09:57 Dirilik suwy -24: romanyň dowamy | |
6. «Göknary, aragy, şeraby, zäheri lukman buýranda, diýen ölçeginde kabul ediň» Gündogar lukmançylygyndan. «Ölini söýseň sähnelär» Halk nakyly. «Garamyk dänesi böwrekde duz kristallaryndan emele gelen daşlar ereder» Gündogar tebipçiliginden. «Agşamara çaýyňyza az-kem käkili otuny garyp Içseňiz, gije gowy ýatarsyňyz» Gündogar tebipçiliginden. Täze ýylyň geçip, ýanwar aýynyň aýagyna Dawut üçin uçursyz bir şatlykly günler boldy. Taýly ýanwar aýynyň ýigrimisine, agşamara täze jaýyň, onuň daşyna aýlanan daş haýatyň derwezesiniň açaryny alyp geldi. Dawut onuň «Buşluk, dost jan, ýurt gutly bolsun!» diýip, elindäki bir gysym açary görüp, ol dostuny gujaklady. – Şeýlemi, boldumy? Elektrik nätdi?! – Hemmesi gül ýaly, baryp, giripjik, ýaşabermeli.... Dawut, dogrusy, bir hepdeden bäri, Bossanly mesele bilen Aşgabada gidip, ýaňy dolanyp gelipdi. Ol Bossany akademik Smirnowa, Isa aga, iň soňunda-da professor Çary Baýryýewiçe görkezipdi. Olaryň Isa agadan beýlekileri gyzyň aýagyny öýde, özbaşdak operasiýa etmäge kes kellämi garşy bolupdylar. Ýöne akademik Smirnow bir: «Men baryp birinji jahan urşunda Azow deňziniň kenarynda aýagyny aldyran bir esgere professor Ballarowyň meýdan gospitalynda täze ölen ýigidiň aýagyny goýanyny görüpdim» diýdi. «Ýöne häzir uruş ýagdaýy däl-dä. Keselhanalar bar. Gowy hirurglar bar. Oňat därti-dermanlar bar. Özbaşdak bir işi edibermeli däl-dä. Professor Çary Baýryýew gazaply, agyr ýüzüni asyp: «Sen, oglan, hünäriň näme – diýdi. Dawut «Iç keselleri lukmany» diýenden, «Bar, başymyzy agyrtma-da, «Serçe soýsa-da gassap soýsun» diýmänmi, könelermiz!» Bar, bar, öz işiň bilen bol» diýdi. Dawut ýene Isa aganyň ýanyna bardy. Ýaşulynyň Dawudyň gaýta-gaýta gelip durmasyna myrryhy atlandy. – Aý, çörek ganymy, saňa beren patam haram bolsun diýmäýin diýsem, bedibagt. Şular ýaly biderejik, gaty bolgusyz zat üçinem, utanman obaňdan aýagyňy süýräp, Aşgabada gelýeňmi? Bar, ýit, ýok bol-eýt. Dawut döwük-ýenjik keselhanasyna, Trawmotologiýa institutyna bardy. Ol ýerdäki hirurglardan iki çüýşejik narkoz erginini, elektrik byçgyjygyny, kiçijik drel, pyçak, eti berkidýänje gysgyçlary karzyna diýen ýaly aldy, ýörite ussalardan, kesilip, täzeden oturdyljak aýagyň kesilen ýeriniň aşagyndan iki şrup, ýokarsyndan iki şrup, şruplaryň arasyny berk saklar ýaly ini bir santimetr, uzynlygy on santimetr inçejik demir taýajyklaryny satyn aldy. Zyýansyz berklär ýaly demir taýajyklary satyn aldy. Soň operasiýadan soň em eder ýaly dermanlary, sanjym enjamlaryny, hasa, onluk çyralaryň ikisini satyn aldy. Kim bilýär, operasiýa edilen wagty çyra öçüp dagy edäýen mahaly gerek bolmagy mümkin. Soň ol bazara baryp, keselli gerek bolan mahaly iki üç aý ýatar ýaly, prostinlar, ýorgan-düşekler, plotensa, halat satyn aldy. Şeýdibem, ýaňy oba gelip durşydy. – Gel, Taýly, ikijigimiz bir çaý içeli. Onsoň, ol jaýa gerek-ýarak zatlar barada maslahatlaşaly. Olar Dawudyň otagyna girip, saçak başyna geçdiler. – Dawut jan, Aşgabat ýaly ýere gidip, birki kilo kapçýonnyý kolbasa alyp gelmeli ahyryn. Dawut oňa seredip: – Seniň şeý diýjegiňi bilip, bäş kilosyny satyn aldym. Şonuň iki kilosam seniňki. – Aý, ýaşa. Maňa dällä-äý. Öýde Aýdogdy daýyň doglandan kapçýonnyý kolbasa bilen emdiren bir gyzy bar-how. Ýöne, şo diýip ölüp ýatyr-a. Dawut gürrüňi täze jaýyň içine mebel, düşek satyn almaga sowjak boldy. Emma Taýly oňa per bermedi. – Sen ilki bilen-ä oglanlaryň aýlyk hakyny tölemeli bolarsyň. Soňam bir gowy janly al-da, jaýy toý ýaly edip, gowy ýuw. Oglanlaryň ýadawlygy aýrylsyn. Biz olary, edil bir gul ýaly, gijesi-gündizi bilen işletme kemini goýmadyk. Dawut oňa razy boldy. – Ýöne, ertir jaýam, haýatam, bagyň arasyndaky ýollary, bassyrmany göreli, soň kabul edip, hakynam töläli, toýam tutaly. Taýly elindäli käsesini saçagyň üstüne gaharly taşlap goýberdi. – Şu bara, Dawut, dyrnak ýaljak kemini tapsaň, hakymyzy töleme. – Ol kesesine bakyp. – Aý, sen muny nätdiň-äý. Meni jogapkär goýduňmy, indi, burnuňy sokma. Dawaý, sana puluňy. Dawut Taýlynyň hasap-hesibini ýazan kagyzyna seretdi. – Jemi, iki müň sekiz ýüz manat, Menem üstüne baýrak diýip bäş ýüz manat goşýan, Ýene bäş ýüz manadam toý etmek üçin. Boldymy. – Känem bolar. Ýöne toýy geçirip, kimi alyp galasyň gelse, maňa aýdarsyň. Mebeli, beýlekini sonda gürleşeýili. Dawut başyny ýaýkady. – Edil ertir etmeli gyssagly işler bar. Bir-ä, aperassion stol, depeden ýagty berer ýaly çyra, belli bir otaga krowat, düşek, ýorgan gerek. Şol gaty gyssagly, Taýly, düşün, şulary ertirden gijä goýmaly däl. Siz toýy haçan etmekçi?! Taýly pikire batdy. – Sen haçan diýseň. Dawut aladaly: – Meniň bir aladam bar. Erte agşam şol aladamdan dynsam, birigün toý tutubereris. Taýly razylaşyp, ertir gurluşykçy oglanlara berilmeli aýlyk haklaryny baýrak pullaryny göterip agşamy bitirip gitdi. Dawut şol ýerden Balyk mamalara bakan ugrady. Ol tertiplije howla girip, çyra ýanyp duran jaýa bakan ugrady. Işige baryp: – Mama jan, öýdemisiňiz – diýip gygyrdy. Howlynyň gündogar burçundan Bossan göründi. Ol aýagyny emaý bilen süýräp gelişine: – Geliň, lukman – diýdi. Ejem häzir agşam namazyny okaýandyr. Häzir bolar. Geliň, geçiň. – Ol işigi açdy. – Geliň, men size süýtjagaz guýup bereýin. Ýaňja sagdym. Dawut içeri girmedi. – Bossan, ertir seni alyp gitmeli. Indi bellän wagtymyz geldi. Şol aýdyşym ýaly geýin, ýuwun, ardyn. Özüňde hiç hili alamat bolmasyn. Bossan düşündi. – Belki, Alla jan, kömek edip, meniňem derdim açylsa. Ejem janyňam bir dilegleri kabul bolsa. – Ol lukmanyň ýüzüne ogrynça garanjaklap:– Alla jan siziňem ýaşyňyzy uzak etsin. Biziň üçin edip ýören aladaňyzam maňa ullakan derman, lukman, sag boluň. Men ejeme aýdaryn. Ol belendiräk bosagadan öýe kynlyk bilen girip gitdi. * * * Dawut indi iki aýdan bäri kellesinde günde müň sapar gaýtalap, ölçäp biçişi ýaly, Bossany täze jaýyň bir otagynda guralan operassion stoluň üstünde oturtdy-da, onuň ýüzüne garady. – Bossan, sen gorkma, çekinme. Men bu gün konsultatiw synag etjek. Nesip bolsa, ine, itburun gülläp başlanda, ine, şonda operasiýa başlarys. Ýöne bu gün özüňi juda mert tut. Nesip bolsa, seniň dertli günleriň ýadyňdan çykar ýaly ederis. Ýöne, sen maňa gaty ynan. Ikimiziňem bir howandarymyz bardyr. Biziň rowaçlygmyzam, üstünligimizem şoňa baglydyr. Häzir sen ýat-da, Beýik perwerdigärimizden şowlylyk dile-de ýat – diýdi. Soňam owadan ýaňaklary nar suwy sepilen ýaly gyzyň gözlerine bakman – Sen rahat ýatar ýaly, men saňa bir derman ysgadaýyn. Ol narkozly çüýşejigi açdy-da, ýörite pamyga ýagşy siňdirip, gyzyň burnuna tutdy. Gyz şol bada uka gitdi. Dawut Isa agany, professor Çary Baýryýewiçi ýatlady. Olar edil öz ýanynda oturyp, näme etmelidigini salgy berip başladylar. Dawut allany çagyryp, şonuň ady bilen işe başlady. Ol skalpeli eline alyp, gyzyň yzyna bakyp duran çep aýagy tarapdan köýneini ýokary çekip, edil aýagyň topugyndan bir garyş ýokardan baldyryň etini aýlap kesdi. Soň baldyryň süňküniň daşyndaky eti ýokary çekip, ony demir gysgyç bilen gyra berkidip goýdy. Soň elektrik dreli alyp, ganjaryp duran tekiz süňküň kesilmeli ýeriniň aşak ýüzünden iki deşik, kesilmeli ýeriň ýokary ýüzünden öňden aňynda galan ölçege görä, astynly, üstünli iki deşik deşdi. Soň Allany çagyryp, aýagyň bellenen ýerinden süňki gönüje kesdi. Asmandan bir ýerden seredişip duran Isa aga bilen professor Çary Baýryýewiçem «boldy-da, boldy» boluşyp makulladylar. Dawut kesilen aýagyň tutuş musklyny, peý, çeküw damarlaryny jany bilen süňküň daşydan aýlap, ony süňküň ters ýüzüne eltdi-de, onam berkidiji gural bilen berk baglap goýdy. Soň aýagy tersine aýlap ony kesilen ýerine laýyklap goýdy-da, demrjikler, boltjagazlar, bilen hamutlap berk baglap, açarjyk bilen berkitdi. Şondan soň aýagyň etlerini, mysşalatyny dartgy damarlaryny, peýi, ýon damar ulgamyny aýagyň täze ugruna laýyklap goýdy-da howlukman, bekje, sykja edip tikişdirdi. Tiken ýerlerini dermanlady-da, öňden taýýarlan çöpboýaly, makiýan towguň ýumurtgasynyň sarysyny duzly hamyr bilen ýugrup, gargy gamyşyň dilimjikleri bilen kesilen ýeriň daşyna aýlap tutuş aýlap, berk sarady. Onuň seredip duran halypalary onuň işini makulladylar. Dawut elini täzeden sabynlap gowy ýuwdy-da spirt bilen tämizläp, arassa hasa bilen derini süpürdi. Soň hassanyň sag aýagyny operssiýa taýýarlady. Bu aýak gapdala seredýäni üçin, onuň işi çep aýak ýaly beýle bir kynam däldi. Dawut Allany çagyryp, halypalarynyň adyny tutup, olardan medet tutup, edil başdaky ýaly edip aýagy hamut ötürmeli ýerlerinden deşip, soň aýagy kesdi-de ony dogrulap ýerine goýup, hamut bilen berkidip, etleri, muskllary, ýon damary, aýagyň peýlerini ýerinde goýup tikişdirdi. Etmeli derman-därileri edişdirdi, soň çöpboýaly hamyryň arasyna gamyş dilimjiklerini goýuşdyryp, aýagy tä dyzyna çenli daňdy-da, gyzyň köýnegini aşak çekdi. Boldum edip, operasion gurallaryny, enjamlaryny sabynly suw bilen ýuwup, stoluň üstünde çalyksyn diýip, üstüne hasa ýapyp goýdy. Gan-kokly, pagta böleklerini, hasa sargylary, sanjym dermanlaryndan boşan çüýşejikleri, sanjym enjamlaryny ýygnaşdyryp, şu otagda adatdan daşary hiç zat bolmadyk ýaly tämizläp goýdy. Diňe şondan soň, gyzyň burnuna ýapylan narkozly pamygy aýyrdy. Ol elektrik çäýnekde, çaý goýup, arassa bulguryň düýbünde barmagyň başy ýaly mumyýa ezdi-de, gapdalda goýdy. Soň gyzy göterip, beýleki otagdaky krowata geçirdi. Bossan bir sagatlardan oýandy. Onuň gözleri ümezläp durdy. Ol töweregine gaty geň galma, gorky bilen garady. Dawudy görübem: – Men nirede? – diýip, ýuwaşja, ynjyly sorady. Dawut gyzyň damaryndan glýukoza hem-de analgin bilen demidrol sanjym etdi. – Arkaýyn dynjyňy al, Bossan! Sen indi bäş-üç gün ýatmaňly bolarsyň. Aýak üstüne galýançaň, jigim Çotugy getirip, saňa sereder ýaly ederin. Näme kemiň bolsa, şoňa aýdaryn. Häzir bolsa men bir ýere baryp gelmeli. Ýeriňden turmak bolanok. Sen gaty akylly gyzsyň, diýenimi et-de, ýene bäş-on gün ýat, bolýarmy. Bossan ýylgyrdy. – Boldumy. Indi meniň aýagym düzelermi? Dawut baş atdy. – Ýöne gaty berk bol. Özüňe baglydyr bary, baryny biderejik edäýme, bormy. – Gyz baş atdy. Ol häli käsä guýup beren mumyýasyly bulguryny gyza içirdi. Dawut Bossany ýeke galdyryp, daş çykdy. Araky ýagyşlardan soň howa juda mylaýymdy. Haýatyň içindäki baglaryň pyntyklary çişişip, eýýäm ýapraklamaga ýakyn gelipdi. Dawut atasyny görüp gitmegi ýüregine düwdi. Ol lukman bolup geleni bäri göwnüne jaý bolaýjak ýekeje iş bitiripdi. Indiki wezipe, «Gotur gowak» çeşmesini täze jaýa geçirmekdi. Ony çaltlaşdyrmalydy. – Ertir oglanlara bir toýjagaz bersem, soň, geljek hepdäniň içinde, suwy, nesip bolsa çekip bolarys.... Ol atasynyň kälde, kiçijik süriniň ýanyndadygyny gördi-de, oňa bakan ugrady. – Indi, atamyň bu ýerden gidesem gelenok öýdýän. Açyk sähraýy meýdan, gyş ýok, sowuk ýok. Näçe ýaşasaň. ýaşap ýörmeli. Bir kyn düşjegi ýaşuly adama iýer-içer ýaly zatlaryň azajyk kyn düşmegi bolaýmasa. Onam, atam kän bir myzaýyk edip duran adam däl. Ýöne, indi bu ýerde jaý gurulanyndan soň, nahar-şor bişirmäge-de adam bolar. Ol atasy bilen elleşdi-de, onuň öňünde baş egdi. – Ata jan, salowmaleýkim! Ýaşuly gaty begendi, ol boýun-bokurdagynyň damarlaryny çişirip: – Bah, ba-ba! – diýdi.-de, elini jaýa, daşly howla bakan uzatdy. – Bäh, bä-ähk. Mikil, me, bä-ä! Dawut baş atdy. – Biziňki, ata, hemmesi biziňki – diýip, özüni, atasyny görkezip aýtdy. Soň saglygyny sorady. Elinden tutup, ýüzüni, kükregini, el-aýagyny görkezdi. – Ba-a, Ba-h, be – diýip, ýaşuly halys begenjini bildirip baş atdy. Onuň hor, durşuna tüý bolup duran ýüzi ýagtylyp gitdi. Ol atasy bilen hoşlaşyp, maşynyna tarap gaýtdy. | |
|
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -7: romanyň dowamy - 16.09.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Graf fon Lindenau - 09.09.2024 |
√ Bäşgyzyl -19: romanyñ dowamy - 01.11.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Duman daganda: Satylmaýan, satyn alynmaýan zat ýok - 28.05.2024 |
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -14: romanyň dowamy - 08.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |