08:48 Ejeri / hekaýa | |
EJERI
Hekaýalar
Hekaýa Obamyz entegem özüniň gyssanmaç ädimlerini çaltlandyryp öňe gidip otyr. Ol ylgawyny ýazdyrman howlugyp ýörse-de, henize çenli ýyllar boş geçenok. Herhal, ertirki gün ýatlanar ýaly adam çykýar. Ony Üpük goja, beýleki ýerlere garanyňda, obamyza Günüň köp düşýänliginden görýär. Göwher gelnejemem ýene ýüz ýyldan kimdir biriniň ýatlajakdygyny bilýän. Ol obamyza çykyp geleli bäri dokmaň üstünde. Obamyz onuň dokan halysyny gowy görýär. Men halydanam beter süýji gürrüňleri halaýaryn. Oglan göwnüme şo gürrüňleri hemme kişi hemme wagt diňlese-de, ýadatmazmyka öýdýär. Ýöne gürrüňleri gowy görsemem Göwher gelnejemiň aýtmazlygyny dileýärin. Sebäp ol, gürrüň beren mahaly bozulýar. Şol gün eli kesere baranok. Onsoň näler diňläsim gelse-de, onuň çygjaran gözlerini görmejek bolup oňmaly bolýaryn. Göwher gelnejemde gürrüň kän, ýöne şol ýesir äkidilen gumly gyz hakyndaky gürrüňi, häli-häzire çenli ýadymdan çykaryp bilemok. Ol onam maňa däl-de, özüne aýdyp berýän ýaly aýdypdy. Daşarda agyr durmuşdan nalaýan möjegiň uwwuldysy ýaly, şemal birsyhly ses edýärdi. Garaja öýüň haýy giden uklary oňa çydaman şatyrdaýardy. Goňşy öýden indi öňräkden bäri ýaraman ýatan ýaş enäniň, dyngysyz üsgülewügi eşidilýärdi. Bi zatlaryň hemmesi meniň oglan ýüregime gorkyny salýardy. Ýöne Göwher gelnejemiň gürrüňleri has gorkulydy. Men ysytma tutýan ýaly süňňümi saklap bilmän gagşaýardym. Ol bolsa şemalyň garaja öýi alyp giderinden ätiýaç edýän ýaly, arkasyny tärime pugta ýaplap, ýadaw halda gürleýärdi. Ir döwürler, umgur kän ýurda öz hökümini ýöredýän güýçli hanlaryň biri gum iline aralaşýar. Aýal-ebtat, gyz-gymry ýesir alan han, oljasyndan hoşal bolup öz sowuk ýurduna aşýar. Çapawulçylyk edip ýörkä, hanyň eline täsin haly düşýär. Hala haýran galan hanyň ýüreginde rehim oýanýar. – Gözelligi kim dünýä beren bolsa, ol dünýäniň bagtly adamsy bolýar... Hanyň ýanynda bolsa her ýerlerden adam bar eken. Naçarlar ýesirlikden halas bolmakçy bolup, ýerli-ýerden şol meşhur halyny özüniň dokandygyny aýdýar. Ýöne beýle-beýle işleri tirmäge handa ýeterlik pähim bar bolan. Ol halyny ýere ýazyp ýesirlere ýüzlenýär. – Kim halyny dokan bolsa, şoň üstünden ýöresin... Naçarlar ýekän-ýekän halynyň üstünden ýöreýär. Iň soňunda gezek, gum ilinden ýesir alnyp gaýdylan gyza ýetýär. Heýem bir, azap gözýaşlaryny siňdiren halyňy basgylap bolarmy. Sary sähralaryň özi ýaly, kalby kimirsiz, sada gyz, aýagyndaky gyrma köwşüni çykaryp goltugyna gysdyrýar... Gyzyň her bir hereketi hanyň gyýtmak gözlerinden sypmaýar. Ol halyny türkmen gyzynyň dokandygyny bilýär. – Günäsi az bolmadyk uly dünýede sen azat... – Ilimden aýrylyp, kesekiniň topragynda ýabany ýatamsoň, öwrülip obamyň gözüne dogry seredip bilmerin. – Men türkmeniň gyzy... Sizden etjek ýeke-täk haýyşym, maňa ýyl içinde birje ýola öz dokan halymy ysgamaga idin beriň. Ondan obamyň ysy gelýändir... Halydan bolsa sähra ýowşanynyň hemem çopboýanyň ysy gelýän eken... Gürrüň şu ýere ýetende, men aýagaldygyna obamyzyň ilersindäki şyr takyrlyga tarap ýazzyny bererdim. Takyrlygyň tükenen ýerinde, sähralyk başlanýar. Sähralykdan bolsa hemişe maňa mähriban bolan ys gelýär. Men onsoň tä ýadaýançam, temegimi şol ysdan gandyrýardym. Hemem ýylda birje ýola obamyzyň ysyny alýan şol ýesir naçary ýatlardym. * * * Obamyzda başga-da dokmanyň üstünde oturýanlar köpdi. Ýöne olaryň barmaklary Göwher gelnejemiň barmaklary ýaly däldi. Göwher gelnejemiň keserdir synny tutýan barmaklarynyň bogunlary çişdi, süňklerem birhili inçelen ýalydy. Şonuň üçin ol, ýüzük dakynyp bilmezdi. Durmuşa çykyp obamyza gelin bolup gelende-de, diňe süýem barmagynda ýüzük bardy. Men her gezek şo barmaklary göremde, obamyzyň ortarasynda düýämizi suwa ýakýan örümli jaýymyz ýadyma düşýärdi. Guýymyzyň düýbüne-de Gün düşenokdy. Ýöne onda-da, köp ýyllardan bäri agyz suwuny şondan içýäs. Göwher gelnejemem özi ýüzük dakynyp bilmese-de, şol ýüzük dakynmakdan mahrum bolan barmaklary bilen obamyzy bezeýärdi. Bi ýowuz, ýöne ýakymly hakykatdy. Beýle zatlardan baş çykarmaga men gögeledim. Ýöne şeýle mukaddesligiň obamyzda bardygyna oglan ýüregim bilen begenýärdim. Gülsün eje ýüzük dakynmadan mahrum bolan barmaklara –zülmaýy barmaklar diýýär. Men şo barmaklary Göwher gelnejem halysyny kesen mahaly görýärdim. Hemem obamyzdan ýesir alnyp gidilen gyzyňam barmalary şunuň ýalydyr diýip pikir ederdim. Göwher gelnejem halysyny kesjek güni, oba bolup ony görmäge barardyk. Kesiljek halynyň hormatyna biz bilen bile Baltagam barardy. Eger ol, bilmezlikden kimdir birine üýräýse-de, şol gün oňa käýelmezdi. Gaýtam halydan kesilip alnan ak erişleri onuň boýnuna dakylardy. Sebäp, olam öz obamyzyň itidi. Ýaş-ýeleň gyzlar ökde halyçy bolmagy arzuwlap, kesilen erişleri maňlaýyna daňardylar. Soňam dokalan halynyň üstünde oturyp ak köke bilen çap içilerdi. Şonda men hiç kime bildirmän, kökäniň birini Baltagyň öňüne oklap ýetişerdim. Baltagam hiç kime duýdurman ömür süýekeýi akyp duran garry tumşugyny dyzynyň üstünde goýardy. Bi bolşy synlamak ýakymlydy. Meni heýjana salýan Göwher gelnejemiň hiç haçan tarypyna ýetip bolmajak mähirli gözleridi. Ol özüniň sebäp bolup, obamyzy begendirýänine begenýärdi. Şol begençli gözler hakydamdan müdimilik çykypdyr. Häli-häzirem, ýolda-yzda kimdir biriniň begenip barýanyny göräýsem, şol bir wagtky Göwher gelnejemiň begenen gözleri ýadyma düşýär. Soň Göwher gelnejem ýene täze haly ýüwürder. Ýene süýem barmakdaky ýalňyz ýüzük synpa degip özboluşly owaz eder. Soňam olary Ýerbendiň gamly ýelleri, allowarra – ýitirim çöllere alyp gider. Ýene halynyň ýüzünde nagyşlar dörär. Görseň olaryň atlaram şahyranadyr. Bossany... Örteýem... Ejeri... Göller ilki Göwher gelnejemiň kalbynda güllär, soňam halynyň ýüzünde. Meniň kinniwanja ýüregimem haly ýüwürdilip, tä kesilýänçä dünýeden hiç zat gerekmez bolup, süýji arzuwda ýaşar. Obamyz şeýle günler bilen ýaşap ýördi. Dünýe hezildi. Meniň oglan ýüregim – durmuşyň heseridir zähmetinden entek dadyp görmedik ýüregim dünýede heniz aýdylmadyk sözi aýdasy gelýärdi. Şeýle günler bilen ýaşap ýörkäk obamyza täze gürrüň ýaýrady. «Göwher gelin täze bir üýtgeşik haly ýüwürdipdir. Ol oňa ejeri gülüni salypdyr, özem ol hem çitme hemem kakmamyş...» Şeýdip günler geçiberdi. Ýöne, öň zymdyrlyp barýan günler, indi oraza günleri ýaly haýal geçýärdi. Men kararsyz göwnümiň göwnüni tapyp bilemokdym. Çaltrak Göwher gelnejemiň täze halysyny keserine howlugýardym. Ejeri gülüni göresim gelýärdi. Ýöne Göwher gelnejem howluganokdy. Muňa meniň etjek zadym ýokdy. Hemişe uly dünýä atygsaýan oglan ýüregim, takatsyzlykdan ýaşasyň gelmeýän günleri ýaşaýan ýaly bolýardy. Ýene ýaldyrak Gün dogýardy. Ýene säher gijäniň elinden sypýardy. Nämedir bir zada ünsümi sowmak üçin ile meňzeş hekaýa ýazyp bilmeýänimi bilsemem, bolgusyzja hekaýalara güýmenerdim. Onam illere görkezmäge utanyp Baltaga okap bererdim. Olam, öňüne bir zat oklasaňa, diňşirgenýän ýaly ýüzüme serederdi. Oklamasaňam ker köpek ýaly ýüzüni sowardy. Şeýdip tas bir ýyla golaý wagty geçirdik. Adam uly dünýede bir zada höwesi bolmasa ýaşamak kyn düşjek eken. Ynha indi dünýede bir wagtdan bäri, diňe gara ýeri başgylap ýörün. Hamana dünýä şonuň üçin gelen ýaly. Asla ýaşaýyş-durmuşyň manysy şodur öýtsem, gara ýeri depeläp ýörmeli. Onuň «wäh» diýjek ýeri ýok. Şu günki gören zadym oglan başyny ýene hesere saldy. Gijäniň birçene baranlygyna garamazdan, Göwher gelnejemi haly dokaýan jaýynyň äpişgesinden öçügsizje ýagty görünýärdi. Men aýybam bolsa şoňa tarap ýöneldim. Köreksilenip ýanýan öçügsizje çyranyň yşgynda görýän zadym haýýatymy uçurdy. Hakyt, Göwher gelnejem dileg edýän ýaly, dokan halysynyň öňünde başyny egip durdy. Özem bir zatlar pyşyrdaýar. Belki ol, gowgasy ýetik uly dünýä abadanlyk dileýändir. Meniň günsiz gözlerim, uzyn ömrümde ymgyr köp zatlary görüpdi. Ýöne ynsanyň öz elleri bilen dünýä beren gözelligine başyny egşini ilkinji ýola görýärdim. Belki, dünýäniň beýikligi, öz döreden gözelligine ynsana başyny egdirýänligidir. Ertesi men bet hyýala mündüm. Bi meniň özümi bilip eden gabahat işimdi. Halyny golaýjagyndan şeýle bir synlasym gelýärdi, bi oglan arzuwymyň iň soňkusy ýalydy. Men öň höwesli ylgap barýan gapyma, indi ertekiniň döreýşini görmäge barýan ýaly bolup barýardym. Şonuň üçin hemme zat – obamyzyň guýysam, Göwher gelnejemiň öýlerem, asmandaky altyn Aýam, hatda aýagyma çolaşyp barýan Baltagam geçmişden galan gaty gadymy zatlar ýaly bolup görünýärdi. Aýyň ýagtysyna halynyň üstüne merjen däneleri sepilen ýaly has täsin görünýärdi. Meni haýran edýän, halynyň çitme hem kakmalygy däldi-de, onuň gülleridi. Güller - Göwher gelnejemiň ýüzük dakynmadan mahrum bolan barmaklarydy. Men olary sypalasym geldi. Ýöne Gülsün ejäniň, ýerdäki näziklige eliňi degirseň, asmandaky ýyldyzlar tisginer diýenini ýatlap, elimi degirmekden saklanýardym. * * * Ondan bäri köp-köp ýyllar geçdi. Çöle gör näçe ygal düşdikä?! Ýyllaryň beýnime guýan zatlary obama alyp barýar. Ýol uzak, ýatlamalar ondanam uzak. Obam meni birwagtky gözümde galan keşbi bilen garşy aldy. Kimdigini tanamadym, birneme gartaşan ýaşuly bäş-on dowary öňüne salyp guýa ýetip barýar. Haýsydyr bir çaga, ukusyna garygan borly, ýadaw sesi bilen aglaýar. Golaýjakdan göze görünmeýän torgaýyň sesi eşidilýär. Bärden seretseň obamyz suratçynyň çeken, ýöne birneme könelişen suratyna çalym edýär. Göwher gelnejem meni tanady. Men görüşmek üçin ýeňimi uzadamda, ol barmaklaryny ýeňiniň içinde gizledi. Onda-da men süýem barmakdaky kümüş ýüzügi görüp ýetişdim. Ol entegem öz heserini unutmandyr. Biz hiç zat gepleşmän esli oturdyk. Gürleşmek gerekmi näme, geçen günler bar zady aýdypdy. Turjak bolup gozganamda, gapydan kiçiräjik gyz girdi. Gyzjagaz nähilidir begençli habar aýtjak ýaly, kinniwanja gaşlaryny gerýärdi. – Ene, şo bir wagtky dokan halyň ýaly halyny, Kyna gelnejemem dokajakmyşyn. Şoň gülüniň ady nämed-ä? Göwher gelnejem bir wagtkysy ýaly haýy giden pyşyrdy bilen pyşyrdady. – Ejeri... Agşam düýşüme obamyz girdi. Biz üýşüp Göwher gelnejemiň kesen halysynyň üstünde ak köke bilen çaý içýäs... Bi indi ikinji ýola düýşüme girşi... Öwezmyrat ÝERBENDI. | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Halasgär barsyň hamy / hekaýa - 24.06.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Düýş gapylary / hekaýa - 26.01.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Bereket aga / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||