20:01 Dirilik suwy -18: romanyň dowamy | |
6. «Naharyň bereketi, onuň öňünden hem soňundan eliňi ýuwmakdyr» Muhammet pygamber. «Sähel derdi ýol açar» Halk nakyly. «Işdä dişleriň aşagyndadyr» Owgan nakyly. «Semizlik – ýüregiň gurbuny alýan, ödüň işleýşini bozýan, öýkeni ýapýan, bagryň daşyny ýag bilen örtýän, böwregi gysyp, onuň işlemesini togtadýan, dalagy çişirýän, içegeleriň, aşgazanyň siňdirijiligini düýpli bozýan, ganyň düzümini üýtgedýän, gan damarlarynyň gan geçirijiligini peseldýän, tutuş nerw gowşaklygyny döredýän, şeýlelikde, tutuş bedeni haldan gaçyrýan ýowuz dertdir» Häzirki zaman lukmançylyk tejribesinden. Okuwlaryň tamamlnmagyna indi az wagt galypdy. Dawut bäşinji kursy maksadyna ýetirip tamamlajak bolup, gijesini gündiz edip okaýardy. Ol indi kitaplara jan saljak ýaly bolup, olardan başyny galdyranokdy. Ol henizem öňki otagynda ýaşaýardy. Küren keseliniň dowam edäýmeginden ätiýaç edip, bir ýyllyk akademiki kanikula çykypdy. Otaga pes kursuň talyplarynyň üçüsini ýerleşdiripdiler. Olaram Dawuda kän bir päsgel berip baranokdylar. Onuň Gippokrat adyndaky talyp hakyny adaty ýokarlandyrylan talyp haky bilen çalşypdylar. Üstünden ýazylan bir arza sebäpli Dawudy institutyň täze rektory ýanyna çagyrypdy. – Senmi, Amanow Dawut diýilýän talyp? – Men. – Sen näme, «Maňa Lenin stependiýesini bermän, öz tanyşlaryna berdiler» diýip arz edip ýörsiň. Dawut rektoryň ýüzüne garady. – Näme meniň ýüzüme Aý bitipmi? Beýle jikgerilip sereder ýaly? Dawut başga ugurdan gep urdy. – Mugallym, siziň peşew halyaňyzda agyr dert bar. Häzirem siziň gan basyşyňyzyň aşagy gaty ýokary. Siz ýüregim agyrýar diýýänsiňiz. Siziň gan basyşyňyz böwrege, öt halta ýaramaz reaksiýa berýär. Size häzir gaharlanmag-a bir bolanok. Ikinjidenem, edil häzir buşukdyryjy ýa-da «Dibozol» dermandan birini, neýtroglisirinden birini, bar bolsa, bir çaşka kofe-de içip bilersiňiz. Maňa käýýeseňiz şondan soň käýýäň. Rektoryň edil bir ýolbarsyňky ýaly äpet, haýbatly, peşeneli ýüzi birden duw gyzyl öwüsdi. – Sen, Amanow, otur, ýum akzyňy. Bolmasa, otuz ikkiňi damakyňa iberterin. – Ol bir silkinip ýerinen turdy-da, ýene ýerinde oturdy. – Eger, bu käriňi bes etmeseň, men seni institutdan ýok ederin. Onsuzam sen barada hyşy-wyşy gep-kybatlardan doýgum, men. – Ol elindäki elde ýazylan bir tagta kagyzy onyň öňüne süýşürdi. – Alyň, tanyş bolilar! – diýdi-de, özi jyňňyrdap duran telefonyň trubkasyny göterdi. Dawut arzany okady-da oýa batdy. «Bu arzadan rektoryň hojalyk işleri boýunça orunbasarynyň agzynyň porsysy gelýär» Ol arzany rektoryň öňünde goýdy. – Ýöri, tanyş bolduňyzlarmy? – Sag boluň. – Näme aýitçak! Dawut pikirli: – Aýtjak zadym, menem şular ýaly arzany ýazardym, eger, arza seredilýän bolsa.... – Howa? – Howasy şol, ýoldaş mugallym. Size rektorlyga eneňizden doglan badyna emedekläp gelen dälsiňiz-ä. Sizem talyp bolansyňyz. Siz meni özüňize-de bir deňäp görüň, birinji kursdan bäşinji kursa çenli diňe bäşlik okaýan talyp. Tertipli, edepli, gurnaklara, çärelere ilgezik gatnaşýar. Okuwdan galanok, sapaklaryndan gija galanok. Emma onuň almaly ýokary talyp hakyny haýsydyr bir türkmençe bilmeýän, tanyşlyk üsti bilen baha alyp ýören birine Lenin stependiýesinem, beýleki sylag-serpaýlaram berýärler. Iň mynasybyň üstünden ýalan-ýaşryk arzalar ýazýarlar. «Okuwdan kowaryn» diýip, gören adam onuň üstüne heňkirip ýör. Üç adam ýaşamaly bir kiçijik otagda bäş adam bolup ýaşap ýör. Onsoň, näme, janyna deger-dä. Men ýazsam, şol zatlar barada ýazardym. Emma arzada ýazylan, mysal getirilen zatlar, meniň düşünerimdem daşarky, siziň öz araňyzda tutaşan dawalaryň beýany. Eger şonam men ýazandyr diýseňiz, onda maňa uly ynam etdigiňiz. Şonuň üçin meni arkaýyn okuwdan çykaryberiň. Men şu alan bilimim boýunça tebipçilik edibem maşgala eklärin. Ýöne sizde olar ýaly gaýrat barmy näme? Pöwhe, gedem, ejize ganym adamlar siz. Başga aýtjak zadyňyz bolmasa, men gitdim, sag boluň!.... Dawut ýerinden turdy. Rektor stoluny batly urdy. – Otur, siz ejize kanym diýip, pöwhe diýip, aýtjak kepiňizi pilip aýtyňlar. Men ejize kanym däldirin. Dawut sesini çykarman çykyp gitdi. Geň ýeri, ony gaýdyp rektorata çagyrmadylar. Ýöne azaram bermediler. Ol okuwdan ýaşaýan ýerine gelýärkä, institutyň derwezesiniň işiginde elewräp duran Albina Nikolaýewnany görüp, aljyrady. Bu aýal Dawudy görüp, oňa bakan ylgap gaýtdy. Gele-gelmäne aglamjyrap: – Dawut, Wadim Sergeýewiç! – diýip hamsykdy. – Ol erbet bolýar. Sen öýe barsa-na. Dawut bu owadan, ýaş, näzik aýal bilen bolan gatnaşygyndan soň, akademigiňkä häli-şindi barsa-da, bulara baranokdy. Ol görmäli bäri Albina Nikolaýewna birneme çekilişip, birhilije, näzijek gyza dönüp galypdyr. Ol Dawutdanam öňe düşüp, ylgaşlap barşyna: – Wadimçik, gaýrat et, çydajak bol, ezizim! – diýip samyrdaýardy. Dawut içeri girdi. Otagdan azan ýara bilen nejasadyň, wodka aragynyň agyr ysy garyşyp gelýärdi. Dawut düşegiň üstünde özüni bilmän haslap ýatan hassanyň elini eline aldy. Onuň eli buz ýalydy. Dawut hassanyň bitin aýagyny yzarlady. Onuň dyzynyň aşak ýüzünden sap-sary, porsy suwuklyk akyp durdy. Ol tisginip gaýra çekildi. – «Tiz kömegi» çagyraly! Aljyran Albina Nikolaýewna samrap durşuna: – Gerek däl. Onsuz bolmaz? – diýdi. Dawut ol aýalyň aýdan sözlerine garaman, bada-bat jaň edip, «Tiz kömege» ýagdaýy aýtdy. Sähel salymdan «Tiz kömek» maşyny geldi. Gelen lukmanlar hassany barlaşdyryp, işiň işden geçendigini aýtdylar. – Onuň keselhanalyk işi ýok! – diýip, ýaşuly lukman Albina Nikolaýewna ýagdaýy düşündirdi.-Bu süňk ragy! Ol süňki deşip akypdyr. Munuň özi keseliň jemleýji etaby. Bizde başga alaç ýok. Albina Nikolaýewna adamsynyň sowuk, biçäre göwresini gujaklap, naçarlap, alaçsyzlyk bilrn eňreýärdi. Hä diýmän goňşylar üýşdüler. Bir salymdan akademik Smirnow bilen aýaly hem geldi. Şeýdip, Wadim Sergeýewiç gijara jan berdi. Dawut tanyş adamlaryň jan berişini ilkinji sapar gördi. Ýöne häzir içerde gaýda-gaýmalaşyk mahaly, SSSR diýen ýurduň dürli ýerlerine bu ýakymsyz habar telefon arkaly iberilip, gelýänleriň yzan-da-çywan mahaly, bu ýagdaýlary ölçerip dökmäge onuň ýaş lukman hökmünde ýagdaýy ýokdy. Gijäniň bir mahaly ýakyna, uzaga habar bermek aladalary birýüzli edildi. Baş Serhet goşunlary uprawleniýesinden iki sany general, birki ýokary wezipeli, ýokary çinli adam gelip, akademigiň gapdalynda oturdylar. – Wadimiň wesýeti nähili bolarka – diýip, akademik halsyz, bu hasratyň ýüregine ornandygy bildirip duran gussaly, ak ýüzüni ýoldaşlaryna öwürdi. – Oňa-da maşyn gerek, ugradýan adamlar gerek. Uzak ýol, oňa gidip bilinjekmi? Ýol agyr, howa yssy.... Baş Serhet goşunlary uprawleniýesinden gelen general leýtenant agyr, salykatly başyny atdy. – Özüňiz çözseňiz, bizden müşgillik bolmaz. Jaýlanjak ýeri ertir irden diýen ýerinde taýýar bolar. Haçan ugramaly etseňiz, awtobusam, ugradýan ýeňil maşynam bolar. Eger isleseňiz, äkidende maşynly gidip, gaýdanda wertolýotly gaýdybam bolar. Maslahatlaşyp, ir bilen sagat onda ýola düşmeli edildi. Akademik Dawudyň gidip biljegini, bilmejegni sorady. – Men hökman giderin! Akademigiň ýüki ýeňlän ýaly boldy. – Sen onda ýanyň bilen derman, sanjym enjamlaryňam alaweri. – Ol gapdalyndakylara düşündirdi: – Dawut gitse, işiň ýary bitdi hasap edip bolar. Ol hakyky lukman, ýaş, güýçli oglan!.... Ir bilen Dawut gerek bolaýjak zatlaryny alyp gelýänçä, eýýän, awtobus, ugradyjy maşyn, harby orkestr gelip, taýýar bolup duran eken. Merhum tabyda salnan badyna, hä diýmän, orkestriň gamgyn owazy astynda maşynlar ugrady. Barmaly ýere Gün ikindä agyp başlan badyna baryldy. Bu ýerde harby gullukçylar, olaryň maşgalalary, kömek bermäge goşulan serhetçi esgerler uly topar boluşyp duran eken. Şol ýerde, belent baýryň güneý tarapynda eýýäm on-onki mazar bardy. Olaryň arasynda Lenajygyňam mazarjygy edil bir uly adamyň mazary ýaly bolup, tä gözýetime çenli meýmiräp ýatan owadan, kerem-keramatly daglaryň, indi sary gaýmak baglan arçaly-kerkawly dereleriň, käkilikli, jerenli källeriň bütindünýä asudalygyna garap, ýazylyp, ýaýnap ýatyrdy. Dawut gyzjagazyň mazarynyň başynda goýlan daşy aýna çarçuwalyja, güne-ýele az-kem soluşan suratyna garap, ep-esli wagt gama batyp oturşyna: – Lena janym, nähili ýagdaýlaryň, meniň seni gaty göresim gelýar, janym!.... – diýip, rus dilinde, gussaly pyşyrdady. Göwnüne bolmasa, mazardan bir owaz çykaýjak ýaly boldy. Ýöne owaz çykmady.... Wadim Sergeýewiçi gyzynyň çep gapdalynda jaýladylar. Iş tamam boldy. Ýöne hiç kimiň awtobuslara münesi gelmedi. Her kim iki sany ezizini bu gara daglaryň arasyna dözen Albina Nikolaýewna hemaýat beriji sözleri aýdýardy. – Ah, Albina, ah garabagt Albina!.... Dawut Albina Nikolaýewna, ýene birki aýala, erkek adamlara köşeşdiriji, gurplandyryjy sanjym etdi. Ýürek agyryny ýeňledýän derman berdi. – Ýok, ýok, duruň, doganlar, menem olaryň arasynda jaýlap gidiň. Maňa olarsyz ýaşaýyş gerek däl-eý!.... – diýip, ýaş, owadandan mähriban zenan eňreýärdi. – Men sizsiz indi nirä gideýin, ezizlerim! Wah, Lenoçkam, wah, Wadimçikgim!.... Awtobus merhumy galdyryp, serhediň ugry bilen yzyna ugrady. Maşyn Ak gaýadan jülgä düşende Dawut Gargyly gysyda goýun bakyp ören atasyny, maşynlaryň gapdaly bilen okdurylyp gelýän itleriň tanyş sesini, hol belentde, «Gotur gowagyň» bugaryp ýatan haýbatly agzyny, Ak galanyň, Kelte çynaryň adamlaryny gördi. Ýöne maşyndan düşüp, olar bilen salamlaşyp, ýa-da galyp bilmedi. Ýöne Dawut şol keremli gowaga seredende, onuň gözlerine ornan ýalawyň ýüreginiň başyna köz bolup ýapyşanyny duýman galdy. Ol şol ýerden tä Aşgabada çenli, edil dört-bäş sagatlyk ýoly diňe «Gotur gowak», onuň dirilik suwuny indi nädip ile-güne şypa edip paýlamak baradaky pikirler onuň tutuş aňyny, süňňüni, duýgusyny gurşap aldy. Ol şu pursatda bu gowagyň düýbüne inip, onuň gaýnap, çogup duran dirilik suwuna telim sapar girip çykdy. Onuň aňy goş bilen «Gotur gowagyň» aralygyny ölçeý-ölçeý, ýüz metrlik aralygyň bardygyny Dawuda aýan boldy. «Indi näme etmeli?» diýen sowala ol «....Bu gowagyň düýbündäki her çüwdürime, bir suw sordurýan mini nasos, hersine, suwdan dolar ýaly bedre ýaljak poslamaýan gaby gaýanyň ýüzüne ýörite pistoletden atmak arkaly berkitmel!... Her suw nasosyna suwa çydamly berk şlanglar berkitmeli! Olara goşdan elektrik çekmeli. Şlanglary goşa çenli çekip, goşda edil gowakdaky ýaljak howuzjagaz gurup, onuň depesinden üç çüwdürimdem howuza suw akyp, onda adamlar suwa düşer ýaly etmeli. Haçan suw gerek bolanda, goşdan togy işledeniňde, şol ýere suw akmaly. Onsoň, kesel, ýarawsyz adamlary, şu ýerde bejeribermeli...» diýen taýýarja netijä geldi. Dawut ýolboýy öz aňynda «Gotur gowagyň» suwuny goşa çekmegiň ähli ugurlaryny, ilik-düwme, ýeken-ýeken juda çintgäp işleşdirdi. Hatda, berk mini suw sorujylary üçin SSSR-ň haýsy şäherine, sargyt etmeli, çyga, suwa çydamly şlanglaryň haýsy şähere näçe metrini sargyt etmelidigini, bogunma, bogun, şaýma-şaý bişirdi welin, indi onuň ýüreginde hiç haçan görlüp-eşidilmedik nurana ýagtylyk açylyp gitdi. – Nesip bolsa, bu işi beýle goýman!.... Henizem gaty gowy pikirlenmeli. Bejerişhananyň taslamasyny taýýarlamaly. Suw sorujy apparatlary, gaýa nädip berkitmeli, her çüwdürime, bedrejigi nädip asmaly. Şlanglary, ýeriň aşagyndan ýeriň ýüzüne nähili çykarmaly. Bejerişhana nähiili bolmaly. Suw sorujy, apparaty. şlanglary, Kosmonawtlar şäherjigindäk oýlap tapyşlar merkezine, şeýle-de, Kaluganyň mehaniki oýlap-tapyşlar zawodyna sargyt etmeli. Şlanglar bäş ýüz metr, elektrik simi, müň metr, bedrejikler, suw sorujy apparatlar bäş sany bolmaly. Özem arzan bomaly däl. Goý, apparatlaryň her biri bäş ýüz manat bolsun, elektrik geçirijiler bäş ýüz metr bolsun, olam, metri elli manat bolsyn, şlanglaryň metri bir manat bolsun, gapjagazlary bäş sany, hersi ýigrimi bäş manat bolsun, wklýuçateller, şitler, hersi on manatdan bolsun.... Ol bu pikirleriň düýbüne ýetäýjek bolup, jany-teni bilen gaýta-gaýta bişirýärdi, ýene, ýene oýlanýardy. ....Ertir okuwdy. Onsuzam olar gije sagat dokuzlarda gelmeli ýere gelipdiler. Tomus gijesi adamlar akademigiň howlusynyň işige golaý ýerinde çadyr gurup, nahar, iýer, içer ýaly zatlary taýýarlap, ýatlama däbini berjaý etmek üçin garaşyp oturan ekenler. Dawut gijäniň bir wagty otagyna bardy. Ol gün adaty gün boldy. Dawudyň birhili keýpi ýokdy. Ol okuwdan soň otagyna gelip birki sagat ýatdy. Ýöne ýagdaýy düzelip gidibermedi. Ol gidip Albina Nikolaýewnadan habar alyp geldi. Ol görgüli üç otagly jaýa sygman uzakdan-ýakyndan gelenleriň garşysynda başyna bir bölejik gara mata daňyp, aglap-aglap, pyýala ýaly owadan gözlerini gyrmyza boýap, ýas tutup otyrdy. Ol Dawudy görüp, ony gujaklady. – Gel, mähriban, indi meniň senden başga hiç kimim galmady.... Dawut oňa düşündi, kän oturmanam ýaşaýan ýerine gaýtdy. ....Basym bäşinji kurs tamamlanyp, onuň synaglary, hasaplary başlandy. Dawut akademik Smirnowyň haýyşy boýunça Albina Nikolaýewnalara göçüp geldi.... Basym Albina Nikolaýewnanyň haýyşy boýunça, ol olaryň jaýyna ýazga girdi. Tomusam synaglarynyň ählisini ýokary bahalara tabşyryp, oba gitdi-Indi, nesip bolsa, iki ýyllap, diňe hassany bejermegiň syrlaryny öwrenmegiň ugrunda gezibermelidi. Oňa lukmançylyk ugrunda «Interno» diýilýän eken. «Interno» diýmegem, ýokary mekdepden daşarda okamak diýmegi aňladýan bolmaly – diýip, ol awtobusyň içinde töweregini synlap barşyna ýakymlyja oýlandy-Men geçen bäş ýyly hiç şübhesiz, ynsabyňy horlaýjak gep-gürrüňsiz-ä geçirdim. Men bäş ýyl mundan ozal gury salgyma giden bolsa, indi bäş ýyldan soň kellämem, aklymam, ynsabymam iliň-günüň derdine derman etmegiň syrlaryndan dolup, yzyma barýan. Men indi öňki, bäş ýyl mundan öňki Dawut bolmaly däl. «Geçen bäş ýylda ynsanyň derdine derman etmegiň gör, näçe syrlaryny öwrendim. Ýöne, olaryň näçesini indi öwrenerin. Ýöne şonda-da bu mukaddas işleriň aňyrsyna çykmak barmyka? Nesip bolup, Alla bize ýar bolsa, öz janymy bere-bere illeriň janyny dertden hallas ederin. Heýem, öz janyňdan jan bermeseň, iliň janyna seýik edip boljakmy?.... Ýöne, Alla jan, maňa bu ugurdan keramat ber, bu ugurdan paýhas ber, ýüregimden göz aç! Meniň özüme janam, baýlygam, malam zerur däl. Meni bu mukaddes ýola ataran Allam, sen maňa bu ýollarda keramat ber. Ozal-a Alladyr, galyberse-de, maňa ýykylan derdine derman tapyp gitsin. Maňa sygynan derdi-belalardan halas bolup ýaşasyn. «Bendäm bendäme sebäp» diýen eziz Allam, sen maňa öz şypa ummanlaryňdan bir damjajygyny bagyş et. Eý, on sekiz älemi ýokdan bar eden eziz Alla, eý, Ýerleriň, gökleriň, beýlekli älemleriň ýeke-täk kerem-keramatly beýik Patyşasy, eý bizi bir gysym gumdan bina eden eziz Alla jan, eý özünden gaýdyp, ahyrynda ýene özüne barjagymyz, eziz Allam, men seniň ýerdäki kiçijik şuglaň bolup adamlaryň derdini dep edeýin. Maňa keramat ber, kerem ber, eziz Allam!.... Dawut mundan öň hiç wagt dyn, şerigat, Alla, keramat barada oýlananokdy. Oňa ünsem berenokdy. Hiç wagt Allanyň keramata ýugrulan mukaddes adyny diline-de alanokdy. Emma ol akademik Smirnowyň «Alla ynangyn!» diýip berk tekrarlamasyndan soň welin, öýde-de, ýolda-da, synag mahaly-da ýüregine dolan ýanyp duran ody, gepläp-gepläp, içini sowadaýjak ýaly bolup şol pyşyrdady oturdy.... Dawut gören ýowuz düýşüni ýene bir sapar ýatlady.... ....Ol synaglaryň öň ýanyndaky günleriň birinde gidip akademige sanjym etdi. Onuň endam-janyny owkalap berdi. Onuň bilen bir käsejik çaý içdi. Dermanlaryň güýji ýöräp ugransoň akademik açyldy. Dawut akademigiň bu «sahsy» ýagdaýyndan peýdalanyp galmak isledi-de, edil onuň gapdaljygyndaky oturgyja geçip, akademigiň hor, gün, howa zarlykdan aksylt öwüsýän halsyz ýüzüne nazaryny dikdi. – Ýoldaş mugallym, sen maňa şu wagt ýeriň giňinde, birki sany sowaly düşündirsen-e! Meniň käbir zatlara, näçe okasam-da, hiç aklym çatanok. – Meselem?! – Meselemmi?! Ine, dirilik näme, ölüm näme? Saglyk näme, hassalyk näme? Dert näme, derman näme? Lukman bularyň niresinde bolmaly?.... Akademik krowartynda gyşaryp ýatan ýerinden, dikelip oturdy. – Adamyň, haýwanyň diriligi, bu bir beýik ýaradanyň haýran galmaly keramaty bilen ýaradan beýik gudratydyr. – Akademik şu gün üçin niýetlenen ähli gurbatyny harçlan hor, ak, ýuwulyp, ýuwlyp halys tüýdülere gelen esgi ýaly inçe barmakly akçylt, hor ýüzüni, içine giden gözlerini dözümli owkalady-da, jaýyň potologyna pikirli garady. – Adam, beýniniň, ýüregiň, bagryň, öýkeniň, böwregiň, aşgazan ulgamynyň, peşew ýollarynyň, içegeler ulgamynyň, duýgular ulgamynyň beýik sazlaşygyndan emele gelen subýektdir. Sol sazlaşygy emele getirýän ulgamlaryň her biri özbaşyna bir ägirt uly dünýädir. Meselem, ýüregi alyp göreli. Ýürek beden agzalarynyň ählisine ömür, dirilik paýlaýar. Ýürek durdygy, bedende, dirilik gutarýar, Bagyram, öýkenem, böwregem edil şonuň ýalydyr. Bularyň biri kem tapsa, beýleki agzalaryň, umuman şol beýik sazlaşyk ýitýär. Ine, lukman, derman şu ýerde saglyga gatyşmaly. Eger lukman şu sazlaşygyň bozulmasyny duýmasa, ony tapyp, zerur kömege ýetişip, em etmese onda bedende ölüm başlanýar. Bu sazlaşygy näme bozýar? Bu sazlaşygy, suw, howa, iýmit, sowuk, yssy geleňsizlik bozýar.... Akademik Dawudyň ýüzýne birhilije ýylgyryp seretdi-de: – Siziň halkyňyzyň «Derdem agyzdan girer, dermamam» diýe bir gowy sözi bar. Aýdylyşy ýaly, diňe dert däl, ýaşaýyşam, şol beýik sazlaşygyň energiýasam suw, howa, yssy, sowuk, iýmit bilen agyzdan girýändir. Bu dogry, ýöne janly, ýaşap, işläp ýören adamyň özi dert näme, derman näme, seljermeli-dä! – Lukman akylly bolmalydyr, gaty akylly, sak, hatyrjem bolmalydyr. – diýip, halsyz, ýuwaş sesi bilen aýtdy. – Ol adaty lukmandan has belent bolmalydyr. Ol bozulan sazlaşygy diňe bir derman bilen däl-de, derman sözi, dermandanam güýçi märibanlygy, ýüzüniň, gözüniň ýakymlylygy, üst-başynyň tämizligi, näsagy sagalmaga beýik umyt berip bilýän berk ynamy bilen hem melhemleri bilen bejermelidir! Elbetde, häzir lukmançylyk üçin kän bir ýeňil döwür däl. Dürli derdiň iň zerur dermanlary, anyk tejribe az. Ýöne wagty geler, lukmançylyk ugry hälki sanan ugurlarymyzyň her biri barada aýratyn gözlege başlanar, Bu ugurda güýçli, çylşyrymly, akylly, duýgur tilsimatlar oýlanyp tapylar. Ýöne biz oňa garaşyp oturmaly däl. Hut şu günden, hut häzirden şol beýik sazlaşygy emele getirýän beden agzalary barada, olaryň derdi, dermany, ony bejermegiň syrlary barada özbaşdak pikirlenip başlamaly. Medisina şeýle bir meseledir, oňa eliňi degirip, göwnüňi gaçyrmak bolmaz. Oňa tutuş süňňüň, yhlasyň bilen ýapyşmaly. Ýalňyşyp bolar, olam, indikide ýalňyşmazlyk üçin.... Ol arada bu ýigit bilen eden gürrüňine ýene dolandy. Birhilije öwrüm edip, söz açdy. – Ogul, sen dine ynanýan diýipmidiň?! – diýip ýaşuly, bu gürrüňiň arasynda ýaş ýigidiň garaşmaýan ugrundan söz açdy. – Ýok-la! – diýip, ol, ör-gökden geldi. – Näme, men indi Hudaý diýen zadyň, nämäniň çyn, nämäniň ýalandygyny bilmez ýaly, oglanjyk däl-ä. Men, edil kolhozdan çyksam-da, kolhoz menden çykman ýörer ýaly kolhozçy däl-ä.... Akademik erbet haşlady. – Senem meniň ýaly ekeniň. Menem şeýle pikir edip, elli ýaşa ýetdim. Elli ýaşymda bir keramat ýüregime kürsäp urdy. Janyma jaý tapmadym. Ýogsa, atamda-babamda din-dessur diýip ýörenem ýok. Maňa-da bu ugurlarda «sen eýle bolgun, beýle bolgun» diýenem bolmady. Ýöne, ine şeýtdim-de, ýüregi ýanar otly diwana bolup galdym. Ahyry hindileriň gadymy dillerinde ýazan «Mahapharata» diýen poemalaryny tapyp, hindi dilini, onuň dialektlerini öwrenip, şol poemany okap köşeşen ýaly boldum. Soňam, ol eseri şondan bäri rus diline terjime edip otyryn. Sen Alla uýgun, Alla uýmasaň, senden hakyky lukmanam, hakyky ynsanam bolmaz. – diýdi. Bu gürrüňiň soňy medisina sapdy. Akademik Dawudyň henize-bu güne eşitmedik ugurlaryndan söz açyp başlady. – Adam diýilýän zady Alla juda täsin materialdan ýaradandyr. Adam – ol biri-birine meňzemeýän millionlarça bakteriýajyklaryň giden bir okeanydyr. Şol okeanyň içinde bakteriýalaryň, kletkalaryň, dokumajyklaryň, nerw süýümjikleriniň, gan, howa, dürli mineral öýjüjikleriniň deňizleri, derýalary, kölleri, çeşmeleri, çaýjagazlary akyp ýatandyr. Ine, kelläni al, ol ik isany akyl ýetirip bolmaýan deňiz bolup durandyr. Şol iki deňziň nerw bardajyklary, süýümjikleri, öýjükleri, bakteriýasy, biri-birine meňzeş däldir. – Ol Dawudyň ýüzüne garady-Sen musulmanlaryň «Gurhan» diýen kitabyndan habarlymyň?.... – Hawa, bilýän, ýöne okamok. Akademik içini ahmyrly çekdi. – Ýok, ýok, beý diýme. Ol keramatly kitaby sen hökman okamalysyň! Hökman!... – Ol gözlerini ýumup, sähel wagt özüni dürsäp: – Allanyň şol kitabynda «Deňizleriň şor, ajy suwunyň arasy bilen süýji suw hem akýandyr. Süýji suw bilen ajy, şor suw biri-birine goşulýan däldir» diýen bir aklyňa sygmaýan pikir aýdylýandyr. Ine, beýni ýarym şarlarynyň bakderiýalary hem edil şonuň ýaly. Indi ýürek barada, Adamyň süňňünde iki sany ägirt gan akymly, iki sany derýa bardyr. Bir derýa çep tarapyndan ýokarlygyna çüwdürilip akýandyr, birisi sag tarapyndan çüwdütilip aşaklygyna akýandyr. Olara biziň dilimizde sag tarapky gan arteriýasy, çep tarapky gan arteriýasy diýilýär. Ine şol arteriýalar ýürekden gan susup, şol bir bakteriýalar hazynasyny, beýniniň deňine ýetende, beýniniň bakteriýasyna görä gan bilen gandyryp, eliň deňine ýetende eli özüniň bakteriýalary bilen gandyryp, böwregi, bagry, öýken, ödi, dalagy, beýleki beden agzalarynyň onlarçasynyň hersini öz bakteriýasy bilen gandyryp durandyr. Ýene-de ýürege öz durkunda gelip, goşulyp, ýene ýürekden çykyp gidýär. Heý, şeýle çylşyrymly prosesi kelläňe getirmek mümkinmi. Mümkin däl-ä. Şonuň üçin adam kesellände, onuň keselini anyklamak bilen bakterial düzümine akyl ýetirmeli. Damardaky ganyň düzümindäki, erisit, gemiglobin, neýron, sahoroza bakteriýajyklarynyň sagatlygyny, näsazlygyny kesgitlemeli. Eger şony kesgitlemeseň, sen hassanyň derdine derman tapyp bilmersiň.-Akademik birden başyny galdyrdy. – Dünýäde iň arasa zat nämedir – diýip pikir edýärsiň? Dawut az-kem pikirlenip: – Suw! – diýip goýberdi. – Dogry!Ýöne orta asyrlarda iňlis alymlary suwuň durşuna bakteriýalardan durýandygyny açandyklaryndan habaryň barmy. Sen häzir iň arasa diýen suwuňa-da, şolaryň mikroskoplary bilen seretseň, ýöne bygyrdaşyp duran jandarlardan doludygyny görüp, aňryň bäriňe geler. Seniň iýip ýören miweleriň, gök önümleriň, etiň, peýniriň, nahar-şoruň barada-ha gürrüňem ýok! Adamyň bakteriýa älemine gelmişek bakteriýalar, telim ýol bilen kürsäp girýär. Birinjisi, nesil yzarlamak arkaly, ikinjisi. Howa bilen, üçünjisi, agyzdan-iýmit, suw bilen, soňkusy, başga-başga, gelmişek ten bilen.... Olar. baryp, şol bakterialogik älemiň sazlaşykly dünýäsini bozýar. Bu bolsa, şol sazlaşygyň bozulan merkezi nire bolsa, öýkenmi, bagyrmy, aşgazanmy, kellemi, el-aýakmy.... keseliň döremegine sebäp bolýar. Şonuň üçin hemişe eliňi sabynlap ýuwup durmaly, agyr, ýokganç keselliniň ýanyna baranyňda agzyňy hasa bilen baglamaly. Her bir lukman profilaktika üçin spirti köp ulanmaly. Gör-ä baryp, VII asyrda Muhammet pygamber öz hadyslarynyň birinde: «Naharyň bereketi, onuň öňünden we soňundan eliňi ýuwmakdyr!» diýip ýöne ýere aýdan däldir!.... Akademik gijäniň bir wagtyna çenli şol gürrüň berdi oturdy. Onuň bu gürrüňleri Dawut üçin edil derman ýalydy. Ol bu gürrüňlerini aňyna däl-de, ýüregine ýazyp alypdy. Şondan soň ol akademige özüniň «Gotur gowak» baradaky pynhan syryny nähili açanynam bilmän galdy. Ol özüniň maşgala ýagdaýyny, çagalykdaky bolşuny, atasyna kömek berip ýörkä bir gotur çebişiň gowagyň düýbüne gaçyşyny, garry, ker, lal atasy özelenip duransoň, gowaga girip, onuň düýbüne gaçyşyny, ol ýerde başyndan geçiren ýagdaýyny, gowagyň çuňňur düýbünden akyp ýatan üç çüwdürim, olaryň aşakdaky emele getiren kölçesi, onda suwa düşünişi, ol suwdan içişi, gowakdan çykansoň özünde bolan ruhy, pähim-parasat, fizologik, juwanlaşma, arassalaýyş, dertleriň ýok bolup gitmesi barada howlukman, edil asylly talybyň döwlet synag toparynyň öňünde jogap berişi ýaly, jikme-jik gürrüň berdi.... – Meniň ejem, kakam, jigilerim inçekesellidi. Meni barlaghanada iki sapar jan edip barladylar, bar eken, ýöne häzir ýok – diýdiler. Akademik Dawudyň bu gürrüňini haýal-ýagallrak, ýadaw, endam-jany indi sökülen halda diňlänem bolsa, ol birden ýadawlykdan, meýmiräp oturmasyndan duýdansyz açyldy-da ýerinden zöw-zöw turanynam duýman galdy. Ol bu gürrüňiň änigine-şänigine ýetmek üçin Dawuda bu gepi telim sapar çintgäp-çintgäp gaýtalatdy. Her dürli sowallar berdi-de elini begençli çarpyp goýberdi: – Bardyr, hökman bolmalydyr diýýädim-ä! Han-a bar eken-ä, hana-a-a!.... Bolmaly diýýädim ahyry! – Ol ýigidiň ýüzüne aýdyp bolmajyk begenç bilen seretdi. – Sen şol suwdan içip, gap-garaja, kesel büren mürrüjek oglanjykdandan şeýle nurana ýigide öwrülen oglanjk-da! – diýibem Dawudyň maňlaýyndan gaýta-gaýta ogşady-da ony bagryna basdy. – Oglum, berekella, sen meni ölmänkäm beýik bagta ýetirdiň, oglum, ogluljygym!.... – Seniň bu meseläň, tutuş ömrüňi bagyşlanyňa degýändir. Ýöne şol gowagyň suwundan Kislowodskiý şäherinde «Bejeriş suwlarynyňň düzümini derňeýän Bütinsoýuz – Institut – merkez» bardyr. Onuň direktoryna Laryn Iwan Hanowiç diýýändirler. Şol merkeze hut özüň baryp ol suwuň düzümini elinje barlatmaly. Olardan «Bu çeşme suwy adamlary bejermäge ýaramly» diýen delilnama – hatyny almaly. Diňe şondan soň ol ýeri edil ýeriň aşagyndaky kybabynda, ýeriň üstünde gurnamaly. Ýeriň aşagyndaky suwuň degýän, minerallaşan ýerlerinden daş goparyp, getirip, merkez boljak ýere örmeli. Mahlasy, ýeriň aşagyndaky keramaty ýeriň üstüne çykarmaly. Munuň üçin pul-da, serişde-de, material-da.... gysganmaly däl. Şol ýerde, on-ýigrimi kesel üçin, lukmanlar, hyzmat ediji personlar üçin otaglar, naharhana, operasion otaglar, goşmaça elektrik stansiýasyny, içimlik suw ulgamayny, barlaghana, baglaryň içinde keselliler, hassalar, özlerini barlatmaga gelenler dynç alar ýaly iň ýokary derejeli ähli amatlygy içinde bolan tamjagazlar, otaglar, sekiler, çaýhana, mal saklar ýaly ulgamlar gurmaly bolar. Seniň bu meseläň, dünýä ýüzünde, bahasyny hiç zat bilen ölçäp bolmajak, adamzat taryhyndaky beýik sensasiýa!.... Sen bir başyny başla, soň saňa tutuş adamzadyň özi hossar bolar. – Akademik bu gürrüňlerden soň bir erbet titredi.-Sen meni gaty begendirdiň, oglum, meniň sähel süýşürintgi pulum bar. Şonuň birbada ýigrimi müň manadyny bererin, galanynam, soň ugruny taparys. Sen kanikula gidip gelýänçäň, men onuň taslamasynam, oňa gerek boljak harajadam işläp çykaryp goýaryn. Indi bolsa, sen gidip dynç al!.... Dawut akademik bilen hoşlaşyp, ýerine baryp, eşiklerini çykaryp, heziller edip uka gitdi.... Dawut şol ýatyşyna, birden Birinji Maý köçesine çykyp, instituta bakan dähedem-dessemläp barýanyny juda aýdyň, edil gündizlikdäki ýaly gördi. Ol alasarmyk ýagdaýda garşysyndan bir adamyň özüne tarap batly-batly ýöräp gelýäninem duýdy. Ol akademik bilen bolan gürrüňlerden ýaňa böwsüläýjek bolup duran kellesini ýassygyndan galdyryp, ol adamyň ýüzüne seretdi Garşysynda ömrüne gören adamsyna meňzemeýän daýaw ýigit durdy Ol nämedir bir zat diýip soraýardy. Dawut köçäniň gyrasyndaky belent demir sütüniň depesinde ýanyp duran çyranyň ýagtysyna, ol adamyň ýüzüne seretdi «Ýolagçy bolsa gerek» diýibem oýlandy. – Näme soradyňyz? Onuň garşysynda duranyň sesi gazaply çykdy. – Sen Dawutmy? – diýip, ol adam rusçany ermeni basymy bilen aýtdy. – Hawa, men Dawut. – Eger, Dawut bolsaň, gürrüň bar, gyra çekileli. – Dawut töweregine garady, köçede her mahal eýlä-beýlä geçýän maşynlardan başga janly jemende ýok. Ol garşydaşynyň titräp duran mysalasyna ynamly garady. – Aýdyber, näme gürrüňiň bolsa. Ol pyýada erbet sögündi. – Men seni yzarladym. Adyňam, familiýaňam, nirede okap, nirede ýaşaýandygyňam bilýän. Sen indi menden sypyp bilmersiň. Dawut geň galdy: – Näme beýle yzarlap, men kime näme jenaýat, ýa zulum edipdirin? Nätanyş dişlerini çalyp, içiniň içgiden, çilimde ýaňa dolugyp duran ýangyny dişleriniň arasyndan syzdyryp daşyna çykardy. – Seniň Sewilýe bilen näme dawaň bar. Sen näme üçin onuň göwnüne degdiň. Men ýedi ýyl oturyp on gün boldy, türmeden çykyp gelenime. Sen maňa dogryňy aýtmasaň – Ol goltugyndan jöwher gama çykardy. Edil bagryňy paralaryn. Men türmeden gorkamok. Sen maňa jogap ber. Dawut ýylgyrdy. – Men Sewilýäni ejesini, kakasyny bejerdim. Olam meniň ýüzümi arassalap berdi. – Ara, bes et-sen-äýt, hapa türkmenjik. Gutar!Sen ony näme etjek bolduň. Dawut ol adama geň galyp seretdi. – Sen meniň ýüzüme bir seret, meniň ýüzümde aýal adama zulum eder ýaly alamat barmy?! Eger Sewilýe menden öýke edýän bolsa, diňe şeniň diýýän zatlaryňy etmändigim üçin öýke edip biler. Men aýal adama edil ejeme, uýama, gyzyma sereden ýaly seredýändirin. Galanam, eger adam öldüresiň gelse, gel, meni arkaýyn öldüriber. Meniň başga aýbym bolmaly däldir. Men Sewilýäniň hem juda arassa, mähriban gyzdygyna janym bilen ynanýan. – Emma ol adam köşeşmedi. – Eý, sen samrama – diýip, pyçagynyň sapy bilen Dawudyň ýüzüne urjak bolup topuldy. Dawut onuň elini saklap bilmedi-de, onuň golundan kakyp goýberdi. Nätanyş, düňderilip gitdi-da, baryp gapdaldaky ganawa jalkyldap gapgaryldy. Ol «waý» diýip, bagyrdy, soň bir erbet iňledi. Dawut aljyrap durka edil ýeriň teýinden çykan ýaly bolup iki sany milisioner geldi-de, hersi Dawudyň bir goltugyndan dazyrdadyp tutdy. Olar ol bada rasiýa bilen merkezi uprawleniýä jaň edip operatiw topary, «Tiz kömegi» çagyrdylar. Bir salymdan Dawut milisiýa bölüminiň Žitnikow köçesiniň podwalynda ýerleşýän otagynda näme-nämeleriň bolanyna-da düşünmän, aňka-taňka bolup otyrdy. Ony hälki milisioner oglanlaryň ýazyp beren protokoly esasynda, bilindäki kemerini, bir ýüz kyrk bir manat puluny, köwüşleriniň bagyjygyny alyp galyp, gijäniň içinde gaýrada, rus mazarçylygynyň gapdalyndaky belent howluly zyndanyň SIZO deslapky derňew-anyklaýyş bölüminiň kamerasyna maşynly eltip dykdylar. Dawut bu bolan zatlara her näçe pähim etjek bolsa-da göz ýetirip bilmedi. Şonda-da, ol özünde günäniň ýokdugyna, günäsiz bir bendäni zyndana uzak salynmajakdygyna ynanmakdan başga zada gaýraty çatmady. Onuň ýerleşen kamerasy ini-boýy ýedi ädimlik ýer bolup, öçügsi çyranyň derdinden duran ýeriňde büdüräp barmalydy. Ol nirä barýanynam bilmän, kimdir biri bilen çakyşmasa, bir bolar bolgusyz zada urulmasa razy bolup ýuwaşja süýşüp, penjirä tarap süýşüp ugrady. Ol ortaraga ýetende kimdir biri onuň elinden tutdy-da, özüne tarap çekdi. Dawut bu ýylyjak elden bu kişiniň ýaşynyň birçene ýetendigini, ony dem alyş ýollarynyň derdiniň horlaýandygyny, ondan başga-da ýüregi kemli, bendedigini duýdy. Öz ýanyndan «Ýüregi kemli bolsa, ondan ýamanlyk çykmal-a däl» diýip ýyldyrym çaltlygynda oýlandy-da, özüniň çekilýän tarapyna eňňit etdi. Baryp, bir kişä degdi-de, onuň gapdalynda çökdi.... – Gel, şujakgaş ýerde oturagaý! Közüň ögrenişenden soň ýerleşersiň. Dawut naranyň birinji gatynda sakally, sarmykly ýaşulynyň oturandygyny gördi. – Salowmaleýkim! – Waleýkum assalam werehmetu beräketi, bala! Amanmy san. Allahym bu dünýäde abraý, ahyrýetde iman bergeý, enşalla! – diýip, Dawudyň sag elini tapyp alyp, hälki alamatlaryň üstüne gan basyşynyň gyssanmasy hem bildirip duran goja aýasy bilen gysdy. Käýinme, gistanma, herki işde bir bähbit bardyr. Azyz Allahymyň hikmetleriniň bimanysy ýohdur. Enşalla, bu-da ömrüňe sogap bolup ýazylgaý!.... Dawudyň gözleri kamera kem-kemden öwrenişdi. Diwar boýa-boý iki gat nara bolup durdy. Kameranyň edil ortasynda-da üç nara biri-birine çatlyşyp dur. – Indi ýerime geçäýeýin, haýsy ýer boşka? – Boş ýer barmy! – diýip, bir zorra ses ýokardan arlady. Otur gymyldama-da, şol çöken ýeriňde, gazyk bolup otur. – Ol gapdalyndaka hüňürdedi.-Aý, her gelen haramzada hekem-äý. Näme, ejeň miras mülki bar-da, senem şonda dynç almaga gelensiň-ow.... Balaňy s.... bolaýyşlaryny.... Dawut sesini çykarmasa-da, şol geplän ýatanyň gan basyşynyň ýokarlanyp, onuň psihikasynyň bozulanyny aňdy» Oňa köşeşdiriji sanjym bilen bir düwmejik «Paperin» berip, bada-bat ýygrimi damja karwalol içirseň, tut ýaly bolup, guzy ýaly bolup uklardy...» – Eý, tentek, sen özüň näme kär edýän janawar?!. Ýaşuly ellerini ak sakalyndan aýyrdy-da, Dawudyň elinden tutup: «Onuň bilen deň bolup durma» diýip duýdurdy. – Men talyp-la! – Talyp bolsaň poh iýip ýörsüňmi bu ýerde? Dawut ýylgyrdy. – Şu wagt bir adam öldürip gelýän. Aslynda şu gün meniň adam öldürýän günüm, bary-ýogy alty adam öldürdim. Ýene bir altysyny dagy öldürmesem, meniň ukym tutmaz. Haýsyň ölesiň gelse, howlukman, nobatajyk duruň. Bu ýeri tüýs meniň isleýän ýerim eken. Adam päsgel berjek däl. Senden başlaýaýayn.... Häliden bäri wadyrdap oturan pyýadadan ses – selem çykmady. Ol bir salymdan: – Ýit-ä, ýok bol-a, doňuz – diýdi. – Men-ä başga kamere geçjek. – Pikiren etme, şu ýerden gapa tarap geçdigiň, öldügiň biläý. Bagtly ekeniň sen, ölmekde birinji boljak ekeniň, hany, gel-eý! Ýaşuly onuň elinden tutup «Bes et!» diýen yşarat etdi. Kamerada ýatanlaryň birindenem ses çykmady. Birden kimdir biri gyryljak ses bilen: – Ganhor aga, balagyma siýip barýan-eýt men buşugaýyn, jan ganhor aga jan! – diýip, mysapyrsyrap aýtdy. – Buşuk, ýöne, şarladyp buşuksaň ikinji bolarsyň – diýdi. – Alagaraňka çümüp oturanlar gülüşdiler. – Eý, Doşşan, sen bagtly ekeniň-eý, ikinji bolduň. – Ertire ölmän çyksaň, ýuwarsyň.... – Ölse iki ýuwar. Näme bu ýerde mugt ölüm barmy saňa! Ýaşuly Dawutdan gözüni aýyrman oturşyna, ýuwaşlyk bilen: – Özüň nireden? Kimlerden bolarsyň? – diýdi. Dawut diňe goja eşider ýaly edip, özüniň niredendigini aýtdy. – Boldy. Ýürehim duýdy-la. Meniň özüm garry Nohur diýilýän ýerden. Adyma Şamuhammet hoja diýerler. «Metjitde ymam bolup, medrese ýörediýäň, namaz ohyp, araza tutup ile ters görelde görkeziýesiň» – diýip, indi beş aý beri şul ýere gabyp goýupdylar. Olar meni şu ýerde sahlyp Alla, din-şerihata ynanjy zyndanda sahlaýandyryk diýip pikir edýeler. Aý, Alla bilýendir. Men-ä indi ögrenişip gitdim. Bularyň tutany hiç. Meni Allahym tutmysa bolyr. Her bir işiň aslynda bähbit bardyr, enşalla!.... Gojanyň bu sözi Dawudy edil bir tok uran ýaly etdi. Ol sarsyp giden süňňüni tutup bilmän ep-esli wagt oturdy. Birdenem «Olar meni şu ýerde sahlyb türkmeniň Alla, din-şerihata ynanjy zyndanda sahlaýandyryk diýip pikir ediýele» diýen pikir edil Sekizýabyň gözbaşyndaky belent gaýalardan gaýdýan şaglawuk ýaly bolup, onuň depesinden yňdarylyp gaýtdy. Ol özüni tutmaga ýetişmänkä demir gapy jagyrdap açyldy. Kameranyň daşyndan ýakylýan goşmaça çyrasy ýandy. – Amanow Dawut, işige! – Ganhor agamyň-a kaput – diýip kimdir biri ýaňsyly kikirdedi. Dawut işige bardy. – Eliň arkaňa! – diýip, koridorda duran ýarym ukuly ýüzi asylyp duran milisioner azmly gepledi. – Öňe! Gapy şakyrdap ýapyldy. Dawudy koridoryň ugry bilen gyrakky otaglaryň birine eltdiler. Bu ýerde, täze raýat egin-eşikli adamlar oturdylar. Dawut olaryň görmegeýden salykatly ýigidiniň garşysyna geçip otyrdy. Ol ýigit baş atyp, Dawut bilen salamlaşdy. – Familýaň. Adyň. Nirede, näçinji ýylda doglan, nirede işleýäň? Onuň : – Medisina institutynyň bäşinji kursunda okaýan diýmegi, ondan sorag edýän tatar adamsyny juda geň galdyrdy. – Tohd-eý, çto, dawaý, snaçala! – diýip, ol öz dilinde sorag edip başlady. Dawut ähli zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň berdi. – Men akadenik Smirnowa.... Sülçi ony saklady: – Salgysy? – Jukowskiý geçelgejiginiň 18-nji jaýy. Sülçi ony ýene saklady: – Öz ýaşaýan jaýyň? – 1-nji Maý köçesiniň 19-njy jaýynyň 10-njy otagy.... – Hawa, aýdyp beriň. Dawut janygyp-janygyp bolan ýagdaýy bolşy ýaly gaýtalady. – Bary şolmy? Dawut oýa batdy. – Birnäçe söz, ol adamyň «ara» diýip sögmesi. Meniň «Eger adam öldüresiň gelse, gel, meni öldür» diýenim ýaly sözler galan bolaýmasa. Sülçi gözlerini bakraldyp Dawudyň ýüzüne bakdy. – Maňa hakykat kereg, hakykat. Şonuň üçin, täzeden gowja oýlan-da, baryny gürrüň ber. Howlukm-meý. Dawut oýlandy-da başdan başlady. Sülçi kanagatlanmady. Dawut şu wakany şeýle äheňde, bir sözünem, ýene iki sapar gaýtalady. Soň onuň sesi magnit lentasyna ýazyldy. Şondan soň sülçi Dawutdan akademik Smirnow, Albina Nikolaýewna, Sewilýe bilen tanyşyşyny protokola geçirdi. Okaýşy barada gyzyklandy. – Sin nehile pikir etesiň, medinistitutgyň talyby biýle jenaýaty kyla bilemi? – diýip, ol ahyrda Dawuda sowal berdi. Dawut agyr oýlandy. – Namysyna degseler, içgili bolsa, kelpeňräk bolsa edäýmegem mümkin. – A siz? – Ýok-la. Men bäşinji kursy gutarjak bolup durun, Juda gowy okaýan. Meniň tertibim, ünsüm gowy. Arak, şerap, çilim, nas, neşe iň ýigrendik zadym. Gyz-gelin bilen juda sowuk. Basym oba gitjek bolup ýörün. Obada ýarawsyz atam, hassa ejem, kakam, uýalarym, ker, lal atam minudyny sanap garaşyp otyr. Men onsoň näme üçin uruşyp, birine jebir, sütem edeýin. Meniň kärim sütem etmek däl-de, seýik etmek ahyryn.... Sülçi barybir betgüman boldy.... Dawudy kamera eltenlerinde Şamuhammet hoja darajyk burça dykylyp, namaz okap oturan eken. Ol doga-dileg edip bolýança, Dawut işigiň agzynda gazarlyp durdy. Ol bu nurana gojany öň bir ýerlerde görenine meňzetdi. « – Ol maňa «Saňa Hakdan paý berildi!» – diýen kişi bolaýmasyn» diýip oýlandy-da ýaşulynyň ýüzüne tamakinçilik bilen garady. Soň gyrakdaky çüňkdäki boş nara geçjek boldy. Ony ýaşuly saklady. – Geçäý, ýeriňe! - Ýaşuly gapdala süýşüp, oňa ýer berjek bolup, özi ýumruk ýaljak bolup oturdy. – Allaha şükür, Alla jan ýene bir gününe ýetirdi. Ile-güne, içinde bize-de haýyrly gün bolagaýsun, ylahym.-Soň ol ýoldaşynyň ýüzüne seretdi.-Onsoň näme diýýelle. Özler-ä gaty kän sakladylla.... Dawut başyny atdy. – Aslynda bolan zat ýok. Bir ermeni adam gije meniň garşymdan çykyp, meni saklady. «Sen pylanymyň, pylan gyzy tanaýaňmy, sen oňa näme üçin azar berdiň?» – diýip, yrsarap başlady. – Içiglimi? –Wah zyr-la. Onsoň eli pyçakly, maňa topuldy. Meniň bar edenim, edil ýüzüme ýetip barýan pyçakly elini itip goýberdim. Ol adamam öz badyna, baryp beton ganawa gapgaryldy. Edil şol wagtam, iki sany milisioner edil ýeriň teýinden çykan ýaly bolup geldi-de, şu ýere alyp geldi. Ýatanlar gorsandylar. – Dört ýyl işiň bar!Külçäňi düwüber! Gapdalda ýatan okumyşsyrady. – Gowja aklawçy bolsa, boşadyp goýberýär. Suda-da ýetirmeýär. – Ýo-ok, şol topulan adam kim, onuň ýagdaýy nähili, şol barada-da pikir et! – Şertli iş kesiler. Gutardy. Şamuhammet aga Dawudyň goluny gysdy. – Hudaya sygynyber. Allam, enşalla gowusyny eder. – Ol bir salymdan – Namaz ohyrmysyň? – diýdi. Dawut başyny aşak salyp: – Ýok! – diýdi! Ýaşuly başyny ýaýkady. – Häk, ýaşlyk edäsiňiz-dä, Ohyýmyk kerek, ogul. Namaz Alla bilen dertleşmek pursadydyr. Ana, namaz ohymasaň, Alla nädip arzyňy diýjek. Beýik Ýaradan Kurany Kerimiň bir surasynda «Men ynsany diňe namaz ohyýsyn dip ýaradandyryn. Men ynsany maňa togap etsin diýip ýaradandyryn. Bagşa hiç zat diýip ýaradan däldirin» diýýendir. Gel, bala, häziriň özünden ertir namazyny oky! – Namaz bilemog-a. Ýaşuly gaty gaharlandy. Ol birhili zarp bilen: – Goý, kepiňi, ohy! – diýdi-de, özüniň namaz okan ýerini görkezdi. – Bar, tur, täret al! – Men bilemog-a. – Bilersiň, eliňi, ýüzüňi üç sapar ýuw. Soň öňüňe, yzyňa suw al, kelläňe mesh al, aýahlaryňy ýuw. Bol, bol . Tur, ýeriňden, ýöri. – Ol Dawut täret alýança, el-ýüzüni ýuwýança onuň bärsine gabat bolup, gaýta-gaýta öwredip, dogalary telim gaýta pert-pert sanap, öwredip-öwredip durdy. Soň namazlyga geçirdi. – Indi üç sapar «Allow äkber!» diý. Boldy, indi niýet et. «Niýet kildym ertir namazynyň iki rekat sünnetini ödemeklige! «Dawut gaýtalady. Indi «Kulhowallany» ohy. Soň «Yzzajy ensurallahyny» ohy – Ol bu dogalary şeýle ýumşak aýtdy welin, Dawut olary bada-bat ýat tutup aýtdy. – Indi iki sapar egilip gal. Soň ruku git, hany, gaýtala, soň ýaňky ohynlaryňy doly okhy-da, iki sapar togap et. Ýene «Ettihaýatyny» gaýtala. Indi ýeriňden turup, ertir namazynyň iki rekgat parzyny ohymagy niýet etdim» – diý. Ýaşyly ertir namazyny Dawuda kemini goýman öwretdi. – Ine, boldy. Bir juda uly iş bitirdiň. Indi doga-dileg et-de, ýat. Men näme dileg etsemkäm. Ýaşuly Dawudyň ýüzüne garady. – Eý, Allam maňa abraý ber – diý. Görner, görünmez apatlardan, zulumdan, töhmetden, jebri-jepadan öz penaňda aman saly – diý. Şamuhammet hoja Dawuda has gysmyljyrap, oňa Allanyň gowy görüp, kabul edäýjek dileglerini öwretdi oturdy. Dawut Şamuhammet hojadan şol dileglerem, ertir namazynam, öýle, ikindi, agşam, ýasy namazynam çintgäp-çintgäp öwrendi. Olary soňam, kamera nahar getrýänçäler gaýtalap, öz kalbynda telim-telim gaýtalap, bişirdi otyrdy.... Demir gapy jygyrdap açyldy. – Hany, saklananlar, yrgyldaşyp oturman, hatar üçin hatara düzüliň! Ertirlik naharyňyzy alyň! Dawut jam bilen kürüşgäni göterip, Şamuhammet aganyň ýanyna geçdi. – Iýme, gapdajyk goýaý. Oglanlar iýer. Dawut aňka-taňka bolup onuň ýüzüne garady. Ýaşuly başyndaky zommajyk telpegini eline alyp owkalady. – Häzir, azajyk sabyr et. Şondan ýarym sagat töweregi geçenden soň ýaşula bir termos çaý bilen gatlakly çörek, el ýaly kebap getirdiler. Kebabyň ysy kamera ýaýrap gitdi. – Hany, geliň oglanlar, bileje nahar edineliň – diýip, ol töweregindäkilere hödür etdi. Dawut termosyň gapagyny çaýdan doldyrdy-da, bir bölek gatlakly çörek bilen garbandy. Soň tä ýaşuly nahar edinýänçä, oňa çaý guýup berdi oturdy. Nahar wagty geçerine mähetdel, ony ýene soraga çagyrdylar. Indi ondan başga bir ermeni ýigidi sorag etdi. Dawut bolan wakany bolşy ýaly aýtdy. – Ara, sen maňa at oýnatjak bolma. Seniň ýenjen adamyň keselhanada özüne gelmän, demini sanap ýatyr. Onuň kellesi kül owram, egni döwülen, burny mynjyrap dur. Sen nädip oňa beýle jebir edip bilýäň. – Onuň özi serhoş bolansoň, meni urjak bolanda, öz badyna suw geçýän beton ýapjagaza ýykyldy. – Malçi-da, sen beýle köpbilmişsireýäň. Bolan ýagdaýy bolşy ýaly aýt. Dawudyň haýran galmaly batyrgaýlyk duýgulary galkynjyrap gitdi. – Eý, dost jan! – Ara, men saňa dost jan däl-de, graždanin naçalnik i malçy-da. Dawut onuň ýüzüne seretdi. – Meniň saňa şikaýatym bar. Seniň menden sorag etmäge hakyň ýok. – Näme üçin?! Dawut ýüzüni beke tutdy. – Sen baryp ýatan narkoman. Özüňem gaty ýokganç inçekeselli. Seniň inçekeseliňi özüme ýokuşdyrasym gelenok. Çagyryň ýolbaşçyňyzy. Öňem nämedir bir zada gahary gelip duran sülçi ýumrugyny aýlap Dawudyň ýüzünden saldy. Dawut onuň şeýle oýunjagaz etjekdigini oýlap otyrdy. Ol sülçiniň özüne tarap ýetip gelýän ýumrugyny tutdy-da, edil demir gasyk ýaly barmaklary bilen gaňryp, yzyna batly itip goýberdi. Sülçi erbet wägirdi-de, baryp pola diňarkan uruldy, soňam içi akyr-ukurly halta ýaly bolup, öz oturan stolnyň aşagyna süýnüp gitdi. Kabinetdäki şakyr-şukura işikde duran ýaş milisioner ylgap geldi. Ol Dawudyň ýeke özüniň oturanyny görüp, gapyny açyp yzyna gitdi. Dawut baryp, göz açyp ýumasy salymda sülçüni stoluň aşagyndan silkip alyp, oturgyçda oturtdy-da, ýene öz ýerine gçdi. Daşardaky milisioner ýene-de içeri girip, aňk-taňk boldy. – Ýoldaş sülçi?! Ýoldaş sülçi. Ol Dawudyň ýüzüne garady. – Oňa näme bold-aý? Dawut ýüzüni has agraldyp: – Onuň erbet keseli bar. Şol gozgaýdy öýdýän. Milisioner oglan kabinetden bir ýerlere jaň etdi-de ýagdaýy aýtdy. Şol bada birki sany milisioner ýüwrüp gelip, sülçini götergiläp alyp gitdi. Şondan soň Dawudy kamerasyna eltdiler. – Oglum, işiňi Alla oňarsyn. Bir bähbitjagaz görünýärmi? – diýip, Şamuhammet hoja ýylgyryp garşylady. – Enteg-ä şol tükezzebanlygy. Belki bir yşjagaz açylaýsady, eziz Allam. Öýle namazynyň öň ýanynda ony ýene soraga çagyrdylar. – Geç, otur! – diýip, düýnki tatar sülçi Dawudy mylaýym garşylady.-Men akademik Smirnow bilen gürleşdim. Ol institutyň rektoryna, Baş prokurora, Ýokary suduň başlygyna, Içeri işler ministrine. Aşgabat şäher prokuroryna meniň ýanymda jaň etdi. Soň geýinip, özi şolaryň ýanyna gitdi. Meniň aňlaýşyma görä, seni giç galsa ýene bir sagatdan bu ýerden boşadarlar. Akademigiň aýdyşyna görä, sen geljegine umyt bildirýän beýik tebigy zehin bolmaly. Şonuň üçin menem seni boşatmak barada prokurora çözgütnama ýazdym. Sen häzirlikçe, kamera bar. Ýöne, hiç kim bilen gepleşme, sesiňi çykarma.... Dawudy sülçiniň ýanyndan kamerasyna alyp gelýärkäler goňşy otaglaryň birinden Toýbaý Sylabowyň şerraý, gödek sesini eşitdi. Ol Adam koridordan geçip barýan Dawudy görüb-ä, ot alana dönüp möwjedi: – Meniň gyzym, meniň Aýjanym pägiňem pägidir. Ol iliň porsy şylhasyny, haram puluny ogurlar ýaly, zada zar çaga däldir. Siz her bir agzy pohly haramzadanyň sözüne ynanyp, meniň gül ýaly gyzyma töhmet ýapypmy!Siziňki töhmet! Ýaş, ösüp barýan sowet kadryna zabun töhmet! Sizem, siziň – Ol elini koridora uzatdy-hol agentiňizem, öz etmişiňize kelläňizi ýalaňaçlap, adyl sowet sudunuň öňünde jogap bermeli bolarsyňyz. Meniň gyzym gaty päk, arassady-y-r!... Onuň gapdalynda bolsa bu adamyň azaňy alýan şerraý sesinden ini dygy-dygy bolan Emira bir gysymjyk bolup sargaryp-solup durdy.... Dawut kamerasyna baryp täret alyp, öýle namazyny okap otyrka ony ýene çagyrdylar. Ol iki sany milisoneriň ugratmagynda başga bir kabinete bardy. Şol ýerde oňa kemerini, köwşüniň bagyny, puluny gaýtaryp berip, birki sany kagyza gol çekdirip, türmeden çykaryp goýberdiler. Dawut erkinlige çykyp barýarka, tisginip, allaniçigsi bolup, tisginip, gara der bolup oýandy-da, ýalt-ýult edip, töweregine garady. Soň bu bolan zatlaryň düýşüdigine ýüregi çatlara gelip bagendi.... Şol alasarmyk begenji bilenem: – Men nired-äý?! – diýip öz-özünden sorady. Otagda hiç kim ýokdy. Dawut bu gören elhenç düýşüni nähili, nämelere ýorjagyny bilmän, gussaly oýlanyp ep-esli oturdy-da, pyşyrdp diýen ýaly: «Meniň başymda näme apat-belalar barka. Bu nämäniň ýowuz düýşi, özem şeýle aýdyň, men namazy indi unudyp bilmen-ä, Bu Toýbaý Sylabowyňky näme, Şamuhammet hoja bu ýere nireden geldi.... Bu düýş ýönelige-hä bolmaly däl. Ýöne, eziz Allan Şamuhammet hojanyň aýdyşy ýaly, «Näme bolsa bähbitlisi bolawersin...» Ol bu gören düýşi baradaky agyr oýlardan soň akademigiň ýanyna ugrady. Akademik ony görüp begendi-de elini Dawudyň egnine goýdy. – Seniň döwlet synagyň haçan! – Ertir iň soňky synag.... Akademik başyny atdy. – Synagyňy tabşyr-da, şol ýerdenem obaňa git. – Ol stolunyň çekmesini açyp, ondan bir topbak kagyz çykardy. – Dawut, oglum, men saňa bir zady gaty berkden berk tabşyraýyn!Sen kanikulyňda bolmasa, birki aýlap okamaňy-beýleki zerur işleriňi-de taşla-da, şol «Gotur gowak» bilen meşgullan. – Ol stolunyň çekerini açyp, ondan ep-eslije kagyz düwünçek çykaryp, Dawuda uzatdy.-Me, men saňa ýigrimi müň manat berýän. Şol suwy daşyna çykaranyňdan soň, ýene şonçany bererin.... Dawut kaýyllyk bilen aladaly başyny atdy-da akademigiň özüne beren düwünçegini aldy. Ol instituta girip çykaýyn diýip barýarka Emira gabat geldi. Emira birhilije sussypes halda boýurganyp Dawudyň ýzüne garady. – Salam Emira! Emira salama jogabam bermän, öňem aglamakdan gyzaryp duran gözlerine ýaş aýlady-a: – Biziňem başymyza iş düşdi. Eşidensiň-ä! – diýip, halsyzja aýtdy. – Ýok. – Bir topar talyp oglan üýşüp, töhmet baryny atyp, Aýjany sud etdirip, üç ýarym ýyl türmä basdyrdylar-a. Toýbaýam, düýn erbet edip, işinden çykardylar.... Dawut bu gürrüňe gynanjagynam, begenjeginem bilmän, başyny gynançly ýaýkap, öz ugruna gitdi.... ....Awtobus saklandy. Adamlar ondan düşüp başladylar.... | |
|
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Geñeşden öñki sala - 19.08.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Dirilik suwy -22: romanyň dowamy - 22.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -21: romanyň dowamy - 05.11.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Ýazlagda - 07.12.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |