16:25 Dirilik suwy -8: romanyň dowamy | |
8. «Ýatan ölmez, ýeten öler» Halk nakyly. «Mumyýanyň diňe döwük-ýenjigi seýiklemäge däl, öňden berçigip galan köne dertlerede şypasy bardyr» Halk lukmançylygyndan. «Kellebaşaýak bogunlary berkidip, el-aýak, dyz süňkleriň agyrsyny kemelder» Halk tebipçilginden. Kelem – aşgazan üçin edil, öz bäbejigine ejesiniň eli deýin ýakymlydyr we şypalydyr» Halk ynanjy. Gündogdy aga Dawuda beren sözünde durdy. Ol Dawudyň ölçeglerini, ýazgylaryny alyp gidişi ýaly, üç-dört gün geçmän, uzynlygy sekiz metrlik, ýigrimi agajam, bäş işik bilen sekiz penjire-de, onuň üstesine bir kub ýaly gowy tagta-da getirip düşürdi. Dawut şol günüň ertesi okuwa-da gitmän, daýysy bilen tamyň üstüne agaçlary goýuşdyrdy. Jaýyň üstüne jemi on bäş agaç gitdi. Şol agaçlar diňe bir otaglaryň däl, jaýyň öňünde eýwan bolmaly ýeriň hem üstüni ýapýardy. – Indi gaýratyň bolsa, bäş alty desse gargy gamyş, bir maşyn gyldyrgan otuny getiriber, Dawut han! – diýip, daýysy ýylgyrdy. Oglanjyk oýlandy. Gündogdy aga ýene ýegenine hemaýatyny goýmady. Ol maşynam tapdy. Adamam tapdy. Şol günüň ertesi gamyşam, gamyşyň üstüne ýapar ýaly gyldyrgan otam getirip düşdi. Olar Dawutlaryň sekisine çykyp çaý içip otyrkalar Aýdogdy aga ýegenine garap, oňa her näçe nebsi-jany agyrsa-da, araky gürrüňi berkitdi. – Ýegen, sen öz tamyňy gutaransoň, araky gürrüňi ýadyňdan çykaraýmagyn. Nesip bolsa, şu ýylyň oktýabrynda Baýgeldi daýyňam goşun gullugyny tamamlap gelmeli. Nesip bolsa, gelen badyny «aýagyny duşap», täze jaýyna göçürmegi niýet edip otyrys. Meniň kerpiç guýmaga ýagdaýym ýok. Sen bilýänem dälsiň, birki aýlykda, böwrümden bir çiş döräp, ony kesdirdim. Dogtarlaram, indi «agyr zat göterme, birki ýyllap» diýip sargap dur. Onsoň, nesip bolsa, seniň tamyňa näme gerek bolsa, men el kömeginem, dil kömeginem gaýgyrmaryn. Ýöne senem, bir gaýrat et, ýegen.... – diýdi. Dawut daýysynyň bu sözüne gaty begendi. – Daýy, taňryýalkasyn, kömek etme kemini goýmadyň. Nesip bolsa, janym sag bolsa, indiki aýda bir jaýlyk kerpijiňem guýup bererin, diwarlaryny örübem bererin. Gündogdy aga ýylgyrdy. – Tüweleme, sen diwar örmäniňem ugruny tapypsyň ýegen jan. Biz tagtadan «eşek» ýasap şoňa çykyp, kerpiç örmelidir diýip ýörüs. Sen allanäme, kerpiç goýuşdyryp, basgançak edäýýän ekenň. – Wah, tagtam bolmady, daýy. Ýogsa menem şeýtjek-le. – Aý, ýok. Munyň gowy bolupdyr. Ýa, birinde gördüňmi? – Ýok, gören zadym-a ýok. Ýöne, eli ýukalykdan tapylan emel-dä. Şol günüň ertesi mekdeplerde, bir hepdelik dynç günleri, kanikul başlandy. Dawut şol günler jaýlyk işini doly tamamlamak üçin, Metjigi, Gülsüm bilen Abadany, daýysyny, goňşulary bilen kömege çagyrdy. Olar üýşüp jaýyň üstüne gamyş çykadylar. Metjik bolsa gijesi-gündizi Dawudyň ýanynda bolup, oňa kömekleşdi. Ahyr soňy, kakaňyzy, ejeňizi bir aýdan çykararys diýenlerinde jaý gurlup, içi-daşy agardylyp, işik-penjireler reňklenip, doly taýýar boldy. Dawut otaglaryň birini pollady. Galan otaglaryň poluny galyň samanly suwag bilen suwady. Soň penjireleri, işikleri açyşdyryp, ýedi-sekiz gün çalykdyryp goýdy. Soň etrap keselhanasyna gitdi. Ol jaýyň ýagdaýy barada ejesine-de, kakasyna-da, jigilerine-de duýduranokdy. Olaryň ýanyna baranda-da atasynyň gürrüňini edýärdi. – Atamyň ýanyna bardym. Ýagdaýy gowy. Nesip bolsa, siz keselhanadan çykanyňyzdan soň, olam oba injek – diýdi. Siziň keselhanadan çykmagyňyza-da, ýene ýigrimi gün galdy. Dawudam ata-enesiniň keselhanadan çykaryna garaşýardy welin, emma olaryňky Dawudyň çeni däldi. – Ditjan, oba baraýsam, her gün irden saňa çaýy özüm gaýnadyp berjek – diýip, Çaty garadan gelşiksizje, diýseň bedroýja agasyny gujaklady. – Gyz, hany, çekil – diýip, Annajemal gyzyna edep öwretdi. – Olakan adama beýtmezler, aýyp bolar. Çaçy – onuň çyn ady, Saçlydy. Atasy «Şasy» diýensoň, öýde, soň obada ol Çaçy bolup gidiberipdi. Onsuzam, bu obalarda Çaçy, Çotuk atly gyt däldi. Bularam şolaryň biri bolup galdylar. Dawut etrap merkezinden gelişine, Metjiklere bardy. – Eý, dost, sen maňa kanikulymyz gutarýança kömekleşsene! – Hä, näme, ýene bir jaý gurjak bolýaňmy?! Dawut güldi. – Ýok-la. Jaýdan bizar-how, mellegimizi görip, edil, içim byjyklaberýär. Şony bir tertibe salyş, dost. Soň näme diýseň, men taýýar. Meret ýene iki sany dostuny aldy. Şeýdip, Dawut bäş dünde howlularyny gören höwes eder ýaly, depip, tekizläp, pelläp, çilläp çykdy. Soň daýzasyndan Gülsün bilen Abadany diläp alyp, köne jaýlarynyň düşeklerini güne berdirip, ýüki, ýorgan-düşekleri pollanan jaýa geçirtdi. Obanyň elektrik montýoryna müň bir sapar ýalbaryp, täze guran jaýynyň ähli otagyna elektrik çyrasyny çekdirdi. Jaýyň içini, daşyny gaýta-gaýta agartdy. Ine, indi, lowurdap duran köşk ýaly täze jaý, ýaşamaga doly taýýardy. Ejesiniň, kakasynyň, jigilerineň keselhabadan çykmagyna bolsa on alty gün bardy. Kelte çynar obasy Toýly öküziň mütürik ýaly, ýöne sudur bolup duran oglunyň köşk ýaly jaý gurandygyny gaty gyzyklanma bilen kabul etdi. Dogry, oba ýerinde goňşy-golamyň mäkiýany ýumurtga guzlasa-da tutuş oba bilýär. Oba ýerinde, gizlin, syrly zat bolmaýar. Oba Dawudyň hem jaýa başlandygyny eşitme kemi galmandy. Ýöne, häzirki günlerde, daşardan hiç hili girdeji, gazanç ýok mahaly, jaý gurmagyň-ha gürrüňi däl, günüňi görmegem hyllylady. Şonuň üçin bu gürrüň çaga gepi hökmünde kabul edilipdi. – Aý, jaý gurman, günlerini sag-aman dolasalaram, han bolduklary – diýip, adamlar bu meselä gutarnykly kesgitleme berýärdiler. – Aý, ýok, haw. Gül ýaly jaý gurupdyr, şol edil mütrik ýaly oglanjyk.... – Aý, goýsan-aý, – Ýök, how, öwlüýä kessin, öz gözüm bilen gördüm, ol oglanjyk how, eddil bir garrap dogan ýaly how! – Baryp gözleriň bilen hakyt, gördüňmi, ýa munyňam bir häki, çypdyrmamy?! – Hawa, Aýdogdy aga, ýöri, men saňa bir zat görkezeýin – diýip, alyp gitdi. Barsam, ine, şol-da. Edil, gül ýaly dört otagly, uly eýwanly jaý. «Şuny ýegeniň özi gurdy, Mäti» diýip dur-how. – Wäh, on-a görmeli etdiň-äý. – Görseň göräý. Şeýde-şeýde, oba adamlary, «mütrük ýaljak» bu oglanyň guran jaýyna tä onuň ejesi, kakasy, jigileri keselhanadan çykyp gelýänçä, gün yrman görmäge geldiler. Noýabr baýramynyň öňündäki gün agşamara etrabyň merkezi keselhanasynyň «Tiz kömek» maşyny bu howludan alyp giden adamlaryny ýene-de, yzyna getirip düşürip gitdi. Dawudy geň galdyran ýeri, kakasy edil bir hiç zat bolmadyk ýaly bolup, täze jaýa girip, eşiklerini çalşyryp başlady. Dawudyň jigileri gelip-gelip Dawudy gujakladylar. – Ditjan, seniň guran jaýyň gaty owadan jaý bolupdyr – diýdiler. Annajemal jaýa girip aglady. – Balajygym, Ditjanym, arkaja dagym, muny nädäýipsiň. Eliň-gözüň dert görmesin, balam! Dawut içeri girdi. Öz oturmaly ýerine geçip, gyşaryp ýatan kakasyna: – Toýjan däde, jaý bolupmy?– diýdi. Toýly öküz az-kem suw ýöräni üçin birneme terezilenen bitaý gözlerini ligirdedip, gazaply titräp, agyr myşlady. – Bolupdyr, bolupdyr. Nämä gerekdi diýdim-ä, men saňa ilki. Dünýäň çykdajysyny çykaryp, nämä gerek?! – Ol elini köneje, egnini gysyp duran jaýa uzatdy – O näme, jaý dämi? Etmäge iş tapaňakmy? Men saňa diýdim-ä.... Jaý baradaky, işikdäki tertibe münip, bir enaýyja bolan mellek baradaky gürrüň şunuň bilen tamam boldy. Dawut kakasynyň, ejesiniň ýok mahaly bu jaýy gurup aýranyna begendi. – Bolmasa, olar maňa bu jaýy gurmaga garşy bolar durardylar! Toýly öküz motosiklediniň sürülendigini bilse-de, sesini çykarmady. Gün batyp, çaý-nahar iýilensoň bolsa Annajemala: – Sen agşam meniň ýerimi, köne jaýdan sal! – diýdi. Özem bir zatdan närazy bolup, iňir-iňir edip gitdi. Agşam öýde galanlaryndan soň Annajemal gelip, gyşaryp ýatan oglunyň ellerini, saçyny sypalady. Şonda onuň gözlerinden akýan ýaş Dawudyň ýalaňaç ellerine şapylap damyp-damyp gitdi. – Balajygym, Ditjanym, seni gaty göresim geld-ä, balam. Aç-hor bolduňmy» Biliň bekemedik halyňa agyr-agyr kerpiçleri göterip, süňňüňi segretmediň gerek? Iliň gözüne, diline nyşana bolmadyňmy? Men ertir seni Pessik öwlüýäjana aýlaryn, balajygym. Dawut gyşaryp ýatan ýerinden dik oturdy. – Eje, Aýdogdy daýym, Gülsüm, Abadan kän kömek berdiler. Şolara «Taňryýalkasyn» diýeweriň. Annajemal baş atdy. – Daýzaň her iki günden yzymdan bardy durdy. Seniň ýagdaýlaryňy aýdyp durdy. – Men daýymdan karzyna pulam alandyryn. – Pul bar, ditjanym, puluny bererin. Bar-a pul, ýöne saňa aýtmany unudypduryn-a. Ol ýerinden turup, ýüzi aýnalyja sandygy açyp, ondan bir düwünçek çykaryp orta ýazdy. – Ine, pul! Dawut agzyny açyp galdy. Keçäniň üstüne ýazylan ýaglygyň üsti petde-petde puldan harman bolup ýatyrdy. – Eçjan, hemmesi özümüziňkimi? – diýip, muňa haýran bolup, ejesine gysmyljyrap oturan Çotugam sorady. Annajemal kiçijik ýumrugyny agzyna tutdy. – Howwa-la, gyz, näme, indi Toýjan dädeň öz öýünde iliň puluny saklaýandyr diýip güman edýeňmi? – Hudaý saklasyn. Ol pullary jemleşdirip, tertipläp goýdy-da, ýaglygy düwünçek edip daňyp, ýene öňki ýerinde goýdy. Soň çagalaryna: – A gyz, şunça pulumyz bar eken– diýip, aýdyp ýörmäň-ä. Sizden her kaýsysy çykawoýsyn. – Hudaý saklasyn! Dawut gyş kanikulyna çenli daýysyna boýun alan kerpijini edil, çaýyň bendiniň gapdaljygynda guýup berdi. Ony daýysynyň ogly üçin alan mellek ýerine eltibem, jaýyň diwarlaryny galdyryşybam berdi. Jaýyň boýy ýetensoň, daýysy ýumruk ýaljak bolup, togarlanypjyk ýören ýegenine: – Dawut ýegen, iş bitirdiň, men senden gaty razy. Taňry ýalkasyn. Sen indi dynjyňy alyber. Galanyny ussa bilen gepleşdim. Özleri bir zat ederler – diýdi. Dawut hem daýysyndan razy boldy. Onda-da: – Daýy, senem sag bol. Indi men saňa näçe manat bersem bolar. Pulum-a bar – diýdi. Aýdogdy aga hezil edip güldi. – Ýegen jan, indi men saňa bergili bolaýmasam. Sen gowusy gapyda meniň motosikledim bar, şonyjyk al-da gaýt. Men başgasyny alaryn. Dawut ör-gökden geldi. – Ýok, daýy, heý, men seniň motoryňy alarynmy. Ýöne, maňa näme ýumşuň bolsa, arkaýyn aýdybergin. Saňa-da Taňry ýalkasyn. Meni tüýs wagtynda goldadyň. Gündogdy aga razy bolup galdy. Gyş gaty sowuk düşdi. Toýly öküz köne jaýdan täze jaýa göçüp geldi. Aman aga malyny oba inderdi. Ýaşuly gupba ýaljak bolup oturan jaýy görüp, hem haýran galdy, hem begendi. – Ba-ba!. Manta-ak, manta-ak. Bä-ä. Pah-h! Pah-h! – Ol baryp Toýly öküziň arkasyny kakdy. – Pah, pah. Bat-ty. Mat-ty! – Ol kagyzyň ýüzune çekilen owadan surat ýaly bolup ýatan pelleriň aňyrsyndaky birwagtky agyla elini uzatdy. – Pah-pah, opba, pyh. – diýip, kirli barmaklary bilen bokurdagyny syhady. Toýly öküz bitaý gözlerini närazy mölertdi. – Senem-äý, jaý, nämä gerek! – diýdi. Aman aga onuň bilen razylaşmady. Çokaýly aýagyny gahar bilen ýere tarp-tarp uruşdyrdy. – Bä-ä, opba, pyh – diýip, elini howada aýlady. Dawut atasynyň «Bu jaý üçin mal soýup, obany çagyryp, toý tutmaly» diýýändigine düşündi. Baryp atasyny gujaklady-da onuň ýüzüne bakyp, gygyryp başyny atdy. – Ata jan, ýaşşa! – diýip, gaýta-gaýta bökdi. – Toý edeliň, toý edeliň, ur-ra! Eje, eşidýäňmi, atam toý edeliň diýýär! Toýly öküz oglunyň bolşuny halamady. – Goý-aýt, Nämä gerek! Goý! Näme, toýa ýagdaý barmy?! Annajemal, gyzlary tasanyşyp-tasanyşyp daşary çykdylar:. – Toýjan däde, aý Toýjan däde, Na-me? Bir zat boldymy. Ýa, ýene ýaraňokmy? Toýly öküz aýalynyň ýüzüne närazy garap: – Nämä gerek – diýdi-de, ýüzüni sallap, budur gitdi. Dynç gününe tutuş Kelte çynar, Ak gala Aman lallara toýa çagyryldy. Aman aga iki goýun soýdy. Dawudyň her daýysy bir goýun getirip soýdy. Çekdirme, palow ataryldy. Jaýlaryň dördüsem düşeklendi. Oba adamlary baryp, Aman lalyň oglan wagtyndan bäri eden-eýlän ýagşylygyny gaýtaryp, düşek baryny, toý gatanç köküni getirdi. Toý şagalaňy Toýly öküziň: – Aý, nämä gerek! – diýen sözi bilen bol-elin, şowhun-şagalaňly sowuldy. Ýöne bu söz soň tutuş obanyň ady bolup galdy. Adamlar öýde, işde, toýda, ýasda duşuşanlarynda bir gowy zat görseler, «Aý, nämä gerek!» diýip degişerdiler. Kelte çynar obasyna gitjek diýilse-de, «Aý, nämä gerege» baryp geljek» diýilip başlandy. Asyl soň Toýly öküzüň özüne-de «eý, Aý nämä gerek» diýip başladylar. Näme diýselerem, toýuň gowy zatdygyna, onuň gadymdan galan ähli çiläni ýüzüniň ugruna açyp goýberýändigine Dawut, hut ýaşlygyndan düşündi. Toýdan soň, olar daýylary, daýzalary, goňşy-golamlar, il-gün bilen süýjüje gatnaşyp başladylar. Şeýdip, bu maşgala ile-güne garyşyp gitdi. | |
|
√ Bäşgyzyl -16: romanyň dowamy - 22.10.2024 |
√ Duman daganda: Hakykat nirede, hakykatçy nirede?! - 13.06.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Bäşgyzyl -13: romanyň dowamy - 17.10.2024 |
√ Hakyň didary -7/ romanyň dowamy - 02.03.2024 |
√ Ojak - 2-nji kitap -8: romanyň dowamy - 20.06.2024 |
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Dirilik suwy -9: romanyň dowamy - 05.05.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Türkmen aty - 16.08.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |