men şübheli adamlaryň arasyna bardym öýdýän, indi beýle-beýle zatlar bolmaz. Ýok!...» Ol instituta girdi. Ýöne yssy jöwzadan, bu günki ýakymly ýakymsyzlykdan aýlanyp duran başyny elleri bilen tutup, oturgyçlaryň birinde oturdy-da, özüni dürsedi. – Erbet boldy. Indi men näme etmeli. Ýok, häzir Toýbaý Sylapowyň ýanyna baryp, soň hammama gideýin. Men ýaman hapalandym. Ýaman!.... Ol yraň-daraň bolup podwala düşdi-de, aýdylan kabinetiň işigini kakdy. Bu gün dynç güni bolansoň, institutda-da, podwalda-da adam-gara görnenokdy. Işik açylmady. Ýöne otagyň içinden gelýän aýal sesi kesildi. Bir salymdan işik açyldy-da, Emira Ýoldaşowa çykyp barşyna: – Giriberiň! – diýdi. Otag darajykdy. Toýbaý Sylapow tördäki kresloda gaýşaryp oturşyna, kese-küse dişlerini otluçöpüň dänesi bilen synçgalap oturşyna, çaý içýärdi.... Ol Dawudyň salamyny aldy. – Gel, ortak, geç!-Çaý bereýinmi?-Dawut boýun towlady. – Men seni saklajak däl. Seniň otagda ýeke özüň ýaşaýarmysyň? – Bir özüm, ýanyma adam goýberiberiň. Ýeke özüme aňsadam däl. – Ýak, men şu ýerde işleýýekkäm ýeke ýaşa! Towguňa tok diýjek bolmaz – Ol käsedäki çaýyny başyna çekdi.-Sag bol, maňa kän kömek etdiň, ýaňky heleýe-de, kömek edipsiň. Sen unutma, çowdur halky ýagşylygy ýadyndan çykarýan däldir. – Ol Dawudyň ýüzüne seretdi-de, barmagyny çommaltdy. – Wepşeý, sen näme, pylany pylan ýerde pylan boldy, pylany taşlap gitdi, aý, pylan, pissygan – diýip, baltat edýämişiň-ä! Bu nä boluş. Men seni.... Dawut bu adama düşünmedi. Ondan gep alyp galasy gelmedi. – Näme, ýalanmy?! – diýdi. – Men samsyk boldum, ýogsa, seni suda bermelidi. Ýöne häzirem giç däl. Toýbaý Sylapowyň saryýagyz, ýakymsyz, bihaýa ýüzi erbet gyzardy, Onuň depesinde birje gysym bolup, ýeňsesinden depesine çekilen sarymtyl saçam çekgesine dökülip gitdi. Ol saçyny barmaklary bilen endikli daraşdyran boldy-da, sargylt, yşnyksyz, oklukirpiniňki ýaly mährewsiz, tutuk gözlerini jikgerdip, Dawuda gaharly garap, azgyryldy. – Eý, ortak, sud-pud diýen bolup, sen kim bilen kepleşýäniňi unutma. Meni suda berýänçäň, arassa komuniste töhmet atanyň üçin, özüň zyndanda gözüňi mölerdip oturma. – Ol birden, agzyny jallardyp, demir, kümüş, altyn dişlerini güjeňläp, ýympyk, ýylgyrdy – Bolýa-laý, men seni barlajak bolup degişip aýdýan. Senden olar ýaly namartçylygyň çykmajagyny, duzjan kessin, dym bilip duna. Ýöne men seni başga zat üçin çagyrdym. «Ak galada» Eke mugallym-a tanyýaň. Şoňa bir müň manat bergim bar. Ol meniň maşynymy remont etdiripdi. Şondan galan. «Şony gyssagly beriň diýip, öz garyndaşlaryňa habar ibersene. Meniň häzir elim ýuwkarak. Elim kirläninde men saňa beräýerin. Bolmasa, ine, okuwyňy gutarýaň. Institutda alyp galdyraýyn. Gyzyl diplom almaga kömek edeýin. Ýa tanşyň bolsa okuwa ýerleşmäge kömek edeýin. Wiý! – Ol stoluň üstüne ýumrugy bilen tarpa urdy. – Saňa Lenin stependiýesini berdirmäniň kimdigini bilýäňmi?! Dawut nazaryny garşysyndakynyň çypardan betgelşik ýüzüne soragly dikdi. – Şol kowlup giden öňki haramzada-da. Ol özüneiň çüýşedeş dosty, Awtomobil transport ministriniň ýegenine-ermenä berdi. Ol it ogly bizdäki Garry bar dälmi, biologiýadaky, şonuň bilenem daýy-ýegen eken-ä. Asyl, ol Garry haramzadanyňam ejesi ermeni bolsa nätjek. Ine, şolar seniň gandar duşmanyň . Biz türkmenler şol haramzadalara garşy güýjümizi jemlemeli. Täze geçen wenezzina-da, şolaryň öz adamsy. Şolaryň idegindäki ýalynjaň bir it. Edip bolsa, şuny ýok etmeli. Meniň seni çagyrmagymyň sebäbi, bularyň saňa, tanyş türkmen oglanyna bilgeşleýin kast etmelerini ýüregime sygdyryp bilemok. Sen bir zat et. Bularyň barynyň üstünden partiýanyň Merkezi komitetiniň birinji sekretarynyň adyna arza ýaz. Men ýazjak welin. Öňki haramzadany-da, arza ýazyp işden gümüni çekdiren özüm. Indi, ýöne men bolup durmaýyn. Öňkä üç arza ýazdym. Emma Merkezi komitetiniň ylym bölüm müdiri meniň arzalarymy seýfindenem çykarmandyr. Ahyr barlandam, üstlerem açyldy, gümlerem çekildi. Edil häzier Merkezi komitet medinstitut diýseň, ýüregi howlap dur. Seniň ýazmaly meseläňem, olaryň hut garaşyp duran meselesi. Eger ugruny bilmeseň. Mende bir taslamajyk bar. Şoňa seret-de, ýöne göçüräý. Dawut ahyry nämäniň-nämedigine düşünen ýaly boldy. – Sen näme üçin meniň aladamy beýle ýüregiňe ýakyn tutýaň – diýdi. Toýbaý Sylapow şakyrt edip ýerinden turdy. – Näm-äýt, tentewsireýeň. Seniň aladaňy men etmesem, meniň aladamy sen etmeseň, bizdenem bir türkmen bolarmy. Wörýeň-ä, ýokardakylaryň aladasy özleri. Olar seniň ýaly zehinlije oglanlary depeläp, depeläp, ýere sokup, özleriniň körzehin garyndaşlaryny öňe tutup, birinjiden-ä, özleri galjaklar, ýaşajaklar, ösjekler, abraýly, düşewüntli wezipelere eýe boljaklar, edenlerini etjekler. Ikinjiden olar şeýdip, türkmeni kör, bagtygara etjekler. Seni öňe tutsalar, ýene birki ýyldan sen bu institutyň eýesi bolup, bize döwran gelmeli. Olar muny gaty gowy bilip, seni depeleýeler. Meniň şoňa gaharym gelýee. Sen pikir etme, meniň bu ýerde jinnik ýalam gorjek peýdam ýok. – Ol Dawudyň ýüzüne jikgerilip bakdy.-Razymyň, ýazjakmyň. Dawut ol adamyň garajygyna garady. – Men şony ýazjak däl-aý, seniň diýýän müň manadyňy beriň diýip, eneme-atama hatam ýazjak däl. Sen sam-samyň bilen türkmen oglanlarynyň başyny-gözüni aýlajak bolmaňam bes et. Eger, gaty gitseň, rektora baryp aýdaryn. Bu söz Toýbaý Sylapowa gaty erbet täsir etdi, Ol açyk-açyk ýöne demir-dümir bolup duran aňňy-tüňňi dişleriniň arasyny arassalap oturan otluçöp dänesini stoluň üstüne gaharly taşlap goýberdi. – Eý, maňka, bar, ýit, ýok bol-eý. Bar, ýazman geç. Baryňyz şol haramzadalaryň onusyny-munusyny bagryňyza basyň-da geziberiň. Olar-a sizi, siziň bajylaryňyzy oýnaş etsin. Sizem olara «Lepbeý, şun-a oňardyň-aý, jan agam!» – diýiň ýörüň, bar, çyk, güm bol. Haramzada.... Dawut bu adamdan ýeňilip gitmegi özüne kiçilik bildi. Gapynyň agzyna baryp yzyna öwrülip durdy. – Indi, türkmeniň ary-namysyny goramak saňa ýetdimi? Sen beýle namysly, arly bolsaň, Gargyly gysyda bir naçary ölüm halynda taşlap gaýtmazdyň. Ikinjidenem, sen beýle namysjaň bolsaň, bar, umumy ýaşaýyş jaýyna baryp, talyplara şantaž edip, olardan odur-budury gyrp-çyrp edip ýören gyzyňy oňar. Seniň özüňi ýogam etmeli, özüňi adyl suduň öňünde oturtmaly. Seniň ilki bilen öz syrtyň hapa. Şonuň üçin tutuş il hapadyr öýdýäň. Sen özüňden habar tut!.... Dawut bu sözleri zarp bilen aýdyp, otagda dazyrdap çykanda iki bükülip, barýan Saçly Dursunowna gabat geldi. Ýaşuly mugallym saklandy-da Dawuda bakan öwrüldi. – Salam, mugallym! Ýaşuly mugallym onuň salamyny aldy. – Amanow! Sen ol kabinetlerde näme işläp ýörsüň, dynç gününde. – Ol Dawudyň jogap bererine-de garaşman, – Seresap bol, ol kabinetler seniň barmaly ýerleriň däldir. Hany, maňa eliňi ber. Dawut mugallymynyň goltugyndan tutup, ony ikinji gatdaky kabinetine eltdi. – Hany, sen maňa bir sanjym edip ber. – Ol ýerine geçip oturdy-da agyr hyşlady. Onuň eli, ýüzi düwme-düwme der bolupdy. Ol sumkajygyndan elýaglyjygyny alyp derini süpürdi-de, ýene öňki ýerine saldy. – Ol sanjym edýän gyzjagazam ýok eken. Şol bar bolsa taýýarja iňňesi, sanjym enjamy bolýardy-da, şonuň üçin keselhana-da barman bäri, ýolugruma gaýdyberdim-dä. Olam ýok eken. Dawut ýumşak äheňjagaz bilen. – Mugallym, eger meniň otagyma barsag-a, hemme zat bardy. Men size bir käsejik çaýam berip bilerdim. Az-kem demini dürsän mugallym mapraç ýüzüni aýalary bilen gaýta-gaýta syldy-da, ýerinden galdy. –Ýöri, bu ýerde bolmajak bolsa gidäýeli. Uzak däldir-ä. – Ýok-la, umumy ýaşaýyş jaýy-da! Olar institutdan çykdylar. Institutyň işiginde täzeje mele «Wolga» durdy. – Ýöri, şu maşyna münäýeli. Dawut bu «Wolgany» tanady. Ol Toýbaý Sylapowyň maşynydy. – Bu maşyn Toýbaý Sylapowyň maşyny! Saçly Dursunowa tisgindi. – Ýok, ýok, «Geçme namart köpürsinden, goý aparsyn sil seni» Olar assaja ýöräp, tirkeşip Dawudyň otagyna bardylar. – Işigiňi uraý! Dawut işigi urdy. Dawut mugallymynyň damaryndan sanjym edip, soň onuň endamyny owkalady, çaý goýup, demledi. Olar çaý içip otyrkalar işik kakyldy. Iki sany pes kursuň talyplary otaga girdiler. – Bize şu otagda ýer bar, şoňa geçmeli diýdiler. Dawut baş atdy. – Ýerler-ä boş däl. Ýöne aýdylan bolsa, geliberiň. Oglanlar çykyp gidenden soň, bir salymdan başga iki oglan geldi. Garaz, Dawut hammama gidip gelenden soňam ýene birnäçe oglan işigi kakyp, şu otagda ýer bolsa geçjekdiklerini aýdyp gitdiler. Dawut bu ýerde bir oýunjagazyň bardygyny aňdy-da, häliden bäri pikirine düwüp ýören niýetine bakan ugrady. Ol edil Gün batan ara medisina çemçejigini, jübtejigini, sanjym enjamlaryny alyp, sowutgyçdaky miwelerden alyp portfeline salyşdyrdy-da, Bekrewäniň ýolundaky psihoterepiýa keselhanasynyň işigine bardy. Ony Küreniň ýanyna goýbermediler. – Bolmaz han ogul, Gaty gijä galdyň. Dynç güni irden ondan bire, öýlänem üçden bäşe çenli kesellileriň ýanyna barmaga rugsat berilýar – diýip, garaja ýaşyly başyndaky köneje, ýapbyşak gulakçynyny sypalap geleňsizje aýtdy. – Aga, maňa edil häzir juda gerek. – Meniň adym-a bilýän ekeniň. Bar, hol haýatdan syrylyp geçäýsen-e, bolmasa.... Ol belent haýatyň arasyndan birwagt ýol edilen ýerden aşyp, ikinji gata çykdy-da, nobatçy ýigidiň ýanyna bardy. Nobatçy tanyş talyp bolup çykdy. – Ýusup jan, sen maňa Küreni çagyryp bersen-e. Ýusup, näsaglaryň kartajyklaryny tertipleşdirip durşuna: – Naharda bolaýmasa? – diýdi. – Zyýany ýok. Men oňa iýer-içer ýaly zatlary getirdim. Meniň oňa aýtmaly zadym bar. Ýusup bir salymdan Küreni yzyna tirkäp geldi. Dawut halatyny geýdi. Küren ony tanamadam, odur öýdüp gümanam etmedi. – Ýusup jan ýagtyrak otagyň ýokmy? – diýdi. – Ordinatorskä baraý! Küren alagaraňky koridorda ak halatly «doktordan « çekinip, tisginip durşuna gözlerini howsalaly mölertdi. Dawut ony ýagty ýerde oturtdy-da. elinden berk tutdy. – Hany, ýarawsyz, agzyňy aç. Men seniň dliňi göreýin. Küren titredi. Dawut ony güýmejek bolup sowal beren boldy. – Adyň näme? Küren hyklady. – Adym, ýoldaş komandir Sergeý Iwanow. – Nämejik kär edýäň? Kuren daş-töweregine howsalaly seretdi-de, kellesinin Dawudyň gulagyna golaý getirip: – Men ýoldaş Staliniň janpenasy hem liçniý wraçy bolup işleýän. Onuň üçin ýylgynyň kökünden gaty gowy derman taýýarladym. Ony men edil ýigrimi bäş ýaşyna getirerin. Ýöne doňuz ogly, Daňatar ol dermanymy ogurlajak bolýar. Men ony Sary dädeme aýdaryn welin, ol onuň merkini gowja berer. – Sary dädeň kim? – Artist Sary Garryýew bar-a. Ol häzirem hol ýerde maňa seredip dur, özem barmagyny «Meniň ýanyma gel!» diýip, bulap dur. – Ol güldi. – Hana, gördüňmi? – Hany, diliňi görkez! – Dilim ýekej-ä. Ony düýn Daňataram ogurlajak boldy. Men bermedim. Sary dädeme aýdaryn diýdim. Ol gorkdy. Dawut Küreni ugruna kowdy. – Şol Daňatar diliň-ä ogurlap bilmändir. Ýöne diliň nurbadyny gaty gowşadypdyr. Şony berkidäýmeseň. Ony başga biri nurbatyny towlap derrew ogurlar. Ýöne onuň nurbaty gözüň ýokarsynda-da, Men şol nurbatjygy towlaýançam, sen çydap otur. Agyrsa-da çyda, onsoň, Sary dädeň ýanyna gidersiň. bolýamy. – Ýogsa näme. Men çydaml-a. Söhbet ursa-da çydaýan. Ol urup, urup ýadaýa. Soň eli agyryp, aglaýar. Menem onsoň ony Sary dädeme aýdamok. – Küren çydamady. – Sary däde, waý, Sary dä.... – Häzirem çyda. Hany, ýüze çenli sana. Asyl, nurbat gaty gowşapdyr-a. Ony berkitmesem, ol Daňatar ogurlamasa-da, özem bir ýerde gaçyp galar-a. Şeýle dälmi?!. Men ony sen ýüze çenli sanaýançaň, derrew gutararyn. Dawut Küreniň göz almasyny ýumşaklyk bilen aşak basdy-da, özi bilen getiren lukmançylyk çemçejigi bilen gabagy düýbüne çenli galdyrdy. Küren ýaňy sekize ýetipdi. Dawut medisina jüpdejigi bilen mäzjagazlary barlaşdyrdy. Sag tarapdaky gözüň mäzleriniň ortakysy ýerinden süýşüpdir. Dawut ony emaý bilen ýerinde goýdy-da, bazardan satyn alan mumyýasyndan bir azajygyny agzyna salyp çeýnedi-de, süýem barmagy bilen dodaklaryndan süýügip duran mumyýa ergenini, ýerine goýlan mäziň üstüne çaldy. Küren bir tisgindi. Onda-da Dawut oňa üns bermän, beýleki mäzjagazlaram ýerli-ýerinde goýuşdyrdy-da, olaryň üstüne-de mumyýa çalyp, çemçäni çykardy. Häliden bäri başyna gaý bolup san sanap oturaan ýigit birden aljyrap, töweregine bir delminip garady-da, – Waý, Sarr-rry dä...! – diýip goýberdi-de, birden galkynyp ýerinden galyp, gözlerini elek-çelek edip Dawudyň ýüzüne garady. – Dawut, senmäý! Hany, Sary däde nird-äý!– diýdi. Soň üst-başyny kakyşdyran bolup: – Biz bärde näme işläp otys-aý? – Dawut Küreniň aýňalan, aňy ýerine gelen hor, sary zerzaw çalnan ýaly dertli ýüzüne garady-da, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökdi. – Nämä aglaýaň-aý. Küren Dawudy gujaklady. – Ýöri, gaýdaly, men seni otagymyza alyp gideýin.... Olar tirkeşip, Ýusubyň ýanyna bardylar. Ýusup başyna gaý bolup, ol palatadan ol palata ylgaşlap ýörşüne, işlerini bir ýüzli edip olaryň ýanyna geldi. – Nätdi, işiňiz bitdimi? Dawut ýerinden turup ony gujaklady. – Sag bil, Ýusup jan, gardaşlyk kömegini berdiň. Sag bol. Eger mümkin bolsa, men Küren dosty öýe alyp gideýin. Ýusup razy bolmady. – Ýok, näme diýseň, baş üstüne, ýöne hassany alyp gitjek diýmäň. Ertir lukmanlar gelsin. Gürleşiň. Baş üstüne. Häzir, bolmaz, sizem maňa düşüniň-ä.... Dawut Küren bilen daş çykdy. Sow Kürene öz halatyny geýdirdi-de, – Küren, sen howlynyň daşyna çykyber – diýip, özi haýatdan aýlanyp derwezä geldi. Garawulyň ýanynda oturan egni halatly ýigidi daşary çagyrdy-da, şondan taksi tutup, ýaşaýyş jaýyna gaýtdylar. Ertesi ony okap oturan ýerinden ýaşaýan otagyna çagyrdylar. Krowatynda Küren içki eşiklerinde otyrdy. Onuň gapdalynda düýnki keselhanada nobatçy Ýusup, keselhananyň baş lukmany, bejeriji lukman otyrdy. Dawut içeri giren badyna lukmanlar ýerlerinden turdular. Baş lukman, hor, damar-damar bolup duran ýüzüni has turşadyp: – Bu keseli sen alyp gaýtdyňmy? – diýip, azmly sorady. – Men! – Kimden rugsat aldyň munyny? – Oňa rugsat nämä gerek? – Sen talyp oglan, sen maňa herrelip jogap berme. Bu ýerde keselli barada gürrüň gidýär. Kürenberdiniň näme keseliniň bardygyny sen bilmeseňem, biz bilýäris. Ony bejerip, ýaňy şu hala getirdik, Senem, onynyň bejerişine päsgel berip, gijäniň içinde alyp gaçypsyň.... Dawudyň gep düşündirip oturasy gelmedi. – Ine, keseliňiz. Alyň-da gidiberiň. Men garşy däl. Baş lukman bejeriji lukmana ellerini serip, geň-geň hereketlendirdi. – Gör, bulary. Häzirki zamanyň ýaşlary. Hakykatyna seredeniňde, Kürenberdi Kiçjikowy däl-de, seni salmaly şol keselhana. Hany, indi sen näme üçin munyny alyp gaçyp gaýdanyňam bir aýt. Eşidip galaly onynam. – Onuň sebäbi, Kürenberdi Kiçjikow siziň keselliňiz däl. Şonuň üçin alyp gaýtdym. – O nähili? Bejeriji lukman Küreniň ýüzüne jiňkerlip garady. Ol Kürende öňki bolşundan üýtgeşik nyşan duýmady-da sowala ýatdy. – Ýigit, seniň adyň näme? Küren ilki bir ýüzüni aşak salyp, dommarylyp durdy-da, soň Dawudyň ýüzüne seredip: – Adym – Küren, familiýam – Kiçjikow. Özüm Medinistitutyň umumy bejeriş bölüminiň bäşinji kursunda okaýaryn. – diýdi. – Sen okuwa haýsy etrapdan geldiň? – Men okuwa Etrek etrabyndan geldim. Öý salgymyz Etrek etraby, Täze oba, Madow köçesiniň 8-nji jaýy. – Siziň maşgalaňyzda näçe adam ýaşaýar. – Maşgalamyzda menden başga bäş adam ýaşaýar. Dädem, ejem, ejekem, gyz doganym, oglan doganym. – Sen haýsy nahary halaýarsyň? – Ady nahar bolsa, hijisinem ýaman göremok. Ýagşy görýärin. – Medinstitutda haýsy sapaklar saňa agyrrak düşýär. – Maňa hiç sapagam beýle bir kyn düşüp batanyokdeýt. Okasam baryny bilýen-leýt, ýöne okalanok. Soň bahana ediläýýär-de.... Bu sowallardan soň baş lukman aňka-taňka bolup duranlaryň ýüzüne garady. – Bu näme boldugy? Bu oglany şeýle ýagdaýda kim keselhanada saklaň diýdi? Bejeriji lukman gelin tasanjyrap ýerinden turdy. – Men-ä düşünmedim. Oglan doly sagalypdyr. – Ol öňem sag-a – diýip, Dawut gapdaldan goşuldy.-Men muny lukmanlara telim gaýta aýtdym-a, özüňiz diňläňizog-a.... – Bes, bes. Munyny keselhanadan şu günüň özünde çykaryň.-Onuň özem Küreniň gabaklaryny çöwrüp, sereden boldy. – Ýeri, bolýar. Senini rektoryňyza aýdaryn, ýene bir sapar şeýtseň, düşüngin. Olar gidensoň Dawut okuwyna gitdi. | |
|
√ Duman daganda: Wulkan oýanýar: Kim öler, kim galar?! - 16.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -6: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Bäşgyzyl -28: romanyň dowamy - 11.12.2024 |
√ Gara ýyldyrym -20/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |