21:52 Dirilik suwy -22: romanyň dowamy | |
4. «Goýun, kirpiniň eti gany azlygyň, halsyzlygyň, çagalykdan galan dürli keselleriň bire-bir emidir» Gündogar tebipçiliginden. «Atgulak – aşgazan, garyn-içege ýollarynda, daşky bedeniň dürli ýeriniň gan akmasyny keser» Türkmen tebipçiliginden. «Süýji keseliniň esasy alamatlary-hemişe agzyň gurap durar, endamyňda gidip-gidip, çüý çümen ýaly agyry bolar, gidip-gidip erbet ajykdyrar, iýen badyňa-da hajathana ylgadar. Häli häzirlikçe, onuň esasy dermany ýorunjadan hörek hem-de, insulin sanjymydyr» Lukmançylyk gözegçiliginden. «Ýagşy ajygyp naharlan! Aşgazan bir dilär, iýmegin, iki dilär, iýmegin, üçünji dilände, boş goýma» Gündogar tebipçiliginden. Dawut Aşgabada gideninden soň erbet ýagyş ýagyp, uly siliň gelip, aşak obalary weýran edendigine gynandy. Indi oba bilen etrap merkeziniň arasynda aragatnaşyk kesilipdi. Onuň oba täzeje maşyny bilen jülgeleriň arasyndaky ýol bilen gelenem bir bähbit bolup çykdy. Ol gele-gelmäne Artyk aganyň halyndan habar tutdy. Ýaşuly berhizini tutup, edilýänje emlere gözüni garaldyp otyrdy. Onuň ýagdaýy öňküden kän gowulaşypdy. Dawut indi işe düýrmegi bilen girişmegi ýüregine berk düwdi. Ondan öňinçä Metjigi, Taýlyny ýygnap, ýanlaryna on sany men diýen ussa ýigit alyp, Gargyly gysydaky çagylly böwre gidip, olara jaýyň, oňa barýan ýollaryň gurulmaly ýerlerini görkezdi. – Onsoň munuň hak-heşdegi nähili bolar? – diýip, Taýly oglanlaryň ýüzüne garap aýtdy. – Ýa, «Taňryýalkasyna» etmelimi?!. Senuň üçin biz oňa-da taýýar. Dawut kes-kelläm, garşy çykdy. – Taýly, Meret, oglanlar! Jaý dört otagly, aşhanaly, eýwanly bolmaly. Otaglaryň ählisiniň boýy bäş, ini dört metr bolmaly, aşhananyň boýy üç, ini iki metr bolsun.... Jaýyň iki talaby bolar. Birinjisi, owadan, berk bolmaly. Ikinjisi, çalt bolmaly. Işe mundan bir hepde öň başlandy hasap ediň, ýagny noýabryň, on dördünden, şu güne, ýagny, aýyň ýigrimisine çenli men size hak tölejekdirin. Men heriňize, aýyňyza ýüz otuz manatdan töleýän. Umumy ýolbaşçyňyz Taýly bolsun! Oňa üç ýüz manat töleýän, brigadiriňiz Meret bolsun, oňa-da iki ýüz manatdan töleýän. Ýöne jaý iki aýda doly gutarylmaly. Kerpiç deregine, dagyň daşyny getirersiňiz. Sement, şifer, pürs, tagta, apalowka, işik, penjire, reňk, ulag tapmak, umumy ýolbaşçyňyzyň işi. Hany, onda, işe başlalyň. Şu gün noýabryň ýigrimisi bolsa, ýanwaryň ýigrimisine maňa jaýy tabşyryp, galan hakyňyzy alyp, başga, has amatly işe başlarys. – Baý, onda iki-üç çalşykda işlemeli bolar-ow. – Görüň, gyssagyňyz özüňiz bilen bolsun. – Bu işe pil-a gerek bolar, palta, kerki, kuwwalda, gilmala, elek gerek bolsa näme etmeli. Ýa özüňden almalymy. – Ýok, ol enjamlary, başga näme gerek bolsa, ine, Taýly, saňa müň manat. Näme almaly bolsa, edil şu gün alyň. Soňam, maşynyň, sementiň, şiferiň ugruna çykyberiň. Men obalara aýlanyp, adamlaryň hasabatyny almaly. Şondan soň, meniň maşynymam gerek bolsa, arkaýyn ulanyberiň. – Nahar, çaý nähili bolarka? – Ony özüňiz çözüň, biriňizi günorta çenli nahara, çaýa, suwa seredýän edip belläň. Isleseňiz, obadan Kümüşgözel daýza ýalyny alyp gelip, nahar bişirdiň. Garaz, hor bolmaň. Men her üç günüňize bir janly almaga rugsat berýän.... Dawut oglanlar bilen ertire çenli hoşlaşyp, atasynyň ýanyna bardy. Agtygynyň gelenine begenen hor-homsy, agyr kesel, geçen günlerde elhenç horlanyp, ýöne sudur bolup galan, çalajan ýaşuly juda begendi. Dawut hasaba alyşy atasyndan başlady. Aman aga süýji keseliniň iň ýokary derejesini başdan geçirýärdi. Öýkeninde agyr sowuklama bardy. Üsti ýeňildi, Burnunyň sümügini saklap bilmän, agyr üsgürýärdi. Gözleriniň görüşi gowşapdy. Ol oturjak bolanda, turjak bolanda hyklap, yranyp-yranyp gidýärdi. «Atamy, indi işden çykarmaga wagt bolupdyr. Ýöne endik eden ýaşulyny azajyk howlukman, jaýym ýetişýänçä, bu pişejiginden aýyrmaly däl. Ýöne ony derman-däri bilen bejermeli...» Dawut ýaşula sanjym edip, birki tabletka gurplandyryjy derman berip, soň çaý gaýnatdy. Aşgabatdan getiren iýer-içer ýaly zatlaryndan saçaga goýup, ýaşulyny öz eli bilen ýagşy naharlady. Soň onuň bilen hoşlaşyp, Ak gala gitdi. Ak galadaky medisina punkty, dükanyň gapdalyndaky içbe-iç jaýjagazda ýerleşýärdi. Medpunktyň işigi gulplydy. Dükançy gyz Orazdurdynyň heniz işe gelmändigini aýtdy. – Ol Gün hol al-asmana galyp, guşlukdan soň gelýändir. Onuňky hezil. Şu bara bolubilseň, feldşer bolaýmaly eken . Dawut Orazdurdylara bardy. Öýlerinde onuň ejesi oglunyň ýatandygyny aýtdy. – Tohtor entek turmaz, näme, sen şol öküzüň «tohtorçylygy gutaryp gelenmiş» diýilýen oglumyň?! – Hawa. – Aý, näbileýin, gyz zorlap, işinden kowlup, hol türmede ýatyr – diýseler. Il-bende entek-entek gelersiňem öýdenok-da.... Dawut baş atdy. – Saçly daýza, bar, tohtor ogluňy gaty tiz turuz. – Ýok, ony men turuzyp bilmeýen-ä. – Onda şoňa aýt, eger mundan aňry işlejek bolsa, ýene on minutdan iş ýerine barsyn, Bolmasa-da, açary ibersin, soň günüň dowamynda işden çykmak barada arzasyny ýazyp, meniň stolumyň üstünde goýup gaýtsyn.... Dawut ýene medpunkta bardy. Medpunkt açyk eken. Eke mugallymyň täzelikde edinen gelni otagy ýuwup ýören eken Dawut girip, medpunktda bar derman-därlileri gözden geçirdi. Ýazgy žurnallaryna göz gezdirdi. Žurnalda awgust aýynyň bäşine, Mergen Papyýew diýen birini it ýaryp, oňa guduzlama garşy, ganyň zäherlenmegine garşy sanjymyň edilendigi ýazylypdyr.... Bir ýerlerden güpürdäp, Orazdurdy geldi. – Salam başlyk. Dawut onuň bilen ýerinden turup, iki elleşip salamlaşdy. Onuň hal-ahwalyny sorady. Ýöne ondan hasabat sorap durmady. Onsuzam, bary düşnüklidi. – Seniň habaryň bardyr. Geljek ýylyň birinji ýanwaryndan Akgalada etrap saglygy saklaýyş keselhanasynyň bölümi açylmaly. Meni, ýer-jaý taýýarlamaly, ilaty, kesellileri hasaba almaly diýip, öňünden bäri iberdiler. Şu günden şeýläk meniň bilen, meniň aýdan düzgünimde işlärsiň diýseň-ä, eger meniň bilen işleşesiň gelmese, öz diýenim, öz düzgünim bilen ýaşajak diýseň, oňa-da garşylyk ýok, onda özüň gör. Edil, häzirem ýöri, aşakky obalardan hasaba alyşa başlaly. Ol Orazdurdyny maşynyna mündirip, «Düýedaş» obajygyna baryp, «bissimilla» diýip, işe başlady. Soň on günläp, ertirden agşama çenli çagajykdan başlap, garry adamalara çenli, hersiniň adyna ýörite kartoçka tutup, onuň ähli maglumatlaryny: adyny, atasynyň adyny, doglan ýylyny, ýerini, ýaşaýan, işleýän ýerlerini, öň näme kesel bilen kesellänini, häzir nähili keseliniň baryny, haçan, nirede näme bejergi, sanjym alanyny ýazga belläp, ilik-düwme barlap, onda bar bolan, güman edilýän kesellerini anyklap şol kartalara ýazdylar. Şeýlelikde, täze saglygy saklaýyş bölümine girmeli «Düýedaş» «Atanyň geçi taşlany», «Isgender kesen», «Kelte çynar», «Akgala» «Gaňrşy», «Tokaýçy» obalaryna aýlanyp, jemi 450 maşgalada ýaşaýan bir müň sekiz ýüz adamy hasaba aldylar. Şolardan, bäş sany akly üýtgäni, 14 sany düwnük kesellini, kyrk sekiz sany süýji kesellini, sekiz çakyzalyny, on bir böwregi agyrýany, on üç sany ödi azar berýäni, ýüz sany inçe kesellini, on sany garyn garahasasy bilen keselläni, dört sarylamalyny, ýigrimi sany gulak-burun kesellini, bäş içgeçmeli çagajygy, mundan başga-da aýak agyrly, dyz agyrly, guragyrly garrylary hasaba aldylar. Şu hasaba alyşlykda Dawut adamlaryň gözleriniň, dilleriniň, dyrnaklarynyň ýüzüniň, teniniň reňkiniň, garnynyň ýüzündäki, arkasyndaky tegmentleriň ýagdaýy bilen, fenindoskop arkaly ýüregini, öýkenini, dem alyşy, dem alyş ýollarynyň arassalygy boýunça edil laborotoriki barlag ýaly anyk, kesgitli netijeleri çykarmagy başarýardy. Ýöne ol 14 düwnük kesellä, kyrk sekiz süýji kesellini, ýüz sany inçekesellini, on sany garyn garahasasyny, dört sarylamalyny, ýigirimi sany gulak-burun kesellini, bäş içgeçmeli çagajygy, mundan başgada aýak agyrly, dyz agyrly, guragyrly adamy bejermek üçin kesgitli dermanyň heniz bu etrapda-ha däl, tutuş SSSR Saglygy saklaýyş ulgamynda-da ýokdugyna göz ýetirmek bilen, gynandy. « – Ýok-laýt, taýýar dermana garaşyp durman. Hudaýa şükür, biziň bu daglarymyz däri-dermanyň mekany ahyryn. Men şu kesellere görä derman taýýarlamly...» Ol awulyk otuny, möjek otunyň suwuny, göknar suwy hem-de käşiriň, itburunyň, garamygyň.... mürepbesi bilen garyp, düwnük keseli üçin derman taýýarlamak barada oýlandy. Süýji keseli üçin, gany käşir suwy bilen ýuwup, soň gandeperi, mumyýany spirte ýatyryp, üç wagtyna içirmek barada oýlandy. Inçekesel üçin çöl alakasynyň, kirpiniň etini buglap, üstüne awuluk otundan, haş-haşyň dänesini garyşdyryp, on gün iýdirmek üçin derman taýýarlamagy, garyn garahassalygyna, beýleki tif kesellerine, sary gül bilen kekräni hem-de düýedabanyň miwesini garyp günde üç sapar içirmegi, sarylama üçin ilki bagyry-ödi, ir bilen ösümlik ýagyndan içirip, soň limon suwuny içirip, arassalap, soň käşir, haş-haş suwuny garyp bir hepde içirmelidigini ýatlady. Gulak-burun, bokurdak agyrmasy üçin kamfora ýagyny bilen her agşam burny, gulagy arassalap, soň ony ýapgy edip ýaparys, kortoşkanyň buguna tutarys. Dälileri, derrew düzederis, böwregi, ödi agyrýanlara garamyk mürepbesi, çakyrtiken, düýedaban miwesi ýaly däri-dermanlar bilenem em etseň bolar. Çakyzalylaryň, gan basyşlylaryň emi belli. Olara medisinanyň ýoň bolan dermanlaram bes.... Ol şeýdip, öz ýanyndan obalarda bar bolan kesellileri toparlara bölüp, olary bejermegiň çäresini görýärdi. Şonuň üçin ol: gandeperi, gamakmumy, buýan köküni, dadran köküni, garynýaryk köküni, andyz köküni, doňuz gotaňňyr köküni, keýik böwrek otuny, gotaňňyr köküni, dag mumyýasyny, erik şepbigini, syçratgy sakgyjyny, guzujygyň maýalygyny, bedene ýumurtgasyny, göknar çöpüni, itburun, garaly miwesini, garamyk kişdesini, alyç kakyny, gara kişmiş, gyzyl burç, gara burç, sarymsak, erik kişdesi, çöpboýa, sygyr şahy, dag goçunyň şahy, ýylanyň gowy, ýylan zäheri, gara gamyş, tagdan dänesi, gara däri, gyzyl däri, saryagajyň gabygyny, tudyň göbegi ýaly birtopar beýleki ata-babadan şu güne çenli, halk tebipçilginde ulanylyp gelýän däri-derman bolaýjak otlary, kökleri, miweleri yhlas edip ýygnap, hersini aýratyn haltajyga salyp, olaryň nämedigini daşyndaky kagyzjyga ýazyp goýdy. Soň talyp wagty ýazan, kesellilerde ýüze çykaýjak dürli derdi we lukmançylyk däri-dermanlary iş edilip ýazylan galyň kitabyny çykaryp, olary okamaga başlady. DERTLER WE DERMANLAR: 1. Kelleagyry – ýüz sebäbi bar. Gan basyşynyň üýtgemegi, sowuklama, bagryň, ödüň, dalagyň sowuklamagy, aşgazanyň güýçli zäherlenmegi, ýadawlyk, ukusyzlyk, öwrenilen endikleriň (çaýyň, çilimiň....) wagtynda ýetmezligi.... Bejergisi:gan basyşynyň sazlanylmagy, kelle agyry dermanlaryny (Analgin, sitiromon), limonly çaý içip derlemek.... 2. Saç – gatyk, süýt, süzmäniň suwy bilen saçy wagtly-wagtynda dürli miwe suwlaryny ulanyp, ýuwup durmaly. 3. Göz agyry – gözüň almasynyň agyrmagy, gözüň görejiniň agyrmagy, göze şikes ýetmegi. Bejergisi:Köşeşdiriji analgin içirip, soňra – «Glaznoý maz», ýörite damja damdyrmaly. Ýylyjak saklamaly. 4. Gabak – tetresiklin toşabyny ulanmaly. 5. Kirpik – saç bilen bagly bolan derman toşaplary ulanmaly. 6. Diş agyry – bir bulgur suwa bir çemçe duz, çaý sodasyny, bäş damja ýod guýup, garyşdyryp, näsagyň bokurdagyny dişini çaýkatmaly, soň dişiň nämeden agyrýanyny, nerwsi sowuklapmy, çüýräpmi, umumy sowuklamamy, diş çat açypmy, anyklap, ilki analgin bilen agyryny köşeşdirip, soň diş wraçyna ugratmaly. 7. Dil – Aşgazanyň bozulmagynyň sebäplerini anyklamaly. «Deňiz suwuny» taýýarlap, günde üç wagtyna çaýkamaly. Zäk çalmaly. Aşgazany ýyly suw bilen ýuwup, gaýtartmaly. 8. Dodak – sowuklamanyň dermanlaryny, gatan, çigrellän, patlap gabaran bolsa dodaga çalynýan ýagly reňklerden ulanmaly. 9. Gulak, burun, bokurdak – penselin sanjymyny etmeli . Bokurdagy arak, spirt bilen çaýkap, soň şondan ýapgy etmeli; Gulagyň içini kamfara spirti bilen çaýkamaly, her dürli hapalanmakdan arassalamaly. Soňam ýuwmaly. Gyzgyn kofä mesge goşup içmeli; bir bulgur suwa bir çemçe duz, çaý sodasyny, bäş damja ýod guýup, garyşdyryp, näsagyň bokurdagyny çaýkatmaly, suwugrak manna şülesini taýýarlap, ony näsaga gyzgynlygyna içirmeli; 10. Burun gaýmaridi – Gyzgyn saklap, kamfora toşabyny ulanmaly. Burnuň içki myşsalarynyň sowuklamasyny aýyrýan dermanlary ulanmaly. Beterlese, penselin sanjymyny etmeli. 11. Bokurdak mäzleri – sowuklan mahaly, streptasidi un edip, şonuň bilen ýagşy arassalamalay, penselin erginni pürkmeli, soň bally çaýa limon goşup, gyzgynjak içmeli. 12. Bronheýalar – sowuklan mahaly bokurdagyňy arak, spirt bilen çaýkamaly, gyzgyn suwuklyk, limonly çaý içmeli. Agyry aýrylmasa, penselin, bedeni gurplandyryjy witaminlerden sanjym etmeli. Daşyndan spirt, arak, adekolon bilen ýapgy etmeli, sowukdan, tomsuň güni sowuk suw içmekden saklanmaly. 13. Gyzylödek – sowuklan mahaly gyzgynjak, suwujak mannyý kaşa içmeli, penselin, gurplandyryjy witaminler bilen günde üç-dört sapar sanjym etmeli; 14. Öýken sowuklamasy – penselin bilen günde (her üç-dört sagatdan), bäş-alty sapar sanjym etmeli, agşamlaryna garçissa, goýmaly, ýod bilen tor etmeli. Yzygyderli limonly, bally çaý, gyzgynjak süýdüň içine doňzuň iç ýagyny, bal goşup içmeli. 15. Öýken inçekeselinde – diňe stasinar bejergisini almaly. Keselhanada ýatyp düýpli bejermeli. Her günde izoniazit sanjym etmeli. 16. Ýürek – agyranda neýtroglisirin, walerian damjasyny, walidol bölegini içmeli, ýüregiň myşsasy agyranda ATF, Kakarbaksalaza sanjymlaryny edip, soň umumy gurplandyryjy witaminleri, beýleki dermanlary sanjym etmeli, eger bolmasa stasinar bejergisini almaly; 17. Aşgazan – agyrmagy we zäherlenmegi. 1. Ýyly suw içirip, gaýtartmaly, 2. Aşgazan gastrit görnüşinde agyranda içagyryda-lewomisin içirmeli. 2. Aşgazanda zäherlenme bolan mahaly gyzgyn suwa margansowka goşup içirip, gaýtartmaly. Soň iç geçiriji tabletka bermeli. 18. Inçe içege – sanjap, kesilip, kesilip agyrmagy-lewomisin bermeli, agyry güýçlense analgin bilen sanjym etmeli. 19. Köriçege – opersasiýa ýoly bilen aýyrmaly. 20. Ýogyn içege – agyrmagy we sanjamagy – analgin tabletkasyny bermeli. Agyry kesilmese, iç sürüji serişde bermeli ýa-da analgin bilen demedrol sanjymyny edip, köşeşerine garaşmaly. Köşeşensoň, gyzgyn unaş içirmeli. Onda-da aýrylmasa, gyzgyn sanjym etmeli. 21. Art bujak deşigi – uly meýdan edende agyrmagy, gyzgyn sanjym etmeli. Agyry köşeşensoň gyzgyn buga tutmaly we analgin sanjymyny etmeli; 22. Babasili – agyrmagy, ganamagy, simlemegi – tetrosiklin maz çalmaly. Ýagşy köşeşensoň mäkiýanyň ýumurtgasynyň sarysyny alyp, iki nahar çemçesi duz bilen ýagşy garyşdyryp, ýarany şoňa goýup, iki sagat oturtmaly. Gutulmasa ýene gaýtalamaly. 23. Bagyr – sanjamagy, atylyp agyrmagy, gyzmagy, ödüň öjükmegi, bagryň lahtalanmagy – günde üç wagtyna bir nahar çemçesinde allahol içmeli. Berhiz tutmaly, ertir irden ýyljak süýt, manna kaşa iýmeli. Keselhanada ýatyp bejergi almaly. 24. Öt sanjap agyrmagy, iýeniň siňmezligi, saryň gaýnamagy – berhiz tutmak, aýagyňy ýyly saklamak, tüfýaş etmek, juda çydatmasa, noş-pa içmeli. 25. Böwrek agyrmagy, sanjamagy, peşewi geçirmezligi – noş-padan sanjym etmeli, sowuklamanyň öňüni alyjy, beden gurplandyryjy witaminlerden, gyzgynlyk sanjymyndan sanjymlar etmeli. Garamyk, çakyrtiken toşabyny içirmeli, biliňe. garnyň aşaguna süle hamyryny ýapgy etmeli. Hemişe gizgin saklamaly. 26. Dalak – agyrsa analgin we gyzgynlyk sanjymlaryny her günde üç sapar sanjym etmeli. 27. Aýak süňkleri (but, dyz, injik süňkleri) – Gurplandyryjy, witaminlerden sanjym etmeli. Üzärlik bilen ýyljak süýdi garyp, gaýnadyp, ýapgy etmeli. Günde üç sapar analgin dermanyny içmeli. Mümkinçilik bolsa, Mollagara kurortyna gitmeli. (Süňk bilen bagly agyrylaryň ählisi üçin şu emi buýurmaly. ) 28. Aýak etleriniň agyrmagy – 29. Topugyň agyrmagy – 30. Dyzyň agyrmagy – 31. Injik süňküniň agyrmagy – 32. But süňküniň agyrmagy – 33. Buduň etiniň agyrmagy – 34. Eliň süňkleriniň agyrmagy – 35. Eliň bogunlarynyň agyrmagy – 36. Gol süňküniň agyrmagy – 37. Eliň, goluň derisiniň, muskllarynyň agyrmagy.... – bularyň garrylykdandygyny, şikesdendigini, haýsydyr bir keseldendigini, howadan, pasyllaryň, howanyň üýtgemegindendigini anyklap, analgin, içirmek, ýod bilen tor edip köşeşdirmek, guragyra garşy dürli ýaglary çalmagy, esasanam, ganyň suwuklamagy, gan alyş çalyşynyň gowulanmagy üçin her günde bir tabletka aspirin içmegi, aýagyny hemişe ýyly saklamagy, mümkin bolsa, gyzgyn suw bilen günde, günaşa gyzdyryp durmagy maslahat bermeli. Her ýylda Molagara kurortyna gitmegi buýurmaly» diýen ýaly gaty köp keseliň, olary bejermegiň däri-dermanlary ýazylan eken. Bu işleri yhlas bilen etse-de, Dawut entejik edil, öýüne, halysalla, ýüz tutup geläýmeseler bu obalaryň kesellilerine kän bir batyrynyp bilenokdy. Sebäbi, «Durna – gökde, duzak – ýerde» diýilişi ýaly, bölüm-ä açylanokdy. Onuň açyljagam nägümana ýaly bolup durdy. Ýaş lukman her nämede bolsa, indi öz maksadyndan gaýdyp biljek däldi. Ol bu obalaryň garrysyndan ýaşyna çenli, olaryň dad-u bidadyna, ýoguna seretmän, ählisiniň ýagdaýyny hasaba alypdy. Ol indi, haýsy obada kimiň haýsy dert bilen ýatandygyny bilip otyrdy. Kime, näme derman-däri etmelidiginem pikir-parasadynda aýlap otyrdy. Ikinjisi bolsa, adamlarda, ýaşaýyşa, sagalmaga kiçijik umydy döredip bilipdi. Ol ýarawsyz bendeleriň umydyny köýdürmeli däldi. « – Men, nesip bolsa, eger, «Ak galada» bölüm açylmajagam bolsa, hiç hili hak tölenmejegem bolsa, öz obalarymda lukman bolup işlärin...» Onuň bar umydy Alladandy. Ol düýşünde türmä girip çykaly bäri, her günde bäş wagt namazyny okaýardy. Hemişe dili, kalby, ynsaby, bedeni, teni täretli gezip ýörşüne, her namazynyň ahyrynda Alladan şu ilde bölüm açylyp, «dirilik suwuny» ýeriň ýüzüne çykaryp, özüne umytlar bilen garaşýan dertli bendelere derman berip, şol dermany hem özüniň eli bilen bermegini uzur ötünip dileýärdi, ertirem, günortanam, ikindinem, agşamam, ýasyda-da diläp-diläp ýadanokdy. Ol Allanyň öz dileglerini boş goýmajagyny bilýärdi. Dawut öýde bolanyna görä, kakasyna, ejesine, doganlaryna barja derman-därilerini edişdirýärdi. Ýöne baryna akademik Smirnowyň ýanjap-ýanjap tekrarlaýşy ýaly, wagt, tejribe zerurdy. «Ol: ýokary okuw jaýy diňe ugurlary aňladýan, edebiýatlary salgy berýän, mugallymlaryň, halypalaryň sözüni, göreldesini aňyňa guýup, her dürlije endikleriňi berkidýän tejribe mekdebidir. Lukman hakyky tejribäni işe başlandan soň, ýüz dürli näsag, kesel bilin ýüzbe-ýüz bolup, oňa azap çekip, alada edip, gorkup, begenip, ony gaýgy edip, durmuş mekdebinde eýlenenden soň alýandyr» – diýerdi. Men bolsam heniz beýle tejribäniň, beýle ýagdaýlaryň ýan gyrasyndanam baramog-a»... Ol şeýle oýlar bilen obalaryň birinden güni ýaşyryp öýe gelende, ejesiniň howluda elerwräp duranyny gördi. Ol howsalaly: – Eje, näme boldy? – diýdi. Annajemalyň sesi titräp gitdi. – Wah, ditjanym, Toýjan dädeň şol ilkagşam çykyp gidişi-ýä. Indi onuň gözem gijesine ugurly görüp baranog-a. – Nirä gitjegini aýtmadymy? Annajemal aglady. – Ol.... Ol bar-a samraberýe-de bir gepinde: «Men Dädemiň malyna seretmäge gitýenem» diýiberýe – Ol erbet hamsykdy. Ol indi telim wagt bäri däliräp baty-ýa. Ol däli. Men ony indi hiç kime aýdyp bilmeýen-ä, ditjan. – Nämäň dälisi?! – Hawwa, hakyt däliredi-ýä, ditjan! Dawut ejesiniň bu gepine tisginip hyrra yzyna öwrülip, kakasynyň gidip biläýjek ugruny çen bilen yzarlap, hasanaklap, bende ýetdi. Ol ýakynda gelen siliň bentden opuran çukurynda nämäniňdir, çarp urýandygyny eşitdi. – Häzir, häzir ýetişýen, duruber, duruber! Dawut bu sesiň kakasynyň gyryk, aljyraňňy sesidigini derrew tanady. Ol ylgap bendiň böwründäki çykyryň gyrasyna geldi. Ol gijäniň içinde kakasynyň sowuk suwuň içinde «öwf» çekip, nämedir bir zatlary kowalan bolup ýörendigini gördi. – Dä-de! – Dawut zähresi ýarylan ýaly bolup sowuk suwa özüni urdy-da, kakasyny götergiläp gyra çykardy. Toýly öküz suwuny seçelendirip, ogluna garşylyk görkezip, urunyp durşyna: – Sen kim, heý. Doňňuz ogly, goýber meni. Doňňuz ogly diýsäni. Ol balyk janawarlar maňa, «meni öýüňe äkit, biz üşeýek» diýip, ýalbaryp baty. Men olary öýe alyp gitjek bolýan. Sen näme, myşaýt edýesiň, eý doňuz ogly, sen kim? Dawut ýuwaşlyk bilen : – Däde, bu men, Dawut. – diýdi. Toýly öküzden ses çykmady. Ol Dawuda boýun boldy. Dawut sowukda öl-myžžyk bolup, digdenekläp duran kakasyny öýe alyp baryp, oňa guruja eşik geýdirdi. Soň öz otagyna alyp bardy-da, öz wraçlyk, sanjym gurallaryny çykardy. Haladyny, kolpagyny geýdi, agzyny ak hasa bilen sarady. Elini spirt bilrn tämizledi-de: – Amanow, hany, gaty gowja otur! – diýip, zarplyja aýtdy.-Häzir men seniň gözüňi görjek – diýdi-de, spirt kolbajygyndan iňňe alyp, sanjym enjamyna dakyp, äm-sam bolup oturan kakasyna uky dermany bilen analgin sanjym etdi. Şondan soň lukmançylyk çemçejigini alyp, Toýly öküzüň sag gözäniň ýokarky gabagyny galdyryp, şit-mäzleri gördi. Sag mäzler dogruja durdy. Ol kakasynyň bitaýlanyp duran gözüniň gabagyny galdyrdy. Soň kakasynyň hykyna, çokuna garaman, ýerinden üýtgäp, hol gyrada duran mäzi ýörite jübtejik bilen durmaly ýerine süýşürdi. Ony ýerinde berkitmek üçin dag mumyýasyny agzynda eredip, şol ýerinden üýtgäp giden, indi ýerine baran mäziň üstüne çaldy. Soň, az –kem ynjalan kakasyny diwanyň üstünde ýatyryp, üstüne ýorgan ýapdy. Şol günden soň kakasyna, ejesine izoniazit, penselin, glýukoza, witaminleri aldygyna sanjym edip başlady. Olar üçin badamçanyň, ajyýowşanyň, itburunyň toşabyny taýýarlady, ondanam her günde üç wagtyna içirip başlady. Ol şol günden soň, her gün kakasynda-da, ejesinde-de mylaýymja alamatlaryň bardygyny duýýardy. Dawut bu günem irden turup, ýuwunyp, tämizlenip, ertir namazyny okady. Doga-dileg etdi. Soň melleginiň agşamdan galanja ýerlerinem, eýýäm üçünji sapar depip gutardy. – Ýere näme eksem diýýeň – diýip, Toýly öküzüň sowalyna gara der bolup ýer depip duran Dawut geň galyp seretdi. – Kaka, turduňmy!? – Tabyň neneň? Toýly öküz başyny atyp durşuna, ýylgyrdy. – Hany, pili bäri ber. Häk, entek oglandygyň bildirýe-deýt. – diýip, oglunyň elinden pili alyp, öň depilen ýeri ýene, gaýtadan depip başlady. – Şeýdip, gowja depsen-e. Mynyňdan ýer depiş bolmaz. Goý, soňurrak özüm ederin. Dawut gara dere batan kakasyna baş atdy. – Näme ekeli diýseň, ekäýeris, däde. – Baýaky ýyl Artyk aga mellegine, kertyşke ekdi. Baý, gowy bold-äý. Bizem kertişke ekeli. Dawut «kartoşka-da, gawun, garpyz, pomidor, hyýar, sarymsak, kädi, käşir-de ekeris diýjek boldy. Emma indi näçe ýyl bäri oý, işik, mellek barada ýekeje salymam oýlanmadyk kakasynyň kalbynda şinelänje pikirlere päsgelçilik ýetirmejek boldy. – Bolar, däde jan, näme ekeli diýseň, ekeris. Men onda kartoşka tohumyňam ugruna çykaýyn. – Kertişke tohumy hiç-le. Özüm Artyk agadan diläp alaryn. Sen öz işiň bilen boluber. Dawut kakasynyň bolşyna begendi. «Enşalla, bir üýtgeşiklig-ä bar. Allam, soňunam oňarawergin...» Toýly öküz işikde duran täzeje «Wolga» maşynyna garady. – Bä, bu kimiňk-käýt? Öz-ä täzeje eken. Gowja eken. Dawut kakasynyň ýüzüne ýylgyryp garady. – Meniň bir garryja mugallymym bar, däde. Ol ylymyň aňyrsyna çykan professor, akademik. Ogly, gyzy ýok. Şol mugallymym, «Oba ýerde bolsaň, saňa ulag gerek bolar» diýip maňa alty aýlyk dilhaty bilen berip goýberdi. Alty aýa çenli ol «Wolga» biziňki. Soňam, «Münüber» diýs-ä müneris. «Getir» diýse-de, taňryýalkasyny bilen eltip gaýdaryn. Toýly öküz bitaý gözlerini ligirdedip, oglunyň ýüzüne seretdi. – Akadimik! Ylmyň aňyrsyna çykan. Seni okadan şolmy? Ol adam saňa öz bular ýaly maşynyny, özem täzeje «Wolgasyny» berip goýberýemi? Näme, onuň kellesi üýtgänmi? Bular ýaly malam berip goýberip bolarmy? Ol indem, gijelerine ýatyp bilýen däldir, hä? Dawut baş atdy-da: – Menem geň gördüm. Ýöne, «Al, al!» diýip günüme goýman dursa, nädeýin. – diýip, kakasyna görä gepledi. Toýly öküz ogluna gorkuly garady. – Öz-ä «al» diýip, soňam milisgä aýdyp, basdyryp goýbermesin. Häzirjek bolgun. – Mende onuň «Maşynymy Dawut Amanowa alty aýlyk sürmäge berýärin» diýip ýazan dilhaty, hökümediň möhüri basylyp, tassyklanmasy bar. Toýly öküz onda-da ynjalmady. – Sen bir Artyk aga bilen ýagşy maslahatlaşmaly ekeniň. Olary Annajemal ertirlik edinmäge çagyrdy. Dawut mellekden çykyp barşyna, daşky işikden feldşer oglanyň daňa galan oklukirpi ýaly bolup, düňderilip gelýändigini gördi. Ol derwezeden giren ýerinden haýkyryp başlady. – Salowmaleýkim, tohtor! – Waleýkim, Arazdurdy tohtor! – diýip, işikdäki elýuwlanda elini ýuwup duran Toýly öküz oňa habar gatdy.-Sen beýläňe-de, seret Ditjana propisiri «alty aý sür» diýip şu maşyny berip goýberipdir. Özem ylymyň aňyrsyna çykan mugallymmyşyn.... Arazdurdy, kelteden tos-togalak göwresini oýmuldadyp, bir uly begenji bar ýaly bolup, Dawudyň garşysyndan çykdy. Ol çalak-çulak salamlaşyp: – Ejem etrap merkezine barsa, garşysynda baş lukman Emir daýym. Ol meniň hakyky daýym, ejemiň özünden kiçi jigisi-läý, durmuş. «Päh, geleniň gowy boldy. Biziň bir lukmanymyz obaňyza gitdi-de, heýç gelenogam, habaram ýetirenok. Onuň işi galyp otyr, Gaty tiz gelsin, gelmejek bolsa-da, arzasyny ibersin. Men ýeri boş saklajak däl» diýip sargyt iberipdir – diýip, demi demine ýetmän, bir demde aýdyp goýberdi. – Şony aýdaýyn diýip geldim. Dawut baş atdy. – Indi, sil bozandan soň, ýol açyldymyka? – Ejem-ä eşekli gidip geldi. Kä ýerde ýol işgärleri işläp ýörmüşler. Dawut hiç zat diýmedi. Arazdurdy ýylçarylyp gepledi: – Bu açyljak bölüme-de, meni müdir etjekmişler. – O nähili? – Nähilisi şol, ejem daýyma «Ogluňy öýerseň, iki öküzçe bereýin « diýipdir. Şolam meseläni çözjekmişin. Dawut agzyny açyp durşuna: – Ol hiç-le, ýöri, öýe girip, bileje çaý içeli – diýdi. Arazdurdy razylaşman, uçup-uçup yzyna gitdi. Dawut ejesi, kakasy, jigileri bilen gülüşip-degişip ertirlik edindi-de, etrap merkezine gitdi. Ol ugrajak bolup durka: – Atamam işden çykaryp, öýe getirmäge wagt boldy, kaka, – diýdi. – Hawa, diýenimizi etse, alyp gaýdaly, hany, sen aşak gidip gel. Ol etrap keselhanasyna sähel salymda bardy. Dogry, araky sil ýoly erbet bozupdyr. Ýöne ýol işgärleri, çala mydarragam bolsa, geçer gider. Dawut maşyny gaýgyryp durman çukurrak, belentli, pesli ýerlerdenem geçip bildi. Ýöne, barsa, baş lukman ýok eken Kätip gyz: – Onuň garyndaş gyzy, hol bizde apindisitden aparassa bolup ýatan Ageje diýen aýal özüni otlapdyr. Şonuň ýerine gitdiler-dýip parhsyzragam bolsa aýtdy. – Bu iş haçan bolupdyr? – Habar-a ýaňy geldi. Dawut ordinatorskä baryp halatyny, kolpagyny geýip garaşyp başlady. Sagat on ikiden işlände baş lukmanam, beýleki lukmanlaram gelip başlady. Dawut baş lukmanyň kabulhanasyna bardy. Baş lukman duw gara bolan ýüzüni, çalaryp başlan mele gözlerini, babasiliniň, ýüregagyrynyň, ödüň derdinen ýaňa halys sary sapyran bolup duran ýüzüni, gan basyşynyň üýtgemeginden tirsildeşip duran etlek çekgelerini eňşidip, ýaş lukmana oturmaga ýer görkezdi. – Işigaýdan, ozüni otlapdyr. Özem : «Meniň ölümime merkezi keselhananyň lukmanlary Emir Gulyýew, Sephanow, Myrat Geldiýew, mamam Kümüşgözel.... günäkärdir. Şolar öz jezasyny çekmese, razy däldirin. Şolar Hudaýyndan tapmasa, görümde dik oturaryn...» diýip hat goýup gidipdir. Bagty ýatan. Biz näme üçin günäkär bolýas. Olar ol diýeli. Men näme? Pensiýäme dörtje aý galdy. Men nädip günäkär bolaýyn. Baş lukman zeýir-zeýir edip, ahyry Dawutly meselä geldi. – Sen jijim, entejik «bölüm açmaly» gürrüňimizi goýaly. Sen şujagaz ýeriňdejik işläber. Entejik ol medpunkty Arazdurdynyň özi oňarsyn. Dawudyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. – Emir aga, düşüniň, ol ýerde «Düýedaş» «Atanyň geçi taşlany» «Isgender kesen», «Kelte çynar», «Akgala» «Gaňrşy», «Tokaýçy» obalarynda. jemi 450 maşgala, müň sekiz ýüz adam bar.... Şolardan, bäş sany akly üýtgän, 14 sany düwnük keselli kyrk sekiz süýji keselli, sekiz gaty erbet çakyzaly, on bir böwregi agyrýan, on üç sany ödi azar berýän, ýüz sany inçekeselli, , on sany garyn-içege garahasasy, dört sarylama getiren, ýigirmi sany gulak-burun keselli, bäş içgeçmeli çagajyk, mundan başgada, aýagagyrly, dyz agyrly, guragyrly, garrylar bar. Bu diňe häzirlikçe hasaba alnanlar. Şolaryň ählisi juda çalt kömege mätäç. Siziň hemaýatyňyza garaşyp «ah» çekip ýatyrlar. Siz bolsa bu ýerde hyşy-wyşy, süpül-süpül edişip, gaty arkaýyn gepleýäňiz. Seniň pensiýe ýaşyň dolan bolsa, gitmeli ekeniň, hormatly dynç alyşa. Sen dertlilere berilmeli emiň ýoluny saklaýaň. «Arazdurdy oňarar» diýen bolup. Arazdurdy seniň aýal doganyň ogly bolany bilen, hemme zady oňaraýmalymy? Ol sagat ona çenli ýatyp, medpunktda özüni hondan bäri alyp barmakdan başga hiç zadam bilenok. Bar, goý, Arazdurdyny goýuň. Ýöne, meni şol ýere nobatçy lukman edip belläý. Men etrap merkezi keselhanasynda «hallaň-sallaň» işlänimden, şol ýerde, dertli, keselli adamlaryň arasynda, delalatym ýetjek adamlarymyň arasynda işlemän gezenimi gowy görýän. Baş lukman bu ýaş oglanyň «türkmençilige», ol şeýledir öýdüp pikir etdi, gelişmeýän sözleri ýüzüne serpip ýelmäp durmagyna asla çydamady. Ol laňňa ýerinen galdy-da, gahar-gazap bilen: – Gapyl, itiň güjügi. Hawwa, Arazdurdy meniň ýegenim. Näme, meniň ýegenim, indi sen bar diýip, işlemeli dälmi?! Sen, gaty gitme. Aýtjak kepiňi ölçäp-biçip aýt. Meniň haçan pensiýä çykjagymam seniň işiň däl. Pohuňy iýme, hassalara ediljek eme garşy bolýaň diýip. Hana, bar, güýjüň ýetse, barlat, ähli resminamalarymyz ýerbe ýer. Şu welaýatda biziň saglygy saklaýyş ulgamymyzdan gowusyny tapsaň, bar, şonda işläber!-Soň ol sesini peseltdi.-Sen düşün, men saňa göni aýdaýmasam, sen düşünjek däl. Bähbit diýenem bir zat bolmal-a. – Ol indi hälki gap gara pökgüş ýüzüni gyp gyzyl edip işige, soň penjirä edil suwa gark bolup barýanyň howsalasy bilen seredip goýberdi.-Menem adam-a. Bir topar çaga ekläp otys. Basym ogul öýermeli, gyz çykarmaly, agtyklar ýetişip gelýe. Orazdurdy maňa, eger müdir etsem, iki sany juwana wada edýe. Ol az zatmy!Menem, bölüm açjak diýip, kimiň kimlerine, pul, mal dykyp açmal-a. Häzir mugt zat ýok. Her kim gözüni ýumup, elini serip dur-how. Eger, senem eçilerin diýseň, onda başga gep.... Dawut bu gepi eşidip, ör-gökden geldi. – Ýok. Men beýle haramylyk gepiňi eşidemogam, ol işiňe goşulmanam.... Dawut oturdy-da, gahardan ýaňa hiç köşeşip bilmedi. Ol baş lukmanyň öňünden bir tagra kagyz alyp, şol ýerde titreýän elleri bilen: «Etrap merkezi keselhanasynyň baş lukmanyna şu keselhananyň iç keselleri lukmany Amanow Dawutdan arza. Men saglygy saklaýyşyň ähli düzgüniniň, hut baş lukman Emir Gulyýewiň günäsi boýunça bulam-bujar edilen ýerinde işläp biljek däl. Şonuň üçin meni öz arzam bilen 1961-nji ýylyň 25-nji oktýabryndan iç keselleri lukmany wezipesinsen boşatmagyňyzy soraýaryn. Amanow D» diýip ýazdy-da, goluny çekip, başlygyň öňüne taşlap kabinetden çykyp gitdi. Ol şol ýerden göni raýispolkoma baryp, özüniň mellek ýeri barasyndaky arzasynyň kanagatlandyrlyp, kanagatlandyrylmandygyny bildi. Oňa öz diýen ýerinden mellek ýeri bermek karar edilipdir. Şol ýerde Dawut ýanyndaky pullaryny hasaplady. Onuň müň manadrak puly bardy. Şonuň üçin ol Aşgabada baryp gelmegi niýetine düwüp, maşynyna ýangyç guýdy-da, ýola düşdi. Günortanyň öň ýanlary Aşgabadyň Teke bazaryna baryp, et, miwe, iki sany garrygyz gawun satyn alyp, akademigiň howlusyna girdi. Akademik Smirnow Dawudyň gelmegine biçak begendi. – Oglum, geleniň gowy boldy. Seniň bilen telefonda gepleşeýin – diýip otyrdym. Ýagdaýlar gowulyga üýtgäp barýar. Men ministriň ýanyna baryp, sen hakynda gürleşdim. Eger mümkin bolsa, seni ministrligiň Krasnowodsk oblasty boýunça ýörite inspektory wezipesine bellemek barada gürleşdim. Emma bu wezipäni birwagtlar ýapan ekenler. Ýöne ministrligiň baş minorolog diýen bir wezipesi bar eken. Ministr Berdigylyjow häzir şol wezipäni dikeltjek bolup ýör. Ýöne onuňam hyllylasy gaty köp eken. Bir wezipe açdyrjak bolsaň, Ministrler sowetinde karar kabul etdirip, ony soň Maliýe ministrliginde tassyklatmaly. Diňe şondan soň şol wezipä aýlyk-günlük töläp bolýar. Onam, geljek ýylyň planyna goşjak bolýarlar. Men olara kagyzlaryny taýýarlaşmaga kömek etdim. Indi, nesip bolsa, geljek ýylyň ýanwaryndan seniň üçin täze wezipäniň açylaýmagy hem mümkin. Ýöne, sen gaýrat edip, şoňa çenli sabyrlyja işlejek bolaweri. Dawut ýylgyryp, boýnuny burdy. – Wah, men edil şu günden öz arzam bilen işden çykdym-da. Akademik iýip oturan naharyny gapdala süýşürdi-de, horja barmaklary bilen tutup duran çarşagyny, tarelkanyň gyrasyna söýäp goýdy-da, düwlen ýumrugunu eňegine ýetirdi. – Onuň sebäbi näme? Dawut elindäki tagamly çemçäni gyssagara agzyna ýetirdi. – Men şu baş lukmanymyz bilen oňşup bilemok. Ol «Seniň obaňda etrap keselhanasynyň kiçiräk bölümini açjak. Oňa-da özüň müdir bolarsyň. Şonuň üçin sen gidip, obalardaky adamlary, kesellileri hasaba al» – diýip, meni oba iberýär. Menem onuň diýenini edip. Şol ýerlerde ýerleşýän bäş obada jemi 450 maşgala, bir müň sekiz ýüz adam bar.... Şolardan, bäş sany akly üýtgän, 14 sany düwnük keselli kyrk sekiz süýji keselli, sekiz gaty erbet çakyzaly, on bir böwregi agyrýan, on üç sany ödi azar berýän, ýüz sany inçe keselli, , on sany garyn-içege garahasasy, dört sarylama getiren, ýigrimi sany gulak-burun keselli, bäş içgeçmeli çagajyk, mundan başgada aýakagyrly, dyz agyrly, guragyrly, garry adamlaryň bardygyny hasaba aldym. Emma gelsem, baş lukman, «ol ýerlerde bölümiň zerurlygy ýok» diýip aýak depip otyr. Men oňa şunça düşündirjek boldum. Emma diýenimi diňlemegem islänok. Özüniň feldşer ýegeni işleýär. «Entejik şony müdir edip goýaly. Soňunam görübereris...» diýen bolýar. Onsoň menem gaharlanyşdym, öýkeläbem arzamy ýazyp goýup, siziň ýanyňyza gaýtdym. Akademik naharyny ýene öňüne çekdi. – Sen «Zähmet depderçäňi» heniz eliňe alaňok dälmi? – Ýok. – Onda sesiňi çykarma. Meniň özüm onuň bilen gepleşerin. Ýöne, «Dirilik suwy» barada agzyňdan ýekeje sözem sypdyraýmagyn, sypdyraýmagyn, sypdyraýmagyn!.... Dawut baş atdy. – Mugallym, men işem diýmän, Aşgabatdan gerekli dermanlary satyn alyp gidip, obalardaky şol dertli-keselli bendeleri bejeribersem nähili bolarka?! Akademik başyny ýaýkady. – Onyň gowy niýet. Ýöne beýtmek bolmaz. Kim bilýär, bir bolmasyz iş bolaýsa, seniň daşyňa geçip, basar goýbererler. Onsaň diňe obalaryňyzda, etrapda däl, tutuş oblastdaky kemçiligi seniň üstüňe atarlap. Iň gowusy, sen sabyr edip, öňe-de düşmän, yza-da galman, aýdyşlary ýaly, «suwdan sessiz, otdan pes» bolupjyk, sabyr-kanagat edip ýaşabermeli. Ýöne pikiriňde, iň esasy maksat, «Gotur gowagyň» dirilik suwuny daşyna çykaryp, il-güni şol suw bilen ýalkamak bolsun. Dawut «Gotur gowagyň» ýerleşýän ýerini özüne mellek ýeri edinip alyp, ol ýerde häzirlikçe gowy jaý saldyrýandygyny akademige gürrüň berdi. Akademik howsala bilen: – Aňmazlarmy? – diýdi. Dawut ýylgyrdy. – Olar ol zatlar barada asla çaklanoklaram. Men jaý ýetensoň, şonuň bir otagyna «dirilik suwuny» çekdirjek, Şondan soň, baryny taýýar edip, gelip siziň bilen maslahatlaşaryn. – Belki, menem gidip görerin! Dawut begendi. – Nesip bolsa, mugallym. Ol her näme-de bolsa, pulunyň ýetdijigine zerur gerek dermanlary satyn aldy, soň bazara baryp, ep-esli iýmit satyn alyp, gijäniň birwagty öýlerine bardy. | |
|
√ Janserek -4: romanyñ dowamy - 15.03.2024 |
√ Duman daganda: Düýn düýn bilen gitdi - 26.05.2024 |
√ Gala -5: Maksat - 12.02.2024 |
√ Gala -3: Är garrar, ar garramaz - 11.02.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -6: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Geçä jan gaýgy, gassaba ýag gaýgy - 11.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -10: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Gara garga bolsaňam, akja kepderi bolup görün - 24.05.2024 |
√ Bäşgyzyl / roman - 11.09.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap: 24: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |