17:32 Dirilik suwy -21: romanyň dowamy | |
3. «....Her öýe baranymda näsagyň bähbidini arap girerin, adalatsyz we hapa hyýaldan, ylaýta-da aýallar we erkekler, azat ýa-da gullar bilen zyna etmekden çeke duraryn. Barlag we bejergi döwründe näsagda dörän we eşiden zatlarymy paş etmän, olary özüme ynanylan syr diýip saklaryn...» Gippokratyň kasamyndan. «Size bagtly ýaşamagyň syryny öwredeýin: onuň ähli syry birinjiden, owadan, netijeli zähmet çekmek, eşretli dynç almak, hemişe diliňi dişleriň aňyrsynda gaty pugta saklamak. Bolany şol» Albert Eýneşteýin, Nobel baýragynyň eýesi, amerikan alymy. «Saglyk bolsa, beglik bolar» Halk nakyly. «Saglyk hemme zat, hemme zat-saglyk» Gruzin nakyly. «Öz-özüňizi köpräk diňläň. Haýsy synaň näsaglygyny, oňa näme delalatyň gerekdigini bedeniňiziň özi aýdar» Gündogar lukmançylygyndan. Akademik Smirnow Dawudyň bu günem gelmezliginden howatyrlanyp başlady. « – Eger telegramany alan bolsa, jany sag bolsa hökman gelmeli öz-ä. Gyş düşüp barýar, gün, aý ötüp barýar, gyssanmak gerek. Bujagaz oglan oba adamlarynyň dert-azaryna berilip, galyberdimikä? Ol şol suwy il-günüň hyzmatyna bir berip bilse, bir özi, müňläp-millionlap dertliniň derdini dep edip, olary ölmez-ýitmezlige öwrüp biljegine, neneň düşünenokka? Ýa «pylan ýerde şular ýaly suw bar. Men şony açjak. Onuň şeýle-şeýle düzümi bar» diýip, göreniň ýanynda aýdyp, olaram başyna bela bolup ýörmükä? Onda näme üçin gidişi-gidişi boldy. Ýa-da...» Akademik hiç ynjalyp bilenokdy. Ol ahyry Dawudyň ýaşaýan etrabynyň merkezi keselhanasynyň baş lukmanyna jaň etdi. Telefony gyryljak sesli erkek adam galdyrdy. – Salam. – Salam – Men Aşgabatdan akademik Smirnow. – Howwa, ýoldaş akademik Smirnoň. Men Emir Kulyýew, etrap keselhanasynyň baş lukmany diňleýän. Akademik oňa Amanow Dawut diýen lukmanyň gyssagly gerekdigini aýtdy. Baş lukman güldi. – Ýoldaş akademik Smirnow, gynansak-da, häzir ony tapyp bolmaz. Biz ýakynda etrap merkezinden ýigrimi kilometrlikdäki Akgala diýen ýerde täze lukmançylyk bölümini açmak kararyna geldik. Amanowam şol bölüme müdir etmekçi. Şonuň üçin «ýerini taýýarla» diýip, şol ýere iberdik. Ol ýerde-de ne telefon bar, ne bir ýol-yz bar. Akademik bu habara lapykeç bolup telefony bir goýaýynam diýdi-de, birdenem: – Hormatly baş lukman, men ýoldaş Amanowa gyssagly telegramma iberipdim, ol ýoldaş şol telegramany aldymyka, siziň habaryňyz ýokdur?!. Baş lukmana derek ýaş gyz trubka: – Aldy, telegrammany düýn gowşurdyk! – diýip gygyrdy. – Bolýar, onda, minnetdar – diýip, akademik köşeşen ýaly bolup trubkany ýerinde goýdy. – Telegrammany alan bolsa, geler, gyssagy özi bilendir – diýip, mydyrdady. Häzir hakykatdanam Dawudyň gyssagy özi bilendi. Ol özüniň aňynda jemläp oturan oý-pikirini Taýla açmagyň hiç ebeteýini tapanokdy. Ahyry goňşy şähere golaý gelenlerinde, ol – Taýly! – diýip dillendi. Taýly aladaly ýüzüni oňa öwürdi. – Aýdyber. Sen bir zady maslahatlaşjak diýýämidiň? Aýdyber.... Dawut özünde emele gelen täsin bir duýga gaplandy-da, öňden bäri hyýallanyp oturan pikirini doly açmazlygy makul bildi. – Men häzirki atamyň mal bakyp ýörenje böwründen bir jaýjagaz gurjak bolýan. Sen şoňa gowja ussa tapyp berseň. Maňa gyssagly gerek. Taýly Dawudyň ýüzüne geň galyp seretdi. – Näme beýle, gaty daş-laý! Obadan guranyňda bolmaýamy? – Ýok, meniň demgysmam bar. Şonuň üçin, obadan birneme daş bolsa-da, janyma ýaraýan ýerden jaý, howlujyk gurasym gelýär. Şonuň üçin etrap ispolkomyna arza berdim. Arzaňy kanagatlandyrarys, sen jaýyňy guruber –diýdiler. Indem gyssanýan, Aşgabatdan gelen badyma başlamaly. Sen men gelýänçäm gowja ussa bilen gepleşip gör.... Taýly baş atdy. – Ussanyň gürrüňi bolmaz-leý. Ine, Metjigem gowy ussa, özem iş tapman ýör. Onuň öz toparam bar. Sen diýseň-ä ol arzanam, çaltam gursun. Dawut başyny ýaýkady. – Ýok, maňa arzany gerek däl. Gymmat alsyn, ýöne gowy gursun. Hemem azajyk çaltyrak gursun. – Bolýa. Onuň gürrüňi bolmaz. Olar demir ýol menziline bardylar. Otlynyň gelerine sagat ýarym wagt bardy. Şol wagt olaryň ýanyna daýaw pyýada geldi. – Aşgabada gitseňiz-ä ulag bar. Arzanjak. Kän gymmat däl. Häzir ugrajak. Dawut oňa goşulyşmaga razy bolup, Taýla: – Men feldşer oglana näme etmelidigini tabşyrandyryn. Özümem giç galsam, erte agşam gelerin. Ýaşula diňe towuk çorbajygyny beriň. Ajygýan diýse-de, greçkadan goýyrak, etsiz nahar etdir-de, şony gatyklap iýdiriberiň. Men gelemsoň, özüm çäresini görerin. – Greçkany nireden tapjag-aý! Dawut onuň ýüzüne garady. – Bar, şu şäheriň dükanlarynda greçkadan başga harydam ýokdur. Soňam iki buhanka gara çörek al. Aldygyna gara çörek bilen gatyk iýibersin. Ýagly-ýüzli, ajy-süýji, etli nahar indi oňa gadagandyr. Şony pugta ýadyňda sakla. Diňe berhiz, berhiz, berhiz!.... Ol Taýly bilen hoşlaşyp, ugurdaş ýeňil maşyna münüp ugrady. Akademik Smirnow sagadyna seredip oturşyna aýalyna gygyrdy. – Lýudiçka! Lýudmila Erastamowna bir ýerlerden körsenip çykdy. – Geldim, geldim. Naharyň, gatygyň, dermanjyklaryň taýýar. Akademik aýalyna ümledi. – Otur, hany, maslahat ber. – Ol penjirä tarap gulagyny tutdy.-Günbatardan otly näçede gelýär? – Lýudmila Erastanowna adamsy şu sowaly beräýse bada-bat jogap bermäge taýýar bolup duran ýaly bolup: – Daňdan sagat altyda – diýdi. – Aý, ýok, bolýa. – Ol aýalyna garady. – Şu Wadimçigiň «Wolgasyny» men Dawuda bersem diýýän. Bu maşyn indi näçe wagt bäri, münülmän zaýalanyp dur. Ony satyp goýbermäge-de, ynsabyň çatanok. Goý, Dawut ony «Ynanç haty» bilen aýawlyja münsün. Eger Albina gelip, «satma» diýse-de, alar-da oňa bereris. Şu pikiri nähili görýäň? – Näme, dogry pikir. Hana, seniň öz «Wolgaňam» aýlar boýy, garažda çöküp ýatyr. Käte ogluň bir aýlanyp gelen bolýar. Onuňam kellesinde maşyndan başga hemme zat bar. Emma maşyna ýer ýok. Gaýta, sen öz maşynyňy ber oňa. Barybir ulanylmajak bolsa, ogluň-a: «Men täze çykan «Žigulylardan» satyn aljak» diýip otyr. «Wolga» agyrmyşyn.... Akademik baş atdy. – Bolýar, özümiňkini beräýerin.-Edil şol wagt howlynyň işigi kakyldy. Lýudmila Erastanowna şol duran ýerinden – Bolýa, barýan – diýip howlynyň işigini açmaga ylgady. Dawut bir gujak miweli, ir-iýmişli torlary göterip içeri girdi. Gelip, akademigi gujaklady. – Salam, ýoldaş mugallym. Akademik hoş boldy. – Geldiňmi, oglum. – Ol aýalyna ýüzlenip: – Lýudmila Erastanowna, sen ogluňy, gelniňem çagyr. Olaram gelsin, özüňem şol koronnyý, böregiňe başla. Bu gün aýratyn gün-ä. Aýaly ogluna jaň edip, öýe çagyryp, aşhana çykyp gideninden soň akademik stoluň arkasyna geçdi. – Oglum, meniň seni gyssagly çagyrmagymyň esasy sebäbi, käbir pikirleri, üýtgetmeli boldy. Biler bolsaň, «Türkmenistan, Özbegistan pagta ekýän respublika. Olar pagtadan başga hiç iş bilen meşgul bolmaly däl. Eger dynç almak, kurort, sanitori gerek bolsa, Kislowodsk, Ýalta, Gruziýa, Ermenistan, Ukraina bar. Şol ýerlerdäki kurortlara, bejeriş suwlaryna gitmeli...» diýip, gizlin direktiwa gelipdir. Şonuň üçin Türkmenistanyň Arçman, Mollagara kurortlarynyňam kabul edijilik derejesini edil minumima çenli azaldyp otyrlar. Bu gaty erbet ýagdaý. Seni çagyrmagym, entejik, ol «dirilik suwy» barada bir adamyň ýanynda-da dil ýarmaly däl. Sen ol barada hiç kimiň ýanynda aýdan dälsiň diýen ynamym bar. Bu şeýledir, ýöne dogryňy aýt. Dawut baş atdy. – Ýok, men ol barada dil ýaramok. Ýöne, şol ýeriň üstüni özüme mellek edip aldym. Şol ýerde üç otaglyja jaýjagaz gurmagy göz öňünde tutýan. Akademik oýlandy. – Ýöne uly bir zat gerek däl, entejik. Üç otagly jaýjagaz bolsa bolaram. Entek göze-başa düşmäli! Men saglygy saklaýyş ministri Aman Berdigylyjow bilenem, Merkezi Komitetiň ylym bölüminiň müdiri bilenem, Kislowodskiniň Mineral suwlaryň düzümini barlaýan Bütinsoýuz Merkezinyň direktory Laryn Iwan Hanowiç bilenem gürleşdim. Olaryň ählisiniň pikiri «azajyk howlukmazlyk» Men şony aýdaýyn diýdim. Onsoň, ýene bir mesele. Men indi garradym. Ulaga erk etmäge güýjümem, islegimem ýok. Meniň täzeje «Gaz-24» – «Wolga» maşynym garažda çüýräp ýatyr. Senden bir haýyşym, sen şony menden «Ynanç haty» bilen aldajyk, ulan. Haçan maňa gerek bolanda, men saňa habar ýetirerin. Şu gün seniň işleýän keselhanaň baş lukmany bilen telefonda gepleşdim. Onuň aýtmagyna görä, seni maşyn barmaýan, telefon çekilmedik uzak bir obada açyljak täze bölüme müdir belläpdirler. Saňa ulag gerek bolmagy mümkin. Şonuň üçin, sen maňa bu meselede kömek et.... Dawut ýylgyrdy. Ýöne ol öz ýanyndan Taýla suw barada, ol ýerde gurulmaly bejeriş merkezi barada aýtmanyna begendi. Soň özüniň taslama diýip taýýarlan kagyzlaryny akademige berdi. – Nesip bolsa, bir ýol açylsa, şeýleräk jaý gurup, şeýleräk enjamlar satyn alynsa.... Akademik aýalynyň daşardan eşidilýän begençli, dabaraly sesinden howla oglunyň, gelniniň gelip girendigini çaklap, ol kagyzlary tertipläp, çekerine saldy. Akedemigiň ogly kakalygynyň maşynyny Dawuda bermek baradaky pikirine birhilije garşy bolup, ilki aýalynyň, soň ejeliginiň ýüzüne syrlyja garap, çüňker burnuny owkalan boldy. – Maşyn seniňki, ýöne bir öýde bir maşyn gerek ahyryn. Beýle beresiň gelýän bolsa, keseki birine şeýle berip goýberenden, özüňde-de adam ýok dälmikä diýýärin. – Ol Dawudyň ýüzüne torsarylyp garady. Dawut baş atdy. – Nikolaý Ýefimowiç dogry aýdýar. Maňa-ha maşynyň geregi ýok, mugallym. Nikolaý gazabyny Dawudyň ýüzüne pürkdi. – Siz bir Hudaýyň hakyna gapylsaňyzlaň! Akademik oglunyň bolşuny halamady. – Nikolaý. Pähimliräk bol. Maşyn meniň hut şahsy zadym. Meniň heniz diri wagtym, içimde janym barka, öz zadyma eýeçiligim bardyr-a. Adamyň menden kemi galan däldir. We hanogul, seniňem, alma kemiň galan däldir. Men öz sözümi aýtdym.... Nikolaý Ýefimowiç torsarylyp ýerinden turup barşyna: – Beriň, howlyňyzam beriň, maşynyňyzam beriň, puluňyzy, baýlygyňyzam beriň. Men bilemok. Men asyl, şu ýerde ýok. Baryň, köne-küşülleriňizi başyňyzdan döküň.... Akademik bir içini çekdi-de, soň sesini çykarmady. Olar nahar iýensoňlar, Dawut gijäniň bir wagtyna çenli akademik bilen gürleşip oturdy. Boris Leonidowiç Dawuda düwnük, bursilýoz, garyn-içege, bagyr lagtalanmasy, sarylama, galkan görnüşli mäz, süýji we beýleki ençeme kesel barada henize bu güne çenli eşidilmedik gürrüňler berdi. Olary lukmançylyk usuly, halk medisinasy, tebipçilik usullary bilen bejermegiň gadymy syrlaryny açdy. – Düwnük keseli, ol dyrnagyňdan, saçyňa çenli, adam bedeniniň islendik merkezinde weýran ediji dertdir. Ol edil türkmenlerde aýdylyşy ýaly, sary çyrmaşyk oty ýaly, ne köki bardyr, ne ugry bardyr. Ol degen ýerinde biologik organlary dikeldip bolmaz derejede weýran edýär. Ony häzire çenli üç usulda, operasyýa etmek, şöhlä tutmak, himiki terapiýa ulanmak usuly bilen öňüni azajyk saklap, ösüşini az-kem togtadyp bolýar. Ýöne siziň daglaryňyzda awulyk oty diýen bir ösümlik bolmaly, şonuň bilen bejermek bolar diýip, men Ibn Sinanyň bir eserinde okapdym.... Soň akademigiň obalardaky durmuş ýagdaýy, keselleriň ýaýraw ýagdaýy, adamlaryň durmuş ýörelgesi, oba lukmanlary, olaryň kesele, kessellä gatnaşygy, garaýşy barada goja lukmanyň sowallary Dawudyň ýüreginiň hyrujyny artdyrýardy. «Edil, edilen azaby hiç kim bilmeýän ýaly bolsa-da, gör, bilýän adamlar bar eken, – Lukmançylyk şeýle bir kärdir. Seniň edýän işleriň edil suwa talhan çalan ýaly bolup görner. Sen azap baryny edersiň, ebgar bolup ýatan hassa gutulyp gider. Soň, isles-ä, bir duşaýanda salamlaşar. Bolmasa onam etmez. Bu ýagdaý ozalyndan ahyryna çenli bolup gelýän zatdyr. Emma hakyky lukman muňa garamaz. Onuň bar derdi, hassany aýak üstüne galdyryp, ile goşmakdyr. Ýöne, seniň çeken azabyňy Alla görüp durandyr. Türkmenlerde bu barada bir gowy pähim bardyr. Olar: «Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, Halyk biler» diýýändirler. Olaryň Halyk diýýäni, Hudaýdyr. Lukmanyň Hudaýy ynsabydyr. Seniň ynsabyň gaty päk bolsun. Birje ädim ätseňem, ynsabyň razy bolar ýaly ätlemelidir.... Dawut gijäniň bir wagty öýüne, Albina Nikolaýewanyň jaýyna gaýtdy. Ol açary bilen işigi açyp, içeri girdi. Içerden Albina Nikolaýewanyň ysy gelip durdy. Ol «Hä geldiňmi?!» diýip, juwan hyrujy bilen gül-gül açylyp otaglaryň birinden çykaýjak ýalydy. Emma hiç kim çykmady. Dawut Albina Nikolaýewnanyň otagyna baryp, birwagtlar bagtdan ýaňa näzik, ter läle kimin açylyp, bark urup, paşyrdap oturan maşgalanyň owadan aýalynyň eziz didaryny mähir bilen gujaklap oturan ýaş, oglansypat Wadim Sergeýewiçiň, terlikden, juwanlykdan, gözellikden ýaňa dünýäsine sygman, mylgyrap oturan Albina Nikolaýewnanyň, öz çaga dünýäsiniň şirinligini ýaňyja duýup başlan näzikden eziz Lenajygyň ejesine meňzeýän bagtly, nurana gözleri Dawudy ýuwdaýjak bolup, açgözlik bilen oňa seredýärdi. Dawut suraty eline aldy-da, biygtyýar gözlerinden parlap giden gözýaş dänelerini syrman suratyň arka ýüzüne garady. Albina Nikolaýewnanyň owadan haty bilen ýazylan «Ezizimiz Dawuda bagtly günlerimizden ýadygärlik» diýilen ýazgyny okap, içini tutdy-da, silkinip-silkinip eňredi. – Eý, Allam, bu eziz adamlar hany indi! Olary nätdiň?Meniň olary göresim gelýär. Telefon jyňňyrdady. Dawut baryp trubkany göterdi. – Leningrada jogap beriň! Dawudyň ýüregi tarkyldap urdy. – Alýo, alýo! – Albina Nikolaýewna, Men Dawut, salowmaleýkim! Trubkadan ses çykmady. Ýöne naçar aýalyň eňreýän sesi eşidilýärdi. – Dawut janym, ezizim, men nähili günlere düşdüm. Men jennetden dowzaha düşdüm-ä, ezizim.... Telefon kesildi. Dawut kreslo geçip, şol ýerde-de irkilip galanyny bilmän galdy. ....«Garry gowagyň» etegindäki ýol. Dawut atasyna arryk goýunlaryny bakyşyp ýör. Täzeje lökge gelip onuň ýanynda saklanýar. – Dawut! Dawut Lenanyň ýetişen owadan, näzik didaryny görüp, oňa tarap ýörejek bolýar. Emma Lenanyň özi iki bökende gelip, Dawudyň boýnundan asylýar. – Mähribanym, söýgülim, ezizim, seni göresim geldi. – Ol Dawudy näziklik bilen meýdanly göwsüniň üstüne basyp ogşap başlady. Dawudyň juwanlyk duýgulary hyruç alyp tolkun atdy-da, bendini ýykdy. Olam Lenany hyruç bilen ogşady-da, özüni jennetiň şirinden eşretli dünýäsine oklap goýberdi. Lena şeýle bir hyruçlanýardy welin, ol birden Dawudyň gursagynda eräp gitdi. Dawut gyzy gözläp durşuna, telefonuň sesine tisginip oýandy. – Leningrad soraýar. Dawut trubkany elinde saklap durşuna öl myžžyk bolan jalbaryny, içki eşiklerini çykaryşdyryp: – Alo! – diýdi. Trubkada Albina Nikolaýewnanyň näzikden eziz sesi eşidilip başlady. – Dawut, salam mähriban, meni bagyşlaweri. Sen Aşgabatdamydyň? – Edil häzir geldim, obadan. – Bolýar. Men saňa bir-ä, suratymyzy galdyrandyryn, soňam şifonerde Wadim Sergeýewiçiň täzeje kostýumy bardyr. Şonuň goltuk jübüsinde, puljagaz bardyr. Mümkinçiligiň bolan wagty Lenoçkamyň, Wadim Sergeýewiçiň üstüne bir ýadygärlijek dikjek bol. Jaýda arkaýyn ýaşa. Şol jaý indi seniňki. Ömrüm ahyr boljak bolanda men seni taparyn. Şonda sen gaýrat edip, menem ol ezizlerimiň gapdaljygynda jaýlagyn. Soň maňa-da bir ýadygäplik goýarsyň. Puluň ýetmese, men ýene bererin.... – Albina Nikolaýewna eňredi. – Bagyşla, ezizim. Sen şu dünýäde meniň indi senden başga hiç kimimiň ýokdygyna düşüngin. Hoş!.... Ýaş ýigit şifonerden Albina Nikolaýewnanyň aýdan penjegini tapdy. Onuň goltuk jübüsinden ep-eslije kagyz düwünçek, iki sany gymmat ýüzük, birem erkek adamyň altyn sagady çykdy. Dawut kreslo geçip, puly sanady. Pul jemi on bäş müň manatdy. Onuň elinde altyn sagady bardy. Şonuň üçin, ýüzügi, sagady öňki ýerinde goýdy. Soň duşa düşündi-de, ýerine geçdi.... Ol irden turup eýwanyň penjiresini açanda, dymyk içeri güýz gününiň ýagyşynyň, yzgara ezilen güýz ýapraklarynyň, saralyp, saman bolan güýz otlaryň ysy kürsäp urdy. Ol daşarda gijesi bilen suw-sil bolup, ýagyşyň ýagandygyny bildi. Häzirem howa agyr bulut gatlagy bilen örtülip, az-kem çiseňläp, ýagýardy. Bu ýagyş Dawudyň soňky döwürlerde gören güýçli ýagyşlarynyň biridigini, ol penjiräniň öňündäki kölçe-kölçe bolup ýatan suwlara seredip pikir etdi. «Oba nähilikä? Sil beýleki gelmän duran bolsa-da ýagşy. Sil gelen bols-a atamyňam güni kynalandyr . Wah, ata janym, ata janym...» Ol ýuwunyp, ardynyp, garbanyp, soň bu ýerde goýup giden goşlarynyň arasyndan okan döwründe harby kafedrada okap alan sürüjilik şahadatnamasyny, soň irde-giçde geregi çykaýjak beýleki dokumentlerini alyşdyryp, öýden çykdy-da, güni bilen akademigiň maşynyny alty aýlyk möhlet bilen, «ynanç haty» esasynda öz adyna geçirmek bilen boldy. Natorial kontora, soňky döwürlerde kän bir öýden çykyp ýören bolmasa-da, akademigiň özi bardy. Ol taýýar bolan resmi dokumenti Dawuda berdi-de: – Oglum, haýyrlysy bolsun. Ýöne agşam oglum bilen bolan gürrüňleri hiç haçan göwnüňe getirmegin – diýdi. Soň özi Dawudyň gapdalyna münüp, öýüne geldi. – Onda, men galaýyn. Aýtmaly zatlary men saňa aýtdym. Gaýrat et, işiňi Alla oňarsyn. Ýoluň ak bolsun. Dawut Teke bazaryna bardy. Ol oba, öý üçin üç litrlik bankanyň dolusynda ary balyny, üç kolo ak köke, birki kilo, peçeniýe, on gap mekgejöwen patragyny, atasynyň gowy görýän ýumşak konfetlerini, bir gap mesge, iki towuk, birki tokga şöhlat, alty çörek, on kilogram sogan, bäş kilo pomidor, on kilo tüwi, iki kilo mäş, iki kilo noýba, bir halta gowy un, on kilo sygyr etini alty sany gowy gyş gawunyny, dört sany kädi satyn alyp, maşyna daşap başlady. Ol iň soňky kädini alyp, maşyna ýetip barýarka bir aýal oňa salam berdi. Dawut başyny galdyrdy-da, ol aýalyň Sewilýadygyny tanady. Ýöne oňa parhsyz garady. – Siz Dawid-a dälsiňiz?! Dawut ýüzüni turşatdy. – Siz ýalňyşýaňyz. Sewilýe ilki bir öz ýoluna gidiberjegem boldy. Ýöne nähilidir bir duýgy ony saklady. Ol yzyna öwrülip: – Ýok, sen Dawid! – diýdi. Dawudyň nämüçindir, bu gyz bilen gepleşesi gelmedi. – Näme, Men Dawut bolanymda näme? Bar, ugra ýoluňa. Sewilýe gelip, Dawudyň elinden tutup, oňa tutunyp, möňňürip aglap başlady. – Dawud, Dawud jan, sen Allanyň hakyna meni kowma. Men seni janymdan söýýän, düşünýäňmi?! Meniň sözümi diňlemeseň, men, şu ýerde ölüp galaryn. Oňa çenli aňyrdan hyrsyz, ýüzüni-gözüni tüý basan pyýada ylgap, ýat ýigide tutunyp, aglap duran etli-ganly, görmeksiz, saçy kirläp, bulaşyp duran aýala ermeniçe bir zatlar, bir zatlar diýip waňkyrdy. Ol Dawudyň düýşünde şeýle anyk gören, onuň üçin ynsabynyň öňünde köp hyjalatlar çeken şol elhenç adamsydy. Dawut «Ýamandan boýuňy satyn al» diýen nakyla eýerip, bir belanyň goparyndan howatyr edip, ýerde goýan kädisinem alman maşynyna münüp, ony otlady-da, ýola düşdi. Ol maşynyň öňündäki kiçijik aýnadan, gara emeli deriden tikilen köne kurtkaly erkek kişiniň ýere ýazylyp ýatan aýaly süýräp barýandygyny çalaja saýgaryp galdy. Ol maşyny saklady. Köne tanyşyna dözmän, ylgap yzyna bardy. Ýerde hapa bulaşyp ýatan aýal eňräp çabalanýardy. Erkek adam erbet sögünjiräp, ony dözümlilik bilen bazaryň ortasyna çekýärdi. Dawut şol barşyna, baryp, kurtkalynyň gulagynyň düýbüne doňdurdy. Ol pyýada serrelip gidenden soňam, ony galdyrdy-da, indi şol gören ýowuz düýşünden bäri tutuş aňynda berç bolup ýatan zerzaw duýgulary razy bolýança, bar güýji bilen ony urdy. Soň gelip üst-başy palçyk, tot-tozan bolup ýatan Sewiliýäniň başujynda çökdi. – Tur, Sewilýe. Sende jinnek ýalam günä ýog-a, aglama. Hany, tur, meni bagyşla – diýip samrady. Sewilýe ýerinden turdy-da, uzyn boýly, gözleri şugladan ýaňa balkyldap duran ak ýüzli, mähriban oglanyň döşüne kellesini goýup, silkinip-silkinip aglap durşuna: – Dawid jan, Allanyň razylyyna, meni bagyşla !.... – diýdi. Dawut onuň kellesini galdyrdy. – Bolýar, men gijä galýan, sag bol, meni ýamanlykda ýatlama – diýip, yzyna-da garaman, bazardan çykyp, maşynyna tarap gitdi.... | |
|
√ Dirilik suwy -26: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Janserek -13: romanyñ soñy - 20.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Köne mülk -15: romanyň soňy - 18.06.2024 |
√ Dirilik suwy -8: romanyň dowamy - 03.05.2024 |
√ Duman daganda: Baýguşyň rysgy agzyna gelermiş - 10.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -9: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |