09:00 Dirilik suwy -19: romanyň dowamy | |
ÜÇÜNJI BÖLÜM
Romanlar
1. «....Hudaýlary özüme şaýat edinip, bilimime we ukybya görä öz işimi ak ýürekden etjekdigim hakda şu kasamy edýärin we hat üsti bilen borçnama alýaryn: .... Öz hünärimi arassa we ak ýürekden ederin...» Gippokratyň kasamyndan. «Doýan ýeriňde doklugyňy siňdirme, gäkiligiň ajar» Gündogar pähimi. «Egniň kündeli bolsa-da, ýaşlyk ýagşy eken» Çingiz han. «Bir söz ganly urşy öçürer, Bir söz kelläňden başyňy göçürer» Gündogar pähimi. Ýekşenbe güni etrap merkezindäki bazaryň şowhuny asmana ýetýärdi. Kim satýar kim saryn alýar. Kimler bolsa baha bilmek üçinmi, göwün açmak üçinmi, jahanda näme gep-gürrüň baryny eşitmek üçinmi, bazarlaýardy. Bazaryň orta gürpüräginde üýşüp, bir zadyň janagyrly gep-gürrüňine gyzygan baş-alty adam göze has ilgiç görünýärdi. Olaryň edil bir magnyty bar ýaly, aralaryna baranyň sypyrlyp, yzyna gaýdýany ýokdy. Olar barha köpelibem barýardy. Gürrüň täzeden odukdy.... Kellesi köne, güne ýanyp giden tahýaly, köseleç adam agzyndaky nasyny gapdala püfläp goýberdi-de, gözlerini alardyp, düwülgi ýumrugy bilen nas ýokan dodaklaryny gaýta-gaýta süpürip, gara, kirli barmagy bilen tekrarlap gepledi. – Olar ýalyny, ine, şular ýaly ak bazaryň ortasyna çykaryp, iliň öňünde atsaňam azdyr. Ol haramzadanyň özi lukman bolup, edýän wenezzynalygyna bak-a. Heý, ýaňyja ap-arassa edilen gyzam bir zorlap bolarmy?! Şol gyzyň atasyny-enesini öldürmeli. Hany, meniň gyzyma barmagyny bir degirip görsün, gözüni ýeňsesinden çekeýin, bajysyny s.... Onuň agzyna aňkarylyp duran başy ýatyş telpekli üçsakal pyýada bu geplere gaty erbet tolgundy. – Eý, weý, bu nähili boldäýt, Ataberdi? Mende-de bar heniz durmuşa çykmadyk maşgala. Indi maşgalaň arkaýyn gezmejek bolsa, seniň perişde diýeniň syrtlan bolup çykyp, ýagyrnişligiňi otlap otursa, bu nähili bolýer-eýt. – Magtymguly aýtmanmy: Obasyna pirmiş diýip baranym, Etegne el ursan a.... çykypdyr – diýip. Gapdalda duran ýaş ýigit bu gürrüňleri halamady. – Päh-äýt, seniň «zorlandy» diýýäniň şol Akgalaly Kümüş gözeliň agtygy Ak eje dälmi? Onuň on iki ýaşynda gyzlygyny kimiň boýnundan asanyny näme, bilmeýeňizmi? Ýöne Alla size beripdir, bir keramatly öwlýäni. Indi oňa dil ýetirmek size galypdyr. – How, Sapby, sen küpür kepleme, küpür kepleme. Kümüş gözeliň agtygy Ak ejäniň gyzlygyny näçe ýaşynda kimiň boýnundan asandygyna biljek däl welin, ol lukman oglanyň Aşgabatda institutda okanda düzüg gezmänin-ä men belet. Meniň doganoglan inim Yslam jan şonuň bilen Podolsk şäherinde türmäniň bir kamerasynda ýatyp geldi. Men şoňa çörekden ant iç diýseňem içip biljek. – Ýok-laý, ol oglan how, şu zamanyň Lukman hekimimiş-ä. Ol seniň ýüzüňe seredip derdiňi, dermanyňy aýdyp durmyş-a. Onuň elem, didaram, dili, gepi-sözem dermanmyş-a. – Aga, goý-san-a, şol enesi ýalamadygy meniň ýanymda öwme, men oňa gaty beled-ä. Ol hol Kelte çynardaky Aman lalyň ogly Toýly öküzüň dogmasy ahyryn. Onuň iki ýyllap türmede ýatanam çyn. Öň bir ermeni gyzyny zorlajak bolanam çyn. Onuň Akgalaly Kümüş gözeliň agtygy Ak ejäni zorlanam çyn. Dogry, ol medinistituty on ýylda gutaran, sanjym-panjym eden bolýa. Ýöne sanjym edýen diýäkgeden ýaňy apparassiýa edilen gyz maşgala el garsaň hudaýam halamaz, halk-a baýaky. Sen ony öwen bolýaň, seniň öz gyzyňy şeýtse, janyňa ýakarmy?! – Goýsan-aýt, kel doňuz. Men ol alsa, zorlamanka oňa öz gyzymy eltip bererdim. Onuň ýaly keramata birküç gyz dagy näme. Ýöne, ol biz ýalynyň gyzyna seretmez.... Sapby elini silkip gidenden soň bu ýere täze-täze adamlar gelip gidip başlady. Şol gün tutuş etraba: «Medinistituty gutaryp gelen Dawut Amanow diýen lukman birki günlükde köriçegesy kesilen bir gyzy zorlanmyş. Ol ýaş lukman Aşgabatda okanda bir ermeni gyzyny zorlap, iki ýyllap türmede oturybam gelen eken. Indi onuň işi suddamyş...» diýen ýakymsyz habar edil ýyldyrym çakan ýaly bolup ýaýrady. Emma bu gürrüňlerden Dawudyň habary ýokdy. Ol internasyny tamamlap, okuwyny gutaryp mundan üç aý öň etrap merkezindäki merkezi keselhana iç keselleri lukmany bolup işe gelipdi. Oňa interno döwründe-de, täze bir institut geçen ýaly bolupdy. Adamda bolaýjak dertleriň ählisini ýekän-ýekän seljermägä, şol keselleriň halk lukmançylygynda, adamlaryň elýeterinde bar ot-çöpleri, beýleki däri-dermanly, şypasy bar agaçlaryň bejergisini anyklamaga, olaryň dermanyny tapmaga oňa doly mümkinçilik bolupdy. Ol indi adamlaryň ýüzüne, gözüne, diline, dodagynyň, gözüniň, teniniň reňkine seredip onuň derdini anyklamaga halys endik etdi. Ol interno wagtynda bäş wagt namazyny ýekeje günem sypdyrman okady. Şondan soňky wezipe edip, Smirnowyň maslahaty bilen «Gotur gowagy» özleşdirmegiň derdi bilen ýaşady. Arasynda oba gidip, «Gotur gowagyň «düýbüne gaty kynlyk bilen düşüp, şol suwdan dört çüýşäni dolduryp, her çüwdürimden, aşakda ol üç çüwdürimiuň bir ýere dökülýän «howuzjygyndan» aýry-aýrylykda çüýşä suw alyp, onuň agzyny berk bekläp, Kislowodskiniň «Bejeriş suwlarynyň düzümini barlaýan Bütinsoýuz merkezine», akademik Smirnowyň salgy beren adamynyň ýanyna eltip, olardan «Beýle bejeriş suwy heniz adamzada elýeterli bolan suwlaryň düzüminde gabat gelenok. Bu suwyň düzüminde, gaty geňem bolsa, ynsan organlaryny, ganyň düzümini, öýjükleri, kletkalaryny, nerw düzümlerini, deri bozulmalayny, rak, inçekesel, birsilýoz, gan bozulmalaryny, aşgazan, bagyr, öýken, böwrek, peşew ýollary, aýal keselleri, daş emele gelmek, organizmde başlaryň, çykuwlaryň, her dürli kistleriň – ösüntgileriň döremeginiň we beýleki onlarça keselleri bejermek, direldip dikeltmek häsiýetleri bolan geň galdyryjy mikroelementler, mikroorganizmler jemlenipdir. Eger bu suwy adamzat saglygy üçin ulanmak maksada laýyk görülse, biz bu «dirilik suwuny» peýdalanmakda öz hyzmatymyzy, maddy goşandymyzy, höwes bilen hödürläp bileris» Kislowodskiý şäherindäki «Bejeriş-mineral suwlaryň düzümini derňeýän Bütinsoýuz merkeziň-Institutyň direktory, SSSR YA-nyň akademigi, medisina ylymlarynyň doktory, professor Laryn Iwan Hanowiç, baş minarolog, medisina ylymlarynyň doktory, professor. Waliýewa Galina Gasanowna, baş laborant, medisina ylymlarynyň doktory, Nina Alekseewna Udiçkina. Gollar.... Möhür» Dawut diýlen hatam alyp gelip akademige berdi. Şonda ol Smirnow diýilýän adamyň däliräp begenişini görüp, haýran galdy. – Berekella, oglum. Sen başga hiç iş etme. Diňe şu suwy ýeriň ýüzüne çykaryp, adamzadyň hyzmatyna ber. Sen ýalkanarsyň. Alla seni gaty gowy görýän eken.... – diýdi. Akademik şondan soň edil bir janlanan ýaly boldy. Onuň özi merkezi poçta gidip Rossiýanyň şäherlerine «Gotur gowagyň» suwuny daşyna çykarmakda zerur boljak, suw sorujy pompolary, suw sorujy motorjyklar durjak gaplary, dürli bedreleri, şlanglary, gaýa çüý atýan pistoletleri, çüýleri, dürli, boltlary, gaýkajyklary, nurbatlary we beýleki gerek bolaýjak enjamlary sargyt edip, hut öz puluna satyn alyp goýup, Dawudy az-kem gyssabam goýberdi. – Gyssanmak gerekdir, oglum, pursady duşuňdan geçirmek bolmaz. Ömre kepillik ýokdur.... Gyssanaweri. Dawut gyssanýardy. Ýöne gyssananyňda-da, wagtdan, pursatdan ozup gitjek ýeriň ýokdugyna düşünýärdi. Onda-da, ol bu edýänje işleri bilen kanagatlanman, her gün şäher trelleýbusa münüp, oňa münýän ýolagçylaryň ýüzüne garap, her biriniň derdini kesgitlemägre-de, werziş edipdi. Onda ol işe başlanyndan soň, ýanyna gelýän näsaglar däl, işdeş ýoldaşlarynyň, keselhananyň kömekçi hojalygynyň işgärleriniň, ýoldan barýan adamlaryň derdini kesgitläp, zerur hasap edenine, derdiň dermanyny, şoňa nähili emleri etmelidigini aýdyp durdy. Dawudy işde gowy görýärdiler. Ol bu günem işe höwes bilen geldi. Ol Aýdogdy daýylarynyň howluly jaýynyň bir otagynda wagtlaýyn ýaşaýardy. Onuň jaýy, otagy bolsa-da, güni keselhanada geçýärdi. Ol öz ýanyndan: «Ilk-ä lukmançylyga gitmeli däl, eger nesibäň çekjip bir başyňy sokaýsaňam keselhanany öz hakyky öýüňe öwürmeli» – diýip oýlanýardy. Ol gijesi-gündizi keselhanadady. Öten agşam nobatçylyk edipdi. Bu günem bedenine täze gujur guýlan ýaly bolup, iş otagyna geldi. Ýoldaşlary bilen ýürekden begenip, salamlaşdy, hal-ahwal soraşdy. Edil şol wagtam: – Dawut, seni baş lukman gyssagly çagyrýar – diýip, baş lukmanyň kätibi, gyzjagaz ylgap gelişi ýaly, ylgabam gitdi. Dawut tämizje haladyny, kalpagyny geýinip, keselhananyň bölüm müdirlerine goşulyp, olaryň degişmelije gürrüňlerine ýylgyryp, baş lukmanyň otagyna girdi. Baş lukman stolunyň aňyrsynda edil heýkele öwrüläjek-öwrüläýjek bolup duran ýüzüni sallap gelenlere gyňyrja garap: – Amanowdan galanyňyz boş, özüm gerek wagty çagyraryn. Işläberiň – diýip, elini galgatdy. Beýlekiler çykyp, Dawut galanyndan soň baş lukman onuň ýüzüne şübheli garady. – Ogul, bu aýdylýan zatlaryň ugrunda bir zat barmy, ýa bolgusyz bir gürrüňmi?! Dawut hakykatdanam hiç zada düşünmedi. – Men düşünmedim, agam. Baş lukman öňündäki bir topbak kagyzyň üstüne egildi-de, titreýän eli bilen oňa gyşyk-çaýşyk hatynda bar zatlar ýazyşdyrdy. – Agşam sen nobatçylyk etdiň dälmi? – Hä-ä. – Bu gabat gelýär – diýip, indi elini titretmän, kagyza ýene bir zatlar çyrşaşdyrdy. Baş lukman indi kesä kinelije bakyp oturdy-da, elini işige bakan uzatdy. – Sen hiç zada düşünmeseň, men saňa düşündireýin! – Ol uludan demini aldy-da, özüni dürsäp: – Irden işe gelsem, dördünji palatada, apendisitden içi kesilen gyz bar-a, ady nämedir, hawwa, Ak eje diýdimi, gara eje diýdimi, aglap-eňräp, hykylap-çokulap kabinetimiň işiginde dur. – Näme boldy gyz? Hany goý, jögiligiňi – diýip, zordan höre-köşeläp kabinete saldym . Ol gyz aglap-eňräp, şeýje çabalanyp, bagyryp, saçlaryny ýolup, ýüzüni tüýdüp, eňräp durşuna: – Amanow öten agşam meni zorlady! – diýip, bagyryp başlady. Men gardaş jan, beýle şerhaýalygy gören däldirin. Suw berip, köşeşdirip, gepini diňledim. – Amanow agşam nobatçylyk etdi. Gijäniň bir wagty gelip, meni basyp, bogup, zorlady. Gyzlygymy aldy. Men indi ýa özümi otlaryn, ýa asylyp ölerin – diýip eňräp dur. Zordan haý-küş edip ýerine eltdirip ýatyrtdym. Dawudyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. Ol ýerinden aljyraňňy turdy.... – Aý, men, men beýle zat edip bilmen-ä....-Birdenem onuň burnuna jebegäňi daraldýan goýras ys urup gitdi. Ol dik duran ýerinden lampa aşak oturdy. – Men, men beýle işleri edip bilmen-ä. Men.... Baş lukman ýaş lukmanyň bu bolşundan bu meseläniň hakykatdan hem bolandygyna ynandy. Ol Dawudyň ýüzüne garap: – Wah, saňa nähili ynamymyz bardy. Sen baryny puç etdiň, bar, bar, ýeriňe baryber! – diýdi. Dawut egninden dag asylýan ýaly bolup, yra-dara ýöräp, ýerine bardy. Ol özüne garaşyp duranlara: – Bu nähili bolýar-aý. Heý, men şeýle iş edip bilerinmi?– diýip samrady. Ony şol bada telefonda prokuratura çagyrdylar. – Amanowmy? Men Maşadow, Kemerguly. Siziň işiňizi maňa tabşyrdylar. Sülçi kelpeň, ýaş oglan eken, ol Dawudyň agras ýüzüne garap, ondan milisiýä işi düşýän adamdan edilýän soraglaryň ählisini soraşdyrdy. Soň esasy meselä geçdi. – Siz öň sud edilenmi? – Ýok.... – Siz öten agşam nobatçylyk edipsiňiz? – Nobatçylyk etdim.... – Şonda kesel Ak eje Durdyhanowanyň ýanyna bardyňyzmy? – Nobatçy lukman boljak bolsaň palatalaryň ählisine baryp, hassalaryň barysynyň ýagdaýyny görüp çykmak, onuň ýagdaýyny žurnala belli etmek seniň borjuň. – Dogry, Şonda Durdyhanowa bilen nähili waka boldy? Dawut az-kem oýlandy. – Durdyhanowa dördünji palatada ýeke ýatyrdy. Men bu bir ýaňy operassyýa edilen gyz maşgala, munyň bilen has mylakatly bolmaly diýip, ýylgyryp palata girdim. Olam «Salam, doktor» diýdi. Maňa elini uzatdy. Men onuň elinden tutdum gapdalyna geçip, oturdym. Ýagdaýlaryny soradym. Keýpjagazy gowy. Termosyndan bir käse çaý guýup berdi. Men çaýly käsä elimi degirmedim. – Hany, kesilen ýeriňi göreli – diýdim. Ol gyz meniň elimi goýbermän durşuna: – Eliň-ä akja, ýumşajyk eken – diýdi. – Men elimi çekip alyp, – Hany operasiýa edilen ýeri göreli! – diýdim. Ol gyz güldi. – Sen meniň ol ýerime eliňi degirseň, men seni sypdyrmaryn – diýdi. Men düýrükdim. – Beýtmäň, siz bir gyz maşgala. Aýyp bolar diýdym. – Sebäbi ol gyz meniň elimden çekip özüne dartyp barýar. Soň men gapdaldan geçip barýan bir med sestrany çagyrdym. Onuň ýanynda bu näsaga seretjek boldum. Emma Durduhanowa aňyrsyna öwrülip, aglap başlady. Men çykyp gaýtdy. Soň onuň ýanyna barmadym.... Beýleki palatalara baryp, näsaglary barlap žurnala bellikler etdişdirdim. Soň tä daňdana çenli koridoryň ugrundaky ýerimden galman, hat işlerimi işledim oturdym. Sagat sekizde-de, öýe gaýdyp, eşigimi çalşyryp gelip, şu habary eşitdim. Sülçi Dawudyň agzyndan çykan sözleri ýazyşdyryp oturşyna: – Onda jynsy gatnaşyk haçan bolup ýör? – diýdi. Dawut onuň ýüzüne geň galmak bilen garap: – Aýdýanyňyz näme, o nähili jynsy gatnaşyk. Men, heý, operasiýa edilen, heniz ganam kepemedik kesel bilen jynsy gatnaşyk edip, haýwanmy. Men heniz adamçylygymy ýitiremok. Men onuň ýaly zatlary juda aýyp görýän, aýyp. Men ondanam başga, lukman-a. Sülçi içýakgaç güldi. – Eý, «lukman», sen indi lukman däl-de, güman edilýän. Seniň täleýiň meniň elimde. Ine, gyzyň öz eli bilen ýazan arzasy. Ine, şaýatlaryň düşündirişi. – Kim şaýat bolýar. – Ine, Kümüşgözel Durdyhanowa! Agşam nobatçylyk eden medsestra, Aknur Kirliýewa.... Dawut geň galdy. – O nähili bolýar? Ol gyz agşam zorlanan bolsa, men gijesi bilen nobatçylyk etdim. Ýeke çybşyldy bolmady. Men bir sagat öýe gidip gelsem, edil yzymda tutuş fabrik işlän ýaly bolup, şaýatnama ýygnalypdyr?!. Bu nämäniň alamaty. Maşadow Kemerguly Dawudyň ýüzüne jikgerilip garady. – Bu ýerde sülçi sorag berýär – diýip, Dawudyň seçelenip duran gara saçyna, ap-ak, owadan, az-kem sargarany üçin juda nurana görünýän ýüzüne, nur damyp duran meýli pyýala ýaly gözlerine aňkarlyp seretdi. Dawut şondan soň: – Bolýa, gör ýagdaýyňy, islegiňiz meni türmä basmak bolsa, arkaýyn basyberiň, ýöne günämi subut ediň. – diýip, hemleli aýtdy. – Töhmetdigi aç-açan görünip dur-a, näme sülçi bolup, şonam bileňokmy?! Sülçi ep-esli wagt oýlanyp oturdy-da, ahyry Dawudyň eline bir bölejik kagyza gol çekip berip, oňa gitmäge rugsat berdi. – Özüm çagyraryn. Etrapdan çykyp gitmeli däl. Dawut keýpsiz halda merkezi keselhananyň işigine ýetende, bir tanyş maşyn gapdalynda gelip durdy. Sürüji maşynyň aýnasyndan kellesini çykaryp: – Eý, dost, çaga dogrulýan ýeri nired-äý, munuň – diýdi. Dawut bu tanyş sese ziňk edip gitdi. Ol täzeden sorag bereniň ýüzüne seretdi-de, oňa bakan ylgady. – Taýly! Taýlyşka !Bu senm-äý. Sen çaga dogrulýan ýeri näme etjek? Taýly maşyndan düşdi. – Dawut, sen-mäý?! Walla, men tanamandyryn. Daýyň gyzy Gülsüm-läý. Çagasy boljak bolýar. – Ilkinjisimi? Taýly güldi. – Ýok-laý, öňem iki gyzymyz bar-laý. Üçinji oglan bolarmyka diýip, şu ýere alyp geldim. – Gülsümiň öz ýagdaýy gowumy? – Aý, heleý-däý, çagasy boljak bolanda oýun görkezmeýärmi! Bu-da şeýle-läý. Dawut olary keselhananyň çaga dogrulýan bölümine ýerleşdirmäge kömek etdi. Iş birýüzli bolansoň, Taýly gelip Dawudy täzeden gujaklady. – Gutlaýan, medinistituty gutaryp, etraba işe gelipsiň. Ony klasdaşlar bolup, bileje ýuwalyň. Sen meni halas etdiň-ä. Dawut gussasyny gizläp bilmedi. Şu gün irden başyna düşen bela barada Taýla gürrüň berdi. – Ähli abraýym weýran boljak bolup dur. – diýip, edil uly gyz ýaly näzikden görkana ýüzýni sargardyp, başyny ýaýkady . Näme etjegimem bilemok? Taýly pikirli nazaryny gapdaldaky daglara dikdi. – Saňa töhmet atýanam şol Kümüşgözeliň agtygy Ak eje dälmi?Ol how, «okundan» sypan-a. Ol Aşgabatda birine bardam-a, soň ýene gaýdyp geldi. Ol how, Metjigiň gezäýän küntüs-ä. O nähili gyz bolýar onsoň. Sen entek sesiňi çykarma. Men derrew oba gidip Metjigi alyp geleýin. Taýly maşynyna atlanyp, oba tarap eňdi. Dawut iş ýerine bardy. – Näm-ow, han, gele-gelmäne ýakymsyzja gürrüňler bar-la – how! – diýip, ordinatolar otagynda bir hata dümtünen bolup oturan Myratberdi aga oňa heşellelije kinaýajagaz atan boldy. Ol şu merkezi keselhanada esasy hirurgdy. Ak ejänem şol operasiýa edendir. – Hawa, gürrüň-ä kän – diýip, Dawut onuň gapdalyndaky boş oturgyja geçip oturdy. – Ýöne, şol gürrüňleriň bir ujy şol gürrüňi guraýanlaryň depesindenem injek bolup dur. – O nähili? – Nähilisi-de, ol şerraý aýaly aldap-ogşap bir bolgusyz zad-a gurapdyrlar. Indi sülçi gyssaberse-de, Ol aýal « Maňa pylany, pylany şeýt diýdi» diýip durmuş-a. – O nähil-ow, ol «men gyzdyryn» diýip dur-a. – Ol öň-ä bir äre baryp, gaýdyp gelen, häzirem obalarynda bir oglan bilen gezip ýörmüş. Men saňa barjak « diýip, ol oglany aldap, onuň ep-esli pulyny ogurlap gaýdanda köriçege tutupdyr. Indi, ol oglanam ony suda berip ýör. Ine seniň «Her hilije gürrüňleriň soňy. Oňa küşgeleň berenlerem men-ä sylap goýjak däl. Töhmet atmany bildilermi, gyz bilen deňje jezalarynam çeksinler.... Myratberdi aganyň häliden bäri ýag çalnan ýaly, keýpli, ýalkymlyja ýüzüne birden kül urlan ýaly boldy. Ol halymsyran bolup: – Şu gün howa gaty nejis. Çakyza, edil kelläme urýar – diýip halymsyrap, gitmek bilen boldy. Bir salymdan Taýly Metjigi alyp geldi. Metjik maşyndan düşüp. ylgap gelip Dawudy gujaklady. – Dost jan, gutlaýan. Gutly bolsun. Seniň nähili beýik lukman bolanyňy eşitdik. Taýly ara düşdi. – Goýsan-aý, kepiňi. Seniň Ak ejeň muny ne günlere salyp ýör. Sen onuň bilen gezip ýörsüň-ä. Sen şol barada aýt. Metjik birhili müýnlije, nämedir bir zatjagazy gizlän bolup, utanmakdan ýaňa dym-gyzyl bolan garaýgyz ýüzüni eýlä-beýlä sypjykladan boldy. Soňam birden merdemsilendi-de, ellerini gazaply silkdi. – Ol ganjygyň tohumy ýansyn. Ol gezip-gezip, menem aldady, soňam aldap, aglan bolup, müň bir ýalan sözläp, barja pulumy ogurlap gaýtsa näme. – Goý, how go, şol boş gürrüňiňi. Sen aýt, şol gyzmy, gyz dälmi. – Şol gyz bolsa meniň garryja mamamam gyzdyr. – Sen şony subut etsen-e. – Nädip? – Kepiň çyn bolsa, bar derrewjik milisä arza ber» Meniň bilen gezdi. Saňa baraýyn» diýibem, öýmüze baryp, penjegimiň jübüsinden iki müň manat pulumy ogurlap gaýdypdyr. Oňa şaýatlaram ejem, gyz jigim...» diýip. Metjik maşynyň içinde oturan ýerinde etrap milisiýasynyň naçalnigine arza ýazmaga başlady. Ol ilki bilen Ak ejäniň bozuklygyny, Aşgabatda Hudaýberdi diýen oglana durmuşa çykyp, olarda bäş-on gün ýaşap, olaryň bar zadyny maşyna basyp gaçyp gaýdyp, soň obada Goçy diýen oglana bardym edip, onuňam ep-esli zadyny alyp, bermän ýörenini, özüne-de, öýlerine gelip, hažyk-hužuk edip, «meni al, men saňa wepaly aýal bolaýyn» diýen bolup, edil är-aýal ýaly gezip, ahyram öýde ýok wagty puluny ogurlap gaýdandygyny birin-birin ýazyp, gol çekip, şol bada milisiýa bölümine eltip, hasaba aldyrdylar.... Sähel salymdan sülçi oglanam keselhana bakan daňa galan oklukirpi ýaly bolup, şalk-şalk edip geçip gitdi. Dawut ynjaldy. Ertir dynç günüdi. Ol oglanlar bilen oba gidip şolaryň arasynda dynç almagy ýüregine düwüp, olaryň ýüzüne seredende, bir ak halatlyja ýaş med sestra gyzjagaz gelip Taýlyny çagyrdy. Dawudam, Taýly-da, Metjigem çaga dogrulýan öýe bakan ýöneldiler. Lukman gelin ýüzüniň gan-petini gaçyryp, Dawudy görüp, hasam aljyraňňy gepledi: – Enäniň ýagdaýy gaty agyr. Çaga ters gelip, indi bir sagat bäri urunyp, dogup bilmän heläk bolup barýar.... Gyssagly keserowo etmeli! Garyndaşlaryndan kim bar, gelseňizläň. Razylygyňyzam, ganam gerek boljak.... Dawut ol gelne gatyrganyp seretdi. – Entek howlukmaň. Men halatymy geýip geleýin! Howlukmaň! Ol edil ýyldyryma galan ýaly bolup, haladyny geýip, çaga dogrulýan öýe girip barşyna agzyny, burnuny ak hasa bilen baglap, içeri girensoň elini ýuwup, spirt bilen tämizledi. Şondan soň çagasy bolmaly aýalyň töwereginde aljyraşyp duranlara: – Bu gelin eýýäm üçünji garnyna çaga dogurjak bolýar. Oňa keserowo bolmaz ahyryn. Ýa çaga dogry gelenokmy? – diýdi. – Çaganyň gelşi gül ýaly. Ýöne çaga gaty uly, ejesem halsyz bolansoň, dogurmaga halys güýji ýetenok. Urnup, çaganyň heläk bolup barýany üçin keserowa diýýäs – diýip, hälki lukman gelin indi başgaçarak mydyrdady. Dawut gelip ýagdaýyň edil aýdyşlary ýaly, beýle bir howsalaly däldigine göz ýetirdi . Soň, urnup bagyryp ýatan gelne sistemadan doly kuwatlandyryjy, gurplandyryjy, burgyny güýçlendirýän sanjym etdi. – Hassanyň derini süpüriň! Ol hassa: – Jigim, men seniň üçin ýörite geldim. Gorkma, aljyrama. Men bardyryn. Ine, özüňem görüp dursuň-a, men ýanyňda. Sen meni diňle, eşidýäňmi, meniň sözüme gulak as-da, eşidýäňmi, diňle, meni diňle, hany, goý warryklamaňy, güýjüňi jemle. Güýjüňi jemlediň! Hany, özüňi ele aldyň! Başladyk! Bir! arkaýyn ýatdyň, hiç zat bolanok. Özüňi gowşat, özüňi goýberdiň. Iki! indi bar güýjüňi jemlediň. Ýumruklaryňy berk gysymlap, hany, ýumrugyňy düwdüň! Hany, hany, berkiräk, gowşatma. Derini süpüriň! Indi dişleriňi gysdyň, hany, berk gys! – «Üç!» diýenimde, bar güýjüň bilen göwräňi ýokary galdyrdyň. Hany başladyk. Üç!.... Gülsüm hem utanyp, hem güýjüni jemläp, hem hyklap, hem bagyryp, ses edip aglap bar güýjüni, ähli gaýratyny jemläp zarp bilen dyzanyp, göwresini galdyrjak boldy. Edil şol wagtam bäbejigiň kellesi zyrp edip göründi. Bäbegi emaý bilen çykardylar.... – Oglanjyk! Ura! Oglanjyk! Boldy bir gülki, goh, galmagal. – Ogluň boldy. Oguljygyň boldy. Uluja eken. Pälwan bolar. Men buşlajak. – Dur, men özüm aýdaryn! Olar edil bir traktor tarlaýan ýaly bolup «war-war» edip aglaýan babejige ünsem bermän, begenmek bilen onuň daşynda pyrlanýardylar. Gülsüm hil bir iş bitiren ýaly bolup, ýylgyryp, halys gurpdan gaçan göwresiniň çyrasy ýaly bolup gowşaksy ýyldyraýan gözlerini ýaşa dolduryp hem gülüp, hem aglap ýatyrdy. Ony stanokdan düşürip, ýerine geçirdiler. Bäbejigiň warryldamasyna ünsem bermän, ony arassalap, gobejigini kesip, kesilen ýere zelýonka çalyp gundap, ejesiniň gujagyna berdiler. Dawut derinem süpürmän daş çykdy. Taýly ony gujaklady-da, göterip pyrlady. – Sen ýene bir Dawudyň dünýä inmegine sebäp bolduň, ýöri, öýe gidýek. Ýöri, men hiç zadyňy bilemok, ýöri!.... Jaýdan çykan lukman aýal ony gykylylap saklady. – Heýt, oglan, derrew, bir banka bal, petir çörek, sary ýaga, gowurlan ýumurtga, bir termos çaý alyp geliň. – Sizemi? Ol aýal güldi. – Bäbegiň ejesine. Wä, bu erkekler nähill-äý! Taýly asmana-asmana bökdi. – Edil häzir. Ol bar zady taşlap, maşynyna münüp, budur gitdi. Az-kem ruhy erkinleşip, ynsabynyň ejiri gowşaşansoň, Dawudam öňki kaddyna geldi. Ol Taýlynyň begenjine goşulyp, oba gitdi. Sebäbi, ertir, birigün dynç günleridi. Birinji gün Dawut işe gelende, ony ir bilen ýene baş lukman ýanyna çagyrdy. Baş lukman kreslosynda pikire batyp, ýüzüni sallap oturan eken Ol Dawudy görüp, ýerindenem turman göwünli-göwünsiz: – Amanow ge-el! – diýdi. – Salowmaleýkim Emir aga. Emir aga baş atdy. – Ol ganjyg-a, gaçyp gidipdir! – Kim! Baş lukman Dawudyň ýüzüne kineli garady. – Ol bar-a, seniň «zorlanyň» Dawut ör-gökden geldi. – Emir aga! – diýdi. – Nädýäň-äý! Baş lukman elini salgady. – Otur, otur. Seniň ýalydan olar ýaly haýyrly bir iş çyksa, men begenjekle. Ýöne, senden nepden, gep köpräk gelýe. Çaga dogrulýan bölümde näme işläp ýörsüň ?.... Olaram-a arz edişip, goh baryny turzyp ýörler. Indi ber özüň jogabyny. Dawut ol ýagdaýy bolşy ýaly gürrüň berdi. Baş lukman gaharly ýüzüni titretdi. – Amanow, men şu ýerde baş lukman, ýaşuly adam. Şonda-da, ol-a çagasy dogmaýanmyş, şol hassa ölse-de men şoňa baryp bilemok. Düýn gelip, eýýäm, bir topar şikaýat, bir topar gep-gürrüň. Bu ýeri keselhana. Bu ýeri seniň şikaýatlaryňy seljerýän edara däl. Sen indi oglan-oglanjyk däl-ä. Ýokary bilimli lukman. Ýüzüňi-gözüňi görseň ministr edibermeli. Emma sen nämeler edip ýörsüň. Dawut syçrap ýerinden turdy. – Ýaşuly, sen gaty akylly bol. Bir ene bolgusyz lukmansumaklaryň geleňsizligi sebäpli jan berjek bolup durka, menem onu görüp, eşidip gyrada durup bilmen. – Ana, menem, edil şeýle-dä – diýip, söhbetdeşiniň sözüni agzyndan kakyp alyp: – Biri dert çekip otyrka, janymy bermesem, heýç ynjalyp bilmeýen, men şeýle-de.... – diýip baş lukman zemzeniňki ýaly bitik boýnuny dolap alyp, galyň dodaklayny ýalady-da, ýumjuk gözlerini diwara dikdi. Dawut sözüni soňlamandy. Ol pikirini jemläp: – Galanynam, men ýüzüňe aýdaýyn. Menden hiç hili gepem gelmez, şikaýatam. Näme gep bolsa, näme şikaýat bolsa, seniň körzehin lukmansumaklaryňdan çykar. Olar näme gurasalaram, nähili dildüwşikler etseler-de, gapanlaryna özleri düşer. Sen bar-da aýt, ol gyza kim gep öwreden bolsa, kim dil öwreden bolsa, barysy sud edilerem, gümlerini çekip, türmede çüýrärlerem. Şolaryň arsynda, bagyşla welin, seniň özüňem bar diýdiler. Baş lukman elini galdyryp: – Töhmet! – diýip gygyrdy. – Men özümiň günäkär däldigmi nirede subut etmelem bolsa, edip bilerin. Men dälmi, gaýta olara: «Gerek däl, beýle etmäň» diýen. Olar etjeklerini edip, indi meniň başyma atýan bolsalar, Hudaýlaryndan tapar, haramzadalar, orramsylar, gör-ä, özler-ä, «göz görkezmeli, güjükligine dalamaly» diýen bolşup, indem meni gara donly eden boluşlaryny.... Ol elini suwly grafina uzatdy. Bulgura suw guýup, birki owurt ýuwutdy-da: Başga hörpden gepläp ugrady. – Men seni öz oglum ýaly görýen. Seniň zehiniňden gorkýallar-a. Ýöne ikimiziň agzymyz bir bolsa, golaýymyza gelip bilmezler. Men seni gorap ýörün-ä. Çaga dogrulýan bölümiň müdiriniňem şikaýat hatyny ýyrtyp goýberdim. Dawut bu adamdan çekinmedi. – Ol aýala ýaňyja duşdym, ol-a gaýta elimden-aýagymdan ogşap, Taňyrýalkasyn aýdýar, Siz bolsa.... Baş lukmanyň lopbuş ýüzi gap-gara bolup ýandy. Ol janhowluna urunýan zemzen ýaly boýnuny burup: – Ana, ana, olaryň ahlagy şoň ýaly-da. Olar seni görse senlik. Meni görse menlik-dä. Olardan gorkmaly. Olary asla diňlemeli däl. Men saňa diňe ýagşylyk ederin. Eger sen isleseň, wagtlaýynça Akgalada ýörite bölüm açyp bereýin. Şol ýerdäki medbratam işgäriň bolar. Aýlygyň bu ýerdäkiden ýokary bolar. Öz garrylaryňa ýakyn bolar, gep-gürrüňden daş bolarsyň. – Ol Dawudyň ýanyna gelip, pökgi, pagta ýaly ýumşak elini ýaramsyklyk bilen onuň egnine goýdy. – Poka, men seni bu pidullardan halas edeýin. Soňuny soň görübereris. Dawut ýüzüni sallap çykyp gitdi. Öýlän onuň ýanyna Myratberdi bilen iç keselleri bölüminiň müdiri Mergen Sephanow geldi. Olar birhilije müýnli bolup, özleriniň niýetlerini gizläp, ýalum-ýulum eden bolýardylar. – Dawut jan, gözüň aýdyň. Bir beladan-a dynypsyň. Ol mätişge gaçyp gidipdir-ä. Nirä gidenem belli dälmişin-ä. Dawut Myratgeldi aganyň bihaýa ýüzüne dikanlap seretdi. – Sen näme, ýaşuly, at oýnadan bolýaň. Heý, bir adam ýitip, ol iňňemi. Seniň ony keslelhanadan çykaryp, maşynyňa mündirip, gapdalyňdakynam alyp, ol keselli näsagy nirä alyp gideniňi men aýdyp beräýerin, gerek ýerinde. Sen diňe öz aladaňy edýäň. Ol hassanyň, operasiýasy şowsuz bolup, ýarasy iriňläp dur. Sen ony öýüňde gizländen, gaýta goňşy etrabyň keselhanasyna eltmeli ekeniň. Bary bir ol ölse-de, diri galsa-da, sizi sudam ederler. Türmäde basarlar, töhmediňiz, bu jenaýatlaryňyz üçin. Ony keselhanadan alyp gaçmagyňyz siziň günäňizi artdyrýar. Dawut çykyp gitdi. Şondan soň bu iki lukman tutuş günläp, işde görünmedi.... Dawudy Täze ýyldan Akgalada täze döredilýän hassahana müdir edip bellediler. Onuň üçin, ol indi wagtynyň köpüsini obada geçirmeli bolýardy. Dawut işinden çykyp öýlerine bardy. Toýjan dädäniň şol bir bolşydy. Ol garrapdyr. Derdi depesine çykyp gidipdir. Ejesi Annajemal horlanyp, deri bilen süňk bolup galypdyr. Jigisi Çaçy ers-mers bolup ýetişipdir. Ol beýle bir owadan bolmasa-da garajadan gelşiklijedi. Çotuk welin owadanjady. Howluda erkek adamyň eliniň yzy bildirmeýärdi. Dawudyň bir wagtlar peliň ortasyna sanjan pilem, şol öňki ýerinde durdy. Iň bir üýtgän zat, Toýjan öküz Aýdogdy daýysynyň «Moskowiç» maşynyny satyn alypdyr. Maşyn işikde günüň, ygalyň, ýeliň-uzyň aşagynda sargaryp ýatyrdy. Dawudyň otagynda birwagtlar talyp wagty satyn alan krowaty, şifoneri, halysy, sowutgyjy, stoly, stol lampasy, beýlekije goş-golamlary ýerbe-ýerje durdy. Gyzlar agalarynyň otagyny her günde syryp-süpürip, gül ýaljak edip saklaýan eken. Öýde Dawudyň ýanyna barýan ýokdy. Gyzlar ýetişensoň, uýaljaň bolupdyrlar. Toýly öküz oglundan öýkeli ýaly, oňa ýüz bermeýärdi. Ýöne ejesi özüniň hor, ýakymsyz ýüzünden utanýan ýaly bolup, käwagt gelip, işigi açyp ogly tarapa bir garaýardy-da, ýene çykyp gidýärdi. – Eje jan, hany, gelsen-e. Sen näme menden öýke-kine edýäňmi? Näme üçin meniň bilen gepleşeňogam, indi doktor ogluňa öz ýagdaýlaryňy aýdaňogam. Gel, bileje çaý içeli-le. Meniň seni gaty göresim geld-ä. Annajemal edil ogurlykda tutulan ýaly aljyrady. – Neme, Toýjan däde bir zat diýowoýmasa! – diýdi. – Birhili-ýä. Çaý içesiň gelýen bolsa, Çatjan getirer derrew. Dawut ýerinden turdy. – Ýok, men siziň bilen çaý içjek. Ol kakasynyň süýnüp ýatan otagyna bardy. Toýjan öküz ogluny görüp, ýüzüni diwar gapdala öwürdi. Dawut kakasyna ýüzlendi. – Kaka, taplaryň nähili? Toýly öküz agyr myşlady. – Menem Akgalada keselhananyň bölümini açyp, şoňa başlyk etjek bolýarlar. Indi sen näme diýýäň? Toýly öküz sesini çykarmady. Oňa derek Annajemal begendi. Orta saçak ýazylyp, çaý geldi. Dawut çaýyny gaýtaryp oturşyna kakasynyň derdini kesgitledi. «Munuň inçekeseli henizem aýrylmandyr. Megerem, ol süýji keseline geçip ugrapdyr. Indi onuň gözüne zeper ýetirmese-de, biridir. Toýly öküz ýerinden zarp bilen turdy-da, Dawuda topularly göründi. – Sen haram siýdik. Maňa nokgy-nokgy eden bolup, munça wagtlap gümüňi çekip gidip, bu gün gelip, meniň tabymy soran bolup. Bar, güm bol. Ýok bol, şu öýden. Seniň dädeňem, ejeňem, gyz bajylaryňam ýok. Sen jüwlik bolup gitdiň, jüwlük bolubam galdyň. Bar, gidiber! Meniň seniň ýaly oglumam bolmaz, tanyşymam! Annajemal adamsynyň beýdip, näçe ýyllap gözünden uçan balasyna gaharlanyp durmasyna gyýylsa-da, nätjegini bilmän otyrdy . Ol adamsyny birneme ýumşadaryn öýdüp: – Toýjan däde, al, çaýyňy iç, sen beýdip käýinip oturma. Görä, ditjanym ullakan bolupdyr-a. Ol indi jüwlemezem, jüwlükligem etmiýe. Ol indi hemişe seniň diýeniňi edip gejjek diýýerä. Ol «Toýjan dädemi gowy werýen, eççan men gaty ýalňyşypdyryn, Toýjan dädejanym günäme ötegoýsun diýip, aglap baty-ýa. Senem, indi onuň bilen deň bolmasan-a. Sen ony «Ditjanym» diýip, nähili gowy wörýediň-ä, çagajyk wagty. Ol şol gowja çagajyk-da. Sen oňa käýýeme. Sen käýýeseň, men käýýesem, ol atasynyň ýanyna gider ýene. Oglanjygyň göwnüne degmesen-e, jan Toýjan däde janym.... Aýalynyň bu sözi Toýly öküzi birhili ýumşadyp goýberdi. Ol iki sany çagajygyň gürrüňi ýaly, bu bolýan zatlara ýylgyryp oturan Dawudyň ýüzüne garady. – Näme gülýeň. Sen indi beýtme. Wör-ä men ýaramok. Ejeň ýaranok. Ataň ýaranok. Bu öýde bir erkek kişi gereg-ä. Han-a gyzyýaň üçin Ummak babalar gelip dur. Olara bir gep aýtmaly. Biz bilemizag-a. Çaçy zyrp edip otagdan çykyp gitdi. Dawut ejesiniň sähel sözüne kakasynyň beýle çalt üýtgemesine haýran galyp oturşyna: – Eje, Ummak babalar näme üçin gelýärler-ä – diýip goýberdi. Toýly öküz bitaý gözlerini alartdy. – Şonam bilenok-da. Bilmeýen bolsaň, meni diňle. Onuň Metjik diýen ogly bar. Seniň Çaçy diýen bajyň bar. Şolar är-de-heleý boljak bolýa. Bizem olara ýa bolýa, ýa bolmyýa diýmeli. Kim diýsin. Ejeňmi, wörýeň-ä,» meniň oglum bar. Ol gyzlarymdan ullakan. Ilki şony bir gyz bilen är-heleý etmesek, Ditjan näme diýer» diýýe. Indi özüň geldiň, bellisini aýt. Dawut begendi. – Bäh, Çaçy! Meret! ol-a gaty gowy boljak. Razy bolalyň. Men Meredi tanaýan . Meniň aýal doganym Meretde ynjamaz. – Ol-how, Meret däl. Ýöne Meret, Meret! Bäh, ol Met-jik! Boldumy. Dawut begençli güldi. – Toýjan däde, şol oglan meniň klasdaşym. Dokument boýunça onuň ady Meretguly. Ýöne aýdanyňda Meret. Obada Metjik diýýärler. Toýly öküz haýran galyp käsesine ýapyşdy. – Bäh, beýtmek nämä gerekkä? Ýöne Metjik diýende bolmadymyka? Beýle kän at dakandan.... Umuman olar şu saçagyň başynda ýaraşdylaram, Meretgulylaryň habaryny almalam etdilerem. Ýöne Dawut ýowuz keseliň kakasynyň aňkasyny aşyryp, onuň psihikasyna agyr zarba uranyna-da belli-külli düşündi. | |
|
√ Hakyň didary -3/ romanyň dowamy - 29.02.2024 |
√ Bäşgyzyl -23: romanyň dowamy - 08.11.2024 |
√ Dirilik suwy -14: romanyň dowamy - 13.05.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -29: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Duman daganda: Buzlar jaýrylyp başlaýar - 21.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -13: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -9: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Dirilik suwy -21: romanyň dowamy - 21.05.2024 |
√ Janserek -9: romanyñ dowamy - 17.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |