21:31 Dirilik suwy -27: romanyň soňy | |
9. «Ýumurtga, balyk, gatyk-süýt birleşip aşgazana düşse, ylalaşýan däldir» Halk lukmançylygyndan. «Dişiň başdan ahyryna çenli, ganym duşmany, sowuklamadyr» Halk lukmançylygyndan. «Bişen çybana üzümiň ter ýapragyny ýapsaň, özenini sorup alar» Halk tebipçiliginden. «Bokurdakda süňk galsa tazynyň demi bilen eredip bolýandyr» Halk tebipçiliginden. «Her näçe ýaşasaň, ahyr ölümdir, Adam ogly bäş gün duza myhmandyr» Magtymguly Pyragy. Dawut irden turup, namaz okady. Mellege girip, ýaňy iki gylajyk bolup, ösüp oturan ekinlere aýlandy. Öz ýanyndan: «Suw tutulsa gowy boljak eken» diýip oýlandy. Soň aşak bende baryp, daşy durşuna bag bolup duran howuzda suwa düşünip, soň öýe geldi. Eýwandaky gaz peçde çaý goýundy. Oňa çenli ejesi turup, eýwana çykdy. – Ditjanym, sen çaý goýagaýdyňmy, balajygym. Sen beýtme, ejeň ýetişen ogluna çaý goýdurmaz, ditjanym. Indi beýtme. Ejesiniň gala-gala sesini Çotuk bilen Çaçam eýwana çykdylar. – Näm boldy, eçjan? – diýip, Çaçy ejesine gysmyljyrady. Annajemal gyzyny itip goýberdi. – Bar-a, hana, Dijanyň özi çaý goýup ýö. Utanmadyňmy, meşik ýaly bolup ýatmany bilýeň, saçy kesilip galan.... Birsalymdan maşgala ekiniň gyrasyndaky sekiniň üstüne ýazylan saçagyň başyna jemlendi. – Ditjan, Toýjan dädeň-ä gelýän otduhda Çaçjanam hyrydarlaryna berip dynalyň – diýýe. Saňa-da geňeşeli diýip otyd-da. Dawut baş atdy. – Men garşy dälle. Umuman Meret gowy oglan – diýdi. Toýly öküz agyr myşlady. Onuň öň hersi bir tarapa bakyp duran gözleri, Dawudyň gözüne, indi terezilenip duran ýaly göründi. Ol ogluna göni seredip: – Meret diýýäniň şol Metjik dälmi?! – diýdi. – Şol, şol-da – diýip, Annajemal ara goşuldy. Özüniň gürrüňi edilensoň, Çaçy ýetişen, owadan synasyny güjeňläp, turup, içeri girip gitdi. Gün dogup gelýärdi. Dawut omyn edip ýerinden turdy. – Men täze jaýa gitjek. Gitjegiň bolsa, men alyp gideýin.-Hiç kimden ses çykmady. – Menem giçlik barjak–diýip, Toýly öküz gyşaryp ýatan ýerinden tirsegine galdy-da, soň jaýlaşykly oturdy. ....Dawut Aşgabada gidip geleninden soň, birhili, misli ömürlik ukudan oýanan ýaly boldy. Ol bu jülgäniň gözelligine birden çümüp gitdi. Kelte çynardan tä Gargyly gysa çenli äpet-äpet agaçlar, ýoluň iki gapdalyndan asmana çyrmaşyp, hol ýokarda birleşip gidýärdi. Ondanam ilerde, çaýyň iki gapdalyndan bulut ýaly bolup, ýokarlygyna uzalyp gidýän baglary ýaňy gören ýaly bolup, olaryň didarynda-a däl, bu ýerleriň edil çig gaýmak ýaly howasyndan ganyp bilmän, edil bir guş bolup uçup barýardy. Ol Gargyly gysydaky öz mülküne baryp, haýranlar galyp, aňkarylyp ep-esli durdy. – Eý, Allam, bu ýeri jennetmi, nämemi? Men nädip şu wagta çenli beýle gözelligi duýmadymkam?! Ýa meniň duýgularym bagly bolgumyka?! Bu ýerler keramat-la, eý, Allam. Dawut Akgaladan geçen ýerinde üýşmek-üýşmek dag daşlaryny görüp, haýran galdy. Maşynyny saklap, şol daşlary synladam. Ol daşlar düýn, şu gün getirilip, ýola örülip başlanypdy. Ol derwezeden girip, daş ýodajyklar bilen barşyna: – Bu ýer, dünýäniň iň gowy kurortlary ýaly owadandyr. Men keselhananyň bölümini şu bagyň içinde açaryn. Goý, adamlar biziň Türkmenistanymyzda-da, görlüp-eşidilmedik gözel, owadan ýerleriň bardygyny görsünler. Bir ýerlerden Gulça ylgap geldi. – Salowmaleýkim, dide jan. Sag-aman geldiňmi? Dawut Gulçanyň ers-mers bolan didaryna doýman seretdi. – Gulça, nähili? Gowuçylykmy? Bu ýoluň ugrundaky daşlar näme?! Gulça begenip gürledi. – Şu obalarymyz-laý! Olar hiç kim aýtmasada, özleri gidip, başlykdan üç sany maşyn diläp alyp, dagdan aldyklaryna daş çekip, ýollara örüp başladylar. – Näme üçin? – Men-ä düşünmedim. Bu adamlar öňki adamlar-a däl, olar «Tä Kelte çynara çenli şu ýoly daş bilen ýapjak» diýýärler. Olara hakam, «sag bolsunam» gerek däl öýdýän. «Entejik, şu kälem jennet şerbeti akýan ýere öwreris» diýýärler. – Sen näme, olara goşulmadyňmy! Gulça ýylgyrdy. – Aman dädem bilen biz goşda galdyk.... Olam meniň ýanyma geçdi. Çaýyna, naharyna seredip ýörün. – Ol maşyna tarap garanjaklady-da – Dawut dide, Bossan görnenokmy? – diýdi. Dawut Bossanyň Aşgabatda galmaly bolanyny aýtdy. – Atam häzir nirede? – Käldedir. – Ýöri, ýanyna baraly. Ýolda Dawut Gulçadan lukman sorap gelen hassanyň baryny, ýoguny sorady. – Düýnem, şu günem hassa ýok, lukman. Olar ýaşulyny tapman yzlaryna dolandylar. Dawut täze jaýa, indi jaý gurmaly ýerleri ýene bir sapar gözden geçirip, agşama çenli özüne garaşyp duran näsaglary kabul etdi. Dogrusy, indi bu töwereklerde, ulag pajygasy bolaýmasa, ýylan-içýan çakany bolaýmasa, kän bir näsagam gelip duranokdy. «Dirilik suwy» ondaky henize çenli görlüp-eşidilmedik mikroelementler adamda bar bolan her dürli, bilnikli, bilniksiz keselleri saplap goýberýärdiler. Ýollara üýşürilen, indi düşelip başlan maşyn-maşyn daşlar ol suwa düşünen adamlaryň işi bolmalydy. Ol derwezäniň ýanyna gaýdyp gelende daş goparmaga giden maşynlar gaýdyp geldiler. – Dawut, bu daşlary neneň gördüň – diýip, Taýly bilen Meret ylgap onuň ýanyna geldiler. – Pahan dagy däreý, bu ýagşylyklary boş goýmalyň – diýip, başladylar. Dawut begenjini beýan edip bilmedi. Ýöne onuň özem garaňky gatlyşýança ýolda işläp ýören elli-altmyş adama gatyşyp – garyşyp gitdi. Şol ýerde oňa ferma müdiri Nazar Rejep aga gabat geldi. Ýaşuly ýüzüni ebgarladyp: – Dişim çydadanok-da, köşek – diýdi. – Pese gitmägede, wagtym ýok. Sen nähili?! Dawut şunça geçen wagtda ýagşy garran ýaşulyny lukmançylyk otagyna alyp gitdi.... – Häzir gül ýaly ederis, agam! * * * ....Dawudyň hassa gelenok diýip begeneni biderek boldy. Gijäniň bir wagty Gulça atygsap otaga girdi. – Dide, ýeteweri, Aman dädem.... Dawut atylyp ýerinden turup, Gulçanyň ýanyna bardy. Olar daşky tama bardylar. Aman aga demsiz-düýtsüz, gözlerini balkyldadyp, agtygyna hesret bilen naýynjar garap, delminip, demini sanap, atygsap ýatyrdy. – Ata, ata jan. Saňa näme bolýar, ata janym. Dawudyň gojanyň «Balam, ýetiş, meni halas et!» diýip naçarlyk bilen balkyldaýan gözlerine seredip, demi tutuldy. Ol ylgap baryp, lukmançylyk enjamlary salnan çemodanjygyny getirip, atasynyň köýnegini galdyryp, gojanyň ýüregini, öýkenini, dalagyny, böwregini gyssanmaç barlady. Üýtgeşik bir zat ýokdy. Ol «ýylan-içýan çakaýan bolaýmasyn» diýip. gojanyň elini, aýagyny, barmaklaryny, arkasyna çenli barlaşdyrdy. Hassanyň dodaklaryny, gözlerini, dilini, ýüzüniň reňkini, roýuny gördi. Hiç zada düşünmedi. Ýöne goja gidip barýardy. Onuň taby barha peselýärdi. Dawut atasyny gujaklap galdyrdy-da aldygyna: – Gulça, suwly jaýy aç! Çalt! – diýip bagyrdy. Oňa çenli gojanyň demi tükendi. – Ýok, ata jan, azajyk sabyr et. Özüňi azajyk sakla, ata jan!Men seni bejermeküçin okadym-a, bu zatlary seniň üçin gurnap ýörün-ä ata jan! Dawut şalkyldap ýatan atasyny suwly jaýdaky howdanjykda ýatyrdy-da, suw sorujy motoryň elektrik şitini galdyrdy. Ýöne nämüçindir, suw sorujyda hereket duýulmady. Dawut edil bir oda-köze düşüp barýan ýaly, aljyrap, şitiň el tutaryny gazap bilen silkeledi. Emma peýdasy degmedi. Ol suwa düşünilýän otagdan gözi ýok ýaly eňterlip çykdy-da, birwagtlar, talyp döwri satyn alyp goýan el çyrajygyny alyp, «Gotur gowaga» bakan ylgady. Ol has-haslap, garaňky gijäniň ýüregne howsala salyp barşyna, gowagyň garry döwüň agzy ýaly bolup ýatan deşiginiň öňünde häzir boldy. Gowakdan bug bilen juda ýakymsyz ys burugsap durdy. Ýokarlygyna ylgap çykyp, öýkeni agzyndan geläýjek bolýan Dawut el çyrajygyny gowagyň kesmek, kesmek, kemer-kemer böwürlerine bir aýlady. Soň şol aljyraňňylygy bilen gowaga girmek üçin çemeli ýer gözledi. Ol aýagynda ýeňiljek şypbygyň bardygyny diňe häzir duýup galdy. Ol şypbygy çykaryp, gapdalda goýdy-da, äpet-äpet daşlardan ýapyşyp, aşak düşüp başlady. Onuň aýagyna, erbet agyrdyp, ýiti bir zat batdy. Dawut agyra gagşady-da, aýagyny tutjak bolup aşak egilende el çyrajygy elinden sypdy-da, gowagyň düýbüne ýyldyrym ýaly lowurdap, gitdi. Gowak gap-garaňky bolup galdy. Dawut titreýän süňňüni tutup bilmän, agyrmaýam aýagy bilen basar ýaly ýer gözledi. Ol titräp duran aýagyny näbelli daşyň üstüne basyp, ýerinden turjak bolup güýjüni jemlänem şoldy. Birdenem onuň özen gowagyň düýbüne gaýyp gitdi. Ol şagga der inen bedenini silterledip, garaňkylygyň içinden zymdyrylyp baryşyna ýyldyrym çaltlygynda keltejik oýa gapgaryldy. Ol şonda özüniň şol akyp baryşyna dyrnaklaryndan başlap, garaňky gowagyň porsap duran, tamy ýaly gyzgyn deminiň içinde eräp başlanyny duýdy. Ol: «Men çagalygymdan bäri, haram iýmedim, Allanyň halamaýan zadyny etmedim. Zyna, ogurlyk, içigaralyk, kast etmedim. Kişiniň hakyny iýmedim. Okap-okap, bilip, gelip-gelip lukmançylygyň bir gyrasyna ýetdim. Indem kimiň haýsy derdine, näme dermanyň gerekdigini bildim. Şu halyma, eräp-eräp, damjajyga öwrülip, şu dirilik suwuna garylyp adamlaryň süňňüne giräýsem, olaryň derdine gowy derman-däri bolardym» diýip alasarmyk oýlandy. Şondan soň ol özüniň tutuş süňňüniň eräp, Allahy bir şuglaly ýagtylyga düşenini duýdy. Emma indi onuň özi ýokdy. Onuň tutuş süňňi müňlerçe, millionlarça düwmejik bolup, gaýalardan şaglap inýän çüwdürimlere siňip barýardy. Ol özüniň haýsydyr bir damjajygyň içinde bugjagaz bolup burugsap duran ýerinden baryp, okuwa-da gitmänkä «Saňa Hakdan paý berildi!» – diýip buşlan kişiniň lowurdap duran şugla bolup, özüne garap duranyny gördi. Onuň aňyrsynda Bossanyň telwas edip gelişini, ejesiniň, kakasynyň gozakly motosiklede atlanyşyp gelýänini, kiçijik howdanjykda ýatan atasynyň «Dawut, oglum, geldi, suw geldi!» – diýip, begençli gygyryşyny, jennet ýaly meýdanlaryň gözelligini, onuň sypasy bilen dertden dynan adamlaryň ýollara daş düşäp ýörşüni görüp, begendi. – Gör, men bolmasamam, olar meniň başlan işimi dowam etdirjek eken–diýip, gussaly oýlandy. Şol arada nämedir bir zat damjajygy gyjyndyryp tarkyldady. – Dawut dide, Dawut dide! – Hä, Gulça! Ol näme meniň dirilik suwunyň damjajygyna öwrülenimi bilmeýärmikä? – diýip, Dawut damjajygyň içinde bikarar urundy. Nämedir bir zat indi gaty-gaty tarkykdady. Soň nämedir zat jygyldap gitdi. – Dawut dide, buşluk! Daut dide, tursan-a, buşluk. – Kimdir biri ony silterledi. Dawut älem jahana ýaýrap ýatan damjajyklardan özüni bir sudura ýygnap, gözüni açdy. Gulça onuň üstüne abanyp durşuna. – Buşluk Dawut dide, Aman aga kepledi, buşluk. Dawut gözlerini elek-çelek edip, töweregine, öz otagyna seredip, bu bolup geçen zatlaryň düýşündedigine bolandygyna begenip gitdi-de «Näme?!» diýip baş atdy. – Aman dädem kepledi! Bu sözüň manysy onuň aňyna juda giç ýetdi. Ol ömrüne, lal, ker bolup ýören adamyň geplemeginiň mümkin däldigine ynanýardy. Oňa çenli ýüzi-durşuna tüý bolup duran hor, kirlije goja içeri girip: – Dawu-ut j-jan, oglum, t-ttur, indi! Gör-ä kim-mmler gel-llipdir! – diýip elini meýdana tarap salgady. Dawut ýerinden böküp turdy-da: – Ata janym! – diýip gujagyny gerip, goja bakan okduryldy – Ata, Ata janym! Bu senmi?! – Samyrdap durşuna, bu ýerleriň çiggaýmak ýaly howasynda, salkyn baglaryň aşagynda haýran, birýan bolup ýylgyryşyp, özüne sabyrsyzlyk bilen garaşyp duran akademik Smirnowy, Saçly Dursunowany, edil bir heniz ýüze-de sylynmadyk täzeje dogan Aý ýaly, üýtgeşik görke beslenip, ýylgyrjyrap duran Bossany, beýleki tanyş-u-nätanyş adamlary görüp, olara baskan ylgady. Birdenem, bir gyrada Aga Jumanazar aganyň ýylgyrjyklap duranyny görüp aýak çekdi. Ol ýaşuly: – Dawut jan, köşegim, Men aýtdym-a: «Ataňa, ker-lal bendä seredip, onuň hyzmatyny ediber, Seni Alla ýalkar! – diýipdim-ä, ine, gördüňmi, diýenim bolandyr – diýip elini uzadyp durdy. Dawut bu ýaşuly bilen elleşip görüşdi-de, onuň mähriban didaryny garsa gujaklady. – Ol Dawudyň gulagyna: – Epirigem getirendirin-ä, myýman-mediwana berseň – diýdi. Romanyñ soñy. 17-nji maý, 2011-nji ýyl. • Ýazyjynyň bellikleri: Senem gelneje – Aýşa mama – Taýly – Isa aga – döwük-ýenjik bejerýän tebip/ Toýbaý Sylapow – Emira Açylowa – Gülsüm – Abadan – Porsy derman: Farmalin. Artykow Taýly – Çykuwlar: Tirsek Omaça Çüýjüklik Aşykly Bogun Bykyn Bykuwlyk Ökje Penje Oňurga Bil Gapyrga Sepirge Sepirjek Boýun bogny Ýon damar Ýan damar Gorkaklyk damary Mäzler: Zähre Kelle Beýni Fakultetler: 1. Umumy bejeriş 2. Pediartiýa 3. Stamatologiýa 4. Farmasewtika 5. Sanitariýa-gigiýena • Synaglar: I kurs: 1. Latin dili 2. Filosofiýanyň taryhy 3. Rus dili 4. Partiýa taryhy 5. Himiýa 6. Biologoýa 7. Fizika 8. Fizkultura 9. Anatomiýa II kurs 1. Himiýa biologiýa – 2 2. Medfizika 3. Biologiýa 4. Him biologiýa 5. Fizbiologiýa 6. Gistologiýa Bogunlar: 1. Boýunda – 7 2. Döşde – 12 (gapyrgada – 24) 12 – jübüt 3. Bil oňurga – 6 4. Türre – 5 Inçekesel – izoniazit-task Birsulýoz – lewomisin Dibozol Demidrol • PÄHIMLER: 1. «Eli döwük işlär, göwni döwük işlemez» 2. «Gaýtarmagyň ýedi derdiňe şypasy bardyr» 3. «Iýeniňde sanap iýgin» 4. «Eger lukman bilen hassanyň özara söhbetdeşliginden soň hassanyň ýagdaýy gowulaşmasa, ondan lukman bolmaz» B.M.Behterýew, rus psihiatry. 5. «Biz üçdüris – lukman, hassa, keselli. Keselli haýsy tarada bolsa, şol tarapam ýeňýändir» Lukman Hekim. 6. «Lukman şu alty häsiýeti özünde jemlemelidir: 1. Akyllylyk, parasatlylyk, hoşniýetlilik. 2. Göwnaçyklyk. 3. Kärine wepalylyk. 4. Kärine ussatlyk. 5. Işinde erjellik. 6. Ynsanperwerlik» «Çykyd-şi» hytaý kitabyndan. 7. «Lukmana hormat goý, onuň käri Alla tarapyndandyr» Musa pygamber. 8. «Bendäm bendäme sebäp» 9. «Alla-da her derdiň dermanyny bendesiniň eli bilen berermiş» 10. «Mama däldir, manadyr (bahanadyr)» 11. «Kyrk ýyldan gyrgyn geler. Şonda-da ajally öler» 12. «Babasilisi bolan näsag mäkiýanyň iki sany ýumurtgasynyň sarysyny bir gaba guýup, oňa iki nahar çemçesi ownuk duz goşup, ýagşy garsa, soň ony esgä çalyp babasiliniň üstüne goýup, iki-üs sagat üstünde otursa, gerdi el bilen aýrylan ýaly bolar. Halk tebipçiliginden. • EMLER: 1. «Narpyz-damarlamanyň, damarlaryň gatamagynyň bire-bir emidir» 2. «Gandeper, gyzyl eşik, aýdym-saz gyzamygy, gyzyljany daşyna depip, hassany köşeşdirer» 3. «Itburun bedeni gurplandyryp, ýürege kuwwat berer» 4. «Narpyzy, injiriň, tuduň, smorodinanyň ýapragyny ertir irden çaýa atyp içseň, güni bilen keýpiň kök bolar» 5. «Käkilik otyny agşamara çaýa atyp içseň gije gowy ýatarsyň» 6. «Andyz, gamak mumy içiň ýellenmesini, garnyň çişmesini aýrar» 7. «Ajöze zeýtun ýagyny içseň ödüňi arassalar» 8. «Irden turup hem-de agşam ýatjak bolanyňda bir bulgur suw içseň aşgazanyňy, inçe, ýogyn içegeleriňi ýüpek ýaly ýumşadar» 9. «Mumyýa diňe bir döwük-ýenjigiňi däl, köne dertleriňe-de şypa berer» 10. «Gatykly, sarymsakly, noýbaly unaşy aşgazanyň, içegeleriň sowuklamasyny ýellenmesini aýryp, gurp berer» 11. «Kellebaşaýak bogunlary berkidip, el-aýak, dyz süňkleriň agyrsyny kemelder» 12. «Agşam ýatmazyňdan öň bir bulgur gatyk içseň, ownuk-uşak dertleriňi dep edip, ýaşyňy uzaldar. 13. «Iýmitden zäherlenseň bada-bat gaýtaryp, suwy köpräk içgin» 14. «Gyzyp gelip sowuk suw içmejek boluň, bedeniňde dert galar» 15. «Sowuk suw aşgazana eşret berer, gyzgyn çaý süňňe» 16. «Düýe çaly süňňüňi gyzdyrar» 17. «Ýatmazyňdan ozal bir bölek gury çörek çeýneseň dişleriňi arassalar» 18. «Et ete gider, çorba – pete» 19. «Ýumurtga, balyk, gatyk-süýt aşgazana düşse, ylalaşýan däldir» 20. «Böwürsleniň miwesi, ýapragy bagry arassalaýandyr» 21. «Käşir adam bedeni üçin bahasyna ýetip bolmajak hazynadyr» 22. «Kädi iýeniň demini Alla, bendesi şol kädini iýip bolýança sanamazmyş» 23. «Kelem aşgazan üçin edil öz bäbejigine ejesiniň eli deýin ýakymlydyr we şypalydyr» 24. «Allatagala bendesine beren dertleriniň müň sany dermanyny itburuna salandyr» 25. «Irden ajöze, bir bulgur suwa iküç nahar çemçesi ary balyny garyp içseň ýüregiňi ýaş yigidiňki ýaly juwanlaşdyrar» 26. «Ýatjak bolanyňde bir bulgur suwa bir nahar çençesi ary balyny garyp içseň, gowy ýatarsyň» 27. «Arassa çeşme suwuny köp içiň» 28. «Sülükden köpüräk peýdalanyň, derdiňiz ýeňlär» 29. «Her günde üç sapar naharlanyp, hepdede bir sapar hammama barýan, aýda bir gezek kellebaşaýak iýýän, ýylda bir sapar gan aldyrýan adanyň hiç wagt lukmana işi düşmez» 30. «Çig şugundyryň suwuny sykyp içseň gan basyşyňy kadalaşdyrar» • DERTLER WE DERMANLAR 1. Kelleagyry – ýüz sebäbi bar. Gan basyşynyň üýtgemegi, sowuklama, bagryň, ödüň, dalagyň sowuklamagy, aşgazanyň güýçli zäherlenmegi, ýadawlyk, ukusyzlyk, öwrenilen endikleriň (çaýyň, çilimiň.... ) wagtynda ýetmezligi.... Bejergisi: gan basyşynyň sazlanylmagy, kelle agyry dermanlaryny (Analgin, sitiromon), limonly çaý içip derlemek. 2. Saç – 3. Göz agyry – gözüň almasynyň agyrmagy, gözüň görejiniň agyrmagy, göze şikes ýetmegi. Bejergisi: Köşeşdiriji analgin içirip, soňra – «Glaznoý maz», ýörite damja damdyrmaly. Ýyljak saklamaly. 4. Gabak – 5. Kirpik – 6. Diş agyry – bir bulgur suwa bir çemçe duz, çaý sodasyny, bäş damja ýod guýup, garyşdyryp, näsagyň bokurdagyny çaýkatmaly, soň dişiň nämeden agyrýanyny, nerwisi sowuklapmy, çüýräpmi, umumy sowuklamamy, diş çat açypmy, anyklap, ilki analgin bilen agyryny köşeşdirip, soň diş wraçyna ugratmaly. 7. Dil – 8. Dodak – 9. Gulak, burun, bokurdak – penselin sanjym etmeli. Bokurdagy arak, spirt bilen çaýkap, soň şondan ýapgy etmeli. Gulagyň içini kafara spirti bilen çaýkamaly, her dürli hapalanmakdan arassalamaly. Soňam ýuwmaly. Gyzgyn kofe mesge goşup içmeli, bir bulgur suwa bir çemçe duz, çaý sodasyny, bäş damja ýod guýup, garyşdyryp, näsagyň bokurdagyny çaýkatmaly. 10. Burun gaýmaridi – 11. Bokurdak mäzleri – sowuklan mahaly, strepsidi un edip ýagşy arassalamalay, penselin sepmeli, soň bally çaýa limon goşup gyzgynjak içmeli. 12. Bronheýalar – sowuklan mahaly bokurdagyňy arak, spirt bilen çaýkamaly, gyzgyn suwuklyk, limonly çaý içmeli. Agyry aýrelmasa, penselin, bedeni gurplandyryjy witaminlerden sanjym etmeli. Daşyndan spirt, arak, adikolon bilen ýapgy etmeli, sowukdan, tomsuň güni sowuk suw içmekden saklanmaly. 13. Gyzylödek – sowuklan mahaly gyzgynjak, suwujak mannyý kaşa iýmeli penselin, gurplandyryjy witaminler bilen günde üç-dört sapar sanjym etmeli. 14. Öýken sowuklamasy – penselin bilen günde bäş-alty sapar sanjym etmeli, agşamlaryna garçissa, goýmaly, ýod bilen tor etmeli. Yzygyderli limonli, çaý, gyzgynjak süýdüň içine doňzuň iç ýagyny, bal goşup içmeli. 15. Öýken inçekeselinde – diňe stasinar. Keselhanada ýatyp düýpli bejermeli. 16. Ýürek – agyranda neýtroglisirin, walerian dňamjasyny, walidol bölegini içmeli, ýüregiň myşsasy agyranda ATF, Kakarbaksalaza sanjymlaryny edip, soň umumy gurplandyryjy witaminleri, beýleki dermanlary sanjym etmeli; 17. Aşgazan – agyrmagy we zäherlenmegi. 18. Aşgazan gastrit gornüşinde agyranda içagyry-lewomisin içirmeli. 19. Aşgazanda zäherlenme bolan mahaly gyzgyn suwa margansowka goşup içirip, gaýtartmaly. Soň iç geçiriji tabletka bermeli. 20. Inçe içege-sanjap, kesilip, kesilip agyrmagy – lewomisin bermeli, agyry güýçlense analgin bilen sanjym etmeli. 21. Köriçege – opersasiýa ýoly bilen aýyrmaly. 22. Ýogyn içege agyrmagy we sanjamagy – analgin tabletkasyny bermeli. Agyry kesilmese, iç sürüji serişde bermeli. ýa-da analgin bilen demedrol sanjymyny edip, köşeşerine garaşmaly. Köşeşensoň, gyzgyn unaş içirmeli. Onda-da aýrylmasa, gyzgyn sanjym etmeli. 23. Art bujak deşigi – uly meýdan edende agyrmagy. gyzgyn sanjym etmeli. Agyry köşeşensoň gyzgyn buga tutmaly we analgin sanjymyny etmeli. 24. Babasili agyrmagy, ganamagy, simlemegi – tetrosiklin maz çalmaly. Ýagşy köşeşensoň mäkiýanyň ýumurtgasynyň sarydyny alyp, iki nahar çemçesi duz bilen ýagşy garyşdyryp, ýarany şowa goýup, iki sagat oturmaly. Gutulmasa ýene gaýtalamaly. 25. Bagyr sanjamagy, atylyp agyrmagy, gyzmagy, ödüň öjükmegi, bagryň lahtalanmagy – günde üç wagtyna bir nahar çemçesinde allahol içmeli. Berhiz tutmaly, ertir irden ýyljak süýt, manna kaşa iýmeli. 26. Öt sanjap agyrmagy, iýeniň siňmezligi, saryň gaýnamagy – berhiz tutmak, aýagyňy ýyly saklamak, tüfýaş etmek, juda çydatmasa, noşpa içmeli. 27. Böwrek agyrmagy, sanjamagy, peşewiňi geçirmezligi – noşpadan sanjym etmeli, sowuklamanyň öňüni alyjy, beden gurplandyryjy witamnlerden, gyzgynlyk sanjymyndan sanjymlar etmeli. 28. Dalak agyrsa – analgin we gyzgynlyk sanjymlaryny her günde üç sapar sanjym etmeli. 29. Aýak süňkleri – 30. Aýak etleriniň agyrmagy – 31. Topugyň agyrmagy – 32. Dyzyň agyrmagy – 33. Injik süňküniň agyrmagy – 34. But süňküniň agyrmagy – 35. Buduň etiniň agyrmagy – 36. Eliň süňkleriniň agyrmagy – 37. Eliň bogunlarynyň agyrmagy – 38. Gol süňküniň agyrmagy – 39. Eliň, goluň derisiniň, muskullarynyň agyrmagy. | |
|
√ Ojak - 1-nji kitap -13: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
√ Duman daganda: Peýdasyz perişde kime derkar!? - 10.06.2024 |
√ Duman daganda: Geçä jan gaýgy, gassaba ýag gaýgy - 11.06.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat gyzyl almadyr, suw düýbünde gizleseňem iru-giç böküp çykar - 23.06.2024 |
√ Duman daganda: Haram harama gider - 22.06.2024 |
√ Hakyň didary -5/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap - 28: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 1-nji kitap -3: romanyň dowamy - 26.05.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |