00:21 Dõwlet guşy - ynam simfoniýasy | |
«DÖWLET GUŞY» — YNAM SIMFONIÝASY
Edebi makalalar
Belent mertebeli Arkadagymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 22 ýyllygynyň öňüsyrasynda «Döwlet guşy» atly ajaýyp romanyny sowgat berdi. Bu roman tutuwbaşdan halk köpçüliginde gyzgyn seslenme döretdi, halkyň sagdynlyk hem ruhubelentlik ganatyna öwrüldi. Munuň özüne ýetesi hikmeti bar. Ol hikmet romanyň ynam simfoniýasylygyndadyr. Çünki ynam ähli üstünlikleriň, rowaçlyklaryň, sagdynlygyň, ruhubelentligiň esasydyr. Ynam bilen gudrat döredilýär. Belent mertebeli Arkadagymyz hem «Döwlet guşy» atly bu romanynda okyjylaryň kalbynda üstünliklere, röwşen gelejege, beýik söýgä berk ynam döredýär. Roman üç bölümden ybarat. Ol bölümleriň üçüsi hem ynam bilen berk baglanyşykly. Romanda ynamyň üç esasy açylyp görkezilýär. Şeýle bolansoň, ol bölümler «Ynam — güýç», «Ynam — söýgi», «Ynam — ganat» diýlip atlandyrylýar. Olarda ynamyň abyrsyz uly güýçdügi, söýgüdigi, ganatdygy ussatlyk bilen täsirli wakalaryň teswirinde açylyp görkezilýär. Ynamyň ymgyr uly güýçdigi ýaňy on iki ýaşan Mälikgulynyň başdangeçirmeleriniň esasynda teswirlenýär. Romanda bir ýarym ýylyň wakalary — 1943-nji ýylyň baharyndan 1944-nji ýylyň baharyndan 1944-nji ýylyň güýzi aralygy beýan edilýär. Bu döwür belent mertebeli Prezidentimiziň kakasy Mälikguly aganyň maşgala garamatyny — iner ýüküni merdanalyk bilen çeken günlerini öz içine alýar. Şol iner ýüzüni çekmäge ertirki röwşen geljege kynçylyklaryň wagtlaýyndygyna, fronta giden kakasynyň we beýleki adamlaryň ýeňiş gazanjakdyklaryna bolan berk ynamy güýç berýär. Mälikguly her bir işde berk ynamly. Ol durmuşda ynamyň gudrat döredýändigine berk ynanýar, çünki ol ynamy durmuşdaky güýjüni telim ýola görýär. Şeýle bolansoň, Mälikguly diňe bir öýünde däl, eýsem, öz deňi-duşlarynyň, obadaşlarynyň arasynda hem ýeňişe, ertirki bagtyýarlyga ynam döretmäge çalyşýar, bu oňa başardýar hem. Türkmen aňynyň ýaşaýşynda erk çuňňur manyly zat. Bir söz bilen aýdylanda, erk — adamyň hem milletiň ýaşaýyş ukybydyr. Erk arkaly adam hem millet öz «menini» amal etmegi, ykrar etmegi başarýar. Milletiň hem şahsyýetiň «menini» amal edişi, edil biologik organizmleriň ýaşaýşyny dowam edişiňdedir. Organizm — açyk ulgam diýip biologlar tassyklaýarlar. Munuň özi şeýle diýmekdir: jandaryň agzy daşardan alynýan iýmiti aşgazana geçirýär, ol iýmit aşgazanda işlenilýär, soňra-da üýtgedilen energiýa görnüşinde damarlar arkaly tutuş organizme siňdirilýär. Ýaşaýşa ukyply adam ýa-da millet edil ýokarky ýaly prinsipde fiziki erki ruhy erke öwrüp, özüne siňdirip bilýän zatlardyr. Domrulyň dramasy — onda özüniň gara güýjüni ruhy güýje öwrüp bilýän şeýle içki ukybyň ýoklugyndadyr. Hakyky erk — ruhdur. Çünki ruh — öz gapma-garşylygyna öwrülmeýän erkdir, sebäbi onuň gapma-garşylygy ýokdur. Şu ýerde türkmen ruhunyň, taglymatynyň tejribesine we gazananlaryna esaslanyp, möhüm filosofiki meseläni — ruh bilen maddanyň arasyndaky mynasybet hakda käbir zatlary nygtamak isleýärin. Madda ruhuň gapma-garşylygy däldir. Eger şeýle bolsa, onda bularyň biri-birine öwrülmek mümkinçiligi ýüze çykardy. Ruh bilen maddanyň arasynda şeýle öwrülmegiň ýoklugynyň sebäbi — bular ontologik taýdan baglanyşykly däl närselerdir, ontologik bitewülik bu ikisiniň aýry-aýry dünýälerdigi üçin, mümkin zat däldir. Magtymguly ruhy hemişelik, absolýut närse, maddany üýtgeýän, pany barlyk diýip görkezýär. Diýmek, ruh maddanyň ösüşiniň netijesi hem däl, onuň hasyly, şuglasy hem däldir. Diýmek, madda ýaşaýşynyň dürli taraplaryna, şol sanda wagta-da dahylly däldigi üçin, ruh bakydyr. Bu ikisiniň arasyndaky gatnaşygy nähili göz öňüne getirmeli? Birinjiden, ruh ruhuň barlygyna mätäç maddanyň öwezini doldurmasydyr. Hudaý dünýäniň ýetmezçiliginiň, ruh teniň ýetmezçiliginiň öwezini doldurýar. Entek madda özüniň ýaşaýşynda ruha mätäçkä, ruh hem onuň ýetmezleriniň öwezini dolýarka, dünýäniň ýaşaýşy sazlaşykly gidýär, «ýaşaýyş» diýilýän fenomen mümkin bolýar, hakykylygynda galýar. Adamzadyň «din» diýip atlandyrýan ruhy hadysasyna-da maddanyň ruha mätäçligi nukdaýnazaryndan seretmek gerek. Din — adamyň biologik ýetmezçiliginiň ruh bilen öweziniň doldurylmagydyr. Biologik ýetmezçilik, has dogrusy, petik, çykgynsyzlyk diýip men ölüme ynanýaryn. Adam ölümi adalatsyzlyk, ýetmezçilik, kemçilik diýip bilipdir. Onsoň ol özüniň ýaşaýşynyň sazlaşygyny, paýhasalaýyklygyny üpjün etmek üçin bu kemçiligiň üstüni ruh, dini garaýyşlar bilen ýetirýär. Teniň öldümi — ruhuň galar! Bu tebigy ölümiň ruhy öwez dolmasydyr. Şu ýerde adama ynanç kömege gelýär. Ynanç — ruhuň delilidir. Bütinleý başga erk, başga energiýa bolansoň, ruhy ynanç tebigy erkden juda rüstem bolupdyr we rüstem bolmagynda galýar. Adamyň özboluşly jandar hökmündäki iň güýçli sypaty, elbetde, ruhubelentlikdir. Ruhubelentlik — ýaşaýyş ukybynyň iň ýokary derejesi, energiýanyň iň ýokary görnüşidir. Ruhubelentlik bir daragt bolsa, onuň kökleri Ynançdan suw içýändir. Ynanç — ruhy erkinlikdir. Ynanç — öz «meniňi», öz ruhuňy aňlamakdyr. Islendik erkinlik — öz «meniňe» howp salýan daşky erkleri erksizleşdirmekdir. Ruhy erkinlik bolsa çuňňur ruhy gymmatlyklara esaslanýan erkinlikdir. Erkinligiň üç hili görnüşi bolýar. 1. Tebigy (fiziki) erkinlik. 2. Syýasy erkinlik. 3. Ruhy erkinlik. Bularyň birinji ikisi üçünjiniň ýoklugynda syndyryp bolýan erkinliklerdir. Tebigy erkinlik — öz barlygyňa erk etmek. Erkinligiň bu görnüşi diňe bir adamlarda däl, hatda haýwanlarda-da bolýar. Munuň özi hereketiň erkinligidir. Syýasy erkinlik — öz hukuklaryňa erk etmek. Ruhy erkinlik — ruhuňa-akylyňa, kalbyňa, pikirleriňe, ar-namysyňa, ruh bilen baglanyşykly ähli gymmatlyklaryňa erk etmekdir. Ruhy erkinligiň, ynanjyň özi milleti millet edýän, şahsyýeti şahsyýet edýän gymmatlyklaryň ulgamydyr. Şolaryň ýok ýerinde boşluk emele gelýär. Erkiň aýratyn bir görnüşi hökmündäki ruhy erkinlik adamyň hem milletiň gürrüňsiz ykrar edýän, ynanýan ruhy hakykatlarynyň barlygynda kemala gelýär. Türkmen üçin bu müňlerçe ýyllaryň dowamynda goldanylyp gelnen milli ruhy gymmatlyklaryň ulgamydyr. Şol ruhy gymmatlyklar her bir täze dünýä inen türkmen perzendiniň aňyna hem süňňüne ene süýdi, ene-ata terbiýesi, däp-dessurlaryň, ylym-bilimiň üsti bilen siňdirilipdir. Ruh, şeýdip, adamyň göwresine, süňňüne siňýär we onda türkmen ruhy kemala gelýär. Şonuň üçinem türkmen ruhuny adamyň ýüz-gözünden, hereketlerinden bilip oturmalydyr. Ruh göwräni özboluşly bir ruhy keşbe, görnüşe salýar. Türkmen dilindäki «ýüz-gözünde ruh («nur») galmandyr» diýen ýaly sözler ruhuň keşpde aýan bolýandygynyň tassyklanmasydyr. Adamyň içki ruhy energiýasy onuň ýüzüni üýtgeşik manyly, nurana hem nazarkerde edýär. Ruh, erk ýaly içki çuňňur hadysalar türkmen dilinde dürlüçe aňladylypdyr. Meselem, biziň dilimizde «döwi pes, döwi rüstem» diýen aňlatmalar bar. Bular hem ruhuň ýaşaýyşda, ruhuň adam indiwidinde ýüze çykyşyna degişlidir. Umuman, ruh bilen baglanyşykly meselede mifologik pikirlenmäniň täsirini görýäris. Munuňam sebäbi ruhuň edil el bile tutup, «ine» diýip görkezäýerden, ýa bolmasa, akylyň, pikiriň anyklygyna salaýardan has inçe, has çylşyrymly hadysalygyndandyr. Döw — türkmenleriň yslamdan öňki dini garaýyşlaryndaky perişdeler bolmaly. Köneler ruh bile göwräniň arabaglanyşygyny juda gödek göz öňüne getiripdirler. Ruh, hamana, adamyň içine tebigy suratda diýen ýaly girýän bir şahs, adamyň içki ekiztaýy ýaly bir zat hasaplanypdyr. Yslam kabul edilensoň, döwleriň şu babatdaky ornuny belli bir derejede jyn diýilýänleri tutupdyr. «Ruh» sözüniň ýönekeý grammatiki köplügi bolan arwah sözüniň türkmen aňynda bütinleý başga bir zady aňlatmagy-da ata-babalarymyzyň mehaniki häsiýetli dünýägaraýşyna şaýatdyr. Näme bolanda-da, bize indi geň görünýän bu aňlatmalaryň aňyrsynda ruh bilen baglanyşykly inçe hakykatlar ýatandyr. Şol hakykat hem ruhuň göwrede ýüze çykýanlygyndan ybaratdyr. Göwre, ten, umuman, madda öz-özlüginde obrazlylykdan mahrumdyr. Obrazlylyk, ýagny suratdaky many diňe ruh arkaly mümkin bolýandyr. Arassa madda, ten bolsa şu manyda boşlukdyr. Meniňçe, mundan birnäçe asyr ozal ýaşan adamlaryň tüýsi-de biziň döwürdeşlerimizden güýçli tapawutlanan bolsun gerek. Çünki şol döwrüň ruhuny emele getirýän tebigy, durmuşy, taryhy, ahlaky giňişlikler häzir ýok ahyryn. Biziň türkmen şahyrlarymyzyň galabasynda şeýle pikir bar: «Çagaka aýak ýalaň meýdanda gezip, aýagyna tiken çümdürip görmedik, meýdandan kömelek çöpläp görmedik adam şahyr bolup bilmez». Şygryýet — ruhuň sazlaşan duýgy arkaly ýüze çykmagy. Ruh bolsa hemişe bolupdyr, hemişe-de bolar. Ýöne her döwrüň öz şahyry bolar. Elbetde, çagaka kömelek çöplän şahyryň ruhy uçarda ýa otluda doglan şahyryň ruhundan düýpgöter tapawutlanar. Ruhuň tüýsi, terzi üýtgeýär, ýöne ol hemişe ruhlugyna galýar. Ruhy gymmatlyklaryň görnüşi, delili, beýleki taraplary üýtgäp biler, emma ruhy gymmatlyklaryň ähmiýeti, rüstemligi hiç mahalam üýtgemez. Muňa aýdyň mysal — beýik türkmen şahyry Seýit Nesiminiň ruhy gahrymançylygy. Onuň ölümi ruhy erk güýçli bolanda, diňe bärki-bärki zatlary-ha däl, hatda ölümi-de ýeňip bolýandygyna mysaldyr. Elbetde, bu ýerde «ýeňmek» sözüne ruhy manyda düşünmeli. Ol ölümi hakykat hökmünde aradan aýyrmagy däl-de, ruhy taýdan ondan ýokary galmagy, ölümden rüstem gelmegi aňladýar. Şeýle ruhy erk Nesimide ynançdan, ruhy «menini» tapyp bilenligi üçin döräpdir. Nesimi: «Anal Hak — men — Hak («Men — Hudaý!») ýagny: «Hudaý meniň içimde, özmde!» diýmek bilen tendenem, maddadanam, ölümdenem has ýokary göterilipdir. Özüni soýmakçy bolýan jellatlaryň ejizligini, gorkaklygyny görüp, onuň olara haýpy gelipdir. Munuň özi ruhy gymmatlyklaryň adamda ruhubelentligi terbiýelemekde nähili ähmiýetiniň bardygyny görkezýär. Osman ÖDE | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |