11:40 Dirilik suwy -20: romanyň dowamy | |
2. «.... Näsagyň durmuş tertibini diňe olaryň öz peýdasyna gönükdirip, olara zeper ýetirmekden saklanaryn. Men hiç kime awuly ýa-da çaga düşürmegiň serişdelerini bermerin ýa-da olary nireden almalydygyny görkezmerin...» Gippokratyň kasamyndan. «Süňk döwüler, egri bitmek üçin» Gündogar pähimlerinden. «Gan bilen giren, jan bilen çykar» Halk nakyly. «Küýkini gabyr düzeder» Halk nakyly. Dawut irden turup ertir namazyny okady. Soň mellegiň birki pelini agdardy. Hemem agyr oýlara batdy. «Men Akgala işe geljek bolsam, bu ýerde maňa taýar jaý-a ýok. Men barybir ilki jaý gurjak bolsam, näme üçin Gargyly gysynyň bagly böwründen däl-de, Akgaladan gurmaly. Men jaýa pul harçlajak bolsam, onda jaýy Gargyly gysynyň deňinden guraýyn. Munuň üçin ilki bilen etrap raýispolkomyndan, kolhoz prawleniýesindan şol ýeri özüme mellek ýer edinip almaga rugsat alaýyn. Bu işde bir-ä iki işlilik etmeli däl, ikinjidenem ýalňyşmaly däl, gaty akylly-paýhasly, oýlanyşykly hereket etmeli» diýip, edilmeli işleri oýlanyp, bişirip goýdy. «Gurluşyk işlerinem, bir gowy on oglan tapyp, brigada düzmeli. Goý, şolar näçe hak alsa alsynlar. Gerek boljak gurluşyk materiallarynam satyn alyp getirsinler, binalaram gül ýaly edip gursunlar. Men ilki bilen Oba Sowetden maşgala ýagaýym barada, kolhoz başlygyndan mellek ýerimiň ýoklugy barada, etrap keselhanasyndan şu ýere lukman bolup işe iberilip, häzir işläp ýörendgim barada hat alyp, şolar esasynda maňa «Gargyly gysydaky böwri mellek ýer edip bermeklerini haýyş edýän» diýip arza ýazaýyn. Şondan soň bu işlere başlaýyn...» Ol melleginiň eýini ýetirip, depip ýörşüne, edilmeli işleri gaýta-gaýta ölçäp-bişirişdirdi. Soň geýinip, barmaly ýerlerine baryp, almaly kagyzlary, hatlary alyşdyryp, etrap merkezine gitdi. Barşyna baş lukmanyň kabulhanasyna girdi. – Salowmaleýkim! Otagda baş lukman, Myratberdi aga, Meret doktor üçüsi kelle-kellä degrip, nämäniňdir bir zadyň pynhan gürrüňini edip oturan ekenler. Olar Dawudy görüp, kerk gören sugun ýaly bolup, çala salamlaşan bolup, bada-bada dargap gitdiler. – Ýöri, lukman, nädýäň? Işe başlajak bolýaňmy? – diýip, baş lukman syrynyň üstünde tutulan ýal, aljyraňňy şelaýynsyrady. Dawut ýaşulynyň lopbuşdan gara ýüzündäki agyr bir derdiň, ýürek ynjysy bilen garyşyp turuzýan oýnuny lukman nazary bilen dözümli synlap: – Enteg-ä başlajak bolamok. Ýylyň ahyryna çenli eslije wagt bar-a. Onsoňam, men ol ýere baranym bilen ne jaý taýýar, ne bejeriş otaglary. Bölüm açmak dilde aňsat. Bölümi bölüm etmek üçin niçe azap, niçe harajat, nijeme serişde gerek. Olaryň sanawyny düzmek, smetasyny, medisina personalyny kesgitlemek üçinem birküç aý gerek bolar. Onuň üçin, heniz men arkaýyn. Meniň bu ýere gelmegimiň sebäbi, maňa şu keselhana lukman bolup işe gelendigim barada hat gerek. Men özüme mellejik üçin ýer aljak bolup, ispolkoma arza berjek bolýan. Baş lukman onuň gürrüňini nämüçindir, begençli makullama bilen kesdi. – Oňarýaň. Mellejik alyp, jaýjagaz gurun. Ine öýlenersiň, işlärsiň mellegem, jaýam gerek zatdyr. Meniň özümem ispolkomyň mellek berýän komissiýasynyň agzasy. Ertir şol meselä serediljek. Arzaňy, gijikdirmän, häziriň özünde olara eltip ber. Menem habadar bolaryn. Saňa mellek alyp bereýin men. Hatyňam häzir taýýarlarlar. Sen gitde, arzaňy ýazyp gel, oňa çenli hatyňam taýýar bolar. Dawut ordinatorska gidip, kärdeşleri bilen salamlaşdy hem-de ispolkomyň başlygynyň adyna täze işe gelen ýaş hünärmen hökmünde mellek ýer bermeklerini sorap arza ýazdy. Soň ýene baş lukmanyň kabulhanasyna bardy. – Amanow, size Aşgabatdan tellegrama gelipdi – diýip, ýaşajyk kätip gyz onuň eline daşy ýelimlenen kagyzy tutdurdy. Dawut tellegramany açdy. «Möhüm mesele sebäpli gyssagly Aşgabada gelmegiňizi soraýaryn. Akademik Smirnow» Dawut ispolkoma barýarka akademigiň nähili meseläni möhüm hasap edäýjegi barada öýlandy. Soň ol: «--Onuň bar aladasy «Gotur gowagyň problemasydyr» diýen netijä geldi. Soň ispolkomyň başlygynyň ýanyna bardy. Orta ýaşan aşgazanyndan, ödünden agyr ejirler çekýän, gan basyşy ýokary aýal, bu garagözelek, ak ýüzli owadan, uzyn boýly mähriban ýigidiň öňünde öz derdini ýaşyrjak bolup, gara başyna gaý bolup, ýylgyran boldy. – Senmi şol merkezi keselhana gelen ýaş lukman. Dawut baş atdy. – Hany, birsellem oturyň-hany. Ol arza seretdi. Äýnegini dakynyp, arzany gaýtadan doly okady. «Etrap raýispolkomynyň başlygyna medinistuty şu ýyl tamamlap, işe gelen ýaş lukman Dawut Amanowdan arza. Meniň ýaşar ýaly ýerim bolmany üçin, maňa ýaş hünärmen hökmünde etrabyň «Ak gala» kolhozynyň Gargyly gysy diýen ýerindäki gök çagyl böwürjigini mellek ýeri edip bermegiňizi haýyş edip soraýaryn. – Hatyň-a özüň ýaly gaty owadan eken. Merkezi keselhanadan, oba sowetinden «Ak gala» kolhozynyň prawleniýesindenem hatyňyz bar. Ýöne, sen aýt, näme üçin, imenno, «Gargyly gysydan» näme üçin «Ak galadan», «Kelte çynardan», ýa-da etrap merkezinden däl? Dawut dogrusyny aýtmady. Meniň çagalykdan demgysmam bar. Şol ýerde men rahat ýaşap biljek. Şonuň üçin. – Bu-da düşnükli. – Başlyk äýnegini gözünden aýryp, kagyzlary bir gyra süýşürdi. Işikden giren gyza:– Bir çäýnek çaý getiriň! – diýdi-de, zeýrenje başlady. – Şu kesel gursun. Menem halys aljyradýar. Meniň näme derdimiň bardygynam bilip bilenoklar. Ine, şeýdip, mynjyrap otyryn-da güni bilen gaty oturgyçda.... Dawut gözüni ýerden galdyrman oturşyna: – Siziň üýtgeşik derdiňiz ýok. Sizde güýçli gastrit bar. – O nämedenkä? – Siz ilki dişiňizi bejerdiň. Ikinjisi, gaty-gutyny azyrak iýjek boluň, nahardan soň az-kem pyýada ýörejek boluň! Sebäbi gastriti ödüňiz işlemänem güýçlendirýär. Bular birigip, siziň gan basyşyňyzy güýçlendirýär. Demiňiziňem güýçli gysmagy mümkin. Eger häzir gysmasa-da, ýakyn wagtlarda gysyp başlar. Sizde semreme, doluşma başlanypdyr. Olam saglygyň ganym duşmanydyr. Siz ilki Arçman kurortynda bir on gün bolup, aşgazanyňyzy bejerdiň, üç-dört sapar «tüfýaş» alyp, bagryňyzy arassaladyň. Ol ýerde dişem bejerýärler. Soňam birneme berhiz saklaň. Bary gül ýaly bolar. Bu bir kyn zadam däl-ä.... – Wah, kurorta gitmäge, näme wagt barmy? – Dünýäde adamyň saglygyndan gymmat zat bolmaly däl. – Ol ýerinden turjak bolup gozgandy. Başlyk muny duýup, – Hany, entejik howlukmaň. Men bir zat soraýyn. – Ol töweregine garanjaklady. – Araky gürrüň nähili boldy?! Dawut başlygyň ýüzüne seretdi. – Arada meniň bilen-ä baglanyşykly hiç hili geň-taň gürrüň bolmady. Men howlugýan, bagyşlaň. Başlyk ýerinden turdy-da Dawudyň ap-ak, seçek ýaly uzyn barmaklaryny gysdy. – Görenime, örän şat, gelip duruň. Men diýeniňizi edip, «Arçmana» gitjek bolaryn.... Dawut oba gidýän uly ýola düşdi. « – Men gije ýatman näme gerek boljakdygyny, nähili gurluşyk materiallaryň zerurlygyn, gurluşykda näçe adamyň, näçe aýlyga işlemelidigini, gurluşygy näçe aýda gutarmalydygynyň taslama görnüşini düzmeli. Olara takmynan näçe puluň gitjekdiginiň anyklaýyn. Ertir Aşgabada gidenimde şol kagyzlaram alyp gidip, akademik bilen maslahatlaşaýyn...» Dawut ikindinara öýlerine bardy. Ol bara barmana bir käse çaý içip, stoluň başyna geçdi «Gotur gowakly», «Gargyly gysyly» meselä degişli hasyp-hesiplerini düzüp, hasaplap, asyl şol ýerde gurulmaly hassahananyň, bejeriş ulgamynyň, hassalary kabul etmek, lukmanlar, hyzmat etjek adamlar üçin zerur boljak iňňeden tä ymaratlara çenli, stol, stul, krowat, ýorgan, düşek, ýassyk, prostin, elsüpürgiç, tumboçka çenli, baryny, uşak-düşegini goýman hasaplady. Onuň üstesine ymaratda näçe otag bolmaly. Ony gurmak üçin näçe maşyn dag daşy gerek, näçe maşyn ownuk çagyl gerek, näçe tonna sement, näçe tonna toýun palçyk gerek, näçe kub metr polluk, näçe kub metr apalowkalyk tagta gerek, şifer kakar ýaly tagta gerek, näçe tokga tol, näçe bitum, näçe metr sim, şlang, näçe odun gerek boljak, gurluşykda näçe adam işlemeli, olara näçe hak tölenmeli, jaýy näçe aýda gurmaly, bejerişi haýsy aýda açmaly, bejerişe gelýän ýerli hassalardan näçe hak almaly, daşyndan gelýänlerden näçe hak almaly, bularyň baryny akademik düşüner ýaly, her haýsyny aýry-aýrylykda düşnükli edip taslama görnüşinde iki gatdan göçürip goýdy. Soň irden turup, olary ýene bir sapar gözden geçirdi. Käbirini täzeden göçürip ýazdy. Ol indi Aşgabada daň bilenem gidip biljekdi. Ýöne onuň üçin bişirmeli esasy bir zat bardy. Ol gurluşykçylar toparyny ýygnap biläýjek adamy tapmalydy. Bu işi diňe, Taýly oňaryp biler diýip ol güman edýärdi. Şonuň üçin ol irden turup, ýuwunyp, Taýlylara bardy. Taýly heniz turmandyr. Gülsüm bäbejiginiň arlyjaklayryny işikdäki simlere serişdirip ýören eken Ol Dawudy görüp, hem begeni, hem utanyp, tolgunmak bilen ony garşylady. – Dawut dide, salam, geliň. Dawut onuň bilen salamlaşdy. – Ogul ýaşy uzyn bolsun, jigim! – Sag boluň. Öýe giriň! Dawut gyssanýanyny aýtdy. – Maňa Taýly gyssagly gerekdi. – Gaýyn atam ýaranok. Şonuň üçin ol giç ýatdy. Men häzir oýaraýyn. Dawut ony saklady. – Artyk aga näme bolýar?Ol häzir oýamy? Gülsüm baş atdy. Dawut «ähüm-ühüm» edip içeri girdi. – Salowmaleýkim! Artyk aga ýorganyny başujuna toplap, heläk bolup ýatyrdy. Ol geleni tanamady. – Ah, ah!Alla jan, meni ýalkaweri. Özüň kömek et. Ah, ölýen-ä.... Dawut aşak oturyp, hassanyň elinden tutdy. Ýaşulynyň eli-aýagy çişdi. Gözüniň asty çişip, tutuş göz hanasyny çiş bilen ýapyp durdy. Dodaklary kerepläp, tütäp durdy. Hassa iňläp, janhowluna urundy. – Maňa bir suw beriň-haw, Sene-em, maňa bir suw ber, ýandym. Ýak çyrany, nirä güm bolduň, haram heleý! Dawut ýaşulynyň süýji keseliniň güýjäp, böwrekleriniň ulgamyny baglandygyna bada-bat göz ýetirdi.... Onuň üstesine, ýüregiň bedeniň suwlaryny sazlaşdyrmaga-da güýjüniň ýetmeýändigini duýdy. «Megerem, ganyňam düzümi bozulypdyr. Wah, şu wagt ýanyňda laboratoriýa bolsady...» Edil, häzir, gyssagly peşew ýollaryndaky peşewi sorduryp aýyrmak gerek. Maňa Aşgabada gitmek gürrüňini goýbolsun etmek gerek. Gyssagly ATF bilen insulin sanjymyny etmeli, soňam gyssagly analgin bilen uky dermanyny sanjym etmeli. Ol birki sagatlap rahat ýatsa şol sanjymda edilen emler bedeni birneme gurplandyryp biler. Ýürek rahatlanan bedeniň suwuny syzyp alardy. Diňe şondan soň näme em etseň edibermeli. Men bu günlükçe Aşgabady goýmaly bolaryn.... Taýly, Senem gelneje içeri girip çyrany ýakdylar. – Taýly, ýöri, öýe baryp, sanjym enjamlarymy alyp geleli. Olar Dawutlara baryp, gerek bolaýjak enjamlary, däri-dermanlary, sanjym esbaplary alyp geldiler. Dawut Artyk aganyň peşewini ýörite enjamjyk bilen çordurdy, soň sanjym etdi. Soň birnemejik iýdirip-içirdiler. Ýaşuly bäri bakyp, birneme keýpi açylanyndan soň, Dawut Taýlyny daşary çykardy. – Taýlyşka, meniň saňa bir gürrüňim bar, şony ýolda aýdaryn. Ýöne sen meni demir ýol menziline gyssagly taşlamaly bolarsyň. – Haçan? – Häzir, gaty gyssagly. Taýly içeri tarap garady. – Dädem nähili bolarka? – Dädeň bäş-alty sagad-a rahat ukuda ýatar. Ondan soňam, medpunkta baryp, feldşer oglana, gijara gelip näme sanjym etmelidigini häzir, ýolugra aýdaryn. Dawut içeri girdi. – Artyk däde, men Aşgabada gidip, saňa zerur bir dermany alyp gelmeli. Şonuň üçin, Taýly meni demir ýol menziline taşlasyn. Nesip bolsa, men agşama çenli gaýdyp gelerin. Sen şoňa çenli bir gaýrat et. Nesip bolsa, şol dermany alp gelsem, barysy gül ýaly bolar.... Jany ynjalyk tapan ýaşuly garşy bolmady. – Meniň ýagdaýym indi gowy, oglum, sag aman gidip geliň. Men Allany çagyrypjyk size garaşar ýataryn. Dawut öýlerine sowulyp, enjamlaryny goýuşdyryp, gijesi bilen taýýarlan hatlaryny, pul, pasport alyp, soň Akgaladaky medisina punktyna baryp, feldşer oglana hassa edilmeli emleri birin-birin aýdyşdyryp, ýola düşdi. | |
|
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Köne mülk -14: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -11: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Köne mülk -3: romanyň dowamy - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: roman - 06.06.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |