01:39 Düwünçek çözülýär / satiriki hekaýa | |
DÜWÜNÇEK ÇÖZÜLÝÄR
Satiriki hekaýalar
Atabal agalara ýörite gitdim. — Baý öýüne bereket! — diýdim-de baraýdym. Olam: — Gelen döwlet! — diýdi-de, töre geçirdi. Ýylgyrdy-da: — Gyzym, Gülragna, çaý getir — diýdi. Sowgat-salamly baramsoň, derrew ynama girdim. Agşam eziz myhmany boldum. Din ugrundan onuň bilşi ýabygorlyrak ekeni. Boýun aldy. Köneçe kitaplary bile okap otyrdyk. Bilmeýän ýerlerinden towsup, it ýandakdan böken ýaly edäýýär. Ol dogalary köplenç ýat öwrenipdir. Kyragaty ýok, sesi ýakymsyz, tebäregiň käbir ýerini gaýtalatdyrdym weli, gaty harsal. Eger ony arap dilini bilýän hakyky molla diňles-ä ýüregini tutup ýykylardy. Ýapon sözlerem barmykan öýtdüm. Okamaga duran ýeri, ýüzi gara ekeni. Ýaşuly gönüsinden geldi: — Aý, biziňkem, myhman, näme, şol aklyk almagyň ýüzi garaçylygy-da. Hakyky mollalar köpçülikden çekildiler. Il aglak bolsa, doňuz depä çykar diýlişi ýaly, bize meňzeşler öňe saýlandy. Parahat oturyp gürleşip bilmedik. Ýaşulynyň gaty guduz agtyklary fermanyň gara siňegi ýaly, ahmal bolsaň, göni gözüňe giräýjek bolşup durlar. Ylaýta-da Atabal aganyň atasynyň ady dakylany Uçarişan juda bezzat ekeni. Ýüzüňe pişigi bilen urup, soňam çekip alýar. Ýüz-gözüm pers-ala boldy. Gyzgyn oragyň ujy bilen çitnelene döndi. Öýe gelemde öz çagalarym meni tanamady. Olar meni serhoş bolup urşandyr ýa-da böwürsleniň üstüne ýykylandyr öýdüpdirler. «Ýaşulynyň, agtyklary gezip ýören towugy tutaga-da, gyzgyn sajyň üstüne gysaýýarlar. Pyşdasy dökülýär weli, heýgenek taýýar» diýşip, goňşulary anekdot döredipdirler. Towuk ýumurtga guzlaýança garaşyp oturanoklaram. «Ýumurtganyň artmasy kyn» diýýärler. Janly-jandarlara, eger-eger, ýürekleriniň awajak gümany ýok. Içeri işler bölümine-hä iş bolsalar gerek. Bulary hemme mugallym okadyp hem bilmeýän ekeni. «Ylaýta-da aýal mugallymlary gan aglaýarlar» diýip, Atabal aga buýsanç bilen gürrüň berdi: — Çagaly mugallymany-ha agtygym — Uçarişanym dik duran ýerinde emäýýärem. Otüki atamyň ady dakylanym, baý-baý, bet-ow. Ot gorsaýar, ot. Ýaşulynyň adyny dakamsoň, zat diýemok-da. Bir gezegem aýdylan janly bişip duran uly gazana kir sabynyny atypdyr. Aşpezem zol köpürjigini aýryp dur. Kelle kesen bolub-a ýetişer — diýip ýaşuly güldi. Bilinde «ýaragdan» ýaňa ýer ýok. Keman, nagan, naýza, goýnuň aşaky äňi. Şu zatlar oýunjagam bolsa seni ýaralap bilýär. Pyçak zyňşyp oýnaýarlar. Entegem Gülragna bularyň ezeneginden tutup, süýräp alyp gidäýýär. Onuňam elinden hatyladyp dişläp çabalandyrýarlar, görgülijigi. Gije sagat on ikä çenli garagol agtyklary ýatmadylar, ses-üýn alyşdyrmadylar. Men bolsam şol syrly düwünçekden gürrüň açjakdym, hiç bolanok. — Gülragnadan başgamyza gulak asýan däldirler bular — diýip, ýaşuly olara meçew berdi. Äýnegimi döwdüler. Ahmal bolsaň, şlýapaňy hut gorşok edinjekler. Dat günüňe. Iýip oturan naharyňa köwüş oklap gaçýarlar. Erbedi, pul dileýärler. Ýok diýseň utandyrýarlar. Menem olara ülje ýaly ýylçyr kellämi ýalaňaçlap, ýeňsämdäki azajyk saçymyň düşmän galanyny görkezip: — Pulum ýetmänsoň ynha saçymyň hemmesini syrdyryp bilmedim — diýdim. Bu garagollar sagy däliredip, dälinem açjaklar, how. Aýak ýazym üçin howla çykdym. Tas ýüregim ýarylypdy. Sakgally bir epeý adam tamdyryň üstüne çykyp, aýagyny sallap otyr, görsem, elinde-de garakesewi. Salam berdim, sögdi. — Gara gazmada «Bibijany» çalyp bereýinmi? — diýdi. Onýança ýaşulynyň gyzy Gülragna gelip, oňa «düş!» — diýdi. Düşäýdi. Soňra ýaşulynyň özi howla çykdy. — Oňa salam bermäweri. Dälidir ol. Okarsyň, açarsyň diýip, getirip gitdiler. Eltip gaýtsamam, ýene gaçyp geläýýär. Gülragnadan başgamyza gulak asmaýa. Öjügýä. Şerigatda dälä, mese, eli kündükli synja gylmaga barýana, namaz okap oturana, gurhan okap oturana salam bermek bolanok — diýip, Atabal aga maňa düşündirdi. Atabal aga, şol salam berilmeýänleriň hataryna şerigat şyltakly, töhmetçilikli arza ýazýanam goşmaly ekeni — diýdim. Howluda başga-da doga-tumar almaga gelen aýal-ebtat bardy. Totam eje olara haly dokatdyrýan ekeni. — Doktorlaryň aýtmaklary boýunça, dälini zähmet açýamyş. Menem bulary işledýän. Taýak bilen-ä bulary bejerip boljak däl. Bu öýde men-ä sag adam bardyr öýtmedim. Diňe Gülragna gyz akylly-edepli. Myhmana güler ýüzi bar. Ýarygijeden soň ýaşuly bilen hakyky tanyşlyk açyp oturdyk. Ynandy. Syrly düwünçekdedi gözüm. — Gyzym, Gülragna, ajy gök çaý getir. Gürrüňimiz gyzyşdy. — Huşum ýok, adyňyzy ýatdan çykaryberýän, myhman?! — Adym-a Hydyrdyr, Atabal aga. — Tüweleme-tüweleme, berekella. Ýagşy adyňyz bar ekeni. Hydyr jan, adyňa mynasyp bol! — Ahal etrabynda Agişan diýip, Çary ahun diýip eşidensiňiz? — Eşitdim. Zyýarata gitmek höwesim bar. — Ony, nesibäňiz çekip, biziňkä barsaňyz, saglyk bolsa, Alla buýursa, miýesser edäýeris — diýdim. Atabal aga hoşal boldy. — Hawa, inim, Hydyr jan, siziň tiräňiz haýsy? Ýaşuly bilen degşip göreýin diýdim. — Tirämiz mikroraýondan — diýip, gülmän-yşman jogap berdim. Ýaşuly dymdy. Soňra sözümi ýuwmarladym: — Ýaşuly, biz şäherde ýaşap o zatlary bilemzok. Diňe haýsy köçe, haýsy mikroraýon, şoňa beletdiris. — Şäherde türkmençilik ýitip barýar-ow onda? — Dagy näme? Özüň ýitmeseň şükür ediber, durmuşyň bu ösüp barşyna. Aralyň düýbünde dary ekersiň. Kaspide goýun bakarsyň. Meselem, meniň oglum türkmen dilini bilenok. Düşünmesine az-owlak düşünýä. Lalam düşünýä. Emma gepläp bilenok. Tomusda oba garrylarymyzyňka ugradýan. «Garry ataň eline suw akyt» diýip öwredýän. Bir gezek synja gyljak bolanda «Meň eliňe suw akydaýyn» diýipdir ol namartaý. Atabal aga heziller edinip güldi. — Meselem: men size «Kimniň guly?» diýip sowal bersem, siz şäher adamy oňa-da oňly jogap beribilmeýäňiz-dä bu boluşda? — Jogap beribilýäs. — Hany, aýdyň-da onda? — Biz öý uprawleniýesiniň guly. — Garaz, «taňrynyň guly» diýjek däl-dä siz? — «Kimiň ymmaty?» diýip sorasaňyz, «Muhammet resulallanyň ymmaty» diýen jogaby biziň köpimizden eşitmersiňiz. — Musulman adam başga kimiň ymmaty bolup biler? — Şäher ispolkomynyňky borus diýerler, wessalam. — Diýmek, siz haýsy çaryýarlar dosty diýlen sowala-da pitiwaly jogap okap biljek däl-ow? — Okap bileris. Ýöne Abu Bekr, Omar, Osman, Aly däl-de; sud, prokuror, kontrol, milisiýa dördüsi millete has ýakyndyr. Şol dördüsi dört çaryýarlar bolup bilmezmi?! — diýip, ýaşulynyň pikirini biljek boldum. — Wah, nädadyň-a, myman, Hydyr jan?! Ýaşuly çaý owurtlady. — Indi diňe kimiň mezhebidigini soraýmak galýar-da?! — Onyň nagtdyr, ýaşuly. Biziň ymamagzamyz, ymamşapagymyz ýanymyzdadyr. Gaýynlarymyz, bajamyz, aýalymyz, ine, mezhebimiz. Atabal aga «wäh» diýip güldi. Şol wagtam onuň «mezhebi» — eltisi gelip: «ýatyň» diýdi. Tapbat bolduk. Şol syrly düwünçek düýşüme-de giripdir. Irden turduk. Ýene köne kitaplary okadyk. Lut pygamberiň, Nuhdur Eýýup pygamberiň gulagyny şaňlatdyk. Gözüm eýwandaky asylgy düwünçekdedi. Edil şu ýerde syrly düwünçekden gürrüň gozgajakdym. Emma irräk gördüm. Köne gürrüňlere ony alyp gitdim. — Atabal aga, sizden gadymyýetde bolan bir gürrüňi sorajakdym. — Soraň, bilsek aýdarys. — Juma namazynda bir piriň Baýkara diýen bir yzgytsyz baýdan kyrk goýun alşyny aýdyp berseňizläň?! — Eşitmändirin. Özüňiz aýdaýyň. Köp ýaşan bilmez, köp okan diýipdirler. Siz hem gezende adam ýaly. — Rugsatmydyr? — Rugsat Alladandyr — diýip, ýaşuly durşy bilen gulaga öwrüldi. — Gadym eýýamda Baýkara diýen gysganç bir baý adam ymama ýüzlenen. «Şu gezekki juma namazyny meniň haýryma okaň, kyrk goýun bereýin». Olam «Lepbeý» diýen. Metjide müň adam dagy ýygnanypdyr. Ymam ýaňky Baýkarany gapdalynda durzup, namaza başlan. Arapça sanap ugran. «Ýa, eý-e-hel, Baýraka! Ente kelbeň lebirä...» diýen. Ymam «dogaň» şu ýerini aýdanda yzdan biri: «ähem» diýip duýduryş beren. Sebäbi namaz okalýarka, gepläp bolanok-da. Ymam aljyraman yzky — «Ähem» diýen adama arapça jogap beren: «Erbaguna ganamiý, nespulike nuspili: La tenah nih eý ahiý!» diýen şondan soň yzky «ähem» diýen adam lal-jim bolaýan. — Indi munuň türkmençe mansy näme? — diýip, Atabal aga gyzyklanyp sowal berdi. — Yzda namaza duran bende arap diline ökde ekeni. Haçan-da ymam «Ýa, eý-e hel, Baýraka! Ente kelbeň kebirä» ýagny: «Eý, sen, Baýrakar, sen itleriňem bir tekepbir itisiň» diýip, arapça sögende, yzky bende «Ehem» diýipdir. Ymam bolsa yzka: «Erbaguna ganamiý, nespilike nuspili. La tenah nih eý ahiý» ýagny: «Kyrk goýundyr berjegim, ýarysy seňki, ýarysy meňki. Men ýeke özüm aljak däl-ä» diýipdir. Şeýdip, ymam gysganç baýyň kyrk goýnuny alyp paýlaşypdyr. Ýaşuly hezil edinip güldi, goýny özi alan ýaly boldy. Geçisi daga ýaýrady. Ol: — Myhman, Hydyr jan, maňa şony ýazyp bersene. Gerek bolaýmagy mümkin — diýdi. — Indiki baýlardan-a goýun almasaň gerek — diýdim. «Ýeri geldi, düwünçek barada sorasam bor-la». — Ýaşuly, hol düwünçegiň içindäki kitap Gurhanmy? Ýaşuly hezil edinip güldi. — Güzeran görmeli. Käte ant içilýä. Alladan gizlemedik zadymyzy bendesinden ýaşyryp nädeli. Käbir adam indi anta-da ynanmaýa. Emma ynama geçmeli. Gün görmeli. Durgunlyk döwri dine-de ýaramaz täsir etdi. Allaň özi geçirer-dä. Arada Ýagdy diýen bir žurnalistiň arkasyndan Meret aga diýen birinden birnemejik çaý puly ýonupdym. Dyzmaç žurnlist üstüme gyýgyny pürküp atalady durdy. Şol syrly düwünçek bar belany dep etdi — diýip, Atabal aga gönüsinden geldi. — Gurhan nämişlesin, inim Hydyr jan. Gurhan häzir bäş ýüz manad-a. Ol-a bir ýönekeý kitapdyr-la. — Injilmi? — Ýok-la. — Töwrat ýa Zeburdyr-da onda? — Hiçisem däl. Özüň alyp göräýsene. Getiriň-eýt şol düwünçegi! Onýança: «Daýy herimize bir manat beräý-dä?! Düwünçegi ýere gaçyraly» diýşip, äjit-mäjit agtyklary harteçjal ýaly bolşup taýýar durlar. Syrly düwünçegi açdym. Onda üç sany kitap bar ekeni. Görsem, «Müň bir gije», «Türkmen halk ertekileri». Şeýle hem Magtymgulynyň 1929-njy ýylda jezidçe çap edilen kitaby. Gurbangylyç HYDYROW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |