11:39 Dirilik suwy -7: romanyň dowamy | |
7. «Ot astynda dert galmaz» Halk nakyly. «Narpyzy, injiriň, tuduň, smorodinanyň ýapragyny ertir irden çaýa atyp içseň, güni bilen keýpiň kök bolar» Halk lukmançylygyndan. «Gandeper, gyzyl eşik, aýdym-saz gyzamygy, gyzyljany daşyna depip, hassany köşeşdirer» Halk lukmançylygyndan. «Iýmitden zäherlenseňiz bada-bat gaýtaryp, suwy köpräk içiň» Halk tebipçiliginden. – Hany, Amanow, tagta geç-de, öýe berlen ýumşy aýdyp ber! – diýip, Gurdy mugallym hemişe açyk agzyndaky sary dişlerini syrtardyp durşuna, Dawudy tagta çagyrdy. – Çaltyrak bol. Dawut geçen sapakda «Halk döredijiligi» temasynyň, onuňam ýalňytmaçlar, tapmaçalar ýaly görnüşleriniň geçilendigini bilýärdi. Ýöne kerpiç guýmak, örmek, diwaryň içini-daşyny suwamak işlerine örňeşip, kitaba seretmäge eli degmändi. Onsoňam, onuň geçen sapar öýe berlen ýumşy gowy aýdyp, bäşlik bahasy bolansoň, mugallym bu gün soraram öýdenokdy. Ol tagta geçilen temanyň adyny ýazdy. Gurdy mugallym bu oglanjygyň hatynyň şeýle owadanlygyna ýalňyşynyň ýoklugyna geçen saparky ýazdyrmada-da haýran galypdy. Ol häzirem hemişe açyk agzyny hasam jallardyp, dişleriniň ählisini görkezip, ýympyjak ýüzüni ýyrşardyp, tagta seredip durşuna: – Sen öýe berlen işe başlaber! – diýdi. Dawut halk döredijiliginiň ähmiýeti, onda ýaňňytmaçlaryň, şorta sözleriň tutýan orny barada durup geçdi. Soň iki sany ýaňňytmaç, iki sany tapmaça aýdyp berdi. Mugallym oňa sowal berdi. – Halk ýaňňytmajy näme üçin oýlap tapypdyr hasap edýeň? – Pikiri sözleriň üsti bilen däne-däne edip, dogry aýtmak üçin döredipdi. Pikiri dogry beýan etmek, sözlemiň basymlaryny dogry aýtmak üçin, sözlem düzeniňde owadan, manyly, sözleri saýlamagy başarsyn diýip, ony birhilije oýun görnüşinde çagalykdan olaryň aňyna guýulsyn diýip döredipdir.... – Mysal getirip biljekmi? – Oňa mysal köp-le! «Gyr geçiniň gulagy, jigimiň dili, dişi, dyrnagy» diýende, käte jigimiň jili, jişi, dyrmagy» bolubam gidýär. Oňa-da, töwerekdäkiler gülüşýärler. Bu bolsa adamda çagalykdan aýdýan her sözüňde hatyrjem bolmagy, aýdan sözüň üçin üstüňden ili güldürip ýörmeli däldigi barada gowy sapak berýär. Mugallym razy boldy. – Bar, oturyber! – Mugallym, bahasy näçe? – diýip, Metjik gapdaldan gygyrdy. – Bahasy – bäşlik! – Ura! Berekella, Dawut dost. Dawut bu günem dört sapakdan bäşlik aldy. Ýöne, ol her hili ýagdaýda-da mekdebe sapaga gowy taýýarlanyp gelmelidigi baradaky sapagy alyp gaýtdy. Ol indi günde bir sapar etrap merkezine, hepdede bir saparam garry atasynyň ýanyna, Gargyly gysa baryp gelmeli bolýardy. Ol öýe baryp, kakasynyň köneje «IŽ» motosikletini otlap, etrap merkezine ugrady. Ol öňler pyýadalap giderdi. Emma ejesiniň dogany Aýdogdy daýysy oňa ilki öz motosikledinde, soňam Dawudyň kakasynyň köneje motosikledinde, motor sürmegi öwretdi. – Ýuwaşja sürüber, şonda-da pyýadadan gowudyr. Ol etrap merkezine gidende, gelende, esasan nirelerde, habardarrak bolmalydygyny mäkäm tabşyrdy. Indi on-on bäş gün bäri Dawut motor sürmegiň abyny-tabyny alyberdi. Ol etrap merkezine giren ýerinde, daşgynrak garyndaşynyň howlusynda motosikletini goýup, keselhana pyýada gidýärdi. Ýogsa awtoinspeksiýa diýibem bir bela bardy. Olar «motosiklet sürmäge hukuk berýän şahadatnamaňy görkez», «Sen, näçe ýaşadyň?» diýen ýaly sowallar berip, motosiklediňi alyp galjak bolubam durdylar. Ol bu günem ilki kakasynyň ýanyna bardy. – Balajygym, geldiňmi? – diýip, ejesi, gyz jiguilerem onuň öňünden ylgaşyp çykdylar. Toýly öküz birhili agarypdyr, semräpdir. Ejesiniň, jigileriniň ýüzi ýuwulan ýaly bolupdyr. – Öz ýagdaýyň nähili? – diýip, kaksy ondan sorady. Dawut ýylgyrdy. – Men gowy-la. – Çöregiň, çaragyň bolmasa. Ejebaý daýzaňa aýdagagyn – diýip, ejesi dözmezçilik bilen aýtdy. – Hor bolma, balajygym, Indi bizem basym goýberjekleý-ä. Baramsoň, özümjik bişirerin, çöregi. Dawut dükana gidip, kakasyna, ejesine, gyz jigilerine gerek-ýarak zatlary satyn alyp geldi. Soň daýysynyň beren puluna öýe, özi iýip-içmek üçin çörek, gant, atymlyk çaý satyn aldy. Dawuda iň bir kyn düşýän zat, pulsuzlykdy. Onuň keselhana eli boş gidesi gelmeýärdi. Ýöne oba ýerinde häzir satyn alaýar ýaly bir zadam ýokdy. Dawut ejesiniň uly dogany Daňatar aganyň ýanyna gitdi. Onuň üç daýysy bardy. Iň ulusynyň ady Daňatardy, ikinjisine Gündogdy diýýärdiler. Üçinjisiniň ady Aýdogdydy. Onuň daýylarynyň hersi bir obada, Daňatar Kelte çynarda, Gündogdy Akgalada, Aýdogdam etrap merkezinde ýaşaýardy. Olaryň üçüsiniňem Aman lallar bilen gatnaşygy düýbünden ýok diýen ýalydy. Onuň sebäbi, olar özleriniň uýalarynyň Aman lalyň ogly Toýly öküze berlenine namys edýärdiler. Şonuň üçin olar bu maşgala gelenokdylaram, öýlerine eltenokdylaram. Olar aýda-ýylda Dawudy ýolda, yzda görselerem, edil keseki birini gören ýalydylar. Dawudyň bagtyna onuň ata-enesi şeýle ýarlykly garyp bolup çykypdy. Ýöne oňa Dawudyň günäsiniň bolmaýşy ýaly, enäni, atany-da saýlap alyp bolanok-da. Dawut muňa häzir kän bir düşünip barmasa-da, ol barada beýle bir agyr, hasratly oýlara batyp baranokdy. Häzir-ä onuň bar maksady, tiziräk täze jaýy ýetişdirmekdi. Ol her gün olýärdi, ýitýärdi, ýöne kyrk kerpiç guýup, jaýyň diwarynam bir hatar örýärdi. Onuň üstesine, her gün-ä, ejesini, kakasyny, gyz doganlaryny görmäge etrap merkezine baryp gelýärdem. Dynç günlerem Gargyly gysa gidip, atasynyň halyndan habar alyp gaýdýardy. Ýöne ýaş oglany pulsuzlyk halys edýärdi. Ol maşgalasynyň aňyrdan gelýänje dessuryny bozup, Gündogdy daýysyna «Maňa motosiklet sürmegi öwret» diýip bardy. Daýysy Dawudy hoşamaý garşylady. – Ýegen, gel! Gowja okap ýörmüň? – diýdi. – Nädýär, lallar, öküzler gurgunmy? «Barysy keselhana düşüpdir» diýip gulagyma degdi-le. Näme, ýakymsyz bir dert barmy? Dawut daýysyndan syr gizlemedi. Ýagdaýy aýtdy. – Indi ýeke özüňmi, öýde. – Hawa. – Aý, ol-a bolmandyr, ýöne, gaýrat edewer. Kynçylykdyr, adam başyny alyp durjak zat bolmaz. Hany, öýe gir, çaý-çörek iý. Dawut minnetdarlyk bildirdi. – Men etrap merkezine-de, atamyň ýanyna Gargyly gysa-da gidip gelmeli bolýan. Şonuň üçin, daýy, maňa bir welosipet alyp ber. Men işläp gaýtararyn. Gündogdy aga ýegeniniň haýyşyny eşidip oýlandy. – Saňa welsipit nämä gerek. Hol-ha, meniň motorym bar-a, sen şony münüber. Dawut uýada galan ýaly gyzardy. – Sürüp bilemog-a. Gündogdy aga elini silkip goýberdi. – Sürmek hiç-le. Men ony saňa bäş minutda öwredýen – Ol motosikledine bakan ýöneldi. – Hany, gel-äni!. Dawudyň gelenini bilip, içerden onuň bilen bir mekdepde okaýan Gülsün bilen Abadanam daş çykyp, Dawut bilen salamlaşdylar. Gündogdy aga gyzlarynyň ýüzüne garap: – Näme, tanadyňyzmy?! – diýdi. Gülsüm mekdebiň ýedinji synpynda okaýardy. Ol: – Däde, Dawut mekdepde şeýle bir gowja okaýar, hemmeleň gürrüňi, şol-a – diýdi. – Oh-o, oh-o, ýegen – diýip, daýysy begendi. Senden tama-da şeýledir. Daýysy aýdyşy ýaly, edil bäş minutda ýegenine motor sürmegi öwretdi. Onuň ýangyç gelýän ýollaryny, ýaglamagy, eger motor işlemese, ýolda ýatyberse niresini barlamalydygyny düşündirdi. Soň ilki özi motory otlap, sürüp görkezdi. Soň Dawuda gaýtalap-gaýtalap, motory otlamagy, tizligini çalyşmagy, saklamagy, ýuwaşatmagy, batlandyrmagy öwretdi. – Iň esasy zat, gorkmazlyk, aljyramazlyk. Garşyňdan ulag gelýän bolsa, badyny az-kem peseldip, böwürräk-böwürräk alyp, ulag duşuňdan geçenden soň, ýene ugruňy düzläp gidibermeli. Düşnüklimi! – Düşnükli. Dawut daýysynyň garaşyşyndanam usullyja bolup çykdy. – Daýy, sag bol. Munuň-a kemini goýmadyň. Ýöne men seniň motosiklediňi almaýyn. Kakmyň köneje motory bar. Men ugruny tapyp, şony sürübereýin. Gündogdy aga makullady. – Bolar ýegen. Ýöne näme kemçilik bolsa, arkaýyn geliber. – Sag bol, daýy! – diýip, Dawut gaýtjak boldy. Ýöne içerden Ejebaý daýzasy çykyp, ony içeri çagyrdy-da, çaý içirmän gaýtarmady. Gaýtjak bolanda-da bir gujak düwünçek berip: – Ýegen jan, aç-hor bolmagyn. Men gyzlardan çörek, nahar iberip duraryn– diýdi. – Ertir etrap merkezine, bilim bölümine barmaly. Şonda ejeňi, kakaňy-da görer gaýdaryn – diýdi. Dawut Ejebaý daýzasynyň mekdepde başlangyç synplary okadýanyny bilýärdi. Ýöne onuň özlerine beýle golaý adamdygyny bilmeýärdi. Ol Ejebaý daýzasyna öýlerine gelenden soňam minnetdar boldy oturdy. Dawut kakasynyň köneje motosikledini syrdy, süpürdi. Ony ýola çykaryp, sürmegi gowy öwrendi. Indi onuň gitmek-gelmek işinde mähetdellik ýokdy. Ýöne indi motosiklediň ýangyjy gutardy duruberdi. Ol ony itip, garaža alyp bardy. Şol ýerde oglanlardan ýangyç, ýag alyp motorynyň gabyny doldurdy. – Etrap merkeziniň gaýra başynda maşynlara ýangyç guýulýan ýer bardyr. Elli-altmyş köpüge işiňi bitirip bererler – diýip obadaşy, Maşat jan aga aýtdy. Ýöne, näme diýseňem, oňa pul gerek bolup durdy. «Men daýymdan bir ýüz manat karz almasam boljak däl. Niräňe garasaň pul gerek bolup dur-a» – diýip, ol oýlandy. Agşamara Dawut kerpiç guýmak, diwara kerpiç örmek işini gutaryp öýe girjek bolup durka, Gülsün howla girdi. Ol bir tabak nahar getiripdir. – Ejem iberdi. Çöregi, çaýy barmy, sora – diýdi. Dawut gaty begendi. – Bar, bar. Daýzamam, daýymam sag bolsunlar, Gülsün! Gülsün ýylgyrdy. – Dawut jan, sen bäşinjide matematika geçýäň-ä. – Hawa, hä, näme!? – Sen algebradan ýedinji synpyň mysalyny işläp bilermikäň? – Näme, işläp bilerin. – Seni algebra mugallymymyz gaty öwdi. – Orazaly mugallymmy?! – Hawa. – Men onuň şägird-ä. – Hawa, şeý diýdi. «Ol nesip bolsa, häzirki zamanyň Al-Birunysy bolar» diýýä. Sen, onda maňa öýe berlen mysallarymy işläp beräý-dä! – Ol kitabyny, öý işi depderini Dawuda uzatdy. – Bolar, getir. – Ol kitap, depderi gyzyň elinden alsa-da, Gülsüne içeri girmäge mürehet edip bilmedi. Onuň sebäbi, lukmanlaryň aýdyşy ýaly, bu köne öýde uzak ýyllardan bäri öý edinip ýatan kesellerden gorkýardy. Ýogsam, ejesini, jigilerini alyp giden günleriniň ertesi, etrap keselhanasynyň ýokanç keseller bölümünden gelen aýallar, içerileri, daşarylary, dermanlap, bir zatlar sepip, howlyda üýşüp duran saman-süplügi, ot-çöpleri howlynyň ortasyna üýşürip otlabam gitdiler. Olaryň yzyndam Dawudam uzyn syrygyň ujuna bir bölek mata dolap, onam kerosine batyryp, ýakyp, şol ot bilen öýleriniň burçlaryny, otaglaryň depesini, düşekleriň üstüni, astyny, ýükdäki düşekleri çalykdyrdy. Ol köneleriň «Ot astynda dert galmaz» diýişleri ýaly, dert getiriji, ýokanç bela-beterleriň ruhy gidýänçä, iş edip içerini arassalady. Hemişe içerini açyk howa bilen çalykdyryp durdy. Şondan bäri içerdäki ýakymsyz, goýras, porsy, birhili ýakymsyz ys ýok bolup gitdi. Ol şonda-da, Gülsümi içeri çagyryp bilmedi. – Men saňa irden, mekdepde, beräýeýin! Gülsün razy bolup öýlerine gaýtdy. Dawut içeri girip, kerosin çyrany ýakdy. Olaryň öýünde henize çenli elektrik ýokdy. Onuň sebäbi Toýly öküzdi. Ol elektrikden gaty gorkýardy. Şonuň üçin kakasynyňam diýenine garşy bolup, öýüne elektrik çekdirenokdy. Şeýle bolansoň, ol sowatgyç, radio, telewizor diýen ýaly zatlardan kemyrsgaldy. Onsoň özleriniň şeýle garypdyklaryny Gülsüne görkezesem gelip baranokdy. Onuň gyzy içeri goýbermändiginiň bir sebäbem şoldy. Dawut çaýyny, çöregini iýenden soň Gülsümiň depder, kitabyny eline alyp, pelteli çyrany ýakynyna süýşürdi. Ol mysallary bada-bat işledi. Soň birden gyzygyp gitdi-de, ýene on bäş sany mysaly hem işläp goýberdi. Dawudyň süňňi ýeňildi. Ol Gülsümiň kitap-depderini ertire-de goýman, häzir eltip bermegi niýetine düwdi. Mundanam başga oglanjygyň sähel ýüz beren daýysy bilen häzir özi üçin juda möhüm meseläni maslahatlaşasy geldi. Ol işiklerinem gulplaman, gijäniň garaňkysyna seretmezden, çaýyň bendinden geçip, gönüläp, ýol bilen däl-de, howlularyň arasy bilen daýysynyňka bardy. Ony howluda daýzasy Ejebaý mugallym garşylady. – Ýegen, gel, eýgilikmi? Dawut sütünden sallanyp duran ýagty çyra garap: – Maňa Gülsün gerek, daýza – diýdi. Ejebaý mugallym içeri bakan gygyrmanka, Gülsümiň özi daş çykdy. – Me, kitabyňy! Gülsün geň galyp, – Senem işläp bilmediň gerek?! – diýdi. Dawut baş atdy. – Gör – hany. – Ol jaýyň alyndaky tagta sekiniň gyrasynda oturyp, alma dograp oturan daýzasynyň ýanyna bardy. – Daýza, daýym ýokmydy? – diýdi. Ejebaý mugallym owadan ýüzüne gelşip duran agraslygy bilen: – Daýyňa häzir ýok welin, bolmasa-da, aýdyber. Özümjik daýyňa aýdaýaryn. Dawut aljyrady: – Daýza! – diýdi. – Häzir ejemem, dädemem, žigulerimem keselhanada Menem, özüň bilýäň, ýaňy bäşinji klas. Atamam, bir ýarawsyz adam-da. Özem, «Gargyly gysy» diýen ýerde arryk mallary bakýar. Biziň hiç birimiziňem gazanjymyzam, öýe salýan zadymyzam ýok. Menem etrap merkezine her gün baryp gaýdýan. Olara-da, bolmanda odur-budur gerek. – Gürrüňi näme? Özüňe-de gerekdir, näme sen toprak ýalamalymy. – Hawa. özüme-de, azajyk pul gerek. Ýöne başga bir ýagdaýymyz bar. Biziňkiler ata-baba darajyk, garaňky, çyg, yzgar, polsuz, potoloksyz jaýjagazda ýaşap gelipdirler. Bularyň keseliniň başy, şol köne jaý. Onsoň, men howlynyň çetinden jaý gurup otyryn. Onuň boýy ýetdi. – Ýaňy, gyzlar aýtdylar. Gaty gowy jaý gurdyrýarlar – diýip. – Ony kime gurdurýaňyz? – Jaýy özüm gurýan-la welin – Dawut heniz sözüni tamamlap ýetişmänkä, Ejebaý mugallym onuň ýüzüne bakyp, gözlerini petretdi. – Näme, özüm gurýan? – Hawa! – Dawut jan, seniň kerpije güýjüň ýeter ýaly ýagdaýyň ýog-a. Sen beýtme. Ýaşlykda bir awunsaň, bütin ömrüňe puşman edip gezersiň. Beýtme, seniň kerpiç bilenem, jaý bilenem işiň bolmasyn. Pulam tapylar, jaýam tapylar, ýöne bir ýitirseň, saglyk tapdyrmaz.... Dawut baş atdy-da hälki sözüni dowam edip başlady. – Onsoň, indi jaýyň boýy ýetdi. Onuň üstüne goýar ýaly agaç gerek. Bäş gapy sekiz penjire gerek. Şolary satyn almaga bir müň manat karz pul gerek. Men daýyma şoňa kömek et diýjek bolum-laý. – diýip, ol ynamsyzja aýtdy. – Karz bolsa, ony kim üzjek eken, Dawut jan?! – diýip, Ejebaý mugallym sorady. Dawut agyr ýuwdundy. – Men özüm üzerin. Onda-da iki-üç aýa goýman üzerin, daýza. Men kerpiç guýup, sataryn. Üç müň kerpiç müň manat bolýar. Şonça kerpiji nesip bolsa, ýekeje aýda guýaryn. Gerek bolsa, jaýam guraryn. Ýöne, maňa edil häzir zerur gerek-dä. Ejem, kakam keselhanadan çykyp gelende, men olary köne, içinde derdi-belalar bygyrdaşyp duran şol köne haraba jaýa salmajak bolýan-da.... Şol wagt içerden Gülsün bilen Abadan atylyp çykyp, ejelerine bakan okduryldylar. – Eje, aý eje, seret Dawudyň eden işine! Gülsün oňa algebradan iki sany mysalymy işläp ber – diýse, Dawut onuň ýigrimi mysalyny işäýipdir – diýip, Abadan begençli jedirdedi. – malades, hä eje! Ejebaý mugallym geň galyp: – O nähili algebra! Dawut bäşinji klas ahyryn. Olar altynjy klasdan geçmel-ä algebreny, häzir olar matematika geçmel-ä. Dawut başyny atdy. – Eje biziň algebra mugallymymyz bar-a, şol «Dawut algebra juda ukyply» diýip her gün ony öwýär. «Ondan, nesip bolsa beýik Biruny ýa-da Faraby çykar» diýýär. – diýip, Gülsün burç çalnan ýaly gyp-gyzyl bolan ýüzüni eli bilen tutup, demi-demine ýetmän aýtdy. Ejesi gyzlaryny köşeşdirdi. – Hany, Dawut jana bir çaý beriň-ä. Dawut ýerinden turdy. – Ýok, daýza, gapymyz açykdyr. Men gaýdaýyn. Onda, siz meniň şu haýyşymy daýyma bir duýduryň. Meniň sizden başga barara gapym ýok.... Ol mähirlije hoşlaşyp, garaňka siňip gitdi Ertesi irden ol jaý üçin gerek bolaýjak iň soňky kerpiçleri guýup durka Aýdogdy aga bir ýerden çykdy. Ol ýanyna ýetmänkä: – Daýy, salowmaleýkim! – diýip, Dawut onuň öňünden çykdy. Gündogdy aga agzyny açyp durşuna: – Aý, ýegen, bu jaý näme? Bu gurluşygy kim etdi? – diýdi. Dawut utandy. – Aý, bu-da bir gurluşyk boldy, daýy. Ýöne munuň emmasy bar. Ejem, kakam, jigilerim keselhanadan çykmanka, atam «Gargyly gysydan» oba inmänkä jaýyň üstüni basyrmaly. Muňa on-on bäş sany ýedi-sekiz metrlik sütün gerek, bäş sany gapy, sekiz sany penjire gerek. Meniň bolsa, ýekeje köpügimem ýok. – Munuň içi-daşam eýýäm suwalanmy? – diýip, daýysy, üsti basyrylmadyk otaglara girip, synlap begendi. – Tüweleme, kemi ýok. Sen näme gerekdigini maňa ýazypjyk ber, ertir men Serdar şäherine gitjek. Şol ýerde, agaç-ugaç bazasyna-da barar gaýdybererin. Ýöne, sen maňa bir tamlyk kerpiç guýup berseň bolar. – Wah, daýy janym, sag bol, ýaşyň uzyn bolsun!.... – diýip, oglanjyk begnjine, garaja taňka ýaljak bolup, daýysynyñ öňünde terslin, öňlin pyrlandy. | |
|
√ Köne mülk -6: romanyň dowamy - 13.06.2024 |
√ Dirilik suwy -2: romanyň dowamy - 24.04.2024 |
√ Hakyň didary -6/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Bäşgyzyl -6: romanyñ dowamy - 15.09.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -16: romanyň soňy - 08.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň / roman - 27.05.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun / roman - 03.07.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -14: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak -2-nji kitap -18: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -32: romanyň soňy - 20.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |