00:19 Döwletýar beg / pýesanyñ soñy | |
ÜÇÜNJI AKT
Teatr we kino sungaty
I. Agamuhammet şanyň çadyry. Şanyň göçme tagtyny getirip goýýarlar. Şa gelýär, ol ýöriş lybasynda. Tagtyň gapdalynda pes tekçede galam-kagyzly mürze taýýar bolup oturýar. Nökerler Döwletýary getirýärler. Döwletýaryň gyrçuw sakgaly agarypdyr. Şanyň öňünde baş egmän duranyny görenler gozgalaňa düşýärler. Mürze aljyrap, oňa başyňy eg diýen yşarat edýär. Nökerleriň biri Döwletýaryň ýeňsesinden itip, egil diýip görkezýär. Şa höwessiz gülüp, gidiň diýen yşarat edýär, nökerler gidýär. AGAMUHAMMET. Olar şanyň öňünde baş egmeýän kişini Allasyna gargaýan tüwmaýak bilen deň saýýandyrlar. DÖWLETÝAR. Eşek-de öwredilen ýodadan çykmagy ýokuş görýändir. (Şa gülýär). AGAMUHAMMET. (Mürzä). Daýy ugrumyň dilewarlygyna näme diýersiň? MÜRZE. Eşek keçjallygy üçin taýak-da iýýändir, şahy älem. AGAMUHAMMET. He-he, Döwletýar beg, ýegeniň şa tagtynda otursa-da, dogry sözi bialaç diňlemeli bolýar. DÖWLETÝAR. Dogry söze sarpa goýýan şany biz-de gözläp ýörendiris, ýegen. Türkmende “Ýegen ujy ýagy” diýen-de bir söz bardyr. AGAMUHAMMET. Siziň sözüňiz-de häsiýetiňize kybapdaş. DÖWLETÝAR. “Gan bilen giren jan bilen çykar”. AGAMUHAMMET. Seniň tekepbirligiňi mahabatlandyrýardylar weli diýleniçe bar ekeni. DÖWLETÝAR. Aýakda bolandan agyzda bolan ýagşydyr, şa ýegen. AGAMUHAMMET. Tarypyňy ýetirýänler bar, gulak as, gamly ýüregiňe teselli bersin gerek. (Mürzä oka diýen yşarat edýär). MÜRZE. (Göwnüýetmezlik, gülki äheňde okaýar.) “Döwletýar begiň ýigitleri duşmanyň üstüne at goýdular. Meýdanda an gadar uruş boldy, göýä gamyşga ot düşdi, goýunga gurt darady. Kimi jansyz, kimi çalajan, kimi naýza öturilgi, läş-läşiň üstüne düşüp, ýatypdyr. Soňabaka naýza, tüpeň bikär bolup, gylyja bereket indi. Gylyç gylyjy kesip, göýä diýer sen kyýamat gopdy. Iki baka sowlan gutuldy, rast geleniň kellesi ussa neçjaryň şyrdagy ýaly hyrlanyp gitdi. Meýdan al gandan lälezar boldy. Ahyrda ýigitleriň gylyjynyň zarbyna tap getirip bilmän, gyzylbaş aljyraňňylyga düşüp ugrady. Şol barmana olaryň tugy hem syndy. Tug ýykyldy, gyzylbaşyň öýüne ot düşdi. Olar hergäh-bergahlaryny taşlap, baş-başa, jan-jana bolup gaçmaga ýüz urdular. Gyzylbaşlaryň han-beglerini, sypaýylaryny tutdular, köp-köp mal-olja, ganymatlaryny alyp, ýigitler yza gaýdyberdiler...” AGAMUHAMMET. (Gülýär). Gulagyňa ýarady gerek. DÖWLETÝAR. Astrabadyň eteginde şeýleräk bir söweşiň bolany ýadymda. AGAMUHAMMET. Beýle atarman, çaparman leşgeri bolan serkerdäniň bendi bolup durmasy geň dälmidir, Döwletýar beg? DÖWLETÝAR. Meni açyk meýdanda güýç bilen ele salmadyň, şahym, hile bilen duzak gurduň, geň ýeri şoldur. Pylan ýerde ejize ganymlyk edilýär diýilse, eglenjekmi men, sabyr-takatdan aýrylyberýän. Öýümi talap gitdiler diýip, zarlap gelen adam siziň jansyzyňyz bolup çykdy. AGAMUHAMMET. Jansyz diýýäniň öz iliňden, öz türkmeniň. DÖWLETÝAR. Bir-ä galtamanyň, bir-de dönügiň milleti bolýan däldir, şahym. Şahym, türkmeniň başga-başga etsemleri-de bardyr, ýatlamasak karam bolar. Mekany sähra bolandanmy, kalby-da älemiň giňligine ogşaýar. Utanman, göni baryp bilseň, ogry-jümri bol, galtaman bol, kimsiň diýip sorap durmaz, saçak başynda ornuň bardyr. Garyndaşlyk ugurdan ilteşigiň bolsa-ha, bagtyň çüwdügi bil, ýalaňaç barsaň donuny çykarar berer, ýetim galanyňa ene-atanyň hyzmatyny eder, tagtdan düşürlip, syrtyna depilen han-begiň-de yzyna düşer gidibir, mülküni, tagtyny alypbir, sen-ä agsak ekeniň-de diýmez, agta ekeniň-de diýmez. AGAMUHAMMET. (Gygyryp turýar.) Sem bo-ol! Äkidiň!.. (Nökerler kürsäp girýärler, Döwletýara ýapyşýarlar.) Gözüni oýuň, dilini sogrup, aç ganjygyň öňüne atyň!.. (Döwletýary çekeläp alyp ugraýarlar. Şa köşeşenok.) Ýalbar, aman sora, çök dyzyňa! (Nökerler çekilýärler). Dyza çök, çök dyzyňa, saňa şalaryň şasy Agamuhammet höküm edýär! DÖWLETÝAR. Türkmen diňe aýat okalanda dyza çökýändir. Agamuhammet köşeşip bilenok. Mürze altyn gaba bir zat guýup uzadýar. Şa iki-üç öwre teşnelik bilen owurtlap, tagtynda mejalsyz oturýar. AGAMUHAMMET. Dyza çök, aýatyňy özüň oka, başga okajak ýok. DÖWLETÝAR. Ilim okar. AGAMUHAMMET. Men saňa il diýip-de, mahabatlandyrýanyň kimdigini görkezeýin. Häzir sen kalby älemiň giňligine bäs edýän türkmeniň tomaşasyny görersiň. Hakyky serkerdeleriň ätiýajy namart ölümdir, agyr söweşde edermenlik görkezeýin, ölsem-de ýarag ujundan öleýin diýýändir. Men saňa bege gelişmeýän ölümi buýurýan, namart ölüme sezewar bolduň, Döwletýar beg. Meniň, nökerlerim saňa ýarag gezär öýtme, sen öz mahabatly türkmeniň elinden ölersiň. Ol ýigit şanyň hökümini berjaý edenok, ar-namysyň, talabyny ýerine salar. Masgara ölüm seniň nesilleriň ýüzüne gara tegmil bolup düşer, dillerini gysga eder. Unudylar diýip umyt etme, daşyň ýüzüne ýazyldy diýip bil. Agamuhammet Mürzä garaýar, ol galam-kagyzyny taýýarlap otyr. Soňra şa çapak urýar. Nepesi alyp gelýärler, ol ýaragsyz. NEPES. Essalawmaleýkim, şalaryň şasy. AGAMUHAMMET. (Nepese). Alnyňda Döwletýar beg dur, ganhoruň dur. Garaşylmadyk pursat Nepesi-de, Döwletýary-da alňasadýar, birek-biregi tanajak bolýan ýaly içgin garap durlar. NEPES. Äý, ýok, munuň boýy-syraty bize eşidilýän Döwletýar bilen gabatlaşmasa nä? Arap Reýhana kybap, tagaşyksyz jandara sataşmagyň aladasyny görüp ýördük. Eýse, saňa Döwletýar beg diýilse rast düşjekmi? DÖWLETÝAR. Ideýäniň çyn bolsa, Döwletýar bege sataşdyň. NEPES. (Gaýtadan gözi öwrenişýänçä synlaýar.) Men seni dagdan, düzden, çölden gözledim, agamyň gara başy guma garylandan bäri gözläp ýörin-dä... Şahym, dyzymy epeýin, nepesimi durlaýyn. (Nepes bir meýdan aşak bakyp ümsüm oturýar.) Köp gözledim-o-ow, jahyllyk pursatyny ötürdim, enwalla, obamyň haýsy goldan, haýsy ülkeden çykanny-da bilýän däldirin. Ýylyň, aý-günüň hasabyny-da ýitirdim. Agamyň ganyny almasam ilime dolanmaga gaýratym ýok, ýaşamak-da parz däl. DÖWLETÝAR. Gözleýäniňi aňýardym. NEPES. (Gygyrýar). Hä-ä, hä-ä, bolaýdy biý-ä! Boýun almasa näderkäm diýip durdum, namartlyk, etmediň, hernä. Ganhoruň mert bolanda alan aryňdan kanagat tapsa bolar, şahym. DÖWLETÝAR. Eýsem-de bolsa, şanyň çadyrynda sataşarys öýtmeýärdim. NEPES. Per bermediň düzden gözledim, daga çykdyň, daga galdym, çöle urduň. At bilen kowdum, şemala öwrüldiň, şemal bolup kowdum, sen şöhlä döndüň. Albassymy sen! (Nepes aýak üstüne galýar, eline gylyç tutdurýarlar). DÖWLETÝAR. Arly-namysly ýigit, şanyň jelladyna öwrülme, bir kelläni alanyň bilen oňdurmazlar. NEPES. Namardy daşdan gözle, şasyna-da, begine-de ýalbaran däldirin. Söweş meýdanynda sataşmaga şu ýeri amat bilip geldim. Agamyň depesinden gylyç uraňda, onuň-da elinde gylyç bar ekeni. Şahym, senden towakga edýän, Döwletýar begiň at-ýaragyny gaýtaryp beriň, açyk meýdanda garpyşmak sapam bar. AGAMUHAMMET. Döwletýar beg biziň-de ganhorymyz, onuň kellesine biz senden beter şärikli. NEPES. (Janygýar). Ýaragsyz adamyň depesinden gylyç salsam biwazy bolýan, namart bolýan! Eline gylyjyny bir beriň-ä! AGAMUHAMMET. Sen-ä bolsa-da Döwletýar begi güldürjek. NEPES. (Gylyjyny häzirläp, Döwletýara golaý barýar, urmag-a hyýallanyp, birdenem goluny ýatyrýar). Şahym, ýaragsyza gylyç urmaga golumda deramat ýok, ýaragny beriň, şahym. Ol-da beg adam, ölse-de eli gylyçly ölsün-ä!.. AGAMUHAMMET. Bi akmak Döwletýaryň aladasyny edip duran ýaly- la? Döwletýar Nepesiň önünde dyza çökýär. Nepes yza tesýär, şa gazap bilen aýak üstüne galýar. DÖWLETÝAR. Seniň öňüňde dyza çökmegi namys bilemok, ýagşy ýigit. AGAMUHAMMET. (Nepzse) Kes başyny, dili geplemesin! DÖWLETÝAR. Ömrümiň ýarsy agaň nähak gany üçin ökünçde geçdi. Öýsüz-öwzarsyz, mekansyz, sopbaş ötjegime ökünemok, eger il-güne eden haýyr işim günämiň öwezini dolmasa, men ahyretde dowzah oduna ýanmaga yrza. Bu çözgüdi o dünýä goýaly, inim. Agamuhammet tagtdan düşýär. Nökerler şanyň permanyna taýýar görnüşde golaý gelýärler. AGAMUHAMMET. (Nepese). Munuň agaç ýuwdan şekilli bolup durşuna bakyň. Göter gylyjyňy! DÖWLETÝAR. (Nepese). Başymy keseniň bilen derdiň ýeňlemez. Bi gara kelläniň kesiljegi aýan, ony şanyň jellatlary kessin, sen kesme, bu ýerde şanyň öz hasaby bar, öz guran oýny bar, inim. AGAMUHAMMET. (Nepese). Şirin janyňa haýpyň gelsin, lal açdyr ony! Nepesiň elinden gylyjy gaçýar. Ol dyza çöküp oturan Döwletýara topulýar. NEPES. Är gördüm seni, beg, gal ýeriňden! AGAMUHAMMET. (Nökerlere). Äkidiň, deswi-dähel gözüni oýuň. Nökerler Nepesi alyp ugraýarlar. DÖWLETÝAR. Dertliniň derdini artdyrma, şahym! AGAMUHAMMET. Rehim diýýäniň çyn bolsa, dyza çöküp ýalbar, islegiňe hä diýeýin. DÖWLETÝAR. Il-gün şalardan adyllyk isleýär, bigünä bendäni gödek oýna goşmaly, şahym, karam bolar. Ýigidi ýalançynyň nurundan binesip etme, çöldäki ýodalary yzlasyn, obasyna, il-gününe gowuşsyn. AGAMUHAMMET. Dyza çöküp ýalbar. DÖWLETÝAR. Meniň gözümi oýdur! AGAMUHAMMET. Dyza çök! Öz türkmeniň üçin dyz epmegi ýokuş gördüň-le?! DÖWLETÝAR. Döwletýar beg dyz epse, ony ilden öňürti ýaňky ýigit näletlär. AGAMUHAMMET. Agyra çydan müň ýaşar. Hanjar bilen bäbenegi oýulýan ýigidiň sesi gulagyňa ýarar öýtseň, otur, diňle, lezzet al... Şa tagtyna geçip oturýar, altyn gapdaky içgiden owurtlaýar. Agyr ümsümlik dowam edýär, ses eşidilenok. Bisabyr garaşma şanyň çydamyny ahyr edýär. Ol Murzä yşarat bilen garaýar. Mürze haýdap çykyp gidýär, eglenmän hem dolanýar. MÜRZE. Kyblaýy älem, türkmeniň gözüni oýupdyrlar. AGAMUHAMMET. Biz onuň sesini eşitmedig-ä? Nirede oýdular? MÜRZE. Ed-dil daş bosagada, kyblaýy älem. Çydamyna geň galypdyrlar, jyňky-da çykmady diýdiler. AGAMUHAMMET. Bäri getiriň... (Nepesi getirýärler, gözlerinden gan akýar). Iti-de ursaň çyňsaýar, ten awusyny ýeňletjek bolýar, sen-ä itden-de çydamly ekeniň. NEPES. Çydam ozalebetde türkmene Alladan berlen paýdyr. AGAMUHAMMET. Eger Döwletýar beg sen diýip dyza çöken bolsady, niýetim seni bagyşlamakdy, ýigit, kiçilik bildi. NEPES. Döwletýar beg dyza çökse, türkmen kiçeler, şahym. Agamuhammet gitmäge howlugýar, yzy bilen göçme tagtyny hem alyp gidýärler. Çadyrda Döwletýar bilen Nepes galýar. DÖWLETÝAR. Sen buýsanjymy artdyrdyň, inim. NEPES. Döwletýar beg, sen bärdemidiň. DÖWLETÝAR. Aýt, inim, adyňy bir eşideýin. NEPES. Nepesdir adym, teke ilinden bolar men. DÖWLETÝAR. (Nepesi gujagyna gysýar). Nepes, är ekeniň! Otur, inim, dyzyňa kuwwat geler. (Oturýar). Ikimiz bijaý ýerde sataşdyk, çölde, düzde sataşaýan bolsadyk, dil tapaýjak ekenik. NEPES. Sen töwella ederdiň, töwellaňy almazdym, Döwletýar beg, ikiden birimiz ölmeli borduk. Bi jepany Alla biziň maňlaýymyza ýazan borly. Iki nöker gelip, Nepesi alyp ugraýar. DÖWLETÝAR. Razy bolsaň, razydyryn diýip git, Nepes, arkaýyn öleýin. NEPES. (Güýç bilen saklanýar). Günäňi Alla ötsün, biz tarapdan zowal bolmaz, biz razydyrys. Döwletýar beg, nesibäm çekip ilime gowuşsam, gözüm görmese-de dilim gepleýär, sargydyň-a ýetirerdim... Döwletýaryň jogabyna garaşman Nepesi alyp gidýärler. Döwletýar çadyryň agzyna golaýlaşýar, şol bada iki nöker häzir bolýar, yza itekleýärler. DÖWLETÝAR. Çagyr, dile düşünýäniň bäri gelsin. (Iç bosagada mürze peýda bolýar). Halaýyk, dutarymy gaýtaryp bereweriň, güýmenjesiz goýmaň bizni... (Dutaryny getirip berýärler, Döwletýar oýlanyp oturýar, soňra “Daglara” diýen aýdyma gygyrýar.) Egrem-egrem jülgelerden ýol ýasap, Aşar erdim niçe-niçe daglar, heý. Jüpbe, jöwşen geýip, bedew harladyp, Çykar erdim soly birle saglar, heý. Döwletýar beg, niçe döwranlar sürdüm, Ýagşyny-ýamany gezdim-de gördüm, Garrydym, gojaldym, muňaldym durdum, Bizden döwran ötdi diýgil, daglar, heý. Aýdym gutaryp-gutarmanka nökerler çadyra kürsäp girýärler, Döwletýaryň dutaryny alyp, elini daňyp gidýärler. DÖWLETÝAR. Döwletýar beg, aýdymyň häsin-ä ýetirdiler bolsa-da... Ol çadyryň öresine arkasyny berip oturýar. Onuň göz öňünden ak geýnen, ak sakgal, ak telpekli gojanyň goluny baglap alyp barýarlar. DÖWLETÝAR. Goja, tagapyl ediň, başyňyza ne iş düşdi? Ýüz- gözüňizden nur ýagyp dur, ýagşyzadamy, Hydyr atamy siz? GORKUT. Biziň ismimize Gorkut diýerler. DÖWLETÝAR. Däde Gorkut, eý-ho-o, siziň-de goluňyz baglandymy? Elimde egri gylyjyň ýoklugyna ýanýan! GORKUT. Egri gylyjyň egsik bolsa, nalama sen, Gylyçdan ýiti paýhasa sygyn, Babyr goluň bagly bolsa, nalama sen, Gara güýçden zyýat akyla sygyn. Egri gylyç gyýnyn kesenden gylyjyň poslany ýeg. Dana söze ten bermek-de serbe-serdir namys-ara, Paýhasy egsik iliň ýaşandan öleni ýeg. Gorkut atany alyp gidýärler. Döwletýaryň gulagynda Tumaryň agy sesi ýaňlanýar. TUMARYŇ SESI. Uýansyz, gamçysyz atlar geler, Münjek däl diýgin, balam. Işiksiz, tüýnüksiz öýler geler, Girjek däl diýgin, balam... Agy sesiniň dowamynda garaňkylyk aralaşýar. 2. Öňki çadyryň içi. Şanyň göçme tagtyny getirýärler. Agamuhammet gelýär, yzynda mürze. AGAMUHAMMET. Bir iliň serdaryny bendilikde saklandan, galasyny gabawda saklanyň ýeňildir. Döwletýary ele salnan dessine ýoklamaly ekeni, hata goýberdik. MÜRZE. Ary köýüp barýan ejiz bendäniň hesretine kyblaýy älemiň kalbyndaky rehim Allanyň nurundan döreýän adalatdyr, oňa hata iş diýip bolmaz. AGAMUHAMMET. Sen kitap dilinde gürleýärsiň. Taňrygargan çölde entäp ýören adamlar seniň inçe pelsepäňe düşünjeklermi?! Omaçadan maýda süňk olaryň gözüne ilenok, haýwanyň yzynda haýwana dönenler seniň adam şekilli maslahatyňy aljaklarmy! Döwletýaryň goluny çözüň-de, bäri getiriň... Eýýäm haçan Balkana çenli habar ýaýrapdyr, töwellaçy ibermäge ýetişdiler. Mal diýseň mal, altyn diýseň altyn bereli, baha kes diýýärler. Baha kesip aljak malyň olaryň ertirki çapawulçylygynyň öwezini doljakmy diý. Döwletýary bendilikde saklasak, olar birdem dynçlyk bermezler, talaňçylygy aklamaga olara ýeser bahana bolar. Şa tagtda oturýar. Döwletýary getirýärler. DÖWLETÝAR. Aman-esenlikmidir, şahym. AGAMUHAMMET. Döwletýar beg, sen azat, ýoluňy saklajak ýok, gidiber. (Döwletýar ynamsyz garaýar). Döwletýar begiň ýarag-esbabyny getiriň. Ömrüň ahyrlap barýar, ne öý, ne mekan, ne zürýat bar sende. Taňrygargan çölüň o künjünden bu künjüne kaňkap, tüwmaýak ötdüň. DÖWLETÝAR. Kimsäge taňrygargan çöl, kimsäge hupbul watan. AGAMUHAMMET. Gaçybatalgadan ýurt-da bolmaz, Watan-da bolmaz. Men ýomuda adam şekiili ýaşara ýurt bereýin diýdim. DÖWLETÝAR. Minnetli aşy iýip bolýarmy, şahym, siz ýurduň gürrüňini edýärsiňiz. Döwletýaryň ýarag-esbaplaryny, dutaryny getirip berýärler. Döwletýar ýaraglaryny dakynýar. AGAMUHAMMET. Siziň kejirligiňizi örä öwrenen malyň sarçlygy bilen deňese boljak. Men ýomut beglerine, kethudalaryna köşgüň töründen orun berdim, saýamda saýalaň, döwleti edara etmegi öwreniň diýdim. Döwletiň binýady tagtda oturan häkime boýun synmakdan başlanýandar. Siziň boýun oňurgaňyz dim-dik. DÖWLETÝAR. Gözi oýulan adam egilenok, beter gaýşarýar. Ýomutlaryň-da gözüni oýdurdyňyz. AGAMUHAMMET. Çöle barýan ýodalary görmesinler diýdim. DÖWLETÝAR. Şo ýodalar birmahal siziň-de başyňyzy ölümden gutarypdy. Sizi çöle aşyran ýomudyň gany bilen tagta ýetipdiňiz, şahym, eýýäm haçan unudaýdyňyzmy? MÜRZE. (Topulýar). Hetdiňi tana, lal bol! AGAMUHAMMET. (Gülýär). Türkmeniň atly-owazaly serkerdesi bolsaň-da, gep-sözüň çagaňky ýaly gönümel. DÖWLETÝAR. Oglankam çopan itiniň möjek bilen tirkeşenini görüpdim. Çopan köpegini saklamady, ýoguna ýandy. AGAMUHAMMET. Çopan akyl edipdir. It adamyň erkindäki haýwandyr. Hojaýynyna biwepalyk edip, onuň duşmanyny dost tutunan bolsa, oňa ölümden gaýry jeza bolmaz. DÖWLETÝAR. Möjegiň erkinligi biçem däl ýaly-la, şahym. AGAMUHAMMET. Erkinlik diňe Allanyň paýydyr, haýwan-u ynsan onuň emrine maýyldyr. Sen meniň köp-köp nökerimiň başyna ýetdiň, agyr jeza sezewar bolmaly adam, ýöne men raýatlarymyň islegine ters iş edýän, seni boşadýan, muny Allanyň yradasy bilen bolýan iş diýip bil. Allanyň erkini ýagşylyga ýormaly. Men gajaryň sarsmaz döwletini bina etdim, gajarlaryň özara dawa-jenjeli gutardy, buýsanjy artdy. Döwleti bolmadyk halkyň agzy birikmez, Döwletýar beg. Möjegiň erkinligi seniň paýyň däldir. Alla ýaryň bolsun, Döwletýar beg. DÖWLETÝAR. Haýyşym bar, şahym. Ýoklamadyk bolsaňyz gözi oýulan ýigidi goýberseňiz, men-de ony eltip iline tabşyrsam... AGAMUHAMMET. Getiriň. Gözi gara mata bilen daňylan Nepesi getirýärler. DÖWLETÝAR. Nepes!.. NEPES. Döwletýar, seniň sesiň ýaly-la, salawmaleýkim. DÖWLETÝAR. Mendirin, inim. NEPES. Ýene görüşmek nesibede bar ekeni. DÖWLETÝAR. Indi biz ýoldaş, syrdaş, Nepes. NEPES. Ýagty ýalançyny görýänsiň-ä, Döwletýar beg? AGAMUHAMMET. (Gülýär). Sen juda töwekgel adam, Döwletýar beg. Öň-ä bi türkmeniň agasynyň ganyna galdyň, soňra-da seniň sebäbiňe onuň gözüni oýdular. Bu adwalatlary munuň hossarlaryna neneň düşündirerkäň? DÖWLETÝAR. Alada galmaň, şahym, öz ilim bilen düşünişmegi meniň paýyma goýuň. Agamuhammet gidýär, yzy bilen tagtyny-da göterýärler. Döwletýar Nepesiň elinden tutup, çadyryň gapysyna ýönelýär. Onuň göz öňünde ýene Gorkut ata peýda bolýar. Ony ýaragly adam alyp barýar. Gorkut atanyň agzyny gara mata bilen daňypdyrlar. Gorkut ata säginip, bir söz diýjek bolýar, gepläp bilenok. Gidýär. Döwletýar Nepesi idip ugraýar. SOŇY. Mart-iýun 1993-nji ýyl. Tirkiş JUMAGELDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |