00:21 Dirilik suwy -9: romanyň dowamy | |
9. «Ertir nanyň gezip iý, agşam nanyň ezip iý» Halk pähimi. «Bedenäniň ýumurtgasy bedeni berkidýändir» Halk tebipçiliginden. «Gyzyp gelip sowuk suw içmejek boluň, bedeniňde dert galar» Halk ynanjyndan. «Itüzümiň bişen miwesini saçyňa çalsaň, saçyň düýbüni berkider hem-de ýiti kelleagyra nepi deger» Halk lukmançylygyndan. Bahar Dawut üçin täze bir gaýratyň, gujuryň başlanan döwri boldy. Onuň indi obada okuwdan başga bir işi-güýji ýokdy. Ol jany bilen, yhlas edip okaýardy. Ol bäşinji, altynjy, ýedinji, sekizinji klasyň ähli kitabyny ýat tutdy. Orazaly mugallym bilen, indi tutuş orta mekdebiň matematikasynyň, fizikasynyň, himiýasynyň meselelerini, mysallaryny işläp goýdy. Orazaly mugallym ýokary okuw jaýlary üçin, rus, türkmen dillerinde çykan kitaplaryny Dawuda berdi. Dawut ol kitaplary hem sähel günde okap, mysallary işläp, kitaplary mugallymyna eltip berdi. – Indi biraz dynç al! Gaty ýadama. – diýip, Orazaly mugallym Dawuda pugta tabşyrdy. – Bir hepdeläp eliňe kitap alma. Dawut geň galdy. – Hiç kitabam okamaýynmy?! Orazaly mugallym oňa «Fizikada dünýä açyşlary» diýen bir kiçijik kitaby berdi-de, – Bir hepde hiç zat okama-da, ýazma-da kelläňi doly dynçlykda sakla, Diňe şondan soň şu kitaby ünsüňi hiç ýere sowman, bir zarpda okap çyk. Soň, meniň ýanyma gelersiň. Şondan soň Dawut bir hepdeläp mekdebe-de gitmedi, Ol özi üçin bellän otagynda diňe ýatdy. Ajyksa iýip, içdi. «Mekdepden: «Mekdebe gelenok, mugallymlar habar tut» diýip iberdi» diýip gelenlere-de onuň öz sözüni aýtdylar. «Dawut ýaranok. Ertir mekdebe özüm bararyn» diýdiler» Mekdepde Orazaly mugallym mugallymlaram, okuw müdirinem, Dawudyň synp ýolbaşçysynam habardar edip, olardan Dawuda rugsat alyp berdi. Dawut sekizinji gün şunça, ölüp-öçüp garaşylan günde «Fizikada dünýä açyşlaryny» bir demde okap çykdy. Soň onuň aňynda başga bir täsin älem açylyp gitdi. Ol indi oba, mekdep, Türkmenistan, SSSR boýunça oýlanman, tutuş dünýä barada, adamzadyň aňy bilen gazanylan iň beýik ylmy açyşlar barada gijesi-gündizi oýlanyp başlady. Aristotelden başlap türkmen alymy Ata Atalyýewiç Garryýewiň beýik açyşlary barada oba çykyp, adamlara gürrüň beriberesi gelip, edil ýüregi ýarylyp barýardy. Indi onuň üçin mekdepde geçilýän sapaklar, mugallymlaryň geçýän sapaklary edil bir ýaňy süýtden aýrylan, ýada bakja barýan çagajyklara gep düşündirjek bolunýan ýalyrak bir gürrüň bolup göründi.... Ol öz ýagdaýyny Aşyraly mugallyma aýtdy. Mugallym Dawudyň ýüzüne hem buýsançly, hem gorkuly garady. – Dawjan, sen şol kitaby türkmen diline terjime edip bilermiň? – Synanaýynmy? – Hökman. Eger gerek bolsa, düşünmeýän sözleriňi birje kadyza ýaz-da, adam ogluna görkezmän, maňa getirip görkez. Dawut bir aýa golaý iş edinip, ýüz segsen sahypalyk kitaby gije diýmän, gündiz diýmän, owadan hatynda täzeden göçürip, okuwa baranda mekdepde mugallymyna gowşurdy. Soň bolsa, mugallymy okap bolýança, okuwdan boş wagty mellekleri bilen güýmendi. Ol pelleri iki sapar depip, topragyny agdaryp çykdy. Soň olary bäş pele böldi. Annajemal oglunyň mellek diýip körsenip ýörşüne dözmän, onuň ýanyna gaýta-gaýta baryp – gaýdyp durşyna, ahyry dillendi: – Ditjan, balam, näme beýle azara galyp ýörsüň, okuwyňa çenli bir dynjyňy alsaň boljag-a. – Eje, mellegimizi ekmäge wagt geldi. – Näme ekjek sen? Bäş-alty atyzam bar munyň. Dawut begenjini ejesi bilen bölüşdi. – Birine hyýar ekerin. Birine gawun, birine garpyz, birine kädi, birine-de pomidor bilen bolgar burç! Annajemal ynamsyzlyk bilen başyny ýaýkady. – Wah, azara galan Ditjanym-eý, hany, oňa suw? Dawut ejesine jogap bermänkä, jaýa tarap uly maşyn öwrüldi. Maşyn gelip jaýyň burçunda saklandy. Ondan Gündogdy aga çykdy. Ol maşynyň üstüne çykyp, ondan gaz pejini, hemem gaz ballonyny ýere düşürdi. Dawut baryp oňa kömekleşdi. – Dide janym, bu näme? Gündogdy aga Dawudyň ýüzüne garady. – Ýegen, bular näme, başga dünýäden düşen mahluk-maý? Bu gaz, çaý gaýnadyp, nahar bişirmek üçin peç. Annajemal dogannyň özüni sylap, munça gadyr etmegine gaty begendi. – Ditjanym, taňry ýýalkasyn! – diýende, içki tolgunmasyndan ýaňa, kiçiräk tabagyň içi ýaly, ýüzi gyp-gyzyl boldy. Aýal doganynyň begenmegine Gündogdy aga-da hoş boldy. Ol gaz peji, gaz bollony eýwanyň bir burçunda gurdy-da, ony öz aýal doganyna gaýta-gaýta ýakybam görkezdi. Ony synlap duran Annajemalam, gyzlaram aňkarylyşyp galdylar. – Boldumy?! – Gaty boldy. – Hany, onda bir täze gazyňda ýegen ikimize bir çaý ber! Olar polly otaga geçip oturdylar. Çotuk orta saçak ýazdy. Käseleri, kemput, çörek, gowurma çykardylar. – Hany, «Nämä gerek» nirede? – Kakammy? Häzir gelmeli. Işine gitdi. – Motorlymy? – Hawa. Bir salymdan içerä gap-gara tüsse küpürsäp urup başlady. Gündogdy aga ýekedyzyna galdy. – Bu näm-äý? Çotuk daýysynyň ýüzüne aladaly bakdy. – Ejem çaý gaýnadýar-a. Gündogdy aga ýerinden tarsa turup işige okduryldy. – Bu näme, how?! – diýip, ol gaz pejiň üstünde tüsseläp ýanyp duran oda howsalaly garady. Soňam, gaz pejiň üstünde ýanyp duran syr-süplükleri gapdala taşlap goýberdi. – Men saňa öwretdim-ä. Bu näme etdigiň? – Men näbileýin? – diýip, Annajemal doganynyň ýüzüne müýnli seretdi. Gündogdy aga suwly çäýnegi eline alyp ýerde goýdy-da, gazpejiň burmasyny towlap, soň otluçöp çakyp, gazy otlady. Soň çäýnegi onuň ojagynyň üstüne goýdy. – Ine, şeýdip ýakmaly! Işikde motoryň tarryldysy eşidildi. Dawut daş çykdy. Ol kakasynyň bitaý gözlerini mölerdip eýwana girenini gördi. Toýly öküz hyrsyz gözleri bilen eýwanda pytyrap ýatan syrlyk-süplük çöp-çalamlary görüp, soň gaza aňkarylyp durdy. – Bu näme?! – Gündogdy daýym gazpeç getirip oturtdy – diýip, Dawut ejesiniň ýüzüne seretdi. – Bu tüsse näme diýýän? – Töýly öküz bitaý, möle gözlerini eýwana aýlap agyr myşlady. –Aý, ejem bilmän gazyň üstünde ot ýakypdyr. Toýly öküz erbet titredi. – Şeýdiň, otlaň howlyny. Aýyr, ýok et – Ol gazpeje tarap baş atdy. – Onyňam, toguňam aýyr, ýok et. Olar howpuň öýjügi diýip men aýtdymmy? – Aýtdyň! – Onda nämä gerek! Ýok et. – Ol içeri girip, Gündogdy aga bilen elleşip salamlaşdy. Gündogdy aga bu gepleri içerde eşidip otyrdy. Ol Toýly öküz içeri girensoň, turmak bilen boldy. Gidip barşyna-da: – Aýyrma, uly ile hiç zat bolanok. «Il bilen gelen, toýda, baýram!» diýipdirler. Annajemal hem içeri seredip, hem doganynyň ýüzüne seredip barşyna: – Bolýa, bolýa, ditjan, saňa «Taňry ýalkasyn» – diýip görgä galyp heläk bolup barýardy. – Ditjan, Dawjanym karz pul alan eken, şonam alawoý. Aýdogdy aga aýak çekdi. – Dawut ýegen bilen hasaplaşandyrys. Algam-bergem bolmaz. – diýip, howludan çykyp gitdi. Dawut maşynyň gürrüldisi ýatansoň, ýene mellege girdi-de, pilini alyp, eltip öňki ýerinde goýdy. Ol kakasyndan çekindi. «Howlyny zaýalaýaň» diýip käýäýmesin. Bular ýatandan soň etmeli, näme etseňem» – diýip içini gepletdi. Dawut tomusa çenli, kakasyndan birugsat eken ekinlerini gijeler ýatman suwardy. Hiç haçan ekin garasyny görmän küpürsäp ýatan mellek süňňüne sanjylan bag nahallarynam, bakja şitillerinem edil bir derdine ýapylan derman ýaly edip, besläp, hyruçlandyryp besleýärdi. Maý aýynyň başlaryndan hyýar bar görkezdi. Gawun pazyllary gözleriň şuglasyny emip, näzijek gollaryny ýaýradyp başlady. Garpyz, kädi pazyllary gülledi. Pomidor, badamjan gül açyp başlady. Dawudyň bu mellegini görmäge göz gerekdi. Ol bedreleriniň sanyny köpeltdi, Pomidorly, badamjanly peli Çotuga, kädili peli Çaça berdi. Özi hyýarly, gawunly peli aldy. Şeýdip, olaryň mellegine suw çykmaýandygyny hiç kim aňmady. Synpdan synpa geçilýän döwürleri Dawut mekdebe bedre-bedre pomidor, hyýar alyp barýardy. Ondan daýylaryna, Orazaly mugallymlara, Meretjige paý eltip berdi. Şonda-da mellegiň hasyly azalar ýaly däldi. Oba adamlary Annajemaldan pomidor, hyýar, badamjan satyn alyp başladylar. Ilki-ilkiler Annajemal hem oglundan, hem adamsyndan çekinip, bir zat diýip bilmese-de, soň olaryň garşylygynyň ýokdugyny bilip, oba adamlaryna, goňşy-golamlaryna pomidor, hyýary, baklajany arkaýyn satyp başlady. Mekdepde bolsa, «Dawudy ýedinji synpa geçýärmiş» diýen gürrüň çykdy. Emma Dawudyň özüne hiç kim hiç zat aýdanokdy. Ol diňe bäşlik bilen altynjy synpa geçdi. Kanikula çykylan güni ol kakasy bilen atasynyň ýanyna, «Gargyly gysa» gitdi. Oglunyň öz ýany bilen pil, çekiç, bag gyrkylýan gaýçy, köne byçgy almagyna Toýly öküz garşy bolgy. – Bulary nirä süýräp barýarsyň. Ýok, et, nämä gerek. Emma Dawut bu gurallary taşlamady. – Toýjan däde, maňa goşda gerek şular! – Nämä gerek? Dawut kaksynyň sowalyna ýumşaksy jogap berdi. – Ol ýerem bir adamyň ýaşaýan ýeri-ahyryn. Arryk mallaryň iç goşuny gömmeli bolanda gerek. Palta bilen çaý odun ýygmaly. Bag gaýçysy bilen şol ýerdäki baglatyň şahalaryny timarlajak, Byçgy bilen artykmaç şahalary keseris. Hemmesem gerek.... – Ýöne ýitiräýme! Gaýdyp geleniňde men senden bulary ýeke-ýeke soraryn. Dawut motosiklediň arkasynda, kakasynyň egninden ýapyşyp oturşyna, gara baglyga bürenen ýolda atasyny häzir görjegine begenjinden, iki bolup bilmän barýardy. – Ata janym, Ata janym! – diýip, ol begenjini içine sygdyryp bilmän samrady. Toýly öküz agyr myşlady. – Motosikledi saklaýynmy, näme erbet bolýaňmy?! Dawut onuň gulagyna gygyrdy. – Ýok-la, gowy bolýan. Basym atamy görjegime begenýän. – Bäh! Ýuwaşrak, biri eşitse nätjek? Dawut begenjini daşyny çykaryp: – Goý, eşitsinler! E-eý, adamlar!. Meniň atam bar. Men şonuň ýanyna barýan-eý! Toýly öküz motoryň badyny peseltdi. – Ýuwaş how, men saňa ýuwaş bol diýýen-ä. Saňa mekdepde heýç tertip öwretmändirler, bäh. Mun-aý.... Sähel salymdan olar «Gargyly gysa» bardylar. Bulut ýaly tümüstan baglyga bürenip oturan goşda hiç kim ýokdy. Dawut derrew şaglawuga baryp, bir bedre suw alyp geldi. Ojakda çaý goýdy. – Käkiliklerimiz-ä bar. Meni görüp gorkmadylar. Toýly öküz aýalynyň beren goş-golamlaryny düşürip, kakasynyň gelerine-de garaşman, aşaklygyna gitdi. Dawut bagyň kölegesini, atasynyň goşlarynyň tozana bulaşyp ýatan ýerlerini syryp, süpürdi. Soň, suw sepip, ýene birki gaýta süpürdi. Köneje tamça girip, ol ýerden atasynyň mal üstüne alyp gidýän öňki kiçijik gazanyny çykardy. Ony şaglawugyň başyna alyp gidip, ýuwdy. Soň getirip, ojaga goýdy. Gaýraky gök çagyltmak baýyrjykdan geçip, kerkaw şahalaryndan çöpleşdirip, bir goltuk gury çöpleme alyp gelip, gazanyň aşagyna ot ýakdy, gazan gyzandan soň, oňa gowurdak, sogan, pomidor dograp, çorba taýýarlady. Soň ojagyň oduny peseldip, daş-töwerege aýlanmaga gitdi. Baglar gülşen öwsüp, lowurdap, tereň salkynlygy bilen burk urup otyr. Onuň tämiz, salkyn howasynyň şypasyndan ganyp bolanok. Injirler bu ýyl bolsady ekilen ýaly barlapdyr. Itburunlar nämüçindir, bu ýyl ýukarak. Ol üzümleriň ýanyna bardy. Geçen ýyl az-kem gollary galdyrylan soň, olaryň hem bary gowy. Ernap agajynyň miwesi gyp-gyzyl bolup buldurjyrap dur.... Ýabany armydam miwä basyrlyp otyr. – Ertir bularyň ählisiniň düýbüne tabak edip, hersine bir bedre, bir bedre suw guýaryn. Dawut atasynyň goşa tarap gelýänini görüp, onuň garşysyndan ugrady. Baryp ýaşulynyň argyn didaryny gujaklap, onuň durşuna tüý bolup duran köne apbasy ýaljak hor, mähriban ýüzünden gaýta-gaýta ogşady. Aman aga agtygyny görüp begendi-de: – Ba-a, ba-ba-ba! – diýdi. Dawut ony gujaklap barşyna: –Ata janym, ata janym – diýip, samrady. Aman aga ýene-de: – Ba-ba! – diýip, agtygynyň ýüzüne hoşamaý seretdi. Dawut agşama çenli atasynyň galyp ýatan işlerini, üç sany haram ölen geçini, dört sany goýny soýup, olaryň indi porsap başlan läşlerini «maslyk agaçdan» asdy. Derileri goşa getirip, serip, duzlap goýdy. Goşdaky düşekleri kakyp, silkip, täzeden ýazdy. Atasynyň şu gün çalşyran eşiklerini şaglawugyň başyna eltip, ýuwdy. Soň getirip, serdi. Şol iki arada baglaryň bäş-onusynyň düýbüni tabaklap, olaryň hersine şaglawukdan bir bedre, bir bedre suw getirip, guýdy. Soň bedräni, taňkany suwdan dolduryp goýdy. Ol şonda-da süňňünde ýadawlyk duýmady. Dawut «Gotur gowaga « gaçan gününden soň özünde gün-günden, ägirt uly özgerişiň bolandygyny duýup durdy. Birinjisi, onuň her näçe iş etse-de, agyrmy, ol, ýeňilmi, tapawudynyň ýoklugyny duýdy. Ol ýap ýaňam haram mallary soýdy. Şonda diňe mallaryň kellesini alanda pyçak ulandy diýäýmeseň, mallary elleri bilen soýup, derisini sypyrdy. Hiç kynçylyk çekmän, soýan mallarynyň läşini «Maslyk agajynyň» iň ýokarsyndan asyp goýdy. Ikinjiden, onuň aňy haýran galmaly derejede açylyp gitdi. Ol öz synpynyň kitaplaryny däl, tutuş orta mekdebiň ähli synpynyň hemme kitabyny ýatdan bilýärdi. Orazaly mugallymy haýran galdyryp, fizika ylmy boýunça ýadyňa-oýuňa düşmeýän, geň-enaýy pikirleri aýdyberýärdi. Üçünjiden, onda öň bar bolan aýylganç inçekesel derdi, el bilen süpürilen ýaly bolup aýrylypdyr. Dördünjiden, ol öň iýip-içip bilmezdi. Bir naharyň ýanyna barsa, edil onuň atyşegi bar ýalydy. Indi welin, ol nahara hiç parh goýmaýardy. Özem, edil atasynyňky ýaly, palçykdan gutap etselerem bal ýaly edip iýip otyrdy. Bäşinjiden, onda pikir batyrgaýlygy döräp başlapdy. Onuň güýjüm ýetermi, ýetmezmi diýmän, gurluşyk enjamlary, barmy, ýokmy hiç kime geňeşmän özlerine jaý salmaga başlamagydy. Soň, daýysyndan agzanyňda dodagyňy uçuklatjak, müň manady karz alyp, onam özüniň kişä minnetsiz üzmegidi. Altynjydan, ol edil bir sagat uklap bilse, tutuş gije-gündizläp ýatyp, ukusyny alan ýaly bolýardy.... Ol häzirenm çigt ýaljagam ýadawlyk duýanokdy. Işledigiçe işläsi gelýärdi. Onuň häzir goşda durasy gelmedi. Eline paltasyny alyp, baglyga bakan ugrady. Soň şaglawugyň ugrundaky käle tarap ýöredi. Ol ýoluň gurasynda üýşüp ýatan zyňyndy goş-golamlary gördi. Şol zyňyndy zatlaryň içinden birki topbak ýumşak simmi, kän bir ulanmadyk çoýunmy, polatmy sokujygy, onyň agyr tokmajygyny, iki sany köne krowady, iki sany bir metrlik ýaly çişlik bişirilýän ýogynlygy ogulhajat barmagyça bar bolan gaty simi çekip gyra çykaryp goýdy-da, goşa daşady. Soň gidip, kälden bir gujak sagdyn, ululygy eliňi dolduryp duran gargy gamyş ýygyp, ony şol ýerde ardyp, arassalap, göterip geldi. Soň gidip, şaglawuk bilen goşuň arasyny ölçedi. Onuň ädimleri boýunça bu aralyk iki ýüz ýigrimi bäş ädim boldy. Dawut her üç ädimini bir metr hasap etdi. – Diýmeli, ýetmiş bäş metr bolmaly. Men ýetmiş bäş metrlik gamyşy iki günde taýýarlaryn. Ýöne, atam üçin, çyrajyk etmeli, Ol tamçadan mundan bir ýyl öň Albina Nikolaýewnanyň getiren mürepbesiniň bankasyny tapdy. Bankany şaglawugyň başyna baryp gül ýaljak edip arassalap, soň ýuwdy. – Gowy banka eken. Dury hem, akja! Ine, şu bolar. Ol ýaňy maslyk soýan ýerine bakan girdi. Ol şol ýerde mawy güllüje syçratgy diýen oty görüpdi. Şol otuň gülünde syrty otlyja, ganatly möjejikler bürlüp durdy. Ol şol oty tapyp, oňa ýapşyp ýatan möjejikleriň ýüz sanysyny bankasyna saldy. Soň syçratgynyň mawyja güllerindenem ep-esli ýygyp, bankasyna saldy. – Bu-da size iýmäge! – Ol bankajygyň agzyny köne esgi bilen daňyp, ony atasynyň ýataýjak ýerinden, agajyň şahasyndan asyp goýdy. Soň gargy gamyşlaryň daýawrak ýerlerini kesip alyp bir ýere basyp başlady. Ol atasy mallary sürüp gelýänçä, getiren gargy gamyşlarynyň ählisini elinden geçirip, onuň özüne gerek bolaýjak ýerlerini alyp bolup, soň çaý-naharyň ugruna çykdy. Aman aga örüden halys laky-tak ýagdaýda, zordanjyk süýrenip geldi. Onuň agzyny ýummaga-da haly ýokdy. Güni bilen açyk agzy, dodaklary, tarka-tarka ýarylyp, bokurdagy guran düdä dönüp gidene ogşuýardy. Dawut ylgap baryp atasyny gujaklady. Ýaşuly edil bir guran kök ýaly barmaklary bilen agtygynyň ýumşajyk, ülpüldäp duranja saçlaryny halsyz sypalady-da, düşege özüni taşlady. Ol atasynyň ýanyna suwly bedräni eltdi. Soň taňkany alyp gojanyň elini, ýüzüni ýuwdurdy. Oňa ýüzüni süpürer ýaly, hemişe gojanyň telpeginiň içinde durýan, şu gün gelen badyna ýuwan eşikleriniň içinden çykan, indi ýagşy guran ullakan ak çit ýaglygy alyp berdi. Gün batyp barýardy. Aman aga oturan ýerinden suwly bedräni başyna çekdi. Dawut atasy başyny bedreden galdyran badyna, taňka bilen gazany görkezdi. Ýaşuly gözüni gazana dikdi. Dawut atasyny çaýlap, naharlandan soň guş ýaly bolup, oturanja ýerindejik uklap galdy. Ol irden atasynyň hababaýlap, bir zatlar aýdýandygyna, tisginip turdy. Aman aga ýylgyryp, şahadan asylgy «otly» banka elini uzadyp, bir zatlar diýýärdi. – Ba-ba! Mad-ba-a-a! Dawut baş atdy. Daň atmandy. Ýöne banka birhilije, süýde meňzeşräk şuglalanyp durdy. – Ata, bolupmu?! – diýip, oglanjyk göwnühoş ýylgyrdy. Ýaşyly güldi. – Ba-a! Päh, päh, ba! – diýip, bokurdagyndan birhili ýakymsyz sesleri çykardy. Şondan soň Dawut ýatmady. Ol taňkany suwdan dolduryp, ojaga goýup, Ot ýakdy, ylgap, şaglawuga bakan gitdi. Bir salymdan bedräni dolduryp, suw alyp geldi, atasyna gowurdak bilen ýumurtga çakyp berdi. Gazana sogan, pomidor dograp garyşdyrdy. Aman aganyň agtygy bilen gepleşesi gelip giden oguşýan. Ol çaýyny lezzet bilen içip oturşyna: – Ba-ba-a! – diýip, sag elindäki käsesini ýerde goýup, ony çep egnine pat-pat urdy. – Ba-ba! Bah, bah! – diýip, elini Dawuda uzatdy. Ol kimdir bir pogonly adamyň, aýaly, çagasy bilen serhet tarapdan gelip, Dawudy sorandygyny düşündirdi. Dawut baş atdy. Ol atasyna bir ýyl mundan öň olara iýer-içer ýaly zatlary hem şolaryň getirendigini düşündirdi. Ol atasyna olaryň itburuny gowy görýändiklerinem aýdasy geldi. Emma Aman aga eýýäm başga bir zat barada oýlanýana meňzeýärdi. Goja agtygynyň ep-esli gargy gamyşy şu ýere ýygyp getirip, olaryň gabygyny, artyk-süýşük ýapragyny arassalap, agyr azaba galyp, olary adam boýy, ondan uzynrak, gysgarak edip, kesişdirip, biçişdirip oturşyna hiç düşünip bilenokdy. Ol «bularyň näme?» diýip agtygyndan telim gaýta sorapdy. Aman aga oňa şol günden iki gün dagy geçenden soň, günortan sürüni goşa getireninde agtygynyň baglaryň aşagyna eden tabajyklaryny suwlap ýören mahaly düşünip galdy. Asyl, Dawut şol gamyşlaryň inini ýogyn simi otda gyzdyryp, deşip, gargylary biti-biriniň içine mäkäm çatyp, bagyň içine, has dogrusy, atasynyň başujuna şaglawukdan suw çekjek bolýan eken. Aman aga muňa haýranlar galyp: – Ba! Ba! Ap-pa! Ba! – diýip, begençli aýdyp, tä ganýança, gamyşyň ujundan çüwdürilip duran buz ýaly suwdan gaýta-gaýta suw içdi oturdy. Elini-ýüzüni ýuwdy. Soň, aýagyny ýuwdy. Edil şol polat simiň ýogynlygyndaky buz ýaly suw kişä minnetsiz goş ýerleşýän baglaryň aşagyna akyp durdy. Gap-gajyňy, gazanyňy, çäýnek-käsäňi ýuw, bagalara suw tut, şeýle akdyryp goýber, bu bir eşret bolupdy. Iki günüň azaby Dawudyň özünem häli-şindi şaglawuda suw diýip ylgap durmakdan dyndarypdy. Iň täsin ýeri, itburunlaryň aşagynda süri-süri bolup ýatan käkilikler hem, indi gorkman, çekinmän bir gapdalda kölçe bolup ýatan suwdan içip gidip başladylar. Bu goşda Dawuda kyn düşjek ýekeje-da iş galmandy. Ol pyçakdan oňanokdy. Atasynyň indi ýüzi has kütelen polat pyçagy oňa diňe haram ölen mallaryň kellesini, aýaklaryny kesip almaga ýaramasa, başga hiç zada ýaramaýardy. Dawut gije-gündiz barmaklaryny berkidip, olary her gün ertir, agşam, müň sapar çekiç bilen, daş bilen, pyçagyň sapy bilen ýençýärdi. Agaçlaryň birine ýogyn çüý kakyp, şony barmagy bilen çekip almak üçin, jan edýärdi. Ol mallaryň derisini, iç goşuny barmaklary bilen ýüzüniň ugruna soýup, soýkalasa-da, pyçaksyz hiç oňup bilenokdy. Sogan artmak, kartoşkanyň gabygyny gyrmak, ýaly ýönekeý işlerde-de pyçak zerur bolup durdy. Içiňi ýakaýyn diýen ýaly, oba baraýaýyn diýseňem, kakasy indi telim gün bäri bu ýere köwleniberenokdy. Onuň kellesine: «Pyçak çalaýar ýaly çalgy daş tapylmazmyka?» diýen ýaly bir pikir geldi. Ol iýmän-içmän «Gotur gowaga» bakan gitdi. On-on bäş daşa pyçagyny çalyp gördi. Ýöne onuň diýen daşy tapylmady. Ýöne ol Ak gala tarapdan bir «Wolga» maşynynyň gelýändigini görüp, ýola aňkarylanda, pyçagynyň degen daşyndan şowurt edip ýalyn pürkülip gitdi. Dawut tisgindi-de, daşa seretdi. Ol ullakan daşdy. Oňa pyçagyny çalyp gördi. Pyçagy sähel salymda ýalaw ýaly bolup gitdi. – Be, bu daş togarlap goşa golaý eltip bolmazmyka? – diýip, goşa tarap sowulan maşyna bakan ugrady. Maşynly gelenleri ol tanady. – Salowmaleýkim! – Ba, waleýkim! Amanow, gurgunmyň-ow. Dawut olara mürehet etdi. – Ýoldaş mugallymlar, düşek üstüne geçiň, men size çaý demläp bereýin! Gelenleriň biri Dawudyň okaýan mekdebiniň direktory, Şyhberdi agady. Beýlekisi etrap bilim bölüminiň müdiri, Oraz Agalyýewdi. Sen bu ýerde gorkman, ürkmän, kim bilen bolýaň – diýip, bilim bölüminiň müdiri elini şyrlap akyp ýatan suwa ýuwup durşuna aýtdy. – Atam bar. Bu ýerde gorkar ýaly zadam ýok, mugallym! Şyhberdi aga-da suwuň başyna çökdi-de, elini ýuwup durşuna gepläp ugrady. – Okuw kitaplaryňy-da käwagt gözden geçirýänsiň-le? – Aý, hawa. – Tüweleme, gaty gowy okaýan ekeniň. Häzir näçinjä geçdiň? – Altynja! Birden ýedinjä geçiräýseler oňararmyň? – Bilmedim. – Kyn bolarmy? – Elbetde. Oraz Agalyýew Şyhberdi aganyň ýüzüne syrlyja garady. – Hany, pugta oýlan. Şu meseläni. – Aý, nämä gerek? – diýip, Dawut kakasynyň sözüni gaýtalady. – Dagy, onda näme, Orazaly «onunjy klasda oturtsaňam oňarar» diýýe-le. – Aý, ýok. Myhmanlar ellerini, ýüzlerini ýuwup, sowujak suw içip, maşyna bakan ýöredi. Ýöne Şyhberdi aga saklandy. – Aý, jigi, munda gel! Ol Dawudy, maşynyň beýleki gapdalyna çekdi. – Sen meni pugta diňle, jigim.... Biz saňa uly ýagşylyk edip, ýedinji klasa geçirjek bolýak. Ýöne, mugut däl. Dädeňe aýt, bir öküzçe bilen iki ýäşşik arak bererin diýse, şonda iş bitýe. Bolmasa, çatak bolyýe. Bildiňmi?! Dawut bu adamlaryň aýdýan zatlaryna düşünse-de, olaryň teklibine pitiwa bermedi. «Olara, öküzçe bilen iki ýäşşik aragy kim berjek bolup dur. Maň-a beýle okuwyň geregi ýok. Men öz klasdaşlarymdam aýrylmaryn» Ol bu gürrüňi edil şol ýerde ýadyndan çykardy. Şol günden soň on gün dagy geçendir. Dawut indi islendik agaja urulan islendik çüýi barmaklary bilen çykaryp bilýärdi. Ol köneje byçgysyny alyp, şol uly çalgy daşyndan adamyň kellesi ýalagyny kesip alyp, getirip goşa taşlady. Şondan bäri onuň pyçakly meseledenem jany dynaýdy. Bu goşda hözir tapan esasy adam Aman agady. Onuň gündizlerine çaýy-nahary taýýardy. Edil başujundan sowjak suw akyp durdy. Gijelerine ak süýt guýlan ýaly bolup asylyp duran çüýşe bankajyk oňa aýdyp bolmajak hözir berýärdi. Dogry, Dawut her bäş-alty günden yzy otlyja möjekleri meýdana ýaýradyp, olaryň deregine başgalaryny çöpläp, öňlerine-de, syçyratgynyň güllerini döküp, olaram hor-homsy edenokdy. Şeýle günleriň birinde günortana ýakyn goşuň gapdalyna täzeje «Gaz-69» maşyn gelip saklandy. Maşyndan ilki Albina Nikolaýewna çykdy. Onuň ýüzi gyp-gyzyldy. Aglamakdan naçarlanan owadandan näzik ýüzi, mähirli gözleriniň owasy gussadan ýaňa buldurap durdy. Ol aýal maşyndan kynlyk bilen düşdi-de maşynyň içine egilip, nämädir bir zatlara sermenip, ep-esli wagtlap, tä adamsy maşyndan düşüp, öz yzyndan gelýänçä durdy. Diňe adamsy başyny maşynyň yzky bölegindäki oturgyja tarap sokanyndan soň, ol aýal başyny galdyryp, Dawuda tarap naýynjar seretdi. Dawut bu adamlary tanady. Olar Albina Nikolaýewna bilen onuň adamsy Wadim Sergeýewiçdi. Olar bu gün juda aladalydy. Albina Nikolaýewnanyň bolşyndan bir bolmasyz bela-beteriň bolandygyny aňan Dawut olara bakan ýönedi. Oňa çenli Wadim Sergeýewiç gyzy Lenajygy gujagyna alyp ony maşyndan daşary çykardy-da, köneje krowatyň üstüne ýazylan düşegiň üstünde uzaboýyna ýatyrdy. Dawudyň depesinden gaýnag suw guýlan ýaly boldy. – Näm boldy?! – diýip elewräp barşyna bagyryp ýatan Lenajygyň ap-akja, possuk ýaljak elini aýasyna aldy. – Ony ýylan çakdy! – diýip, Wadim Sergeýewiç titräp durşuna, ysgynsyz aýtdy. – Etrap keselhanasyna alyp barýas. Sen bize bir sowuk suw getirip ber! Dawut olaryň gabyny eline aldy-da, suw akyp dyran gamyş akabajygyň uç tarapyny süýräp, Lenajygyň başujuna getirdi. Soň birden dözümlilik bilen, hökümli: – Ýarany açsaňyzlaň! – diýdi. Albina Nikolaýewna birhili dözmezçilik bilen Lenajygyň sag aýagynyň topugynyň ýokary ýanyna ak hasa bilen saralan sargyny açdy. Dogrudanam, ýylanyň dişiniň parçyldadyp alan ýeri ganjaryp, bir ýakymsyz suwukluk bilen gatyşyp, buldurap durdy. Albina Nikolaýewna adamsyna maşyndan «Dermanhanajyk» bilen spirtli çüýşäni almagy sargady. Wadim Sergeýewiç aňyrsyna öwrülen badyna Dawut ur-tut ojaga üýşüp duran çyrpydan pir penje atdy-da, baryp pyçagyny garbap aldy. Lenajyk aglaýardy, iňleýärdi. Albina Nikolaýewnanyň özi indi ep-esli wagtyň lukmany bolsa-da, häzir dözmez ene bolup, özüni ýitirip otyrdy. Dawut pyçagyny lowlap ýanýan oduň ýalawyna tutdy-da, ylgap baryp, Lenajygyň aýagyndan tutup, ýaranyň ýüzüni goşmak edip kesdi-de, ganjaryp duran ýara eňegini basyp, ony birki gaýta pugta sorup, gapdalyna tüýkürdi. Lenajyk depirjikläp, bagyryp başlady. Albina Nikalaýewna jülgäni ýaňlandyryp: – Edýäniň näme, wagşy-y!!! – diýip, aýylganç gygyrdy-da, gyzynyň aýagyndaky ýarany sorup ýatan Dawudyň kellesine, ýüzüne ýumşajyk ýumrugy bilen ýelmäp başlady – Aýryl, güm bol! Wadym, ýetiş, Wadim!.... Dawut hiç zada garaman, ýylanyň zähriniň ýöräýjek ugurlaryny aýasy bilen açyk, ýara bakan sypap-sypap, ýene sordy. Üçünji saparda onuň agzy bir ýakymsyz, goýy iriňden dolup gitdi. Dawut ýene tüýkürdi. Ýene sordy. Lenajyk birhili rahatlandy. Indi ýaradan diňe arassa, gyrmyzy gan akyp başlady, – Ine, indi boldy! – diýip, Dawut köne, gap-gara, gemrik, gemriň dişleri düşen soň çykan dür däneleri ýaly, akja dişlerini güjeňleýän ýaly edip güldi. Emma Albina Nikolaýewnanyň ýadyna gülki düşenokdy. Wadym Sergeýewiç aýdylan zatlary getirende, Albina Nikolaýewna özüni ele alyp bilmän, aňka-taňka bolup, titir-titir edip, haýran galyp otyrdy. Ol birsalymdan özüne gelip, gyzyna sanjym etdi. Soň, adamsynyň getiren spirti bilen ýarany ýagşyja ýuwdy-da: – Me, agzyňy çaýka! – diýip, Dawuda spirtli çüýşejigi berdi. Dawut agzyň içini ýakyp barýan ýakymsyz, ýiti ysly suwuklyk bilen agzyny gaýta-gaýta çaýkady-da, depä bakan ylgady. Ol bir salymdan bir düýp ýowşan alyp geldi, Onuň gökje baldaklaryndan ep-eslini agzyna salyp çeýnäp-çeýnäp, soň ony çykaryp, ýaranyň üstüne ýapdy. Oňa çenli Lenajygam ýaşly gözlerini açyp, rahatja ses bilen: –Eje, suw içjek – diýdi. Dawut gamyş akabajygyň ujuny göterip, Lenajygyň ýanyna eltdi. Lenajygyň özi sowujak suwdan gaýta-gaýta içdi. – Eje, ajygýan, iýesim gelýär – diýip, Lenajyk başyny galdyrdy. Soňra düşegiň üstünde arkaýyn oturdy. – Indi agyranok, eje, indi hijem agyranok. Sen gorkma, Zäher geçdi. Dawut heziller edip ýylgyrdy. Emma Albina Nikolaýewnanyň ýüzi açylanokdy. Ol gyzyna iýer ýaly nämedir bir zatjagaz berdi-de: – Wadim, indi gideliň! – diýdi. Olar göwünli göwünsiz hoşlaşyp, maşyna münüp gitdiler. Lenajygyň özi maşyna çenli az-kem agsaklap gitdi-de: – Hoş, sag boluň! – diýip gygyrdy. Onuň sesinde mylaýymlyk, mähir, çaga minnetdarlygy bardy. Olar gidenden soň, Dawut naharyň, çaýyň ugruna çykdy. Atasy gelensoň, onuň bilen nahar edindi. Aman aga çaýa-da garaşmady. Ol sowuk suwdan ganyp bilenokdy. Hatda, nahar iýip otyrka-da, ol suwa açgözlük bilen ýapyşýardy. Şonuň üçin sähel zat iýse-de, garny alaň ýaly güberilip durdy. Dawut öýlän atasyny ukudan oýarmaga dözmän, sürini özi örä alyp gitdi. Ol şaglap akyp, ýatan maşyn ýoluň aralygynda ýazylyp ýatan sähraýyja meýdandan ýabany arpa, Çöpboýa ýygnady. Gün aşaklaberende atasy onuň yzyndan geldi. Aman aga agtygyna süriniň yzyna eýermän gelýän agsak-towsak toklulary görkezip, olary näme etjegini bilmeýändigini düşündirdi. Dawut oňa «düşündim» diýip baş atsa-da, gaýdanda şol bäş-alty sany ýarawsyz maly sürüp, goşa alyp geldi. Ol Çöpboýany, beýleki otlary arada şu golaýa getirilip dökülen hapa-huralaryň arasyndan tapan polat sokujygynda ýagşy döwdi. Soň it ýalydan hamyrjagaz edip, hälki gelenlerden galan hasa ýagşy çaldy, gapdalda üýşüp ýatan gamyş bölejiklerinden edil galamy iki bölen ýaly etdi-de, agsak toklularyň döwük aýagyny ýeke ýekeden seýikläp başlady. Emma bir toklynyň aýagy, düşnüksiz döwülipdir. Dawut şol toklyny aýaklarynyň arasyna salyp, onuň ýarawsyz aýagynyň döwük ýeriniň derisini pyçak bilen kesip açdy. Soň görnüp duran döwük-ýenjik süňkleri aýratynja, aýratynja seýikledi. Soň derini öňküsi ýaly edip ýerine ýelmedi-de, onuň daşyna çöpboýaly hamyry, gamyş bölejiklerine baglap, hamyr çalnan hasa bilen pugta daňdy. Ol şeýdip, agşama çenli güýmendi. Ol tä awgust aýyna çenli atasynyň ýanynda boldy. Dogry, şol arada Kelte çynara bäş-alty sapar gidip, mellekdäki ekinlere göz-gulagam bolup geldi. Ekinleriň ýagdaýy gowy eken. Jigileri her agşam ekinlere bentden bedreläp çekip suw guýup durupdyrlar. Ejesi bolsa, bol biten pomidory, badamjany, aldygyna satýan eken. Olar gawundan, garpyzdan Dawudyň, Aman aganyň paýyny goýupdyrlar. Onuň gelenini eşidip, Orazaly mugallym daljygyp geldi. Ol bu gaty yssy günde ylgana meňzeýärdi. Ol daljygyp durşuna Dawut bilen salamlaşdy-da, has-has edip, bir deminde: – Dawutjan, nätdiň, meniň aýdanlarymdan bir zatjagaz bolýamy? – diýip, haşlap demini aldy. – Meniň diýenime düşdüňmi? – Düşündim, mugallym, atama kömekleşýän. Häzir-ä wagtymam ýok, elimem degmedi. Ýöne men oýlanaryn. Arkaýyn boluň! Annajemal atylyp daş çykdy. Ol oglunyň mugallymy bilen nämäniňdir bir zadyň möhüm gürrüňini edip duranyny görüp, gelip olaryň ýüzlerine gezek-gezegine garanjaklady. – Ditjan, näme, bir zat bolupmy? – diýip, howsalaly sorady. Dawut «Hiç zat bolanok, eje» diýip, ony köşeşdirjek bolsa-da, ejesi: – Giriň, öýden oturyň, çaý-suw bir içiň-ä – diýip, mürehet edip başlady – Ditjanyň, indije gelip durş-a. Entejik çaýam içenog-a. Giriň, geçiň-ä. Orazaly mugallymyň okuwçysyny göresi gelip giden bolara çemeli. Ol işige tarap seretdi. – Içsek, içäýeris, ýeňňe. Hany, ýör, Dawut jan, bir käse çaýyňy içeli. Olar Dawudyň otagyna girdiler. Ejesi Dawudyň otagy üçin ýörite keçe edipdir. Ol keçänem töre ýazypdyr. Annajemal saçak ýazyp, iýer-içer ýaly odur-budur getirip ýörşüne: – Ditjan balajygyma täzeje keçe-de edip goýdum. Araz mollum, keçe bolupmy? – diýdi. Mugallym ýylgyrdy. – Ýeňňe, bolupdyr. Gaty gowy bolupdyr – diýdi. Agşamara Toýly öküz bir ýerlerden gelip ogluny Gargyly gysa alyp gidýänçä Orazaly mugallym onuň ýanyndan aýrylmady. Ol ýaş oglana öz pikirini, şol tekrarlady oturdy. Ol kakasynyň motorynyň ardyna münensoňam: – Dawut jan, oýlan, oýlan. Sen meni ýadyňdan çykaraýma! – diýip özelenip aýtdy. – Sen, ol-bul diýen ýaly bolgusyz, ownuk, uşak ýumuşlar üçin dünýä gelen ogul dälsiň Şuny ýadyňdan hiç çykarmagyn! – diýip, özelenipler aýtdy. Dawut jigilerine «ekinleri ytygsatmaň, suw beriň» diýibem bilmedi. Diňe kakasy ony goşda düşürende: «Jigilerime, ekine suw guýuň» diýip pugta tabşyraweri» diýip galdy. Goşa gelensoň, Dawudyň hiç zada eli degenokdy. Ol atasynyň çaýyna, naharyna seredýärdi. Agsak-towsak mallary seýikleýärdi. Gurtlan mallaryň şikesini her günde birki gaýta barlap, aldygyna kirolin çalýardy. Öýlänine Aman aga derek sürä esewan bolýardy. Aldygyna hyrawa gögeren arpalardan çöpläp, agşamlaryna ýatman, olary demir sokujykda döwüp, un edip, ondan çörek bişirip, atasyna ertirine iýer ýaly gömme taýýarlaýardy. Baglaryň düýbüni depip, olaryň düýbüne suw berýärdi. Ondan boş wagty käle gidip, gargy gamyş ýygyp, goşa getirip, arassalap, desseläp, baglap goýýardy. Emma şeýle günleriň birinde Şyhberdi aga ýene geldi. Ol gele gelmäne: – Eýt, nerre, hany, meniň diýenimi, dädeňe aýtdyňmy? – diýip, birhili, minnetli kine bilen haýbat atdy. –Aý, ýok, mugallym, men-ä dädemi göremogam. – Men saňa tizleşdir diýmedimmi? – Men, ýoldaş mugallym, şon-a etmedim. Ýaşulynyň gahary geldi. – Sen Aman lalyň dogmasy, siz, siz asyl, tutuş eždatyňyz bilen ýagşylygy bilýän jemende däl ekeniňiz. Sen bolşuňyz şu bolsa, kyýamatda-da ýedinjä geçmersiň! – diýdi. – Aý, bolar, mugallym. Geçesimem gelenok. Iliň okan synpynda okasamam aňry ýany bilen bolar maňa. – Tüf, seniň ataňa näletler bolsun. Men seniň üçin näçe azaplar gördüm, men näçe adamyň kellesini agyrtdym. Gadyr bilmez diýsäni.... Şyhberdi aga maşynynyň tüssesi bilen tutuş bagy gark edip, budur gitdi. Dawut ilki bir arkaýynam ýalydy welin, birdenem, onuň kellesinde bir otly boşluk ayçlyp, oňa: 1. Ýagtylyk. Kölege, Kolegäniň ýagtylyk bilen gatnaşygy. Kölegäniň formulasy. Ýagtylyk. Garşylyk, netije. Günüň ýere bolan gatnaşygy. Ýeriň kölegesi. Aýyň kölegesi. Aýyň kölegesiniň başga bir jisime gatnaşygy! Aýyň kölegesiniň Ýer şaryna bolan gatnaşygy. Olaryň deňagramlylygy. Kölegäniň ýagtylyga bolan gatnaşygy. Bir metr aralykdaky kölegede ýagtylygyň mukdary. Ýagtylyksyz kölege bolup bolmazlygynyň takyklygynyň çözgüdi. 2. «Silindr. Silindriň deňagramlyga gatnaşygy. Silindiriň gönüburçlyk, üçburçluk bilen dürli garşylyklardaky ýagdaýy. Silindriň sürtülmä çydamlylygy. Sürtülme we onuň göwrüminiň kislorody, wodorody saklamak mümkinçiliginiň kesgitlemesi. Silindriň wakkumy. Silindriň kisloroda, wodoroda, sürtülmä bolan gatnaşygynaň teoretiki esasy...» diýen ýaly ýazgylar döräp, Dawudyň bar pikirini sorup, bulary edil bi kibernetik maşyn ýaly işläp başlady. Dawut ylgap baryp, kagyzyny, galamyny alyp, bulary depdere ýazyp, işleşdirip başlady. Ol kellesiniň gyzgynyna dürli suwlaryň dürli suwlara gatnaşygynyň teoriýasyny, gyzgynlyk, elektrik akymlarynyň emele geliş we akyş ugurlarynyň teoromasyny, Döremegiň we weýran bolmagyň teoriýasyny, Dünýäniň emele gelmeginiň käbir çaklamalary .... diýen ýaly fiziki parasat-paýhaslary işläp başlady. – Goý, bu zatlar biderek zat bolsun, Ýöne, mugallymyň göwni ýykylmasyn – diýip, keýpsiz, ýadaw halda naharyň, çaýyň ugruna çykyp başlady. Indi sentýabr golaýlaşýardy. Dawutda birhili, düşnüksiz, agyr ýadawlyk döräpdi. Göwnüne bolmasa, onuň süňňüne, ýaş oglan wagty ornan ýadawlyk gaýtadan eýelän ýaly bolup durdy. Ol düşege geçip bir salym gyşardy. Emma häli birden kellesine giren fiziki-teoretiki maglumatlar ýene-de möwjäp çykyp, öz-özünden işlenip başlady. Dawut iki eli bilen kellesini tutup gördi, ýüzüni-gözüni ýuwup gördi. Bolmady. Ahyry bolmandan soň ol özüni ele almak üçin çaý gaýnadyp, oňa-da ep-eslije itburun atyp, içdi. Kellesi az-kem durlanan ýaly boldy. Emma kellesi durlandygy saýyn, ol hälki pikirleriň girdabyna has çuň batýardy. Pikiri oňa: «Bar zady unut» diýýärdi. Emma, häzir atasy gelmelidi. Hä diýmän çaý, nahar häzirlemelidi. Dawut gazana suw guýup, ojagyň aşagyna ot ýakdy. Soň näme edýäninem bilmän, atasy gelýänçä depderine fiziki teoriýalary işläp başlady. Ol «Döremegiň we weýran bolmagyň teoriýasyny», «Ýylylyk we elektrik akymlarynyň itişmek we bat almak takyklygynyň teoriýasyny» işläp, ýylylyk akymynyň, elektrik akymynyň hereketiniň teoriýasynyň esaslaryny jemlerini edil, mysal işlän ýaly işläp, ýylylyk, we elektrik akymlary uly güýç bolup, ugrugyp barýarka, olaryň massasynyň güýçli akym bilen yzyna gaýdyp, gidişindenem güýçli kuwwat bilen yzyna depip, , her bir ölçegde, jübüt-jübütden üstaşyr bent, ýa-da menzil emele getirip, şol menzillerde toplanan güýji, akyma bat bermek üçin ulanýan tebigy hadysadygyny, onuň teoretiki bahasyny işläp barýarka baglaryň arasy bilen atasy geldi. – Ba-bab. Bah! – diýip, goja nämedir bir zatlary habar berende, Dawut tisginip gitdi. Atasynyň ýüzüne aljyraňňy garady-da, , kagyz, galamyny taşlap, ojaga bakan gitdi. Ol gazandaky suwy döküp, gazana ep-esli gowurdak atdy. Soň atasyna gowurdakly çorba edip, saçakdaky gaty çörekleri tabaga dograşdyryp, çorbany onuň üstüne guýdy. Aman aga jöwzaly günde ýanara gelen süňňüni sowuk suw bilen köşeşdiräýjek bolýan ýaly, alaň ýaly bolan garnyny elleri bilen tutup, hykylap, bir ol tarapyna, bir bu tarapyna agdarylyp ýatyşyna, agtygy bilenem, nahar-şor bilenem seri ýokdy. Ahyry, ol saçagyň başyna geçdi-de, «Bir agzynda ot, bir agzynda suw» diýilşi ýaly edip, nahar iýdi. Soň şol oturan ýerinde gyşaryp, uklap galdy. Dawut atasyna garap otursa-da, onuň pikiri baryp şeýle teoriýanyň Gün, Aý, Ýer, ýyldyzlar ýaly hemişelik hereketdäki älemleriň hereketine-de degişli bolmagynyň mümkindigi barada oýlanýardy. Ol şol oýlary bilen hemişelik hereket teoriýasynyň üstünden barandygynam duýman galdy. – Hawa, hemişelik teoriýasy, edil, ýylylygyň, elektrik togunyň akymyna çalymdaş çözgütler bilen dowam edýän bolmaly. Şeýle hereket, onuň massasynyň yzyna depip, belli ölçegde üstaşyr bentleri emele getirip, şol bentleriň berýän güýçli bady bilen, has öňe güýçli itmek arkaly itergi emele gelip, ol itergem, hemişelik, hiç haçan togtamaýan hereketi emele getirýän bolmaly. Onuň bahasy – diýip, oglanjyk ylgap depder-galamyny eline alyp, ýazyşdyryp başlady. Ine, şu teoretiki esasy ýazan badyna, onuň kellesi edil bir bäbejigiň kellesi ýaly bolup, zarňyldap açyldy. – Ura! – diýip, oglanjyk bar sesi bilen, dagyň etegindäki käkilikleriň rahat ýatan sürüsini ürküzer derejede gygyrdy. – E-eý, bary düzeldi! Tapdym!.... Ol şol bady bilen goýun bakmaga gidip, atasy Gün aşak sallananda, yzyndan gelýänça wagty hoş, keýpi çag halda, goýun bakdy ýördi. Agşam yzyndan daýysy geldi. Gündogdy aga okuwa gitmegiň wagtynyň golaýlandygyny aýtdy. Soň öýden alyp gaýdan azyk-owkadyny ýegenine berdi. – Näme üçin Toýjan dädem gelmedi? Aýdogdy aga agyr pikir bilen ýere garady. – Dädeň-ä, ýegen, ýene köne derdi gozgapdyr. Ony keslehana ýerleşdirdiler. Tohtorlar senem, ejeň, gyz doganlaryňam ýene aşak gidip, barlagdan geçmeli – diýip, aýak depip durlar-aý. Kakasynyň keseliniň gaýtalap, keselhana düşendigi baradaky habar Dawuda erbet täsir etdi. Şol bada onuň aňynda bar bolan hasap-hesibinem, bu çolaja goşda tutuş kanikul döwründe alan hözirinem, atasyna edilmeli hyzmatlar hem, mallara esewan bolmak baradaky gujurlyja pikirlerem, şol bada ýadyndan çykdy. Häzir onuň uçup-uçup kakasynyň ýanyna baryp, onuň derdini bölüşesi geldi. – Däde janym! – diýip, birhili, elden-aýakdan çykyp, hamsygyp mydyrdady. Ýegeniniň bolşy Aýdogdy agany gorkuzdy. Ol ýegeniniň ýanyna geldi-de, onuň başyny sypalap: – Darykma, ýegen, darykma. Kakaň beýle bir ebgar hassa däl-ä. Sen özüňi horlaberme. Tohtorlar, gorkar ýaly zat ýok, öz keseli-dä – diýip dur, darykma, sen.... Dawut goşlaryny, iň esasanam depder, galamyny ýüzugra ýygnady-da, atasynyň gaşyna baryp oturdy. – Ata, men gitmel boldum! – diýip, ýüzüniň, gözüniň, eliniň hereketi bilen düşündirdi. – Sag bol, ata jan, keselleme.... Aman aga guda garyndaşlaryndan ýörite bir adamyň gelmeginiň bir hikmetiniň bolmalydygyny aň edip otyrdy. Ol agtygynyň habaryna düşündi. – Ba-ba?! – diýip, güne, ýele, yssa-sowga gaýzygan çorly elini Aýdogdy aga galgytdy. Gündogdy aga Dawudy görkezip, elini aşak tarapa salgady. – Alyp gel – diýdiler. Aman aga baş atdy. Soň agtygyna garap, elini salgady. Olar «Kelte çynara» gijäniň bir wagty bardylar. Dawut, ýüregi atygsap, edil bir ýarylyp barsa-da, howlugýanyny bildirmän, daýysynyň yzyndan içeri girdi. Polly jaýda ejesi ýorgan-düşekli ýatyrdy. Ol gapynyň açylyp, ýapylmasyna başyny galdyrdy. – Eje jan! – diýip, Dawut baryp ejesiniň başyny gujaklady-da, onuň ýaňagyndan, maňlaýyndan hamraklyk bilen öpdi. – Näm bolýar saňa? Annajemal ogluny görüp, gözlerinden şaglap inen ýaşynam süpürmän, edil ýumruk ýaljak bolup galan çagany gaýta-gaýta bagryna basdy. –Ditjanym, balajygym!Ejeňe hiç zadam bolmaz, balam, ine, gutuldym. Dawut içeri garady. Öýde ejesiniň gapdalyny alyp, Çotuk otyrdy. – Hany kakam, hany Çaçjyk?! Çotuk agasynyä çarwadan gelenine begenip, ýygrylyp oturşyna: – Toýjan dädemem, Çaçam biziň hol, öň ýatan balnysymyzda ýatyr. Olary barladylar. Köne keseli gozgajak bolupdyr – diýdi tohtorlar. – A sen, ejem?! Çotugyň akja ýaňaklary gyrmyzy öwsüp gitdi. – Ejemem, menem barlagdan geçirdiler. Biziň derdimiz dep bolup gidipdir. Indi olar senem barlamaly diýip durla-ýa. Dawut ejesine seretdi. – Ejeme näme bolýar? – Çaçy geplemedi. – Meniň böwrüm sanjyp du-da, Ditjan! Başga bir bolýan zadam ýok maňa, sen meniň bulaşyp ýatanyma seretme. Men gowy, balajygym. – Indi oglam geldi. Bar derdi, balaň dep bolup gider – diýip, bir gyrada çommalyp, ýegenlerini synlap, ýylgyryp duran Gündogdy aga aýtdy-Indi men gaýdyberjek, Anjan! Annajemal ýerinden turup, agasyny ugradyp geldi. Soň içeri girip, saçak ýazyp, Dawuda çaý, nahar berdi. Içeri ýagtydy, arassady. Açyk penjireden salkyn howa akyp, içerini has rahat görkezýärdi. Arassa, salkyn howa birhilije keýpiňin göterýärdi. Dawut garbanyp oturşyna: – Toýjan dädem haçan girdi, keselhana?! – diýdi. Böwrüni eli bilen tutup, gydyrdanyp ýören Annajemal gyzyndan öňe düşüp: – B-a! – diýdi – Çotjan, Toýjan dädeň balnysa girenine näçe gün bold-a?! – Şu gün dördülenji gün. – Hawa, şu gün dördülenji gün Ditjan. Ýagdaýym gow-a diýýer. Dawut elindäki käsesini saçagyň gyrasynda goýdy. – Yzyndan gidip gelýäňizmi?! Annajemal oglunyň gapdalyna çökdi-de, ýüzüni ynjyly çytyp: – Şu günem baryp geldim. Ýöne özi «Gelmäň, men gowy» diýip dur-a. – diýip, böwrüni tutup buruldy. Dawut ejesiniň elini eline aldy. – Eje janym. Näme, agyrýarmy? – diýdi. Ejesi başyny ýaýkasa-da, onuň gözlerinden biygtyýar damjalar düşegiň üstüne paýrap gitdi. – Ýöri, eje janym, men seni düşegiňe geçireýin. – diýip, ejesini düşegine geçirdi-de: – Eje janym – diýip, edil demir gazyk ýaly barmaklary bilen ejesiniň ýüzüni sypalady-da, onuň ýaňagyna ýüzüni berdi. – Eje janym, şu wagt alsalar seniň üçin janymy berip, seni sagaldardym. Şeýdip ýatmagyňa hiç dözemok-da, eje janym. Kesellemesene, eje janym. – diýip, gaýta-gaýta özelendi. Annajemala mütrük ýaljak balajygynyň bu sözleri hem melhem, hem dert boldy. – Wah, Ditjanym, balam. Ejeň ölse, ölüp geçsin. Heý, menem seniň janyňy öz derdime derman ederinmi? Beý diýme, goýaweri, balajygym. Ine, gutularyn. Ol hyklap, düşeginden turjak boldy. – Ýok, ýok, eje janym, turma. Menem, indi ýatjak. Dawut daş çykdy. Ol açyk howa çykansoň Aşyraly mugallymy ýatlady. Içeri girip, atasynyň goşuna alyp giden depderini aldy-da Aşyraly mugallymlaryň öýüne bakan haýdap gitdi. Aşyraly mugallym öýde ýok eken. Ol depderini mugallymynyň gyzjagazyna berip, öýlerine gaýtdy. Soň otagyna girip, düşegine geçdi. – Ertir irden turup etrap merkezine gitmeli. Toýjan dädemi, Çaçyny görüp, soň kitap dükanyna baryp, altynjy klasyň kitaplaryny, depder, ruçka almaly. Gurluşyk materiallary dükanyna barmaly – diýip gysgajyk oýlandy-da, uka gitdi. | |
|
√ Gala -9: Ömrüň beýany - 16.02.2024 |
√ Duman daganda: Galp gazanar, galtaman gönener - 12.06.2024 |
√ Köne mülk -10: romanyň dowamy - 18.06.2024 |
√ Ýedi müñ çakrym: Şam ilinde - 17.08.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -14: romanyň dowamy - 19.07.2024 |
√ Jynlar bezmi ýa-da uly oýun -9: romanyň dowamy - 16.07.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -7: romanyň dowamy - 02.06.2024 |
√ Köne mülk -8: romanyň dowamy - 16.06.2024 |
√ Ak guwlary atmaň -11: romanyň dowamy - 06.06.2024 |
√ Köne mülk -4: romanyň dowamy - 11.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |